10:55
Sahypkyran Gutulmyş beg -21/ romanyñ dowamy
Ýigriminji bap

Gutulmyş beg hiç wagt özüniň çäklendirilmegini halamaýardy. Ol bütin ömrüne hiç bir zada çäk goýman, erkin ýaşady, galan ömrüni hem erkin, çäksiz ýaşamak isleýärdi. Togrul begiň çapary Saryýa şäherine gelip, soltanyň Gutulmyş beg, Resultegin bilen Mosul şäherinde duşuşmak isleýändigi, häzir özüniň ýoldadygy — Diýarbekire Ýakut bilen duşuşmaga barýandygy, duşuşykdan soň, Mosula barjakdygy hakda eşidende, dogrusy, Gutulmyş beg lapykeç boldy. «Haý, Togrulam ownap ugrapdyr-ow indi. Mansura eçilen yktasynyň ujundan aljak bolýar-ow!» diýip, hyrçyny dişledi. Resultegin bilen göwünli-göwünsiz ýola düşdi.
«Kyblaýy älemim, Mansur begiň yktasyndan birki şäher kemeleni bilen üýtgejek zat ýok. Onuň yktasy biçak uly. Eger Mansur yktasyny az görse, Şama, Halaba sary ýöriş ederis. Näçe islese, ülke alyp bereris» diýip, emir Abu Buga Gutulmyş bege göwünlik bermäge çalyşdy.
Emir Abu Buganyň bu sözi Gutulmyş bege makul göründi. Herhal, ol nägileligini ýaňzytdy:
«Gutulmyş begiň göwnüne degip ýalkanan adam ýokdur. Kim meni öýkeletse, şol kişi ýowuz belaga sataşýandyr».
«Örän dürs aýdýarsyňyz, kyblaýy älemim...».
Gutulmyş beg ýola düşmezinden burun Zenjan şäherinde Altynjan hatynyň iň soňky demini sanap ýatandygy hakda eşitdi. Şonuň üçinem ol Altynjan hatynyň derdine melhem boljak, ony ölümden alyp galjak dermanlary ýanyna aldy. Onda Togrul soltan maňa: «Hatynym näsag ýatyr, onuň sagalmagyna ýardam et!» diýip, çapar ýollar diýen inçe tama bardy, ýanyna däri-dermanlary, ine, şu inçe tama bilen, soňundan däri-dermanlarynyň yzyndan adam ýollap ýörmezlik üçin alypdy. Dogrusy, ol soltanyň öz hatyny barada ýardam soramandygyna gynandy.
Gutulmyş begiň Altynjan hatyna goýýan hatyrasy uludy, onuň aýaga galmagyna özüniň nepiniň degmegini isleýärdi. Ýöne elinden gelýän zat ýokdy, towakga edilmese, biriniň hatynynyň ýanyna baryp bolmaz, her hili ýowuz gepe galmagyň mümkin. Gutulmyş hem şol ýowuz gepe galmakdan howatyrlanyp, Zenjana sowulman, onuň deňinden aýlanyp geçip gitdi.
Belki, bu zatlar Gutulmyş üçin bahanadyr?! Altynjana em edendigi üçin oňa, heý, Togrul beg gyşyk söz diýermi? Onda-da ýetmiş ýaşda? Belki, Ybraýym ynalyň öldürilmegine buýruk berendigi üçin Gutulmyş beg ondan kine saklaýandyr?!
Wellahu aglam! — Alla ýagşy bilýändir!
Togrul beg şol mahal Diýarbekirde eken. Onuň maksady Diýarbekirden Mosula barmak, ol ýerden emirleriniň birine (Gutulmyş Mosulyň töwereginden ykta almakçy bolýan emiriň kimdigini takyk bilmeýärdi) ykta berip, şondan soň hatyny Altynjany Zenjandan alyp, Reýe aşmakdy.
Gutulmyş ýolboýy Togrul soltanyň bu tutumynyň başa barmazlygyny dileg etdi. Ýa Allatagala Gutulmyş begiň dilegini eşidip amal berdi, ýa Altynjanyň ýazgydy şeýle geldi. Diýarbekirden çykan Togrul beg Mosula däl-de, göni Zenjana gitmeli boldy. Çünki yzyndan çapar gelip, şum habar aýtdy:
«Altynjan hatyn bu dünýäden göç eýledi!..».
Gutulmyş beg bolsa Altynjan hatynyň ýogalandygy hakdaky habary Diýar-Mudar welaýatyndaka eşitdi.

Ýigrimi birinji bap

Resultegin Altynjanyň patasyna Gutulmyşyň hem gitmegini talap etdi, soňundan ýalbardy. Gutulmyş, barybir, pikirini üýtgetmedi. Näme üçin gitmeýändiginiň sebäbini-de aýtmady, ýogsam Resultegin bu barada ondan telim ýola sorady. Gutulmyş açyk pyşgyrmady. Onuň niýeti ýazylyp-ýaýrap dynç almakdy, dünýäniň ähli dert-endişesini aňyndan aýyrmakdy, ýöne onuň bu isläni bolmady. Mansuryň yktasynda-da — Diýar-Mudarda-da, Mosulda-da Gutulmyş begiň içi gysdy. Asyl gudratly daşlaryňam oňa o diýen ýardamy bolmady. Ýogsam onuň ýanynda her hili melhem otlar, keramatly daşlar, suhangöýler, aýdymçylar, sazandalar bardy. Depreklerdir dumbelekler, her hili saz gurallary diňe Gutulmyş begiň göwnüni götermegiň hyzmatyndady. Seçelenip duran tylla saçly, ap-ak bedenli owadan rum gyzlary ýarym ýalaňaç rakys edýärdiler. Olaryň boýunlaryndaky, bileklerindäki owadandan owadan tylla-kümüş halhallar, şaý-sepler şaňňyrdaşýardy. Gutulmyş beg rum gyzlarynyň hereketlerine gözlerini aýyrman seredýärdi.
Uzaga çekiberse, gowy zatlaram ýadatjak, irizjek eken. Meýlis, şöhwet, şagalaň Gutulmyş begi irizdi. Şonuň üçin ol Reýe bakan ýola düşmegi ýüregine düwdi. Ol ýola düşmesine düşdi, ýöne bir menzilden soň saklandy. Näme üçindir, onuň Reýe-de, Saryýa-da gidesi gelmedi. Yzyna öwrülip, ogly Mansuryň ýanyna bardy.
On bäş günden soň Mosula gelen Resultegin Gutulmyşa Reýe ýedi yklymdan adamlaryň barandygyny, Altynjanyň ölüminiň soltana juda agyr degendiginiň duýulýandygyny, özüni gören dessine: «Hany, Gutulmyş?! Ol näme üçin gelmedi? Men bilýärin, ol keselländir. Ýogsam ol hökman gelerdi. Mosuldaky pajygada onuň bagry ezilipdir. Ýarawlygy nähili? Jany sagmy?» diýip sorandygyny aýtdy. Resulteginiň bir derdi bardy: ol içgä aşa göwün berýärdi. Bozadyr ýa rakiýa bir agzyna degensoň, ýigrimi-otuz günläp serhoşlugy dowam edýärdi.
Gutulmyş beg ýalňyz doganynyň bu häsiýetini halamaýardy, onuň boza içmesini goýdurjak bolup köp yhlas etdi. Onuň baran ýerlerinden serhoş ediji içgileri aýyrýardy. Barybir, Resultegin boza tapýardy. Bir agzy degensoňam ony saklap bolanokdy. Sag wagty agasyny sylap, hormat saklaýan Resultegin içensoň welin, ýüregindäkini Gutulmyşa açyk aýdýardy.
Allatagala serhoşlary gowy görýän bolmaly, olaryň rysgyny hiç wagt kem edenok: gapy ýapyk bolsa, tüýnükden uzadyp berýär. Gutulmyş Resulteginiň rysgyna, boza tapyşyna haýranlar galýardy.
Içensoň Resulteginiň gürrüňi köpelýärdi. Mes wagty onuň köp gaýtalaýan pikirleri bardy:
— Men Abu Hanypanyň mezhebine döneýin — diýip, Resultegin pelsepe otarýardy. — Ol meniň üçin mezhep döredipdir. Maňa Abu Hanypanyň mezhebinden başga mezhep gerek däl. Men başga mezheplerde ýaşabam biljek däl. Şapygy «Küşt oýna!» diýýär, Mäliki: «Hatynyňy wejera eýläp zynada bol!» diýýär. Abu Hanypa näme diýýär?! Ol: «Adam ogly bu dünýäde mest bolsun — diýýär. — Şerap içsin. Şerap içmek dürsdür» diýýär. Abu Hanypa döneýin men. Din diýmek näme? Din diýmek — şatlanmaly däl, o dünýäňi ýatlamaly diýmek. Ähli dinleriň, mezhepleriň içinde diňe Abu Hanypa «Şatlanyň, mes boluň, şerap içiň!» diýýär. Nasrany dini-de20, musaýy, buddaýy dinleri-de: «Şatlanyň, mes boluň, şerap içiň!» diýip aýtmaýar. Türkmenler Abu Hanypany gowy görýär, sebäbi mes bolmak türkmeniň süňňünde bar! Mes bolmak erbet däl-ä! Men öz durmuşymy gowy görýän, ýöne men Gutulmyş ýaly bolup bilmerin. Gutulmyş, men seni halaýaryn hem halamaýaryn. Men saňa, dogrymy aýdaýyn, köp pursatlarda guwanýaryn. Saňa buýsanýaryn.
Ýöne ikimiz aýry-aýry adamlar. Ikimiziň tapawudymyz nämede? Sen bilýän dälsiň. Men welin bilýärin. Sen bu dünýäni çyn bilip ýaşaýarsyň, men bolsa bu dünýäni ýalan bilip ýaşaýaryn. Ine, ikimiziň iň esasy tapawudymyz şundan ybarat.
Gutulmyş beg Resulteginiň aram-aram ençe günläp serhoş bolup ýatýandygyny ilden ýaşyrmaga çalşardy. Resultegin welin, mes bolansoň adamlaryň arasyna çykyp, olara durmuşyň nämedigini düşündirmek isleýärdi.
Boza adamy her hili edýär, kimi myr-myrlap oturan pişik, kimi agnap ýören doňuz, kimi arlap duran ýolbars edýärdi. Resultegin serhoş bolansoň, nämedir bir zady düşündirjek bolup heläk bolardy, teý, gürrüňi gutarmazdy. Ol arlamazdy, agnamazdy. Myr-myrlap gürlär oturardy.
Özem mes bolansoň, köplenç, Gutulmyşyň ýanyna barardy.
— Eh, agam, eh, doganym, eh, Salyh beg, men seni Seýfullam21 saýdym, sen köp kapyrlary musulman etdiň. Sen köp-köp obalaryň adamlaryny jebir-sütemden azat etdiň — diýip, Resultegin Gutulmyşyň gaşyna gelip oturdy. — Seniň ornuň o dünýäde jennet bolar. Seniň barlygyňda men köp-köp sogaplar gazandym! — Gürrüňini Gutulmyşyň sowuk-sala diňlemesi Resulteginiň gaharyny getirdi. Herhal, içki nägileligini daşyna çykarman dymdy. Ýöne Gutulmyşyň oslagsyz soragy onuň ganyny depesine urdurdy.
— Wasyt ülkesi Altynjanyň yktasydy. Indi ol ýerini näme etmeli bolarys?!
Ýaňy desserhanyň başyna geçen Resultegin Gutulmyşa gözlerini petredip seretdi. Ýumruklary düwüldi, sandyr-sandyr etdi. Ol tarsa ýerinden turup, aýylganç gygyrdy:
— Gapyl! Gapyl! Sen!.. Sen!..
Resultegin gaty-gaty ýöräp bargähden çykyp gitdi.
— Saklan, saklan! Düşünişeli!
Resultegin öz gulamlary bilen şäherden çykyp gitdi. Gutulmyş doganynyň näme üçin gaharlanandygyna hiç akyl ýetirip bilmedi.
Resultegin şol badyna Saryýa gaýdan eken. Bir hepdeden soň Gutulmyş hem Saryýa ugrady. Öňünden şähere habar gönderdi. «Goý, Resultegin şäheriň günbatar derwezesiniň öňüňde maňa garaşsyn!»
Gutulmyş beg dogany bilen şäheriň günbatar çetinde hylwaty düşünişmek üçin duşuşdy.
Resultegin içini dökdi:
— Sen meniň ömrümi köýdürdiň. Sen meni diri ýakdyň. Atamyz ýogaljak wagty ýabgulygyny uly ogly Ysraýyla — ikimiziň babamyza weliahdym berdi: mirasdüşerlik patasyny berdi. Ýaş hem bolsam, dek şu günki ýaly ýadymda dur, babam geňeşde: «Eger-de saý-sebäp bilen ýa garaşylmadyk ýagdaýda Allatagalanyň amanadyny yzyna tabşyrmaly bolsam, onda men özümiň ýabgulygymy oglum Gutulmyş ibn Ysraýyla weliahdym berýärin» diýipdi. Arslan ýabgunyň ol sözi seniň hem ýadyňdan çykandyr öýdemok. Sebäbi geňeşden soň Arslan ýabgunyň bu sözlerine begenmek begenipdik. Sen meni gujaklap daşyňdan pyrlandyrypdyň, şonda. Arslan ýabgunyň bu sözleri Seljuk nesebiniň ýekesiniň hem ýadyndan çykan däldir. Sebäbi bu söz dilden-dile geçip, syrgynlaryň, uly-kiçiniň esasy gürrüňine öwrülipdi. Bir gün obada ýoklugymyzdan peýdalanyp, seniň hatynyň bilen iki sany ýaňy ýörjen-ýörjen ogluňy öldüripdiler. Sen gam donuny geýipdiň. Arslan ýabgu soltan Mahmydyň ýanyna gidende seni öz ornunda oturdyp gitmekçi bolupdy. Sen bolsa, Mahmyt soltany görmek isleýändigiňi aýdyp, bile gitmek üçin ýalbarmak ýalbarypdyň. Şonuň üçin Ysraýyl ýabgu seni ýanyna alypdy, öz ornuna Musa begiň ogly Ýusuby wagtlaýynça goýup gidipdi.
— Sen maňa bu gürrüňleri ýadyndan çykarandyr öýdüp ýatladýarsyňmy? Maňa bularyň gerek ýeri ýok. Ol günleri men başdan geçirdim: bäş barmagym ýaly bilýärin. Men ol günleri ýatlamak islemeýärin.
— Sen näme üçin meniň sözümi bölýärsiň? Sen hiç wagtam meni doly diňlemediň.
— Sen näme diýjek bolýarsyň?
— Diňlemeseň, men ony nädip aýdaýyn?!
— Diňläp otyryn men. Men düşünmekçi bolýaryn.
— Düşünmekçi bolsaň, geplemän otur!
Gutulmyş beg hyrçyny dişläp, aşak bakdy.
— Aýatda diri gezip ýören Seljuk neberesiniň dogmalarynyň içinde diňe bir adam bar. Bilýärsiňmi, şol mirasdüşerlik pataly — weliahdym berlen adamyň kimdigini?
— Näme diýmekçi bolýandygyňy çak edýärin.
— Sen çak edýärsiň, men takyk bilýärin. Seljuk neberesinde diňe bir adamyň patyşa bolmaga patasy bar. Ol pataly kişi hem — bilmeýän bolsaň, kunýasynam aýdaýyn, bek bil! — Sen, ýagny Şyhabeddöwle Gutulmyş ibn Ysraýyl Arslan ýabgu Seljuk bin Dukak! Özüne as-soltan al-Muazzym Rukneddünýä wed-Din Abu Talyp hemem soltan al-Maşryk wel-Magryp atlaryny, nisbesini alyp, ýedi yklymyň şasy bolan, metjitlerde juma namazynda öz adyna hutba okadýan Muhammet Togrul beg ibn Mykaýyl ibn Seljuk ibn Dukagyň mirasdüşerlik patasy ýok! Seljuk beg: «Eger Ysraýyl ölse, ýabgulyk Mykaýylyň ogullaryna geçsin!» diýip aýdyp bilýärdimi? Bilýärdi. Ýöne beýle diýmedi. Ol: «Ýabgulyk Ysraýylyňky bolsun!» diýdi. Seljuk begiň birinji ogly Mykaýyl däl! Seljuk begiň birinji oglunyň ady Ysraýyl! Ol Arslan adyny-da göz görkezip aldy. Oguz hanyň wesýeti bar: «Aga ýabgu bolsun. Aga barka, ini öňe geçjek bolmasyn! Aga-aga, ini-ini ýerinde bolsun!» diýdi.
— Resultegin, sen näme diýmekçi bolýarsyň? Men seniň näme diýmekçi bolýandygyňa, şunça diňlesemem, düşünmeýärin. Parasatly kişiň akyly ýüreginde bolýar, akmagyňky dilinde. Seniň akylyň diliňde-de, ýüregiňde-de däl. Seniň akylyň ýüzüňde. Möhüm söz aýtjakdygyň ýüzüňde ýetmiş iki dilde «ýazylypdyr».
— Sözümi bölme. Menem indi oglan-oglanjyk däl. Menem pygamber ýaşyny ýaşan adam. Bu dünýäde kän-kän külpeti gören adam. Görmedigim diňe görde galdy. Seniň şu bolşuň bilen ony görjek günümem uzakda däl!
— Seniň üç hatynyň öldi. Men olaryň näme üçin ölendiklerine şu gün akyl ýetirdim...
— Näme, seniň hatynlaryň dirimi? Olaryň ölümine kim günäkär?!
— Sen meni geň galdyrýarsyň.
— Şu ömrüme iki gezek gürledim. Birinji gezek Gaznadan gelýärkäk Hindiguş dagynda. Ikinji gezegem, ine, häzir gürleýärin. Altmyş alty ýaşymy men diňe seni diňläp geçirdim. Men saňa şol ýyllaryň içinde bir gezegem: «Köp gürlediň!» diýmedim. Näme diýseň diňledim. Nähak gürleseňem diňledim. Nähak iş etseňem, nähak iş edýärsiň diýmedim. Näme buýursaň, sesimi çykarman diňledim. Mundan ýigrimi ýyl öňem edil häzirkiň ýaly meni gürletmändiň. Ençe gezek sözümi bölüpdiň.
— Sen maňa ýowuz hakykaty aýtdyň, Resultegin. Şeýle aç-açan gürrüňi öz wagtynda etmeli ekeniň-dä! Men saňa diňe gowulyk isledim, doganym.
— Sen gowulyk diýýäniň gowulyk däl ol.
— Onda näme?
— Ýamanlyk ol. Seniň dünýäň başga. Sen bu dünýäniň adamyna meňzemeýärsiň.
— Resultegin, näme üçin Mosulda gaharlandyň? Ine, meni hemme zatdan beter şu pikir gysyp-gowurýar. Sen meniň şu sowalyma jogap ber, onsoň men seni şu ýerde oturyp, näçe gije-gündiz gürleseň, şonça gije-gündizläp diňlemäge kaýyl.
— Maňa gürlemäge nobat bereňog-a!
— Aýdyber, indi gürlemerin.
— Meniň saňa janym ýanýar, janym. Patyşa bolmaly pursadyň sen Togruldan ykta soramagyň gürrüňini edýärsiň. Allatagala saňa pil berýär. Sen bolsa piliň bir tüýüni almagyň gürrüňini edýärsiň! Ine, meniň janymyň ýanýan ýeri! Nädip janym ýanmasyn?! Çagry Horasana uly ogly Alparslany mirasdüşer diýip pata beripdir. Düýnki oglan bu gün patyşa! Sen bolsa yktaň gürrüňini edýärsiň. Başyňy galdyrmasaň, elbetde, şeýle-de bolar. Çagrynyň dogmalary entek Togrul begiň tagtynam eýelärler. Çagry begiň ikinji ogly Ýakut indi on bäş ýyl bäri Bizansyň serhedinde giden ülkäni eýeläp otyr. Ol indi öz töweregine hiç kimi goýbermeýär. Çünki ol ýerleri birleşdirip, täze bir şalyk döredip ýör. Çagrynyň Süleýman ogly näme üçin Togrulyň kölegesi ýaly bolup ýör? Näme üçin? Bilmeýän bolsaň, men aýdaýyn. Oňa täç gerek, tagt gerek. Togrul oňa eýýäm weliahdym hem beripdir. Çagrynyň uly ogly Gurt entek sen Kelejardan gelmänkäň Kerman welaýatyna amyd bellenipdi. Onuň ýüňi ýetdi. Ol uly ogul. Gurt seni Hindistan tarapa goýbermez. Ol hem goh eder entek. Onuň näme talap etjegini bilýärsiňmi? Sen bileňok, men bolsa bilýärin. Men saňa ertirki Gurt ibn Dawudyň etjek talabyny aýdaýyn. «Togrul soltanyň tagtynda men oturjak. Men soltan boljak» diýer. Sebäbi «Men uly ogul, men soltan boljak» diýer. Eger Alparslandan gorksa bolsa: «Hany, maňa mülk?!» diýer. «Maňa Tabarystany, Mazenderany mülk edip beriň!» diýer. «Men Saryýada-da, Gürgende-de ýaşajak däl! Maňa Damgan şäherinde täze köşk gurup beriň!» diýer. Näme üçin? «Gutulmyş diýen garry göhert meniň patyşalygymyň Damgandan özgesinde ýaşady. Ýeke-täk ýaşamadyk şäheri — Damgan. Şonuň üçinem men ol garry jadygöýüň ýaşamadyk şäherinde ýaşajak. Ýogsam ondan maňa bir ýamanlyk geler» diýer. Seni häzir Togrul hatyralaýar. Togrul ölensoň, Çagrynyň ogullary seni hormatlamaz. Olar seniň eliňden ähli mülküňi, ähli baýlygyňy alarlar. Özüňem öldürerler. Ogullaryňam öldürerler. Häzir Çagry ikiňiziň ýagdaýyňyz deň: ol Horasanyň hökümdary, sen bolsa Tabarystan bilen Mazenderanyň. Şonuň üçin entek Togrul beg dirikä sen tagta geçmeli. Ýa-da Togrul beg Süleýmanşany mirasdüşer diýip yglan etsin! Çagrynyň ogly Süleýman däl-de, seniň ogluň Süleýmanşa mirasdüşer bolsun. Sen göni Togrul begiň ýanyna bar. «Meniň oglum Süleýmanşany mirasdüşer diýip yglan et!» diý. Togrul soltan seni gowy görýär. Ol saňa ýok diýmez. «Men şu günüm bilen ýaşajak» diýen pelsepäňi häzirlikçe unut. Ýogsam saňa, seniň neberäňe, şol sanda maňa, meniň neberäme şum täleý garaşýar.
Gutulmyş uludan demini aldy:
— Indi düşündim. Başga näme aýtmak isleseň, keremara gürläber. Men sözüňi bölmerin.
Resultegin birden hüşerildi. Gutulmyş «Aýdyber!» diýýär welin, indi onda aýdara hiç zat ýog-a! Aýtjak zatlary kändi, juda kändi. Ýöne sözi telim ýola kesilensoň, indi ol näme aýtjagyny-da bilenok. Ol gözlerini elek-çelek edip, Gutulmyşa seredip otyr. Onuň doganyna aýtmagy maksat edinen sözleri bir günde-iki günde gutarar ýaly däldi. Aýdylmaly sözler bir ýa iki günüň sözi-de däldi. Ol ýigrimi ýyl bäri ýüreginde bertik baglan sözlerdi.
— Aýdyber, doganym, aýdyber!
— Akylymy çaşyrdyň, indi näme aýtjagymy-da bilemok men.
— Onda men aýdaýyn. Men täzelik aýtjak däl, öňem müň gezek gaýtalan sözümi gaýtalajak. Sebäbi näçe gezek aýtsamam, ol seniň huşuňda duranok. Babam ölmezinden öň maňa sargyt-wesýet etdi: Togrulyň patyşalygyny elinden aljak bolma diýip. Ol meniň patyşa bolmagyma garşy çykdy. Öňümde maksat goýan bolsam, men soltan bolardym. Sebäbi serkerdeleri serkerdelere, wezir-wekilleri wezir-wekillere garşy goýup, agyzlaryny alartmakda, adamlara erk etmekde özümiň Togruldan ökdedigimi bilýärin. Dogry, ol täsirli gürleşmekde, suhangöýlükde ökde, juda ökde. Köpüm geçip, azym galdy. Galan ömrüme tagta dyzajak däl! Men babamyň pendini tutjak. Onsoňam, Togrul dagy taýýar tagta geçmediler. Özgäň tagtyny basyp aldylar. Soltan Masut Nyşapurda ýüz müň dinar harç edip, üç ýyl sünnäledip ýasadan öz tagtyny ýöne ýere döwüm-döwüm etmedi. Mejbur boldy. Onsoň olaryň taýýar aşyna meniň eýe çykmajakdygymy sen bilýärsiň ahyryn.
Resultegin janyýangynly sözledi:
— Haý, doganym, seniň bu gürrüňiň ulamanyň, ylym uranyň gürrüňi. Ylym diýmek — ynsap sapagy bilen özüňi daňmak diýmek. Ylym — baýlygyň, hökümdarlygyň kössegi. Ylym — garyplyk, kemmagallyk, biçärelik donuny geýmek, kemmagallygy hemra, meslekdeş edinmek. Hökümdar seniň aýdýan adalat diýen sözüňi öz bähbidi üçin şeşper ediner.
— Halk kimiň-kimdigini bilýär. Galp bedew bilen uzak gidip bolmaz.
— Galp bedew bilen hökümdar gider, ýöne seniň ýaly Şyhabeddöwle — döwletiň daýanjy, ulamalar buýsanjy uzak gidip bilmez. Çünki ylymda syrlylyk bar, hökümdarlykda welin wehim bar, wehim bar ýerinde hormat-sylag bar. Güýçde adalat bar. Güýçde ynam bar. Ulama däl, hökümdara ynanýarlar. Ýadyňdamy, seniň ygtyýaryňda ýüz müň atly goşun, Ybraýymda-da ýüz müň atly goşun boldy. Heýteleden, Horezminden türkmenler gelip, size gulluga durdular. Şol mahal ikiňiz birleşip özbaşdak şalyk döredip bilýärdiňiz. Men şonda saňa bu barada köp aýtdym.
— Togrul ikimiz üçin mydama keremli enaýatyny kemmedi. Onsoň men oňa garşy gidip bilmerin-ä, Resultegin?!
— Sen: «Togrul maňa enaýat edýär» diýip pikir edýän bolsaň, gödek ýalňyşýarsyň. Oňa garşy gitmegiň geregem ýok. Oňa garşy gitmelem däl. Sen rum şalygyny öz şalygyňa öwrüp bilýärdiň. Ýa rum serhedinde ullakan şalyk döredip bilýärdiň. Bu barada aýtsaň, Togrul saňa garşy çykmazdy. Ol Çagra-da garşy çykmady ahyryn. Oňa Jibal sebiti ýeterlik...
Iki dogan ýuwaşja ýöräp ugradylar. Olaryň ikisem gürlemeýärdi. Zülkagda (noýabr) aýy bolansoň, howa salkynlap ugrapdy. Düzlük ýalaňaçdy. Töwerekde özüne imrindirýän ýekeje zat-da ýokdy.
— Bu ýyl biziň üçin agyr ýyl boldy. Sapar aýynda Çagry ýogaldy. Indem Altynjanyň ýogalmagy — agyr urgy. Meniň Togrula nebsim agyrýar. Onuň indi ýeke nädip oňjakdygyny göz öňüne getirip bilemok.
— Altynjan hatyn Togrul ýörişdekä özüniň wepat etjegini aňypdyr. Aňybam sargyt edipdir. Hatyny öljekdigini aýdansoň, Togrul hiç ýere gitmeli däl eken...
— Onuň nähili sargyt edendigini sen maňa aýtmadyň.
— Dogry, entek aýdamok. Altynjan hatyn Togrul bege musulman möminleriň emiri halyf Kaýym Bemryllahyň gyzy Seýiddä öýlenmegi sargyt edipdir. «Eger halyfyň gyzy Seýiddä öýlenseňiz, iki dünýäňizem: bu dünýäňizem, o dünýäňizem abat bolar» diýipdir22.
— Akylly aýdypdyr. Men onuň ýönekeý hatyn däldigini mydama-da bilýärdim. Dogrudanam, Togrul Kaýym halyfyň gyzyna öýlense, öwlat neberesi bilen garyndaş bolsak, abraýymyz hasam artar.
— Togrul beg ikirjeňlenip ýör. «Bu ýaşdan soň hiç kime-de öýlenjek däl» diýýärmiş.
— Onuň bilen özüm gürleşerin...

Ýigrimi ikinji bap

Resultegin bilen bolan gürrüňdeşlikden soň, Gutulmyş beg Togrul begiň ýanynda birki aý bolmagy, onuň halyfyň gyzyna öýlenmegi barada gürleşmegi ýüregine düwdi. Ýöne wagty bilen gidip bilmedi. Her gezek gidermen bolanda mülkünde bir möhüm mesele ýüze çykdy. Soňky gezek ol Reýe gitjek bolup durka Gürgenden habar geldi. «Bir topar adam şäheriň häkimini, muhtasybyny öldürdi. Şäherde eden-etdilik başlandy. Başbozarlar şäheri eýeläp, gala hiç kimi goýbermeýärler».
Şeýle kynçylyklar mahal-mahal bolup durýardy. Sowukganlylyk bilen tertibi ýola goýmalydy.
Gutulmyş Reýe gitmesini ýene bir gezege goýup, Gürgene ugrady. Agşam düşlegde ýyldyzlara, hereketsiz ýyldyzlara garap, Gürgende boljak ýagdaýlar hakda anyk bilmek isledi.
Asman durşuna ylym, durşuna syr. Gutulmyş ol ylmy, syry okamagy gowy görýär. Älemiň merkezi — Zühalyň hereketsiz ýyldyzlaryň peleginiň gerşine galtaşýan ýokarky üsti. Zühal peleginiň aşaky üsti Müşderi peleginiň gerşine, Müşderi peleginiň aşaky üsti Myrryh peleginiň gerşine, Zöhre peleginiň ýokarky üsti Gün peleginiň gerşine, onuň aşaky üsti Utaryt peleginiň gerşine galtaşýar. Asmanyň, dik asmanyň ýagdaýy hereketsiz ýyldyzlar bilen anyklanylýar. Günüň dik asmany Jöwzada, Zühalyň dik asmany Kowusda, Müşderiniň dik asmany Sünbülede, Myrryhyň dik asmany Esetde, Zöhräniň dik asmany Jöwzada, Utarydyň dik asmany Mizanda ýerleşýär. Onsoňam daşky pelegiň Zühaldaky başy Setaranda, daşky pelegiň Müşderidäki başy hem Setaranda, daşky pelegiň Myrryhdaky başy Söwrde, daşky pelegiň Zöhredäki başy Hutda, daşky pelegiň Utarytdaky başy Jedide ýerleşýär. Onsoň Zühalyň Setarandaky başynyň galtaşygy, olaryň töwerekleriniň arassalygy, dykyzlygy, agyrlygy seniň ertirki ykbalyň teswirini äşgär edýär.
Gutulmyş Zühal ýyldyzyna seredip, aňyndaky sygym-sagym pikirleri aýryp, ünsüni ýyldyzyň aýtjak «sözlerine» jemledi. Zühal ýyldyzy aňsat-aňsat razdarlyga çykmaýar, her gezek uzak garaşdyrýar. Bu gezegem uzak garaşdyryp herekete geldi.
Zühal ýyldyzy ýylgyryp dur, onuň ýalkym saçýan keşbi Gutulmyşa Arslan hany ýatladýar. Özem Gutulmyş bu meňzeşligi indi on-on bäş ýyl bäri duýýar. Ol Genje söweşinde-de, jikileriň, dzurdzuklaryň, ermenileriň üstüne ýöriş etmekçi bolanda-da ýaňy «janlanyp» söhbede çykan Zühaly Arslan hana meňzedipdi.
— Eý, saýýaralaryň soltany Zühal! Men — Gutulmyş ibn Ysraýyl Arslan han ibn Seljuk. Men Jürjan şäherine barýaryn. Men şol ýere baryp, şäheri tertibe salmak isleýärin... — diýip, Gutulmyş beg pyşyrdady.
Töwerek-daş asmana gujagyny açyp ýatyrdy. Töwerek-daşyň dym-dyrslygy Zühal ýyldyzynyň Gutulmyşa aýtjak habaryna garalla bolmazlyga çalyşýan ýalydy.
Zühal jogap bermäge howluganokdy. Ol Gutulmyşyň özelenmelerini diňläp, indem nähili çözgüde geljegini bilmän oýlanyp duran ýalydy.
Zühal bu gezegem ep-esli garaşdyran-da bolsa, jogapsyz goýmady:
— Eý, Taňrydan ýalkawly kişi! Seniň bu sözleriňde gorky alamaty bar. Meniň ýalkymymyň astynda dünýä inen kişilere howatyrlanmak, gorkmak hebesdir. Töwekgelligiň jyzaň bolsun, şonda men mydama ýanyňda bolaryn.
Zühalyň bu sözi Gutulmyşy kanagatlandyrmady:
— Men maksadyma ýetip bilerinmi? Ynan, Zühal, men maksadyma ýetmek isleýärin. Munuň üçin men janymy töwekgellige salmaga-da taýýar. Elbetde, men ýetmiş ýaşadym. Mundan soň Taňrynyň maňa ýene näçe ýaş berjegini bilmeýärin. Ýöne maksadyma ýetip, onuň eşretini bir gün alyp ýaşamak ýazgyt edilen-de bolsa, men razydyryn. Esasy zat maksadyňa ýetmekde. Ömrüň manysy — maksadyňa ýetmekde. Allatagala maňa ýetmiş ýaş berip, maksadyma ýetirmese, onda bu meniň üçin juda armanly bolar. Çünki men Arslan hana söz berdim.
Zühal ikinji gezek dillenmedi. Gutulmyş daňdana çenli garaşdy, barybir, ikinji gezek Zühal dillenmedi.
Gutulmyş uludan demini aldy, özüni aşa ýadaw duýdy. Onuň ýanynda Resultegin sesini çykarman otyrdy. Ol agasyndan nähili maksat barada aýdandygyny soramak isleýärdi, ýöne bu mahal ondan anyk jogap alyp bilmejekdigini aňandygy üçin sorag bermekden saklandy.

Ýigrimi üçünji bap

Gutulmyş Jürjana çapar gönderdi. «Gutulmyş Seljukly ýetip gelýär. Onda Allatarapyn berlen jadygöýlük hem adamyň içindäki maksadyny parran bilmek başarnygy bar. Başbozarlaryň ählisini Gutulmyş beg bada-bat tapar hem uçdantutma gyrar».
Çaparyň bu habary şäherde uly howsala döretdi. Topalaň turzanlaryň birnäçesi gaçyp gutuldy. Birnäçesi hem ele salyndy. Ellerine, aýaklaryna gandal urlan bir ýüz ýigrimi dört sany gürgenlini Gutulmyş begiň huzuryna getirdiler.
— Men öz raýatlarymyň bolçulykda, parahatçylykda ýaşamagy üçin gije-gündiz alada edýärin — diýip, Gutulmyş beg öz bargähiniň ýanyna ýygnanan ýerli ilatyň öňünde çykyş etdi. — Üstüňize hiç hili ýagy-ýow getiremok. Artyk salgyt salynýan däldir. Ýogsam goňşy yktalarda ýaşaýanlardan sorap görüň, ol yktalarda salynýan salgyt biziňkiden görnetin köpdür. Men bolsa doganoglanym soltan Togrul begden özelenip towakga edip, sizi birgiden salgytlardan azat etdim. Ýöne yhlasymyň ýüzüne urulsa, şähere häkim, muhtasyp, mutassarif wezipelerine mynasyp sanyp oturdan adamlarymyň janyna kast edilse, men nädip çekip-çydaýyn? Meniň adamlaryma kast edilmegi — maňa kast edilmegidir. Çäksiz uly mertebeli, baý etmekçi bolýan adamlarym garşyma çyksalar, janyma kast etmäge synanyşsalar, men olara gülüp bakyp bilmerin. Olaryň etmişiniň agramyny, goý, dar agajy anyklasyn! Bu nekgendeler mesliklerini göterinip bilmediler. Bularyň ählisiniň ýaşaýyşlary gowy. Gül ýalak öýleri bar, köp mukdarda baýlyklary bar. Bulara köpden köpi gerek. Bular päli azan, ynsanlyk mertebesini ýitiren adamlar. Bulary şu günki eýelän wezipeleri kanagatlandyranok. Has uly wezipelere çykmak isleýärler. Ýokary wezipe küýsäp jenaýat eden adamlary biz bu gün ýokardan asarys. Ýokarda-da elpe-şelpeligiň ýokdugyny, goý, görsünler.
Gutulmyş beg öňünde ellerine, aýaklaryna agyr gandal urlan adamlary ýeke-ýekeden gözden geçirdi. Onuň öňünde duran jenaýatçylaryň ýarpydan gowragy jahyldy. Olaryň barjamly adamlaryň ogullarydygy eginlerindäki gowy egin-eşiklerindenem görnüp durdy. Olar eden etmişlerine ökünýändiklerini, eger günäleri geçilse, ömürleriniň ahyryna çenli sadyklyk bilen gulluk etmäge taýýardyklaryny aýdýardylar, Gutulmyş begiň öňünde bükülip, öz günäleriniň geçilmegini towakga edýärdiler.
Adam näme üçin maňlaýy daşa degensoň akylyna tiz aýlanýar?! Akylyňa aýlanmagyň üçin maňlaýyň hökman daşa degmelimi?!
Gutulmyş beg maňlaýlary daşa degensoň akyllaryna aýlanan jahyllara seredip, oýa batdy.
Daşlaryň içinde iň täsirlisi, megerem, Beýik Hudaýtagalanyň adamlaryň etmişlerini boýnuna goýup urýan daşy bolsa gerek. Adamlar maňlaýy daşa degensoň derrew akyllaryna aýlanýarlar, soň olaryň boluşlaram asylly, gepi-sözem akylly. Şol maňlaýa degýän daşyň Hudaýtagalanyňkydygy hakda ýeke kişem oýlanmaýar.
Gutulmyş jady daşyny iň güýçli daş hasaplaýardy. Ol ýakut daşlaryny-da güýçli hasaplaýardy. Dogrusyny aýdanyňda, daşlaryň ýönekeýi ýok. Miwesi az bitýän daragtlara kamary daşyny daňsalar, hasyly boldan berip başlaýar. Peşewhaltasynda daş bolan adamlar mysgal daşyny un ýaly owradyp içse, ol adam sanlyja günüň içinde derdinden saplanýar. Jöhit daşy aşgazan agyrysyna, ukusyzlyga derman hasaplanýar. Ol aşgazandan akýan ganlary togtadýar. Jemest daşyndan edilen jamdan şerap içen adam serhoş bolmaýar. Ýaşma daşyny ýassygynyň aşagynda goýup ýatan adamy gara basmaýar. Merjen daşy — ýüregagyry keselleriniň iň oňat dermany, köňül ejizligini, demgysmany dep edýär. Lazurd daşy — ukusyzlygyň, jiger derdiniň bire-bir dermany.
Daşlaryň hersiniň öz ady bar. Ýöne Hudaýtagalanyň maňlaýa urýan daşynyň ady ýok, ýöne onuň täsiri welin, ähli daşlaryňkydan ýokary.
Hudaýtagala hiç wagt öz daşy bilen maňlaýyňa urmasyn!

Ýigrimi dördünji bap

Togrul soltan Gutulmyşy ýanyna çagyrdy, ondan öz ýanynda bolmagyny towakga etdi. Gutulmyş Togrulyň bu teklibini kabul etdi. Şondan soň Reýe göçüp geldi.
Tomsuna Reý aşa yssy bolýardy, şonuň üçinem Gutulmyş beg soltana Töwrizi tomusky paýtagt etmegi ündedi. Şu maksat bilen olar Töwrize gitdiler. Töwriz soltanyň hoşuna geldi.
Soltan Töwrizi, şäheriň gapdallaryndaky şäherleri Gutulmyş bilen aýlanyp gördi. Dagyň depesinde gurlan Bäbegiň galasyna, «Gubul deresi», «Aždarha dişi» jülgelerine, «Kyrk gyz» atlandyrylýan keramatly ýere aýlanyp gördüler. Bäbegiň galasynyň depesine çykyp, bir gije ýatdylar.
Şalyk ýylsaýyn berkeýärdi, güýçlenýärdi, kuwwatlanýardy. Ýöne garrylyk welin olara öz güýjüni görkezýärdi. Şeýle bolansoň, her ýyl tomsy Töwrizde geçirmegi, şalygy şu ýerden dolandyrmagy makul tapdylar.
Bu şäheriň çar tarapy tokaýlykdy, howasy tomsuň tüp yssysynda-da salkyndy. Gutulmyş beg soltanyň goşunynyň serkerdebaşysydy. Köşkde Gutulmyşyň öz oturýan ýeri, kürsüsi bardy. Ol Togrul begiň sag gapdalynda oturýardy. Ol şalykda ikinji adamdy: goşunbaşydy, wezirdi, nedimdi, naýypdy.

Ýigrimi bäşinji bap

«454-nji hijri ýyly (1062-nji milady ýyly). Togrul beg geçen ýyl Halypa Kaýym Bemryllahyň gyzyna öýlenmek üçin Reý kazysy Abu Sagyty sawçy ugradypdy. Şonda Halypa muňa närazy bolupdy. Halypa jogap hökmünde Abu Muhammet Temimini iberdi. Öýlenmek maksadyny goýbolsun etmegini haýyş etdi. Eger haýyşyny kabul etmese, soltan Togrula agyr mahýa (galyň) saljakdygyny, ýagny üç ýüz müň dinar bermegini, öň Altynjan hatynyň yktasy bolan Wasyt şäherini we welaýatyny bermegini sargapdy».

Togrul soltan Altynjan hatynyň halypanyň gyzy Seýiddä öýlenmek baradaky soňky sargydyny amal edip biljekdi, ýöne ol üç ýyllap merhum hatynynyň mertebesini saklady.
Soltan halypanyň gyzyna öýlenmekde kynçylyk ýüze çykar öýtmändi. Sebäbi ol halypa ikinji ömür, ikinji mertebe beripdi. Ýogsam onuň galan ömri zyndanda geçmelidi. Kaýym Bemryllah soltanyň özüne eden ýagşylygynyň gadyryny bilýärdi. Duşuşanda ençe gezek özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildiripdi. Halypa Reý kazysy Abu Sagyta: «Biz öwlat. Biz Muhammet pygamberiň neberesi. Biz diňe öz aramyzda gyz berip, gyz alyşýarys, özge halklara gyz berip, gyz alyşmaýarys. Biz özge halklardan ýokarda duran nebere. Togrul soltan meniň bilen garyndaş bolmaga neneň het edip bildikä?» diýipdi, bu sözi bilen Togrul soltany utandyrmak isläpdi. Şeýle hem Halypa üç ýüz müň dinardan, «Togrul begiň ölen aýalyna degişli bolan Wasyt şäherindäki köp ekerançylyk ýerlerinden başga-da, soltan Togrul begiň elmydama Bagdatda ýaşamagyny, ol ýerden ýekeje gün hem başga ýere gitmeli däldigini şert goýdy»23.
Togrul soltan soňky ýyllar Gutulmyş begiň maslahat bermegi bilen Töwrizde ýaşaýardy. Ol ýeriniň tebigaty Togrul begiň diýseň hoşuna gelipdi, jokrama tomusda bu ýeri biçak sergin bolýardy. Şonuň üçin ol şalygy Töwrizden dolandyrýardy. Soltan halypanyň gyzy Seýiddäniň Töwrize kejebeläp getirilmegini isledi. Halypanyň kejirliginden soň, soltan oňa öz güýjüni çalaja görkezmeli boldy: Bagdadyň töweregindäki öz tabynlygynda durýan häkimlere hat iberip, halypanyň mal-mülküni talamaklygy buýurdy24.
Gutulmyş hak aýdýar. Her halkyň öz aýratynlyklary bar. Oguz bir maksat tutansoň, sen ony ýalbar-ýakar bilen eger-eger maksadyndan gaýtaryp bilmersiň. Ol her eder, hesip eder, makadyna ýeter. Käbir kişi harydyny on-ýigrimi, ýüz esse gymmat aýdyp, oguzy toba getirjek bolar. Toba gelýän bolsa, ol oguz däldir. Ol ähli zadyny satar, jüt galar, ýöne etjek diýen işini eder. Oguzy pul bilen gorkuzyp bolmaz. Oguz hiç wagt hem baýlygy birinji orunda goýan halk däl. Oguz üçin iň esasy zat maksadyňa ýetmek. Halyf oguz halkynyň şu aýratynlygyny — çykdajynyň uly boljakdygy üçin gaýtmyşym etmejegini bilmeýän eken. Geregiň pul bolsun. Gerek bolsa, üç ýüz müň däl, alty ýüz müň hem mahýa berler. Başga-da näme diýseň berler. Ol soltanyň howuny basmakçy bolup gaty ýalňyşdy. Aslynda, halypa türkmenler hakda Muhammet pygamberiň üç sany hadysyny bilýärdi. Ol hadyslarda şeýle diýilýärdi:
1. Türkmenler size degmeseler, siz olara degiji bolmaň, olar bilen parahatçylykly ýaşaň!
2. Beýik Taňry: «Meniň bir goşunym bardyr. Oňa «Türkmen diýip at goýdum. Olary Gündogarda ýerleşdirdim. Bir halka gaharym gelse, türkmenleri şol halka musallat ederin» diýýär.
3. Horasanda milleti arap bolmadyk nurana ýüzli häkim peýda bolar. Onuň ady meniň adym ýaly Muhammet bolar we büweýhlileriň agalygynyň soňuna çykar. Horasandan beýik Derwezata (Seýhun derýasy bilen Anadoly aralygy) çenli basyp aljakdyr, gylyjyny iň soňuna — ýeňşe çenli elinden hiç düşürmejekdir. Onuň ady Eýranda, Yrakda we Mekgede hutbada ýatlanjakdyr.

Halypa Kaýym Bemryllah dumly-duşdan mal-mülküne talaň salyp, towsa göterilişini görende gödek ýalňyşlyk goýberendigine düşündi. Başgaça saýrap ugrady: «Jan dogan, janlar dogan, sen maňa köp-köp ýagşylyklar etdiň. Besasurynyň zulumyndan, halyfaty tozmakdan halas etdiň. Men saňa ömür bergidar. Geregiň gyzym Seýidde bolsa, al! Özüm elin eltip bereýin!» diýip, mugyra gelip, soltan Togrula yzly-yzyna nama gönderdi. Üçünji namadan soň, towsa göterilen emläkleri dumly-duşdan yzyna getirip ugradylar. Çünki Togrul beg Bagdadyň töweregindäki öz häkimlerine, wekillerine «habar ýollap, halypanyň mallaryna el degirmeli däldigini, eger-de el degren bolsalar, yzyna bermeklerini tabşyrypdy»25.
Halypa hatyny Hatyjany ýeňňe belläp, gyzyny kejebeläp Töwrize ugratdy. Kejebe Töwrize sapar aýynyň 15-ne geldi. Şol gün hem uly toý başlandy.
Toýa abhaz, gürji, ermeni patyşalary uly sowgatlary bilen geldiler.
Şol gün agşam Togrul bilen Gutulmyş şeýle bir gygyryp, rakys oýnadylar. Olar gaty köp ýyllar bäri şeýle gygyryp hem görmändiler. Olar şeýle köp ýyllar bäri haleý hem oýnap görmändiler.
— Gutulmyş, şu güne çenli ýaşanymyz, görenimiz horluk-ejir boldy. Ine, indi anjaýyn zamana başlady.
— Allatagalanyň eçilen her bir gününiň gadyryny bilip ýaşaly, doganym! — diýip, Gutulmyş ömrüň paýawlap barýandygyna gyýylmak gyýyldy.
— Ylgap-ylgap, ajaýyp behişdiň gapysyna ýetdik welin, ynha indem görsek ýurdumyzy täzelemeli wagtymyz gelipdir.
— Ikimize lapykeçlik gelişmez, Togrul. Ikimiz Seljuk atamyzyň ýüz ýedi ýaşyny ýaşarys. Oňa çenli wagt kän. Biz — Seljuk begiň neberesi Muhammet pygamberiň neberesi bilen guda bolduk, garyndaş bolduk. Nesip bolsa, goç-goç ogluň bolar.
— Haý, Gutulmyş, Allatagala perzent berjek bolsa, şu ýaşa çenli bererdi.
— Ikimiz Allatagala akyl ýetirip bilmeris. Allatagalanyň meniň sabyrymy synaga salyp görýändigine ynanýaryn. Belki, Allatagala seniň sabyryňy hem synaga salyp görendir. Belki ýazgydyňda öwlat gyzyna öýleneniňden soň çaga görmek nesibesi ýazylandyr.
— Maňa o gün Ferdöwsiniň «Şanamasyny» okap berdiler. Onuň köp ýeri, göwnüme bolmasa, maňa niýetlenip ýazylan ýaly bolup dur. Onsoňam onda çarhypelek barada örän dürs aýdylypdyr. Çarhypelek öz iýdirip-içirip, yhlas siňdirip ýetişdiren kişisinden birden dostlugyny keser diýýär. Gör-ä, çarhypelek bize ýegre ýaran boldy. Bize rowaçlyk gylyjyny, rowaçlyk atyny berdi. Pygamberiň uýasyna öýerdi. Indem ol meniň janymy harladyp alar. Bu adamçylyk däl-ä! — diýip, Togrul beg ajy ýylgyrdy. — Ýok, ýok, uly pällemäýin. Ömrümden razy. Beýik Perwerdigäre hamdu-sena bolsun! Islän wagty amanadyny idese, alybersin! Ýöne Allatagalanyň bu günki eçilýän eşretleri, nygmatlary, döwrany üçin men diýen ýigrimi bäş ýaş gerek.
— Men saňa şeýle bir dermanlar bererin. Seniň aýgyrlygyň ýaş ýigidiň aýgyrlygyndanam aşa bor. Seýidde gyz, nesip bolsa, dokuz aý dokuz günden soň bir goç ogul dogrup berer.
— Agzyňdan Hudaýtagala eşitsin. Perişdeler omyn diýsin!
Togrul beg bilen Gutulmyş tä ýarygijä çenli gykylyklaşyp rakys oýnadylar.
Bu gije seljuk beglerine ýatmak karam bolar!
Ýarygije rakys oýnalýan ýere oduň, maşallaryň ýagtysyna egnindäki şaý-sepleri lowurdaýan, bezemen geýnen bir zenan geldi.
Bu zenan möminler emiri Kaýym Bemryllahyň gyzy Seýiddäniň — Togrul begiň gelniniň ýeňňesidi.
Bu zenan möminler emiri Kaýym Bemryllahyň hatynydy.
Bu zenan Çagry begiň gyzy Hatyjady.
Bu toý Hatyjanyň öz toýudy.
Bu toýuň amalyýeti üçin Hatyjanyň yhlasy az bolmandy. Ol bu toýa, nika uly umyt baglaýardy. Seljuklylaryň Muhammet pygamberiň neberesi bilen garyndaşlyk gatnaşygynyň berkemegini jan-tenden isleýärdi.
Häzir nika gyýlyp, öýlenýäni gelniniň ýanyna salmalydy. Nikany kazylar kazysy gyýýardy. Togrul begiň bir pyýadakazysy wezir Resultegindi, ikinji pyýadakazysy Gutulmyşdy.

Ýigrimi altynjy bap

Gutulmyş beg Seýidde hanymyň nirede oturjakdygy barada uzak oýlanypdy. Bu babatda Togrulyň pikirini bilesi gelýärdi. Soltan Seýiddäni Altynjan hatynyň tagtynda oturdarmy? Soltanyň Altynjan hatyna goýýan hormaty çäksiz uludy, şol hormaty Seýiddä-de goýarmy?!
Soltanyň karargähinde Altynjanyň tagty henizem durdy. Ol soltanyň çep tarapynda oturýardy.
Soltan öýlenenden soň Seýiddäni hem ýanynda oturdaýjak ýalydy. Togrul begiň ýene bir hatyny bardy. Ol Kaku soltanyň gyzy Zübeýdady. Togrul soltan ony ýanynda ýeke gezegem oturtmandy. Asyl Zübeýda köpçülige çykmazlyga, adamlara görünmezlige çalyşýardy. Ol döwlet, syýasat işi bilen gyzyklanmaýardy. Ol türkmen dilini birkemsiz öwrenipdi.
Gutulmyş begiň çak edişi ýaly boldy: kyrk birinji gün Altynjan hatynyň oturan tagtyny karargähden nirädir bir ýere äkitdiler. Onuň ýerine täze tagt goýuldy. Ol täze tagtda — soltanyň çep tarapynda musulman möminleriň emiri Kaýym Bemryllahyň gyzy, Muhammet pygamberiň uýasy, Togrul soltanyň hatyny Seýidde Nisa oturmalydy.
Şeýle-de boldy: nobatlaryň — sazlaryň çalynmagynda soltanyň kabulhanasyna Seýidde hanym gelip girdi. Hajyp Abdyrahman Agajy şu günden başlap Seýidde hanymyň soltanyň geçirýän geňeşlerine, mejlislerine, şowhun-şagalaňlaryna gatnaşjakdygyny dabaraly yglan etdi.
Şol dabaraly günde Togrul soltanyň umury istihbarat sahyby Dürnazar bir ýelemýüwledi südenekledip getirdi.
— Näme edipdir?
— Bir düşünişmezlik bar ýa bu ýalan sözleýär.
— Näme ol düşünişmezlik?
— Bu kişi özüni Alparslanyň çawuşy hasaplaýar, Alparslan: «Togrul soltanyň köşgünde bolýan ähli wakalary maňa ýetirip dur» diýip tabşyrdy diýýär. Töwriziň gyraky köçeleriniň birinde ýigrimi sany askudar bar. Olaryň her biri bir günüň habary bilen Merwe ugradylýar. Biziň Merw bilen, soltan Alparslan bilen kadaly aragatnaşygymyz barka, bu zatlaryň nämä gereginiň bardygyna düşünmeýärin.
— Zeleli ýok, Alparslan meniň jigerbendimdir. Onuň näme etse, haky bardyr. Goýber bu kişini! Bu kişiniň ady nämedir?
— Adym Böri.
— Sen nirede işleýärsiň?
— Siziň köşgüňizde işleýärin, merhemetli soltanym.
— Haýsy diwanda!
— Men siziň diwan-i-risalatyňyzda26 işleýärin.
— Biziň diwan-i-beridimiz27 gowşak işleýär. Alparslan welin, diwan-i-beridini gowy gurnapdyr. Diwan-i-beridimiziň sahyby barmy? Hä, Şadyky, görýärsiňmi, bular senden gowy işleýärler. Sen Alparslana toý çakylygyny iberdiň. Men bilýärin, Alparslana seniň iberen habaryň barmady. Eger habary bu topardan — Alparslanyň öz askudarlaryndan gönderen bolsak, onda Alparslana habar ýeterdi.
— Habar Merwe ýetirildi, merhemetli soltanym — diýip, sahyp gorkudan ýaňa sandyrady. — Alparslan toýy gutlap ýigrimi düýe sowgat gönderdi ahyryn!
— Ýalan sözleme, Şadyky — diýip, soltan elindäki hasasyny dükgüldedip ýere urdy. Soňam Börä ýüzlendi: — Böri, siz arkaýyn işläberiň. Size hiç kim zat diýmez. Siz Alparslana meniň adymdan Gutulmyşyň, Resulteginiň adyndan, dogany Süleýmanyň adyndan köp-köp dogaýy salam aýdyň. Siz meniň minnetdarlygymy ýetiriň. Köşkden, menden her gün habar alyp durmagy onuň biz baradaky taýsyz aladasy, sylag-hormaty diýip düşünýäris. Dürnazar, Börini goýber! Goý, ol öz işini etsin. Bize Alparslandan hiç wagt zyýan gelmez. Köşkden habar alyp durmagy örän gowy. Dildüwüşlik guralsa ýa şoňa meňzeş ýaramaz zat ýüze çyksa, Alparslanyň adamlary bada-bat duýup bize habar bererler. Ýöne şu zatlary bilip, sahyp Şadykynyň bize habar bermändigi soltana ikilik etmekligidir.
— Alparslanyň bu işinden siziň habaryňyz bardyr öýtdüm.
— Öýdeniňde-öýtmäniňde habar bermek seniň borjuň, Şadyky. E-eh, sen!
Togrul soltanyň bu bolşy gaty düşnüksizdi. Gutulmyş üçin-de düşnüksizdi. Togrul soltan mejlise ýygnananlaryň ählisini ugradyp, Gutulmyş bilen ikiçäk galyp, oňa şol düşnüksizligi aýdyňlaşdyryp berdi:
— Durmuş — arman. Özem durşuna arman. Men Alparslanyň ýaşynda şu ýerlerini teshyr etmek isläpdim. Derwezata şalygy häzirem armanym. Malazgirt galasyny sowuk düşdi-de, alyp bilmedik.
— Wah, şo nejis ýunanly manjanygymyzy otlamadyk bolsa, galany alardyk28.
— Ine, meniň arman diýýän zatlarym-da şular. Anadoluda bolup gelen kişiler gürrüň berýärler: ol ýerleri durşuna jennet diýip. Ol jenneti ýerler ýedi deňziň aralygynda ýerleşýär diýýärler. Biz diňe iki deňzi gördük. Basyk bilen Kursykyň ýörişi29 ýaly ýöriş, söweş gurnap bilmeýändigimize gynanýaryn. Anadoly — pederlerimiziň mesgeni, ol ýerden gelýän türkmenler özlerini kommenleriň30 zulumyndan halas etmegimizi soraýarlar, ol ýerde ýaşaýan ähli türkmenleriň bize sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny nygtaýarlar.
— Hudaý ömür berse, ol ýerlerini-de müsahhar kylarys…
— Alparslanyň hyjuwyna meniň gözüm gidýär — diýip, Togrul soltan Gutulmyşyň garaşmadyk perdesinden gopdy. Gutulmyş Togrulyň bu sözüne geňirgendi. Togrul beg Gutulmyşyň näme üçin hüşerilýändigini aňansoň, oňa jogap berdi. — Seniň habaryň ýok bolmagy mümkin. Meniň Merwde öz adamlarym bar. Olar maňa köşkde bolýan zatlary habar berip durýarlar. Maňa habar berýän adamlaryň biriniň geçen rebi-ul owwal (dekabr) aýynda syry açylypdyr. Muny Alparslan ýokuş görüpdir. Onuň meniň köşgüme öz adamlaryny göndermegi şol waka sebäpli bolmaly. Alparslan şonda maňa hat gönderdi: «Meniň sizden ýaşyryn zadym ýok. Eger isleseňiz, köşkde bolýan ähli zatlary size ýazmaça-da gönderip bilerin» diýip. Menden gaty görýär. Alparslan diýseň Alparslan! Ol maňa biziň ýaşlygymyzy, aýratynam oguz adyny aljak bolup, arslan awlan günlerimizi ýatladýar.
Togrul soltanyň «arslan awlan günlerimizi ýatladýar» diýmegi Gutulmyşy gozgalaňa saldy:
— Bu ýeriň tokaýlarynda arslan köp eken — diýip, ol Alparslan hakda gürrüň edilmegini islemän, gürrüňiň ugruny üýtgetdi. Gutulmyş soltanyň haýsy ugurdan gürrüň edilse halajakdygyny bilýärdi. Togrul beg mydama-da aw hakda gürrüň etmegi gowy görýärdi. Keýpi ýok wagty hem aw hakda gürrüňe höwes bilen goşulýardy. Gutulmyşyň aw hakdaky ýaňzytmasy-da soltanyň hoşuna geldi, ol doganoglanynyň ýüzüne aýdyber diýen terzde seretdi: — Arslanlar gaty gaharjaň, ýyrtyjy bolýar. Aýratynam, dogjak bolup ýören arslan gaharjaň bolýan eken. Garny dok bolsa, adama topulmaýar. Ýöne şu ýerden günbatarda — Kuzekonan31 obasynda iki sany aýaly parçalap gidipdir.
Togrul beg Gutulmyşyň Alparslan hakdaky gürrüňiň nogtasyny arslan hakdaky, arslan awy hakdaky gürrüňe öwürmegine başda biraz hüşerilen-de bolsa, soňundan rahatlandy, bir gyzykly wakany gürrüň bermekçi bolýan dek oýkanjyrady, ada arçyndy:
— Ýolbarslaryň ýylanlar bilen dostlugyna geň galýardym. Görüp otursam, olar bäş-alty ýyldan bir gezek köpelýän ekenler. Ganjyklarynyň dogmasy görgi eken. Olaryň ýylan bilen dostlugy diňe aňsat dogmak üçin eken. Burgy tutup ugranda ýylan gelip arslanyň boýnundan gysyp ugraýan eken. Ýylan boýundan dem bermän gysyp ugrasa, boýnunyň agyrysyna başagaý bolup, dogranyny-da bilmän galýan eken. — Togrul beg birden ýerinden turdy: — Byradar, belki, özümizi mizana salyp göreris?!
— Seniň bilen o dünýä gitmelem bolsa taýyn men.
— O dünýä diýme. Özüň aýtdyň-a biz Seljuk begiň ýaşyny ýaşarys diýip.
— Ýaşarys, enşa.
— Awa gidelimi?
— Gideli.
Togrul beg gapdalynda hyzmata gaýym bolup duran kişilere uzak seretdi, megerem, ýumşuny ol duranlaryň haýsy birine buýurjagyny bilmeýän bolarlydy.
— Dürnazar, sen mirşikara aýt, biz ertir ir bilen Kuzekonan obasynyň deňindäki tokaýlykdan arslan awlamaga ugraýarys. Ahursalar32 aw atlaryny taýýarlasyn.
Gutulmyş goşa per güpjegi tirsekläp ýatyşyna togdarynyň kakmajyny çümhöreklik bilen iýip oturan soltany synlady.
— Häzir aňyňda näme pikir bar, byradar? — diýip, soltan elindäki togdarydan ünsüni sowman sorady.
— Aýtsam, gelşiksizräk bolaýmasa.
— Bolmaz, aýt.
— Men häzir sen hakda oýlandym. Dogrymy aýdaýyn, Togrul, meniň saňa gözüm gidýär. Älemde Allatagalanyň belentden mertebelän bir adamy bar bolsa, onda şol mertebelenen adam sen bolmaly. Eger Älemde Beýik Perwerdigäriň mertebelän adamy iki bolsa, onda onuň biri-de hökman sen bolmaly. Sen maksadyňa ýeten adam. Adama baha bereniňde onuň maksadyna ýetendigi ýa ýetmändigi boýunça baha bermeli. Sen maksadyňa ýetdiň. Derwezatada ýeke-täk şa bolduň. Bu zatlaryň üstesine Muhammet pygamberiň giýewsi-de bolduň.
— Wah, doganym, men öwlada dil ýetirmekden daşda. Ýöne Altynjan aýatda diri gezip ýören bolsa, maňa başga hiç bir zenan gerek bolmazdy. Altynjanyň ýekeje garaýşyny men hiç bir zenan, hiç bir baýlyk bilen çalyşmaryn. Dogrymy aýdaýyn, meniň saňa gözüm gidýär. Ynanaý, walla, çynym. Dogry, sen ýigrimi ýyllap kösendiň. Ýöne ondan soňky durmuşyň gül ýalak ahyryn. Gül ýalak ogullaryň bar. Nesip bolsa, olaryň her biri bir ülkäniň, welaýatyň häkimi bolar. Parahat ýaşaýşyň bar. Kem zadyň ýok. Maňa nähili ýüzlenýän bolsalar, saňa-da şeýle ýüzlenýärler. Sen biziň doganlarymyzyň içinde iň okumyşy. Sen millet ylmyny suwara bilýärsiň. Sen ýyldyz ylmyny ähli ulamadan gowy bilýärsiň. Sen haýsy zadyň adamyň haýsy derdine emdigini bäş barmagyň ýaly bilýärsiň. Hut şonuň üçin hem halypa saňa Şyhabeddöwle nisbesini berdi. Sen-how, duran bir hazyna! Onsoň meniň saňa gözümiň gitmegi düşnükli, ýöne seniň maňa gözüň gitmegi düşnüksiz. Halan welaýatyňy ykta almak isleseň, meniň saňa gaşymy çytmajagymy özüň bilip dursuň. Diňe meniň şalygym däl bu. Bu seniň-de şalygyň!
Gutulmyş soltanyň bu sözlerini aňynda aýlap, pikirini daşyna çykardy:
— Bu çarhypelege geň galýaryn. Allatagala ähli bendesini öz durmuşyndan närazy bolar ýaly edip ýaradypdyr. Ähli kişini görseň, göräý, hemmesi öz takdyryndan belli bir derejede armanlydyr. Göräýmäge, senden özge kişi bagtly ýaşaýan ýaly…
Wezir Anuşirwan Tümeniň gelmegi bilen gürrüň soňlanman galdy. Wezir aladalydy hem aljyraňňydy. Bu kişä Togrul begiň-de, Gutulmyş begiň-de sylagy-hormaty ýokarydy. Sebäbi Anuşirwan Altynjan hatynyň ogullygydy. Has takygy, Anuşirwan onuň daýysynyň ogludy. Daýysy Tümen ir wepat bolupdy. Onsoň ýaş Anuşirwana Altynjan enelik edipdi. Arap, pars, ýunan dillerini öwredipdi.
Anuşirwan Tümen mydama ýylgyryp duran, kyrk ýaşlaryndaky nazarkerde wezirdi. Asyl onuň uklaýan wagty seýrek bolýardy. Ol gijelerine-de soltanyň birden hyzmatynyň ýüze çykmagynyň mümkindigi üçin gapdaldaky otagda hyzmata gaýym bolup durardy. Gündizlerine bolsa ol özüniň wezirler diwanynda şalygyň diwanyny ýörederdi. Şalygyň tas ähli meseleleri diýen ýaly Anuşirwanyň ygtyýary bilen çözülerdi. Altynjan ýogalanyndan soň soltan öz işlerini, naýyplygy hem Anuşirwana ynandy.
Anuşirwan Tümen has düýpli mesele bolaýmasa özi çözýärdi. Soltany biynjalyk etmezlige çalyşýardy. Soltan Gutulmyş beg bilen razdaşlyk gurap otyrka päsgel bermezdi.
Anuşirwan Tümeniň müýnli halda iki doganoglanyň ýanyna gelmegi — bu düýpli bir meseläniň ýüze çykandygynyň alamaty bolmalydy.
— Wezir, näme habar?!
Anuşirwan Tümen ikidyz oturyp, Togrul soltana ýüzlendi:
— Merhemetli soltanym, men melike Seýidde hatynyň habaryny getirdim.
— Ol nähili habardyr, ol?
— Melike siziň arslan awuna gitjekdigiňiz hakdaky habary eşidip, biçak birahat bolup otyr. Ol bagry girýan bolup, siziň aýak tozuňyzy öpüp, size niçezar towakgalar eýleýär, siziň arslan awuny, töwekgelligi goýbolsun etmegiňizi isleýär. Ol meniň hem bu towakga goşulmagymy sorady.
— Ýeri, sen nähili pikirde?
— Näme etse, gowy boljagyny, elbetde, soltan gowy bilýändir. Arslan awuna diňe öz güýjüňi barlap görmek, göz görkezip, at almak, derisinden eşik geýmek, lezzet almak üçin gidilýär. Emma lekin, size at almak üçin arslan awuna gitmegiňiziň zerurlygy ýok hasaplaýaryn. Çünki külli musulman, älemiň ýedi yklymynyň raýatlary siziň jan saglygyňyzy isleýärler, her juma namazyndaky hutbalarda siziň rowaçlygyňyza, şanyňyza hamdu-senalar aýdýarlar.
— Haý, Anuşirwan, atylan okuň yzyna gelmeýändigini melike bilmese-de, sen bilmeli ahyryn!
Anuşirwana aýtdyryp, aw töwekgelliginiň öňüni alyp bilmänden soň, Seýidde hatyn Resulteginiň üsti bilen Gutulmyş begden towakga etdi. Elbetde, Gutulmyş beg arslan awuna gitmäge onçakly döwtalap hem däldi. Ol soltana ýok diýmegiň ebeteýini tapmanlygy üçin razylyk beripdi. Bu gün özünde ýaşlyk gujurynyň ýokdugyny bilýärdi. Arslan bilen darkaş gurmak üçin çalasynlyk, sowukganlylyk gerek. Ýaşyň birçene barmagy — bu hereketleriň ýaýallaşmagy, gowşamagy. Ýyrtyjy haýwan sen soltan ekeniň, senem soltanyň doganoglany, weziri, salary, nedimi, sen ýaş ýa garry ekeniň diýip geçirimlilik etmez, özüni pida bermez. Ol bir böküşde garşysyndakylary parça-parça etmegi-de mümkin.
Gutulmyş beg Seýidde melikä ertir awa ugraljak wagty soltany awdan alyp galmaga synanyşmagy wada berdi, ýöne ol Seýidde hatyna beren bu sözünde durup bilmedi. Aladaňdan onuň ýatan ýerine Togrul begiň hut özi geldi. Gutulmyş bege soltanyň yzyna düşäýmekden başga alaç galmady.
Gutulmyş beg ýürekden islän bolsa, hökman bir bahana tapardy. Onuň bahana tapjak bolup yhlas etmändiginiň sebäbi belli bir derejede ýolbars awlamak küýseginiň barlygy üçin bolmaly.
Mirşikar ýüzüni düw-ak edip soltanyň ýanyna geldi, nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy. Gorkudan ýaňa sandyrady.
Nämedir bir zadyň bolandygyna duranlar düşündi.
Name bolup biler?!
— Kyblaýy älemim, meni öldüriň! Men siziň ynamyňyzy ödäp bilmedim.
— Näme boldy? — diýip, Gutulmyş mirşikaryň alkymyna dykylyp bardy.
— Kyblaýy älemim, siziň awa münýän Aýöwser diýen atyňyz ölüpdir…
— Ölüpdir?! — Anuşirwan gaharlandy: — Öten agşam teblehana baranymda Aýöwseriň hiç hili hylty ýokdy ahyryn!
Togrul begiň ýüzi garört boldy:
— Mirşikary zyndana atyň. Anuşirwan, awdan gelýänçäk özüň ýanymda mirşikarlyk edersiň.
— Lepbeý, kyblaýy älemim…
— Kyblaýy älemim, atyň ölmeginiň sebäbini men şu gün anyklaryn — diýip, Dürnazar dillendi.
— Gerek däl, gerek däl. Anyklajak bolma. Onuň sebäbini men bilýärin.
Aty öldüreniň kimdigini soltandan duranlaryň hiç biri sorap bilmedi.

Ýigrimi ýedinji bap

Kuzekonan obasynyň reýisy goňşy obalaryň, öz obasynyň awçylaryny — jemi kyrk awçy bilen tokaý-jeňňelliklerdäki iki gaplaňy öldürendiklerini, indi bu töwerekde gaplaňyň ýokdugyny, diri galanlarynyň Rezaýe kölüne tarap gaçyp gidendiklerini gürrüň berdi.
Bu habara Togrul soltanyň keýpi gaçdy.
— Haý, jöwşenli aw edäýjekdim welin, bolmady — diýip, soltan ahmyr bilen hyrçyny dişledi.
Şerefhane daňdan iki ýüz gulam ugradylypdy. Ol gulamlaryň wezipesi dowulçylykdy. Olar Şerefhaneniň deňinden başlap ähli ýabany haýwanlary Kuzekonan obasyna bakan kowmalydy. Iki menzil aralykdan kowulyp getirilen keýikleri Kuzekonan obasynyň demirgazygyndaky çöketlikde awlamak üçin iki ýüz töweregi tazy, bäş ýüz awçy-gulam taýýar bolup durdy. Bu adaty awa Togrul beg ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň keýpi ýokdy. Çünki aw meýdanynda gaplaň ýokdy. Togrul beg gaplaň bilen başa-baş darkaşa girmek üçin awa çykypdy ahbetin! Keýik awlamak bu mahal soltana rahatlyk, lezzet berip bilenokdy. Ol üç-dört sany ýerli awçydan gaplaňdyr arslany haýsy tokaýlykdan, sähralykdan tapyp boljakdygy hakda sorady. Ýerli awçylaryň jogaplary soltany kanagatlandyrmady.
— Şu ýaşymda ýene bir gaplaň ýa arslan awlamasam, armanly ölerin.
Awçylaryň biri Rezaýe (Urmiýa) kölünde bir ýolbarsyň uzynly gün suwdan çykman oturandygyny habar berdi.
Soltan awçynyň bu habaryna begenmek begendi:
— Ýolbars suwa girip uzak oturýan bolsa, onda bu onuň gyzdyrma keseline ýolugandygynyň alamaty. Byradar, sen maňa ýolbarsy Urmiýanyň haýsy güzerinde görendigiňi takyk aýt, iň gowusy meniň bilen gidip, ýolbarsy gören güzeriňi görkez, biz şol ýerik gitjek.
Kölde ýolbars gören awçyny ýolbelet edip, Urmiýa gitmegi makul tapdylar.
Müň adamdan ybarat awçylar topary Urmiýa kölüne ugrady.

Ýigrimi sekizinji bap

Togrul soltan bilen Gutulmyş beg ýolbarsy nädip awlamalydygy barada pikir alyşýardylar. Ömürlerinde awy köp edenlerinden soň, olar ýolbarsyň häsiýetine beletdiler. Ilkinji gezek ýolbars awlamakçy bolanlarynda olar ýolbarsyň häsiýeti, ony nädip awlamalydygy hakda ýeterlik sapak alypdylar. Ondan soň hem ençe tejribe toplapdylar.
Seljuk begleri, köplenç, ýolbarsyň derisinden tikilen eşikleri geýip gezýärdiler. Ýolbarsyň derisinden tikilen eşigi geýmek uly derejedi. Ýolbarsyň derisini, elbetde, satyn alyp bolar, ýöne beýtmek seljuk begleri üçin namys bilinýärdi. Şonuň üçin seljuk begleri kämil çykyp, hökman ýolbars awlaýarlar.
Ýolbars awlamak, onuň derisinden eşik geýmek seljuk begleriniň arasynda uly hadysa hasaplanýardy. Ýolbars awlap, onuň derisinden eşik geýen serkerdä goýulýan hormat-da ýokary bolýardy. Şeýle bolansoň Togrul beg ýolbars awuna aýratyn gadyr goýýardy.
Aw awlamak üçin ýeterlik aw gurallary bardy. Olarda aw tazylary-da köpdi, iki sany aw öwredilen bars hem bardy. Ýöne olara aw tazylaryndan, iki barsdan peýda boljak däldi.
Aw hakda gürlemeli bolanda diňe Gutulmyş begiň däl, Togrul soltanyň hem galkyjaklaberýändigini wezir-wekiller gowy bilýärdiler. Ýaşlykda seljuk ýigitleriniň oguz adyny almak üçin töwekgellige ýüz urandyklaryny, şol töwekgellikde Gutulmyş begiň kysmatynyň has çökder bolandygyny, gaplaň bilen başa-baş darkaş gurap aýagyny, gapyrgalaryny döwdürip, özünden gidip uzak ýatandygyny, ony gaplaň süreninden özüni bilmän ýatan halda tapandyklaryny, başda ony ölendir öýdüp zemmere salyp alyp gaýdandyklaryny, ýöne oba ýakyn baranlarynda elini çala gymyldadyp dirilik alamatyny görkezendigini, özüne gelip bilmän uzak ýatandygyny, gaplaňyň şatysyna döz gelip ölmän galandygy üçin Gutulmyş adynyň berlendigini soltanyň wezir-wekilleri bilýärdiler. Şeýle ýowuz kysmatdan soň Gutulmyşyň üç sany ýolbars awlandygyny-da bilýärdiler. Togrul soltanyň awlan arslanlary Gutulmyş begiňkiden köpdi: ýedidi. Togrul soltan bu sany sekize ýetirmek isleýärdi. Sebäbi jennetde bar bolan sekiz derwezäniň hersi üçin bir arslan awlamak behişdi hasaplanýardy.
Iki doganoglan tä köle ýetýänçäler diňe ýolbarslar barada söhbet edip gitdiler. Olar ene ýolbarsyň çagasyny hereketsiz, duýgusyz, bir tokga ýarka şekilinde dogýandygy, oňa üç günläp ýylylyk, ene mährini bermän, diňe gapdalynda garawullap ýatýandygy, soňra erkek ýolbars gelip, tä hereket edýänçä, dem almaga başlaýança agzyna üfleýändigi, şondan soň güjügiň jana gelip hereket edip, emip başlaýandygy, onuň uzaga bökmek, ýere ýelmeşen ýaly bolup ýatmak, süýşmek ýaly häsiýetleri, ýyrtyjy haýwanlaryň içinde açlyga hemem suwsuzlyga çydamlydygy, kä wagt aw üçin otuz agaç-kirwe33 aralygy geçýändigi, awlan awundan doýup iýeninden soň hernäçe ajyksa-da, oňa ikinji gezek dolanyp barmaýandygy, bir doýansoň, iki gije-gündiz hiç zat iýip-içmän oňýandygy, buşuganda itleriňki deýin yzky aýagyny göterip çem gelen daragta buşugýandygy, adamyň üstüne duşmançylyk niýeti bilen topulmaýandygy, dişleýändigi, emma çeýnemeýändigi, öz jynsyndan başga ýyrtyjy haýwanlar bilen ysnyşmaýandygy, derisiniň gaty berkdigi, garnyndan başga ýerine hanjaryň aňsat-aňsat geçmeýändigi, täsin bir ahwalata şaýat bolandyklary — ýolbarsyň derisiniň üstüne towşanyň derisini atsaň, onda towşanyň derisiniň tüýleriniň gorkudan ýaňa bir hepdäniň içinde dökülýändigi, diňe bir janly towşanyň däl, eýsem onuň derisiniň hem gorkýandygy, şeýle güýçli ýyrtyjy bolsalar-da, towşanlar deýin gorkakdygy, käbir ýönekeý zatlardan hem gorkýandygy, aýratyn hem horazyň gygyrmasyndan, demriň taňňyrdysyndan, deprekleriň sesinden, pişiklerden, alakalardan, gara ýüpden gorkýandygy hakda joşup-joşup gürrüň edip, köle nädip ýetenlerini-de duýman galdylar.
Köle ýakyn barlansoň, tokaýlygyň içi bilen hatar bolup ýöräp, ýolbarsy gysaja salmak kararyna geldiler.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 22 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: