10:33
Sahypkyran Gutulmyş beg -20/ romanyñ dowamy
Onunjy bap

Ybraýym ynalyň ölümine Togrul beg gynanmak gynandy. Ol Gutulmyş begi gujaklap, içigip-içigip aglady:
— Doganym, men jan ýaly doganymyň ölümine sebäp boldum. Eşidýärsiňmi, men öz doganymyň ölümine sebäp boldum.
— Gurhany kerimde «Nähaklyk eden kişiler nähili bir ýykylyş bilen taýjakdyklaryny bilerler» diýilýär, Ybraýym hem şeýle takdyra garaşýardy. Onuň özi saýlap aldy bu ýoly. Sen gynanma! Men onuň ömrüniň şeýle soňlanjakdygyny çak edýärdim. Çak edişim ýaly-da boldy. Ýadyňda bolsa, men saňa bu barada ol birinji gezek baş göterende — mundan sekiz ýyl öň aýdypdym.
— Ýadymda, ýadymda.
— Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaýar.
— Ybraýym edenlidi. Ol entek-entekler ýaşamalydy — diýip, Togrul soltan odandy.
— Özüňi ele al. Sen beýdip otursaň, raýatlaryň neýlesin, soltan! Herhal, Ybraýym pygamber ýaşyny ýaşady, ýöne Muhammet pygamber ýalňyz ogly Ybraýymdan jyda düşende hem — ýatla! — özüni merdi-merdana alyp barypdyr. Ýogsam on sekiz aýlyk ýalňyz Ybraýym Muhammet pygamberimiziň ýürek tesellisi eken. Ybraýym ýogalanda Muhammet pygamber hem edil seň ýaly gözünden ýaş döküp aglapdyr. Ýanyndakylar onuň aglamasyny geň görüpdirler. Şonda pygamber: «Men gynanjy gadagan etmedim, gözýaşy gadagan etmedim. Gygyryp-bagyryp aglamany gadagan etdim. Mendäki gözýaşlar ýüregimdäki söýginiň we merhemetliligiň eseridir. Ýürek ýanar, göz ýaşlanar, kim-de-kim merhemet görkezmese, başgalar hem oňa rehimdarlyk etmez» diýip, ýalňyz ogluny depin edipdir. Oglunyň mazarynyň başynda bolsa bir ýazgy ýazdyrypdyr.
— Nähili ýazgy? — Peýkam gyzyklady.
— Ol ýazgyda: «Peýdasy-da ýokdur, zyýany hem. Ýöne dirä teselli berer» diýen sözler bar eken. Seniň Ybraýymyň ölümine ýanyp-bişmegiňden welin, saňa diňe zyýan bar. Sen öz saglygyňa zyýan ýetirýärsiň. Şonsuzam ol seniň saglygyňa köp zyýan ýetirdi. Indi sen onuň ölümini ýatlap özüňi örteme. Ol ynallyk derejäni özüne kiçi bildi, hetdini unutdy.
Togrul begiň agyr günlerinde Süleýman onuň ýanyndan aýrylman hemaýat etdi. Hemedanda Ybraýymyň göztussagy bolanlarynda-da Süleýman Togrul begiň daşynda perwana bolupdy.
Süleýmanyň ikinji ogly dünýä indi, ol dünýä inen çagajygyny göterip, Togrul soltanyň pata bermegi, at dakmagy üçin alyp geldi.
Togrul soltan begendi. Çagajygy elline alyp, onuň her gulagyndan üç gezek ýuwaşja çekip, «Osman» diýip at berdi, uzak ömür, döwletlilik dileg etdi.
— Eý, damulla, alyp git indi çagaňy! — diýip, Alparslan Süleýmana azgyryldy.
Süleýman doganynyň sözüni halamady, ýöne sesini çykarman çagany daşişikde duran enekä gowşurmak üçin ugrady.
— Geçeni geçdi bileliň! — diýip, Gutulmyş Alparslana seretdi.
Alparslan dogumlydy, haýbatlydy. Hakyky serkerdedi. Haýbatly nazary köpleriň sustuny basýardy. Gutulmyşyň oňa göwni ýetdi.
— Biz dogry iş etdik?! — diýip, Alparslan Gutulmyşa soragly seretdi.
Gutulmyş beg Alparslany ýene buýsanç bilen synlady. Onuň aýdan bu sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Uzyn boýly, uzyn murtly, durşuna dogum-gujur bolup duran bu ýigidiň özüne ynamy uludy. Özüni gaty ynamly tutýardy, ynamly gürleýärdi. Özem onuň Gutulmyş bege hormaty uludy. Ol şol günüň ertesi, Gutulmyş begiň ýeke oturan pursadyny tapyp, onuň ýanyna geldi.
— Lalam9, sizden bir zat soramakçy bolýaryn.
— Käşgä sorasaň.
— Men sizi mydama synlaýaryn, mydama size meňzemäge çalyşýaryn. Men sizi mydama parahat ýagdaýda, göwnühoşlykda görýärin. Onsoň pikir edýärin: «Lalamyň aladalanýan, gaýgy-gama batýan wagty hem bolýarmyka?». Şu sowalyma jogap tapyp bilmeýärin.
— Pederlerimiz aýdypdyr: «Içimiň geçenini balagym bilýär» diýip. Adam bar ýerde alada hem bar, gaýgy-gam hem.
— Biziň sizden öwrenmeli zatlarymyz juda kän.
Gutulmyş beg Alparslanyň özüne möhüm bir habar aýtmakçy bolýandygyny, bu sowalyň gepbaşydygyny aňyp, onuň ýüzüne gülüp bakdy:
— Tüweleme, hakyky seljuk begi bolup döräpsiň! Ogullarymyň birini saňa lalalyga bereýin. — Gutulmyş Alparslanyň näme jogap berjegi bilen gyzyklandy.
— Men entek ýaş-a, agam!
— Gep ýaşda däl, başda.
— Men şazada doganoglanlarym bilen tanyşmak isleýärin.
— Olar pata gelerler, häzir olar ýoldadyrlar.
— Onda, nesip bolsa, doganoglanlarymy görerin. Belki, olar meniň ýanymda bolarlar?!
— Meniň doganymyň ýagdaýy nähili?
— Elhamdulillahy Rebbil älemin! Allatagalanyň her dem berenine şükür. Onuň ýagdaýy gowy.
— Ol häzir nirede?
— Walydym häzir Sarahsda. Ol ýerde bir awlag ýeri bar. Walydym şol ýerde aw etmegi gowy görýär. Men oňa Ybraýym beg barada hiç zat aýtmadym. Çünki ol gynansa, derdi gozgaýar. Onsoňam babam uzak ýola ýaranok, şonuň üçin hem ol bu pajygadan bihabar. Men onuň ýanyndan Sistana gitjek diýip gaýtdym.
— «Şanamanyň» ýurduna mynasyp emir sen. Sen bu gün «Şanamadaky» melgunyň alyna giden halkyň ganyny soran, beýnisini iýen zalym şa Zahhary öldüren Feriduna ogşaýarsyň.
Bu gürrüň olaryň ikisine-de Ybraýymy, onuň ýaýyň kirşi bilen boglup öldürilişini ýatlatdy.
Bu mahal Gutulmyş beg Ybraýymy, aýratyn hem onuň öldürilişini ýatlamak islemeýärdi. Ol bu babatda Alparslanyň nämedir bir zat aýtmagyny-da islemedi:
— Alparslanym, men seniň gurýan darkaşlaryň, gazanýan ýeňişleriň hakda köp eşidýärin. Berekella saňa! Arslan ýabgunyň başlan şöhratly ýoluny dowam etdirmek indi siziň borjuňyz. Enşa, biz size mydama guwanyp ýaşaly.
— Şyhabeddöwle walydym, men hem siz hakda köp zatlary bilýärin.
— Men hakynda saňa kim gürrüň berdi? Çagrymy?!
— Maňa siz hakynda iň köp gürrüňleri beren Altynjan walydam.
— Kim-kim? Altynjan diýdiňmi? Ol men hakda nireden bilýärmiş?
— Walydam: «Hatynlar öz ärleriniň janly şejere kitaby bolmalydyr» diýýär.
— Be, ol nireden eşitdikän?!
— Bilmedim. Men bäş dogan bolup başdan geçiren wakalaryňyzam, iki sany körpe çagaňyz öldürilenden soň, göwnüňizi götermek üçin siziň soltan Mahmydyň ýanyna gidişiňizem, Hindistanyň Kelejar galasynda başdan geçiren wakalaryňyzam, ol ýerden gaçyşyňyzyň şowsuz gutarandygynam, ol ýerde öýlenendigiňizem bilýärin.
— Dur, dur! Alparslan! Seniň meni bilýändigiňe göz ýetirdim. Men indi garran adam. Gürrüňi men hakynda etmäli-de, sen hakda edeli.
— Siz biziň nesilbaşymyz! Siz seljuk neberesiniň kethudasy. Size Çagry beg sygynýar. Size Gyzyl beg, Mansur beg dagy hem sygynýar. Bir mesele ýüze çyksa, ony size geňeş salman Çagry begem, Togrul beg hem hiç zat etmeýär! Biz hem bu ýoly mukaddes tutarys. Şonuň üçinem, Şyhabeddöwle walydym, sizden bir zady towakga etjek bolýaryn. Togrul soltan dogany Ybraýymyň ölümine özüni sebäpkär saýyp örtenýär, gijelerine ýatmaýar. Sizden Togrul lalama göwünlik bermegiňizi towakga edýärin. Ol diňe size sygynýar, diňe sizi razdaş bilýär. Ol diňe sizi diňlär. Eger ol özüni gam-gussa basdyrsa, bir ýowuz derde ýolukmagy mümkin. Siziň şol ýowuz derdiň döremeginiň öňüni almagyňyzy towakga edýärin.
— Sen meni begendirdiň, mäligim. Togrul hakdaky, Çagry hakdaky aladalaryň meniň hoşuma geldi. Bu aladalaryň mertebä mynasypdyr, men, seniň aýdyşyň ýaly, Togrulyň gam-gussa batmazlygy üçin çalşaryn.
— Taňryýalkasyn!
— Mälik, menden bir zad-a gizleýärsiň — diýip, Gutulmyş Alparslanyň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi.
— Aňdyňyz, lalam, ýöne men ony size nähili aýtjagymy bilemok.
— Göni aýt!
— Göni aýtsam, Kawurt bilen aramda dawam bar. Şony çözüp bermegiňizi towakga edýärin.
— O nähili dawa?!
— Kawurt mirasdüşer bolmak isleýär.
— Ol islemeli dälmi?
— Ýok, islemeli däl. Men mirasdüşer boljak.
— Gurt uly ogul. Öňden gelýän kada-kanuna görä birinji ogul mirasdüşer bolmaly.
— Ol mirasdüşer bolmagy, patyşa bolmagy oňarmaz.
— O nähili oňarmaz? Kawurt permany, gör, näçe ýyl bäri dolandyryp ýör.
— Öwf — diýip, Alparslan uludan demini aldy. Düşnükli, siz Kawurdyň tarapynda.
— Men hiç kimiň tarapynda-da däl häzir.
— Siz Kawurdyň mirasdüşer bolmagyny isleýärsiňiz.
— Näme, men islemeli dälmi?
— Ol oňarmaz!..
— Näme üçin oňarmaz?!
— Onda gerim ýok, ol gysganç, her bir çöpi hasaply. — Alparslan birden Gutulmyşyň alkymyna dykylyp bardy. — Lalam, towakga edýärin, goý, ol meniň garşyma çykmasyn. Ýogsam...
— Näme «ýogsam»?!
— Erbet gan döküşlik bolar.
— Çagry näme diýýär?
— «Özüňiz ylalaşyň» diýýär.
— Kawurt näme diýýär?!
— Razy bolanok. Men babamyň ýanyndan aýrylamok, ähli keşigini çekýärin. Ol meniň mirasdüşer bolmagymy isleýär, ýöne Kawurdyň göwnüne degmejek bolýar. Aslynda, Kawurdy halanok. Hut şonuň üçinem ony Kermana ugratdy. Goý, ol Kermanda emirlik edibersin. Islese, men oňa ýene-de näçe ýer-ýurt gerek diýse-de berjek.
— Hany, ýör, Kawurdyň ýanyna baraly.
— Goý, özi gelsin!
— Ýör!
Alparslan Gutulmyşyň gapdalyndan ýöredi.
Kawurt Gutulmyş bilen Alparslanyň öz ýanyna gelýändigini görüp, ahmyrly başyny ýaýkady:
— Alparslan, sen, gör, nireden urduň?
— Sen Gutulmyş lalama garşy çykjakmy?
— Men Gutulmyş lala garşy çykyp bilmerin, näme diýse, sadyklyk bilen boýun egerin.
— Wessalam! Mesele çözüldi! Men mirasdüşer!
Gutulmyşa asyl gürlemegiň zerurlygy-da döremedi. Ol birden Alparslanyň, Kawurdyň garaşmadyk sowalyny berdi:
— Mirasdüşerligi men alsam, tagta geçsem name?
Alparslan ör-gökden geldi, Kawurt welin begendi:
— Çoh ajap bolar.
— Mälik, sen nä gepläňok?
— Siz näme isleseňiz şol hem bolar. Men garşy çykaýanymda-da, size Çagry beg-de, Togrul beg-de garşy çykmaz. Olar size hiç wagt hem garşy çykmadylar. Galan ömürlerine-de garşy çykmazlar.
— Sen garşymy? — diýip, Kawurt Alparslana ýüzlendi.
— Men öz lalalaryma garşy çykyp bilmerin-ä…

* * *
Ýasda Altynjan hatyn görünmedi. Ol hakda ynak hem sahyp Dürnazar (ol indi üç aý bäri Bekdaşyň işini alyp barýardy — Howpsuzlyk gullugyna ýolbaşçylyk edýärdi. Ybraýym Bekdaşy hakyna tutan bir gulamyna öldürdipdi) gürrüň berdi:
— Eý-ho, hatyn batyrlygy çensiz-çaksyz bolar eken — diýip, Dürnazar Gutulmyşa Altynjan hatynyň bitiren gahrymançylygyny joşup-joşup gürrüň berdi.
— Togrul soltanyň Ybraýymyň ýesiridigi hakda eşidende Altynjan hatyn hakyt otly köýnek geýäýdi. Ony hiç bir güýç bilen hem saklar ýaly däldi. «Biraz garaşalyň!» diýendigi üçin öz ogullygy Anuşirwan Tümen bilen Kunduryny tas düýt-müýt edipdi. Olar Altynjan hatynyň özlerini göni ajala eltmeginden heder edip zut gaçdylar, yzymyzdan Altynjan hatyn esger gönderäýmesin diýen ätiýaç bilen köprini-de ýumurdylar. Asyl, Altynjan ýadandygynam bilenok. Bagdatdan Hemedana çenli aralyk az-küş däl. Ol bu aralygy edil ok ýaly bolup geçdi. Özem dynç almady, esgerlere-de dynç bermedi.
Beýik Perwerdigärimiz Altynjan hatynyň yhlasyny görüp, ýardama girdi.
Altynjan Hemedana baran dessine, köp kösenmän, Ybraýymyň aňňalagyny aşyryp, ony öz bargähine saldy, şol ýerde-de öňden taýýarlap goýan adamlaryna ony ýaýyň kirşi bilen bogup öldürtdi.
Soňundanam gorky-ürkini bilmän, Hemedana kürsäp girdi. «Hany, soltan?! Eger soltanyň ýeke tüýi gozgansa, ähliňizi öz ellerim bilen kerçim-kerçim edip ederin!» diýip gygyrýar ol.
Onuň merdi-merdanalygyna diňe bir esgerler däl, Hemedanyň ähli ilaty hem haýran galypdyr: «Aperin!» diýip gygyryşdylar. Oňa aperin diýmez ýaly däldi: Ybraýymyň wezirleriniň birisi onuň jugdanyndan peýkam bilen göni urupdyr. Altynjan hatyn peýkamy gaşyny çytman döşünden sogrup taşlady. Ok atan weziri ölümden alyp galdy. «Öldürmäň ony — diýdi. — Men ol esgere aman berýärin. Ol esger öz begine wepadarlygyny görkezdi. Wepadarlyk üçin däl-de, dönüklik üçin jeza berilmelidir. Goýberiň diýýärin men ony!»
Altynjan hatyn ata atlandy. Onuň döşünden bolsa gan akýardy. Atyň eýeri gyrmyzy gana boýaldy, eýerden syrygyp gan ýere joralanyp akýardy. Altynjan hatynyň dogany Kabyl bilen başga-da birki sany ynak jöwlan urdy: «Altynjan, sizden gan akýar. Ony derrew duruzalyň. Ýogsam siziň ganyňyz häzir tükener. Soň heläk bolarsyňyz».
Onuň ganyny duruzjak, sarajak bolýarlar. Altynjan hatyn bolsa: «Ähli hemedanlylar maňa guwanç bilen seredýärler. Men olar seredip durka, ganymy duruzmak bilen başagaý bolsam, gelşiksiz hasaplamazlarmy?! Şäherden çykyp öz bargähime barýançam hiç zat bolmaz» diýip, gaty arkaýyn jogap berýär. Özem ýüzüne seretseň, agyrysy ýok ýaly, ýüzi gülüp dur.
— Hiç zat bolmadymy? — diýip, Gutulmyş sorady.
— Heý, bolmazmy, bargähiniň ýanyna çenli sepini bildirmän gitdi. Bargähine ýetende özünden gitdi. Derrew ony içeri salyp, ganyny sakladylar.
— Togrul özüne mynasyp hatyn saýlamagy başarypdyr. Altynjan hatyn, dogrudanam, patyşanyň hatyny bolmaga mynasyp hatyn.
— Altynjan hatyn özüne gelende, bilýärsiňizmi, näme sorady?!
— Näme?!
— Ol gözüni açyp turjak bolup dyzady. Turmaga ragbatynyň ýokdugyna akyl ýetiribem: «Siz näme üçin bu ýerde dursuňyz? Derrew soltana iýip-içer ýaly tagam eltip beriň! Açdyr ol! Ugraň! Soltan açdyr!» diýip, ol odandy.
— Ol häzir nirede?
— Siz eşitmediňizmi?! Arslan Besasury Altynjan hatynyň Wasyt yktasyndaky dogany Ybadyllany on iki bölek edip kerçeläp öldüripdir, mülküni wes-weýran edipdir. Altynjan hatyn häzir Wasytda bolmaly.
— Haý, görgüli! Ol ýaradar bolsa-da gitdimi?
— Gitdi ol.
— Ýaňy maňa Alparslan: «Seljuk nesebi hakda, ýedi arkaňyz, siziň ähli başdan geçiren wakalaryňyz hakda walydam Altynjan gürrüň berdi» diýdi. Altynjan hatyn biziň ýedi arkamyzy doly öwrenipdir, onam Alparslan daga gürrüň berýär eken. Ömri uzak bolsun. Togrulyň Altynjany hatyralamagy, oňa köp zatlary ynanmagy ýöne ýere däl eken. Altynjan hatyn — şeýle «Hatynyň bolaýsady» diýip maňlaýa sylynmaly hatynlardan. — Gutulmyş beg biraz dymyşlykdan soň, syrly ýylgyrdy. — Boldy, boldy, Dürnazar, Altynjan hatyny indi mundan artyk öwmäli. Hatyn hatyn bolar. Müň hatyn bir erkegiň ornuny tutup bilmez.
— Hatyny öwmek garrylygyň alamaty — diýip, Dürnazar Gutulmyş begiň pikirini oňlady.
— Diýmek, ikimizem garrapdyrys...
Gutulmyş beg bilen ynak Dürnazar hezil edip gülüşdiler.
Goňşy otagdan çykan ses Gutulmyş bilen Dürnazaryň keýplerini uçurdy.
— Ýok, ýok! Seniň bu diýeniň bolmaz! Pikirem etme!
Bu Süleýmanyň sesi.
Süleýman aňsat-aňsat gaharlanmaýardy, çünki ol agras, pähim-parasatly şazadady.
Süleýmany şeýle hetde ýetiren, gaharlandyran kimkä?!
Gutulmyş bilen Dürnazar biri-biriniň ýüzüne bakdy.
Olaryň bilmek islän zadyny nobatdaky çykan ses äşgär etdi.
Bu sesiň gazaplylygy, batlylygy Süleýmanyňkynyň çeni-çaky däldi, has haýbatlydy, batlydy.
— Meniň diýenim bolar! Eşidýärmiň? Meniň diýenim bolar!
Bu ses Alparslanyňkydy...

On birinji bap

Reýe gelende arkaýyn ýatyp-turmagy, dynç almagy üçin Togrul beg Gutulmyşa köşkden aýratyn bir otag beripdi. Onuň ýok wagty bu otaga hiç kim goýberilmeýärdi, otag mydama syrylyp-süpürilip, arassa saklanylýardy.
Gutulmyş garaňky düşensoň öz otagyna bardy. Giň otagyň içinde ýanýan şemleriň üç-dört sanysyndan başgasyny ferraşa10 söndürmegi tabşyryp, düşegine geçdi, ýöne uzak ýatmanka gapynyň agzynda duran jandarlaryň biri Togrul soltan bilen Alparslan mäligiň ýetip gelýändigini habar berdi. Gutulmyş egnine abasyny11 atyp-atmanka Togrul beg bilen Alparslan içerik girdi.
— Byradar, ukladyňmy?
— Eýgilikmi?
— Dürnazar Mosuldaky wakalary gürrüň berdi. Biz hiç zatdan habarsyz. Sen agyr betbagtçylyga uçrapsyň. Ony bize-de aýtmaýarsyň. Ikimiz näçe günläp Ybraýymyň tussaglygynda wagtymyzy bile geçirdik. Ol günleriň birinde Mosul pajygasy hakda ýeke gezegem gürrüň bermediň. Men häzir eşidip gynanmak gynandym.
— Seniň derdiň şonsuzam ýetikdi.
— Doganym, ikimiziň biri-birimizden aýry zadymyz bolmaly däldir.
— Bu derdimi, dogrymy aýdaýyn, özümem ýatlamazlyga çalyşýaryn. Süleýman meniň dil çykanyny, eline gylyç alyp gudumanlyk edenini gören ilkinji perzendimdi. Näme üçindigini bilemok welin, onuň orny ýüregimde ap-aýry.
— Dürnazar maňa köp zady gürrüň berdi. Eşidip haýran galdym. Onuň batyrlygyna, asylly tutumyna mertebe goýýaryn. Ýöne ol meniň ýanyma gelen bolsady! Ähli zat ap-aňsatlyk bilen çözülerdi. Dört-bäş müň atly bilen gidende ol Besasuryny bir depim gumy bilen ýok ederdi. Arslan Besasury musulmanlaryň — biziň başymyzdan inen bir musallat bolup döredi. Şony ýok etmesem, men rahat ýatyp bilmerin. Men ertir Wasyda, ol ýerdenem Bagdada gideýin, Besasuryny ýok edeýin!

* * *
Togrul beg bilen Gutulmyş tä daňdana çenli gürleşip ýatdylar. Alparslan olaryň ýanyndan ötägitmegiň ebeteýini tapman, başyny ýassyga goýdy. Biraz salym gürrüň diňläp ýatan hem bolsa, soň nädip uka batandygyny-da duýman galdy.
Daňdan Alparslan Horasana gitmäge şaýlandy.
Gutulmyşyň öz çagalaryny Alparslan bilen tanyşdyrmak baradaky islegi amal tapmady:
— Şyhabeddöwle atam! Doganoglanlarym gelip ýetişmediler. Bähbit bolsun. Siz olary meniň ýanyma gönderiň. Men olara islän ýerlerinden ykta bererin. Olar tarhan bolup ýaşarlar.
Alparslanyň bu sözleri Gutulmyşyň ýeňsedamaryndan tutulana dönderdi. Gaharyna sandyr-sandyr etdi. «Gör-ä, bu asyl soltan oguşýa. Meniň ogullarym indi şu burny sümükliden ykta almalymy? Bu meniň ogullaryma tarhan hatyny, yktany haýyr-yhsan etmelimi? Munuň meniň ogullarymdan nämesi artykmyş?! Näme üçin bu soltan bolmalymyş? Soltanlyk täji meniň ogullaryma degişli dälmidir eýsem?» diýip, Gutulmyş içini gepletdi, Alparslany gözleri bilen dalady.

On ikinji bap

Altynjan hatyn gelip Ybraýymy öldürdensoň, Gutulmyş Reýe gelip, bir hepdeläp hiç bir zada goşulman, oňly daşary çykman geçirdi.
Ybraýymyň ýedisini berip, Togrul bilen hoşlaşyp, öz patyşalygyna ugranda Resultegin on müň atly goşuna derek on sekiz müň atly goşun bilen onuň öňünden çykdy.
— Indi goşunyň geregi ýok.
Resulteginiň ýanynda Gutulmyş begiň dört ogly-da bardy. Olar kakalaryny görüp, garagörnüm aralykdan atdan düşdüler, gadyrly görüşdiler.
Şol ýerde çadyr dikip, düşlediler.
Gutulmyş beg Alparslan bilen bolan söhbedi, onuň: «Süleýmanşa bilen Mansur dagy meniň ýanyma barsyn. Men olara Horasanyň islendik ýerinden ykta bereýin» diýen sözüne özüniň gaharynyň gelendigini gürrüň berdi, ýöne bu habar Resulteginiňem, Gutulmyşyň ogullarynyňam hoşuna geldi.
— Juda gowy, hökman gitmeli! — diýip, Resultegin aýtdy.
Süleýmanşa hem Resultegin bilen heňdeş sözledi:
— Men Alparslanyň nähili sypatlydygyny görjekdim — diýip, Mansur ahmyr etdi.
Şondan soň olar niredesiň Saryýa şäheri diýip ata atlandylar. Ýolda gürrüň dowam etdirildi:
— Onuň senden artykmaç ýeri ýok — diýip, Gutulmyş beg özünden bir at boýy yzda gelýän ogluna jogap berdi.
— Çagry beg ogullarynyň hersini bir ülkä häkim belläpdir. Gurt (Kawurt) Kerman ülkesinde, Ýakut Diýarbekirde, rum serhetlerinde häkim, Alparslan Horasanyň amydy. Ol Sistany-da teshyr edipdir. Olardan köp zatlary öwrenip boljak.
Resulteginiň bu sözleri Gutulmyş begi gaharlandyrdy. Ol Resultegine azgyryldy:
— E-eý, diýýäniň näme seniň?! Alparslanyň beren yktasy gerek däl…
— Eh, Gutulmyş, sen ertirki günüň aladasyny etmeýärsiň.
— Ertirki gün Allatagalanyňky. Men Allatagalanyň entek bermedik, berjegi-bermejegi näbelli güni hakda kelle agyrtmagy gyltyma kowalaşmak hasaplaýaryn.
— Şu günsüz ertir ýok. Ertirki günüň aladasyny şu gün etmeseň, öňümizden taýýar lukma çykmaz. Çagry ogullarynyň hersini bir ülkä häkim edip ugratdy. Sen bolsa ogullaryňy ýanyňdan aýyrmak islemeýärsiň. Seniň ogullaryň indi uly-uly işler bitirmeli. Hersi bir welaýatda häkim bolsun, özbaşdak ýaşasyn. Sen haçana çenli ogullaryňy öz ganatyň aşagynda saklajak?! Sen babamyň — Arslan hanyň ýalňyşyny gaýtalaýarsyň.
— Resultegin, seniň diýýäniň näme?! Sen ogullarymy maňa garşy goýmakçy bolýarmyň? Sen näme üçin meniň ogullarymy kemsidýärsiň? Näme üçin meniň çagalarym Alparslanyň gullugynda durmaly?! Näme üçin? Süleýmanşa Dehistana, Mansur Şaluşa häkimlik edip ýörler. Olaryň häkimlik edýän ýerleri kiçi ýerlermi?
— Kiçi. Olaryň häkimlik edýän ýerleri welaýat ýa sebit däl, etrap, şäher. Alparslanyňky Ýakudyňky, Gurduňky bilen deňeşdireniňde kiçi. Onsoňam Çagrynyň ogullary seniň ogullaryňdan ep-esli ýaş uly. Olar tejribeli. Ikinjidenem, Alparslan eýýäm Horasanyň hökümdary, Çagry begiň mirasdüşeri. Men Süleýmanşanyň gelejeginiň uly boljakdygyna ynanýaryn. Süleýmanşa, nesip bolsa, ähli babatda Alparslandan ökde bolar. Şonuň üçinem ol Alparslanyň ýanynda bolup, onuň bilýänlerini özleşdirse, soňky gün Alparslan Togrul begiň şalygyna göz dikmez. Ýogsam onuň işdäsi gaty uly. Gutulmyşyň ogullary ähli ýerlerde häkim-amyd bolsun. Şihne bolsun. Ýeri gelende, olar taýýar soltan bolarlar.
— Resultegin, sen seljuklylaryň soltany bolmak isleýärsiň.
— Isleýärin...
Dymyşlyk.
Resultegin Gutulmyşyň ýüzüne seretdi-de, hyrçyny dişledi. Gürlese, agasynyň gaharlanjakdygyny aňdy.
Ara düşen dymyşlygy Süleýmanşa böldi.
— Baba, meni Alparslanyň ýanyna goýber. Bir ýyl men onuň ýanynda bolaýyn. Soňunam Allatagalanyň özi salgy berer.
Gutulmyş üzeňňä galyp gygyrdy:
— Siz hiç ýerigem gitmersiňiz. Alparslanyň ýanyna-ha asylam goýbermerin. Goý, onuň özi gelsin.
Göçgünli başlanan söhbet Gutulmyşyň gaharlydygy üçin dowam etmedi.
Esli aralyga dymyp gidilensoň, Gutulmyş asyl gaharlanmadyk ýaly parahat dillendi:
— Biz Ysraýyl Arslan ýabgunyň neberesidiris. Biz oňa mynasyp bolmalydyrys. Biz öz mertebämizi baýlyk üçin ýa başga bir zat üçin peseltmeli däldiris.
— Süleýmanşa häzir islendik bir ülkä häkim bolup biljek — diýip, Resultegin janykdy.
Gutulmyş birden atynyň jylawyny çekdi. Şeýle bolansoň, onuň yzyndan gelýänler hem atlarynyň jylawlaryny çekmeli boldular. Resulteginiň Süleýmanşanyň islendik bir welaýata häkim bolup biljekdigi hakda aýdany Gutulmyşa möhüm bir zady ýatladan bolarly. Ol atynyň ganjygasyndan nämedir bir zady aldy.
— Mansur, hany meniň ýakynyma gel! — diýip, ol on üç-on dört ýaşly ogly Mansury ýanyna çagyrdy.
Mansura ýaş diýer ýaly däl! Hakyt Rüstem Zala meňzeýär ol!
— Gulluk, baba — diýip, Mansur atyny debsiläp Gutulmyşyň ýakynyna geldi.
— Süleýmanşa Diýar-Mudar welaýatyna häkim bolmagy başararmy? —
Mansur kakasynyň bu sowalyna gara çyny bilen jogap berdi:
— Ony menem oňararyn.
— Diýar-Mudar welaýatynyň üstüne Mosul ili bilen Jebel ili goşulyp berilse-de oňararmyň?
Mansur jogap bermäge howlukmady. Ilki kakasyna, soň Resultegine, soňundan doganlaryna seretdi.
— Oňarar — diýip, Süleýmanşa ynamly aýtdy.
— Jogaby men Mansuryň özünden eşitmek isleýärin.
— Özüňiz hemaýat berseňiz, ynamy ödemek üçin bar gujur-gaýratymy gaýgyrmaryn. Şaluşy-ha gowy ýola goýdum.
— Kawurt Kermana häkim bellenende Mansuryň ýaşyndady — diýip, Resultegin Mansura gülüp bakdy.
Gutulmyş ogullary Alilik bilen Döwlede ýüzlendi:
— Mansur Mosul iline häkim bolup bilermi?
— Bolup biler! — diýip, iki dogan iki ýerden seslendi.
— Onda menem siziň pikiriňize goşulýaryn. — Gutulmyş atyň ganjygasyndan alan bukjasyny gapdalynda duran Resultegine berdi. Resultegin bukjany Mansura uzatdy.
Bukjada Togrul begiň permany bardy. Şol perman boýunça Mosul ili hem-de Jebel, Diýar-Mudar welaýatlary Mansur ibn Gutulmyş ibn Ysraýyla ykta berilýärdi.
— Baba, bu hoş habary näme üçin bada-bat aýtmadyň? — diýip, Mansur elindäki ykta şahadatnamasynyň ýazgylaryny gaýtalap-gaýtalap okady.
— Oh-o-how, Mansur häkim boldy! — diýip, ýaş Alilik zowladyp gygyrdy.
Bu habar üç dogany heýjana saldy, olar özlerini Mansuryň üstüne zyňdy. Dört jahyl bir atyň üstünde ýerleşmedi, olaryň hersi atyň üstünden birýana ýykyldylar.
Doganlar begençden ýaňa biri-birini gutlap gygyryşýardylar.
Goşun hoş habaryň eşidilen — ykta şahadatnamasynyň, tarhanlyk hatynyň Mansura gowşurylan ýerinde düşledi.
Uly meýlis gurap, şady-horram boldular. Gutulmyş ogullarynyň begenmelerinden çäksiz lezzet alýardy. Ol ogullarynyň gürrüňlerini diňläp, şatlanyşlaryna şatlanyp, ýylgyrjaklap otyrdy.

On üçünji bap

1060-njy ýyl.
Gutulmyş beg bir hepde bäri ýorgan-düşekli nähoş ýatyrdy. Onuň bagry agyrýardy. Mahal-mahal şeýle bir ýiti agyry edil hanjar sokup çykaran deýin edýärdi. Aýratynam ol ýerinden tursa, hereket etse, sanjy üznüksiz gaýtalaýardy. Şeýle bolansoň, ol hereket etmän agyrynyň köşeşerine, aýrylyp giderine garaşýardy.
Şol günleriň birinde — ýarygije köşge çapar geldi.
Ýarygije bolsa-da uklap bilmän, bagyr agyrysyndan ejir çekip oturan Gutulmyş çaparyň gelendigini ilki bolup bildi. Ol ýanyndaky hyzmatkärlerini gelen çapardan habar tutmak üçin gönderdi.
Çapar Togrul begden gelipdir, ony Gutulmyş begiň salamlygyna alyp geldiler.
Çapar Çagry begiň aradan çykandygyny, şol sebäpli Togrul begiň pata barýandygyny, onuň Gutulmyş begiň hem Merwe bile gitmegini isleýändigini, düýn Reýden çykan soltanyň ertir namazşam Saryýada boljakdygyny, oňa çenli ýörişe taýýar bolup durmagy tabşyrandygyny habar berdi. Gutulmyş dogany Resultegini, weziri Kelejaryny geňeşe çagyrdy.
— Gutulmyş, sen gitjek bolýarsyňmy? — diýip, Resultegin özüne zor salyp, ýerinden turan Gutulmyşa geňirgenip seretdi.
— Resultegin, sen dogry düşün, men kesel diýip galsam bolmaz. Onuň ogullary, wezir-wekiller hem başgaça pikir ederler.
— Olaryň nähili pikir etjegini biljek däl, ýöne seniň Merwe aşmaga ragbatyň-a ýok. Sen, iň gowusy, gal. Merwe men Süleýmanşa bilen gideýin.
— Men gitmesem bolmaz — diýip, Gutulmyş öz wezir-wekillerine görkezmeler bermäge girişdi.
— Merhemetli Şyhabeddöwle, siz düşegiňize geçiň, näme etmeli bolsa özümiz ederis — diýip, gapydan Zehebi Temim janykdy.
Gutulmyş köşk hyzmatkärlerini, öz gullugyndaky adamlary daň bilen çagyryp, mejlis geçirdi. Onda Çagry begiň wepat edendigini, şu zerarly özüniň Togrul soltan bilen Merwe pata gitmekçidigini, Togrul soltanyň şu gün namazşam Saryýa geljekdigini, saryýalylaryň soltany hemem onuň ýanyndakylary, goşuny mynasyp garşylamalydygyny aýtdy. Her kimiň etmeli işlerini birin-birin düşündirdi.
Mejlis gutarandan soň, emir Abu Buga Gutulmyş begiň ýanyna geldi.

On dördünji bap

Togrul begi şäheriň ilaty uly hormat bilen garşylady.
Ol gije Gutulmyş begiň myhmany boldy, onuň saglygynyň öwerlik däldigini görensoň:
— Sen gitme, Gutulmyş. Gitseň, derdiňi agyrlaşdyrarsyň. Iň gowusy, mazaly sagalýançaň ýat, özüňe em et. Men Merwde ýagdaýy düşündirerin. Meniň bilen, goý, Resultegin gitsin, Süleýmanşa gitsin.
— Men çydaryn — diýip, Gutulmyş hötjetlik etdi.
Şeýle bolansoň, kejebeli piliň üstüne gat-gat düşek ýazyp, onuň üstünde Gutulmyşy ýatyrdylar.
Niredesiň Merw diýip ýola düşüldi. Daňdan soltan Togrul begi, onuň wezir-wekillerini görmek hemem olary Merwe ugratmak üçin saryýalylaryň tas ählisi diýen ýaly köçelere çykdy. Adamlaryň «Togrul soltan!», «Togrul soltan!» diýip, ellerini galgadyşyp gygyryşýan sesleri şäheri gaplap aldy.
Gutulmyş piliň üstünde oturyşyna Togrul begiň ellerini galgadyp, çala baş egip saryýalylar bilen salamlaşmasyny, adamlaryň özlerine gözügidijilik bilen seredişlerini synlap barýardy. Birden saryýalylaryň arasyndan on-on iki ýaşlaryndaky hortap ýortmançanyň ellerini hereketlendirip aýdan sözlerine Togrul soltan-da, Gutulmyş beg-de geň galdy:
— Atam! Atam! Bu — men! Ata, men — Arslantegin! Men geldim! Ata! Men geldim!
Tertip-düzgüne gözegçilik edýän gulamlaryň biri ýortmançanyň boýnundan şapba tutup, ony honda zyňyp goýberdi.
Gutulmyş ol oglanjyk hakda hiç wagtam pikir etmese etmezdi welin, ýolda Togrul beg Gutulmyşa ýüzlendi:
— Byradar, Saryýada adamlaryň arasyndan bir oglanjyk «Ata, men geldim. Men — Arslantegin!» diýip özelendi welin, şol oglanjyk Süleýman neressäniň çagasy bolaýmasyn?
— Haý, Togrul, şu sowaly maňa bermeli däldiň! Bu şübhe mende-de döredi, ýöne men ony Gürgeniň deňinde aňymdan aýrypdym. Biraz rahatlanypdym. Indi welin, mende rahatlyk bolmaz.
Togrul beg Gutulmyşyň bu sözlerinden soň sesini çykarmady.
Ýol uzakdy.
Ýolda garrylyk, kesel özüniň hökmürowandygyny Gutulmyş bege görkezdi. Sanjy onuň janyny alarlap ugrady, yza çydaman, iki gezek özünden gitdi.
Hiç hili däri-derman nep bermedi. Bu bagyr agyrysy Gutulmyş begde Mosul şäherinde ogly Süleýmanyň wepatyndan soň peýda bolupdy. Bu agyryly sanjy aýrylyp gidibermeýärdi.
Goçandyň deňinde Gutulmyşyň derdi has beterleşdi. Ýörişe ýaramady. Oňa rahatlyk, hereketsiz ýatmak gerekdi. Şonuň üçinem Togrul soltanyň teklibi bilen Gutulmyş Goçantda ýoldan galdy. Resultegin bilen Süleýmanşa Togrul sultan bilen Merwe gitdi. Mansur bilen Alilik kakasynyň ýanynda galdy. Togrul beg ony Goçantda galdyryp, Merwe ugrajak pursady ruhdan düşmezligi, özüniň derrew dolanyp geljekdigini, Merwe gidip bilmeýändigine gynanýandygyny, Dawut Çagry begiň Gutulmyşy mydama hatyralandygyny aýtdy. Onuň Çagry hakdaky soňky sözi Gutulmyş bege has hem ýarady:
— Dawut seni dilinden düşürmezdi. Sarygetirme derdine ýoluganda sen oňa Süleýman daglaryndan ýarakan daşyny12 getirdip beripdiň. Şol ýarakan daşyny ýanynda göterse, derdi azar bermeýän eken. Şonuň üçin şol tokga gara daş Dawudyň mydama ýanyndady.
Gutulmyş Togrul dolanyp gelýänçä — kyrk günläp, şu habary serinde aýlap, ganatlanyp gezdi.
Ýigrimi gün ýatandan soň Gutulmyş biraz ganymatlaşdy. Şondan soň ol Süleýmanyň bäş ýyllap ýaşan howlusyny tapdy. Ol ýeriň adamlary bilen duşuşyp, ogly bilen baglanyşykly gürrüňleri diňledi. Goçantlylaryň Süleýmany guwanç bilen ýatlamaklary, oňa alkyş aýtmaklary Gutulmyşa güýç berdi. Ol goçantlylaryň gürrüňlerini serinde aýlap, buýsandy, her gün diýen ýaly ogullary bilen daga gitdi.
Köpetdag dünýä daglarynyň içinde dermanlyk otlarynyň köplügi bilen tapawutlanýar. Gutulmyş beg ogullaryny daga aýlap, ol ýerlerde bitýän dermanlyk ösümlikler hakda gürrüň berdi.
Sapar aýy bolansoň, tebigat ýaňy janlanyp ugrapdy.

On bäşinji bap

Gutulmyş beg mundan on bir ýyl öň hut şu ýerde uçut bir gerşe çykyp, il arasynda bürgüt daşy diýilýän «ukap daşyny» alypdy. Berk ynanjyna görä, Beýik Allatagalanyň hemem ukap daşynyň hemaýaty bilen dört sany akyly-huşy ýerindäki perzende ýüzi düşüpdi.
Haýwanlar tebigatyň diline gowy düşünýärler. Adamlar bolsa, öz aralarynda gepleşmegi, düşünişmegi öwrenip, tebigatyň diline düşünmekden mahrum boldular. Ýogsam kudama adamlar ezeli eýýamlarda tebigatyň diline gowy düşünýän ekenler.
Bürgüt daşyny gymyldatsaň, onuň içinden ses eşidilýär. Hamyla zenanlar bürgüt daşyny ýanlarynda göterseler, çagalary ýeňil dogulýar. Ähli janly-jandarlaryň içinde bürgütler hem edil ýolbarslar ýaly guzlajak bolanlarynda gaty kösenýärler. Olar her ýumurtgany gara görgi bilen guzlaýarlar. Bürgütleriň ukap daşyny höwürtgelerine getirmekleri ýöne ýere däl. Bu daş olaryň guzlamaklaryny ýeňilleşdirýär. Şonuň üçin ähli bürgütler nirede mesgen tutsalar, şol ýere hökman ukap daşyny getirip goýýarlar. Şeýdibem, guzlamagy ýeňilleşdirýärler.
Daşlaryň içinden ukap daşlaryny diňe bürgütler saýlap tapyp bilýärler. Adamlar welin, saýlap bilmeýärler. Adamlaryň oňarýan zady bürgütleriň tapyp getiren ukap daşlaryny olaryň uçut gaýalardaky höwürtgelerinden alyp gaýtmak.
Gutulmyş beg ukap daşynyň rahatlyk beriji güýjüniňem bardygyny anyklady. Süleýmanyň ölüminden soň ol agyr hasrata batypdy. Gutulmyş beg şonda kiçeňräk daşyny ýanyndan aýyrmady. Ukusyzlyk kösese, bu daşy ýassygynyň aşagynda goýdy, soňam süýji uka batdy.
Garrylyk diýmek — ukusyzlyk eken. Ukusyzlyga ýardam berýän ýörite daş bar. Ol daşa «uky daşy» diýilýärdi. Uky daşy Gutulmyş begde ýokdy. Sebäbi ol özüniň şeýle daşyny Togrul soltana beripdi.
Gutulmyş beg bu ýeriň dagyndan dermanlyk ösümliklerden başga uky daşyny-da agtarmakçydy.
Uky daşy edil gyp-gyzyl reňkli, şuglaly bir daşdy. Garaňkylykda bu daş ýalkym saçýardy.
— Ýatjak bolanyňda bir apbasy ýaly uky daşyny ýassygyň aşagynda goýsaň, ukyň rahat bolýar. Eger bu daşdan kiçi bir bölejigi ýanyňda göterseň, süňňüň ýeňil, şähdiň açyk, hyjuwyň ýetik bolar — diýip, Gutulmyş beg ogullaryna öwredýärdi.
Elbetde, Gutulmyş beg üçin däri-dermanlyk ösümlikleri, gymmatbahaly, peýdaly daşlary o gerişden beýleki gerşe çykyp, gara dere batyp, kösenip gözlemegiň zerurlygy ýokdy. Näme gerek diýse, ony getirip berjek ýörite adamlar kändi. Ýöne Gutulmyş beg bu işi zerurlyk üçin däl-de, göwün açmak, göwün hoşlamak üçin edýärdi. Gerekli daşlary gözlemekden, tapmakdan lezzet alýardy.
Gutulmyş beg ähli gymmatbaha daşlaryň içinde pöwrize daşyna aýratyn gadyr goýýardy. Ol bu daşa seretmegiň gözüň görejine peýdalydygyny anyk bilýärdi, şonuň üçin her gün säher ogullaryna pöwrize daşyny synladýardy. Bu daş pähimi durlaýar, gözleriňe röwşen çaýýar. Ertir pöwrize daşyny synlan adam uzynly gün özüni süňňiýeňil, gujurly, wagtyhoş, şadyýan duýýar. Onsoň, adamyň eden işem ugruna bolýar.
Gutulmyş beg Wizantiýa garşy ýörişe gidende ýanynda pöwrize daşyny göteripdi. Bu daşa il arasynda ýöne ýere «ýeňiş daşy» diýilmeýändigini bilýärdi. Wizantiýadaky görlüp-eşidilmedik ýeňişlerini gazanmagynda ýanyndaky pöwrize daşynyň, ýagny ýeňiş daşynyň hemaýatynyň bolandygyna ol ynanýardy. Pöwrize daşy adamy nähak ölümden hem goraýardy. Şonuň üçin Gutulmyş ogullarynyň hersine pöwrize daşyny beripdi. Olaryň her biriniň bu daş tokgasyny boýunlaryna dakynmaklaryny berk talap edýärdi.
Pöwrize daşyny Gutulmyş käbir kişiler ýaly, «Gözdaşy» atlandyrýardy. Çünki ol bu daşyň görip gözlerinden goraýandygy barada köp eşidipdi.
Ol öz çagalaryny özge çagalardan has parhly görýärdi. Onuň saýyrdyň ogullary, hakykatdan hem öz deňi-duşlaryndan nuranalyk, juwanmertlik taýdan parhlanýardylar. Onsoň, beýle saý ýigitlere bahyl gözüniň degmegi ähtimal.
Bahyl gözi çöplere, çörlere siňip, adam oglundan sowa geçsin!

On altynjy bap

Gutulmyş beg atasy Seljuk ibn Dukakyň hepdede iki gün agyz beklemek baradaky wesýetini uzak hem sag ýaşamagyň esasy şertleriniň biri hasaplaýardy. Ol Çagry begiň-de, Togrul begiň-de, özüniň-de ýetmiş ýaşa ýetmekleriniň hikmetini, jan saglygyny diňe her hepdedäki iki gün agyz beklemeden görýärdi. Özi bu wesýeti her hili ýagdaý bolanda-da saklaýardy. Ol ýetmiş-segsen däl, atasy Seljuk ibn Dukak ýaly ýüz ýedi ýaşajakdygyna berk ynanýardy. Dogrudanam, onuň süňňi ýeňildi. Gujurlydy. Entek garrylygyň «hyk-çokuny» edenokdy. Eline hasa almandy. Eýere eli kaklyşdygy bolany, bir «häh» diýende atyň üstüne böküp münmegi başarýardy. Özem muny, köplenç, öz adamlaryna göz üçin şeýle edýärdi. Goý, olar Gutulmyş beg garry diýip pikir etmesin. Onuňky ýaly edip, men-men diýen ýigitlerem atyň üstüne münüp bilýän däldir! Onsoň, atyň üstüne «häh» diýende towsup münüp bilýän bege garry diýmäge nädip diliň barsyn!
Gutulmyş beg mydama-da janynyň gadyryny bilen adam. Ýaşy geçdigisaýyn ol öz saglygy hakda hasam köp pikir edýär, özüne köp serenjam berýär. Özüni ogullaryna göz edýär. Ybraýym ynalyň, Çagry begiň, Togrul begiň, özüniň Seljuk ýabgunyň hepdede iki gün agyz beklemek baradaky wesýetini berk saklandyklaryny irginsiz gürrüň berip, olaryň aňyna iki gün agyz beklemegiň wajyplygyny guýýar. Özi hepdäniň duşenbe hemem penşenbe günleri agyz bekleýär. Onuň ogullaram şol gün agyz bekleýärdiler. Gutulmyş beg her hepdede zeýtun ýagyny-da içýärdi.
Zeýtun ýagy üsgülewügi aýyrýar, ýeňsedamaryň gatamasynyň öňüni alýar, rahatlyk berýär, ruhuňy belent edýär, gaýgy-gamdan saklaýar. Ýüzüňe nur çaýýar.
Gutulmyş beg Kelejar zyndanynda ýatanda-da duşenbe hem çarşenbe günleri agyz bekläpdi13. Göräýmäge, zyndanda berilýän owkat juda azdy. Şonda-da ýaşlykdan bäri saklap gelýän edehädini üýtgetmändi. Onsoňam ol, näme üçindir, özüniň agyz bekleýändigini, her hili daşlary ýanynda saklaýandygyny ýakynyndaky adamlaryň duýmazlygy üçin çalyşýardy.

On ýedinji bap

Gutulmyş içýän agyz suwuna gezek gelende-de gaty ynjykdy. Ol, köplenç, çeşme suwuny içýärdi. Içimlik suwy kümüş küýzelerde saklaýardy, ogullaryna ähli keselleriň ýüzde togsanynyň suwdan gelýändigini, şonuň üçin çeşmesiniň niredendigini bilmezden çem gelen suwy içmeli däldigini nygtaýardy. Ýaramaz suw içip keselläp ölen adamlaryň atlaryny sanap ugraýardy welin, ähli kişi hapa suw içip ölýän bolmaly diýen pikir aňyňa dolýardy.
Ol her gün säher turup ajöze bir jam çeşme suwuny içerdi. Ol agşamlaryna-da biraz bal goşulan bir jam suw içip ýatardy. Çünki suw adamy rahatlandyrýardy. Bally suw bolsa, adamy iki esse rahatlandyrýardy. Onsoň, adam aňsat uka batýardy, özem diýseň rahat uklaýardy.
Gutulmyş Togrul soltanyň howpsuzlygy üçin oňa şerap guýup içer ýaly hubukdan14 ýasalan jam beripdi. Bu sarymtyl-gyzylymtyl reňkli hubugyň üýtgeşik bir sypaty bardy: haçanda jama awy gatyşykly şerap guýlanda jam çygjaryp, derläp başlaýardy. Gutulmyş beg sowgat beren hubuk jamynyň häsiýeti hakda aýdanda Togrul beg birbada ynanmazlyk edipdi. Şonda Gutulmyş şeraply jamyň üstüne bir damja awy damdyrypdy. Jam görnetin çygjaryp derläpdi. Şondan bärem Togrul soltan diňe öz hubuk jamyndan şerap içýärdi. Şeýle jam Gutulmyşyň özünde-de, Resulteginde-de bardy. Ol ogullary üçinem şeýle jamy ýasadypdy. Asyl, onuň nahar iýýän okara-çanaklary-da hubukdandy.
Gutulmyş gymmatbaha daşlar hakda gürrüň gidende «Halypa özüniň gabaw edilmeginden öň büweýhlileriň neberesine degişli bolan bir gyzyl lagl daşyny hemem olaryň ýany bilen on iki sany gymmatbaha dür dänesini Togrul soltanyň öňünde goýandygyny, bulary aýaly Hatyja15 hatynyň agasy Togrul soltana sowgat bermegi özünden towakga edendigini, Togrul soltanyň hem ol sowgatlary almakdan ýüz öwrendigini»16 ahmyr bilen ýatlaýardy. Şol sowgatlary Togrul begiň almandygyna Gutulmyş begiň jany ýanypdy. Çünki ol dürleriň içinde aýratyn biriniň dabarasy dag aşan ýetim dürüdigini17 eşidipdi. Ol düri möminler emiri Abdylmälik ibn Merwana sowgat getiripdiler. Bu düri görüp halyfyň hatyny Abda bin Abdylla ibn Ýezidiň biçak göwni gaçypdyr. Abda hatyn biçak semiz eken. Ol birnäçe kişi tekge bolaýmasa, özi ýerinden turup-da bilmeýän eken. Şeýle bolansoň, halyf Abdylmälik hatyny Abda: «Eger hiç kime daýanman özüň ýeriňden turmagy başarsaň, şu ýetim dür seniňki bolsun» diýipdir. Abda begenipdir. Ol maksadyna ýetmek üçin barja güýjüni jemläp ýerinden turmakçy bolanda entirekläp gidip ýykylypdyr, birnäçe ýerini möçükdiripdir, maňlaýy kündüge degip, gara gana boýalypdyr. Abdylmälik halyf ýerinden turup bilmedik-de bolsa, ýetim düri hatyny Abda beripdir18. Dürüň agramy üç mysgala barabar eken, aňrybaş derejede owadan, aňrybaş derejede dury eken. Ony ýetmiş müň dinar bahalapdyrlar. Merwan nesilşalygy synyp, Apbasy şalarynyň nobaty gelende bu ýetim dür iň arzyly baýlyk hökmünde görlüpdi. Apbasy halyfatlygynda ýetim dürden başga-da bir dür bardy. Ol ak, togalak, nežmi, hoşsuw dürdi. Agramy üç mysgaldy. Halyfyň özündäki iki dür hemem büweýh nesilşalygyndan galan gyzyl lagly Togrula bermesi ýöne ýere däldi. Ol: «Kim meni Besasury belasyndan dyndyrsa, ähli gymmatbaha daşlarymy şol serkerdä berjek» diýip äht edipdi. Togrul soltana özüniň bir gyzyl lagl daşy bilen on iki sany gymmatbaha dür dänesini bermegi eden ähtinde durmagydy. Ol özünde bar bolan ähli dürüni berenokdy. Onuň dürleriniň sany ýüzden aňrydy. Ýöne onuň Togrul soltana bermekçi bolan dürleriniň ikisi has owadandy. Halyf özüniň bu maksady hakda aýdanda Hatyja hatyn hiç zat diýmändi. Halyf: «Bu Hatyjanyň sowgady» diýmegine hatynynyň garşy çykmajakdygyny aňýardy. Togrul soltanyň halyfyň ýürekden hödürlän sowgadyndan ýüz öwürmesiniň hikmetine Gutulmyş beg teý akyl ýetirip bilmeýärdi. Hatyny Altynjan lagly, düri gowy görýär ahyryn! Ýa Togrul soltan hatynynyň uzak ýaşaman öljekdigini biläýdimikän? Ýogsam Çagry begiň gyzy — halyfyň hatyny Hatyjanyň sowgady diýlensoň, soltan sowgady hökman alardy.
Gutulmyş pygamber ýaşyndan soň gymmatbaha daşlar bilen aýratyn gyzyklanýardy. Ol ýaşlykda-da gymmatbaha daşlar, peýdaly em daşlary bilen gyzyklanýardy. Ol soltan Mahmyda hindi patyşasynyň beren üýtgeşik guşuny görüp, tas ol guşy satyn almak üçin onuň nyrhyny sorapdy.
Hindi patyşasynyň soltan Mahmyda beren gumry şekilindäki guşunyň aýratyn häsiýetleriniň biri, eger onuň öňüne awy gatylan tagamy goýsaň, bu guşuň iki gözünden akýan ýaş daşa öwrüler eken. Soňra bu daşy ýaralara we başlara sürtseň, melhem bolup peýda beripdir19.
Gutulmyş nirede peýdaly ýa üýtgeşik bir gymmatbahaly daş bar diýip eşitse, menzil hernäçe uzak-da bolsa, gidip şol daşy satyn alyp gaýdardy.
Soltan Mahmydyň hindi patyşasyndan alan gumry guşuna meňzeş täsin guşy bilen halyf Kaýym Bemryllahyň Togrul soltana hödürlän ýetim düri bolsa Gutulmyş begiň ýetip bilmedik ahmyrydy.
Şol guş bilen ýetim düri Gutulmyş bege gijeler düýşünde, gündizler huşunda ezýet berýärdi.
Gutulmyş beg Gazna ýörite adam gönderipdi we şol gumra meňzeş guşy näçe bahalansa-da aljakdygyny mälim edipdi. Gutulmyş bege ol guşy soltan Mahmydyň ölen ýyly agyr şöhwetleriň birinde soltan Masudyň nämedir bir zada gaharlanyp, ýere urup öldürendigini aýtdylar.

On sekizinji bap

Sünbüle ömrüniň otuz ýylyny geçiren ojagyny küýsedi. Saglygy gowşap, egbarladygysaýyn, öýüne gitmek, şol ýerde depin bolmak isleýändigini nygtamak nygtady.
Gutulmyş beg Sünbüläni örtemek islemedi. Muhammet bilen Salyhy ýanyna çagyryp, ýol şaýyny tutmaklaryny tabşyrdy.
Gitmeli pursadynyň gelendigini eşidende Sünbüle ýene gözýaş döküp ugrady.
Ol iki oduň arasynda ýanyp-bişýärdi.
Ony kejebä mündürdiler. Ol Kejebeden düşüp, Gutulmyşyň ýanyna geldi.
— Sünbüle, nämäni towakga etseň bitireýin, ýöne «Ugrat!» diýme! Ugradyp biljek däl. Gel, şu ýerde hoşlaşaly.
— Ýok, başga towakgam bar.
— Näme?
— Meni atyň öňüne alyp, Gürgen derýasynyň kenaryna äkit, kenarda hem ýaşlygymyzy ýatlap biraz oturaly. Şondan soň ýaşlygymyzda edişiň ýaly meni eliňe alyp, daşyňdan pyrlandyryp aýla.
Gutulmyş üzeňňidaryna atyny getirmegi buýurdy. Atyna münüp, Sünbülä elini uzatdy. Emgenmän ony öňünde oturdyp, Gürgeniň kenaryna sary ugrady.
Ähli zat Sünbüläniň isleýşi ýaly boldy. Olar ilki ýazylyp-ýaýrap oturdylar, ýaşlygyny — geçen günlerini ýatladylar. Soňam ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly, Sünbüläni daşyndan ýeňillik bilen aýlamaga başlady.
Sünbülede agram ýok diýen ýalydy, iki batmandan artyk däldi. Ol durşuna süňk bolup durdy.
Gutulmyş Sünbüläni daşyndan aýlady.
— Men öz öwlüýämiň daşyndan aýlanyp ölmek isleýärin. Aýla, aýla!
Birden ses kesildi.
Sünbüläniň endamyna rahatlyk aralaşdy.
— Näme üçin sesiňi çykarmaýarsyň, Sünbüle?
Sowal jogapsyz galdy.
Gutulmyş beg saklandy. Hereketsiz Sünbüläni eda bilen gök parç bolan maýsalygyň üstünde ýatyrdy.
— Sünbüle! — diýip, Gutulmyş ada seslendi.
Ýene jogap bolmady.
Muhammet aljyrady:
— Eneme bir zat boldumy?
— Eneň amanadyny tabşyraýdy öýdýän.
Gutulmyş beg ýalňyşmandy. Sünbüle bu dünýä bilen hoşlaşypdy. Ol şeýdip ölmegi höwes edipdi, gaty köp wagtlap arzuw edipdi.
Beýik Perwerdigär ony şol islegine gowşurdy.
Sünbüläni kejebä ýüklediler. Gutulmyş beg Muhammet bilen Salyha otuz düýe engam berip, Buhara sary ýola saldy.
Kerwen tä gözden ýitýänçä yzyndan seretdi durdy.

On dokuzynjy bap

Altynjan hatyn Hemedanda agyr ýaralandy. Şol ýara hem ondan aýrylmady. Gutulmyş Togrulyň özünden kömek soramagyna garaşypdy. Sebäbi Togrul Gutulmyşyň adamy köp-köp dertlerden halas etmegi başarýandygyny görüp ýör-ä! Dogrusy, Gutulmyş beg: «Togrul maňa Altynjana em etmek babatda ýüz tutar» diýen pikir bilen gerekli dermanlary taýýarlap, bir düwünçege düwüp hem goýupdy. Gutulmyş hut Togrul soltanyň özüne-de iki gezek kömek beripdi. Şol iki gezek soltan hut Gutulmyşyň emi bilen derdinden saplanypdy.
Ol soňky ýyllar her bir ýörişini Gutulmyş begden soraman, ondan anyk jogap eşitmän, hernäçe howlugýan bolsa-da, ýeke ädim hem ätmeýärdi. Ýöne ähli babatda maslahatlaşýan soltan hatynynyň saglygyny dikeltmek babatda welin, Gutulmyş bilen maslahatlaşmady.
Altynjan üýtgeşik zenandy. Allatagala owadanlyk beren zenanlaryna, pähim-parasat berýän däldir welin, bir säwlik bilen Allatagala oňa owadanlygy pähim-parasat bilen bile beripdir. Onuň adamsyna bolan yhlasyny, söýgüsini, wepasyny hiç bir zat bilen deňär-ölçär ýaly däldi. Altynjan zerur çagy söweş donuny geýip, ata atlanardy. Özem onuň söweşe çykyp ýeňlen ýeri ýokdy. Altynjan Bagdada başlyklarbaşy bellenen baş wezir Amydylmülk Kundury bilen ogullygy, emir, wezir Anuşirwan söweşmekden gorkup zut gaçyp gidenlerinde söweş donuny geýip, goşunyň öňüni çekipdi. Pidasyz, diňe hile-al bilen Ybraýym ynaly ele salyp, soňundan adamsyny halas edipdi. Özem bu merdi-merdanalygy Alparslanyň adyna beripdi. Onuň batyrlygy hiç bir zadyň çeni-çaky däldi. Megerem, onuň söweşleriniň rowaçly bolmagynyň aňyrsynda Allatagalanyň emri, özüniň taýsyz batyrlygy, töwekgelligi bilen birlikde asfury hanjaryny ýanynda göterýänligi hem barsa bardyr. Togrul beg asfury hanjaryny Altynjanyň taýsyz söweşine maýyl bolup beripdi. Togrul bege bolsa şol hanjary atasy Seljuk beg beripdi. Elbetde, soltany hatyny ölümden alyp galdy diýmek türkmençilikde halanylýan söz däl. Beýle habary, iň gowusy, unutmak gerek, Togrul begiň atasyndan miras galan asfury saply hanjaryny Altynjana peşgeş berendigini welin, ýaşyryp bolmaýar.
Togrul beg näsag aýalyny Zenjanda goýup, özi Diýarbekire Ýakut şazada bilen gürleşmek üçin gidipdi. Ýakudyň öňünde goýlan wezipe Wizantiýany söweşde ýeňmek üçin bu ýurdy düýpli öwrenmekdi, Wizantiýada söweş üçin amatly şertleri döretmekdi, käbir rum serkerdelerini köp-köp baýlyk bilen özlerine imrindirmekdi, gerekli wagty serkerdeleri öz esgerleri bilen seljuklylaryň tarapyna geçmäge taýýarlamakdy. Bu maksat üçin indi on bäş ýyl bäri yzygiderli iş alyp barylýardy. Öňünden aňtawçy goşun iberip, teshyr ediljek ýerleri düýpli öwrenmek, ýerli ilaty özüňe imrindirmek Oguz hanyň ýörgünli söweş usulydy.
Seljuk beg bilen Arslan ýabgu Balkan sebitlerine Gyzylyň, Ýagmyryň, Gökdaşyň, Bukanyň, Mansuryň, Enesioglunyň hersini iki-üç müň adamly jemagata başbug belläp, Balkana gönderipdiler. Bu başbuglar özlerine tabşyrylan işi birkemsiz ýerine ýetiripdiler. Indi bu jemagatlar Anadoly ýarym adasynyň serhetlerine ugradylypdy. Olara Ýakut ýolbaşçylyk edýärdi. Ýakut bilen mundan bir ýyl öň hut Gutulmyş begiň özem gürleşip görüpdi. Ol Anadola çozuş etmek üçin entek irdigini, ýene dört-bäş ýyl garaşmalydygyny tekrarlapdy.
Gutulmyş beg Ýakuda ynanýardy.
Gutulmyş Togrul soltanyň Ýakut şazada bilen näme gürrüňleri edendigini anyk bilmeýärdi. Ýöne Ýakut bilen gürleşip bolandan soň, onuň özi bilen Mosula gitjekdigini bilýärdi. Maksat Gutulmyşyň ykta ýerleriniň serhetlerini anyklaşdyrmakdy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: