11:08
Döwletbaşy -9/ romanyñ dowamy
6.

Guljan aga indi alty-edi gündür, hiç ynjalyp bilenokdy. Nursadap ýeňňe segseniň onundan gädip ugran adamsynyň beýle galjaňlygyny, beýle bikararlygyny öň bilenokdy. Ýaşulynyň gün guşluga galanda Aşgabada diýip gidişidi. Häzir bolsa agşam namazy geçip gidipdi.
Nursadap ýeňňe öýde ýeke özi telewizora seredip otyrdy.
– Hudaýa şükür, telewizorymyz-a aýdym-saz sandygyna öwrüldi. Öň aýdyma zar bolup geçdig-ä, sakyr-sakyrdan ýaňa...
Agzy tommajyk, saçy endiganja gyrkylyp, başyna gelişdirilipjik darapan diktor gelin häzir Türkmenistanyň Prezidentiniň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynyň gaýtalanyp görkeziljegini yglan etdi.
Nursadap ýeňňe aşhana bakan haýdady. Gazanyň aşagyny öçürip, gaýnap duran kitiriden «Ýaşuly gelse, çaýy mähetdel bolmasyn» diýip, çaýkap, süpürip çaý atyp goýan çäýnegini doldurdy-da, käsesinem alyp telewizoryň öňüne geçdi.
– Jan oglum, görünmediň diýdim-ä, gözümizi ýolda goýduň-a!
Ol Döwletbaşynyň ýagtydan nurana keşbini gören badyna, ony ýüzüne syldy.
– Wah, wah, seniň bu günlere ýeteniňi Sadap jan gören bolsa-dy, ol begenjine ýarylardy, ýarylardy, balam.
Ol emaý bilen baryp elini Döwletbaşynyň ekranda görünýän suratynyň maňlaýyna goýdy-da, ony täzeden synlady.
– Agyn özi-dä, görgüliniň!
Nursadap ýeňňäniň gözlerine ýaş aýlandy-da, damagy dolup, gaňşyrawugy tütäp gitdi. Onuň gözleri ekranda bir möhüm mesele barada jigerini paralap oturan Döwletbaşyda bolsa-da, hyýaly baryp uruş döwürleriniň yz ýanlaryna gidipdi.
...Urşuň däri ysly günleri geçip, ýeňiş geldi diýselerem, adamlaryň oňňudynda, gün-güzeranynda beýle bir üýtgeşiklik boluberenokdy.
Dogry, Aşgabatda harby eşikli adamlar, erkek kişiler birneme köpelipdi. Emma duldegşir goňşy bolup ýaşaýan Nursadap bilen Gurbansoltanyň howlusynda welin şol öňki hasratly, şol öňki gussaly durmuş höküm sürýärdi.
Bu iki zenanyň ykbalynyň şeýle meňzeşdigini el bilenem edip boljak däldi.
Gurbansoltana ýakynlary Sadap diýýärdiler. Nursadabyň hem ady Sadaba çenli gysgaldylypdy. Olaryň ikisem «Halybirleşikde» halyçydy. Ikisiniňem adamsy frontdady. Ikisiniňem üç ogly bardy.
Diňe Nursadabyň adamsy «dereksiz ýitdi» diýen gara hat gelipdi. Gurbansoltan-Sadabyň adamsyndan-da «gara hat» gelipdi.
Ýene bir tapawudy, garyndaş-doganlary golaýrakda ýaşansoň, agasy «Halybirleşikde» haly satyn alýan wekil bolup, Gypjakdan Aşgabada häli-şindi gelip duransoň, Gurbansoltan-Sadaplarda, näme diýseňem, tamşanara odur-budur tapylýardy.
Agasy süýdüni sagyp, garagözje çagalara berer ýaly, olaryň işiginde sagymlyk sygram daňypdy. Olaryň oba bilen aragatnaşygy gowudy. Onsoňam Gurbansoltanyň kakasy Gurbangeldi aga agtyklaryny hor etmejekbolup elinde baryny edýärdi. Munuň üstesine, Nursadap atdaşyny özünden ekabyr görýärdi. Ol gijelerine ýatmaýan ýalydy. Öýüne-de, işine-de ýetişýärdi.
Bu gelniň hasrat bilen balkyldap duran wepaly gözleri ap-akja, posalak, owadan ýüzüne nur sepelär durardy. Şonuň üçin oňa ak Sadap diýerdiler. Ol sadap diýseň sadapdy.
Emma Nursadabyň güni kynrakdy. Onuň ýerligi Kakadandy. Birwagt kärhanalara işçi ýetmeýän döwri Kakadan sürlüp getirilen gyzlaryň biridi ol. Kaka bilen aragatnaşygy bolmany üçin, güzeran öz başyna düşüpdi. Özem garaýagyzrak, dolmuşrak bolansoň, edenini kemsiz etse-de, birneme haýalrakdy. Onsoň oňa bile işleşýänleri «gara Sadap» diýýärdiler.
Bu iki Sadabyň ýene bir aýratynlyklary bardy. Ak Sadap «Raçki» kempudyny gowy görerdi. Gara Sadabyň öler aşy gurtdy.
Ak Sadap bilen gara Sadabyň iýeni aýry gidenokdy. Olaryň çagajyklaram bilejedi.
– Wah, hudaý jan, herimize bir gyzam beräýmeli eken-dä – diýip, gelinler gijäniň bir wagtyna çenli gaýma gaýap oturyşlaryna, käte arzuw ederdiler.
Bir gije iki Sadap çaluw çalmaly bolupdy. Olaryň çagalary ak Sadaplarda hatarja bolup ýatyrdylar. Ak Sadap çaluwy tikýärdi, gara Sadap bolsa ýüpegiň tarlaryny barmaklaryna dakyp, çaluw çalýardy.
Daşarda horazlar ýarygijäniň bolandygyny bogazlaryny ýyrtara getirip jar edýärdiler.
Gara Sadabyň ýüzi birden üýtgäp gitdi.
– A gyz, seniň öýüňd-ä bir şykyrdy bar!
Ak Sadabyň ýadaw, az-kem ukuly gözleri mähremlik bilen balkyldady.
– Goýsana gyz, howly içinden gurlan-a. Gijäniň içinde kimiň näme işi bar?
Olar bir gulaga öwrüldiler. Birdenem ak Sadap gülüp goý- berdi.
– Waý, Sapar janym, senmi, henizem ýataňokmy? – Ol ylgap baryp ortanjy ogluny ýerinden göterdi. – Näme ýataňok, janym!
Saparjyk akja, tokarja elleri bilen gözlerini owkalady.
– Seniň bilen ýatasym gelýär.
– Ak Sadap owsundy.
– Gel, gujagyma!
– Daýzam bar-a, utanýan-a.
– Bolsun, geläý!
Çagajyk ejesiniň gujagyna özüni urdy.
– Waý-eý, Sadap, seniň şu ogluň ýaman ejeçi-le, gyz. Toba-toba, oglanam beýle ejeçi boljak eken!
Ak Sadap monça boldy.
– A gyz, meniň şu oglum şeýle-dä. Iş edip otursamam, gelýär-de başyny dyzymda goýup ýatyr. – Aýryl, bala diýýänem welin, hiç edenok.
– A gyz, diýseň-diýmeseňem, şu ogluň seniň garaja janyň. Gözem, gaşynyň egremçesem, ýüzüniň aklygam sen-dä. – Gara Sadap ejesiniň dyzyna kellesini goýup ýatan Saparjygyň maňlaýyna aýasyny goýdy-da, saçyny ýapdy.
– Seret, seret, edil ak Sadap-da!
– Ejesine meňzän oglan bagtly bolarmyş – diýipdirler.
– Şeýle bolsun-da. Bu çagalaryň öň-ä bolmady. Iýjek, geýjek wagty uruş turdy. Görjek, guwanjak wagty kakalary fronta gitdi. Arkadag gerek wagty onuň «gara haty» geldi. Soňy bir gowy bolsun-da!..
– Nadyl bolma, dogan. Ýene seniňki elhal-a. Ejeň, kakaň, doganlaryň gelip dur, seni hor edenoklar. Meniňki kyn, senden başga hossarymam, ýeňim-ýakamam ýok.
– Wah, hawwa-la. Ol-a şeýle. Şujagaz kümüş apbasy ýaljak neresseleri sag-aman, abraý bilen ile goşsak, armanym ýok –diýip, ak Sadap ony makullady. – Ol birden başyny galdyrdy.
– A gyz, şol burçdaky agyr stolumyzy o jaýa geçirseg-ä, şu otag howdan ýaly boljak. Onsoň sen bizde boluberseňem, ýaza çenli, boljag-a.
– Bor, ertire bir çykaly. Häzir şakyrdadyp ýörmäli.
– Bor!
Ýene-de bir zat şakyrdady.
– A gyz, diýseň-diýmeseňem, seniň öýüňde bir zad-a şakyrdaýar.
Olaryň ikisem gulaga öwrüldiler.
– Işik kakylýar!
Ak Sadabyň nurly gözleri umytly balkyldady.
– Işik!
Olaryň ikisem çekine-çekine, daşary çykdy.
– Kimsiň?
Daşardan ýadaw ses eşidildi.
– Nursadab-a ýokdur sizde?
– Kim sen?
– Wa-aý.
– Men Guljan!
– Wa-aý, Guljanyň sesi!
Ak Sadabyň süňňi dyglap gitdi. Olar ylgap baryp işigi açdylar...
Şonda, baý, begenipdiler-ä.
– Meniňem Atamyradym şeýdipjik gelsin-dä, jan allam! – diýip, ak Sadap ýakasyny towlap, dileg edipdi.
Şol gije Nursadabyň ýadyndan dirikä-hä däl, topraga duwlanyp eti erese-de ýadyndan çykmaz. Şol gije «diri ýitdi» diýlen adamsynyň ýedi ýyldan soň maşgalasyna gowşan gijesidi. Şol gije baryny deň paýlaşyp, aýalam bolsa, erkek dogany kimin goldan, ene deregini, aýal dogan deregini tutan eziz jorasynyň didaryny iň soňky sapar gören gijesidi.
Ertesi agşam Aşgabadyň başyna agyr melamat inip, perişde kimin jorasyny arman bilen alyp gidipdi.
– Wah, özüm kesegiň aşagynda galyp, Bakuwa äkidilenim üçin, seni ahyr ýoluňa elin ugradybam bilmedim-ä, Sadap jan. Beren duzlaryňy, eden hemaýatyňy gaýtarybam bilmedim-dä, Sadap jan. Ýalňyz başyňy idäbem bilmedim-dä, Sadap jan. Günämi geç, dogan. Maňa derek sen galan bolsaň, balalaryma ene bolardyň, Sadap jan! Men ony edip bilmedim, bilmedim!..
Nursadap ýeňňe elenip, ses edip eňredi.
– Näme-how, beýdip otyrsyň-how – diýen, Guljan aga öýe girip, ähimm-ühüm etse-de, aýalynyň muňa üns bermän, telewizora garap eňräp oturyşyny geň gördi. – Eýgilikmidir?
Adamsynyň sesine tisginip, oýundan açylan Nursadap ýeňňe gözleriniň ýaşyny syldy.
– Men guraýyn-da, oguljygymy gördüm-de, Sadap jany ýatlanymy duýmandyryn...
Guljan aga aýalynyň sözüne kän bir pitiwa bermän, öz göwnündäkini aýdyp başlady:
– Hawa, gördüm ogluňy, sorady. Ýanyna bardym!
Nursadap ýeňňe çaýy bir wagt buza dönen çäýnegini tas elinden gaçyrypdy.
– Waý, hakyt gördüňmi? Ýanyna bardyňmy? Hakyt goýberdilermi ýanyna...
Ýaşuly geň galdy.
– Näme goýbermän, barsam, ýygnak geçirip oturan eken, meni gördi-de, ýygnagyny goýup daş çykdy. «Kaka, salawmaleýkim!» diýdi. Seni sorady. Tüweleme, şul oglumyz artykmaç, Nursadap...
Nursadap ýeňňe-de hiç zada düşünmedi.
– Sen nirä bardyň? Kimi gördüň?
Ýaşuly aňk-taňk boldy.
– Saňa näme bold-aý, bu gün, «ähüm-ühüm» edýän, ses bereňok, bir zat sorasaň, başga zady aýdýaň. Berýän sowalyňam-a... – Ol telpegini, donuny çykardy-da, öňküje oturýan ýerinde goýdy. – Elbetde, uniwersitete bardym. Atamy gördüm.
Ýaşuly synjalyk kündügi durýan dula garady.
– Agşamam geçip gidendir. Men bir synja kylyp, kazasyny dolaýyn...
Ýaşuly synjalygy alyp daş çykan badyna, Nursadap ýeňňe ýene-de telewizoryň ekranyna garady.
...Ol baryp-ha Nyýazow partiýanyň birinji sekretary bolanyndan bäri, bu oglany telewizorda görse, mähri gidip ýördi. Göýä, öz balasy Atamyrady görmän-görmän görene dönýärdi.
«Öz-ä bir mähriban çaga. Keşbi gözümde galypdyr» diýer ýörerdi. Soň-soňlar oňa «meniň oglum» diýip başlapdy. – Ilimiň eýesi, bilimiň söýesi, ýüzi nurly, dili senaly balam – diýip, ony öz ýanyndan ezizleýärdi. – Aýagyň düşdi bu ile, boýuňa döneýin, oglum – diýýärdi.
Muňa käte Guljan aganyň göwni galaýjagam bolýardy.
– Sen, how, öz ogluňa diýmedik sözleriňi iliň çagasyna aýdyberýäň-le – diýýärdi.
– Wah, öz oglumy dokuz aýlap garnymda göteren bolsam, ak süýdüm bilen emdirip, ýedi ýaşaýança boýnumdan asan bolsam, başga näme gerek. Balamyň gitjek ýeri ýok. Ýöne şu oglanyň ýüzünde pygamberlik nur bar. Bu çaga bihal adam däldir, ine, görersiň diýýärdi.
Ol Döwletbaşy Prezident saýlanan uçurlary Aşgabada, agtyklarynyň arasyna gitdi. Şolar bilen bazarlap ýörkä-de birwagt bileje işleşen jorasy, köplenç «Halybirleşigiň» başlygy bolan Nurtäç boýdaşyna duşdy.
Olar birdenem ak Sadaby ýatladylar.
– A gyz – diýip, Nurtäç Nursadaba tutundy. – Şu Prezidentimiz kim diýsene?
– Kim gyz!
Nurtäç gözlerini güldürdi.
– Agşam şol telewizorda çykyş edýär. Eliň bilen maňlaýynyň ýokarsyny ýapyp gör. Şonda görersiň. Men häzir aýtmaýyn...
Nurtäç onuň kimiň ogludygyny aýtmandy. Agşam Nursadap ýeňňäniň özi gelip, Prezident halka ýüzlenip durka, aýasyny onuň maňlaýyna goýdy. Maňlaýyň ýarysy ýapylansoň gaş, owadan gözler galdy welin, ol tisginip gitdi.
– Waý! – Öýde Guljan aga, ogullary, gelinleri, agtyklary hemem goňşy aýallar nahar iýip otyrdylar. – Aýalynyň adam barka-da birdenkä töre geçip, telewizoryň ýüzüne elini goýup ýörmesini geň görüp oturan ýaşuly, onuň beýle sesine hasam ör-gökden geldi. Ogly Atamyradam saçagyň başynda ör turanyny duýman galdy – Waý, Sadap jan, waý, saklaň, Sadap jan. – Nursadap ýeňňe sandyrap aglady. – Boýuňa döneýin, asyl senmidiň? Boýuňa döneýin...
Atamyrat ejesiniň ýanyna böküp bardy.
– Eje, eje, gel, oturaly. Gel, bileje nahar iýeli! – Ol ejesiňiň golundan emaý bilen tutdy-da, ony öz gapdaljygynda oturtdy.
Bir salym hiç kimden ses çykmady.
– Ene, saňa näme bold-aý! – diýip, körpeje agtygy sorady.
– Ol dälired-ow – diýip, ondan tokarragy akyl satan boldy. – Däliler naharyň başynda ýerinden turup, adam bolsa-da aglap, gülüp ýör-ä. – Ol sözüni tassyklatmak üçin atasyna tutundy. – Hä diý, ata.
– Hany, gapylsana. Agzyňy haýyr açsana!
Garry ene gelnine çaý owurtlap oturyşyna elini salgady.
– Gelin jan, degme! – Ol az-kem özüni dürsedi-de, telewizo-ra elini uzatdy. – Men duýdum-a, mähriban diýip, ýüregimiň başy awady durd-a, her görenimde, balamy?
Ýaşuly rahat gürledi.
– Nätdiň-äý muny enesi, hany bize-de aýt näme bolanyny:
– Bolany, ine Prezidentimiz şol Sadap janyň ogly eken-dä.
– Haýsy Sadap?
– Sen frontdan gelen gijäň barmadyňmy öýüne. «Bize hossar çykan» diýsem, «asylly maşgala eken» diýdiň-ä. Ertesi gije-de ýer yranyp «iki oguljygy bilen armanly bolupdyr» diýip aglap ýörmänmidim. «Birje ogly galypdyr, niredekä?» diýdim ýördüm-ä. – Ol emedekläp ýene-de telewizoryň öňüne bardy-da, ekranda gürläp duran Döwletbaşynyň maňlaýyny bekledi – Agyn öz-ä. Indi tanadyňmy?
Hiç kim sesini çykarmady. Ýöne şondan soň Nursadap ýeňňäniň ogly dört bolupdy. «Täze ogul» telewizoryň ekrany boýunça öýe gelip gidýärdi. Adamsynyň göwnüne bolmasa, aýaly «täze ogluny» beýleki üç oglundanam artygrak görýän ýalydy.
– Wah, wah, çagam, ene mähri, ata mähri ýüzüni sypamansoň, ene mährinden doýmansoň, öz gözlerini özi süpürýär-dä – diýip, Döwletbaşynyň ýygy-ýygydan aýalary bilen gözlerini süpürişindenem many çykarýardy. – Ana, gördüňmi – diýip, baryp «balam» diýip ekranyň ýüzünden «täze oglunyň» ýüzüni-gözüni süpürip gaýdýardy.
Guljan aga namazyny okap gelip, çaýyny öňüne alandan soň:
– Morta-ha gelen däldir – diýip sorady.
– Ýok!
– Wah, netikaza! – diýip, ýaşuly başyny gaharly ýaýkady. – Bularmy, bular baryna şükür edip oturjak adamlar däl-ä.
Nursadap ýeňňe çemlije tabaga çörek dograp oturşyna adamsynyň göwnüni sorady.
– Seniňem-ä şo-ol guşlukdaky gidişiň. Bir hyýal-a münýäň. Ýa segsenden soň öýlenäýsem diýip ýörmüň. Menden ýaşyryn galpyldyň-a köpeldi.
– Aý, senem-ä – diýip, ýaşuly loh-loh edip güldi. – Indi özüň ýalbaryp otursaňam, bizden onuň ýaly iş çykasy ýok. Sen arkaýyn bolaý. – Ýaşulynyň ýüzi kem-kemden öňki kaddyna geldi-de, birdenem birahatlandy.
– Be, Morta gelmedi diýdiň-ow – diýip, gamgyn halda aýtdy. – Adamlarda messep bolmal-a. Men oňa barma diýdim-ä.
Nursadap ýeňňe çanaga çorba guýup geldi-de, ýaşulynyň öňündäki saçagyň üstünde goýdy. Ol adamsynyň kalbyndaky topalaňyň nämedigini bilesi gelse-de saklandy.
Ýaşuly welin saklanyp bilmedi.
– Arada, ol Arryk pyýadanyň ýeksurunynyň öýüne baranymy-ha aýtdym saňa!
Nursadap ýeňňe nahara güýmenen bolup oturyşyna, baryp haýsydyr bir gepleşige başlan telewizory öçürdi.
– Hawa, aýtdyň-la. Ol bu günem adam iberipdir-ä.
– Wah, ony ýer ýuwutsyn.
– Hä, oňa ne beýle it degdi. «Arryk pyýadanyň şu ogl-a tüweleme, soňuny düzetjek, oba-gara gep-ä getirdenok» diýip, ony asmandan asyp ýördüň-ä.
– Wah, men guraýyn, asmandan asan bolsam. Meni oda goýdy. Ol öýi köýeniň çagasy, diýmäýin diýsem.
– Ine, ine, ne beýle ot alyberdiň?
Ol biziň Döwletbaşymyza daraşýa, Döwletbaşymyza.
– Toba, toba, öz oglumamy?
Götüne birtopar bidöwlet kezzaplary tirkäp, günde şagal mesligini edip ýörşüne-de «bolýa-la» diýip ýören janym, indi bularyň kürenine düşüp ýörsem näme. Ine, bularam bir topar haram süýt emen näkesler, üýşüp, döwleti agdarmaly diýip bir çukura tüýkürip otyrlar. Barysynyň daýanjam şol ýeksurun. Asyl, ol ähli ogrularyň baştutany bolsa näbilýäň!
– Goýaweri!
– Goýaweri däl, özüm gözüm bilenem gördüm, gulagym bilenem eşitdim. Olaryň päli gowulyga çekjek däl. Özem ol bir oýun-oýunjak däl. Gaty çynlary. Magtymguly şahyr:
Käpirler jem bolup ýyksa Käbäni,
Ýezit gider agaçlarny satmaga – diýmänmi.
Käbäni ýykypdyrlar-a. Bul-a bir ýetim oglanyň ýaňyja baş bolan döwleti...
– Toba, toba. Hudaýym. – Nursadap ýeňňe ýakasyny towlady. – Toba estagpuralla, eşitmedigimiz bolsun. Balajygymy öz penaňda saklaweri!
Ýaşuly bu günki şähere gitmesiniň sebäbini gürrüň berip başlady.
Ol indi bäş-alty gün bäri Aşgabatdan bäri gelenokdy. Ilkinji güni Türkmenistanyň kazysyny tapyp, şonuň bilen gapyma-gapy diýen ýaly aýlanyp, dili dogaly, namazly-täretli ýaşuly bolsa, öýüne girip çykypdylar. Birki sany metjide aýlanypdylar.
– Oglanlara-da tabşyryň, özüňizem berk duruň, her hili azgynçylyk, ýokmaz gep-gürrüň bolsa, hä berilmesin – diýýärdi. Ýöne näme üçin gelenini, bu gepi näme üçin diýýänini welin ýaşyrdy.
«Entek gaýa ýok, gopuz ýok, bir näkesiň aýdan sözi üçin ili dowla salmaýyn» diýdi. Ýöne ogluna welin berk aýtdy.
– Atam, bir topar gurrumsak üýşüp, ýaşlary, garrylary azdyryp hökümedi ýykalyň diýip otyr. Sen oglanlaryňdanam, mugallymlaryndanam habardar bol. Eger sözüňi diňlejek bolsalar, beýleki okuw jaýlarynyň ýolbaşçylaryna-da duýdur.
Atamyrat hem agyr oýa batdy.
– Haý, bidöwletler, bu bend-ä «agzybirligi saklalyň» diýip, gijesini gündiz edip ýör. Bular bolsa. – Ol kakasyna möhüm geňeş bilen ýüzlendi. – Ýa bolmasa, Içeri işler ministrligine, döwlet howpsuzlygyna duýduraýaýyn...
Ýaşuly başyny howsalaly ýaýkady:
– Goýaweri, goýaweri. Men ýalňyşmasam, şu döwleti agdaryp, Döwletbaşa derek başga birini goýmaly diýen gep, aslynda ýaňky sananlaryňdan çykýan bolmaly...
– Aý, ýog-a.
– Aý, ýogasy şol. Men ýaňky adyny tutýanlaryň iň ulusyny, hawa, iň ulusyny şol ýeksurunyň saçagynyň başynda, şu gep edilen agşamy gördüm. Özlerem gaty arkaýyn. Ol neressä-de «Dikme» diýen bolýarlar. «Dikmäni» agdaryp, ýerine «ýaşulyny» goýarys diýýäler. «Ýaşulusy» kim, ony aňyp bilmedim. Onsoň senem olaryň özüne bu gürrüňi habar berseň, seni ýok etmänem hiç zatça bilmezler, ol ganojakpar. Sen entejik, oglanlaryňa berk bol. Töweregiňe-de bu gepi aýtman, ugruny tapyp, gaty sak bolmagy tabşyr. Ol päli azanlardan bäş wagt namazdan başga her zat çykar...
Morta molla gijäniň bir wagty, Guljan aga «ýerime giräýsemmikäm?» diýip, ikigöwünli bolup oturan pursady geldi.
– Haý, haý, babaý, ýataňak-maý – diýip, degşen boldy. – Men- ä kempiriň bilen çolaşyp ýatansyň, birneme söýüşsinlerem bir diýdim. Ýene-de lebiz edemsoň sowladym...
Ýaşuly jogap bermedi.
– Sähet janlardan gelýän. Aý, olaryň päl-ä ul-ow!
– Näme diýýäler, beýle uly pälläp?
– Ýurdy aljak diýdiler. On sany birgat döretdiler... – Ol jübüsinden ullakan ak ýaglyk çykaryp ýüzüni süpürdi. – Bir birgadam, iniňi bellediler.
– O nämäniň birgady?
– Men-ä kän bir pitiwa etmedim, özüme-hä «Sen ähli dindary höküwmede garşy aýaga galdyrmaly» diýdiler.
Ýaşulynyň sesi bokurdagyna degip çykdy.
– Sen näme diýdiň?
– Bor diýdim. Sähet jan zor haw. Ähli syrty kädili şonuň ugrunda. Ministrmiň, uly-uly başlykmysyň, gapdalynda gyşaryşy-yp, tirek çekişip ýatyrlar. Näme diýse-de, «lepbeý» diýip durlar-haw.
Ýaşuly darykdy.
– Sen haçandan göreşmeli höküwmede garşy.
Morta molla bu sowala ünsem bermedi.
– Sähet jan-aý, meni olaryň ýanynda öz mollasy etdi goýaýdy. Egnime, ine, şu kassumy ýapdy. Nirede gören zadymyz...
– Sen indi näme etsem diýýäň?
– Men näme edeýin? Olara-ha «hoş» diýdim. Hoşuň atasy ölmändir. Mollasy bolsam, mollasy ekenim-dä. Kimden gördüm beýle ýagşylygy!
– O nämäniň ýagşylygymyş?
– Ýagşylyk bor-da işigime iki halta un düşürdipdir.Bu gün bir kassum berdi. Syrty kädililer bilen oturtdy.Birgat saýlady. «Öz mollam» diýip otyr. Munça ýagşylygy öň kim edipdir maňa!
Guljan aga bir salym sesini çykarman oturdy-da, soňam elini Morta mollanyň eline goýdy.
– Morta, inim, men saňa bir zat diýeýin.
– Aýt, aýt, babaý, men, men...
– Diňle! – Ýaşuly elini silkip aldy. – Diňle – Gaýdyp garaň görünmesin şol ýerde, düşündiňmi?
– Bor, babaý, bor! Ýöne, näme, olar erbetmi?
– Erbet! Olar türkmeniň aýagyna palta urjak bolýarlar, külli türkmeniň, düşündiňmi?
– Düşündim, babaý, düşündim! Ölsemem, barmaýan men... Morta molla şonça söz berse-de, ertesi ýene-de «Ýenjiklere» baryp, olaryň hut «öz mollasy» bolup oturypdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: