19:15
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..."
“MEN BIR GEZEK AZAŞYPDYM DAGLARDA...”

Atlanyp bir gezek daglara çykdym,
Belentlikler göteripdi göwnümi.
Çüw atym, çüw, aýlanaly daglara,
Dagat göwnümdäki gara howlumy.

Göwnümi göterdi salkyn şemaly,
Dag başyna çykdy atym birdemde.
Çüw atym, çüw, ne ajaýyp ganatyň,
Ürküzmez harasat, garaňky tüm-de.

Kelle gyzyp, gidipdiris uzaga,
Alyslardan - alyslara uçdum men.
Asla yza dolanasym gelmedi,
Tokaýlary jennet kysmy guçdum men.

Kelle göçüp, serhoş boldum daglarda,
Ýoldaş etdim geçigaplaň, ýylany...
Gök gürledi, çakdy gara ýyldyrym,
Çeşmelerden gandym balyk biläni.

Ümür-duman daşym alyp şo gezek,
Daglarda azaşyp, ýitirdim ýolum.
Şo pursat özümi saýypdym ejiz,
Gorp üstünde duran ýaly hyýalym.

Şo gezek daglarda galan halatym,
Meni alyp çykdy eziz Gyratym...

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 18 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: