21:16
Haliçli Simonlar
HALIÇLI SIMONLAR

Hanefi Awjy

1956-njy ýylda Türkiýäniň Kahramanmaraş şäheriniň Pazarjik ilçesiniň Karabyýykly obasynda doglan Hanefi Awçy başlangyç bilimi dogduk obasyndaky Karabyýykly başlangyç mekdebinde aldy. Orta bilimi Gaziantep şäherindäki Karşyýaka orta mekdebinde alyp, liseýi bolsa Ankaradaky Polisiýa kolležinde tamamlady. Soňra Polisiýa institutynda bilimine dowam etdi we 1980-nji ýylda Ankara uniwersitetiniň hukuk fakultetininiň uçurymy boldy.
Polisiýa akademiýasyny tamamlan ýyly bolan 1976-njy ýyldan 1984-nji ýyla çenli Mersin welaýatynyň Gülnar we Mut ilçesiniň Içeri Işler Komissarlygy we Mersin welaýatynyň Terrorçylyga garşy göreş bölüminde işledi. 1984-nji ýylda Türkiýäniň Gündogarynda terroristik hadysalaryň möwjemegi bilen Diýarbekir şäheriniň Kontrrazwedka bölümine geçirildi. Ol ýerde sekiz ýyla golaý işländen soňra 1992-nji ýylda Stambul Kontrrazwedkasynyň bölüm müdirligine çekildi. 1996-njy ýyldan başlap Kontrazwedka uprawleniýesiniň başlygynyň kömekçisi wezipesinde işledi. Durgunlyk hadysalaryndan soňra Türkiýäniň Ýokary Halk Mejlisiniň (TBMM) Derňew komissiýasynda Hanefi Awjynyň garşysyna Terrorçylyga garşy göreş ady bilen hukuk goraýjy güýçleriň içinde özbaşdak toparlaryň bardygy barada maglumat ýaýradandygy hakynda dawalar açyldy. Garşysyna derňew işleri açyldy. Metbugata beren görkezmeleri derňeldi. Döwletiň gizlin syrlaryny paş etmekden we ýaýratmakdan aýyplanyp Ankaranyň Döwlet Kazyýetinde saklandy we on gün tussaglykda ýatdy. Yzyndan aklandy we kazyýetiň ýörite karary bilen wezipesine dolandy.
Ýolbaşçy wezipelerinden çetleşdirilip, 2003-nji ýyla çenli aşakky orunlarda işländen soňra, 2003-nji ýylda Içeri işler Baş Müdirliginiň Garakçylyk we Guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş bölüminiň başlyklygyna çekildi. Ol ýerde kanunçylygyň bozulmagyna garşy geçiren operasiýalary ugruna barmansoň, 2005-nji ýylda wagtlaýyn, 2006-njy ýylda bolsa buýruk bilen Edirne welaýatynyň Içeri işler Müdirligine geçirildi. Edirnäniň Kapykule gümrük postunda gizlin kameralar goýup, polisiýa işgärleriniň we gümrük gullukçylarynyň para almalarynyň soňuna çykmagy başardy.
2009-njy ýylda resmi gazetde çykan bilelikdäki kararnama esasynda Eskişehir welaýatynyň Içeri işler müdirligine geçirildi. Häzirki wagtda birinji derejeli içeri işler müdiri bolup Eskişehir welaýatynyň Içeri Işler müdiri wezipesinde işlemek bilen Hanefi Awjy 2006-njy ýylda TASAM-nyň Strategiki Ýaýlymy laureýatynyň döwlet gullukçysy ugry boýunça baýragyna eýe boldy. Awjy Içeri Işler edaralarynyň kontrrazwedkasynyň tehniki-elektronik bazasyny esaslandyryjysy hökmünde hem giňden tanalýar.

Sözbaşy ýerine

“Bir topara, ideologik bir topara ýa-da bir jemagata örklendiňmi, şahsy özygtyýarlygyňy we erkinligiňi ýitirip şol toparyň tabynlygyna geçýärsiň. Dogry ýa-da nädogry diýen zat galmaýar. Toparyň öňde goýan maksady hemme zady kesgitleýär. Hakykat-da, adalat-da otnositel ýagdaýa gelýär. Göýä Simondaky dek ideologiýanyň garşysynda göreniň ýa-da bileniň däl-de seniň gulagyňa guýulanlar hakykat bolup görünýär. Meniň arkamda duran tarapyň Simonlaşmajagyny pikir edýärdim. Şeýle ýalňyşlyga ýol bermek özgelere mahsus bolmalydy. Bizde şeýle derejä geliner diýip ýatsam-tursam oýuma-da gelmezdi. Gynansak-da ýalňyşypdyryn. Biz indi şuny oňatja bilmelidiris: Garşymyzda tanyşlarymyz, kärdeşlerimiz ýok. Bir ideologiýa, bir topara örklenen, ol toparyň tertip-düzgünine tabyn bolan topar agzalary bar. Bu ýagdaýy kabul etmelidiris.”
12-nji sentýabr wakasyndan öň sagçy-çepçi çaknyşyklaryndan, 1984-nji ýyldan soňra PKK terroristik guramasynyň hereketlerine, 1990-njy ýyllaryň başynda Stambuldan başlap gaýtadan möwç uran uly welaýatlardaky terrorçylykly hadysalaryna çenli ideologik çaknyşyklaryň derňelişinde ýer alan, uly tutumly eksport ulgamlaryndan, uly bank dolandyryşlaryna, geçirilýän harytlara el urma hadysalaryndan, halkara narkotiki bandalarynyň derňelişine çenli örän giňişleýin kriminal arenada gulluk eden, içeri işler edarasynyň simwoliki şahsyýeti Hanefi Awjy uzak ýyllaryň dowamynda işlän kärinde edinen tejribelerini paýlaşmak bilen bir wagtyň özünde jemgyýetçilige hadysalaryň özenini, içki tarapyny düşündirmek we watanynyň öňündäki wyždan jogapkärçiligini ýerine ýetirmek üçin syýasy durmuşy başagaý eden häzirki hadysalaryň (aýratyn hukukly kazyýetleriň prosessual işleri, telefon diňlemeleri we ş.m) üstünde durup geçýär.
Işlän her wezipesinde adamlara görüm-görelde görkezen, her işi paýhas we bilim bilen çemeleşen we hemişe wyždany bilen hereket eden paýhasly döwlet gullukçysy, polisiýa işgäri... Hanefi Awjy bu söhbetinde şeýle diýýär: “Bir wagtyň özünde polisiýa gullukçylygyndan, ýagny awçylykdan sistemanyň görmek islemeýän, nädogry hasaplaýan bir aw ýagdaýyna düşdüm.” Bu kitapda diňe wyždanynyň sesini diňläp ýurt bähbidiniň hatyrasyna aw bolmaga-da kaýyl bir dananyň sesini we nägileligini açyk duýup bilersiňiz.
Категория: Publisistika | Просмотров: 13 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hanefi Awjy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: