12:42
Watan hakda aýdymym
WATAN HAKDA AÝDYMYM

Men Watan hakynda aýdym aýtdym,
Taryp edip daglaryny, düzüni.
Her dem görsem gamgyn göwnüm açyldy,
Mähriban, merdana ogul-gyzyny.

Keýpim gaçdy betpygyla sataşyp,
Alajyň ýok, ýüregimden gynandym.
Diýdim: “Bäş barmagyň deň däl ahyry!”
Synadym, syladym, synladym, syndym.

Uly gürläp, iş düşende başyna,
Gaçmadym men ojagymy äpberip.
“Haramylyk haryň işi” diýdim men,
Iş görmedim ol birine gep berip.

Çalyşmadym çeşme-çaýyn diýaryň,
Özge ýurduň tereň çeşmelerine.
Paýladym ýüregmiň mähir yssysyn,
Öz ilimiň şygyr teşnelerine.

Elbetde, dokuzy düzüw däl dünýäň,
Gürrüň etseň, gürrüňlerem ýok däldir.
Öz öýüne dil ýetiren namartlar,
Bardyr, ýöne weli diýmerin “Kändir”.

Mahal-mahal köz basylan ýaraňa,
Melhem eken öwsen mymyk şemaly.
Sen niçik mukaddes, niçik keramat,
Watan kelamy!

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 11 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: