15:41
Döwletbaşy -15/ romanyñ dowamy
12.

Şanazar Beg ýegeni «iş bitirdim» diýip habar edenden soň «ýaşulynyň» edarasyna jaň etdi.
– Bir möhüm waka barada maslahat bar.
«Ýaşuly» oňa edara gelmegem, jaň etmegem gadagan edipdi. Olar köplenç Begiň maşynynda gürleşýärdiler.
– Sen gel onda – diýip, «ýaşuly» sagadyna garady. Ýene on bäş minutdan şol öňki ýerde garaş...
Şanazar Beg öňki ýerde gazyk boldy. Emma... «ýaşuly» gelmedi. On minut geçenden soň «ýaşuly» Saglygy saklaýyş ministrliginiň 4-nji uprawleniýesi tarapdan geldi-de, maşyna-da garaman, burçdaky süýşürintgiler kassasyna girdi.
Beg hem onuň yzyndan kassa girdi. Olar baş atyşyp görüşdiler.
– Bagyşlaň, ruçkaňyz ýokmy? – diýip, Beg «ýaşula» ýüzlendi.
– Bardyr.
Kassada iki sany rus zenany hyzmat edýärdi. «Ýaşuly» elinde blanka tutup, ruçkasyna garaşan bolup, Beg «hasaplaýyş» blankasynyň ýüzüne näme ýazarka diýip garaşyp otyrdy.
Beg howlukmaç, ýöne düşnükli edip: «Meniň «köşkde» işleýän ýegenim «Dikmäniň» çaýyna awy goşdy. Häzir şonuň netijesi belli bolmaly. Taýýar bol!» diýip ýazdy.
«Ýaşuly» tolgunmadan ýaňa garört bolan ýüzüni sypjyklatdy.
– Haçan?
– Çto? – diýip, kassir aýal özüne nämedir bir zat aýdylýandyr öýdüp sorady.
– Ýok, ruçkam gerek!
– Bärde bar ahyryn ruçka!
– Ine, boldum! – diýip, Beg oňa ruçkasyny uzatdy. – Men öýde garaşýan. Şu gün irden boldy. Giç galsa, ertire çenli. Spasibo, doswidaniýa...
Ol çykdy-da, maşynyna mündi. Soň hälki kagyzy tüýdüm-tüýdüm etdi-de, agzyna salyp ýagşy çeýnedi. Şondan soň ýarysyny onda, ýarysyny munda taşlady.
Aýly agşama-da garaşman, günorta nahary wagty daýysynyňka geldi. Bolan wakany hetjikläp-hetjikläp gürrüň berdi.
– Men-ä şol dermany gaýnap duran çäýnege atdym. Iki minutdanam Aýýa ony çäýnege demläp, içeri alyp gitdi.
– Ond-a kaput! – Ol hem begenip, hem tolgunyp – Ond-a, ýegen, ol kaput – diýip, samrady. – Gel, onuň kelemesini bir çöwreli.
Ol ylgap baryp, edil agşamky ýaly edip, saçak düzetdi. Ýene agşamky şakur-şukurlaryny getirdi.
– Ine, agşamky habarlarda tutuş respublika jar bolar. Wah, şoňa çenli bir sabyr bereweri, alla jan!..
– Ýaşula aýtdyňmy?
– Onda-da nähili aýtma!
– Näme diýdi?
Şanazar Beg sesini çykarmady.
– Hany, ýegen, haýsyny edeli?
Aýly kebşirgije barmagyny uzatdy.
– Hany, bir keýpleri kebşirläli-le.
Şanazar Beg güldi.
– Şahyr bol-a ýegen..,
Olar «Habarlara» çenli keýp çekip oturdylar. «Habarlar» olaryň bar keýpini aldy.
–Bäh-ä diýip, Beg keýp çekmeden ýaňa mölerip giden gözlerini gorkuly gyrpyldatdy.
– «Içeri işler ministri Moskwa işe gidýänligi sebäpli» diýdimi? Söwda bilen Taýýarlaýşam aýrypdyr. U-uf! Biziň kökümize palta urlupdyr, ýegen!
«Habarlarda» «Prezidentiň tarpa-taýyn aradan çykmagy» baradaky habaryň bolmazlygy Aýlynyň hem keýpine sogan dogrady. Onuň häliden bäri çekip oturan keýpi harama çykdy.
– Ol ölmedimikän-aý?
Beg degirmen daşy asylana dönen ýüzüni galdyrmady.
– Çaýyna şony atanyň bir çynmy?
– Öwlüýä çapsyn, daýy. Ýalan sözlesem, garagym gapylsyn!
Beg agyr oýlara gark bolup oturyşyna:
– Belki, ertire çenli tükgerer – diýdi. – Hany, garaşaly bakaly.
Telefon jyňňyrdady. Beg«Ýaşulynyň» hökman jaň etjegini bilýärdi. Ol trubkany göwünsiz göterdi.
– «Ýaşuly», salawmaleýkim. Haw-waý, bizem «toýa» garaşyp otyrys. Hudaý bizlik bolsa, ertir bolmagam mümkin. Ertire bir garaşaly. – Ol trubka diň saldy. – Men düşündim. «Goňşular» göçüp başlady. Aý, bek öwrenişipdik. Ylaýta-da beýleki şähere göçene aýalymam aglady. Toýumyz, ýasymyz goşukdy-da. – Ol ýene trubka diň saldy. – Bolýar. Toýuň geňeşi gutarman, onda bäri gelem etmeris. «Geňeşem» indi golaýlady-la. Bor, sag bol.
Ol trubkany goýdy-da, agzyny öweldip oturan ýegenine derdini aýtdy.
– «Ýaşuly» ýaman gorkupdyr. «Bloklara» aýt, Köneürgençdäki maslahata çenli başlaryny galdyrmasynlar» diýýär. Ýegen, seni öýüňe eltip geleýin-de, men olar bilen gepleşeýin. Sen «meni öýden kowýar-a» diýme. Dogrusy, men öýde adam bolsa, işläp bilemok.
Aýly tasanjyrap, öýkeli ýagdaýda çykyp gitdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: