12:51
Badalga -5: Tilkiçi şahyr
TILKIÇI ŞAHYR

Galanyň gurluşygynda bolsun, oba arasynda ýa ýolda bolsun, ulynyň-kiçiniň başynda şol bir alada, ýagny, öňde duran urşuň getirip biläýjek aýylganç netijeleri. Her kim Gazawat urşy, Hojagalanyň tozdurylyşy, Hywanyň syndyrylyşy barada eşidenlerini biri-birine gürrüň berýär. Ony diňlänleriň, hususan-da zenan maşgalalaryň huşy başyndan göçýär. «Eýle bolsa uruşjak diýmeli däl ekenler-ä», diýşip, ýakalaryny tutýarlar, «Özüň goraweri Alla jan», diýşip, uludan demlerini alýarlar. Käbirleri bolsa hiç zatdan heder etmän: «Alla jan biziň ýigitlerimize kuwwat berer, ýeňişe ýar eder, hiç gorkmaň, gorkynyň ajala peýdasy ýokdur», diýşip aýal hallaryna öňlerinden çykana göwünlik berşip, başlaryny dik tutuşyp gidip barýarlar.
Umuman aýdanyňda, han-begleriň arasynda bolşy ýaly, halkyňam pikiri ikä bölündi. Biri uruşmaklygyň, beýlekisi uruşmazlygyň tarapynda. Ýaş ýigitleriň welin köpüsi uruşmaly diýenleriň tarapyny tutýarlar.
Ownuk tiresiniň adyna görä il içinde Tilkiçi şahyr diýlip tanalýan, goşgularyny hem şol at bilen ýazýan Orazmämmet hoja hem uly il ýaly iki pikiriň arasynda urnup ýör. Birde öz ýanyndan uruşmaklygy ündeýänleriňkini dogry tapsa, birde Gazawatlylaryň düşen gününi ýatlaýar-da: «Soňy barybir şolar ýaly gyrgynçylyk, ýeňliş bilen gutarjak bolsa uruşmak nämä gerek», diýip öňki pikirine garşy çykýar.
Şolar ýaly gapma-garşylykly pikirleriň netijesimi ýa Hudaý boljak işi öz halan bendesine öňünden aýan etdimi, ol bir gije uklap ýatan wagty aýylganç düýş gördi.
... Toýmy, ýasmy, nämedigi belli däl, Tilkiçi şahyr agyr mähelläniň ortarasynda durmuşyn. Daş-töweregem şyr takyr ak meýdan. Gykylyk, goh, galmagal dik asmana göterilýär. Dek duran adam ýok. Her kim dumly-duşa ýüwrüp ýör. Ýöne kim näme edňär, kim nirä barýar, nireden gelýär, biler ýaly däl. Birdenem dag tarapdan agyr goşun görünýär. Köpçüligiň içinden: «Duşman gelýär, ýagy gelýär», diýen howsalaly sesler eşidilýär. Oňa çenlem ýygyn golaýlaşýar. Köpçüligiň barysynyň nazary şol tarapa gönükýär. Tilkiçi şahyr: «Be-e, şo-ol, geljekmişin diýilýän ýagy-ow şü», diýip, içinden pikir öwürýär. Goşun ses ýetim aralyga gelip togtaýar. Aralaryndan kimdir biriniň: «Pälwanyňyzy çykaryň, biz ony öz pälwanymyz bilen göreşdirjek, egerde ol biziň pälwanymyzy ýeňse biz şu ýerden göni yzymyza dolanýas, bolmasa-da siz bize gepsiz-gýrrýňsiz boýun bolýaňyz» diýip gygyrýar. Teke ýigitleriniň biri ak meýdana at segredip çykýar. Tilkiçiniň gözüne ol ýigit bir seretse-hä Nurberdi hana, bir seretse-de Dykma serdara meňzäp dur. Gurbanmyrat işan bilen Kerimberdi işanam ýektaýlarynyň syýlaryny galgadyşyp hersi onuň bir gapdaly bilen haýdap barýarlarmyşyn. Oňa çenli duşman tarapdanam bir daýaw ýigit atyny debsiläp öňe çykýar. Işanlaryň hersi bir gyra çekilýär. Iki pälwan garpyşýar. At üstünde bir meýdan döwüşenlerinden soň olaryň ikisem ýere düşüp billeşýärler. Türkmen ýigidi duşmanyň bilinden tutaga-da takyr ýere aýlap uran ýalam edýär, ýöne, ol ýere degmän diýen ýaly aýak üstüne galýar-da ylgap gelip türkmen pälwanynyň guşagyndan elini geçirýär, özüne çekägetdinem omzuna alýar, şol ýerdenem dikbaşaşak goýberýär welin, türkmen pälwany gözlerini agdar-düňder edip, çalam-çaş bolýar ýatyberýär. Gurbanmyrat işan bilen Kerimberdi işan ony süýrekläp alyp gaýdýarlar. Şol gelşişlerine-de: «Ahow, adamlar, geliň-ä kömekleşiň-ä, süýreşiň-ä, bize agyr düşýär-ä, kyn bolýar-a... diýip, özüniňkilere tarap gygyrýarlar. Şondan soň duşman tarapdan: «Siziň pälwanyňyz ýeňildi, indi bize Nurberdi hanyň hazynasyny getiriň» diýen haýbatly ses eşidilýär. Türkmenlerem gylyçlaryna söýenişip duruşlaryna dişlerini gyjaşyp: «Ýok, biz size hazyna bermeris, biz entek siziň bilen söweşeris», diýip, haýbat atýarlar. Emma aralykdaky takyr meýdanda eýýäm tekeleriň hazynasy uly üýşmek bolup durmuşyn. Şondan soň hälki pälwan eli asma terezili orta çykýarda: «Indi bolsa siziň ykbalyňyzy terezä goýjak, haýsy tarapyny saýlasaňyz saýlaň», diýýär. Gurbanmyrat işanam bärden: «Alla ýol berse biziňki sagdandyr» diýip, gygyrýar. Duşman terezini ýokary göterýär. Içiniň boşdugyna garamazdan tereziniň çep taýy usullyk bilen aşaklap başlaýar. Tilkiçiniň daş-töweregini gallap duran adamlaryň barysy birden «ah» çekýär. Olaryň arasynda aýal-gyzlaryňam bardygyny Tilkiçi şahyr diňe şondan soň bilip galýar. Çünki, ýaňky hadysadan soň olaryň gykylygy, gyk-bagy asmana göterilýär, ahy-nalalaryndan ýaňa zemin lerzana gelýär. Henizem terezini elinde saklap duran duşman pälwany ýakymsyz ýylgyrýar-da: «Hiý, armanyňyz galdymy», diýýär. Şonda Tilkiçi şahyryň özi durup bilmän orta çykýar-da: «Duruň, zalymlar! Munça bolanyna görä atam çapyşalyň! Biziň atlarymyz zordur, ol biziň ykbalymyzdanam ýüwrükdir», diýip, ulyili bilen gygyrýar. «Honha, atlar-a eýýäm pellehana ýetip gelýäler» diýip, duşman pälwany sol elini gözýetime tarap uzadýar. Şahyr seretse duşmanyň dor aty türkmenleriň gyr atyny tozana garyp, ep-esli öňde gelýär. Muňä märeke öňküdenem beter gynanýar. «Wah, iň soňkuja umudymyzam puç boldy-ow» diýip aglaşýanlaryň sany-sajagy ýok. Kimdir biri: «Hany, Ruhy batyr ýokmy? Şol nirede? Tapsaňyzlaň şony» diýip, iki ýana urunýar, elewreýär, ol çapaladygysaýam märekäniň sany azalýar, ahyrynda onuň özem terlin-oňlyn öwrümler edip daşlaşýar – daşlaşýar-da, gözýetimde ýitip gidýär. Bir baksa meýdanda Tilkiçi şahyryň ýeke özi galypdyr. Hatda ýap-ýaňyja-da heşelle kakayşyp duran duşmanlaram ýok. Daş-töweregini ýaýylyp ýatan türkmen sährasy. Ol Ahal ülkesi. Kesearkaç. Eý Huda-aý! Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän şol giň meýdan durşy bilen mazarystanlyga öwrüläýen bolsa nätjek! Asyl özem şolaryň biriniň içindemi ýa henizem somalyp durmy, ony Tilkiçi şahyry bilenok, ýöne, şol mazarystanlygyň üsti bilen özüne tarap sil kimin akyp gelýän gol doly gany görýär-de, demi tutulyp gygyrmaga başlaýar. Şol wagtam kimdir biri egninden tutup silkeleýär, aýal sesi bilen öz adyny tutup gygyrýar...
Üstüne aýalynyň abanyp duranyny, çagajyklarynyň arkaýyn, myrlaşypjyk ýatyşlaryny görüp, ýaňky ahwalatyň düýşi ekendigine begendi. Dik oturdy-da, öňürt-ä: «Ýa, Alla» diýip, sowuk demini aldy, üç gezek «elhemi», üç gezegem «kulhuallany» okady. Yzyndanam ýakasyny tutup üç mertebe «estagpuralla» diýdi. Diäe şondan soň häliden bäri soragly nazaryny özünden aýyrman çat maňlaýynda jokgarylyp oturan aýalyna seretdi.
– Erbet düýş gördüm, Ogulaý.
– Näme gördüň?
– Aý, sen sorama.
– Ýok, aýt, erbet düýş bolsa turşuň ýaly aýtmalylyşyn. Çöpe-çöre tüýkürmelimişin.
– Onda şony bir edeýin men öňürti.
Ýaňy bir kyrk ýaşap ýörendigine garamazdan hemişe-de agras gopýan orta boýly, golçapisint, garaýagyz, gyrçuw sakgalydyr saçlary çalaryp ugran, boýny çapgy ýassygy ýaly daýaw pyýada bu gezek öňkülerindenem has haýal gopdy. Ýerinden kynlyk bilen turdy. Gapydan çykjak bolanda bir eli bilen söýä ýapyşdy, beýleki eli bilen eňsini sermeledi, aýaklary bilen köwşüni gözledi. Öýden çykandan soňam ýuwaş ädilýän ädimleriniň käwagt bir «çygşyldysy» eşidildi durdy.
Entek daň atmandy. Şeýle-de bolsa, Ogulaý ärinden öň düşege girmäne ejap edip, aýak uçda düwdek bolup oturdy. Pytran aşyk ýaly hersi bir ýerde serlip ýatan çagajyklaryna seretdi. «Alla jan, şulara bir gowy gýn görkezsiň-dä hern-ä» diýip, içini gepletdi.
Oňa çenlem Tilkiçi şahyr gaýdyp geldi. Ýerine geçdi. Ýüzüni ak-tam edip sarsman oturşyna aýalyna tarap nazarynam aýlaman:
– Biz ýeňilýäs Ogulaý, onda-da gaty gözgyny halda ýeňilýäs – diýdi.
Gürrüň öz hojalyklary barada barýandyr öýden Ogulaý:
– Weý, kimden ýeňilýäs? Biz näme biri bilen urşup ýörüsmi – diýip, howlukmaç gepledi.
– Men ýetip gelýän ýagy barada aýdýan, Ogulaý – diýende endigi boýunça «pert-pert» gepleýän Tilkiçi şahyryň sesi gyryljak hem ysgynsyz çykdy.
Şondan soň ol gören ahwalatyny aýlayna jikme-jik aýdyp berdi.
– Hudaý saklawersin – diýip, henizem gelinlik sypatyny, tämiz-terligini ýitirmedik Ogulaý ýakasyna tüýkürip oturşyna aýtdy. Alyn saçlarynyň ýüzüne dökülip duran tarlaryny ýygnaşdyrdy. – Ulynyň kiçiniň aňyny aldy-ow şol döremän geçen uruşly gürrüň. Ýeke seň däl, hemmäňem düýşüne girýändir ol. Hiç kime-de ynjalyk berýän däldir. Alla bizlik bolsa hiç zadam bolmaz. Senem ony ýadyňdan çykar-da, öz işiň bilen boluber. Ýöne, hiç ýerde agzyňdan bir sypdyraýmaweri.
– Ekabyrlara-da aýtmasammykam?
– Aýtma. Aýtsaň özüňi günäkär ederler. Sen näme, pirmi, öwlatmy o zatlary öňünden biler ýaly, diýerler. Onsoňam, o zatlary aýtsaň sen halkyň ruhyny öçürersiň. Aňyny bulaşdyrarsyň. Birden, biz ýeňäýsek dag-a it masgarasy bolarsyň. Şoň üçinem sesiňi çykarma-da, ýagşy dilegde boluber.
– Basym uly maslahat boljakmyşyn, men şuny şonda-da aýtmasammykam?
– Maslahatda, Orazmämmet, düýşüň däl-de huşuň gürrüňi ediler. Geler-geldejiden, bolar-boldajydan söz açylar. Senem onsoň alaga-da düýşüňi tymsal getirip: «Adamlar, görşüňiz ýaly biz barybir ýeňilýäs, şoň üçinem uruşly meseläni gozgabam oturmaň», diýseň nähili bolar? Ýa sen şeý diýeniňden: «Olar ýaly bolsa bizlik iş ýok ekeni», diýäge-de, batyrlaryň barysy birden gylyçlaryny gynlaryna salyp turarlar ötägiderler öňdýäňmi?
Tilkiçi şahyr gyrçuw sakgalyny sypalap, oýa batyp oturşyna sowuk demini aldy. Çep çigniniň üstaşyry aýalyna seretdi.
– Onyň-a dogry, Ogulaý. Düýş bilen huşy garjap bolmaz. Onsoňam.. – Ol öz-özüni ýaňsylaýjy äheňde kinaýaly ýylgyrdy. – Howwa-da, gören düýşüň bilen bular ýaly uly hadysany üýtgederçe sen kim bolupsyň diýsene...
Şahyr ýerine geçdi. Ýöne, uklamady. Uklap bilmedi. Iki gözünem tüýnüge dikip ýatyşyna daňyň ataryna garaşdy. Gören düýşüni welin, her näçe jan çekse-de ýadyndan çykaryp bilmedi. Gaýtam ol ahwalaty onuň öz tebigy şahyrlygyna görä beýnisiniň içinde aýlandy-öwrýldi-de, ýüreginiň üsti bilen kapyýalaşyp, bogunlara bölünip, setir-setir sazlaşdy we birnüçe bent goşga öwrýldi duruberdi. Şondan soň ol usullyk bilen ýerinden turdy. Dik oturandan soňam goşgyny birnäçe gezek içinden gaýtalady. Onuň bilenem kanagatlanman, bir dyzyna galyp, elini uzatdy-da, tärimden asylgy duran kiçijik haly torbajygyň içinden döwet bilen galam, şeýle hem kagyz çykardy. Tüýnükden düşýän yşyň ýagtysyna beýnisinde bekän goşgyny beýitme-beýt kagyza geçirdi.

Agalar ýatyrdym, gördüm düýşümde,
Boljak işler maňa aýan göründi,
Turdum, gördüm ne külpet bar başymda,
Ýaşyl geýnen ençe jenan göründi.

Tisginip turdum-da, diýdim: «Ýa, Alla»,
Üç elhem okadym, üç kulhuwalla,
Ýakam tutup diýdim estagpyralla,
Başymyzda ahyrzaman göründi

Üýşüşip geldiler külli Türkistan
Suw ýerine çeşme boldy gyrmyz gan
At çapyşdy kapyr bilen musulman,
Musulmanlaň aty çaman göründi.

Hazyna gol urup gury çykdylar,
Abraýy giň meýdana dökdüler.
Haýyr işi tereiläp çekdiler,
Kapyrlarda agyr mizan göründi.

Tilkiçi diýr ynanmazlar sözüme
Ile ýalan bolsa aýan özüme,
Kesearkaç görner meniň gözüme,
Täze gazlan kän gabrystan göründi.



...Ol goşgyny ýazyp boldy-da, kagyzy dört epläp jübüsine saldy. Daş-töweregine äňetdi. Bir ýana gitmäge hyýallandy. Soň süýji ukuda ýatan aýalyna seretdi. Onuň ýaňky aýdan sözlerini ýatlap, goşguly kagyzy jübüsinden çykardy. Oňa seredip oturşyna: «Kagyz ýüzünde bolsa biri görmese biri görer, eşider, ondanam soň ýene biri eşider, ile ýaýrar, birdenem biz ýeňäýsek dagy, Ogulaýyň aýdyşy ýaly il üstümden gýler. Uly-kiçi hemme meni terslär, gowusy gerek wagty çykaryp goýberer ýaly ýadymda saklaýyn, diýip, içini gepletdi-de, goşguly kagyzy ýyrtyp ojaga oklady. Közüň üstüne düşen kagyz ilk-ä tüsseledi, gyralary saraldy, birdenem öz-özi tutaşdy-da, öýüň içini ýagtyldyp goýberdi.
Şahyr usullyk bilen ýerinden turdy. Gapa tarap ýöneldi. Bosagadan ätlejek wagty aýalynyň uky garjaşykly gyryljak sesi eşidildi.
– Nirä?
– Hakyda mollaň ýanyna.
– Ýaňkyny bir aýdaýma oň ýanynda.
– Bor, bor..
O hakda agzamajak bolsa, düýşüni ýordurmajak bolsa, Tilkiçi şahyryň daň bilen Hakyda mollalarda nä köri bar? Ogulaýyň öňünde boýnuna alsa-da, almasa-da ol onuň ýanyna şonuň üçin barýar ahyry... Ol daş işige çykandan soňam, asyl assa-ýuwaş ýola düşüp ugrandan soňam şol hakda pikir öwürdi gitdi oturdy. Aýagy welin barybir saklananok. Gidip barýar. Özem başga hiç ýana däl-de, diňe Hakyda mollalara tarap barýar. Şondan soň ol düýş barada gürrüň gozgasa-da, gozgamasa-da, özüniň barybir Hakyda mollanyň öýüne maňlaýyny diremelidigine düşündi.
Ol şeýle hem etdi. Bardy. Salam berdi. Hal-ahwal soraşdy. Şeýle ir gelip bimaza edendigi üçin ötünç sorady. Özi welin nämeden söz açjagyny bilmän ýaýdandy durdy.
Onuň kalbynda bir zatlar gizleýändigini, Hakyda molla barybir aňdy. Çünki, ol ýeke bir molla däl-de köp zatdan baş çykaryp bilýän üşükli, pähim-paýhasly adam. Ol dünýä taryhynam, külli türkmeniň, ähli türki halklarynyň hakydasynam bilýär. Şonuň üçinem oňa Hakyda molla diýýärler. Onuň çyn adynyň nämedigini welin hatda ýalňyz agtygy Ene hem bilenok. Onsuz Ahal ilinde hiç hili maslahat geçirilmeýär, toý tutulmaýar, ýas sowulmaýar. Uly-kiçi her kim şonuň pähim-paýhasyna eýerýar, hormat goýýar. Onuň müneçjimçilikdenem, tebipçilikdenem, tebigatyň, Aý-Günüň hasap-hesiplerindenem başy çykýar. Umuman oňa Ahalyň paýhas mekdebi diýseňem boljak. Tilkiçi şahyryň öz-özünden şeýle dowla düşen pursaty näme üçindir özem bilmezden daň bilen, düwdenekläp şonuň ýanyna gaýdybermesem hut şonuň üçin.
Ýöne, soňky döwürlerde Hakyda molla ýarawsyzrak. Belli bir ýeriniň agyryp ýa azar berip barmaýandygyna görä ol keseliniň başyny garrylykdan görýär. Şonuň üçinem, kim halyny sorasa:
– Hassalar gutular, garry gutulmaz, dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar – diýipdir-ä bende – diýip, Magtymgulynyň dili bilen jogap berýär. Bu sözüni ol hemişe, özüniň segseni dolduryp togsanyň onuna girýänçä, ýekeje gezegem syrkawlamandygy bilen düşündirýär. Bilýänje hakydasyny bolsa özi bilen alyp gitmezlik üçin Enä öwredýär. Ýarawsyzlyk tapynaly bäri, köp ýerde hakydany şoňa aýtdyrýar. Şol sebäpden indi halk Enäniň adynyň yzyna-da «hakyda» sözüni goşup başlady.
Hakyda molla ömrüni okap geçiren adam. Hywada, Buharada, Kazanda, onuň barmadyk, okamadyk ýeri ýok. Ýaşulylar öz döwründe onuň Arabystana haja gidip, soňam ençeme ýyl şol ýerde galyp köp-köp sowatly adamlar bilen duşuşandygyny, bilimini artdyrandygyny aýdýarlar. Gaýdyp geleli bärem, halka hakyda öwredip ýör.Tilkiçi şahyr häzir ine, şolar ýaly adamyň alnynda otyr. Özem tolgunýar. Ýogyn uýluklary saňňyldap, ýüregi agzyndan çykaýjak bolýar. Sebäbi ýük agyr. Bir özi çekip-çydardan çökder. Ol edil, depesinden basyp, mynjyradyp barýar. Egerde Ogulaýdan başga ýene birine aýdaýsa-ha derdiniň ýeňläýmegiem ahmal. Ýöne, Ogulaýyň ynanjyna görä, ony hiç kimiň ýanynda aýtmak bolanok. Bardy-geldi ýene adam bir adam biläýse, onda ol syr syrlygyny ýitirýär.
...Hakyda molla kosseýşen gözlerini Tilkiçi şahyryň ümüriň içinde galan ýaly ýmezläp görünýän göwresine dikdi.
– Bir aladaň-a bar, şahyr. Sesiň öňki däl. Asla özüňki däl. Aňyrsynda agyr alada, ünji bar-a meňzeýä...
– Aý, bu wagt aladasyz adam barmy, molla aga.
– Onyň-a dogry. Orazmämmet.
– Men ýöne halyňyzy soraýyn diýip geldim. Iş-alada bilen köpden bäri görşemizogam. Häzirkem diwara tarap barýan. Wagt az. Duşman ýetip gelýä...
– Howwa, howwa... habarym bar. Häli-şindi gelip-gidip, maslahatlaşyp durlar. Ýaman dert pikirem ikä bölünipdir...
Enehakyda orta saçak goýdy. Çaý demläp getirdi. Özem gap böwre geçdi-de, arkasyny tärimden asylan owadan gyzyl çuwala ýaplap oturdy. Eline iş aldy.
Tilkiçi şahyr sandyraýan ellerini uzadyp saçagy açdy. Iň üstki nany aldy. Bir dişlem ýalysyny döwüp aldy. Agyzna saldy. Ýuwaşlyk bilen çeýnedi. Gabarylyp oturşyna gabakman gözleriniň kelte kirpiklerini gyrpyldadyp içini hümletdi. Çeýnäp oturan çöregini ýuwdandan soň saçagy ýapdy. Töwür galdyrdy. Soňam kynlyk bilen:
– Molla aga, bagtymyz çüwüp ýeňäýseg-ä ne ýagşy birden ýeňiläýsek nähili borka – diýdi.
Böwürden Enehakydanyp pyşyrdysy eşidildi.
– Weý, şahyr aga, siz bir beý diýmäň ahyry. Gaýtam gowy-gowy goşgular ýazyp halkyň göwnüni galkyndyryň.
Tilkiçi şahyr oňaýsyz ýagdaýa düşendigini bildirmezlik üçin, oturan ýerinde oýkanjyrady.
– Aý, howwa-la, ol-a dogrul-a. Men ýöne... Ony... Häki bir... Ätiýaç üçin... neme diýip aýdaýdym...
Hakyda mollanyňam sesi öňküsine görä ysgynsyzrak çykdy.
– Elbetde, ýagdaýyň hemme tarapyny öňünden ölçermek, dökmek gowy zat. Ýöne, ýeňşiň kime ýar boljagyny diňe Alla biler. Şonuň üçinem, Enehakyda dogry aýdýar, häzir diňe ýeňiş barada oýlanmak gerek. Siz ýaly iliň öňüne düşüp ýören adamlaryň-a asylam adamlaryň ruhlaryny götermekleri gerek. Şeýtanyň ugruna gidip ýa düýşe pala ynanyp, döwla düşüp ýörseň özüňem heläk borsuň ile-de zyýan ýetirersiň. Her çent merdanalyk ýagşydyr, şahyr.
Hakyda mollanyň bu sözünden soň Tilkiçi şahyr özüniň agşamky gören agyr düýşünden ýaňy aýňalan ýaly boldy. Beýnisiniň içi ýagtyldy, süňňi ýeňledi. Gapy gaýnap, kalbynda joşgun emele geldi. Endamy jümmüş atdy. Ol Hakyda molla üýtgeşik bir heýkele seredýän dek seretdi. Haýsydyr bir düýşüň täsirine düşüp, özüni agşamdan bäri horlap ýörendigi üçin ol öz-özýnden utandy. Hoşlaşyp turjak wagtam Hakyda mollanyň goňşusy, hor, garaýagyz, burny egri, eňegi çüri, öňünden çykana: «Häýt, Göroglyň atyny ogurlan kempirem, şuň ýaly bolan bolsa gerek» diýdirýän, dilewar hemişe şähdi açyk, degişgen, ýüzi mazaly ýygyrt atan, ullakan gözleriniň agy sap-sary Baýramgül tebip geldi. Ol häli-şindi gelip Hakyda molla em edip gidýär. Arasynda galadakylaryňam üstüne aýlanyp gaýdýar. Syrkawraklary bolsa däri-derman edýär, bolmasa güýjüniň ýetdiginden gurluşyga kömekleşýär, juda bolmasa bir geň gürrüň tapyp adamlary gülüşdirýär, garaz, dek-ä oturanok. Ol ýeke. Adamsy bir wagtlar obadaşlary bilen alamana gidip gelmedik. Iki gyzy bar, olaram durmuşa çykan. Hersi bir ýerde. Hatda Tejen, Mary sebitlerine düşenlerem barmyşyn.
Ol görmedik bolsa gerek, Tilkiçi şahyra ünsem bermedi-de, molla aganyň ýanyna bardy. Salam berdi. Halyny sorady. Soň Enehakydadan atasynyň däri-dermanlaryny getirip bermegini haýyş etdi. Enehakyda tärimden asylgy torbanyň içinden kiçeňräk ak düwünçek çykaryp eline tutdurandanam näme üçindir ony sallarlap gördi.
– Maňa bir käsejik ýyly suwam ber, gyzym – diýibem, häliden bäri gitjeginiem bilmän, durjagynam bilmän, salamyny almandygy üçin özünden çalaja kine edip duran Tilkiçi şahyra ýüzlendi. – Hassa barka sag, ýaşuly barka ýaşkiçi soňa goýulýandyrm şahyr, indi soraşybersegem bor, gurgunmysyň, sag gurgun oturanmysyňyz, içiň-daşyň, malyň-başyň hemmesi saglykmydyr?
Tilkiçi şahyryň damarlary gowşady.
– Şükür, Baýramgül daýza, saglyk, gurgunçylyk. Özüňem gurgunmysyň?
– Şükür, gurgun. – Ol Hakyda molla däri-derman edip otyrka-da dilini dek duruzmady. – Ogulaý görnenok-la, bu günler, şahyr? Hemişe-hä käte bir görnüp gidäýmesi bardy.
– Aý, özüň bilýäň-ä, Baýramgül daýza, bu wagt goňşy-golama çykar ýaly boldumy? Öýüň işi, galanyň işi, çagalarynyň aladasy, garaz...
Tebip sag egni bilen silkinjiredi-de, ýüzüne düşüp, işlemäne päsgel berýän gyňajynyň ujuny arkan taşlady.
– Haý, diýseňem ýeke goýbermäne gorkýan bolaýmasaň.
Şahyr güldi.
– Weý, nämeden gorkaýyn men?
– Gabanýan bolaýmasaň sen şony.
Tebibiň aýdyp oturan çyna berimsiz sözleriniň aňyrsynda arassa degişmäniň ýatandygyna Tilkiçi şahyr indi düşündi. Güldi.
– Hä-ä... Aý. Ahmal, o-da biçeme däl.
Içi dermanly käsäni ýaňy bir başyna çeken Hakyda molla hem gürrüňe goşuldy.
– Orazmämmet hoja Ogulaýy ýaşka gabanypmy, indi gabanar ýaly?..
– Aň, näbileýin-dä, Ýolgeldiň ogly Gurtnyýaz ýaly özem bukulyp, heleýinem bukup otyrmyka diýäýipdirin-dä... – Tebip tamdyryň kesewisi ýaly uzyn hem gara ellerini öňki ýerine geçip, ulularyň özara degişmelerine birenaýy ýylgyrypjyk oturan Enehakyda tarap uzatdy. – Maňa bir elimi ýuwar ýalam suwjagaz ber, gyzym...
Enehakyda desbe-dähel içi suwly kündük bilen kümüş legen alyp geldi. Tebip elini ýuwmana oturandanam Tilkiçi şahyr gapa tarap ýöneldi.
– Men-ä gitdim onda, molla aga. Sag-aman gutul.
– Sag bol oglum, saglykda görşeli.
Tilkiçi şahyr Baýramgül tebip bilen Enehakyda gezek-gezegine seretdi.
– Sag bol, Baýramgül daýza, gyzym, senem sag otur...
Baýramgül tebip oňa egni üstaşyry seretdi.
– Sag bol oglum, Ogulaýa salam aýt.
Enehakyda hormat üçin ýerinden turdy.
– Sag boluň, şahyr aga, gowrümiňizi giň tutuň.
Muňa Hakyda molla hem goşuldy.
– Howwa, howwa, göwrümiňi giň tut, Mämmet hoja...
Tilkiçi şahyr şol ýerden göni diwara tarap ýöneldi. Bu wagt galanyň ähli ýeri ibirt-de-zibirtlik. Kä ýerde üýşmeleň has köp. Kä ýerde seýregräk. Onda-munda at üstünde gurluşyga gözegçilik edip ýören ekabyrlar görünňär. Olar käte saklanyp, at üstünde oturan ýerlerinden ellerini galgadyşyp, galanyň üstünde işleşip ýörenlere bir zatlar diýip gygyrýarlar, görkezme berýärler, soňam ýa eýläk, ýa beýläk, ümdüzlerine at çapdyryşyp gidýärler. Umuman, tutuş Ahal iliniň ullakan toýa garaşýandygy bildirýär.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: