21:36
Teletinbazlyk
TELETINBAZLYK

Teletinbazlyk (lesbiýankaçylyk) hem edil beçebazlyk ýaly jynsy gatnaşygyň azgyn görnüşleriniň biridir. Din muny haram diýip yglan edendir.
Yslam çeşmeleri bize lutiligiň taryhy taýdan ýüze çykyşynyň we döreýşiniň Lut jemgyýetine gelip direýändigini görkezýär. Ýurtlaryny ýer bilen ýegsan edilen we ylahy gazaba duçar bolan bu jemgyýetiň heläk bolmagynyň sebäpleriniň biri-de teletinbazlyklykdyr. Gomoseksualist erkekleriň yzysüre aýallar hem azgyn gatnaşyklardan çetde galmandyrlar. Hatda Lut pygamberiň aýaly Aşela hem teletinbaz aýallaryň biri bolupdyr.
Çeşmeleriň salgy berşine görä, ady taryha giren ilkinji teletinbaz aýal biziň eýýamymyzdan öň 600-nji ýyllarda ýaşap geçen belli şahyr Sapho bolupdyr. Lasbos adasynda öz dolandyrýan mekdebinde ajaýyp senetleri öwreden bu aýal erkek sypat häsiýetdäki aýal bolupdyr we öz jynsy agzalary bilen ýerine ýetirýän azgyn gatnaşyklaryny şygyrlaryna ýaňzytmak bilen at gazanypdyr.
Ol döwürde Gresiýada giňden ýaýran lesbiýankaçylyk ilki “Mikanos diýilýän bir obada diňe gomo erkek we aýalllar ýaşaýan ýerinde giňden ýaýran ekeni. Mikanos häzirki wagtam bu ýigrenji görnüşiň dowam edýän ýeridir.” Dünýäniň çar künjeklerinden gelýän gomikleriň tapyşýan bu mekany her dürli masgaraçylygyň däbe öwrülen ýeridir. Hatda bu ýigrenji azgynlyklaryň başyny başlandyklary üçin ataş we daş ýagmyrlary bilen heläk edilen Lut jemgyýeti-iň etmişleri-de olaryň ýanynda bärden gaýdar.
Taryh bize gadymy Rimde-de teletinbazlygyň giňden ýaýrandygyny görkezýär. Bular ýaly aýallar märekeli Rim hammamlarynda duşuşarlardy. “Fellatore” diýip atlandyrylýan gul aýallar teletinbazlaryň hemişe hyzmatynda bolupdyr.
Lutilik gadymy hytaý we hindi jemgyýetlerinde-de giňden ýaýrapdyr.
Her niçik-de bolsa, Lut jemgyýetinden bäri aýallaryň we erkekleriň öz aralaryndaky lutilik hemişe bolupdyr. Her näçe gadagançylyklara garamazdan dowam edýän zatdyr.

TELETINBAZLYGA ALYP BARÝAN SEBÄPLER

Teletinbazlyk hem gomoseksualizmde bolşy ýaly dogabitdi we soňra ýüze çykyp bilýär.

A). Dogabitdi erkeksypat aýratynlyklara eýe bolýan aýallar öz islegleri bilen şeýle bolmandyklary üçin aýdylýan käbir gadaganlyklardan boşadylypdyr. Emma Yslamyýet jynsy azgynlyklara ýönelmäge golaý bu hili aýallaryň öňünde käbir gadaganlyklary goýupdyr. Bulara eýerilmedik ýagdaýynda bolsa, beden agzalary we sesi erkekpisint aýallar wagtyň geçmegi bilen häsiýetleri-de üýtgäp, erkek sypatyna girip başlaýar. Hasam aýratyny, öz jynsdaşlaryna bolan islegleri döreär we azmak bilen bolýarlar.

B). Soňra ýüze çykan teletinbazlygyň sebäplerini hem gomoseksualizmde bolşy ýaly birnäçe görnüşe bölüp öwrenmek gerek.

1) Sallahlyk

Sallahlyk durmuşy ilkinji nobatda aýallar üçin teletinbazlyga alyp barýan sebäpleriň biridir. Dini düşünjelerden bihabar we dine parhsyz garaýan aýallaryň arasynda bu azgynlyk köp duş gelýär. Munuň esasy ýüze çykýan ýerleri bolsa ýatymlaýyn okuwlaryň umumy ýaşaýyş jaýlarydyr.

2). Aýallaryň uýat ýerlerine bakylmagy

Aýallaryň öz arasynda seretmegi ejap edilýän ýer göbek bilen dyzynyň arasydyr. Bu agzalaryň güjeňlenip durmagy teletinbazlyga alyp barýan sebäpleriň biridir.
Bu meselede iki jahanyň Güneşi Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär:
“Erkek erkegiň owrat ýerine, aýal-da aýalyň owrat ýerine bakmasyn”. (Mişkatul-Mesabih, Hn: 3100)

3). Çagalaryň bir düşekde ýatyrylmagy

Bir garyndan çykan dogan bolsa-da, on ýaşyndan geçen gyz perzentleriň bir ýerde ýatmagy teletinbazlygy emele getirmek ähtimallygy ýokarydyr.

4). Boý ýeten zenanlaryň bir ýerde ýatmaklary

Bu hem gomoseksualizame alyp barýan sebäpleriň biri bolansoň, uly gyzlaryň bir ýerde ýatmaklaryna seresaply çemeleşmelidir.

YSLAM JEZA HUKUGYNDA TELETINBAZLYGYŇ JEZASY

Erkekleriň bir-birleri bilen garmalaşmalarynyň günä bolşy ýaly aýallaryň hem bir-birleri bilen garmalaşmalary haramdyr. Muňa muňa syhak diýilýär.
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle buýurýar:
“Aýallaryň bir-birleri bilen syhaky zynadyr” (Jamius-Sagir, J. II., 33) |Taberani|
Jyns agzalarynyň bir-birine girmeýändigi üçin, ýagny diňe ysgaşma we süýkenişme bolup geçýändigi üçin lesbiýankaçylyk beçebazlyk ýaly däldir. Şol sebäpli hem, keseki erkek bilen ýanaşmazdan diňe oýnaşan aýala berlişi ýaly tazyr jezasy berilýär.
Bu meselede Jenaby Azze we Jelle “Biraýaty-jelilede” (Kurany-Kerimde) Nisa süresiniň 15-nji aýatynda şeýle buýurýar:
“Aýallaryňyzdan fuhuş etmişini edenlere garşy sizden (Müminlerden) dört şaýat isläň. Şaýat (ol dört kimse) şaýatlyk etseler olary, melekül-möwt ruhlaryny kabz edinçä, ýa hut Alla Tagala, özlerine bir çykalga ýol görkezýänçä öýlerde gabap saklaň ”.
Bu aýaty-kerim Hasan Basrynyň düşündirişine görä güýçsüz, emma Müjahidiň tefsirine görä güýçsüz däldir.
Ebu Müslim Ysfahanynyň düşündirişine görä, aýaty-kerimde nygtalýan fuhuş zyna däl-de, lesbiýankaçylyk diýilýän ahlaksyzlykdyr. Bu hili azgynlyga uçran aýallaryň jezasy öýlerinde gabap saklamakdyr. Düzelmedik ýagdaýynda bolsa, ömürbaky öýden çykmak gadagan edilýär.
Nisa süresiniň 16-njy aýaty şeýle dowam edýär:
“Sizlerden jelepçilik edenleriň her ikisine-de tazyr ediň. Eger toba edip hallaryny üýtgetse, bu ýagdaýda tazyry goýbolsun ediň. Çünki Allahy azymüşşan tobany kabul we emrine ytagat edene rahmet edijidir”.
Ymam Müjahide (rahmetullahy aleýh) görä bu aýaty-kerime beçebazlyk hakyndadyr. Beçebazlykda had ýok, tazyr bardyr.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Salyh Uçan, Abdylla Aýdyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: