12:53
Döwletbaşy -13/ romanyñ dowamy
10.

Bike adamsynyň henizem gelmän durşuna häzir bir ölüp bilenokdy. Ol stol çyrasynyň ýagtysyna ertirki leksiýasyna taýýarlanyp oturyşyna, ýene-de şol aýgydyna gelenini duýman galýardy.
« – Jähenneme gitsin-le, ony är diýip öýde saklap, onuň söýgüsi bolmasa, höziri bolmasa, aglanyňda diňdirmese, mähir küýsäp otyrkaň ärlik etmese, onuň kirini ýuwup, naharyny bişirip, näme, men onuň hyzmatkärimi, jähennem bolsun! Men şoňa sataşanymdan bäri, hudaýyň maňa bagyşlan halal miwesinem diläp almaly. Ol-a asylly, uýatly, menem şol diýip ölüp baran bolmaly...
Bike ýanmazça däldi. Häzir onuň zenan duýgularynyň çeşmesiniň göz açyp, balynyň goýalan çagydy. Bu dünede onuň ne aladasy, ne gamy bardy. Iýse öňünde, iýmese-de gapdalynda, gözüniň alnyndady. Oňa ýetmeýän ýekeje zat, olam erkek mähridi.
Aýlynyň daýaw, owadan boýundan, gelşikli ýüzünden oňa peýda ýokdy. Ol heniz oglanjykdy. Naharam onuň öňüne goýup, «al, iý» diýmelidi. Sözem onuň agzyndan çekip almalydy. Eşigem oňa özüňsatyn alyp geýindirmelidi. Üstesine, düşege-de «gel, geç, bile ýataly» diýip geçirmelidi. Ýogsa, «Bikäm, men hor çekip, saňa azar bererin» diýip, müň bahana tapyp, diwana geçip, düňderilip ýatýardy. Bile ýataýanlarynda-da, Bike ondan hözir görüp, heziller eden ýeri ýokdy.
– Maňa geregi ýok şonuň. Ertiriň özünde ejemiň ýanyna baryp, bellisini edeýin. Boýnuma gandal edip dakdy. Indiözem äkitsin, gowy görse, öz boýnundan assyn...
Onuň ganyny gyzdyran zat diňe ärem däldi. Şu gün leksiýasynda eşiden sözlerem onuň ýüregine syganokdy. Şol gazaby Aýlynyň eglenmegine bolan gahary bilen birleşip, onuň bokurdagynda düwlüp durdy. Ol ne aňry gidýärdi, ne bäri gelýärdi. Ýüregi bolsa Howlap, gursagyna sygmajak bolýardy.
– Şol hapa işlerde seniňem eliň bardyr, ýer çeken. «Bor, Bikäm, indi goşulmaryn» diýen bolup, haý, seni bir ýer çeksin...
Onuň göz öňünde ýene-de auditoriýa dikeldi. Şol öňki janyny ýakan student indi yzky hatarlaryň birinde agzy nasly otyrdy.
– Salam, oglanlar!
– Salýam! – diýip, hälki studentiň sesi aýratyn bir owaz bilen belent ýaňlandy. Tutuş auditoriýa bolsa bu söze ot alan ýaly bolup gülüp başlady. Ol studentiň azaryna-da däldi. Gaýta «Güzdüzmäň-ow, nasymy ýuwutdyzýaňyz» diýip, göwnübir ýaly gürledi. Soňam elini galdyryp. – Mugazzym, usgat bezsene, nasymy döküp gezeýin-ze – diýip goýberdi. Auditoriýa rugsat berilmese-de, hekgerip çykyp barýan ýigide ha-ha-haýlap gülüp başlady.
– Hany, studentler, oturyň!
Ol žurnaldan studentleriň gatnaşygyny barlap otyrka, hälki ýigit ýene içeri girdi.
– Mugallym, eşitdiňizm-äý. Basym Aşgabada çozjakmyşlar-a?!.
Bike sesini çykarmady. Ýöne ini tikenekläp gitdi.
– Düýn biziň obşežitimize bäş sany adam geldi. «Taýýar boluň duruň, aýyň 13-ne hemme adam şäheriň merkezine çykmaly. Eger kim çykman galaýsa, onda gaty görmesin» diýdiler.
Bike ol studente beýle bir gahary gelmese-de, ýüzüni sallan boldy.
– Hany, biderek gürrüň etmäň-de, geçiň ýeriňize!
– Ýok, mugallym, dogry aýdýar ol!
– Bize-de geldiler.
– Işigimize listowka-da ýelmäpdirler.
– Hawa, mugallym – diýip, penjire tarapda edeplije oturýan gyzam ýaňagyny nar ýaly edip aýtdy. – Biz-ä gorkýas. Gidere-de ýerimiz ýok.
Bike gözlerini tegeledi.
– Rektoryňyza, dekanlaryňyza aýtsaňyz bolmadymy?
– Gorkýas, mugallym. Bir oglan olara: «Hany, öz işiňiz bilen boluň!» diýipdir. Olar bolsa onuň ýüzüni lezwi bilen kesipdirler. Soň...
– Gaçypdyrlarmy?
– Ýok, ýüzi kesilen oglan gaçyp sypypdyr. Bolmasa, ony öldürjek ekenler.
Oglanlaryň biri listowkany mugallymyna getirip berdi. «Hormatly türkmen!» diýip başlanýan, maşinka bilen däl-de, tipografik usulda ýazylyp köpeldilen hatda «Aryň-namysyň bolsa, 13-ne şäheriň merkezine, halk göreşine çyk! Ol gün musurmanlaryň otparazlary ýeňen günüdir. Nesip bolsa, bizem şol gün öz orsparaz, kommunist duşmanlarymyzy ýeňeris!..» diýlip ýazylypdyr.
Bikäniň gözi kagyzda känbir eglenmese-de, onuň alan zatlary aýylgançdy. Bu kagyzy ýazanlaryň matlaby halky bölmeg-ä beýlede dursun, respublika gan çaýkamakdanam beterräkdi.
Ol bu gün ýagşy umytlar bilen auditoriýa giripdi. Dünýäniň «üçünji ýurt» adyny alan garyp, yzagalak döwletlerini baý, kuwwatly döwlete öwürmegiň tejribesini gürrüň berjekdi. Ol özüniň kandidatlyk işiniň özeni bolan pikirleri, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Müsür arap respublikasynyň mysalynda studentlere açyp berjekdi.
Ol häzir daşyna çykarmasa-da, bir zada berk ynanýardy. Şu dawalardan, goh-galmagallardan çen tutanyňda M.S.Gorbaçýow özüne urulýan urgulara tap bermän, ýakyn wagtlarda SSSR-i dargadaýmalydy. Häzir Gorbaçýow hem, SSSR Ýokary Soweti hem, Ýokary Sowetiň deputatlaram bu çözgüde taýýardy. Çünki, SSSR häzir moral taýdan dargapdy. Pribaltika respublikalary SSSR-den bölünip aýrylypdy. Ermenistan, Gruziýa, Azerbaýjan özleriniň SSSR-den çykmakçydygyny yglan edipdiler. Ukrainanyň Ýokary Sowetdäki deputatlary hem SSSR-den aýrylmagyň gürrüňini edýärdiler.
Indi SSSR-iň sostawynda diňe Orta Aziýa respublikalary we Gazagystan eginlerini gysyp durdy. Bulardan hem «SSSR-i çökermese, ýekeje jinnekligem goldawyň ýoklugyna» deputatlaryň köpüsi ýüregi bilen ynanýardy.
Şu günler bir wagtlar SSSR-iň çäklerinden kowlan, Nobel baýragynyň laureaty Solženisynyň: «Orta Aziýanyň respublikalary öňem, soňam Russiýanyň boýnuna agyr hamut bolup, ony tozdurara getirdi. Indi şol agyr hamudy zyňyp taşlamaga wagty geldi...» diýen ýaly bir pikirini Moskwa baýdak edip göterýärdi. Munuň üstesine, Moskwadaky şol goja professoryň «aýlaw, at» baradaky pikirem dogry çykyp barýardy.
Döwleti dolandyrmak ykdysadyýete garaşsyz alnyp barylýardy. Döwlet aýlaw bolup, ykdysadyýet şonda çapmaly at bolsa, aýlawbir ýerde, at bir ýerde galypdy. Tozgun, başyna giden döwleti indi öňki katdyna getirmek mümkin däldi. Ony indi Orta Aziýa respublikalaryndan beýlekileri islänokdam.
Ýakynda Gazagystan SSR-niň Prezidenti Nazarbaýew hem SSSR-i dargatmak baradaky inisiatiwa bilen merkezi telewideniýä beren interwýusynda çykyş edipdi.
Ine, şularyň ählisinden çen tutanyňda, Bike, öz ýanyndan SSSR-iň bu gün bolmasa-da, kän bir uzaga gitmän synjagyna ynanýardy. Şondan soň ähli respublika özbaşdak döwlet bolup biljekdi. Eger, nesip çekip, Türkmenistan özbaşdak döwlet bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň, juda bolmasa, Türkie ýa-da Müsür Arap Respublikasynyň tejribesini öz durmuşyna ornaşdyryp biljekdi.
Ykdysady potensialyny alanda bolsa, Bike Türkmenistany deňeşdirere ýurt tapanokdy. Käbir adam «Türkmenistanyň gazy bar» diýýärdi. Ýöne, Bikäniň çeni boýunça, Türkmenistan nebitini, gazyny ykdysady dolanyşygynyň esasy edip almanda-da, Garabogazsulfatyň himiýa çig maly ýa-da Gyzylgaýanyň altyny, kömri, Lebabyň ýüpegi, Marynyň ýüpek pagtasy bilenem üç ýarym million adamy gül ýaly eklär ýaly edip boljakdy.
Garagum kanalynyň bol suwy, Meşedi-Müsriýanyň Niliň boýundakydan hem on esse ýaramly bir million bir ýüz altmyş müň gektara ýetýän topragy barka, türkmen halky gahatçylyk ýüzüni görmeli däldi.
Ol bir gün Türkmenistanyň daşary ýurda ýa-da dünýä bazaryna çykaryp biläýjek önümlerini iş edip, EWH-e salyp hasaplady. Şol önümleriň sany baryp segsen görnüşe ýetýärdi. Segsen görnüşe! Beýleki «men» diýen ýurtlarda bolsa, ol zordan ellä ýetýärdi.
«Iň bolmanynda, biz diňe gazymyz, nebitimiz bilenem halkymyzy azyndan ýüz ýyl jennetde ýaşadyp bilýäs ahyryn. Gor- kara hiç zat ýok...»
Hemme kişi Bike ýaly pikir edenokdy. Ylaýta-da SSSR döwründe ýumşajyk kürsä çümüp, uly-uly wezipeleriň süýji hözirini göre-göre, indi eti ýumşap, bilinden aşagy ýagşy agralan adamlar üçin SSSR-iň dargamagy juda garaňky, zulum bolup görünýän ýalydy.
Bike ýene bir zada ynanýardy. Döwleti häzirki dolandyrýan adamlar bilen Türkmenistan özbaşdak döwlet bolaýanda-da, ony ösen döwletleriň derejesine götermek aňsat bolmaly däldi.
Ol Döwletbaşynyň serdar bolmagyny isleýärdi. Ýöne onuň başga bir islegem bardy. Döwletbaşa aýagyna duşak bolýan däl-de, onuň egninden göterýän egindeşler, pikirdeşler bolmalydy.
Ine, şu auditoriýany dolduryp oturan gül ýalyjak oglanlar, gyzlar ertirki gün Döwletbaşynyň derdine ýarap biljekdi. Ýöne, olary şol beýik işe galkyndyrmalydy. Olaryň ruhlaryny, ynançlaryny köp azaplar bilen kem-kemden şol beýik maksada taplamalydy.
Ol şu gün auditoriýa şeýle päkize ynanç bilen giripdi. Emma...
Ol elindäki kagyzy žurnalyň arasyna saldy.
– «It üýrer, kerwen geçer» diýipdirler, siz olar ýaly betpällere başyňyzam galdyrmaň – diýip, ol içki tolgunmasyny duýdurmajak bolup çytraşdy. Emma studentler, ylaýta-da gyzlar jibrinip başladylar.
Mugallym, geçen gurbanlykda üç sany gyzy ogurlap alyp gidipdirler. Biziň goňşymyzyň gyzy biri, henizem tapanoklar. Maşyna münenlerini görüp galypdyrlar. Indi biz-ä köçä çykmaga-da gorkýas – diýip, ikinji hatarda oturan başy tahýaly gyz aglaýjak-aglaýjak bolup aýtdy. – Düýn ýene-de iki sany gyzy zorlap alyp gidipdirler...
– Umumy ýaşaýyş jaýymyz-a orramsynyň oýnagyna döndi.
Ogurlyk, gyz zorlama, uruş, her gije gelip külümizi çykaryp gidýärler – diýip, garaýagyz oglan aýtdy. – Hökümet nirä seredýär?!
– Hökümet barm-aý – diýip, hälki nasyny döküp gelen ýigit janygan boldy. – Hökümet bolýan bolsa, häzir adamlaryň bir müň sanysynyň maşyny ogurlanmazdy. Respublika boýunça bir müň maşyn ogurlanypdyr. Milisä barsaňam: «Bar, «wor zakon» «Ýenjigiň» ýanyna. Şol tapaýmasa, biziň güýjümiz ýetenok» diýýärmiş. Meniň öz agama şeý diýipdirler-ow.
– Aý, indi miliseleň özem ogurlaýarmyş-ow.
– Aý, ol hiç-läý, indi miliseleriň özleriniň iki sany maşynyny ogurlapdyrlar-a. Olaram «Ýenjige» baryp ýalbaryp durmuşlar-ow.
– Ony diýseň, otuzynjy mikroraýondaky harby bölümiň skladyndan ýüz awtomat, üç ýaşigem ok ogurlanypdyr...
Bike olary köşeşdirjek boldy. Emma gürrüň barha örç alýardy. Hälki nas atan ýigit has ekabyrsyrady.
– Sen, mugallym, bir zat diýsek, ýene gaharyň gelýär. Häzir mafiýa, spekulýantlar, «wor zakon», topar-topar şaýkalar dükanlaryň, skladlaryň harydyna-da, iň bärkisi, banklaryň puluna çenli kontrollyk edýär. Respublikada ne tertip bar, ne düzgün. Muňa seretmeli miliseleriň-ä özleri jenaýat edýär. Şuňa seretmeli Prezident. Olam on sekiz ýaşly gyza öýlenip, Pöwrizede hezil edip ýatyrmyşyn... Onsoň nädip köçä çykmajak. Beýle Prezident bize nämä gerek?
Bike gorkdy. Başga bir student bolsa ondanam beterrägini aýdyp goýberdi:
– Ow, mafiýanyň başlygam Karun aga diýen adam, «wor zakonam» Prezidentiň öz adamsymyşyn. Şol Karun agany tutjak bolanlarynda, «Men Prezidente milliard manat berdim...» diýipdir. Prezidentem: «Şol ikisine degmäň» diýipdir. Indi milisionerleriň özi şolary görse, çestberip durmuşyn-a...
Bike ýerinden turdy.
– Bu heleý gürrüňlerini size kim aýdýar ahyryn. – Ol ýalan gepe-de baş goşdy. – Meniň adamym Prezidentiň ýanynda işleýär. Ol «pylan hili gyza öýlenipdir» diýen gürrüňem, ol mafiýadan, «wor zakondan» para alypdyr diýen gürrüňem töhmet...
Agzyna nas alan student ýeň bermedi.
– Aý, mugallym, sen nireden bilýäň onuň para alyp, almanyny? Ol para alsa, adama görkezjekmi? Ýa «men pylan hili gyza öýlendim» diýjekmi? Ol ýaman hilegär adammyşyn-a...
Bikäniň gahary geldi:
– Ýok, size şu gürrüňleri kim aýdýar?
– Aý, bize-de aýdýalar-da. Halk aýdýa. «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýipdirler. Düýbünde bir zat bardyr.
– Ýok, bolup bilmez!
– Bolup ýören zat ol!
Auditoriýa köşeşer ýaly däldi. Ikinji sagadam ol sapak geçip bilmedi. Studentleriň kalbyna nähilidir bir ynamsyzlygyň, gorky bilen howsalanyň guýlandygyny ol kynçylyksyz duýdy. Munuň özi gowulygyň alamaty däldi.
«Gör, olaryň tutmaly ýerini bilişlerini, Şaýatsyz töhmetler bilen ýaş ýigitleriň aňyny zäherleýärler. Şeýle zäher bilen ýaşka kesellän kalby hiç haçanam päkizeläp bolmaz...»
Bike-de «hawa, siziňki dogry» diýip oturmady.
– Studentler, siz bolgusyz geplere baş galdyryp ýörmäň, bolýarmy, Prezident bilen duşuşdyňyz-a. Onuň halkdan, ýaşlardan özge maksadam, ýüregem ýok.
– Ol pakazuha-laý – diýip, kimdir biri yzdan gygyrdy. Göz baglajak bolýar?
– Aldaýar, aldaýar, halka ol-bu wadany berip, aldaýar.
– Goýsan-aý, ol aldaýandyryn öýdýär. Il bilýär-ä onuň kimdigini.
– Aý, ol indi kaput-laý. «Ýenjik» bilen Karun aga-da ýeterlik oňa...
Bike sapagyň ahyrynda ahyry ýaryldy.
– Utanjyňyz ýok siziň. Binamys siz. Prezident watanyň namysy-ary. Siz şol namys-ary goramadan geçen, oňa töhmet atýaňyz. Prezidentden başga gürrüň gutardymy? Siz eger: «Uýaňyz binamyslyk edip ýör» diýselerem, «hawa» diýjek adamlar, ony haram dilden goramaga derek. Prezidentiň abraýy uýaňyzyň, ejeňiziň namysyndanam päk saklanmalydyr. Çünki ol watanyň abraýy! Watanyňy satdygyň, Prezidentiňi satdygyň. Siz şol hapa gepleri aýdanyň dişini kül edip, agzyny gan ýalan ganjyga döndermän, gaýta, loly heleý ýaly, gybat edýäňiz. – Ol agzy nasla gyňyr nazar bilen garady. – Sen, oglan, seniň başyňda bir päl bardyr «köçä çykjak, gan dökjek» diýýäň welin. Howlukma, öz başyňy özüň iýersiň hudaýyň ýerdäki eminine dil ýetirseň. PrezidentTaňrynyň ýerdäki wekili. Utançsyz, nejis, agzyňa bir gysym nas guýup, indi sen ile beýemçilik edýäň. Men seni dogran heleýi bir görsedim, ýüzüne tüýkürerdim. Seniň ýaly binamys, ejem ogly dograny üçin...
Auditoriýa doňup galdy. Bike gaharyna žurnalam taşlap, çykyp gaýtdy...
Ol rektoryň ýanyna baranda-da, ondan soň taksi tutup, içeri işler ministriniň ýanyna gelende-de köşeşip bilmedi.
Rektor ony köşeşdirjek bolupdy.
– Bike Annaýewna, özümizem student wagtymyz şeýledig-ä. Olaryň ýüreginde ýamanlyk ýokdur. Olar ýalta, sapak diňläsleri gelenok. Gaharyňyzyň gelýänini bilibem öjügýändirler. – Rektor ony birneme köşeşdirdim hasap edenden soň, minnetdarlyk bildirdi. – Hökman berkideris düzgüni. Özümem agşam barjak obşežitlere...
Ministr ony gyňyr kabul etdi.
– Respublika adaty düzgün bilen ýaşaýar. Daş-töweregiň ot-ýalynka, dagy saňahüwdi aýtsynlarmy? Beýleki respublikalardaky galagoply ýagdaýlar olara-da täsir edýär, olar näzik, duýgur halk. Azerbaýjan, Ermenistan, Özbegistan, Täjigistan respublikalary. Türkmenistanam SSSR-iň bir bölegi. Onsoň beýle ýagdaýlary görersiňiz. Ýöne panika gerek däl. Siz mugallym bolup özüňizi saklaňzog-a, studentlerden nämäni gaty görýärsiňiz.
– Listowka näme? Olar listowka ýaýradar ýaly, «köçä çykyň» diýip erkin, gypynçsyz propaganda eder ýaly, döwlet eýesiz däl- ä. Siz...
Ministr ony perwaýsyz diňläp oturyşyna sagadyna seretdi.
– Bagyşlaň, siz bäş minut çykyp, kabulhanada oturyň. Men Moskwa bilen gürleşmeli – diýdi. Soň bolsa Bikäni kabulam etmedi. Bir maýor gelip, ony masgaralaýjy bir görnüşde ministrligiň jaýyndan çykaryp goýberdi...
Ol studentleriň eden biri-birinden elhenç gürrüňlerindenem, rektoryň syrlyja köşeşdirmesindenem beter, ministriň «saňa ilden köp zat gerekmi?» diýen ýaly, äsgermezçilik bilen, sapaýyçylyksyz kowup goýbermesini gaty görýärdi. Iliň içindäki gözden çykgynçylyklara, bitertipliklere ilki bilen bagry awamaly adamyň şeýle biparhlygy ony otdan alyp-suwa oklady.
Birdenem Aýlynyň: «Miliseleň ministriniň özem şolaryň arasynd-a» diýmeginiň manysyna indi düşünip galdy.
«Bular ähli bidüzgünçiligi ellerine alyp, şony özleri guraýan bolsalaram ahmal. Ýogsa, ol adam meni beýle sowuk garşylamaly däl-ä. Beýle bolsa Prezidente-de respublikanyň ýagdaýy gülala-güllük edilip görkezilýändir. Ol adam halkyň düşen ýagdaýyndan düýpden habarsyz bolsa-da ahmal».
Ol stoluň başyndan turdy-da, telewizory açdy. «Habarlar» bireýýäm geçipdi. Haýsydyr bir türkmençä geçirilen kinonyň parçalary görkezilýärdi. Ol telewizory ýapdy.
«Näme etmeli? Men Prezidentiň özi bilen duşuşaýsam näderkä?»
Onuň zenan ýüregi duýdansyz ýerden atygsap böküp başlady. Bedeninde üýtgeşik süýjülik bilen at çapýan gany argyn bedenine güýç guýup ugrady. Onuň başyna süýjüden-süýji pikirler dökülip ugrady.
«Häzir Aýly gelse, «Ertir seniň ýanyňa barjak» diýeýin. «Maňa propusk zakaz et» diýeýin. Belki, şol ýerde-de Prezidenti görerin. Ýa-da oňa hat ýazmaly. Hawa, hökman hat ýazmaly...»
Ol birden düýrükdi. Aýlynyň öz döwletiniň, halkyň Prezidentlige saýlan söwer oglunyň kastyna çykanlara goşulyp ýöreni ýadyna düşende, onuň gonjuna gor otlar guýlan ýaly boldy.
«Haram, nejis, sen, binamyslyk edip, maňa «bor, bor, Bikäm» diýen bolup, şol haram gotur daýyňy görseňem, «bor, bor, daýy» diýip, heleýçe-de ýok halyňa, indi maňa är bolmarsyň. Seniň özüňe är gerek, ýer çeken...»
Ol gahar bilen stoluň başyna geçdi. Ak kagyza owadan harplar bilen:
«Mähriban Prezidentimiz!» – diýip ýazdy-da, soň oýlanyp oturman, elindäki ruçkanyň jylawyny goýberdi.
...Aýly henizem gelenokdy, sagat bolsa üçden işleýärdi. Ol ärinden hasabat soramakçydy. Hiç bolmanda, onuň nirelerde bolanyny bir bilip galmakçydy. Aýlynyň gelmezligi onuň öňki derdiniň üstüne dert goýan ýaly boldy.
Bike ýadaw gözlerini üçünji sapar göçürip ýazan hatyna ýene bir sapar aýlady-da, ýerine geçdi.
Ol oýanan badyna, Aýlynyň ýatýan diwanyna seretdi. Aýly ýokdy. Işige ylgady. Işik içinden gulplanandy. Onuň endamy dyglap gitdi. Ylgap barşyna, sagada garady. Sagat onuň ýary bolupdy. Ol telefona ýapyşdy. Aýly ýerinde ýokdy.

* * *
Sagat ondan ýaňy işläp başlanda, Aýly trubkany aýlady.
–Aiçkam?! – Ol ýylgyrdy. – Garyp guluň. Özüm baraýynmy, sen geljekmi? Meniň saňa... Ol aýasyny ogşady – Sowgatjygym bar... Bolýar. Bardym...
Ol trubkany goýdy-da, «daý-tarat-daý» eden bolup, özuni ýokary oklady. Emma bir garyşdan ýokary böküp bilmedi. Onuň üçin bökdümi-bökmedimi, häzir onuň kän bir ähmiýeti ýokdy. Onuň ähli oý-pikiri Aýýanyň «geläýsene özüň» diýerindedi. Aýýa onuň ýürejigi boldy.
Ol şakyrdap duran täzeje bäşlikleriň iki paçkasyny akja kagyza dolady-da, daş çykdy.
...Şanazar Beg agşam «institutdan» gelşine, nämüçindir, maşyny Aýlylara däl-de, öz öýüne sürdi. Aýly muňa ilki kän bir ünsem bermedi. «Daýym puluny öýünde goýup, meni soň öýe taşlajakdyr» diýip oýlandy.
– Hany, ýegen, öýe gir.
– Gij-ä, daýy.
– Gir, hany.
Şanazar Beg şondan soň sesini çykarmady. Aýlam oňa iki diýdirmedi. Ol daýysyndan çekinýärdi. Onuň bilýän adamlarynyň arasynda daýysynyň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Sähelçe diýeni bolmany üçin, Prezidentiň başyny gemirjek bolup ýörenini hem aňýardy. Ol gelejegiň daýysynyň eline geçjegine-de jany bilen ynanýardy.
Daýysy institutlaryň biriniň direktory bolsa-da, Ylymlar akademiýasynyň tutuş sistemasy onuň «paýhasy» bilen dolandyrylýardy. Ylymlar akademiýasynyň prezidenti hem ony bir sapar äsgermezçilik edipdi. Ýylyň ahyrynda ýyllyk saýlawda ol adam diňe üç ses alyp, kürsüsini öz ganymy hasap edýän adamsyna elinje tabşyrmaly bolupdy.
Soň ýalňyşyna düşünipdi. Şanazar Begden uzur ötünip, günäsini geçmegini sorapdy. Onuň öýüne gatnap, gören ýerinde ilki baryp salam berip başlapdy. Şeýdip, dört ýyldan soň ýene-de akademiýanyň prezidentligine saýlanypdy.
Ol häzirem Şanazar Begowyň hyzmatyndady. Dört ýyllap öwrenen edebini ýadyndan çykaranokdy.
Şanazar Beg diňe bir ministrleri däl, hut Türkmenistanyň Prezidentiniň orunbasarlaryny, Ministrler Sowetiniň ýolbaşçylaryny öz aýasynda saklap bilýärdi. Onuň diňe Prezidente dişi ötenokdy. Onuň ýaly öz dişinden gaty adamynyň bolsa Prezident bolaryny islänokdy.
Ine, şu islegem ony «ýaşuly» bilen ýakynlaşdyrypdy. Ol «ýaşulynyň» ýüreginiň garaňky gatlaklarynda köräp ýatan umytlaryny okapdy. «Prezident bolmagy arzuw etmeýän ministrden ministr bolmaz» diýen «hüwdi» bilen gulagy ganan «ýaşuly» hem Şanazar Begiň«tege-tege» diýip, az-owlak iým bilen eldekileşdirmesine boýun bolupdy.
Aýly ol zatlardan kän bir baş çykarmasa-da, daýysynyň gaňyrşyna gaýtmaly däldigini bilýärdi.
– Agşam öýde bileje ýatarys – diýip, Şanazar Beg gulagynyň düýbünde top atylan ýaly etdi.
– Ýo-ok, daýy, men, men, Bik-ke!..
Şanazar Beg gaşlaryny gazaply çytdy.
– Poş-ýol diý Bikäňe. Kim ol?! Men saňa ýüz sany Bike alyp bereýin. Ony «Bikäm, Bikäm» diýip, halys depäňe çykarypsyň. Heleý guly bolmazlar. Şu günden şeýläk aýagynyň tozuny ogşamaňy bes et. Ojagazyň burunjygy ýaman ýokary...
Aýly sesini çykarmady.
– Al, şo-ol finkany geý. Ýöne geýip gidiberme!
Ol öý eşigine girse-de, ýüregi bükgüldedi durdy.
– Men oňa gelerin diýipdim öz-ä. – Ol ynjalyp bilmän özelendi. – Näme diýseňem, ol garaşar, daýy!
Şanazar Beg:
– Garaşyp geçsin, onuň balasy ýansan... Ol haram ganjygy aýtdym-a nätmelidigini. Ony nemedip, nemedip, julkuny çykarmaly – diýip, barmagyny aýasyna köwegräk ýumup, öňe-yza iterdi. – O-da senden ýok. Ol esreýär. – Beg özbaşyna hümürdän boldy. – Ganjyk, aýnan bolup...
Şanazar Beg Bikäniň Aýlyny käte içip gelende öýe goýbermeýäninden onuň öz ärini äsgermeýänindenem habarlydy. Ol «Men şunuň nogtasyny elime alaýyn-la» diýip, öz meýlinem bu ýaş gelne duýduryp ugrapdy. Ýöne, arada depesinde çäýnek döwlensoň, bu gelniň «gatyja şänikdigine» göz ýetirdi.
Ol häzirem Aýlyny öýüne iki niýet bilen alyp gelipdi. Birinjisi, Aýlyny elinden sypdyrmazlykdy. Ol ertir är «işini» bitirmelidi. Eli zäherli kapsully Aýlyny Prezidentiň köşgüne özi äkidip düşürmelidi. Eger Aýly öýüne gaýtsa, Bikäniň tutan oýunlary ony ýa-ha ruhdan düşürmelidi, ýa-da başga bir täsir bilen onuň bu kelesaň oglanyň pälinden gaýtmagy mümkindi. Ýene-de, onuň biynjalyk bolýan ýeri, Aýly diliniň eýesi däldi. Onuň öýünde näme gep bolsa, ony Beg bilýärdi.
«Aý, Bike men diýip ölüp barýar, agşam sagat onda-da, soň daňdan ýedide-de meni oýaryp ýanyna äkitdi. «Hakyt «men senden doýamok» diýip, ölüp-öçüp barýar» diýýärdi. Bir görseňem: «Bike meni öýe salmady, gijesi bilen işikde oturdym» diýýärdi. Ýene bir gün ondan hem beterräk gep otarýardy.
Ýegeniniň gepinden Şanazar Beg «ol gelniň ärine göwni ýetmeýär» diýen netijä geldi. Onuň ikinji bir plany, häzir Aýlyny ýagşy içirip, özi Bikäniň ýanyna gitmekdi.
– Ýegen, näme içeris ýa garaja ganymdan soralymy? – Ol öz otagyna arakly-şeraply mejmäni alyp geldi. Gäwüşäýer ýaly delje kemput-köke aldy. Soň keltejik kebşirgiç, simjagazlar, çakgyjyk, ýene-de odur-budur alyp geldi-de, arkaýyn oturdy.
– Ine, haýsysyndan ederin diýseň. Çek ol ýassyklaram ýanyňa.
Aýly diýlenini etdi. Onuň garny dokdy. Içgi-piçgiden kemi ýokdy. Ýöne, birneme biynjalyk bolany üçin, şol ýerde çekilen neşäniň keýpini görüp bilmändi. Şonuň üçin ol kebşirgije elini uzatdy.
– Şondan edäýeli, daýy.
– Maslahat!
Tiregiň mädäňe degýän goýras, endik edilmedik ysy içerä urdy.Şanazar beg kebşirgijiň asyl şahjagazyna derek goýlan inçeräk polat simiň gyp-gyzyl bolup tüsseläp duran ujuna kiçijik çakgysy bilen öňünde sellofan gapjagazyň üstünde mylgyrap ýatan lödereden alyp, göze görünmeýän ussatlykda, galyň edip suwady. Soň çakgysyny goýdy-da, elini uzyn düdä ýetirip, gyzgyn simiň zarbyna byžyrdap tüteýän «suwagdan» gaýdýan ýeňiljek tüssäni gaty ussatlyk bilen demine toplap aldy-da, soň kebşirgiji Aýla tarap burdy. Aýlam daýysynyň edenini gaýtalady. Ýöne ol bir sapar däl-de, tütüni iki sapar demine dartdy.
Şanazar Beg Aýlynyň düdesinden sypan, gaçgakçy tüsselerem düdesine ildirip aldy-da, täzeden simiň daşyny lödere bi- len suwap ugrady.
– Şiredir, edil ýülük ýalydyr – diýip, ol keýpine bäs gelip bilmän aýtdy.
Dym-gyzyl bolan ýüzüni uzyn aýasy bilen sylyp oturan Aýly tirsegini ýassyga berdi.
– Jennet, daýy jan. Men jennete düşdüm, ana hüýr gyzlar, wah, munuň süý-jü-di-gi-nii-i. Daýy jan!
– Al, ýegen, sor ýene birki dem...
Aýly gözleri ýumulgy halyna, düdäni agzyna alyp, tüssäni demine sorup başlady.
Onuň bolşuny gören Begiň özem haýykdy. «Köpeý ogly eýýäm tagamyny alypdyr-aý» diýdi.
– Daýy jan! – diýip, Aýly ýene samrady. – Düdäni sorup, soň başyňy galdyrýançaň görýän lezzetiňi duýýaňmy? Jennet, a-ah!
Beg indi simiň suwagyny az-kem ýeňletdi.
– Ýegen, ertir bir şol işi bitir, soň seniň tä ömrüň ötýän-çä görjegiň jennet bolar...
Aýly başyny göterdi.
– Onuň gürrüňi bolmaz. Git diýseň, häzir gidip, şol işi bitirip geleýin...
– Bor, ýegen, agşamyňhaýryndan ertiriň şeri diýipdirler...
– Bor, daýy jan, a-ah, jenne-et!
Şanazar Beg Aýlynyň keýpini daňdana çenli gowşatmady. Daň bilenem ajy gök çaýa tutdy. Soňam işe özi elinje alyp gitdi. Zäherem ýekeje däneden berdi.
– Ýegen, iliň-günüň ary-namysy seniň eliňde. Goç ýigit bol. Çekinmegin... Arkaňda beýik daýyň bardyr...
Aýsona Aýlyny görüp uçaýjak boldy.
– Bu näm-aý – diýip, ol ak kagyzda tokgalanyp duran zady ýeňinde gizläp sorady.
– On müň manat!
– Hä?
– Aý, odur-budur alarsyň. Köpräk pul düşdi-de, öýe-de äkitmäge çekindim. Bilýäň-ä öýdäki aýjynyňsyrat köprüsidigini...
Aýsona begendi.
– Çaý içjekmi?
– Ýok, gaýnab-a dur.
– «Şef» barmy? – diýip, ol Döwletbaşynyň kabinetine ümledi.
– Hawa, «çaý» diýdi – diýip, Aýsona gaşyny kakdy. – Şoňa çaý demlejek.
Aýlynyň gözleri garaňkyrap, başy aýlandy. Soň dünýesi düňderildi. Ilki gaýnap düran elektrik çäýnegine tarap garamaga-da gorkdy.
– Sen, azajyk otur, men çäýnegi çaýkap, çaý demläp elteýin. Soň...
Aýsona gitdi. Aýly jübüsindäki kagyzy çykardy-da, çäýnegiň ýanyna baryp, onuň gapagyny galdyryp, kagyzy şoňa kakdy. Ol kagyzyň içindäki sarymtyl dänejigiň buglanyp duran çäýnege düşeninem gördi. Soň larsyldap duran ýüreginiň sesinden gorkup, baryp diwana çökdi. Aýsona düňküldäp gelşine, ýene mürehet etdi.
– Içäý, senem.
– Ýo-ok, şu wagt içip gelýän.
Aýsona çäýnegi demledi-de, soň «azajyk garaş» diýen manyda gaşlaryny uçuryp gondurdy.
– Eltip geleýin!
Aýsona giden badyna, Aýly demir çäýnekde galan suwy gapdaldaky urna eňterdi. Ony bidondaky suw bilenem birki gaýta çaýkap dökdi-de, ýene ýerine geçip oturdy.
Aýsona içerden keýpsiz çykdy. Aýly hem eden işiniň keminiň galmandygyna göz ýetirenden soň, ýerinden turdy:
– Men ýerime baraýyn, Aiçka. Senem, soňurrak geläý.
– Bor.
Ýörände Aýlynyň aýaklary ýere däl-de, buluda basylýan ýalydy. Ol hälki galpyldynyň ähli ysgynyny alanyny indi duýdy. Kabinetine barybam, yzygiderli jyrlaýan telefonynyň trubkasyny göterdi.
– «Daýymdyr – diýip, ol telefonyň sesini ikinji gata çykyp gelýärkä oýlandy. – Iş bitirdim diýerin. Baý, begener-ä...»
Ol trubkany gulagyna tutmaga howlukdy.
– Daýy! «Onuň sesi ilki bada şaňňy, badyhowa çyksa-da, birden ýüzi üýtgedi-de, eginleri sallandy. – Al-lo. – Aňyrdan Bike azm bilen gepleýärdi. – Men, men – diýip, Aýly agzynda bitin gurt bar ýaly, şipbildedip, sesini sorup aldy. – Men, men, dežurnyý boldum. – Äý, hawwa, jaň edip bilmedim. Ýok, şunça jaň etjek boldum, düşenok-laý, düşenok haw...
Ol trubka doňuz diňini salyp durşuna, başyny titretdi.
– Eý, alla jan, özüň sowawer! – Ol ýene trubkany diňpedi. – Bik... Bikäm, beýtme, ýok, diňle, men, men, walla, daýym bilen öňkim ýaly pohumy iýmäge gidemok, walla. – Ol indi ynamly gepläp başlady. – Maňa «sen agşam sagat dokuza çenli dežurna bol» diýdiler. Dokuzdan soňam hiç kim gelmedi. Meňem, bu zatlary taşlap gitmäge ynsabym çatmady. Indi boş-a. Häzir baraýaryn. Häzir...
Aýly birden işige tarap öwrüldi.
– Näme etjek? Prezidenti näme etjek diýýän. Hä, «Duşuşjak», hä. – Ol başyny ýaýkady. – Ýok. – Ol «Indi ol Prezident däl» diýjek boldy. Emma dili barmady. – Ol birnäçe günläp bolmaz, näme? «Zerur işi bar!» Agşam aýdaryn näme üçin ýokdugyny. Azajyk garaş, özüňem bilersiň...
Ol «hudaý, alla» bilen ahyry trubkany goýdy-da, ony täzeden aýlap başlady. Daýysynyň sesini tanady-da, agşamky şertleşişleri ýaly gürledi.
– Alýo, merkezmi?
– Alýo, size haýsy merkez gerek?
– Bagyşlaň, Işbitdiýewi çagyrsaňyzlaň.
– Ýok, bu Boldyýewleriň kwartirasy.
– Bagyşlaň. – Ol trubkany ýerinde goýdy-da: «Boldy. Işi bitirdim – diýdim. Olam: «Boldy» diýdi. – Ura!
Категория: Romanlar | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: