11:17
Hatyra edebi
HATYRA EDEBI

Adam kämilligi diňe bir ýaşaýşa däl, eýsem, ölümede akyl hem göz ýetirip bilenligi boýunça kesgitlenilýändir. Edil şonuň ýaly, milletiň kämilligi-de diňe bir onuň ýaşaýşa degişli edep ulgamyny däl, eýsem, ýas, pata dessurlaryny we edep kadalaryny-da işläp düzenliginde aýan bolýar. Çünki aslynda dirilik hem ölüm ýaşaýşyň iki sany baglanyşykly taraplary bolup, bularyň bitewüligine göz ýetirmek hakyky, ýagny doly kämillik bolup biler. Ýaşaýyş bitewüdir, gutarnyksyzdyr we dowamlydyr, munuň bir ujy dirilik, beýlekisi ölüm, bir halkasy dirilik, beýleki biri-de ölümdir. Diýmek, ölüm ýaşaýşyň gutarnykly nokady däl-de, diriligiň çalşygydyr, ölüm ýaşaýşyň soňy däl-de, onuň içindäki bir pursatdyr.
Türkmeniň ýaşaýşyň bir pursaty bolan ölüm bilen baglanyşykly edep ulgamyna hatyra edebi diýilýär. Munuň özi dirileriň merhumlary sarpalamak edebidir. Gynansagam, adamyň şu dünýädäki ömri çäklidir, ömür ölüm pellesinden soň, adam diňe ruhy barlykda ýaşaýar. Ruhy barlyk diýýänim merhumyň yzynda galanlaryň hakydasydyr. Hatyra edebi bu hakydany ulgamlaşdyrmagyň kadalarydyr, diýmek, ol dünýäden öteniň ruhy bakyýetini diriler tarapyndan düzgünleşdirmegiň ulgamydyr.
Türkmençilikde: «Bäş gün ömür» diýilýär. Beýle düşünje gadymyýetden kök alyp gaýdýar. Milli ruhumyzyň ikinji eýýamynyň ruhy baştutany Gorkut ata Türkmen öz dileglerinde mert ýigitlere üç otuz, on ýaş arzuwlapdyr. Munuň jemi ýüz ýaş bolýar. Magtymguly Pyragy hem adam ömrüni ýüz ýaş bilen paýawladýar. Şunça ýaşy bäşe böleniňde her ömür menzili ýigrimi ýyldan ybarat bolýar. Oguz han atamyza şondan ýedi ýyl artyk ýaşap ötmek miýesser edipdir. Şonuň üçinem, türkmençilikde ýüz ýedi ýaş Oguz han müçesi hasaplanýar, oňa ýeten kişiler bagtly saýylýar.
Emma, hernäçe ýaşasaň-da, dünýäniň kanunyna görä, bir gün amanadyňy tabşyrmaly. Bu ajy hakykatdan türkmen uly-uly sapaklar edinipdir. Hatyra edebini döredip, diňe bir dirilige däl, eýsem, ölüme-de ruhubelent garaýşy terbiýeläpdir. Her bir adam özüni bilip ugrandan, ölmüni boýun alyk bolmalydyr. Ölümden gorkmaly däldir, ölümiň öňünde ejizlemeli däldir. Mertligiň ulusy ölümiň gözüne gorkman seredip bilmek, namartlygyň iň pisi ölüm öňünde ejizläp, masgara-ryswa bolmakdyr. Ölüm bolmasa, dirilik hem bolmazdy. Ölüp bolmasa, doglup hem bolmazdy.
Diňe başlanmaýan ýol gutarýan däldir.
Dirilik ölüm bardygy bilen tagama gelýändir.
Ölüm – sapakdyr.
Ölüme ýeňles çemeleşýän adam ömre-de sarpa goýup bilmez.
Ömri ýatdan çykarmak terkidünýälige, ölümi ýada salmazlyk dünýäparazlyga getirýändir.
Ýaşaýyşda hiç mahal islenilmeýän, emma islegiňe bakman, ömür gapyňdan bir gün hökman özüniň ýowuz ädimlerini ädip girýän myhman bardyr. Onuň ady ajaldyr. Kim ömrüni maksatly hem manyly geçirse, ajalyň gözüne arkaýyn we ruhubelent, gorkman hem ejizlemän garap bilýändir. Maksat – ömrüň mazasy we ölümiň bela gerdanydyr.

* * *
Ölüm ýassygynda ýatan hossaryňa çaga sereden ýaly seretmek hatyra edebiniň baş şertleriniň biridir. Indi gömüp duranja ölüm güzerine ýetip barýan hassanyň göwnüni ynjytmagyn! Onuň bilen ömür saparynda ýoldaş bolmak borjuňdyr welin, emma ölüm ýassygynda oňa ýürekden hem umytdan bolmak iki esse borjuňdyr. Ölüm ummanynyň gämisine ýeke münüp, ömür kenaryndan barha daşlaşyp barýan adamyň ýalňyzlygyna biperwaý bakmagyn! Iýse-iýmese, islän tagamyny il aşyp getirmelem bolsa, tapyp getirgin! Peýda etse-etmese, diýen däri-dermanyny pul seçip tapmalam bolsa, tapyp getirgin! Derdine çydaman, gyňyrlyk etse, aglasa-eňrese, derdini bile çekişgin! Şulary berjaý etseň, ýüregi giňär, ajal bilen gurlan darkaşda arkaly bolar, eziz janyny ýeňillik hem rahatlyk bilen eýesine gowşurmaga gaýrat tapynar.
Hassanyň ýanynda aýdym aýtmak, saz çalmak, şowhun hem galmagal etmek uly aýypdyr.
Hassanyň jan berip başlandygyny görseň, kelemesini öwrüp, oňa Alladan iman dile.
Adam jan tabşyransoň, merhumyň eşikleri çykarylýandyr. Ony kybla bakdyryp, ýumşak düşegiň üstünde ýatyrgyn. Gözi açyk gitmesin, emaý bilen gözlerini sypalap, ýumdur. Ellerini döşüniň üstünde, aýaklarynyň başam barmaklaryny ýüpjagaz bilen daňyp goý.
Äňi açylmaz ýaly, ýaglyjak bilen eňegini daňmalydyr. Üsti boş ýatmazy üçin, üstüne mata örtmelidir.
Ynsanyň ýogalanyny adamlara ur-tut habar bermek gerekdir. Türkmençilikde «Pylany öldi» diýen ýaly gödek sözler bilen ýas habary berilýän däldir. Oňa derek «Ýurduny täzeledi», «Amanadyny tabşyrdy», «Eýesine gowuşdy», «Hak jaýyna gitdi» diýen sypaýy hem gynançly sözler bilen aýdylýandyr.
Türkmeniň hatyra edebinde ölüm habary gelende, agy dessury ýerine ýetirilýändir. Merhumyň öýüne barýan erkek kişi iki eli bilen ýüzüni tutup, gapa ýa diwara söýenip, galmagalsyz aglaýandyr. Aglany köşeşdirmek, ýüregini ýumşatmak zerurdyr. Şondan soň ol aglamasyny goýup, bir çete geçip, ses-selemsiz oturýar. Aýal-ebtatlar bolsa agy aglamasyny dowam etdirýärler, goşulyşyp aglaýarlar, çünki zenan ýüregi näzikdir. Emma, olaryňam aglamasynyň çeni bardyr, ýas ýerindäki ýaşulular olardanam aşa köp we aşa gaty ses bilen aglamaly däldigini talap etmelidir.
Türkmen dessurynda ýogalan bendäni mümkin boldugyça tiz topraga tabşyrmak esasy kadalaryň biridir. Emma, bu hemişe mümkin bolup durmaýar. Süňk hossarlarynyň bary hoşlaşmaga gelip ýetişýänçä, jesedi birnäçe wagtlap saklamaly bolýar. Muňa türkmençilikde «Merhumy myhman almak» dessury diýilýär, çünki jan çykan jeset indi bu dünýälik däl, ony diňe wagtlaýyn myhman alyp bolar diýen düşünje gaty gadym eýýamlardan saklanyp galypdyr.
Merhumy myhman almagyň berk kadalary bardyr. Merhum ýeke goýulmaly däldir, onuň ýanynda hökman adam oturmaly. Onuň ruhy ýekelikde, ýalňyzlykda ynjamasyn, howatyrlanmasyn. Garaňky gijeler ýanynda şem ýa elçyra ýakyp goýulmalydyr. Onuň ýanynda iýmek-içmek, güzeran ýa gaýry dünýewi gürrüňleri etmek edepsizlikdir. Diriniň sylagyndan merhumyň sarpasy pes bolmaly däldir. «Dirä – güman, ölä – aýan» diýleni hakykatdyr. Myhman alynýan döwürde jesediň ynjamazlygy üçin ähli zatlar edilmelidir. Onuň ýanyny alyp, merhumyň oňat gylyk-häsiýetleri, artykmaçlyklary, bitiren gowy işleri barasynda pessaý hem sypaýy günüňler edilmelidir. Onuň ýatan jaýynyň golaýynda hem ümsümlik doly berjaý edilmelidir. Ölini sylap bilişleri bilen dirilere adamçylyk bahasy kesilýändir.
Merhum jaýlanmazyndan öň jesedi ýuwup-artmak türkmen hatyra edebiniň hökmany kadasydyr. Çünki päkizelik diňe dirä däl, merhuma-da zerurdyr. Bu dünýäde arassalyk we päklik bilen ýaşalyşy ýaly, o dünýä-de arassa barylýandyr. Jesedi ýuwmak işine-de diňe ýüregi arassa, niýeti päk adamlara ynanylýandyr. Merhum erkek kişi bolsa, ony erkek adam, merhum aýal maşgala bolsa, aýal adam ýuwmaga haklydyr. Jesedi ýuwup-artmak örän uly sogapdyr. Özem muňa, ilkinji nobatda, öleniň süňk hossarlary hukuklydyr.
Merhumy ýuwmagyň hökmany ýerine ýetirilmeli tertibi şundan ybaratdyr: jesediň aýagyna, eňegine daňylan ýüpleri emaý bilen çözüp aýyrmaly. Soňra bolsa synja gyldyrmaly. Kämillik ýaşyna ýeten bolsa, tehäret etdirip, üki sag goluny tirsegine çenli, soňam çep goluny tirsegine çenli üç ýola ýuwmak gerek. Ýüzüni-de ýuwmaly. Soňra bolsa tutuş bedenini üç sapar ýuwup -ardyp, tämiz gamşyň ýa «düşek atynyň» üstünde çep egninde ýatyryp, sag tarapyny, sag egninde ýatyrybam, çep tarapyny ýuwmalydyr. Bu tertip üç gezek gaýtalanmalydyr. Ýuwmak üçin ulanylýan suw mylaýym bolmaly, sabynlap ýa-da çogan garyp ýuwmalydyr.
Soňra endamda suw galmaýança, arassa mata bilen süpürmek gerek. Şondan soň onuň gulaklaryny, agzyny, burnuny, beýleki agzalaryny pamyk bilen berkidip goýmalydyr. Suw tapylmadyk halatynda jesede teýim etdirilýär. Teýim etdirýän adam jesediň ýanynda oturyp, ellerini ýere urup, soňam jesediň ýüzüni sylmaly. Soň ýene ýere urup, iki goluny tirsegine çenli sylmalydyr.
Söweşlerde şehit bolan kişiler jennete öz gany bilen barýandyr.
Jeset ýuwulandan soň, oňa hoşboý ysly gül suwuny, ambar, atyr sepip, kepene dolanmalydyr. Merhumyň saçlary daralmaýar, emma aýagynyň, eliniň dyrnaklary aýrylýandyr.
Kepenlik mata ak biýzden edilip, uzynlygy bäş gary ýa-da alty arşyna barabar bolmalydyr. Adamyň jaýlanyş dessury dini dessurlara degişli bolandygy üçin, türkmen ulamalary bu işi örän takyk we çürt-kesik göz öňüne getiripdirler. Olaryň wesýetlerinde kepeniň birnäçe görnüşleri – kepeni zeruryýet, kepeni sünnet we kepeni kipaýa tapawutlandyrylýar.
Başga mümkinçilik bolman, ele ilen mata kepenlik ýerine ulanylanda, oňa kepeni zeruryýet diýilýär.
Mümkinçilik hem harajat bar ýerinde, kepeni sünnet edilýändir. Erkek kişi üçin ulanylýan kepeni sünnet üç bölekden ybarat bolýar. Izar, lifaf we kamys. Izar bilen lifaf jesediň dabanyndan depesine çenli, kamys bolsa, boýnundan aýagynyň aşagyna çenli ýetmelidir. Üçüsiniň hem ini jesedi doly örter ýaly bolmalydyr. Zenanlarda bulardan başga syna abend we leçek ulanylýar. Syna abend boýy üç gez, ini goltukdan dyzynyň aşagyna çenli bolmalydyr. Leçegiň boýy iki gez, ini bir garyş bolýar.
Kepen ak matadan bolsa gowudyr.
Jesede ilki lifafy, soňra izary, ondan soň bolsa kamysy geýdirmeli. Aýallara ilki syna bendi, üstünden lifafý, onuň üstündenem izary ýazýarlar. Kamysy geýdirip, başyna leçek oraýarlar. Ilki çep tarapyny, soňra sag tarapyny izar, soňam lifaf bilen örtýärler. Kepene dolanandan soň, hoşboý ysly gül suwlaryny sepmek gerekdir. Kükregine göwüs dogasyny: «Bismillähi-rahmanrahym» dogany salyp goýmalydyr.
Kepen geýdirilenden soň, jesedi tabyda goýmaga taýýarlyk görülýär. Soňky döwürlerde köp gezek ulanylýan tabytlar ýasalyp ugraldy. Tabyt merdiwan şekilli bolup, bäş, ýedi ýa dokuz üzeňňiden ybarat bolýar.
Jeset şo durşuna tabyda goýulýan däldir. Aşagyna haly düşelip, soňra tabydyň üstünde goýulýar. Jeset daşaryk çykarylanda, ilki baş tarapy, soňra aýak tarapy çykarylýandyr. Şondan soň ýörite düşekli ýerde tabydy goýup, jynaza okalýar. Gapyňa çäge düşürmegiň bu günki durmuşda zerurlygy ýok hasaplaýaryn. Sebäbi biziň üpjünçiligimiz gowy, elimiz uzadan ýerimize ýetýär. Şonuň üçin çägä derek arassa düşek ýa-da ýörite mata ulanmak oňaýly bolar. Jynaza namazy okalyp bolnandan soňra, jesedi gonamçylyga alyp ugramaly. Tabydy merhumyň süňk hossarlary götermeli, kyrk ädimden soň, beýlekiler bilen gezekleşip gitmeli. Türkmençilikde tabyt götermek, bolmanda, oňa el degrip galmak uly sogap hasaplanýar. Merhum jaýlanýança aýat-doga okalmaýar.
Merhumlar gonamçylykda belli-belli ýerlerde jaýlanylýar. Garyndaşlar, köplenç, bir ýerräkde ýerlenilýär. Emma, öňünden öz mazar ýeriňi bellemek, bu barada öňünden sargyt etmek gelşiksiz hasaplanylýar.
Uzak ülkede galan mazardan gum getirip jaýlamak türkmen hatyra edebiniň rugsat berýän zatlarynyň biridir. Ýöne munuň berk düzgünleri bardyr. Ýörite gap äkidip, şol ýerden toprak alyp, ony gaba. salýarlar. Mazaryň başynda aýat-doga okalýar. Ýurduna getirilen topragy-da jeset jaýlan ýaly edip, ähli dessurlary berjaý edip jaýlamalydyr. Soňra bolsa, ähli belli günlerini belläp, sadakalar berilmelidir.
Gabyr gazylanda näçe çuň bolsa, şonça-da göwnemakul görünýär. Ýöne onuň çuňlugy adam guşaklygyndan az bolmaly däldir. Mazar gazylanda dörän gum üýşmegine haýrandepe diýilýär. Merhum ýere dolanylmazyndan öň tabydy bilen haýrandepäniň üstünde goýulýar. Soňra merhumy üstüne ýapylan matadyr beýleki ýapgylary aýryp, diňe kepeni bilen içki öýde ýerleşdirjeklere alyp berýärler. Olar jesedi emaý bilen içki öýde ýatyryp, kepeniň daňylaryny çözýärler. Merhumyň ýüzüni üç ýola ýelpeýärler. Türkmenlerde jeset mazar çukurynyň özünde goýulman, kybla tarapdan edilen içki öýde goýulýar. Oňa lahat diýilýär. Jesedi lahadyň içine salyp, onuň agzyny çig kerpiç bilen ýapmalydyr. Lahadyň agzyny bişen kerpiç ýa agaç bilen ýapmak bolmaýar. Eger toprak çägesöw bolup, lahadyň opurylmak howpy bar bolsa, onda mazar çukurynyň özünde ýene bir çukur edilip, jeset şonda jaýlanylýar. Oňa türkmenler «şak» diýip at berýärler.
Jesedi ýerlemek hatyra edebinde esasy pursatlaryň biridir. Ony jaýlamaga rugsady diňe süňk hossarlar berip bilýändir. Jeset ýerlenip, lahadyň agzy çig kerpiç bilen berkidilensoň, süňk hossarlar üç gezek gum oklaýarlar. Diňe şondan soň beýleki duranlaryň gum oklamaga haky bardyr. Gabyr diňe şol çukurdan alnan gum bilen basyrylýar, mazaryň üsti örküç şekilli edilip goýulýar. Mazaryň baş we aýak uçlaryna daş goýlup, merhumyň ady, atasynyň ady, doglan we ýogalan ýyllary ýazylýar.
Merhum depin edilenden soň, şol ýerde oturyp, aýat okalmalydyr. Mazarlykda uzyn aýat okalmasyn. Käte mazarlykda uzyn aýat okaýarlar. Aýady bir adamyň okany ýeterlikdir. Şondan soň, hossarlarynyň biri merhumyň algyly, bergili adamlaryna ýüzlenip, algy-bergiň kimiň boýnuna galandygyny yglan edýär. Şol pursat ýogalanyň nähili adamdygy baradaky mesele goýlup, oturanlar üç gezek berlen soraga üç gezegem; «Gowy adamdy!» diýip, jogap berýärler.
Gölegçiler ýas ýerine gelip, pillerini ýerde ýatyryp däl-de, tama. söýäp goýmaly we ýene bir gezek aýat-doga okalandan soň, märekä taňryýalkasyn aýdyp, rugsat berilýär.
Merhumyň belli günlerini bellemek örän gadymy oguz dessurlarynyň biridir. Bu dessur köklerini yslamdan öňki türkmen ynançlaryndan alyp gaýdýar we manysy boýunça merhumy hatyralamagy, merhum bilen hoşlaşmaklygy aňladýar. Merhumyň belli günleri üçi, ýedisi, kyrky, ýüzi hem-de ýylydyň Hut şol günlerde jesediň dargamagynda täze döwür başlanýar. Munuň özi jesedi birbada jaýlamadyk otparazlaryň jaýlanyş dessurynyň yslam döwründe täze röwüşe geçmegine, täzeçe düşünilmegine getiripdir we belli günler diýen adatyň döremegine esas bolupdyr.
Merhum ýogalandan soň geçen üç günüň dowamynda onuň gany gutarnykly doňýar. Türkmen-oguzlar şondan soň merhumyň gany şu dünýäde galan ganybir garyndaşlar bilen çekişmegini bes edýär hasaplapdyrlar. Diýmek, üç gün ganybirleriň ýas möhletidir.
Ýedi günden soň merhumyň gözi zaýalanyp, gözi gören, gatnaşan kişiler üçin ýas möhleti tamam bolýar.
Kyrk günüň dowamynda merhumyň aşgazan-garny ýarylýar, kyrk gün garyndaşlar üçin ýas möhletidir.
Ýüz günden adamyň ýüz-keşbi tanar ýaly bolmaýar, onsoň ýüzüni görenler, ýagny onuň duzuny iýip, gatnaşykda bolanlar, esasanam, ýakyn garyndaşlary, nebereleri ýasdan çykýar. Merhumyň aýyny bellemek käbir obalarda soňky döwürde döredi. Munuň gadymdan gelýän däbimiz bilen baglanyşygy we zerurlygy ýokdur.
Süňk hossarlar üçin ýas möhleti bir ýyldyr, çünki, bir ýyldan soň jesetden diňe süňk galýar diýip ynanç edilipdir. Süňk hossarlara ata, ene, äri ýa-da aýaly, doganlary we çagalary degişlidir. Ata-babalarymyz merhumyň ruhy bir ýyllap saklanýar, bir ýyldan soň ruh ýurduny täzeleýär diýip ynanypdyrlar. Merhumyň ruhy bir ýyllap, özüniň ýatlanylmagyny küýsäpdir. Merhumyň ruhy hoş bolar ýaly juma agşamlary öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okamagy durmuşyňyza giriziň.
Türkmen edebi boýunça belli günlerde sadaka berilmelidir we degişlilikde toparlaýyn ýasdan çykylmalydyr. Belli günlerde şatlyk alamatlary bolan işleri etmek, nahar çekilende, doýman-dolman iýip oturmak, degişmek edepsizlikdir. Nahar çekilende, diňe bir eliňde tabak bolmalydyr. Ýasa barylmagynyň manysy merhumyň hossarlaryna gynanç bildirmekdir. Ýas ýerinde ýogalan adamyň oňat taraplary hakynda gürrüň edilmeli. Dogan-garyndaşlar bolup galanyňda, öten ata-babalaryň ömri, nebere şejeresi barada gürrüň edilmelidir. Munuň şol ýerdäki ýaşlar üçin uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Obadaşlaryňyzyň, gatnaşan ýakyn adamlaryňyzyň ýogalandygyny eşitseňiz, ýörite habar berlerine garaşyp durman, ýas tutýan öýe baryň, merhumyň üçüne, ýedisine gatnaşyň, ýasyna, sadakasyna görünsem ýeterlik diýen pikir bilen çäklenmän, ýanlaryna baryp, merhumyň ýakynlaryna hökman gynanjyňyzy bildiriň.
Merhumyň maly tereke edilenden soň, gadymy oguzlar otuz ýylyň dowamynda aş sadakasyny beripdirler. Şonda uly mal öldürilip, köp märeke çagyrylýar. Aş sadakasy berlenden soň, ýogalan bende merhumlar dünýäsinde gutarnykly orun aldy hasaplanypdyr.
Merhumyň mazaryna zyýarat etmek sogapgünleri, anna hem-de ruhgünleri bellenilipdir. Gonamçylyga barlanda ähli merhumlara salam berilmelidir. Soňra degişli mazaryň kybla tarapyna baryp, arkaňy kybla, ýüzüňi mazara tarap edip, ilki salam berlip, soň doga okalýar. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda Garaşsyzlyk aýynyň 6-sy, Türkmenbaşy aýynyň 12-si we Magtymguly aýynyň 8-i ählihalk Ýatlama we Matam günleridir. Şol günler degişli adamlaryňam, başga merhumlaryňam mazarlaryna zyýarat edilse, aýat-dogalar okalsa, dogry bolar, sogap bolar.
Emma gabrystanda ýatmak, mazarlary depeläp ýörmek, üstünde oturmak, ahy-nala bilen uludan ses etmek edepsizlikdir. Hatyra günleri gonamçylyga baryp, müjewüriň ýolbaşçylygynda abadanlaşdyrmak, arassalamak, gury ol-çöpleri aýryşdyrmak gerekdir.
Mazaryň başynda dikilýän gadyr agajynyň ýagdaýyndan türkmenler mazara ideg edilýändigini ýa edilmeýändigini bilipdirler. Gadyr agajyna her barlanda dürli mata bölekleri asylypdyr. Idegsiz mazar dirileriň ruhy göýdükliginiň alamatydyr. Türkmeniň: «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan – beg», «Ölüsini sylamadyk – dirisini sylamaz» nakyllarynyň çuňňur adamkärçilik manysy bardyr. Şonuň üçinem, hatyra edebiniň ähli düzgün-kadalaryny berjaý etmek adamkärçilikdendir, türkmençilikdendir.

* * *
Ir zamanlardan bäri biziň halkymyzyň arasynda Aý, Gün, ýyldyzlar bilen bagly ynançlar, yrymlar bar. Bu ynançlar müneçjimlik bilen bagly ylymdan gelip çykypdyr. «Sähetli günler», «bisähet günler» il arasynda ýyldyzlara seredilip kesgitlenipdir. Ylaýta-da, Myrryh ýyldyzyna bolan garaýyşlar güýçli bolupdyr. Şol ýyldyz: «Bilmedige bildirerin, bileni hem öldürerin» diýýärmiş. Entegem şol ýyldyz gitjek ugruňda dogsa, şol gün sähetli gün hasap edilmeýär.
Türkmen göwnünden turan, ýüregine laýyk zatlary durmuşyna siňdiripdir. Ony döwrüne görä kämilleşdiripdir. Ony öz durmuşynda ýol-ýörelgesine öwrüpdir, adat edinipdir. Türkmen adatlary ilimiziň gündelik amal etmeli bolan ýaşaýyş düzgünleridir. Her bir adatda türkmeniň milli häsiýetine, ruhnama kybap gelýän aýratynlyklar bar.
Ata-babalarymyz dürli dinleriň täsirinde bolan bolsalarda, öz adatyny ýitirmändir. Indi asyrlarboýy adatymyz yslam dini bilen utgaşykly dowam edip gelýär.
Merhumy jaýlamak adatynda türkmenleriň özboluşly däp-dessurlary bar. Ýasda erkek adamlaryň telpek geýmek däbi otparazlar döwründen bäri dowam edip gelýär. Ol «başymda gam bar» diýen manyny aňladýar. Ýasda aýallar bürenjek atynýar, Ölen adamyň hossarlary kyrk gün geçýänçä, aýdym-saz diňlemeýärler, belli günleri geçýänçä toý tutmaýarlar.
Merhumyň üçi berilýänçä ýas tutýan öýde nahar bişirilmeýär, merhumyň ýakynlary, goňşy-golamlary ýas tutýanlara nahar bişirip eltýärler. Türkmençilikde ýas ýerine eltilýän saçaga täk çörek dolaýarlar. Ýas ýeri üç çöregiň birini alyp galyp, öýüňde mydama jübütük, abadanlyk bolsun diýen manyda, iki çörekli saçagy eýesine berýär ýa-da deregine süýji-köke gaýtarýar.
Toý ýerine diňe jübüt çörekli saçak eltilýär.
Duz-tagamdan soň töwir galdyrmak biziň ilimizde berk berjaý edilýär. Türkmen Gurhandan doga okap, töwir galdyranda, özüniň ata-baba adatyna görä, öz türkmen dilinde doga-dileg edýär.
Öwlüýäniň deňinden türkmen aýat-doga okap geçýär. Şu günlerde hem türkmen gonamçylygyň deňinden maşyndaky magnitafonynyň ýa-da radiosynyň sesini öçürmän geçýän däldir. Bu biziň ata-baba gelýän ýol-ýörelgämizdir.
Mähriban oglum! Eziz gyzym!
Bu zatlary takyk aýtmagymyň hikmetine düşündiňmi? Men bu zatlary giň ülkämiziň ähli ýerlerinde, ähli tire-taýpa aralarynda däp-dessurlaryň dürlüçe bolmazlygy, ähli däp-dessurlaryň ähli türkmen oba-şäherlerinde birmeňzeş berjaý edilmegi üçin, onsoňam bu zatlary takyk we doly bilmegiň üçin nygtadym.
Hatyra, Ýatlama günleri her oba bir ýere ýygnanyp, sadaka bersin, aýat-doga okasyn. Gonamçylyklary tertibe salsynlar. Gonamçylyklaryň daşyndan gök zolak aýlamak gerek. Obada ýaşap geçen atly-abraýly adamlary ýatlaň, aýratyn hem olaryň gowy taraplaryny köpräk ýatlaň! Öten-geçenleriň ruhlary bizden razy bolsun. Ýaşulularyň: «Toýa barmasaň barma welin, ýas ýerine hökman görün!» diýmeleri bardyr. Bu söz ýöne ýerden aýdylýan däldir. Başyňa iş düşende adama goldaw-hemaýat gerekdir. Ýakyny ýogalanyň ýanyna barlyp, oňa göwünlik bermegiň ähmiýeti uludyr. Adam şeýle pursatda göwünlige, hoş söze, dosty-ýaryna has mätäçdir. Adam agyr gününde-de, şat gününde-de göwündeş küýseýändir. Hoşamaý söz süňk döwýändir. Hoş söz synan göwne seýik bolýandyr. Adamlara hoş sözleriňizi gysganmaň, köpräk aýdyň!

Ruhnama II kitapdan.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 10 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: