21:50
Beçebazlyk
BEÇEBAZLYK

Hezreti Alla (j.j) ynsanlary ýer ýüzünde asuda we huzur içinde ömür sürmekleri üçin jübüt ýaradypdyr. Bu nukdaýnazardan erkegiň aýala ýa-da aýalyň erkege bolan meýlini dinimiz hiç wagt inkär edenok. Tersine munuň barlygyny kabul edip, iň dogry görnüşde ýerine ýetirilmegini isleýär. Munuň üçinem nika diýlen zady orta çykarypdyr. Muňa görä kämillik ýaşyna ýeten her ýaş ýigidiň we ýaş gyzyň özara ylalaşan ýagdaýlarynda nikalaşmaga we maşgala gurmaga bolan erkin hukuklary bardyr. Adamlaryň arasyndaky mähir-merhemete bolan zerurlygy akyl-paýhasa, logika we saglyga iň sazlaşykly bir görnüşe getirýän hem şudur.
Gynansak-da, käbir adamlaryň azgyn dünýägaraýyşlary bar. Wagtyň geçmegi bilen bularyň düzeljegine, jemgyýete zyýansyz ýagdaýa getirilmegine we bütinleý ýok edilmäge tarap gönükdirilmegiň ýerine, tersine olar tehnikanyň özgermegi bilen köpelýär we bigünä kişileriň hem gelejegini garaldýarlar... Adamlaryň bu azgynlyklarynyň biri bolsa beçebazlykdyr. Erkegiň özi ýaly erkek bilen jynsy gatnaşykda bolmagy ýa-da aýalyň arka tarapyndan ýanaşmagy ýaly manylary aňladýan bu hereketiň jynsy azgynlygy bu gün, aýratynam Skandinawiýa ýurtlarynda giňden ýaýramak bilen birlikde, gysga wagtyň içinde Angliýa we ol ýerdenem Ýewropanyň birnäçe ýurtlaryna ýaýrandyr. Aslynda adamlaryň bu azgynlygy täzelik däldir... Taryh bu zerarly heläk bolan halklaryň we ýumrulan şäherleriň galyndylaryny ýigriminji asyryň adamlaryna aýdyň görkezýändigine we duýdurýandygyna garamazdan adamzat mundan sapak edinmändir. Häzirki döwürde jemgyýetiň bir bölegi bu ruhsuz medeniýetiň itekleýän ýoly bilen onuň alyp barjak aýylganç netijesine tarap barýar.
Bu gün beçebazlyk aýratynam Skandinawiýa ýurtlarynda şeýle bir ýaýrapdyr welin, halk deputatlary munuň resmi taýdan rugsat berilmegi üçin teklip berip başlapdyrlar. Bir ynsan Alladan ýüz öwürip başlansoň, onuň üçin şol wagtdan başlap mankurtlaşmagyň çägi ýokdur. Şonuň üçin hem ol ýerlerde ynsan nesliniň dowamatyny üpjün etmekde ýeke-täk ýol hökmünde durmuş gurmaga bolan isleg gitdigiçe azalýar we munuň netijesinde bolsa adamlar ahlak taýdan bozulmaga başlaýar...
Görlüşi ýaly ýigriminji asyryň ahlaksyz medeniýeti hassadyr. Giňden ýaýran bu azgynlygyň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak üçin çagalarymyza sagdyn we düýpli din bilimini bermelidir. Wagty gelende bolsa durmuş ýolunda el-ele berip ýaşaşyp biljek adamy bilen maşgala gurar ýaly mümkinçilikleri döretmeli. Şeýlelik bilen adamzadyň ýüzüniň garasy bolan bu azgyn hassalygyň ýurdumyzda ýaýramagyna garşy öz mynasyp goşandymyzy goşdugymyzy bolar.
Çünki Pygamberimiz (s.a.w) bu barada şu hadysy-şerifi aýdypdyr:
“Ymmatymyň hasabyna iň gorkýan zadym, Lut kowmunyň endigine özlerini aldyrmalarydyr.” (Ibn Maje, Hn: 2563)
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
“Säher we agşam Allanyň gazabynda bolan dört topar kişiler bardyr”
Sahabalary soradylar:
“Ýa, Allanyň Resuly! Olar kimlerdir?”
Pygamberimiz (s.a.w) sözledi:
“Aýallara meňzemek isleýän erkekler, erkeklere meňzemek isleýän aýallar, haýwanlara ezýet berenler we beçebazlyk edenlerdir” (Ed-Dürrül-Mensur, J.III., s. 101)
Gaty ygtybarly bolmadyk bir rowaýatda şeýle diýilipdir:
“Bir erkek başga bir erkege ýanaşan wagtynda gorkudan arşy-agzam sallanar we Allanyň gazaby köşeşýänçä perişdeler Yhlas süresini okap ýykyljak bolup duran gök ýüzüni saklap durarlar”

BEÇEBAZLYGA ALYP BARÝAN SEBÄPLER

Beçebazlyga (lutilige) alyp barýan sebäpler iki kysymda öwrenilýär. Birinji kysym dogabitdi lutilikdir. Turuwbaşdan bejergi alynanda munuň öňüni almak mümkindir. Ilki bilen dogabitdi lutiligiň üstünde durup geçeliň.

A). Dogabitdi beçebazlyk

Perzent dünýä inen gününden başlap ene-atanyň birnäçe aýratynlyklaryny özünde jemleýär we bu aýratynlyklar nesilden nesile özgerişlere sezewar bolýar. Ene-atanyň aýratynlyklary belli bir derejede çaganyň adaty ösümini almagy üçin ýeterlikdir. Ýagny gyz bolsa zenanlyk, erkek bolsa erkeklik aýratynlyklaryny doly manysynda özünde jemleýär. Emma bu aýratynlyklaryň arasy bozulan ýagdaýynda gyz perzentleriň erkek, erkek perzentleriň hem zenan aýratynlyklaryna, endiklerine bolan höwesi artýar. Olaryň gyzyklanýan zatlaryna gyzyklanyp başlaýar.
Bu hili erkek çagalaryň kemala gelýän ýyllarynda erkeklik sypaty dolulygyna orta çykmaýar. Hereketi aýal hereketine, sesi hem inçemik bolup aýal sesine meňzäp başlaýar. Omuzlary erkek omuzlary ýaly giňelmeýär. Sakgaly we murty mümkin boldugyça az çykýar.
Ýaradylyşlarynda şeýle aýalpisint aýratynlyklara eýe bolan kişiler Yslam dinine görä bagyşlanmaga ýakyndyrlar. Emma Yslamyýet bu hili adamlary birnäçe çäklendirmeler bilen özlerini saklamaga çagyrýar. Lutilige alyp barýan hüý-häsiýetlerden we çemeleşmelerden daşda durmaklaryny emredýär.
Aýallar ýaly bir gyldan bezenip-beslenmeklerini, sülmüräp ýöremeklerini, sakgal-murt syrmaklaryny, operasiýa etdirip zenanlaşmaklaryny gadagan edýär.
Dogabitdi aýalpisint aýratynlyklara eýe bolan kişiler diniň bu çäklendirmelerine eýermedik ýagdaýynda Allanyň näletine duçar bolup bilerler.
Bu hili kişiler aýalsypat çemeleşmelerden daşda durmasa hem Allanyň gargyşyna galar, hem-de jynsy agzalary adaty bolşundan üýtgär. Şeýlelikde olar lutilige sezewar bolup, jähennemiň ebedilik dalaşgärine öwrüler.
Käbir maşgalalar erkeklere haram edilen, aýallara degişli şaý-sepleri we beýleki zatlary erkek çagalaryna dakarlar, geýdirerler. Şeýdibem çaganyň ruhy aýalpisintlige meýil eder. Bu hem çagany gelejekde jynsy azgynlyklara gönükdirer. Şeýlelikde çagalaryny bilip ýa-da bilmezden lutilige düşüren ene-atalar Allanyň öňünde günäkärdir.
Bu hususda gadagan ediji hadyslar:
“Aýal eşigi geýen erkege we erkek eşigi geýen aýala Alla nälet etsin” (Awnul-Mabud, J. XI., s.155)
“Erkeklere meňzemäge çalyşýan aýallara we aýallara meňzemäge çalyşýan erkeklere Alla nälet etsin” (Jami-us Sagyr, J. II., s.124)
Ebu Hüreýre (r.a) aýdýar:
- Allanyň Resulynyň ýanyna elleri we aýaklary hynalanan aýalpisint görnüşli bir adam gelen wagtynda, Pygamberimiz (s.a.w) sorady:
“Bu nähili adamdyr?”
Sahabalary aýtdylar:
“Aýallara meňzemäge çalyşýan bir adam”.
Allanyň Resuly (s.a.w) ol al adamyň Neki diýilýän ýere sürgün edilmegini buýurdy.
Sahabalary soradylar:
“Ony öldüreliňmi, ýa Allanyň Resuly?”
Resulalla (s.a.w) aýtdy:
“Ýok Maňa namaz kylanlary öldürmek gadagan edildi”. (Et-Taj, J. III., s.33)


B). Soň ýüze çykan beçebazlyk

Bu hili lutiligi birnäçe kysymda öwrenmek gerek. Olary gysgaça düşündireliň.

1). Sallahlygyň dowam etmegi:

Akly ýerindäki bir adamyň saglygy we maddy üpjünçiligi ýerli-ýerindekä öýlenmezligi jynsy azgynlyga we haramlyga alyp barýar. Ýatymlaýyn okuwlarda we şuňa meňzeş dürli ýerlerde köpçülikleýin we uzak wagtlap dowam eden sallahlyk şeýtany bolmakdan başga, başy zynadan başlaýan dürli jynsy azgynlyklara ýol açýar.
Şonuň üçin Yslamyýet öýlenmäge mümkinçiligi barlaryň harama ulaşmak ähtimallygy bar bolsa, sallah gezmeklerini gadagan edipdir.

2). Erkek çagalaryň bir ýerde ýatyrylmagy:

Çagalaryň bir ýerde ýatmaklygy hem beçebazlyga alyp barýan sebäpleriniň biridir. Şol sebäpli, Pygamberimiz (s.a.w) şeýle buýrupdyr:
“Ýedi ýaşyna gelenlerinde erkek we gyz çagalaryň, erkek we gyz doganlaryň düşeklerini aýryň”. (Mişkatul-Mesabih, Hn: 3100)
Bu hadysy-şerif çagalaryň ýedi ýaşyndan başlap ýatýan düşekleriniň aýry bolmagyny emredýär.

3). Ýetginjekleriň bir ýerde ýatmagy:

Erkek we zenanyň jynsy agzalary bilen tenleri bir-birine galtaşyp biljek görnüşde ýatmaklary, beçebazlygy we lesbiýankaçylygy emele getirýän sebäplerdendir.

4). Aýallara arka tarapdan ýanaşmak:

Lutiligi emele getirýän sebäplerden biri-de aýala arka tarapdan ýanaşmakdyr. Kiçi lutilik hökmünde bildirilen bu azgyn jynsy gatnaşyk has elhenç jynsy azgynlyga ýol açýar. Ol hem beçebazlykdyr. Bu hususda kitabyň başynda “jynsy gatnaşygyň görnüşi” diýen gürrüňimizde durup geçipdik.

5). Tüýsüz oglanlar bilen bir ýerde galmak:

Beçebazlygyň esasy sebäbi şudur. Şol sebäpli hem bu boýunça köp öwrenilýär.
Ahlak taýdan bozuk kişileriň tüýsüz aýalpisint oglanlar bilen bir ýerde galmaklary olary beçebazlyga gönükdirip biljegi gürrüňsizdir.
Ebu Said es-Suluki şeýle diýipdir:
“Bu ymmatyň içinde luti (beçebazlar) diýilýän bir topar dörejekdir. Olar üç dürlidir: Käbirleri diňe bakar, bir bölegi elleşer, bir bölegi-de ol erbet işi eder”. (Uly günäler)
Keseki aýala we tüýi bitmedik erkege içgin seretmek hem belli bir derejede zyna saýylýar. Çünki Pygamberimiz (s.a.w) şeýle buýrupdyr:
“Gözüň zynasy bakmak, diliň zynasy sözlemek, eliň zynasy urmak, aýagyň zynasy ýöremek, gulagyň zynasy eşitmekdir. Nebis höwes edip arzuwlar. Agzalaryň hem käte ony tassyk eder, käte-de puja çykarar”. (Buhary, Müslim)
Salyh kişiler munuň üçin ýaş oglanlara bakmakdan, olara ýoldaşlyk etmekden gaça durupdyrlar.
Tabygyn jemgyýetinden bir ýagşyzada şeýle diýipdir: Allaha uýýan bir kişi üçin ýaş ýetginjek bilen ýoldaşlyk etmek bir jandar bilen ýoldaşlyk etmekden gorkulydyr. Ulamalarymyz tüýi bitmedik ýaş ýetginjek bilen ikiçäk galmakdan gaça durulmagynyň gerekdigini aýdýarlar. Hatda käbir ulamalar ýetginjekler bilen öýde, hammamda ýa-da dükanda başa-baş galmagyň haramdygyny öňe sürýärler.
“Aýal bilen ikiçäk galan erkegiň ýanynda şeýtan üçünjisi bolar” diýen hadysy-şerif bardyr. Aýaldan has owadan bolan ýetginjekler bularyň içinde bolup biler. Ýagny hadys ýokarda durup geçen meselämize hem üns bermegimizi sargaýar. Bu nukdaýnazardan has howply bolup durýandygy üçin olara içgin-içgin seretmek we olar bilen ikiçäk galmak, elbetde haram hasaplanylar. Yslam ulamalary olar bilen ýüze çykýan bökdençlikleri kesgitli gadagan edipdir. Hatda pislik ýaýradyjy diýip atlandyrypdyrlar. Çünki şerigat boýunça bu zatlar depe saçyňy tisgindiriji pisliklerdir.
Günleriň bir güni Sufýan Sewri hezretleri hammama gidipdir. Görmegeý bir ýetginjegiň hammama girendigini görüp:
“Çykaryň muny ýanymdan, her aýal bilen bir şeýtan görýärin. Munuň ýalynyň ýanynda on şeýtandanam köpüsi bardyr”- diýipdir. (Uly günäler)

6). Erkekleriň uýat ýerlerine bakylmagy

Erkekler üçin örtülmegi zerur hasaplanan ýerleri göbek bilen dyzynyň arasydyr. Bu ýerleriň açyk görnüşde bolmagy gomoseksualizme alyp barýan sebäplerdir. Hasam beteri plýažlar we hammamlar jynsy azgynlyklary döretmäge golaý ýerler bolup durýar.

■ YSLAM JEZA HUKUGYNDA BEÇEBAZLYGYŇ JEZASY

Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
“Lut kowmunyň endigi bolan çirkin işi edenleri, üstünden baran pursadyňyzda ikisinem öldüriň”.
Ýaradyşyş düzgünini bozan, nesili kesen we maşgala durmuşyny sarsdyran gomoseksualizmiň jezasy bilen baglanyşykly Eshaby-Kiram we müjtehidler (yslam alymlary) tapawutly üç garaşyşy öňe sürüpdirler.
Hanefilerden Ymameýne görä beçebazlyk edenlere hadd urular. Ymam Şafygy hem şol pikirdedir. Ymam Agzama görä ölýänçä ýa-da toba edýänçä zyndanda saklanar.
Şafygy, Mäliki, Hanbeli mezheblerine görä beçebazlyk edenler maşgalaly, dul ýa-da sallahlygyna garamazdan rejm ediler. Hezreti Ebu Bekir we Hezreti Alynyň halyflyk döwrülerinde şeýle edilipdir.
Bir rowaýata görä beçebazlyk edenler ýakylypdyr.
Başga bir rowaýatda bolsa, beçebazlyk edeniň ikisi-de, şol döwüriň iň beýik binasyndan başaşak atylyp, yzyndanam daşlanypdyr. Bu rowaýata arkalanýanlar dört halyfyň jeza ulgamynyň şeýle bolandygyny öňe sürýärler.
Olary bu görnüşde düşündirmäge alyp barýan zat hem Resulallanyň (s.a.w) şu hadysydyr:
“Bir musulman gany diňe üç günäden ötri döküler:
a). Imandan soňra dinden çykmak.
b). Haksyz ýere adam öldürmek
w). Akylly we özygtyýarly wagtynda maşgala guranyndan soňra zyna etmek”. (Rewaul-Beýan, J. II., s. 43-45; Şerhu Fethul_Kadyr, J. IV., s.150)
Beçebazlygyň subut edilişi hem zynanyň subut edilişi ýaly dört şaýadyň şaýatlygyna ýa-da görkezmesine esaslanýar.

LUT JEMGYÝETINIŇ SOŇY

Lut pygamber Ybraýym pygamberiň agasynyň ogludyr. Ömri we pygamberligi bu gün Iordaniýa döwletiniň çäklerinde ýerleşen Lut kölüniň (Öli deňzi) töwereginde geçipdir. Häzirki döwürde şor suwlardan ybarat bolan orta beýiklikdäki bu ýer gadymda topraklary bereketli bir jülgedi we şol günleriň esasy şäherlerini özünde jemleýärdi.
Bu şäherler: Sodom, Gomorra, Didom, Sana we Dina şäherleridir.
Bu şäherlerden Sodom we Gomorranyň galyndylaryna ylmy gazyp agtaryşlar netijesinde duş gelinýär.
Kurany-Kerimiň Şuara süresiniň 165-173-nji aýatlarynda Lut kowmunyň beýany şeýle geçýär:
“Siz, Jenaby-Hakyň siziň üçin ýaradan aýallaryny taşlap ynasnlaryň içinden erkeklere ýanaşýarsyňyzmy? Hakykatdanam, siz Allanyň goýan ölçeglerini aşan kişilersiňiz”. Diýdiler ki; “Eý Lut, sen bu dawadan el üzmeseň, ant bolsun seni sürgün ederis”. Lut diýdi: “bu çirkin çemeleşmeleriňize garşy elbetde elimden gelen möçberinde göreş ederin. Eý Allahym! Meni we maşgala agzalarymy bularyň endik edinen çirkin işleriniň bir gün çökjek peläkedinden gora”. Munuň üçin biz Luty we maşgalasynyň bütin agzalaryny halas etdik.
Yza galanlar arasynda ýalşyz bir goja aýal bardy. Soňra arkada galanlaryň hemmesini ýok etdik. Üstlerine şeýle bir ýagmyr ýagdyrdyk welin; “jezasy gijikdirilenleriň başyna ýagan peläket ýagmyry ne erbetdir!..”
Lut kowmy Jenaby Allanyň Kuranda beýan edişi ýaly erkekler bilen ýatyp-turarlardy. Ahlak we jynsy taýdan bozuk kowumdy. Mundan başga-da erbet endikleri bardy. Emma olaryň heläk bolmagyna sebäp bolan iň erbet endikleriniň biri beçebazlyk endigidi.
Size Hezreti Lutuň bu azgyn kowum bilen ýyllaryň dowamynda alyp baran göreşiniň ahyrky günlerine degişli hekaýatyny gürrüň bereliň...
Lut jemgyýeti ilkinji adamdan bäri bilinýän aýal-erkek jynsy gatnaşygyndan azaşyp, beden agzalaryna garşy jynsy azgynlygy goýup bolmajak bir endik ýagdaýyna getiripdirler. Hezreti Lutuň öwüt-ündewlerine we zähmetine garamazdan bu masgaraçylykly azgynlyklaryndan el üzmeýärlerdi.
Emma her zady öňünden gören Beýik Allanyň kesgitli we gutulgysyz hökmüniň wagty gelipdi.
Hezreti Lutuň azgyn kowumy Allanyň gazaby bilen bütinleý ýok boljaklardy we ebedilik jähennenm odunyň ýakyp-gowrujy garaňkylyklaryna gömüljeklerdi.
Beýik Alla günleriň birinde bu kesgitli kararyny bildirmek üçin soňky günlerini zowky-sapada geçirýän günäkär şäherden özüne ynanan birnäçe ýakyn adamlary bilen birlikde derhal çykmagyny aýtmaga Hezreti Lutuň ýanyna üç sany perişdesini goýberýär. Perişdeler ýaş we görmegeý ýigit görnüşinde ýer ýüzüne inipdirler.
Beýik Allanyň üç perişdesi bolan Jebraýyl, Ysrafyl we Mikaýyl ikindin uçurlary Sodom şäheriniň öňünde ýerleşen Sodom şäheriniň çeşmesiniň ýakasyna indiler. Çeşmäniň kenarynda owadan bir gyz küýzesini suwdan doldurýardy. Bu görmegeý gyz Hezreti Lutuň Reýýa atly iň uly gyzydy. Kiçi gyzy Uzeýýa bolsa çadyrda galypdy. Perişdeler küýzesini suwdan dolduran Reýýanyň ýanyna golaýlaşyp, oňa şeýle diýdiler:
- Eý gyz! Bärde gijäni geçirer ýaly ýer tapyp bolarmy?
Reýýa:
- Elbetde tapyp bolar. Men gideýin, kakam Lut bilen gürleşip geleýin. Biden men gelmänkä şähere giräýmäň.
Perişdeler:
- Kakaňyz Lut nirede?
Reýýa:
- Ynha şu baknayň içinde işleýär. Oňa garaşyň.
Reýýanyň olara şeýle diýmeginiň sebäbi bardy. Çünki bu üç ýolagçy örän görmegeý ýigitlerdi. Sodomlylar tarapyndan olara hüjüm edilmeginden çekinipdi.
Reýýa dessine kakasy Hezreti Lutuň işläp duran bakjasyna tarap haýdady we kakasyna şeýle diýdi:
- Kakajan, üç sany ýaş ýigit gelip seni soraýarlar. Bu gije myhmanymyz bolmak isleýärler. Üçüsi-de şeýle bir görmegeý welin, bu güne çenli olar ýaly görmegeý ýigit görmedim. Biziň kowmumyz görse, olaryň garşysyna çirkin işler etmäge galkarlar.
Hezreti Lut:
- Gyzym, olary getir!
Hezreti Lutuň gyzy Reýýa yzyna döndi. Üç perişdäni alyp kakasynyň ýanyna getirdi. Olar näme üçin Hezreti Lutuň ýanyna geldiler? Çünki Allanyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin Hezreti Lutuň öz kowmy hakynda etjek şaýatlygyny diňlejeklerdi. Eger Hezreti Lut öz kowmunyň garşysyna şaýatlyk etse, onda ol kowmy azaba duçar etjeklerdi.
Hezreti Lut gelen myhmanlary güler ýüz we şatlyk bilen garşylap, olara şeýle diýdi:
- Gadyrly myhmanlar, bosagama gadam urýançaňyz ýadansyňyz. Buýuryň, bu gije bizde galyň. Aýaklaryňyzy ýuwarsyňyz, dynç alarsyňyz we säher bilen galkyp, ýoluňyza dowam edersiňiz.
Perişdeler:
- Ýok, bu gijäni daşarda geçireris.
Hezreti Lut:
- Gadyrly myhmanlar, buýuryň, öýümize bereket beriň.
Perişdeler:
- Bolýar, şunça dyrjaşdyň. Bize öýüňe barýan ýoly görkez.
Mundan soňra Hezreti Lut agşamyň garaňkylygynda paýu-pyýada ýaşalary köpçülikden ogryn öýüne alyp bardy. Çünki Sodom halky Hezreti Luta: “Sen hiç wagt myhman kabul etmersiň” diýip özleriçe gadaganlyk girizipdi. Hezreti Lut myhmanlary bilen birlikde öýüne geldi we derhal zyýapat suprasyny taýýarlamaga girişdi. Olara şobada hamyrmaýasyz täze çörek bişirdi. Myhmanlar mele-myssyk nany gyzgynlygyna işdä bilen iýdiler.
Hezreti Lut olara şeýle diýdi:
- Gadyrly myhmanlar, sizler giňden tanalýan kişilersiňiz.
Perişdeler:
- Ýok. Biz saňa kowmuň ynanman dillerine dolaýan bir meselesi üçin geldik. Saňa hakykaty getirdik. Şübhesiz biz dogry kişilerdiris.
Hezreti Lut:
- Hakykatdanam bu kowum azgyndyr.
Perişdeler:
- Biz ýer ýüzünde bu kowumdan erbedini bardygyny bilmeýäris.
Hezreti Lutuň gynanmagy esassyz däldi. Çünki öz kowmunyň çirkin arzuwlaryny oňat bilýärdi we bu ýaşlara sürünmeginden çekinýärdi.
Hezreti Lutuň bu myhmanlaryndan özi, iki gyzy we aýalyndan başga hiç kimiň habary ýokdy. Emma Hezreti Lutuň aýaly Aşela imansyz we dönük aýaldy. Hezreti Lut öýde myhmanlara hyzmat edýärkä, ol gizlinlik bilen daşary çykdy we köpçüligi daşyna üýşürip, şeýle diýdi:
- Eý Sodomlylar! Biziň öýümize görmegeý we syratly üç ýigit geldi welin, bu güne çenli olar ýaly owadan adam görmedim.
Owadan erkeklere maýyl bolan Sodom kowmy muny duýup, pis-pis güldüler we gözleri hyjuw bilen ýanmaga başlady. Bu habar Sodomlylaryň arasyna çalt ýaýrady. Dumly-duşdan Hezreti Lutuň öýüne tarap eňdiler. Ullakan bir köpçülik Hezreti Lutuň öýüniň öňünde toplandy.
Daşardan bagyryşmalar, hapa-paýyş sözler eşdilýärdi. Sodomlulardan ekabyrrak biri merdiwanlara münüp halka şeýle bagyrdy:
- Eý Sodomlylar!.. Birnäçe ýyllardan bäri goýnumyzda çöreklenip giden ýylanyň hakyky ýüzi orta çykdy. Lut hilegäriň, ýalançynyň, gözboýagçynyň biri... Ilki taňrylarymyza şek ýetirdi. Taňrylarymyzyň demir we daş parçalaryndan ybaratdygyny sözledi. Soňra bizi ahlaksyzlyk bilen aýyplady. Hemmämizi ýigrenji ynsanlar hasaplady, haýwanlardan-da erbet we aşakda durýandygymyzy aýtdy. Tymsallarymyzda ýatlanýan Ad kowmunyň başyna gelenleriň ALLAH diýip atlandyrýan toslama Taňrysynyň jezasydygyny aýtdy. Lut birnäçe ýyl bäri bizi Allasy bilen gorkuzyp, päsgelçilik döretmäge çalyşan işimizi hut özi etjek bolýar. Ýa ol üç ýigidi bize berer, ýa-da öýüni başyna ýykarys.
Soňra ol adam ikilenç Lut pygambere (a.s) ynananlara eýerýänlere bakyp şeýle sözledi:
- Eý Lutuň adamlary! Sözläň, onuň tarapyndamy ýa-da biziň tarpymzyda? Biziň tarapymyzy tutýanlar o taýyny terk etsin, ýanymyza gelsin!...
Bu teklip mähelläni bir pursatlyk dymyşlyga eltdi. Siňek uçsa eşidilýän sessizligiň içinde her kim Hezreti Luta iman eden ýetmişe golaý adama bakýardylar. Bu adamlar ilki köpçülige, soňra bir-birlerine gözleri bilen seredip çykdylar. Içlerinden biri bir ädim öňe saýlandy we ýoldaşlaryna tarap gygyryp başlady:
- Ine, hakykat ortada... Lut bizi aldady, öz keýpi üçin çet ülkelerden bir-birinden owadan üç ýigidi getirip öýüne saldy. Men indi oňa ynanmaýaryn. Men onuň Allasyna-da, pygamberligine-de ynanmaýaryn we Sodomly doganlarymyň ýanyna dolanýaryn- diýip bagyrdy we beýleki Sodomlylaryň arasyna goşuldy.
Bir-biriniň yzyndan on, ýigrimi, otuz adam uly gowur turuzyp Sodomlylara goşuldy. Jemi elli adamdan soňra bosaganyň öňünde galan on dört kişi egin-egne berip, bir-birine jebisleşdiler. Göýä dagyň gaýasy kimin berk durdular. Içlerinden biri gygyryp şeýle diýdi:
- Biz imanymyzdan dönmeris. Her nähili how abansa abansyn, biz Allanyň ýolundan sowulmarys. Alla bardyr. Alla beýikdir. Alladan başga ybadat edilmäge mynasyp zat ýokdur. Lut onuň pygamberidir.
Az salym öň aralaryndan sogrulyp Sodomlylaryň tarapyna geçen öňki imanlylardan biri şeýle diýdi:
- Ýalňyşýarsyňyz. Luta eýermekden saklanyň. Ine serediň, ol içerde üç görmegeý bilen otyr. Siz bolsa oňa eýermäge çalyşýarsyňyz. Lutdan size haýyr gelmejekdigini indi biliň!
On dört imanly haýkyrdy:
- Gapyl melgun! Ýürekleriňizde Allanyň söýgüsi bolsady, şeýle çalt dinden inkär etmezdiňiz. Siz olardanam beter günälisiňiz.
Märekäniň galmagaly, sögünçleri gaýtadan möwç aldy.
Ine şol pursatda bolsa garaşylmadyk zat ýüze çykdy. Gapy açyldy we Hezreti Lut göründi. Onuň görünmegi bilen köpçük birden imisalalyk boldy. Hezreti Lut gyrygrak ses bilen şeýle diýdi:
- Menden isledigiňiz myhmanlarym içerdedir. Emma geliň, kerem eýläň, ol myhmanlary ynjytmaň. Üçüsi-de siziň bu sözleriňizi eşidip otyrlar. Gödek hereketleriňiz bilen meni myhmanlaryma ryswa etdiňiz!
Märekeden hahahaýlap gülýän sesler köpeldi:
- Biz ol myhmanlary ölüm bahasyna durýan bolsa-da, seniň eliňden alarys, eý Lut!
Muny eşidip, Hezreti Lut gyzlaryny olara teklip etmäge mejbur boldy. Emma olar ýene-de öňe dyzadylar:
- Seniň gyzlaryň seniňki bolsun. Biziň gyzlar bilen işimiz ýok. Bize gyzlaryňy peşgeş bermek bilen halas bolaryn öýdýärsiňmi? Bize ol ýigitler gerek...
Soňra batlanyp merdiwanlara dyrmaşdylar. Hezreti Lutuň arkasyndaky adamlary pygamberi çaltlyk bilen çekip aldylar we içerik saldylar. Märeke şeýle bir çalasyn öňe okdurylypdy welin, on dört sany imanly kişi ýumrugyň, urgynyň badyna bir tarapa zyňyldy. Açyk gapydan içerik kürsäp girenler Hezreti Lutuň yzyndan kowaladylar. Hezreti Lut kynlyk bilen özüni myhmanlaryň oturan otagyna atdy. Yzyndan atylyp girenler üç myhmany bir ýerde otyrka gördüler. Hezreti Lut otagyň bir burçuna gysyldy we gözlerinden ýaş akdyryp Allaha ýalbardy:
- Ýa Rebbi! Ýa Rebbi! Bu zalymlardan bizi halas et!
Üç sany erkek çaltlyk bilen oturan üç ýigide tarap topuldy. Oturanlardan iň bärde oturana ellerini uzatdylar. Emma ol özüni bileklerinden tutup götermek islän bu üç Sodomla başyny galdyrdy we ýeňillik bilen ýüzlerine üfledi. Bu hereket aljyraňňylyga düşüriji we howpurgadyjy ýagdaý döretdi... Üç Sodomly agyrylaryna çydaman eýläk-beýläk çyrpyndylar. Ýapyşan bileklerini taşlap, iki ellerini-de gözleriniň deňesine galdyrdylar. Üçüsi-de iňňildili ses bilen:
- Görmeýärin, görmeýärin!- diýip, haýsy tarapa gaçjaklaryny bilmän haýkyryşmaga, bagyryşmaga başladylar.
Bu elhenç, tisgindiriji perýatlar gapynyň agzyna üýşen beýleki Sodomlylary-da howsala düşürdi. Şol pursatda olar ýoldaşlarynyň gözlerini owkalap özlerine tarap gelýändiklerini görenden soňra bir-birlerini itip-kakyp, basga düşüp öýüň gapysyndan daşary okduryldylar. Bu perýatlar bilen ullakan howsala düşen halkyň arasyna girdiler.
- Kör boldular! Ýigidiň golundan tutan ýoldaşlarymyz kör boldular - diýip, bagyryşdylar.
Her kim aljyraňňylyga düşdi. Olar bu aljyraňňylykdan aýňalmanka, Lutuň öýüniň içinden üç Sodomlyny dady-perýatlary bilen seňseledip daşaryk pyrlap goýberdiler.
Şol pursatda bolsa, merdiwanyň ýokarky tarapynda duran Aşela gorkusyna:
- Aman Taňrym, içerde bir zatlar gopýar. Hemmesi gaçdy, hiç bir Lutuň myhmanlaryna hiç zat edip bilmediler. Gelen bu myhmanlar ynsan däl bolaýmasyn?
Daşarda ýeri-gögi tutan goh-galmagal öýüň içinden duýulýardy. Üç ýigit bolsa sowukganlylyk bilen öňki ýerlerinde arkaýyn otyrlardy. Bulardan biri hezreti Luta öwrülip şeýle diýdi:
- Bize görkezen arassa hereketleriň diňe seniň ýaly bir guldan garaşyp bolar. Näme boldy saňa ynanan ýetmiş kişä?
Hezreti Lut:
- Olar maňa hyýanat etdilermi näme?
Ýigit suratyndaky perişde:
- Çüýrük ýüreklileriň Allanyň ýolundaky hyzmatlary-da çüýrükdir. Ynha, gör ynsan diýilip ýaradylan barlyk nähili nadan eken.
Şol wagt daşardan Hezreti Lutuň jadygöýdigini aýdyp bagyrýan bir Sodomly şeýle diýýärdi:
- Serediň, eý doganlarym. Şunça wagtlap aramyzda ýaşan Lutuň bir jadygöý, gözboýagçy bolandygyna seretseňizläň. Biziň öňümize düşüp ýören üç adamymyzyň gözlerini kör etdi. Kim biler, ýene nähili gözboýagçylyklary etjekdigini. Ol diri galsa bizi-de jadylar. Ony öldürmeli. Ilki bilen öýüniň daşyny ýakalyň, tüssäniň arasynda ölüp gitsin. Bizem halas bolalyň.
Bu aýdylanlary eşidip, Hezreti Lutuň demi tutuldy, depe saçy üýşüp gitdi... Onuň bu halyny gören perişdelerden biri aýaga galkyp ýanyna geldi we şeýle diýdi:
- Gorkma, ýa Lut, ýüregiňe howsala düşürme. Biz gökleri we ýer ýüzüni ýaradan belentden belent Allanyň perişdeleridiris... Allanyň habarçysy hökmünde seniň ýanyňa geldik. Biz seni bu milletiň şerinden halas etmäge geldik. Seni-de, maşgalaňy-da halas ederis. Emma ölmegine emredilen aýalyňy halas etjek däldiris.
Hezreti Lut haýran galyp şeýle diýdi:
- Diýmek siz, Beýik Rebbimiň perişdelerisiňiz, hä?
Perişdeler şeýle jogap berdi:
- Elbetde, ýa Lut, biz bu şäher halkyna gökden güzaply nägehan indermekçi. Bu ýoluny ýitirenlere bir jezadyr.
Daşardaky goh-galmagal asmana galypdy. Köpçüligiň aglaba bölegi öýüň bosagasyna gelip diräpdi.
Hezreti Lut alada bilen gürledi:
- Gapyny döwýärler. Az salymdan soň bu ýere girerler. Ýaňadandan size hüjüm ederler!
Perişdelerden biri aýaga galkyp otagyň gapysyny açdy we daşary üfledi. Şondan soňra gapynyň paltalanmagy kesildi. Ýerini dumly-duşy lerzana getirýän adamlaryň bosguny gaplap aldy. Öýüň öňüne toplanan ýüzlerçe adam bir-biriniň üstüne düşen tomzak ýalydy. Iki elleri bilen ýüzlerini tutup sesleriniň ýetdiginden bagyrýarlardy:
- Kör boldum, kör boldum!
Bu sahnany synlap duran Hezreti Luty bütinleý gorky gaplap aldy. Çalasynlyk bilen yzyna öwrülip, üç ýigide aýry-aýry seretdi we sesini sandyradyp gaýtalady:
- Size ynandym!
Perişdeler:
- Saňa şuny sözläliň, bu şäherde daş daşyň üstünde galdyrylmaz, ýa Lut!... Munuň üçin sen derhal bu şäheri terk etmegiň gerek. Maşgalaňy goş-golamlary bilen we saňa iman getiren on dört sany müminiň aýallary, gyzlary we ogullaryny alyp bärden çykyp git.
Hezreti Lut sorady:
- Haçan şäheri terk edeýin, ýa Allanyň ilçisi?
- Gije ýarymda... Bütin halky alyp günbatara garşy ýola çykarsyň. Siz şeýle bir çalt ýol geçmelisiňiz, çünki säheriň alagaraňkylygy görünen wagtynda siz bu bäş şäheriň çäginden daşyna çykmaga ýetişmelidir. Eger bu bäş günäkär şäheriň çäginden daşlaşyp ýetişmeseňiz, Allanyň bu ýerlere inderjek azabynyň içinde seniň özüňem we ýakynlaryňam heläk bolar. Çölleriň, jülgeleriň, gaýalyk ýerleriň hiç ýerinde-de säginme. Aljyraman, arkaňyza garaman ýol ýöräň.
Hezreti Lutuň ýadyna birdenkä Aşela düşdi. “Emma heläk bolmagy emredilen aýalyňy halas etmeris” diýilen söz oňa rahatlyk bermeýärdi. Aşela hem azaba duçar bolup, Sodomlylar bilen birlikde heläk bolmalydymy?
Hezreti Lut munuň pikirini edip durka üç perişde bosaga tarap ýöräp barýardy. Allanyň pygamberi olaryň yzyndan ýöremek isledi. Emma iki ädimden artyk ýöräp bilmedi. Çünki perişdeleriň üçüsi-de gözden gaýyp bolupdy... Hezreti Lut daşary çykan wagtynda meýdançada ýeke adamyňam galmandygyny gördi. Şol wagt arkasynda aýak sesini duýdy. Yzyna öwrülip seredende, bosaganyň agzynda ýüzi sap-sary, omuzlary çöken, gözleriniň şöhlesi sönen ýagdaýdaky Aşelany gördi. Hezreti Lut onuň bu halyna gözi düşüp ýüregi syzlady, ylgap öňüne dikildi:
- Aşela, ömrümiň hemrasy, saňa zeper ýetirmediler dälmi?
Aşela çalaja pyşyrdady:
- Ol üç ýigit ýeriň üstünde bir duman kimin uçup gitdiler.
Hezreti Lut:
- Aşela, olar Beýik Allanyň ilçileridi. Maňa daňdan Sodom, Gomorra we beýleki üç şäheriň Allabynyň gazabyna duçar ediljegini habar berdiler. Bize ýer ýagtylmanka bu şäherden daşlaşmagymyz gerek.
Aşela otagyň burçlaryna garady:
- Bir zatlary almalymy ýanyma... Gyzlara habar berdiňmi? Bize ynanýanlary habarly etdiňmi?
- Heniz etmedim. Sen gyzlaryň bilen taýýarlan, men beýlekileri habardar edeýin.
Bu garaşylmadyk göç bütin ynananlary herekete getirdi. Allaha iman etmegi aňlaryndan çykarmadyk on dört kişi bilen aýallary we çagalary toplandylar. Hezreti Lutuň ýanynda aýaly we gyzlary bolsa-da, daşary çykan wagtynda dikanlaýan nazarlar ondan sowa geçmeýärdi.
Hezreti Lut toplananlara şeýle ýüzlendi:
- Bu gije Allaha ynanmaýanlaryň, ömürlerini zir-zibile atanlaryň, azgyn ömür sürenleriň, dogry ýoldan azaşanlaryň soňky gijesidir...
Çola köçelerdäki öýleriň gapylaryndan we penjirelerinden humary ýetjek derejesine ýeten adamlaryň özara gürrüňleri we jynssyz gülki sesleri eşidilýärdi. Sodom şäheriniň erkekleri we aýallary aýry-aýrylykda azgyn günäleriniň batgasynda gaýtadan çarp urýardylar.
Aşela Luta dönüp:
- Ýa Lut!. Göwnüme bolmasa, biziň bu göçhä-göçümiz çypdyrma bolup çykaýmasa. Gelen üç sany nätanyş seniň ýüregiňe was-wasy salyp gitdiler. Sen şondan howatyrlanyp hereket edýärsiň.
- Eý Aşela!... Bu gorky däl, Allanyň emridir.
Emma Aşela öz imansyzlygyny şu sözler bilen gaýtadan äşgäre çykardy:
- Göreliň, bakaly. Öz ýanyňdan hyýallar gurup birtopar netije çykarýarsyň. Ine, görersiň, ne Sodoma, ne Gomorra, ne-de beýleki üç şähere hiç bela urmaz. Sen sürüňi, mallaryňy, ekin meýdanlaryňy elden giderersiň.
Şäheriň daşyna çykyp, günbatara sary ýöräp başladylar. Aralarynda ýeke-täk “Arkaňa bakma!” diýen söz aýdylýardy.
Aşela ençeme ýyllaryň dowamynda ýüreginde berç tutup giden şübhelerini oýandyryp, çalasynlyk bilen yzyna garap ýetişdi. Sodom yzda galypdy. Ýyldyzlar patrak kimin göýä şäheriň depesine döküljek ýaly abanyşyp durdy... Sodom çuňňur uka giden ýaly bolup görünýärdi. Aýyň ýagtysy bolsa bütin Sodom şäheriniň öýlerini aýdyň görkezip durdy.
Azajyk çöl ýolundan soňra kertleşýän gaýalar bilen gurşalan aşmasy kyn daglar başlady. Bu dag gitdigiçe aşmasy kynlaşýan hereket bilen beýgelip barýardy. Düýeleriň we gatyrlaryň üstündäkiler düşüp pyýada ýöräp başladylar. Haýwanlaryň öňüni çekýän düýeleriň agyr-agyr horruldysy duýulýardy.
Hezreti Lut hasam ykjamlanyp, öňünde we yzynda ýöräp barýanlara tabşyrdy:
- Näme bolsa bolsun, her hili ses, her hili güwwüldi duýsaňyz-da yzyňyza garaýmaň. Bu Allanyň bize buýrugydyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, gün çykmazdan öň Sugara ýetmelidiris. Ýogsam bolmasa, bizem heläk bolup gideris.
Şol wagt Aşela içinden: “Lutuň yzyna düşüp gowy etdimmikä? Ýerimi, ýurdumy, enemi, hossarlarymy yzymda taşladym. Sodom durmuşymdan öçürilýär. Lut bilen heniz görmedik-bilmedik ýerlerime barýaryn” diýip pikir edýärdi.
Sugar ýoly gitdigiçe beýgelýärdi, kynlaşýardy. Erkeklerden biri Hezreti Lutuň ýanyna golaýlaşdyp, şeýle diýdi:
- Ýa Lut, aramyzda garrylar bar, ýöremäge mejallary ýok. Bir ýerde düşläp bolmazmy?
Hezreti Lut kesgitli jogap berdi:
- Bir sekunt hem durmaly däl. Daň tilkiguýruk bolmanka Sugara aşmaly. Ýaşlar ýöremäge mejalsyz garrylary arkalaryna alsynlar, ýola dowam etsinler!
Aşakda aýylganç harasadyň başy başlapdy. Tüweleý sesleri gulaklary kamata getirýärdi.
Aşakda dowam edýän tupanyň sesi gitdigiçe beýgelýärdi. Barha batlanýan gaý-tupan Sugar ýolundaky ýapgytlary ýalap-ýalap gidýärdi. Ýolagçylar indi Sodom we Gomorrany, beýleki üç şäheri gutulgysyz bir apatyň dolap alandygyny doly duýdular.
Aşaklardan gelýän we barha gorkunç görnüşe öwrülýän harasadyň aýylganç sesine özüni ýitirmeýän diňe Hezreti Lutuň özüdi.
Daga dyrmaşyp başlan wagtlaryndan bäri diňe özüni pikir eden we içki duýgulary bilen çaýkanýan Aşela hem bu sandyraşyp barýan adamlar bilen her minutda artyp barýan gorkynyň içinde Hezreti Lutuň bir ädim yzynda ýöräp barýardy.
Birdenkä bütin bedenini sarsan gorkudan halas boljak bolup, iňňildäp Hezreti Lutuň egnine ýapyşdy.
Hakykatdan-da yzlarynda köp zatlar bolup geçýärdi. Her minutda dyrmaşyp barýan dagyň eňňitlerine örän iri ýagyş damjalary düşýärdi. Bu şeýle bir ýagyşdy welin, şol güne çenli ýer ýüzü onuň ýaly ýagyş-ýagmyr görmändi. Ýagyş damjalarynyň düşen ýeri gaýa, dag-depe, agaç, ösümlik diýmänalawlap ýanýardy. Eger şol wagt yzlaryna garamaga rugsat berilen bolsady, her damjanyň düşen ýerinden duman sowrulýandygyny görerdiler.
Birdenkä gök ýüzündäki goýy gara bulutlaryň arasyndan gyzyl, kesiji bir akym gorkunç bir görnüşde parlady-da ýere tarap akyp gaýtdy. Bu gyzyl akymyň ýagtysyna säginip yza garamak islediler. Emma Hezreti Lutuň duýduryşyna gulak asdylar we bu hyýallaryna erk edip we bar bolan mümkinçilikleri bilen ýollaryna dowam etdiler.
Aşaklarda turan gazaply tupanyň sowurýan salkyn howasy ornuny yssy howa bilen çalyşdy. Gowrup barýan şemalyň yssylygy ýolagçylaryň beýnisini gaýnadaýjak ýalydy.
Derhal olaryň hemmesi depe saçyňy üýşüriji ýagdaýda bir zada akyl ýetirdiler: “Ýa Rebbim! Diýmek, gazabyň ol günäkär şäherleri gowrup dur. Biz ol şäherlerden gaty uzaklarda bolsak-da, Seniň apatyň bilen näme etjegimizi bilemzok. Kim bilýär, olar nähili uly azap içinde gowrulyp heläk bolýandyrlar”.
Hezreti Lut we oňa iman getirenler Sodomdan çykan wagtlarynda şäher halky pis günäleriniň täze gijesine aýak basmak bilendi.
Ol gije şäheriň baş kethudasy Behtanyň köşki-eýwanly öýünde ullakan zyýapat berilýärdi. Bu zyýapata Sodomyň häkimi Bari, Gomorranyň häkimi Berşa dagylar hem çagyrylypdy. Baş kethuda Behta olary bu gije öýüne çagyrmagynyň sebäbini şeýle düşündirdi:
- Siz bu iki şäheriň häkimleri, jenaplarysyňyz. Şu gün birnäçe ýyl bäri gorag astyna alandygym üçin maňa nägilelik bildiren Lutuňyzyň mundan beýläk sesiniň kesdirilmeginiň zerurdygyna aýgytly karar berýärin. Lut we bu gün onuň öýüne gelen bir-birinden görmegeý üç sany ýaş ýigit jadygöý ekenler. Belki, bäş ýüzdenem köp Sodomly erkek bu gözboýagçylaryň jadysy bilen gözlerinden jyda düşdüler, kör boldular. Häzir olaryň hemmesi öýlerinde busulşyp otyrlar. Lutdan taňrylarymyzdan gorkuşlary ýaly gorkýarlar. Özüni ynsanlaryň iň tämizi yglan eden Lutyň jezasyny bermek isleýärin. Sodomlylaryň bir bölegini kör eden Luty men ömürbaky kör etmek isleýärin. Siziň huzuryňyzda men onuň gözlerini eretmekçi.
Gomorranyň häkimi Berşa seslendi:
- Ony dessine biziň huzurymyza getirmelisiň, eý Behta!
Behta:
- Ýok, biz bärde şüweleňimize seredeliň. Keýpimiz islän wagtynda buýralyň, ony huzurymyza getirsinler. Eden gözboýagçylygynyň jezasyny bereliň...
Şäheriň beýleki öýlerinden hasam beter şagalaňa gaplanan Behtanyň öýi az salymda esasy üýşülýän ýere öwrüldi.
Saz, tans, şerap gysga wagtyň içinde Behtanyň myhmanlaryny joşa getirdi. Behtanyň bir nökeriniň aljyraňňy görnüşde içeri girip gygyryp başlamagy azgyn keýpi-sapanyň arasynda joş urýanlary essine getirdi:
- Jenap, Lut ýerinde ýok!
Behta haýran galdy:
- Diýmek gaçypdyr, şeýlemi?
Nökeri:
- Hut şeýle, jenap! Lut özüne eýerýänler bilen birlikde gaçypdyr. Goňşularyň aýdyşyna görä örän aljyraňňy ýagdaýdamyşynlar. Üstesine-de egin-eşiklerini we mal-garalaryny hem ýygnaman taşlap gidipdirler.
Içginiň, oýunyň, sazyň we däbe öwüren azgyn zowky-sapalarynyň humaryndan ýaňa çaýkanyşyp duran Sodomlylaryň hemmesi-de Lutuň gitmegine begendiler.
- Lutuň jany öz jähennemine!... Biz zowky-sapamyza we şagalaňymyza dowam edeliň... diýip ýaňadandan ýigrenji keýplerine başladylar we tolkun atýan günä howuzlarynyň içinde özlerini ýitirdiler. Olary bu günä howuzynyň içinden säher wagtyna çenli hiç zat çykaryp bilmeýärdi. Sodomyň her öýünde ýigrenji zowky-sapanyň görnüşleri höküm sürýärdi.
Sodomda şeýle ýagdaý dowam edýärkä, Gomorranyň ýagdaýy nähilidi? Şeýle hem bu iki şäherden uzakda ýerleşen Sana, Didom we Dina şäherlerinde gije nähili geçýärdi? Beýleki şäherlerde-de şol bir ýigrenji zowky-sapalar bardy we şol bir görnüşdäki pis sahnalar dowam edýärdi. Hawa, Allanyň ynsan edip ýaradan aýal-erkeginiň müňlerçesi azgyn zowklarynyň ýesirine öwrülipdiler we haýwanlardan-da müň esse pes durmuşyň tolkunlarynyň içinde wagtlaryny geçirýärdiler.
Sagatlar geçdi, wagt gije ýarymdan agdy. Azgyn keýpleriň batgasyna gark bolan görnüşde huşlaryny ýitiren bu ynsanlar birdenkä öwsen gazaply tüweleýiň zarbasyna bölek-bölek bolan penjirelerden eşidilýän ses özlerine geldiler. Içlerinden biri gaýga batyp, daşaryk bakdy. Gözleri gorkudan ýaňa patlap ýere düşäýjek boldy.
Sodomyň gözýetimdäki köçeleri tozanyň içinde çaýkanýardy. Asmanyň ýüzünde bütin Sodomy gurşap alan, şäheriň üstüni gaplap alan gara duman peýda boldy. Bu gorkunç hadysany görenler yza gaýşyp gygyrmaga başlady:
- Daşarda gorkunç zatlar bar, heläk bolýarys! Daglar üstümize gelýär!
Hezniz sözlerini kesmänkä, daşardan gelen gazaply şemalyň badyna öýüň içi biri-birine ýelmeşdi. Bu ýagdaý Sodomyň bütin öýlerinde äşgär bolup geçýärdi.
Bu gorkunç görnüşiň elhençliginden gözleri ýalpa açylan Sodomyň aristokratlary näme etjeklerini bilmediler. Ynha, şol wagtam gapynyň ýanbaşynda bir adam göründi we gaşlaryny çytyp şeýle diýdi:
- Eý Sodomlylar! Ine, ençeme ýyllap tanamak islemedigiňiz Allanyň gazaby gelýär! Durmuşyňyzy her dürli pislikleriň içinde geçirendiňiz we Allaha şärik goşmaga dowam edendigiňi üçin azaba duçar edilýärsiňiz. Ömrüňizi elmydama şübhe içinde we iň pis güýmenjeler bilen geçirdiňiz. Ne bu günäleri terk etdiňiz, ne-de Allanyň bardygyna we birdigine ynandyňyz. Bir gün bu azabyň geljeginden şübhelänýärdiňiz. Indi ol azaby dadyň...
Bu sesi eşidenler duran ýerinde doňup galdy. Sodomyň köçeleri tozan we duman gaplap alypdy. Sagda-solda howadan daş bölekleri uçup gelýärdi.
Az salym öň aýşy-eşretleriniň iň masgaraçylykly görnüşiniň içinde çaýkanyşýan ynsanlar köçelere dökülip başlady. Gaçýarlar, emma nirä gaçjaklaryny bilmeýärlerdi. Bar güýçlerini jemläp ylgap baryşlaryna, öňlerinde bir agajyň özlerine tarap uçup gelýändigini, gözleriniň alnynda ýüz sany öýüň çäge sowrulan ýaly bolup weýran bolşuny görüp yzlaryna öwrülýärdiler. Behta bu elhenç sahnanyň garşysynda näme etjegini bilmän durdy. Sodomyň häkimi Bari bar sesini gataldyp käkeleýärdi:
- Lutuň Allasy!... Elbetde, elbetde onuň gazaby bu!...
Asmanyň ýüzündäki goýy gara buludyň agyr-agyr inişine gözlerini diken Behta iňňildemäge başlady:
- ALLA! Lutuň Allasy! Indi saňa ynanýaryn!
- ALLA hä?... Hany oňa ynanmaýardyň-a? Gelsin göreli diýýärdiň! Azaby niçikmişin, gelsin-de görkezsin diýýärdiň! Ynha geldi. Hany, garşysyna göreşsene Onuň!... Çagyrsana taňry diýip çokunan butlaryňy!... Diýmek Lut bu peläketi bilip bu şäherden gidipdir-dä? Diýmek Lut Allanyň ilçisi ekeni. Ençeme ýyllap bizi dogry ýola çagyryp geldi. Biz bolsa oňa ne ynandyk, ne-de onuň Allasyna... He-eý, bäri baksana Behta!... Içinde taňrylaryň oturan ybadathanasynyň ýumrulyşyna bir baksana!
Hawa, gala ýaly berk gurulan ybadathana çar tarapyndan jaýryk atyp bölek-bölek bolup barýardy. Daşlar ol ybadathana tarap ylgap gaçybatalga gözleýänleri, ybadathananyň içine girip bukulanlary, ýüzlerçe Sodomlyny bir pursadyň özünde jeset halyna getiripdi.
Sodomyň häkimi Bari häzirem başujunda pişik ýaly titräp we myrryldap duran Behtanyň goluny tutup sandyr-sandyr gürledi:
- Hemmämiz haram ölýäris! Eden işlerimiziň gabahatdygyny, ahlaksyzlyk batgasyna batandygymyzy, bu bolýan zatlar üçin Allanyň bize jeza berjekdigini aýdan wagtynda Luty diňlemedik. Gaýtam üstünden güldük. Allanyň biziň üçin ýaradan aýallaryny bir gapdala goýup erkeklere ýanaşdyk. Ynha, bu azgynlygymyzyň jezasyny çekmeli pursat gelip ýetdi.
Gazaply ýeliň öwüsýän howry bedenleri ýalap-ýalap gidýärdi. Harasat bütin Sodomy gaplap aldy. Çaga-çuga, aýal-erkek, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli Sodomlylaryň barsy yzanda-çuwandy. Ysgynsyz halda üst-başlaryny, saç-sakgallaryny, ýüzlerini dyrçanaklap urunýarlardy. Ondan oňa, mundan muňa ylgaşlap ýörlerdi. Hemmesi-de ölümiň, elhenç azabyň gorkusyna girmäge deşik tapanokdy. Şäheriň daşyna çykmak üçin birnäçe gezek urunsalar-da, her gezeginde görünmeýän bir güç tarapyndan öňlerine böwet basylýan ýalydy.
Apy-tupanyň içinde ylgaşlap ýören adamlardan birdenkä hasratly we jan alyjy haýkyryşlar çykyp başlady. Bu haýkyryşlar az salym öňräkki haýkyryşlaryna meňzänokdy.
Asmandaky gorkunç gara dumanlar Sodomyň we beýleki şäherleriuň üstüne halas bolmasy mümkin bolmadyk musallat bolup inipdi. Dumanlaryň arasyndan günäkär şäherlere, adamlaryň depesine gyzgyn daşlar ýagýardy.
Hawa, ýagýan ataş, inýän gyzgyn daşlar adamlary ýekän-ýekän ýakyp tüssä öwürýärdi. Dady-perýat, ahy-nala asmana galýardy. Görseň gözüňi hanasyndan, akyl ýetiren beýniňi kelleçanagyndan çykaryp pyrlap goýberjek aýylganç sahnalar bolup geçýärdi.
Sodomyň häkimi Bari was-wasynyň içinde gözleriniň agy-garasy bulaşan ýagdaýda, gözleriniň alnynda bolup geçýän bu gorkunç sahnany synlap iň soňky hemlesini we sözüni aýdyp galdy:
- Men-de ölüp ýok bolup giderin! Menem ýok bolaryn!
Ullakan bir daş gelip Sodom häkiminiň kellesine uruldy we alawlap ýanyp başlady.
Sodomyň häkimi Bariniň ajaly beýlekileriňki ýaly pajygaly gutardy. Behta bu aýylganç hadysany görüp doňup galypdy. Soňra Alladan merhemet diläp, ýalbaryp başlady. Emma soňky tüýkülik sakgal ezmedi. Onuňam soňy beýleki bütin Allasyz azgyn adamlar ýaly bolup gutarjakdy.
Behta umytsyzlyk bilen şäheriň daşyna tarap ylgap başlady. Demi demine ýetmän bir salym ylgandan soňra sägindi. Bar güýjüni jemläp ylgap gelen ýeri öz kiçijik saraýynyň öňi boldy. Şäheriň daşyna çykyp bilmedi.
Bu samsyklaç batyl ylgaýyş ony ýene ylgap başlan ýerine getirdi. Mundan beýläk ylgamaga rowgaty galmady. Umytsyzlyk içinde urunýardy. “Besdir, Ýa Rebbi! Halas et meni...” diýip haýkyrdy. Sodom ýaly beýleki dört şäher hem şol bir akybete duçar bolupdy we ýekeje adamam bu elhenç akybetden halas bolup bilmedi. Şol wagt şäheri gaplap alan, ajal ýagdyran gara duman sumat bolupdy. Şäher çuňňur dymyşlyga bürendi. Diňe öýler alawlap ýanmagyny dowma etdirýärdi.
Behta kynlyk bilen ýerinden galyp, köçelerinde müňlerçe jesediň ýatan şäherine siňe-siňe bakdy. Kimler parçalanan, tokga-tokga et halyna gelen, kimleriň bolsa häzirem ýanyp duran jesetlerinden doly şäheriň gözgyny görnüşini gören Behtanyň bütin bedenini aýylganç gorky eýeledi. Gollary we aýaklary barha kiçeldi. Göýä gany gurap barýan ýalydy. Kiçi saraýynyň heniz çökmedik diwary uçup geldi-de, bütin agyrlygy bilen onuň üstüne çökdi we Sodomyň baş kethudasy Behta daş bölekleriniň arasynda galdy. Ol dem salymda pürkülip çykan ganyna bulaşyp urundy we et böleklerine öwrüldi.

* * *

Hezreti Lut özüne ynananlar bilen birlikde dynman ýol ýöräp barýardy. Olar aşaklarda duýulýan uly güwwüldili harasadyň yssy dilleriniň öz bedenlerine hem çabrap-çabrap gidişini görüp bialaç aljyraňňylyga düşüpdiler. Alladan gorkusyna hiç biri ýerden gözlerini aýyryp bilmeýärdi. Yzlarynda, dag etekde bir zatlaryň bolýandygyna ynanýarlardy.
Gijedigine garamazdan depelerinde birtopar guşuň pasyrdap geçip gidendigini hem duýýarlardy. Diýmek janly-jandarlar hem bu peläketden gaçýarlardy. Diýmek dagyň eteklerinde hakykatdan-da basga düşüljek elhençlikler bardy.
Adaty gijeler aýazly howanyň öwüsýän dagyň bu belent ýerlerinde maňlaýlaryndan, sakgallaryndan, boýunlaryndan burçak-burçak der akýardy. Çünki öwüsýän şemal howurlydy. Ýeňsedamarlaryny gowrup barýardy. Dag eteklerden gelýändir öýdülýän bu şemal ýokarlarda sowaşaýmaly ýalydy. Emma ýene-de olary aljyradyp barýardy. Hezreti Lut argyn ýagdaýda gelýän toparynyň ýol aşmasynyň barha kynlaşýandygyny duýup şeýle diýdi:
-Ýerleriň we gökleriň, ynsanlaryň we haýwanlaryň, toprakdan döreýän bütin ösümlikleriň ýaradyjysy bolan Allaha iman edenler zyýan çekmezler. Alla olar üçin hemişe iň beýik dost, iň beýik hemaýatçy, iň beýik goraýjydyr. Siz birnäçe ýyllap Oňa ynandyňyz, üstüňize gönükdirilen küfüre, äsgermezçilige, zuluma we masgaralanmagyňyza garamazdan Ondan uzaklaşmadyňyz. Elbetde, Beýik Alla sizleri gazabyndan uzak tutjakdyr. Barýan ýolumyz salamat ýoludyr. Ol ýere ýetenden soňra nähili uly apatdan halas bolandygyňyzy duýarsyňyz. Häzirlikçe bolsa, sabyrlylyk bilen ýoluňyza dowam ediň. Yzyňyzda näme bolup geçýändigini bilmäge synanyşmaň.
Hezreti Lut sözüni soňlap soňlamanka, aşakda aýylganç, gulaklary kamata getiriji, partlamalar, gümmürdiler eşidildi. Ýer bilen asman sarsyp bir-birine ýapyşan ýaly boldy. Ýolagçylaryň bütin aýal-erkekleri bu aýylganç gümmürdiniň zarbyna ýere ýazyldylar. Aýak üstünde duran Hezreti Lut bilen aýaly Aşelady. Howany ýanyk ysy tutdy.
Sodom, Gomorra we beýleki üç şäherden bir wagtyň özünde gelen gümmürdileriň arasyndan depe saçyňy üýşüriji dady-perýatlar, ahy-nalalar eşdilmäge başlady. Hezreti Lut Allaha doga edýärdi.
Adamsynyň çynlakaý görnüşde özünden geçendigini gören Aşela gulaklaryna eşidilen bu nejis sesleriň nireden gelýändigine, dag eteklerinde nämeleriň bolýandygyna aň ýetirmek üçin samlyklaç hyýala özüni aldyrdy.
Aşela şol wagt on iki süňňüni titredip yzyna garady we hemme zady gördi. Göýä dagyň etegindäki Sodom eliniň aýasyna getirilen ýaly boldy. Gojaman şäheriň gojaman daş ymaratlarynyň alawlap ýanýandygyny, diwarlaryň çat açyp çökýändigini, şäheriň köçelerinde müňlerçe ynsanlaryň çabalanyp ýörşüni gördi. Şäheriň üstüni gaplap alan gara dumandan gyzgyn daşlaryň ýagýandygyny gördi. Älhepus! Bu ýagan daş we ataş parçalary gaçýan ynsanlary we şäheriň ägirt daş ymaratlaryny ýakyp ýok edýärdi.
Kellelerine çarpýan daş bölekleriniň zarbyna ýere serilýän Sodomlylar has soňra özlerini dolap alan oduň içinde ýanýardylar. Gözlerini hanasyndan pyrlap sagyna öwrülen Aşela edil Sodomy synlaýşy ýaly Gomorrany-da synlady. Ol ýerde-de öýler ýanyp bir-biriniň yzyndan ýumrulýardy. Alawlar hemme ýeri tutupdy. Ol ýerde-de gaçýan adamlaryň üstüne ataş we daş ýagýardy. Gomorranyň köçeleri-de adam meýitleri bilen dolup barýardy.
Aşela gaňrylyp hasam yzyna bakdy. Sodom we Gomorra ýaly beýleki üç şäheriň–de ot içinde ýanýandygyny, bölek-bölek ýumrulýyp barýandygyny gördi. Aşela gözüne görünen aýylganç ýyldyrymyň oduna gowrulyp barýandygyny duýup gygyrmak isledi, emma başarmady. Çünki bütin bedeni göz açyp-ýumasy salymyň içinde doňňara daş bolup galypdy.
Aşela şol pursatda dünýä gelmedik ýaly bütinleý ýok bolup gitdi. Hezreti Lut gözüniň alnynda bolup geçen hadysany diňe Aşelanyň jesedi gürpüldäp ýere düşende duýup galdy. Şol wagt:
- Aşela! - diýip gygyrdy. Onuň bu sesine ýolagçylaryň hemmesi gaňrylyp seredenlerini bilmän galdylar we hemmesi-de daş bölegine öwrülen Aşelany gördüler.
Hezreti Lut howsala düşüp doňňara daş bolan jesede bakdy. Ol Allanyň ilçisidi we hakykat öz ýerini tapypdy. Aşela dönük we imansyz aýaldy. Şonuň üçinem Allanyň gazabyna duçar bolupdy. Bir pygamberiň aýaly bolmagam ony ylahy azapdan halas edip bilmändi. Hezreti Lut az salymdan soňra özüni dolap alan haýran galyjylyk we elhençlikden halas bolmagyň duýgulary bilen başyny öňe egdi. ALLA tarapyndan özüne ugradylan üç perişdäniň sözleri häzirem gulaklarynda şaňlaýardy: “Diňe heläk bolmagy emredilen aýalyňy halas etmeris”. Hawa, Sodoma we Gomorra, beýleki üç şähere Beýik Allanyň gazaby inip durka Aşela hem öz wagty-sagadynda bu azapdan halas bolup bilmedi.
Hezreti Lut häzirem aýalynyň doňňara daşa öwrülen jesedine içgin-içgin bakýan kowmuna agras we salyhatly sesi bilen şeýle diýdi:
-Eý meniň üç-bäş ynsandan ybarat milletim!... Ýoluňyza dowam ediň. ALLA müňkürlere, küfür edenlere, buýruklaryna ytagat etmeýänlere iň agyr jezany berýär. Hatda bu etmişli meniň ýanýoldaşym bolsa-da... Hemmäňiz oňat bilýärsiňiz, Aşela ynanmaýanlardy. Eý , köňüllerini ALLA söýgüsi bilen dolduranlar! Aşela Allanyň gazabyna kiçijik bir mysaldyr. Ýeri-gögi sarsdyran güwwüldileri duýduňyz. Öwüsen gorkunç we yssy ýelleriň şuwwuldysy gulaklaryňyza çenli geldi. Ol bäş şäher öz ýaşaýjylary bilen birlikde Allanyň gazabyna duçar boldular. Emma biz Allanyň bize wada berşi ýaly halas bolduk. Hemmämiz sag-salamat peläket şäherleriň çäkleriniň daşyndadyrys. Allanyň öňünde dyza çökeliň. Allaha hamd edeliň. Oňa ybadat edip minnetdarlygymyzy bildireliň.
Aşaklardan häzirem uly güwwüldiler we haýkyryşlar eşidilip durdy, agyr ýanyk yslary bärlere çenli gelýärdi. Bütin bu zatlara garamazdan sanlyja imanly kişi dyzlaryny gaýalara berip ýüzlerini ýere berdiler we çuňňur imanlary bilen Allaha hamd etdiler.
Sugar topraklarynda Gün naýza boýy galypdy. Indi aşaklardaky güwwüldiler, partlamalar, dady-perýatlar kesilipdi. Hezreti Lut seždeden galdy. Bir gaýanyň üstüne çykyp agyr-agyr öwrüldi we gözlerini aşak dikdi. Soňara pessaý ses bilen şeýle diýdi:
- Eý Allaha ynanan gullar! Yzyňyza bakyň, o taýdan beýgelen gazabyň yzlaryny görüň.
Allaha iman edenler bu sözden soň sežde eden ýerlerinden öwrülip bakdylar. Tutuş dagyň eteginde duman tüteýärdi. Asman galan Günüň aýdyňlygynda ne Sodom bardy, ne Gomorra, ne-de beýleki üç ryswa şäherler...
Beýik Alla erkini erbetlige ulanyp gün geldikçe azgynlaşan halka ýakyjy kükürt alawlary we bilen daşlar ýagdyrypdy. Birnäçe sekuntlyk apat we ölüm seçelän ýagmyryň soňunda halky bilen birlikde bütin şäherlerini geljek nesillere nusga hökmünde harabalyga öwrüpdi we ýer bilen ýegsan edipdi.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 50 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Salyh Uçan, Abdylla Aýdyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: