14:27
Döwletbaşy -14/ romanyñ dowamy
11.

Döwletbaşy nämüçindir bu gün özüni birhili gowuşgynsyz duýýardy. Ol öten agşam iki sapar daş çykypdy. Pöwrizäniň asmanyndaky lemmer-lemmer gara galyň bulutlardanmy ýa-da bulutlaryň arasyndan käte bir jyklaýan Aýyň dop-doly didarymy, onuň endam-janyny soka salnan ýaly edýärdi.
Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýörite getirilen uky dermanyny içip ýatmakdanam, şonuň güýji bilen birsalym uklamakdanam halys iripdi.
Düşegine geçdigi, ýene-de respublikanyň güzerany, ili-güni asuda, agzybir saklamagyň derdi onuň eginlerinden basýardy.
Ol düýn oba hojalyk işgärleri bilen duşuşypdy. Basym ekişe başlamalydy. Emma henizem ýerini taýýarlamadyk raýon- lar bardy. Geçen ýyl tohum az-kem ýetmezçilik edipdi. Emma bu ýyl taýýarlanan tohumlyk çigit ondanam azdy. Onuň üstesine, käbir ýerleri birküç gaýta-da ekmeli bolmagy mümkindi. Ätiýaçlyk tohumyň bolmalydy. Ýogsa, geçen ýyldaky ýaly, Özbegistan diýdi, beýleki diýdi, dilegçilik edip ýörmeli bolmagy müm- kindi.
Käte onuň Suhan Babaýew, Balyş Öwezow ýaly birinji sekretarlaryň käbir häsiýetine gözi gidýärdi. Suhan Babaýew respublikanyň ähli brigadirleriniň adyny, familiýasyny bilýän eken. Balyş Öwezow tutuş respublikanyň kolhoz başlyklaryny tanaýan eken...
Ol raýkomlaryň birinjilerine berk tabşyryk berip durka, birdenkä Gylyçdurdy Sähetmyradow neresse ýadyna düşdi. Onuň ýaly pähimli, öz işini, adamlaryň häsiýetini, ýeri, suwy gowy bilýän goç ogullar az-azdy. Döwletbaşy ony öz ýanyna oba hojalyk boýunça sekretar edip işe alypdy. Ony sag goly edinipdi. Ol şeýle arassa ýigitdi. Arman, ol ir gidipdi. Indi durmuşdaky ornam, Döwletbaşynyň kalbyndaky ornam boşlugyna durdy.
Döwletbaşy özüne şonuň ýetmeýändigini duýýardy. Türkmengalada iki sany topar «raýkomy bizden goýarsyňyz-da – bizden goýarsyňyz» bolup, ile ulukjyn berende, Gylyçdurdy neresse şolaryň ikisindenem goýman, Dodonow diýen rus ýigidini Türkmengalanyň birinjisine goýmagy teklip edipdi. Ine, şondan soň raýonda gepem, gürrüňem ýatypdy. Döwletbaşy bu täri soňam ulanypdy.
Ýöne, Gylyçdurdy neresse ýer, çigit, sürüm, ekiş diýen ýaly işleri oňa ýetirenokdy. Özi alyp çykardy.
Häzirem ol boýdan-başa senagatçy bolansoň, oba hojalyk işgärleri bilen kän bir gepi alşyp gidiberenokdy. Ýogsa, soňky aýda boljak bu geňeş-maslahata yhlas bilen taýýarlanypdam. Iň esasy zadyň, daýhana ýolbaşçylyk etjek bolsaň, arassaçylygyň gerekdigine-de gözüni ýetiripdi. Men-men diýen kolhoz başlyklarynyň ady halal, arassa bolany üçin-ýyldan-ýyla aşyp gelýärdi.
Emma topragyň öňünde, daýhanyň öňünde «gyrp-çyrpa» gözüňi dikip hekgeriberseň, hapa aýak bilen namazlyk ýaly mukaddes topraga basyberseň, öz syrtyňy özüň açdygyň bilibermelidi.
Ol ine, şu pähimi adamlara düşündirjek bolupdy. Döwletiň býujetinden oba hojalygyna goldaw üçin ep-esli pul goýbe- ripdi. Kärendeçiligi, potratçylygy has giňeltmegi, ýerleri ekip, gowy gögeriş alnandan soň, halka kärendesine paýlap bermegi maslahat beripdi.
Käbir kolhoz başlyklary ony kynam görjek bolupdy. «Sürüp, tekizläp, ekip, gögeriş alandan soň, onuň näme işi galýar» diýenem bolupdy. Döwletbaşy olaryň ýalňyşyny aýtdy. Halka kärendesine berlen hýor gekgaryň anyk eýesi bardy. Ondan artykmaç hasylyň alynjagy gümansyzdy. Ol kolhozçynyň tutuş maşgalasyny işe çekmekdi. Onuň üstesine, kolhozyňözem gönenip galýardy.
– Men size pul bereýin, dökün bereýin, näçe diýseňiz tohum bereýin. Ýöne, gysgançlyk etmäň, bahyllyk etmäň. Ýerleri aýdyşym ýaly, kolhozça beriň. Baýasa öz kolhozçylaryňyz baýaýar ahyryn. Siziň ahyr maksadyňyzam kolhozçyny gurplandyrmak, obany, kolhozy ýokary galdyrmak. – Ol örän täsin pähim aýdany- nam duýman galdy. – Käbir kolhoz başlyklary: «Ilki kolhozy baýatmaly, kolhozçy baýamasa baýamasyn» diýip pikir edýär. Ýok, siz ilki kolhozçyny baýadyň, kolhozçy baý bolsa, kolhozyňyz delseň deprenmez bolar. – Ol ýene-de çilim otlapdy.
«Wah, şu çilimi bir taşlap bolsady – diýip, Döwletbaşy ýaňy otlan çilimine ahmyrly garady. Ol çilimi taşlaýynam bir diýýärdi. Emma taşlap bilenokdy.
Oňa «şu çilimi taşlaýynam bir diýýän, ýene-de bolanog- aý» diýende, bir ýaşuly Mylly agany ýatlapdy.
Mylly aga radiokomitetiň başlygynyň ýanyna girýär welin, başlykçilim çekip otyrmyşyn. Ony Mylly aga eli çilimli görýär-de, «Oglum, senem bu (ol neşeleriň adyny tutmaýan eken) zady edýäňmi?» diýen. Başlygam ýylgyryp: «Wah, Mylly aga, şuny taşlaýynam bir diýýän, ýene-de çekiläýýär-dä» diýen weli, ör-gökden gelip:
– Toba, toba, erkek adamam bir zady etjek däl diýensoň, ýene-de eder oguşýan! – diýipdir.
Ol Mylly aganyň tüýs sazandalygyna, ondanam belent, zandy päk adamçylygyna uçursyz hormat goýsa-da, çilimini taşlap bilenokdy.
Çilim onuň hemrasydy. Ol wezipesi üçin hiç kim bilen dost bolup, çörekli, saçakly gatnaşyp bilenokdy. Hiç kimiň öýüne baranokdy. Öýüne-de adam getirjegem bolanokdy. Çünki, biri gözüň, biri gaşyň bolup oturan külli türkmen halkynyň biriniň öýüne barsaň, beýlekisi gaty görjekdi. Birini öýüňe getirseň, beýlekisiniň «näme üçin ony çagyryp, meni çagyranokka?» diýmegi mümkindi. Onuň üçin tutuş halkyň hemmesi deňdi. Ol depesinde hudaýyny bölüp bilmeýşi ýaly, ýerde-de halkyny bölüp biljek däldi.
Öýde-de ýekedi. Muza Alekseýewna-da oňa garaşyp güni bilen gözi ýolda galýardy. Döwletbaşy irden sagat sekizde işe gidip, agşam sagat dokuza, ona öýe gaýdyp gelýärdi. Onsoň Muza Alekseýewňa-da ogly Myrat bilen gyzy Irina Moskwada okap ýörensoň, ýeke özi giden howlyny sakpap, ýeke özi gugaryp oturmaly bolýardy.
Ind-ä Myradyň Moskwada gyzjagazy bolandan soň, Irina hem şol ýerde okuwy, maşgalasy bilen gümra bolansoň, onuňam ýüregi çagalarynyň ýanyndady.
Myradyň gyzjagazy çyrçykly bolupdy, Irina-da juda ejeçiligi üçin:
– Eje, geläýsen-e, seni gaty göresimiz gelýär – diýip, ony Moskwa çagyryp dursalar, ol Prezidentiň aýaly bolsa-da, ene-dä, ahyr soňy:
– Men çagajyklary görüp geläýeýin-dä – diýýärdi. Ol pensiýa çykandan soň-a, çagalarynyň, agtygynyň ýanyndan gaýdasam gelenokdy.
– Aý, bolýar-la, barybir, menden saňa ümmüldeşip oturan ýok, senem ol howlyny saklap, ýeke özüň tutulan guş ýaly, içiňi hümledip oturma-da, ýagdaýyňa görä bol – diýip, Döwletbaşam onuň raýyny gaýtaranokdy.
Onsoňam Döwletbaşy öýe gelende-de hat petegine gümradyr.
Ine, şonda çilim oňa syrdaş bolýardy. Onuň derdini bölüşýärdi. Göwnüne teselli berýärdi, agan ýüküni galdyryşýardy. Beýle ýalňyz dosty çalşyra başga bir üýtgeşik zadam onda ýokdy.
Dogry, ol çaý içýärdi.
Häzirem ol Içeri işler ministrliginiň, Döwlet howpsuzlygy komitetiniň hepdelik maglumatyna garap oturyşyna nobatçy gyzyň getirip öňünde goýan çäýnegini käsä guýdy-da, yzyna agdardy. Agzyndaky çilimini küldana basyp, käsä gaýtadan birküç owurt çaý guýdy.
Çaýyň ýakymly ysy içerä ýaýrap gitdi. Onuň tyllaýy, owadan reňki Döwletbaşynyň teşneligini güýçlendirdi. Ol bugaryp duran käsäni aýasyna alyp, tebsiräp duran dodaklaryna golaýla-dy-da birden käseli elini kükreginiň deňinde saklady. Nämedir bir zat käseli eline zarp bilen uran ýaly boldy. Urgy ýene gaýtalandy.
Çaýyň yşgyna halys berlen ünsüni ol başga zada sowup bilmedi.
«Agşam ýatmanym, üstesine-de, köpräk çilim çekenim, ine, indi bildirýär – diýip, ol gaýta elini, eginlerini kakyşdyrdy.
– Birki käse ajy gök çaý kömek eder-le. – Ol ýene-de käsänidodagyna ýetirdi. Emma güýçli urgy indi ýüzüne şarpyldap degdi.
Ol onda-da hiç zady göwnüne alman, çaýa eňegini basdy.
– Dur! – Ol tisginip gitdi. – Içme şol çaýy! – Ol ejesiniň owadan didaryny ýyldyrym çaltlygynda görüp galdy. Ol didar gözden gaýyp bolsa-da elini welin bir kuwwatly güýjüň zarbyndan sypdyryp bilmedi-de, çaýly käsäni stoluň üstünde goýmaga mejbur boldy. Onuň bilenem kanagat etmän, çäýnegiň çaýyny döküp, çäýnek-käsesini çaýkap, gapdaldaky ýörite şkafa salyp goýdy.
Maglumatdaky wakalar, jenaýat işleri hakyndaky informasiýalar biri-birinden aýylgançdy.
«...Hususy hojalyklaryň işiginden maşynlaryň 700-si alnyp gidilipdir...
...Gurbanlyk döwründe ýiten üç gyzyň gözlegi dowam edýär...
...Geçen hepdäniň dowamynda graždanlaryň 37-si zulum edip öldürildi...
...Geçen hepdäniň içinde reketler tarapyndan 213 adamdan jemi on milliard üç million manat gorkuzylyp alnypdyr...
...Geçen ýedi günde öýleriň 1173-si talandy...
...Geçen hepdede näbelli adamlar tarapyndan graždanlaryň 912-si talanyldy.
...Geçen hepdäniň dowamynda protest bildiriji we döwlet ýolbaşçylaryna närazylyk bildiriji ýygnanyşyklaryň 17-si boldy.
...Geçen hepdäniň dowamynda tirek söwdasyny edýänleriň 27-si ele salyndy.
...Geçen hepdede «Agzybirligiň» iki üýşmeleňi boldy.
...Geçen ýedi günde bazarlardaky harydyň bahasy 7 esse galdy...
...Ýene-de zatlar üç esse gymmatlajak diýen dowul ýaýradyldy...
...Dükanlaryň ähli harydy basa-bas edilip satyn alyndy...
...Mafiýa öz ýüzüni görkezip başlaýar...
...Bir hepdäniň dowamynda jemi 3115 jenaýat edilip, 14-siniň üsti açyldy...»
Döwletbaşy çaýdan-beýlekiden geçdi. Ol içeri işler ministrini, söwda ministrini, Türkmenpotrebsoýuzyň başlygyny ýanyna çagyrtdy.
«Be, bu nämäniň alamatyka? – diýip ol bu maglumaty ýene bir sapar gözden geçirdi. – Respublikada zandyýaman toparlaryň 15-si hereket edýär...» diýip, yza bilen aýtdy. – Men indi kabinetimde arkaýyn çaý içip bilmejek bolsam, il-gün arkaýyn ýaşap, köçä arkaýyn çykyp bilmejek bolsa, mundan durmuş bolmaz. – Daşyňy goraýanlar özüňki däl diýseň, indi içerki ýagdaýyňa-da dawa edip başladylar. Men respublikanyň içiniň tertip-düzgünini oňaryp bilmeýän ministr bilen ýekeje minut oňşubam, işleşibem biljek däl...»
– Sen, ýoldaş, hwatit, rus adamsy, bir ýerlerden gelen, ýüzüni alyp kowmaýyn – diýip, şunça ynam etdim. Sen meniň ynamyma bukulyp, respublikany gorhana öwürdiň. Sende professional käriňe wepalylyg-a däl, jinnek ýalajaga utanç ýok, utanç. – Ol içeri işler ministrini gelen badyna, gysaja salyp ugrady. – Boşat kürsiňi! Maňa seniň ýaly iki ýüzli, dönük içýan gerek däl!..
Ministriň ýüzi ýedi ýuwlan esgä döndi.
– Men janymy berip işleýän...
– Hawa, sen janyňy berip işleýäň, ýöne külli türkmen halkynyň garşysyna işleýäň. Sen mafiýanyň tarapynda, şolaryň eden-etdiligini ýaşyrmak üçin janyňy berip işleýäň. Sen «wor zakonlary», ogrulary, orramsylary goramakda janyňy berip işleýäň...
Ministriň gözleri duýdansyz ýandy:
– Siz olary subut ediň!
Döwletbaşynyň gany depesine urdy:
– Sen, sen, tüket gepiňi. Öň «Men rus, maňa el degrip bilmezler» diýip edeniňi etdiň. Indi oýnuň gutardy. Han-ha Moskwaň, han-ha-da sen. Indi saňa subutnama aýdaýyn: Içeri işler ministri halyňa, bir gurrumsak il ogrusynyň öýüne baryp tirek çekýäň. Ýalanmy? Halkyň hukugyny goramaly halyňa, özüň baryp il ogrusyna, kanundaky ogra ýapjalyk edýäň. Şonuň haram saçagynyň başyna baryp, aýagyna ýykylyp: «Prezident maňa käýedi» diýip gözýaş dökýäň. «Prezidenti agdarsak, seniň han özüň, soltan özüň bolarsyň» diýip wada berýäň. Ähli bozgakçylygy goldaýan sen...
Ministr dommarylyp oturyşyna, burnuna salyp gepledi.
– Ony ähli ministriňem edýär.
– Sen ähli ministr däl. Sen halkyň aryny-namysyny goraýan adam. Aýt, maňa kimler şolar, aýdyp bilmersiň. Men saňa «kanundaky ogrulary» tutuň diýip näçe aýtdym. Sen olary tutmadan-a geçen, gaýta öz maşynlaryňy şolara ogurladyp ýörsüň. Barybam: «Maňa degmäň» diýip, öňlerinde dyzyňa çökýäň, utançsyz.
Ol täzeden gazaba mündi.
– Sen işden boş!
– Entek garaşyň. Men Moskwa bilen gürleşeýin. Meni siz belläňzok bu wezipä, siz aýrar ýaly.
Döwletbaşy oňa barmagyny çommaltdy:
– Seniň Moskwaňam şol, beýlekiňem. Sen häzir şu ýerden sypyp bilseň, öz «nökerleňe «meni boşadýarlar» diýip arz etjeksiň. Häziriň özünde Moskwa bilen özüm gürleşerin. Şu ýerdenem aeroporta gidersiň. Aeroportdanam Moskwa uçarsyň...
Ministr titreýän barmaklaryny ýygnap bilmän oturyşyna, nämedir bir zatlar samyrdady. Oňa çenli Döwletbaşy SSSR içeri işler ministrini alyp, onuň bilen respublikanyň ýagdaýy barada gürleşip başlady.
– Ýagdaý örän howply. Içeri işler ministri Dubronenkonyň özem şolar bilen gatnaşykda bolup çykdy. Respublikanyň içindäki tertip-düzgüne kontrollyk etmäge güýji ýetmeýäni üçin, mafiýa hem-de kanundaky ogrular bilen gatnaşyk açyp, ynamdan gaçany üçin, biz ony ministrlikden boşatdyk. – Ol trubkany diňledi. – Halkyň hem-de respublikada agzybirligi, asudalygy berkitmegiň borjy şu çözgüdi talap edýär. – Döwletbaşy indi trubkany diňlemek hem islemedi. – Bize gerek däl. Onuň özi «Moskwa giderin» diýýär, hawa, razy. Men ony siziň garamagyňyza iberýärin.
Döwletbaşy başga bir trubkany galdyrdy-da, orunbasarlarynyň birine hem-de döwlet howpsuzlygy komitetiniň başlygynyň orunbasaryna öňki içeri işler ministrini şu günüň özünde, ýanyndan aýrylman, ähli dokumentini düzedip, Moskwa uçurmagy talap etdi...
Ol Moskwasyna-da, Merkezine-de geňeşmän, öňki ministriň ornuna türkmen oglanyny belländen soň, ýüregi birneme ynjalan ýaly boldy.
Birdenem, onuň ýadyna öten agşamky düýşi düşdi.
...Howa juda sowuk. Ol, misli, öz kabinetinde daşarynyň gaýly asmanyny synlap otyr. Gara bulutlaryň labyry baglaryň depesine degip barýar. Älemden gussanyň ysy gelýär.
Duýdansyz ýerden onuň penjiresi kakylýar.
– Aç, penjiräňi! – Ol Ak işan babany tanaýar-da, penjiräni açýar. Ak işan bilen salamlaşýar. Onuň ap-ak, nura çümen geýiminiň şöhlesi kabinetiň gussaly ruhuny uçuryp goýberýär.
Içeri nura çümýär.
– Olar bilen salamlaşdyňmy?
Döwletbaşy gapdalyna garap görýär-de, çaga ýaly begenýär.
– O-ho-o! Sizem geläýdiňizmi?
Agöýli baý, Orazmuhammet baý, Taňryguly baý, Artyk baý, Annanyýaz arçyn, kakasy egin-egne diräp, ýygrylyp otyr. Olaryň ýadyna gülki düşenok.
– Ine, bu seniň ataňdyr. Oňa Annanyýaz arçyn diýerler. Men oňa beletdirin. – Ak işan olaryň gabat garşysyndaky kreslo geçip oturdy. – Bagyryň ilersinden iki düzüm käriz gaýdýandyr Gypjaga, ine, birini ataň gazdyrandyr...
Döwletbaşy baş atdy. Häzir ir wagtrak, segsenden geçen bir ýaşulynyň beren gürrüňi onuň ýadyna düşdi. Ol şonda TKP MK-da instruktordy. Aşgabat-Moskwa otlusy bilen Daşkende bir ýygnaga barýardy. Şonda onuň küpesine Tejenden bir goja münüpdi. Adyna Abdylgany aga diýýän ekenler.
– Bir, ölmänkäm il-günden, ata watandan gözüm, mährim gansyn diýip geldim – diýdi. – Biziň asly oturyşymyz Gypjak – Gökje obalaryndan bolmaly. Ýöne Ystalin soňumyza sogan ekdi-dä. Ilimize, özümize talaň baryny saldy-da...
Döwletbaşy ömründe etmeýän işini etdi:
– Onda siz, agam, meniň atamy tanamaly!
– Kim – ol?
– Atanyýaz arçyn!
– Wä-ä! – Gojanyň ýüregi ýarylan ýaly bolupdy. – Hawa, hawa...
– Sen, sen onuň nämesi?
– Men şonuň agtygy, ogly Atamyradyň ogly.
Ýaşuly galdyrap ýerinden turdy-da, Döwletbaşyny bagryna basdy. – Ine, boldy, ine, boldy, balam!..
Gojanyň gözýaşlarynyň özüniň şyt-şyt edip, agaryp başlan başyna damýandygyny Döwletbaşy duýup durdy.
– Ine, boldy – diýip, goja samyrdady. – Hajym kabul boldy. Hudaýym zyýaratymy kabul etdi. – Ol onuň başyny emaý bilen sypady-da, soň ýerine geçip oturdy. – Men ony tanaýan, bala. Ony öz elim bilen jaýlap bilmedim. Ine, meniň ahmyrym...
Ýaşuly penjireden Tejen topragynyň owadan didaryna mähribanlyk bilen garap oturyşyna, çöňňelen göreçleriniň öňüni syldy.
– Men saňa bir ýagdaýy gürrüň bereýin, bala. Şuny diňle-de, özüň pikir et, heý, men ol adamyň ýagşylygyny unudarynmy?
Ol döwürde orsuň Türkmenistany basyp alyp, Gökdepä gan çaýkan ýyllarynyň yz ýanragydy. Näme diýseňem, entek serhediň-beýlekiň açykdy. Gyzylbaşlar mahal-mahal çozup, mal yzynda gezip ýören bendeleri, aý, garasaý, gabat gelenlerini elini arkasyna baglap alyp gidip durdular. Adamlar orsdanam gözi beter gorkansoň, oňa-da kän bir arka diräp baranokdy. Gyzylbaş hanlaram orsa aýdanyňdan özleri bilen gürleşseň, başgaçarak görýärdiler. Pöwrize-de, onuň eteklerem ol wagt aňrynyňkydy...
Ine, bir gün bir iş bilen, ýok, asyl, dagda birneme dümämiz bardy. Şoňa aýlanmaga giden kakam geler ýerde gelenok. Ejem görgüli oda düşýär. Bir girýär, bir çykýar.
– Ýa orsuň, ýa gyzylbaşyň eline düşendir. Ýogsa gelerdi – diýýär görgüli.
Ejem görgüli şol eňräp ýörşüne, ýedi-sekiz gün geçenden soň, kakamyň gyzylbaşlaryň hany Serwer bege bendi düşendigini eşidipdir. Serwer begem ol wagtlar Pöwrizäniň ilerräginde bir çarbagda mesgen tutan eken...
Ejem görgüli meni ýanyna alyp, Serwer begiň idegine çykdy. Menem ol wagt, bolsam, ýedi-sekiz ýaşlarymda, hem gorkýan, hem onuň ýaly howply ýere gidenimden, galyp deň-duş çagalar bilen aşyk oýnanymy gowy görýän.
Onda-da ejem meni özi bilen alyp gitdi. Daňdanky gidişimize, gyzar ikindi Serwer begiň düşelgesine bardyk.
Ine, ýüzüni-gözüni çöpür basan, başy ala ýaglyk bilen daňlan, gözleriniň alasy içiňden geçip barýan äpet pyýada...
Ejem ikimizi onuň ýanyna alyp bardylar. Ol ullakan tabagy gaýnadylan, süňkli-süňkli etden tümmekläp, nahar edinip oturan eken. Ejem onuň gaşyna geçdi. Görgüli ýaşynyp otyr.
– Näme diýip geldiň? – diýip, Serwer beg elindäki ullakan omaçany kersene taşlap goýberdi-de sorady. Ejem meniň gulagyma pyşyrdady:
– Sen oňa diýenlerimi ýetir, oglum!
Ol maňa aýdýar, menem bege!
– Han aga, ine, şu oglanyň kakasy, adamym size ýesir düşüpdir. Ol öýümiň diregi, bilimiziň söýesi. Şo diýip geldik...
Ol sözleri aýtmak maňa kyn düşýärdi. Köp söze dilimem öwrenişenokdy. Onda-da ejemiň aýdanlaryly bege gaýtalaýardym.
Beg oýa batdy.
– Sen, arwat, menden äriňi sorama. Men onuň ganyny gotura derman etjek. Ol özi ýaly eşek ogrular bilen obama çozup, ogul olja, gyz ýesir edip alyp barýarka ele saldyk. Ol ganhoryň damagyny çalyp, itlere bersemem, içim sowamaz...
Serwer begiň ala gözleri ganguýma bolup ugrady. Ol serbazlarynyň birini uly gykylyk bilen çagyrdy:
– Ýok ediň o ganjygy, güjügi bilen...
Serbazlar ejem ikimizi naýzasynyň tersi bilen ura-ura çarbagdan çykardylar. Ýöne ejemiň oba gaýdasy gelenokdy. Ol serbazlar südenekledip, itenekläp goýberende ýykylan ýerinde eňräp otyrdy. Ol şeýle bir gamgyn, gussaly, dady-perýat bilen eňreýärdi welin, ynsyň-jynsyň jany agyrjakdy. Men bolsa onuň gujagynda surnugyp galypdyryn.
Oýansam, daň atyp gidipdir. Ejem şol öňküje ýerinde eňräp otyrdy. Begiň serbazlary atlaryny eýerläp başladylar. Özlerem birden gozgalaňa düşüp, sürrenekleşip ördüler. Aňyrdan juda owadan gyr ata atlanyp Serwer beg gelýärdi.
Ol ejeme ýigrenç bilen garasa-da, ynsançylyk tüýi ony sähelçejigem bolsa, gozgalaňa saldy öýdýän. Çünki ejemiň bolup oturyşyny gören ynsan-a däl, iň ýyrtyjy haýwanyňam nebsi agyrjakdy. Onuň alyn saçy çözlenip ýüzüne ýaýylypdy. Agy-per- ýatdan ýaňa çişip, kemşerip giden ýüzüne uran çaň-kirşen ony juda naçar görkezýärdi.
– Sen, gyrnak... – diýip, Serwer beg, öňem gedem tumşugyny göge dikdi. – Äriň bahasy Atanyýaz arçynyň Gyrbedewi. Türkmenleriň gaýraty bolsa gelibersin. Şol aty getirmeseler, meniň şertim şertdir. Äriň ganyny gotura derman ederin, ýogsa...
Ol başga söz diýmedi-de, aýagynyň astynda uçsam-uçsam diýip, jylawyny çeýnäp duran atyny depgiledi.
Ejemiň bili üzülen ýaly boldy. Biz öýe gijäniň bir wagty aşdyk. Bizem alty sany çür-çülpe çaga. Ol çagalaryny daşyna üýşüribem bir eňredi. Herne, oba-goňşular geldiler-de, ony köşeşdirdiler.
Ejem hanyň talabyny aýdandan, il-günüň demi içine gidäýdi. Çünki Gyrbedew diňe bir Gypjak obasynyň däl, tutuş Aşgabat gapdalynyň toýunyň ýaraşygydy. Onuň deňine ýetjek at ýokdy.
Ertir turduk. Ejem meni ýanyna çagyrdy-da, başymy sypady.
– Köşegim, bar, arçyn aga ýagdaýy aýt. «Ejem ikimiz Serwer begiň ýanyna gitdik diý... – Beg hem... – Ol ýuwdundy – Nähili diliň aýlanýa, haram kellekeser. – Ejem gözýaşyny ýuwutdy. – «Gyrbedewi getirseňiz, kakaňyzy bererin. Ýogsa, ganyny gotura derman ederin» diýdi diý.
Ejem ýene aglady.
– Ol aty duşmana dözmejeginem bilýän, ol at tutuş iliň atydyr. Ony eger-eger elden çykaryp bolmaz. Ýöne, ýagdaýy bir bilsin-dä...
Men juda çekinsemem, gitdim. Barsam, Arçyn aga çagajyklaryny daşyna üýşürip, ertir çaýyny içip oturan eken.
– Gel, köşek – diýip, meni ýanyna geçirdi. Bir käse çaý, çörek uzatdy. – Kakaňdan derek boldumy? – diýip sorady.
Men ilki «ýok» diýdim. Soňam... ejemiň sargan sözlerini aýtdym.
Arçyn aga azajyk oýa batdy-da, töwir galdyrdy. Soň maňa «ýör» diýdi.
Gyrbedew eýesini görüp, gyz näzi bilen oýun etdi. Ýer peşedi. Arçyn aga onuň ýüzüne-de garaman, baryp bedewiň bagyny gazykdan çözdi.
– Me, köşegim, al-da gidiber...
Bu ýagdaýa men ol wagtlar-a däl, häzirem haýranlar galyp ýörün. Beýle mertligi adam ogly hiç haçan edip bilmez, ýok, edip bilmez.
Aty görüp, ejemiň bir bozlaýşyny diýsene. Ol tä Serwer begiň çarbagyna barýança ata meni mündürmäge-de dözmed-ä. Ýolda-da ata ýalbara-ýalbara, ötünç soraýa-soraýa gitdi.
– Toýlary sowan, Gyrbedew, ýalyňy ýazlara ýelpetdim. Ýazlary sowan, Gyrbedew, ýalyňy gyşlara ýelpetdim. Ýüzümiň nurudyň, Gyrbedew, namarda berdim jylawyň. Başymyň täjidiň, Gyrbedew, küllere köýdürdim didaryňy. Ylahym, men guraýyn, öt günämi!
Gara gözli balalarymyň haky üçin, köýüp gitjek namysymyň haky üçin, düwme-düwme bolup döküljek gyrmyzy ganlaryň haky üçin, meniň günämi öt, Gyrbedewim!
Oglumyň toýunda çapjakdym seni, indi çapabilmerin! Ýagşy günlerimde tapjakdym seni, inditapabilmerin. Üstüňe mahmallar ýapjakdym, indi ýapa bilmerin! Janym diýip ýalyňdan öpjekdim, indi öpe bilmerin. Nowbahar oglumyň gelni getirilende, çapyp-çapyp buşlap gelseň, alnyňdan öpjekdim, Gyrbedew. Indi seni nireden taparyn. Ýagyma beren ellem gurasyn. Ýagyma ýalbaran dillem gurasyn. Seniň jylawyňdan tutup, ýaga depip barýan günlem gurasyn, Gyrbedew, ylahym, men guraýyn, öt günämi, Gyrbedew!.. Öt günämi-i!..
Ejem şo-ol eňredi gitdi oturdy, eňredi gitdi oturdy. Gijöýlänler Serwer begiň düşelgesine bardyk.
– Wä-ä! – diýip, Serwer beg, aýagyna köwşünem geýmän, tasanjyrap daşary çykdy. Ol gözlerine ynanmady. – Çoh, bedew, çoh bedew, aperin! – diýip bökjekleýärdi.
Ine, şeýdip, il-günümiň namysy bolup duran Gyrbedewi berip goýberen seniň ataň Atanyýaz arçyndy, ogul!
Kakam gaýdyp gelenden soň enesi sözenek degip ölen bir baýtalyň kiçijik, saýgagyň çebşegi ýaly igli taýyny satyn aldy-da, Arçyn aga eltip berdi.
– Arçyn aga, men janymy çykaranymda-da, agramyna agram pul berenimde-de, indi Gyrbedewiň ornuny tutjak at getirip bilmejegime düşünýän, ýöne, nädeýin, munam gazygyň boş durmasyn diýip getirdim – diýdi.
Atanyýaz arçyn kakama göwünlik berdi:
– Aýby ýok, agam, maň-a çagajyklaryň arasyna sag-aman dolanyp geleniň düne malyna deň – diýdi. – Soň ol gunança baş atdy. – Hawa, Gyrbedew tutuş Aşgabat iliniň atydy. Hudaý jan bizlik bolsa, bu taýyň külli Kesearkajyň aty bolar...
Ol adamyň dilinde perişde oturan ýalydy. Tüweleme, soňky Gyrbedew külli Kesearkajy baglan at boldy...
Ine, şondan ep-esli wagtdan rewolýusiýa diýdi, soň baý-kulak diýdi, entedip başladylar ol görgülini...
Ýaşuly birden dymdy.
– Arkasyna ýekeje keçäni daňyp, baryp Daşkent iline sürgün etdiler görgülini. «Sen öň arçyn bolupsyň» diýip. Şol ýerde-de atanlaryny eşitdik. Bizi ondan öňräk sürüpdiler. «Hiç bolmanda, jesedini bir kapyryň elinden alyp bolsa» diýip, kän pelesaň kakdyk. Emma, baş alyp çykyp bilmedik...
Ýaşuly Döwletbaşynyň ýüzüne hem gussaly, hem-de minnetdarlyk bilen garady.
– Yzynyň eýesi sen bolsa, onuň iki dünýesi abatdyr. Mazaly, seni gördüm. Habarymy aýtdym. Indi ölsemem, armanym ýok...
Abdylgany aga şondan soň Daşkende çenli sesini çykarman, iýmän-içmän, içini hümledip gýdipdi. Baryp düşenlerinden soň adresinem beripdi. Ýöne iş-alada bilen bary unudylypdy.
Ol atasyny görüp, şol gürrüň ýadyna düşdi.
...Annanyýaz arçyn bu gürrüňi, soň agtygynyň hakydasyny diňledi-de, öz atasynyň ýüzüne garady.
– Atam, rugsatmydyr? – Taňryguly baý baş atdy. – Soň ol Döwletbaşa gobsundy. – Bala, sen ahmal galma. Sen iliňe ynansaň ynan. Ýöne bir zady aýdaýyn: Bir käýişinde türkmenler: «Haýt, itiň süýdüni emenler» diýýändir. Siz ýetmiş ýyllap şeýleräk bir del hüwdi bilen hüwdülenensiňiz. Ol hüwdi itiň süýdüne barabardyr. Ol hüwdi şeýtanyň hüwdüsidir. Halky azdyrmak üçin aýdylan hüwdüdir. Ony eşiden halk dogan dogana, ogul ata, gyz enä ganym bolýandyr. Seniň halkyň içinde musurmany bende-de kändir welin, şeýtanyň hüwdüsinden gulagy gangynlaram az däldir. Ine, şolar barka, sen gapyl ýatma. Özüň-ä owarram, saňa ynam eden iliňi ot-ýalna berersiň...
– Özem owarram däldir. Ony beýik Taňry iliniň almaz täji edendir!
– Omyn!
– Omyn!..
...Ol daňdan sagat üçde oýandy. Şondan soň gözüne uky gelmedi...
Döwletbaşy özüne ertir berlen «maglumaty» beýlä goýdy-da, trubkany göterdi.
– Bardyňmy, ýeriňe. – Gaty gowy. – Gaýrat et. Halkyň ogly bol. Şu ili, respublikany halal ýola salmakda, agzybirligi saklamakda şirin janyňy berip işle. Maňa seniň başga hormatyň derkar däl. Eýýäm, ertirden respublikanyň ýagdaýy asudalaşsyn... Maňa irden respublikanyň ýüzüni görkezýän hakyky «Maglumat» beriň. Ýeriňde öňki oturanam: «Men-ä gidýän, sizem oda berip gideýin-le» edäýmesin. Göwnüne-de degmäň, göwnümize-de degmesin. Düşündiňmi?!
Ol döwlet howpsuzlygy komitetiniň başlygynyň telefonyny galdyrdy.
– Halkdan gelýän maglumatlarda respublikada ýaşar ýaly däl diýýärler. Sizem ol ýerde «Moskwada ýagdaý gaty erbet. Moskwa bilen deňeşdireniňde biz kän gow-a...» diýen bolup otyrsyňyz. Aşgabatda, onuň gyrak-çetlerinde döwleti agdarmak barada dildüwşük duşuşyklary guralýar. Siz meniň nämäme gerek eger respublikany opurmak baradaky şol gürrüňleriň ojagyny öçürmejek bolsaňyz... Men, ýoldaş general, beýle boljak bolsa, seniň bilenem uzak işlärin öýdemok. Hut ertiriň özün- de tertip-düzgün üýtgemese, men seniňem, prokuroryňam meseläňizi goýaryn. Maňa siziň iki sany oglanyň yzyna düşüp, «Agzybirligiň» oglanlary eýtdi beýtdi» diýeniňiz gerek däl. Respublikanyň ruhuny sagdyn saklap bilmejek bolsaňyz, men siziň ýeriňize işlejek arassa oglanlary taparyn...
Ol trubkany gahar bilen ýerinde goýdy.
«Köneürgenç maslahaty» bir sag-aman geçsedi. Nesip bolsa, Konstitusiýanyň taslamasy erbet bolmandyr, şony bir adamlara «bolýa-bolýa» diýdirsem... Ol erkin, garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolar. Ol gowy günleriň Konstitusiýasy bolar...»
Döwletbaşy Daşhowuz oblastyna, soň Mejlise jaň etdi-de, gaýtmak üçin taýýarlyk görmegi kömekçisine tabşyrdy. Öz ýany bilen bir desse bolup duran haty hem-de täze Konstitusiýanyň taslamasyny aldy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: