21:03
Maşgala we aýal
MAŞGALA WE AÝAL

“Alla sizi täk janlydan ýaratdy. Soňra-da şol janlydan taýyny bar etdi. Siziň üçin dawarlardan sekiz jübüt ýaratdy. Sizi eneleriňiziň garnynda üç gat garaňkylyk içinde ýaradylyşdan ýaradylyşa geçirip ýaratdy. Ine Rebbimiz bolan Alla şeýledir. Hökmürowanlyk Onuňkydyr. Ondan başga ylah ýokdur. Şeýlekä nädip Ony goýup başgasyna ýönelýärsiňiz”
Kurany-Kerimiň Zümer süresiniň 6-njy aýaty.

ZENANYŇ ÝARADYLYŞY

Aýalyň ýaradylyşyna akyl ýetirmezden öň jynsylyk hakykatyna düşünmek gerkdir. Çünki jynsylyk hakykatyna dogry düşünmek aýalyň ýaradylyş meselesiniň düşünilmegini hasam aňsatlaşdyrjakdyr.
Jynsylyk, ýanýoldaşlyk, jübüt ýaradylyş, bularyň hemmesi jynsy mazmunly kelimelerdir. Jynsylyk hakykaty derňelende ilki bilen göze ilýän zat onuň älemde turuwbaşdan gelýän esasy kanundygydyr. Bu kanun atomlarda artykmaçlyk-ýetmezçilik, janlylarda urkaçy-erkek, ýerýüzünde dag-dere görnüşinde görünmekdedir.
Älemde birnäçe kanunlar bar. Bu kanunlaryň her birisiniň aýry bir ýeri, aýry bir maksady bardyr. Fizika we himiýa kanunlary älemde düzgün-nyzam üpjün etmek bilen Beýik Allatagalanyň gudratynyň häkimiýetini we hiç bir zadyň Onuň goýan nyzamynyň daşyna çykmaýandygyny görkezýär. Şeýlelik bilen Allanyň gudratyny we ylmyny subut edýärler.
Jynsylyk kanuny hem düzgüni, birligi we deňagramlylygy üpjün etmek bilen Beýik Allatagalanyň adalatyna, rahmetine we keremine aýdyň kepil geçýär.
Jynsylyk älemde rahmetiň gözelligi bolmak bilen birlikde bir maksady we dowamly dolanyşygy görkezýär. Älem-jahan, aýratynam janly-jandarlar hususy bir maksat bilen jynsy häsiýetli ýaradylypdyrlar. Kurany-Kerim jynsylygyň her bir zady gurşap alan kanundygyny on dört asyr öň aýtmak bilen öz gudratdygyny orta goýupdyr. Kurany-Kerimiň 1400 ýyl öň aýdan bu hakykatlaryna diňe takyk ylymlaryň dörän bu asyrynda akyl ýetirip bildiler.
Ynha, Kurandan iki delil:
“Oňatja düşünersiňiz diýip her zatdan jübüt ýaratdyk”
Zariýat süresiniň 49-njy aýaty;
“Ýeriň bitirdiklerinden, ynsanlaryň öz nebislerinden we entek bilmedikleri zatlardan jübütler ýaradan ol Allah, her dürli nogsanlyklardan münezzehdir”
Ýasin üsresiniň 36-njy aýaty.

Aýaty-Şerif şu manyny ynasana ýatladýar:
Älem-jahan, ynsan we başga zatlar maddy, ejiz, her tarapdan başgasyna mätäç bolandygy üçin jynsy häsiýetli we jübüt ýaradylypdyr. Beýik Allatagala olary şeýle ýaradan, ýagny bir beýlekisiniň ýetmezçiligini doldursyn, zerurlygyny gidersin. Allah (j.j) bolsa wajibul-baky we nurana bir barlyk bolandygy üçin onuň ýoldaşa we kömekçä mätäçligi ýokdur. Ol maddy barlyklaryň barçasyndan ýokardadyr.
Şu ýerde düşünişimiz ýaly, ýanýoldaşlaryň bir-birlerini hakyky manyda hemme tarplaýyn kemçiliksiz bolmagyny islemekleri ýalňyşlykdyr. Kemçilik - tebigydyr. Şol sebäpli ýanýoldaşlar birkemsizligi däl-de aralaryndaky tebigy emirler bilen ony düzetmäge çalyşmalydyr. Arkalaşyk we bir-biriňe hemaýat etmek bilen deňagramlylygy üpjün etmelidir.
Är-aýalyň bir-birini tamamlamasy ýyldyrym çaltlygynda boljak zat däldir. Munuň üçin sabyr-kanagat gerek. Ýaradylyşda jübütlik kanunynyň bar bolşy ýaly sabyr kanuny hem bar. Sabyr kanunynyň asyl ady tedrij kanunydyr. Tedrij bir zady tapgyrlaýyn ýerine ýetirmekdir.
Çünki Beýik Allatagala bir pursatda ýaradyp biljek gudratynyň bar halatynda älem-jahany alty günde ýaradypdyr.
Elbetde her bir närse birden bar bolan däldir. Älem millliardlarça ýyl geçenden soňra ynsan ýaly bir hakyky netije beripdir. Adamzat hem häzirki ýagdaýyna çenli gelýänçä ägirt uly sabyrlylygy talap edýän ewolýusiýalary başdan geçirendir.
Şeýlelikde, jübütlik we tedrij kanunyny öwrenenden soňra aýal we erkegiň ýaradylyşyny derňemäge çalyşalyň. Bu hususda ýüz tutuljak çeşmeler Kurany-Kerim, Hadysy-Şerif, biologiýa we Töwratdyr. Ewolýusion döreýişi goldaýanlar her bir biologik prosesi özleriçe düşündirseler-de, bu hususda dymmaklaryny dowam etdirýär. Ewolýusiýanyň düýp esasyny tötänlige baglaýan ýalňyş düşünjeler hem bu babatda tötänlige bil baglap bilmeýärler.
Kurany-Kerimde:
1. Sejde süresiniň 7-8-9-njy aýatlary ýaradylyşyň tedrij kanunyna esaslanýandygyny şeýle beýan edýär:
“O Allah ki her zadyň ýaradylyşyny gözelleşdirdi (tedrij taýdan ýaratdy). Çünki gözellik zähmet bilen bolar. Zähmet bolsa zaman bilen... we palçykdan Ynsany ýaratmaga başlady. Soňra onuň aslyny we neslini (özenini) arryk bir suwuň özünden kyldy. (toprakdan taraşlap öýjük halynda kyldy). Soňra (öýjügi) düzeltdi (ýagny) içine ruhuny üfledi. Hem size gulak, gözler duýular kyldy. (Ruh öýjük içine girenden soň genler düzgüne girer; genler hromosomlary emele getirer; hromosomlarda intuisiýa we organlary işläp başlar).”
2. Ýasin süresiniň 36-njy aýaty jübütligiň älemde esasy kanundygyny şeýle beýan edýär:
“Ýeriň bitirdiklerinden, öz nebislerinden we bilmedikleri zatlardan jübütleri ýaradan Allah, her dürli nogsanlyklardan münezzehdir”.
3. Kyýamat süresiniň 39-njy aýaty bolsa Allanyň erkegi we urkaçyny sperma (men) öýjüginden ýaradandygyny aýdýar:
“Ynsan akan meniden bir sperma (öýjük) dälmidi? Soňra alaka (döllenen ýatga ýapyşan öýjük) boldy. Ýagny Allah ony döllendirip işledi., düzeltdi we ol öýjükden urkaçy we erkek bolan iki jyns ýaratdy”.
Bu aýatlar we öňki biologik kanunlar bize şeýle manyny aňladýar: Beýik Allatagala älemiň aýlanşygyny gurup bütin ynsy-jynsy we ösümlikleri ýaradandan we olary adam üçin taýýarlandan soňra, ynsany ýaratmaga başlapdyr. Toprak elementleri, aminoasitler kylynan, içine Allanyň emri we kanuny bolan ruh üflenen, şeýlelikde janly bir öýjük emele gelen. Şol sanda ol erkek we urkaçyny orta çykaryp biljek aýratynlyklara eýe kylynypdyr.
Biz her zadyň tedrij taýdan ýaradylandygyny, her zadyň jübüt ýaradylandygyny, ynsanyň tedrij taýdan we jübüt ýaradylandygy baradaky meslelerine subutnama hökmünde birnäçe aýatlary ýeterlik hasapladyk. Ýogsam bolmasa, bu husus Kurany-Kerimde otuz aýat bilen açyklanmakdadyr.
Hatda ynsan jynsynyň daşynmda beýleki jynslaryň hem jübüt ýaradylandygyny bildiren Zümer süresiniň 6-njy aýaty şeýle diýýär:
“Allah sizi täk janlydan ýaratdy. Soňra-da şol janlydan taýyny bar etdi. Siziň üçin dawarlardan sekiz jübüt ýaratdy. Sizi eneleriňiziň garnynda üç gat garaňkylyk içinde ýaradylyşdan ýaradylyşa geçirip ýaratdy. Ine Rebbimiz bolan Allah şeýledir. Hökmürowanlyk Onuňkydyr. Ondan başga ylah ýokdur. Şeýlekä nädip Ony goýup başgasyna ýönelýärsiňiz”
Bu aýaty-şerif janly bir öýjükden Adamyň (a.s) we ýene-de şol öýjükden taýy Howa enäniň ýaradylşyny beýan edýär. Bilşimiz ýaly bärde täze bir ýaradylyş ýok, şol bir öýjügi jübüt hökmünde emele getirmek we kesgitlemek bar.
Hadys kitaplarynda aýalyň gapyrga süňkünden ýaradylandygy aýdylýar.
Muny üç görnüşde düşündirip bolar:
1. Bilnişi ýaly ekizler gapyragalaryndan bir-birine ýapyşyp bolar we göbek baglary birdir.
2. Hadys aýalyň hüý-häsiýetiniň ejizdigini aýlawly sözler bilen görkezip biler. Ýogsam biologik bir meseläni bildirmek üçin däldir.
3. Bu babatda Hadysda bildirilen gadymy ýewreý çeşmelerinden habarly rowaýatçylaryň teswirleri bolup biler. Çünki Kurany-Kerimde gapyrga meselesi ýokdur. Üstesin-de tedrij taýdan we jübüt ýaradylandyklaryna yşarat edýän aýatlar bar. Zümer süresiniň 6-njy aýaty hernäçe gapyrga gürrüňini ýatlatsa-da, aýaty-şerif we jümleleri arasyndaky baglanyşyga üns berilip bakylanda hakykat orta çykýar.
Kurany-Kerim köp ýerlerde ýewreýleriň sowallaryna jogap hökmünde inendiginden hem Hezreti Muhammet pygamberiň (s.a.w) olaryň nädogry düşünjelerine ynanýandyklaryna yşarat edýär hem-de hakykatlara yşyk tutýar. Bu dogry hem-de ylmy dessurdyr.
Töwratyň aýalyň ýaradylyşy hakynda aýdýanlaryna hem degip geçeliň:
Töwrat aýalyň (Howa enäniň) erkegiň (Hezreti Adamyň) gapyrga süňkünden ýaradylandygyny kesgitli we açyk görnüşde görkezmek bilen etimologik häsiýetli düşündirişe daýanýar. Bu etimologik subutnama şek-şübhesiz Allanyň wahysyna daýanmaýar. Çünki, öňem birnäçe gezek bildirişimiz ýaly Töwrat käbir ýerlerde söz we jümle özgerişligine sezewar bolupdyr. Şol sebäpli, “aýal erkegiň gapyrga süňkünden ýaradylypdyr” sözi başga myny bermekdedir ýa-da hahamlaryň (ýewreý ruhanylarynyň) toslama düşündirişlerini orta atmakdadyr.
Hususanam Töwratyň tankydy teksti taryhyň garaňkylyklaryna girip çykan ýaly agyrdyr. Şeýle-de bolsa, ýahudy we hristiýan dünýäsi birnäçe üýtgeşmelere sezewar bolandygyna garamazdan bu hususda gapma-garşylyklardan halas bolup bilenoklar.

■ Dürli döwürlerde zenan

Adamzat medeniýetiniň binýady aýal we erkegiň sosial durmuşdaky garşylykly aragatnaşyklaryna esaslanýar. Şonuň üçin hem bu mesele taryhyň ilki döwürlerinden häzirki günlere çenli filosoflary we alymlary gyzyklandyryp gelipdir. Her döwrüň siwilizasiýasy erkege ähmiýet berip aýaly ünsden düşüripdir. Aýalyň bu nebisagyryjylykly ýagdaýyna Arabystanda Yslam dininiň gün ýaly dogmagy bilen soňky nokat goýlupdyr. Şol wagta çenli azatlyk we mülk-emläk hukugyndan mahrum edilen, gyrnak derejesinde görülen, mata ýaly alynyp satylan ýa-da günä we bela-beterleriň sebäpkäri hasaplanyp, gymmatyna hiç hili ähmiýet berilmedik ýagdaýdaka yslam dininiň gelmegi bilen aýallar hakyky gadyr-gymmatyna gowuşmak bilen sosial durmuşdaky ornuny tapypdyr.
Çünki Yslam jemgyýetiň şahsyýetleri bilen (erkek, aýal we kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen) gyzyklanan we iň oňat görnüşde kemala getiren nyzamdyr. Yslam berýän terbiýesi bilen adamlary nadanlykdan emele gelýän azgynlyklardan, agzalalyklardan we başly-baratlyklardan halas edýär. Yslam her zatdan ötri aýal we erkegiň özara borçlaryny örän adyl görnüşde işläp düzen. Munda aýal we erkegiň şahsy ukyplary göz öňünde tutulypdyr. Ýaradylyşynyň tersine bolup görünýän işleri ýerine ýetirmek ýakymsyz netijeleri emele getirip biler.
Çünki kämil şahsyýetiň kemala gelmegi “döwür öňe barýar, şonuň üçin hem döwüre görä gadam basmak gerek” diýen mowzuga bagly däldir. Kämil şahsyýetiň döwür bilen baglanyşygy ýokdur.
Muňa garamazdan günümizde döwüre eýerýän modernleşen durmuşy görýäris. Bu günki globallaşyp barýan durmuşymyzyň deňagramlylygy bozulan. Şol sanda bu durmuş diňe aýallary däl-de, erkek we çagalary hem yzyna tirkäp heläkçiliklere gark edipdir. Garaňky we düýpsüz girdaplara itekläp halymyzy perişan edipdir.
Günümiziň nadanlygy aýaly şeýle bir hala getiripdir. Ýagny Allanyň ýaradan ýolundan azaşmagynyň netijesi hökmünde aýal gözgyny üçünji bir jyns ýagdaýyna gelipdir. Aýal başyboş ýagdaýda köçä çykyp çäklendirilmedik özbaşdaklyk howasyna maýyl bolandan soňra, jemgyýetde umumy bir betbagtçylyk bolupdyr. Ne öý, ne maşgala, ne-de durnuklylyk diýen bir zat galmandyr. Netijede aýal aýal bolmakdan çykyşy ýaly erkek bolmak hyýalyna-da gowuşyp bilmändir. Bulam-bujarlyk bilen birlikde depe saçyňy tisgindiriji ýagdaý orta çykypdyr. Ýagny aýal bilen erkek arasynda üçünji bir jyns emele gelmekdedir. Bu aýal bolmagyň gadyr-gymmatyny bilmeýän aýala bir jeza boluşy ýaly, oňa jemgyýetdäki ornuny tapyp berip bilmeýän ýa-da garym-gatymlyga uçran jemgyýete-de kesilen jezadyr. Döwrümiziň söz ýüzünde medenileşen, hakykatda bolsa nadan bolan ynsanlary muňa düşünmeýärler. Yslamdan başga hiç bir sistemanyň we nyzamyň aýala hakyky we şahsy ornuny, gymmatyny bermändigine, mundan beýläk-de berip bilmejegine düşünip bilmeýärler.
Yslamyýetiň aýala beren ähmiýetine we üstünligine dogry düşünmek üçin taryhyň iň gadymy döwürlerinden başlap häzirki zamana çenli mysallar bermek bilen gürrüňimize dowam etmegimiz gerek.

■ Gadymy döwürde zenanyň jemgyýetdäki orny

Gadymy Gresiýa we Rim medeniýetde, sungatda we ylymda öňe gidipdir. Ýöne gadymy döwürdäki jemgyýetleriň içinde iň güýçli medeniýete eýe bolandyklaryna garamazdan olaryň aýala bolan garaýyşlary örän yzda bolupdyr. Aýaly örän pes derejede gören grek we rim jemgyýetlerinde aýal adamzadyň gerdenine ýüklenen ýük hasabynda görülipdir. Olaryň düşünjesine görä aýalyň ýeke-täk wezipesi erkeklere hyzmat etmekden ybarat bolupdyr. Aýal çagalygynda kakasynyň, ýaşlygynda äriniň, dullugynda bolsa erkek perzentleriniň hemaýaty astynda ýaşamak mejburyýetindedi. Platon grek jemgyýetine her näçe aýalyň gymmatyny düşündirmek islese-de, pikirleri teoretik serhetden geçip bilmändir.
Grek jemgyýetiniň aýallar hakynda öňe sürýän düşünjeleri logikanyň kabul edip bilmejek derejesinde ýerliksiz we gülkünç görünýär. Olar aýal üçin: “ýylan sokmagynyň we ýangynyň bir çäresi bardyr, emma aýalyň erbetlikleriniň çäresi ýokdur” diýipdirler. Şeýlelik bilen aýal bela-beterleriň baş sebäpkäri hasaplanypdyr.
Grek jemgyýetinde maşgala hiç wagtam mukaddes bolmandyr. Maşgalanyň maksady diňe syýasatdan ybarat bolupdyr. Ýagny döwletiň goranyş güýji hemişe güýç-kuwwatly, gaýduwsyz ýigitlere mätäçligi bardy. Munuň çeşmesi bolsa aýallara degişlidi.
Hatda grek kanunlaryna görä goja grek özüniň ýaş aýalyny goşuna gerekli edermen ýigitleri doguryp bermek üçin ýaş we sagdyn erkekleryň ygtyýaryna bererdiler.
Rim jemgyýetinde-de aýal örän pes derjede tutulýardy. Maşgalanyň kethudasy bolan erkegiň we erkek çagalaryň aýalyň üstünden hemmetaraplaýyn agalygy bardy. Erkek aýalyny islän wagtynda kowup bilýärdi. Ata gyzyny islän erkegine öýlendirmek we islän wagtynda aýryşdyryp bilmek hukugyna eýedi. Bu soňra atanyň gyzyny aýryşdyrma hukugy erkegiň aýalyny islän wagtynda öldürip biljek ýagdaýyna öwrüldi. Emma 520-nji ýyllara çenli Rim jemgyýetinde aýrylyşma düzgüni diýen zat bilinmeýärdi. Rim jemgyýetinde aýaly gul ýaly ulanmak maksady bardy. Aýal erkegiň bähbitleri üçin zähmet çekmeli biçäre gyrnak hasabyndady.
Gresiýa we Rim ýaly iki gadymy siwilizasiýon jemgyýetde-de aýallar medeni we kanuny hukuklardan çetde tutulýardy. Hiç bir meselede şaýatlygy kabul edilmeýärdi.
Şol döwürdäki Mesopotamiýada ýagdaý aýallaryň peýdasyna ýaly görülýärdi. Muňa garmazdan şol döwüriň Mesopotamiýasynda siwilizasiýalaryň iň öňdäki sahypalarynda ýer alan şumerlerde aýal kanuny taýdan erkek bilen deň hukuklara eýe bolsalar-da, aýrylyşan ýagdaýynda adamsy tarapyndan derýa oklanyp öldürilýärdi.
Şol döwürüň Mesopotamiýasynda Wawilonlylara Hezreti Ybraýymyň (a.s) pygamber edilip ugradylmagy bilen Wawilonyň könelen kanun we zyýanly urp-adatlary öz güýjüni gaçyrypdyr. Şeýlelikde aýallar Allanyň goýan düzgünleriniň çäginde sylag-hormata eýe bolupdyrlar. Emma ep-esli wagtyň geçmegi netijesinde aýallar gazanan gadyr-gymmatyny gaýtadan elden giderdiler. Müsürde bolsa, aýratynam faraonlar zamanasynda aýalyň ýagdaýy gorkunçdy. Faraonlar öz doganlary bilen maşgala gurmagy oňlandyklary we faraonlaryň gyz doganlaryny halal ýanýoldaş hasaplap san-sajaksyz aýallar bilen ýaşandyklary taryhda bellenip geçilipdir.
Käbir sosiologlara görä, ýakyn hossarlary bilen maşgala gurmak miras we baýlyk howatyrlanmasyndan ýüze çykypdyr. Faraonlar bolsa tagtlaryny kesekiler bilen paýlaşmazlyk üçin doganlaryny başga birine bermändirler. Hezreti Musanyň (a.s) dünýä inmegine golaý döwürde müneçjimleriň, palçylaryň bir pygamberiň geljekdigi we tagtyny weýran etjekdigi barada aýdandyklary üçin şol döwrüň faraony öňünden aýdylanlaryň durmuşa geçmeginden gorkup şol ýylda dogulan hemme erkek bäbekleri öldürmek bilen taryha geçen iň aýylganç jenaýatlaryň birini edipdir. Şeýle zalym faraonlaryň özlerini hudaý yglan edip, ilkinji nobatda maşgala gurluşyny her dürli şahsy bähbitleri üçin kellelerine görä çykaran permanlary esasynda düzmekleri aýallary elhenç zulumlaryň garşysynda goýupdyr.
Hezreti Ybraýymyň (a.s) pygamber hökmünde iberilen döwründe Palestina sebitinde Hezreti Lut (a.s) pygamberlik wezipesini azgynlygyň iň ýokary derejesini görkezmekde zerre utanç duýmaýan taýpanyň arasynda halky dogry ýola gönükdirmek bilen ýerine ýetirmeli bolupdy. Erkekler erkek bilen, aýallar aýal bilen jynsy gatnaşyk saklan bu azgyn jemgyýeti dogry ýola girmändikleri üçin gökden üstlerine daş we ataş ýagmak bilen ylahy jeza sezewar edilen. Şeýlelik bilen düýbünden heläk bolupdyrlar.
Günümizde “jynsy erkinlik” şygary astynda şol döwüriň azgyn gatnaşyklary propagandirlenýär, mitingler geçirilýär. Bu häzirem ynsanyň özüni ynsan hökmünde tanap bilmeýändigi manysyna gelýär. Öňki Lut taýpasynyň başyndan geçiren azgyn keýpi-sapasy bu gün Gresiýanyň bir etrabynda dowam edýär. Bu ýerde bütin dünýädäki azgynlaryň (gomoseksualistler we lesbiýankaçylar) bu ýörelgäniň azgyn eýerijileri bilen tapyşýandyklary we iň ýigrenji görnüşde keýpi-sapa sürýändikleri mälimdir.

■ Nadanlyk (jahylyýet) döwründäki Arabystanda zenanyň orny

Yslamyýetden öňki Arabystanda aýal bela-beteriň sebäpkäri diýilip düşünilýärdi. Şol sebäpli, gyz çagalar diriligine ýere gömülmek bilen arap jemgyýetinde aýallaryň ýaşamaga bolan hukugy kepillendirilmedikdi.
Araplar üçin oglan perzendiň dünýä inmegi abraý bolsa, gyz perzendiň dogmasy bolsa utanç hasaplanardy. Mundan ötri gyzlaryny diriligine gömerlerdi. Sahabalardan biri nadanlyk döwründäki, ýagny Yslamy kabul etmezden öňki bir hereketini aglamak bilen şeýle gürrüň beripdir:
“ - Meni gaty gowy görýän kiçijik bir gyzjagazym bardy. Ony çagyran wagtymda, şadyýanlyk bilen ylgap ýanyma gelerdi. Bir gün ýene ony çagyrdym. Öňküsi ýaly şatlanyp, bökjekläp ýanyma geldi we meniň yzyma düşdi. Çagajyk “Kaka” diýip ýüzüme ýylgyryp bakýardy. Soňra ony bir guýynyň ýanyna alyp bardym we içine okladym. Içine oklanda “kaka, kaka” diýip ses edip aglady.”
Araplar gyzlaryny diri goýan ýagdaýynda hem hukuklaryny elden alarlardy. Arap jemgyýetinde erkekler üçin öýlenmekde çäk ýokdy. Islän aýallaryna öýlenerlerdi we islän wagtlarynda bolsa olary kowup bilerlerdi. Birnäçe gezek kowsalar hem islän wagtynda kowan aýalyny gaýtadan alyp bilerdi.
Aýal ömri boýunça ärine hyzmat etmek mejburyýetindedi. Äri ölenden soňra hem äriniň hossarlary onuň üstüne düýpli hukuk eýesi bolup bilýärlerdi. Şol sanda, islän kişisine äre berip ýa-da onuň öz islän kişisi bilen nikalaşmagyna päsgel berip bilýärdiler. Aýratynam dul galan aýalyň baýlygyny, mal-mülküni oňa bermezlik maksady bilen gaýtadan durmuşa çykmagyna rugsat bermezlerdi.
Arap jemgyýetinde aýalyň miras hukugy ýokdy. Äri ýogalan aýal äriniň mal-mülküne (eger äriniň hossarlary bermese) eýelik edip bilmeýärdi.
Yslam dini aýala miras hukugyny beren wagtynda araplar haýran galdylar. Olaryň düşünjesine görä, bir aýalyň ata münüp bilmeýärkä, özüni gorap bilmeýärkä mal-mülküň bir bölegine nädip eýe bolup bilýärdi?

■ Orta Asyrlarda zenanyň jemgyýetdäki orny

Hezreti Isanyň (a.s) doglan wagtyndan başlap Ýeňilmezek Soltan Mehmet Hanyň Stambuly eýelän 1453-nji ýylyna çenli döwür Orta Asyrlar diýilip hasap edilýär.
Bu döwürde ýoýulup hak kitap bolmakdan çykan Töwrat erbetlikleriň başy hökmünde günäleriň sebäpkäri hasaplap aýala nälet okaýar. Töwratyň bu gorkunç hökümi Orta Asyrlar ýewreý jemgyýetinde aýala dil bilen aýdyp bolmajak har edilen durmuş bagyş edipdir.
Töwrat aýaly erbetlikleriň başyny çekmekde aýyplap, bu aýyplamany Hezreti Adam bilen we Howa ene rowaýatyna esas edip alýar.
Ýewreýleriň düşünişine görä, Hezreti Adam (a.s) ýanýoldaşy Howa ene özüni aldamanka Allaha ytagatkär bolandygy üçin Jennetde bagtyýarlykda ýaşaýardy. Emma ýanýoldaşy Howa ene gadagan edilen miwäni iýmäge ymsyndyrandan soňra Hezreti Adam hem ýanýoldaşynyň ýalňyşlygyny gaýtalap gadagan edilen miwäni iýdi we allanyň emrine garşy geldi. Netijede bolsa, Allanyň özüne bagyşlan lutuflardan mahrum bolup Jennetden kowulyp ýer ýüzüne sürgün edildi.
Ynha, ýoýulan Töwrat bu wakany esas edinýär. Şol sanda hemme günäni Howa enä ýüklemek bilen aýallaryň barysyny günäkärleýär. Hatda hasam hetden aşyp aýallara nälet okaýar we çaga doguran pursatynda aýalyň çekýän yzasyny bu sebäpden ýüze çykýandygyny öňe sürýär.
Ýoýulan Töwratyň bu gorkunç hökümine görä, aýal kyýamat gününe çenli gepsiz-gürrüňsiz erkegiň agalygy astynda ýaşamalydy. Ýewreý kanunlary äriniň ölen ýagdaýynda ikinji gezek durmuş gurmagy gadagan etmek we we ony miras hukugyndan mahrum etmek bilen aýaly gul hasabynda zynjyra baglaýardy. Aýal diňe atasynyň mirasyna eýe bolup bilýärdi. Olam özünden başga şärikdeş ýok mahalynda.
Ýoýulan Injile görä aýalyň ýagdaýy: Töwratdan soňra ýoýulyp hak kitap bolamkdan çykan Injil hem bu hususda Töwratdan pesde durmaýar. Olam Hezreti Adam we Howa ene hekaýatyna esaslanyp erbetlikleriň başy hökmünde aýaly ýazgarýar. Bu aýyplamada Töwraty goldaýan Injil aýala garşy hasam agressiw çemeleşipdir.
Hristiýanlyk erkegi ýoldan çykaran aýaly şeýtan hasaplaýar. Şonuň üçinem ony näletleýär. Korol Genrih VIII-njiniň tagallasy bilen 1547-nji ýylda parlamentiň kabul eden karary bilen bes edilýänçä Angilýada erbet ruhly mahluk hasap edilýändigi üçin aýalyň Injile elini degirmegi we okamagy gadagan eken. Hristiýanlygyň aýrylyşma we aýrylyşandan soňra ikinji durmuşy gadagan edýän düzgüni häzirem katolik sektasynda dowam edýär.
Orta Asyrlaryň iň güýçli döwletleriniň biri bolan Wizantiýa imperatorlygynda aýal şeýle bir harlanyp, ýigrenji ýagdaýa getirilipdir. Ýagny, Wizantiýa şäher jelepleriniň hüjümine uçramazlyk üçin aýallara güwänama görnüşinde kartoçka we ýörite belgiler bermäge mejbur bolupdyrlar.
Yslama görä aýal: VII asyra çenli ynsanmy ýa-da dälmi hususynda jedele girmegiň zerurlygy galmadyk aýallaryň ýagdaýy Yslam diniň gelmegi bilen düýpgöter üýtgäpdir. Yslamyýet Arabystanda güneş kimin dogýar. Ilki Arabystana, soňra bütin dünýä ýagtylyk saçan pikirleri we düzgünleri bilen ajaýyplygyny subut edýär. Bu ajaýyp hak diniň getiren düzgünleri bilen aýallar hem sosial durmuşdaky ornuny we gadyr-gymmatyny tapdy.
Çünki Yslama görä, aýal we erkek bir-birlerine höküm ediji güýç däl-de, Allanyň goýan düzgünleriniň çäginde Onuň hökümlerine boýun egýän we ýer ýüzünde ýagşy işleriň ugrunda bäsleşýän iki mukaddes barlykdyr.
Ol wagtlardaky Yslamyýetiň aýallara beren ýeňilligini we hakyky durmuşyny adamzada häzirki günümize çenli hiç döwürem beren däldir.

■ Döwrümizde zenanyň orny

1789-njy ýyldaky fransuz rewolýusiýasy bilen Ýewropada başy başlan reforma we gaýtadan galkynyş hereketlerinden bäri, aýallar günümize çenli tapgyr-tapgyr gulçulyk zynjyryny gyrmagy başardy. Muňa garamazdan birnäçe sosial hukuklary gazanan aýallar özbaşyna başyboş ýaşamagyň netijesinde ruhy gymmatlyklaryny düýbünden ýitiren.
Munuň netijesine bolsa dünýämizdäki kapitalist we sosiýalist ýurtlarda aýallaryň ýagdaýyna ser salsak açyk bir görnüşde göz ýetirip bolýar.
Aslynda materiýalizme esaslanýan kapitalizm we sosiýalizm atly bu iki eksplutator düzgünleriň dünýädäki bütin sosial hadysalaryň düýbüni ykdysadyýete baglap, bir-birlerini zalymlarça aýyplamak bilen ynsanlary aldaýarlar we hakykatdan azaşdyrmagyň täzeçe ýollaryny oýlap tapýarlar.
Kapitalizm senagatda maliýe problemasyny aradan çözmek üçin “aýallara ekonomiki erkinlik” diýen çypdyrma şygarlar bilen aýaly maşgala ojagyndan göwnüni sowatmagy başarypdyr. Şeýlelikde, ony ýaradylyşyň zerur hasaplan wezipeleriniň daşynda gara işlerde eksplutatirläpdir. Netijede maşgala ojagynyň hamyrmaýasy bozulan. Kapitalizm aýala ykdysady erkinlik bermek bilen maşgala gurluşyny bozandan soňra, “jynsy erkinlik” bermek üçinem aýaly her öňýeteniň ulanyp biljek ortalyk mal ýagdaýyna getiripdir.
Sosializm bolsa aýaly erkek bilen deň tutýar. Aýalyň fiziki taýdan erkekden ejizdigini kabul etmeýär we senagatda aýaly erkek bilen birlikde zähmet çekmäge maýyl edip aýala zulum edýär. Nika baglanyşygyny üzmek bilen hem maşgala mukaddesligini inkär edýär. Sosiýalizm aýaly zorluk bilen fabriklerde zähmet çekdirip, jynsy azatlyk diýip ony her kesiň ulanýan ortalyk mal halyna getirip, duýup ýa-da duýmazdan aýala iň uly sütemi edýär. Kapitalist we sosiýalist ýurtlaryň hiç birinde-de aýaly bagtly hasaplanyp bilinmez.
Yslam dininden başga bütin sistemalar deňlik çypdyrmalary bilen aýaly eksplutatirläp durka, diňe Yslamyýet aýala hakyky gymmatyny berip ony beýgeldýär hem-de sosial durmuşdaky hakyky ornuna ýerleşdirýär.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Salyh Uçan, Abdylla Aýdyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: