22:42
Döwletbaşy -7/ romanyñ dowamy
...Ol ýap-ýaňy Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryny ugradyp, otlan çilimini küldana basdy-da, ýerinden turdy.
«Bize häzir asudalyk gerek! Kanagatlylyk gerek! Agzybirlik gerek! Biziň ýetmiş ýylda gazanan zadymyz az däl. Şolary goramaly. Olar biziň agzybirligimiz! Olar biziň senagatymyz! Olar biziň oba hojalygymyz. Olar biziň medeniýetimiz, sungatymyz. Olar biziň bir bütewi Türkmenistanymyz. – Ol belent penjireden daşary garady. – Bu zatlar, iliňkä garanda, kän däl. Ýöne ýok bolandan gowudyr. Ertirki uly ösüşlere, beýik derejelere çykmak üçin basgançagymyz bar. Şony goramaly...»
Ol ýene-de ýerine geçdi.
«Birinji, agzybirlik, asudalyk, ikinji, adalatlylyk, üçünji, halallyk! Ine şular şu gün iň zerur zat! Agzybirlik, asudalyk barada ýaňy ministr bilen gatyja gürrüň edildi. Görsün ýagdaýyny, eger işlemese, men işlejek, ýaş, arassa türkmen oglanlaryny goýaryn. Türkmen ýigitleri ýetişip gelýär...»
Ol ýene-de çilime ýapyşdy. Soňam şu gün säher bilen çilimi birneme azaltjagy barada özüne beren sözi ýadyna düşdi-de, otluçöp bilen gaby öňki ýerinde goýdy.
«Hiç haçan towuna tok, ýüzüň üstünde burnuň bar diýilmedik ministr gat-a görendir. Goý, gaty görse, gowuja işlesin. Onuň gözi arassa däl. Ýüreginde däli oýunlary bar. Şolar oňa ýüregini açmaga päsgel berýär...»
– Indi näme etmeli? Haýsy dükana baryp görmeli! Söwda ministrinden hasabaty nähili soramaly...
Ol oýa batdy. Gürrüňi alyp barmagyň birinji wariantyny saýlap aldy.
«Soňam göni şäher magazinlerini görmäge gitmeli...»
Ol skladlarda mesgäniň, etiň, kolbasa önümleriniň bardygyny eliniň aýasyndaky ýaly bilýärdi. Şol hasapdan çen tutsaň, ilat nadyl bolmaly däl ýalydy. Emma gelýän hatlar, telewideniýede agşam berlen sýužet magazin tekjeleriniň takrap ýatandygyny görkezýärdi. Onuň hakykaty bilesi gelýärdi.
Söwda ministri, onuň orunbasarlary, şäheriň hojaýynlary «be, ýene bir hekaýat gopandyr, ýogsa bizi çagyrmazdy» diýen ýaly pikirlere batyp, Prezidentiň kabinetine girdiler.
Döwletbaşy ministri ýerinden turuzdy:
– Näçe etiňiz bar?
– Ministr şu günden başlasaň, kyrk güne ýeterlik etiň bardygyny aýtdy.
– Mesge, çilim!
– Mesgämiz kän, ýöne çilim ýok!
– Çilim Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan basym geljek. – Ol ministre igençli garady – Sen gürleseň, «dükanlarda etem, mesge-de, gantdyr, aragam bar. Gökçaý ýeterlik» diýýäň, agşam telewizora seretdiňmi? – Ol gapdalynda duran hatlary eline aldy. – Ine, diňe maňa gelen hatlar. «Magazinlerde hiç zat ýok» diýýärler. Hat ýazmadyklar näçekä? Redaksiýalara ýazylýan närazylyklar näçedir?
Ministr gabaklaryndan daş asylan ýaly bolup durşuna, iki göwünlilik bilen:
– Haryd-a bar! – diýen boldy.
Döwletbaşy mundan artyk çydamady. Ol hemmelere garşy işigi görkezdi.
– Hany, ýörüň, maňa nämäňiziň bardygyny görkeziň! Ýörüň, bile aýlanalyň – diýdi.
Ministriň ýüregi süýşüp gitdi. Ol bu gün her hili käýinje garaşsa-da, başagaýlyk turuzjak beýle çözgüde garaşanokdy.
Döwletbaşy işikde duran gabat gelen maşyna mündi. Onuň janpenasy ylgap ýetişmänkä, maşyn ugrady. Janpena galdalda duran maşyna kürsäp urdy.
– Sür, Prezidentiň yzyndan!..
Ministre garaşyp oturan şofýor aňk-taňk boldy.
– Hojaýynam-a gel...
– Sür diýilýär!
Ol maşynam köçäniň ugry bilen eňip gitdi.
Ministr orunbasarynyň maşynyna münüp gelende, Döwletbaşy işçiler raýonyndaky azyk magazininde satyjylar bilen gürleşip durdy.
– Näme, tekjeleriňizde zat ýog-a!
– Berenoklar!
– Bazada ýokmuşyn. Zawmagam şoňa gitdi.
Magazin müdiri nirede, haýsy baza gitdi.
– Et kombinatyna giden bolaýmasa!
Döwletbaşy uly satyjy ýigide garady.
– Hany, ýörüň, skladlaryňyzy göreliň!
Uly satyjy oýkanjyrady:
– Zawmag «açma» diýdi.
– Hany ýör! – Döwletbaşy öňe düşüp başlady.
– Harydy nirede goýýaňyz?
– Podwalda. Ýöne ol ýer sowukdyr. Çyra-da ýok.
– Zyýany ýok!
Döwletbaşy podwala düşülýän basgançagyň sag tarapyndan ikinji gapyny açdyrdy. Jaýyň içi çapylmadyk goýun etinden agzy-burny bilen doludy.
– Bu et näme?
– Faktury ýok. Bahasy belli däl.
Beýlekigapylaram zor bilen diýen ýaly açdyryldy.
– Bu näme?
– Arak!
– Arakdygyny bilýän, ýöne näme üçin alyjydan gizlenilip goýulýar?
– Zawmag bilmese!
– Bu mesge näme üçin bukulyp goýlupdyr? Azyndan bäş-alty tonna-ha bar.
Olar dürli konserw bankalarynyň, unuň, gandyň tutuş-tutuş jaýlary dolduryp duranyny gördüler.
– Ine, ministr, seniň işiň netijesi. Kim bu magaziniň müdiri, näme üçin beýle edýär? Biliň-de, şu günüň özünde netijesini maňa aýdyň.
Ol azyk magazinleriniň onusyna aýlandy. Ýagdaý hemme ýerde birdi. Kömekçi jaýlar azykdan doludy. Emma tekjelerde haryt ýokdy.
Döwletbaşy ministre pugta darady:
– Şeýle bidüzgunçiligiň ählisi özüňizden başlanýar.Sen dükana baryp gördüňmi?
– Komandirowkadan agşam geldim. Men arada aýdanyňyzdan soň Orsede gidip, göle etini gepleşip gaýtdym. Haryt ýola düşdi.
Döwletbaşy gaharly gözlerini çenäre adam tapmady-da, ýere garady.
– Haryt bar, näçe diýseň bar. Emma halk aç otyr. Ýa şuny halky öjükdirmek üçin bilgeşleýin edýärler, ýa-da bu ýerde başga bir «oýun» bar?!
Ol ýüzüni galdyrdy.
– Saňa tabşyryk! Şäherdäki özüňe degişli azyk dükanlarynyň ählisini hasaba al. Onsoň şolary orunbasarlaryňa hem özüňe berkit. Şeýle bidüzgünçilige ýol beren magazin müdirlerini hut şu günden işden boşadyň. Soňam magazinlerde haryt bolmasa, siziň öz bokurdagyňyzdan tutaryn. Ol telewideniýeden gelen operatora garady. – Respublikanyň obkomlarynyň birinji sekretarlary, şäherkomlaryň, raýkomlaryň birinji sekretarlary, diňläň, sizem özüňizde bar bolan ähli dükanlara sekretarlary berkidiň. Günde azyndan bir sapar aýlansynlar. Haryt bolmasa, haryt gizlenilip saklansa, bidüzgünçilik edilse, magazin müdirleri däl-de, siz wezipäňiz bilen hoşlaşmaly bolarsyňyz. Kabinetde oturybam alýan galaňyz ýokdur häzir. Gury stol saklaýaňyz. Häzirki döwürde Türkmenistanyň halky üçinem, ýolbaşçylary üçinem şundan möhüm wezipe ýok!
Ol şondan soň gelen maşyny bilen öz iş ýerine gitdi. Ýolda ýene-de bir çilim otlaýaýyn hem diýdi-de, ýene-de goýbolsun etdi.
«Beý, biziň halkymyzyň arasyna beýle kümsük adamlar nireden gelýärkä? Türkmen halky juda kanagatly halk ahyryn. Magazin harytdan dolup dursa, geregiňi al-da gidiber. Näme üçin halkdan harydy gizlemeli?»
Ol şäheriň merkezindäki azyk dükanynda eşiden gürrüňlerini aňynda aýlady.
– Talona geçmeli bizem, ýoldaş Prezident!
– Häzir hemme ýerde talon, diňe biz geçemzok.
Döwletbaşy olary köşeşdirjek boldy:
– Harydymyz, azygymyz ýeterlig-ä. Häzir obalara-da aňsat däl. Aşgabat yrsgally, harytly şäher bolsun. Özüňiz tertibi ýola goýup, her kime çenjagazy bilen satyberiň, talon nämä gerek?
Bir türkmen zenany jibrindi:
– Wah, hemme kişiniň göwni siziňki ýaly bolaýsa. Talon bolmasa, dükançylaryň özem gyrp-çyrp edip, azygyň içini üzýär. Onuň üstesine, beýleki milletlerden Aşgabatda ýaşap ýörenler köp-köpden azygysatyn alyp Orsede, Özbegistana, Gazagystana posylka edýärler.
– Posylkaň nire? Ermenistana uçýan samolýota diňe et bilen mesge basýarlar. Aeroporty ýapmaly!
– Wokzaly, poýezdi nätjek?
– Parom bilenem tonna-tonna yrsgalymyz geçip dur goňşy respublikalara.
– Wah, ony diýýäň, Daşhowuz tarapdan, Hojambaz, Kerki, Halaç, Farap tarapdanam ähli harydyň aňry akyp dur. Özbekler Türkmenistanyň ähli malyny satyn aljak.
– Bulara kontrollyk edilmese, tertip-düzgünem, söwda-da başyna gitdi. Magazine gelmeli ähli del haryt jygyllykda.
– Köçelerde satyp ýörenlerem az däl-läý!
Onuň ýüreginiň duýdansyz, agyr urgusy tutuş süňňüni sarsdyryp gitdi. Ol sag elini penjeginiň içine sokdy-da, ýüreginiň üstüne goýdy. Agyry barha güýjäp başlady.
Prezident Sowetiniň işiginde saklanan maşyndan zordan düşdi-de, çisňäp ýagýan sowuk ýagyşdan ýüzüni penalap, kabinetine bardy.
– Näme etmeli?
Bu sowal şartyldap, agyry bilen deň urýan ýüreginiň yzaly sesi bolup eşidilip durdy.
Tutuş halkyň garamatyny egniňe atyp, şol halkyň iň kyn gününde näme alaç etjegiňi bilmän oturmakdan kyn zat ýokdy. Dogrudan hem ol häzir näme etmeli?
Häzir SSSR-iň respublikalary, Pribaltika respublikalarsyna çenli azyk talonyna geçipdi. Diňe Türkmenistan şeýle çäräni işe girizenokdy.
Döwletbaşynyň çeni boýunça halky talonsyzam ekläp boljakdy. Emma soňky ýyllaryň kynçylygy, SSSR-iň tozmagy adamlaryň gözüni aç edipdi. Adamlaryň garny aç däldi, olaryň gözi açdy. Göýä, her kimiň pälinde Karun oturan ýalydy. Ylaýta-da söwda işgärleri, täze baýan adamlar dükanlaryň zadyna kasty bar ýaly topulýardy.
«Öz yrsgymyz bilen SSSR-iň halkyny ekläb-ä bolmaz. Dogry aýdýarlar, bu meselede gijä goýman, anyk çäre görmeli...»
Ol ykdysadyýeti, söwdany, hukuk hem-de kanunçylygy alyp barýan orunbasarlaryny çagyrdy, ýagdaýy ýaňy olaryň özem görüpdi.
– Näme etmeli?
– Talon girizmeli.
– Ýene näme?
– Wokzallarda, aeroportlarda berk kontrollygy ýola goýmaly.
– Poçtalar bilen gaýry respublikalara azyk önümlerinden posylka goýbermegi wagtlaýyn gadagan etmeli.
– Onsoň...
Gürrüňiň örüsi giňedi. Türkmenistanyň gymmatly önümleriniň köpüsiniň daşary ýurtlara gidýändigi baradaky mesele hem orta atyldy.
– Özünem wezipeli adamlar, goş-golamyna kontrol-barlagda seredilmeýän, şol iş üçin özi jogapkär adamlar respublikanyň baýlygyny daşary ýurda alyp gidýär.
– Kim? Mysal üçin?
Olar Ýokary Sowetiň komitetiniň başlyklaryndan birki sany aýalyň adyny tutdular. Birki sany ministriň adyny tutdular.
– Ine, göze-başa düşýänler.
– Şolaryň Türkiýede, Germaniýada öz dükanlaram barmyşyn.
Döwletbaşy agyr oýa batdy.
«Näme etmeli? Hawa, biziň köpimiziň gözümiz «doýmaz-dolmaz belasyna uçrapdyr. Köpimiziň pälimizi, dogrudanam, Karun eýeläpdir. Özem «halkym, halkym!» diýen bolup ýörenlerimiziň. Ýaňky magazin müdirlerini arak-şerabyň başynda gepletseň, ata-eneň bermedik öwüdini berer, Pyragynyň şygryna sygmaýan akyllary satar.
Ýa-da Ýokary Sowetiň ýaňky işgärleri näme? Meniň ýanyma gelenlerinde: «Halkyň, watanyň mukaddes baýlygyny goramaly. Ony hiç kime talatmaly däl» diýýärler. Mukaddesden mukaddes kanun çykarýarlar şol nusgalyk halylary, nusgalyk altyn-kümüş şaýlarymyzy daşary ýurda äkitmeli däl diýşip. Emma il-gün bizar. Ýene şolaryň özleri kümsük güjük ýaly, döwletiň, halkyň beren hukugyndan, abraýyndan peýdalanyp, «goşuňyzy barlamaly däl» diýen adamkärçilikli hormata bukulyp, halky talaýarlar...»
Onuň jany ýandy. Ýene-de günortanky oýlaryna gaýdyp geldi.
«Wah, namysly, arly, türkmen enesiniň ak süýdüni emen türkmen oglanlaryndan gümrükçilerimizem ýok-da. Ähli gümrükhana Merkeziň elinde. Olar türkmeniňi näbilsin, beýlekiňi».
Ol bu meselede mundan artyk oýlanmaga-da çekindi. Ýöne ýap-ýaňy şäher dükanlarynda gören elhenç ýagdaýyny düzetmek üçin hut häziriň özünde karar çykardy...
«1. 1991-nji ýylyň... aýynyň 20-sinden başlap, respublikada azyklary talon esasynda ilata aýba-aý paýlamaly.
2. Türkmenistanyň dükanlarynda azyk harytlarynyň bol bolmagy, söwdada bitertiplikleriň bolmazlygy üçin, şulary: ... borçly etmeli!..
3. Azyk zapaslarynyň daşary respublika çykarylmagynyň öňüni gyssagly almak üçin, şu aşakdaky gyssagly çäreleri görmeli:
a) Wagtlaýynça azyk harytlarynyň şu aşakdaky görnüşlerini posylka etmegi gadagan etmeli;
b) Wagtlaýynça azyk harytlarynyň alnyp gidilmezligine kontrollyk etmek üçin, aeroportlarda, wokzallarda, gämi duralgalarynda barlag-kontrol zonalaryny döretmeli;
w) Azyk harytlaryny şu aşakdaky düzüm boýunça alnyp gidilmegine rugsat bermeli;
g) Respublikanyň territoriýasynda bar bolan gümrükhana punktlarynyň gözegçiligini güýçlendirmek üçin çäreler görmeli;
d) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine... we... bu işlere berk kontrollygy ýola goýmaga borçly etmeli...»
Döwletbaşy bu taslamany degişli orunbasaryna berdi-de, ertire çenli taýýarlamagy berk tabşyrdy.
Ol ynjalanokdy.
«Söwda halkyň iň ynjyk garaýan ýeri. Häzir ýylyň başy. Öldürip etini alaýyn diýseň mal hor. Dükanlary gökden, akdan dolduraýyn diýseň, bu wagt bir gyşyň içi. Halkyň göwnüni tapaýyn diýseň, köňlüňdäki sahawat eliňde ýok. Ähli zat merkeze bagly. Merkez aljyrap otyr, puluňda hümmet ýok. Alaýyn diýseň, dükanda zat ýok. Halk bu ýagdaýlara çydaman, birden syçrap galyberse, Orsediň, ermenileriň, azerbaýjanlaryň, özbekdir täjigiň güni biziň başymyza düşse, nädip bolar?..»
Häzir ol bir käse çaý küýsedi. Ýüregi gyzyp duransoň, çaý derdine derman bolaýjak ýalydy.
– Sagat näçe bolduka?
Sagat agşam ýediden alyp ugrapdy. Şu gün ol bir käse çaýam, bir agza salym çöregem datmandygyny ýatlady.
«Zyýany ýok, entejik bir halkymy şu bela-beterlerden alyp çykaýyn. Könekiler: «Iýmäge janyň sag bolsun!» diýipdirler».
Ol bir çäýnek çaý sorady. Birdenem... Hawa, birdenem ýene-de agşamky düýşi hakydasyna geldi...
...Ýene-de ol ýer yranmasyndan öňki howlularynyň içinde aýlanyp ýördi.
– Nyýazmyrat, Muhammetmyrat! – Ol näçe gygyrsa-da, ses beren bolmady. – Içeri girdi.
– Eje jan!
– Jan balam! – Sadap gelin şo-ol öňki oturan ýerinde gaýma gaýap otyrdy. Ol ýerinden gobsunjak boldy.
– Dur, dur, eje jan! Sen şeýdip otursana. Seniň didaryňy görüp bir doýaýyn-la.
– Waý, bu çagamy, şol ejeňdir-dä.
Ol baryp ejesiniň gujagyna özüni urdy.
– Beý, diýme, eje jan, men indi kyrk ýyldan gowrak wagt bäri bu didara zar, eje jan. Ynan, käbäm. Seni, doganlarymy, kakamy göresim gelmeden meniň ýüregim besse-besse ýaradyr.Olar henizem sorkuldaşyp dur, saçlarymmam şatlap ýaryla-ýaryla agarýar.
Ejesi onuň çap-çal başyny sypalady.
– Şeýtsene, janym, käbäm!
Sadap gelniň ýüpek ýaly ýakymly eli onuň kalbynyň ýaralarynyň ýüzüni sypalaýan ýalydy.
– Sen başymy sypalanyňda, meniň bagrymyň başlary sorkuldamasyny goýýar, eje!
Ene oglunyň kükregini sypalady. Birdenem onuň dyzlaryna ýaplanyp, mukaddes ysyna hüwdülenip ýatan ogul enesiniň gözlerinde wehimli gussa gördi.
– Oglum!
– Jan, eje jan?!
– Sen entejik, berilýän şol çaýy içme.
– Haýsy çaýy, eje!
– Işiňdäkini!
Ogul tisginip ýerinden galdy. Indi onuň öňünde ejesi däl-de, Ak işan babanyň nurana durky durdy.
– Ýör, oglum! – Ol hasasynyň ujuny Döwletbaşynyň eline berdi. – Tur, hany!
Döwletbaşy ejesine garady. Ene ýaşmagyny ýakasyna çekipdi. Ol «bar oglum» diýýän ýaly, çalaja baş atdy.
Ak işan baba ýene-de şol ýukajyk perdäni syrdy. Döwletbaşy özüniň gözüniň röwşenlerini gördi.
– Essalawmaleýkim!
– Waleýkim, oglum! – Indi oturanlaryň ählisi ornundan turdy. Ol öz arkalary bilen ýeke-ýekeden salamlaşdy. Olar oturandan soň, Ak işan baba ýuwaşja gürledi.
– Başlaberiň!
Agöýli ata ogluna garady.
– Ine, bu meniň nowbahar oglum Orazmuhammet baý. Bamynyň gaýrasyndaky degirmenem şunuňkydyr. Gyr bilen gumuň arasyndaky ekerançylyk şunuň ýeridir. Müň tanap bolmaly.
– Iline-gününe näme ýagşylyk etdi, ol?!
Agöýli baý az-kem ýaýdandy.
– Beýik Taňrynyň öňünde dürs gezdi. Kerwenleri sapardan gelende Taňrynyň ýolunda sadaka berdi. Bamynyň suwunyň aşak ýüzünde degirmen saldyrdy.
Ak işan baba ony saklady.
– Hä, il arasyndaky «Unuň müşdeksiz çykar ýaly, bu, näme, Orazmuhammet baýyň degirmenidir öýtdüňmi?» diýen gep seniň ogluňdan galanmydyr!
– Biziň oglumyzdan galandyr şol gep!
– Ajap bolar, allam kabul etse, ogluň jennet bolmaly ogul eken!
– Enşalla!
Agöýli baý balalarynyň balasynyň – Döwletbaşynyň ýüzüne garady.
– Bala, roýuň salyk-la, janyň bir sagmydyr? Döwletbaşy şol bir endigine görä, aýasy bilen balkyldap nur serpip duran ullakan gözlerini syldy.
– Atam, meniňjanym sag, ýöne döwletimiz, halkymyzyň ruhy ýarawsyzrak. Men hiç alaç tapamok!
Agöýli baýyň ýüzi agraldy.
– Ile, serdar bolan är döwletiň derdini çekip bilmese, ol iline rehmet däl, mähnet getirer. Sen atyňy ýeke çapýaň, bala. Bir özüň oýlanjak bolýaň, bir özüň ählisine çapjak, ýetişjek bolýaň.
– Ýok, atam!
– Diňle! Sen bize däl-de, arkaňda dag bolup duran iliňe geňeş. Bir döwleti dertden açar ýaly, bir halky halal yrsk ýoluna iterer ýaly, paýhasam, ar-namysam türkmende bardyr. Meniň ýedi arkam serdar bolup geçendir, emma halkyndan biygtyýar, halkyndan bigeňeş iş gaýrany ýokdur!
– Men kime geňeş salaýyn, atam?
– Bar, ýaşyňy ýygna, geňeş sal, garryňy ýygna, geňeş sal, iliňi ýygnap geňeş sal! Olar seni ýüzügara etmezler! «Näme edeýin» diýme. «Näme edeliň!» diý. Şonda seni iliňem, Taňryňam hor etmesin!
– Omyn! – Ol Ak işanyň ellerini ýüzüne sylanyny hem-de ejesiniň:
– Balam, şol suwdan çaý içme, içme! – diýip, zarlaýan sesini eşidip galypdy...
...Döwletbaşy öňüne getirilen çäýnege geň galyp garady.
«Ejem näme üçin biynjalyk bolýarka? Men haýsy suwuň çaýyndan içmeli dälkäm?»
Ol ýene oýa batdy.
«Ýa-da birazajyk wagtlap çaý içmämi goýaýsammykam? – Ol ýylgyrdy. – Öňem-ä men ile çykamok. Işe gaýdanymda öňüm-yzym goragly. Bu ýerde «Şu näme iş edýärkä?» diýip, müň göz yzarlap otyr meni, işigim adamly. Gaýdanymda-da şeýle. Meniň bar içýänim-ä gök çaý, onam goýsam, çilimem taşlasam, onsoň perişdä öwrüläýmeli!»
Ýüregagyry ýene-de bildirip başlady.
«Ýa şu howanyň üýtgeýäni täsir edýärmikä?» Ýa gatyrak gaharlanaýdym welin. – Onuň ýadyna ýene-de atasy – Agöýli baý düşdi. – Be, bular meniň daşyma geçip başladylar welin, ýa bir bolmaz iş bolaýjakmyka? Öz-ä «dirä güman, ölä aýan» diýipdirler».
Ol başyny ýaýkady. Ýene-de agşamky ses gulagynda ýaňlandy.
« – Bar, ýaşyňy ýygna, geňeş sal, gojaňy ýygna, geňeş sal, iliňe geňeş sal. Olar seni ýüzügara etmezler!
– Omyn!»
Döwletbaşy ýerinden turdy-da, kabinetiň içinde, egninden basýan agyr ýüki aýyrjak bolýan ýaly, iki baka gezmeledi.
«Atam, dogry aýdýaň. 1. Ýaşlar, olaryň mugallymlary bilen, 2. Ýaşulular bilen, soňam, 3. Ýokary Sowetiň deputatlary bilen duşuşyk-maslahat geçireýin. Maslahat soraýyn, goldaw soraýyn. Atymy, dogrudanam, ýeke çapmaýyn!»
Onuň agyryp duran ýüregine parlap ýalkym çaýylyp giden ýaly boldy. Ol aldy-da, Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň başlygyna jaň etdi.
– Sähet Nepesowiç, ýene bir sapar salawmaleýkim! Bir maslahat bar. – Ol az-kem trubka gulagyny tutup durdy – Bor, bor.
– Bir maslahat bar! Men geljek hepdäniň başynda «Mekan» köşgünde respublikanyň ýaşlary bilen duşuşaýsam nähili bolar? – Ol başyny atdy. – Hawa, menem şony diýýän. Diňläris, geňeşeris, «gaýrat ediň» diýeris, «siziň goldawyňyz gerek», «ähli zat siziň üçin» diýeris. Olaryň arzy-halyny bitireris, bolar dälmi?! Ýagşy, sag boluň!
Ol ertir bu mesele hakynda tabşyryk bermeli adamlary ýatlady.
«Orunbasar! Ministr! Partiýa! Komsomol!» diýip, köňül depderindäki ýazgyny ýene bir sapar gözden geçirmäge ýetişmedi. Halkara telefony jygyldap başlady.
– Salawmaleýkim, Nursoltan Abişewiç! – Ol hezil edip güldi. –Hawa, žaksy, özüňizem žaksymy? – Hawa, žörüp žörüs, žörüp jörüs. Özüňizem žaksy žörüp žörsüňizmi? – Ol ýene-de güldi. – Sag boluň!
Döwletbaşy trubkany gulagyna tutup, aňyrdan gürleýäniň sesini diňledigiçe, keşbiniň, ylaýta-da ýüzüniň agraslananyny duýmady. Ol gobsundy. – Biziňem ýagdaýymyz aňsat däl, Nursoltan Abişewiç. Azalýar, unam, etem, mesge-de azalýar. Ýagdaý kyn, size-de düşünýän. Ýöne, nätjek-dä, gaýrat etmeli-dä...
Nazarbaýew öz gürrüňiniň arasynda Orta Aziýanyň hem-de Gazagystanyň güýçleriniň, Ýokary Sowetdäki deputatlarynyň birleşmelidigini, şeýdibem, öz haklaryny almalydygy baradaky meselä geçdi.
Döwletbaşy oýlanýardy.
«Kimden aljakhakyňy? Biderek gykylykdan, biderek toparlanyşykdan ne peýda! Häzir SSSR-iň özüne hemaýat gerek, onuň derdi özüne ýetik. Ondan hemaýat, kömek, paý tama edip gykylyk turuzmak ýagmazak bulutdan ýagyş diläp, deprek kakan ýaly bir zat ahyryn...»
Ol öz pikirini Nazarbaýewe aýdyp durmady.
– Sag boluň, Nursoltan Abişewiç, hany bir oýlanalyň. Hakymyz-a gidermeli däl.
Nazarbaýewiň trubkany goýasy gelenokdy. Derdinesi gelýärdi. Gazagystandaky gurakçylyk, azygyň ýetmezçiligi, Täze Uzendäki bitertiplik, nemesleriň, iň gowy spesialistleriň göçüp gidýändigi, gazak halkynyň agzyny birleşdirmegiň juda kyndygy barada gürrüň berýärdi...
Döwletbaşy şol wagtam, trubkany goýandan soňhem, gündogardan dyzap çykan bu lider barada oýlananyny duýman galdy.
...Gazagystanyň öňki birinji sekretary tutuş SSSR-de özüni salykatlylygy bilen uly abraýa ýetiren adamdy. Ony iki ýüz segsen million adamly SSSR-de tanamaýan ýokdy. Ol adam SSKP MK-nyň Syýasy Býurosynyň çleni Hökmünde-de hökmürowandy. Orta Aziýada-da onuň demi daş ýarýardy. Ol SSSR-däki külli Türki halklaryň aksakgaly hasaplanýardy.
Ol türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýew bilenem söwer dostdy. Türkmenistanda Berdi Kerbabaýewiň abraýy gaçyp barýar hasap edilen wagty, ýaşuly ýazyjynyň ýetmiş bäş ýyllyk ýubileýinde respublikanyň ýolbaşçylarynyň habary hem ýok mahaly, hut Kunaýewiň tagallasy bilen Berdi aga «Sosialistik Zähmetiň Gahrymany» diýen at dakylypdy.
Ýöne Kunaýewiň Orta Aziýada ýöreden iki sany uly men-menlik syýasaty onuň bu regionda abraýyny belli-külli gaçyrypdy. Ol syýasatlaryň birinjisi, ol Orta Aziýa respublikalarynda asyrlar bäri ýaşap gelýän gazaklary «Öz watanyňyza, Gazagystana göçüp geliň. Öz ata watanyňyza eýe boluň» diýmegidi.
Bu meselede belli bir anyk taryhy dokument bolmasa-da, bu şelaýyn gepe ynanyp, göçüp gidenler soňra gan aglap yzlaryna gelipdiler. Munuň üstesine, Türkmenistanda, Özbegistanda, Garagalpagystanda milletleriň arasyna sowuklyk salnypdy. Respublikalaryň milletleriniň agzybirligine, ykdysady, sosial bütewiligine zarba urlupdy. Nebir spesialistler, zerur kadrlar göçüp gidipdiler.
«Wah, bularyň boş sözüne ynanyp gelip, nebir öýümi, nebir işimi köýdürdim. Atamyň-enemiň mazaryny depeläp gaýtdym» diýip, Nebitdagdan bir nebitçi inžener gazakýigidi Beýnew raýonynda demir ýolda ýönekeý işçi bolup ýörşünden ýanypdy. Şeýle ýangynlylaryň kändigini Döwletbaşynyň özem görüpdi.
Kunaýewiň ýene-de bir hilegärlik syýasaty bardy. Ol Syýasy Býurodaky abraýyndan, sowet döwletiniň ýolbaşçylary bilen dostlugyndan peýdalanyp, Orta Aziýany pudaklaşdyrmak meselesinde-de aktiw rol oýnapdy. «Özbegistan, Türkmenistan diňe gowaça eksin, bagana taýýarlasyn, biz olara derek et, ýag, süýt, bugdaý öndürip, olary üpjün edeliň!» diýip, Syýasy Býurony ynandyrypdy.
Şeýle ykdysady raýonlaşdyrylmadan soňam, ol öz beren sözlerini ýekeje ýyl hem ýerine ýetirmändi. Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa mal saklamaly örülerine, miwe almaly, gök ekmeli ýerine, iň soňky gekgara çenli gowaça ekýärdi. Dişlerine gazak eti, mesgesi degmese-de, olara deregem ýyl-ýyldan köp gowaça ekilýärdi. Soňa-baka gowaça bu iki respublikanyň alnynyň gara daşy, egniniň agyr ýüki bolup galypdy.
Türkmenistan bolsa oýunda utulanyny bilip durka-da, ähli örülerini garaköli goýunlaryndan dolduryp, her ýylda garaköli, çyrazy, çal, altynsuw, benewşe baganalarynyň millionlarçasyny henize çenlem Merkeze samanyň bahasyndan iberip otyrdy.
Munuň üstesine, Kunaýewiň ýene-de birurdumşalyk hökmürowanlygy bardy. Ol: «Bizde kosmos, raketalar üçin gerek, olara nämä geregi bar» diýip, Türkmenistanyň dünýä standartyna laýyk gelýän ýokary hili nebitini baryp Gazagystanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ýörite parohodly daşadýardy. Ýerine bolsa suwdan çala tapawudy bolan gazak nebitini bäri iberdýärdi. Şonuň ýaly ýaramaz hilli nebitde işläp bilmäni üçin Krasnowodskiniň baryp, urşuň ilkinji ýylynda göçürilip getrilen nebiti gaýtadan işleýän zawody günde-günaşa partlap durdy.
Bu adam respublikalar üçin býujet maýasy bölünende-de, beýlekileriň hasabyna, özüne birnemejik köpräk düşenini kem görenokdy.
Bu adamy öz päli-niýeti tutupdy. Ýerine başga birini goýjak bolanlarynda milletçilik meýli bolan gazak ýaşlaryna meçew berdirmekde aýyplanyp, abraýdan düşüpdi. Nazarbaýew şol adamyň ýakyn garyndaşydy.
– Seni meniň özüm ýokary çekdim-ä – diýip, Kunaýew Syýasy Býuronyň öz personal işine sereden mejlisinde aýdypdy. – Men saňa adamkärçilik, kommunistik prinsipiallyk öwretdim. Sen näme üçin meni garalaýarsyň. Men şeýle erbet işlere, gan döküşiklige gatnaşmadymam, ony guramadymam...
Kunaýew şol mejlisde özüni aklajak bolupdy. Ýöne ýaş, hyjuwy gözlerinde buldurap duran Nazarbaýewiň delili has rüstem gelipdi.
Döwletbaşy şeýle uly şahsyýetiň döremek prosesinde gapma-garşylykly etaplaryň, ylaýta-da köne pikir bilen täzäniň, ýaş nesil bilen ýaşuly nesliň arasynda uly çaknyşyklaryň bolup bilýändigine düşünýärdi. Nazarbaýewe onuň göwni ýetýärdi. Prinsipial, batyrgaý, käte soňuny saýmazakdy. Bu häsiýetleri bolan beýik adamlar hakyky goldawy bolsa, belent derejä ýetip bilýärdi. Şonuň üçin Döwletbaşy Syýasy Býuronyň SSSR Ministrler Sowetine Başlyk saýlamaga bagyşlanan mejlisinde ilkinji bolup Nazarbaýewi bu wezipä hödürläpdi. Oňa juda gowy baha beripdi. Ýöne başlyk bolmak bu adamyň nesibesinde ýok eken.
Onuň Nursoltan Abişewiç bilen arasy häzirem gowudy. Ol:
– Sake, žüwrüp žörmuň? –diýip, oňa ýygy-ýygydan jaň edýärdi. Täzeden-täze kabul ederlikli ýa ederlikli däl teklipleri hödürleýärdi. Nähilem bolsa-da Türkmenistanyň üstünden aç-açan hökmürowanlyk etjek bolup duranokdy, Ylaýta-da onuň Gazagystanda ýaşaýanlaryň aňyny birleşdirjek bolup edýän yhlasyny halaýardy.
Döwletbaşy Kunaýewi ýatlanda, bu adamyň tutuş düşünjeli ömrüni halkyna bagş edip, iň soňunda, bedeninden güýji-kuwwaty gaçyp, çeken zähmetiniň, eden azaplarynyň hözirini görmeli wagtynda her dürli bolar-bolgusyz bahanalar tapyp, onuň ýigrenji adam hökmünde ýa-da «halk dönügi» hökmünde ýekirilmegini ýüregine sygdyryp bilenokdy.
Ol TKP MK-a birinji bolaýan wagtlary Merkeziň wekilleri Türkmenistaňa-da uly tutha-tutluk saljak bolupdylar. Ýöne bu respublikanyň oba hojalygy, onuň ykdysady düzgünleri başyna goýberilipdi. Şeýle-de bolsa, olaryň ählisi muňa günäkär hem däldi. Günäkärleri tapmalydy.
Merkezden gelen wekiller bolsa oba hojalykdaky kadrlary boýdan-başa paýhynlamagy, olaryň uçdantutma ählisiniň gözüniň türmelerde açylmagyny talap edýärdiler. Özbegistanda şeýle ýagdaý örç alyp dowam edýärdi. Emma Döwletbaşy Merkeziň berk görkezmesine «gözboýagçylyk» etdi.
TKP MK-nyň altynjy plenumynda indiden beýläk haramzadaçylyga, galplyga, döwletiň zadyna, halkyň abraýyna kast edilmegine ýol bermejegini çürt-kesik aýtdy. Eger şeýle işe ýol berseňiz, ine «şeýle çäre görerin» diýen manyda artdyryp ýazmalarda göze-başa düşen birküç ýolbaşçyny wezipesinden aýryp, partiýa hataryndan çykarypdy.
Merkeziň dikmeleri bolsa:
– Başladykmy! – diýýän görnüşinde ýok edilmeli adamlaryň uzyndan-uzyn düzümini oňa hödürläpdiler. «Ura!» diýip, olaryň üstüne çozmak, basmak, partiýadan çykarmak, dürli çäreler görmek üçin ýörite komandalar taýýarlanylypdy.
Döwletbaşy welin howlukmady. Merkeze-de az-owlak garaşmagy haýyş etdi. Oda-köze düşüp barýanlary başga, ýagny adam ykbalyna dahylsyzrak, ýokarrak wezipä geçirişdirdi.
TKP obkomlarynyň partiýa-guramaçylyk işi bölümlerini ýaş, arassa, täzeçil pikirlenip bilýän türkmen oglanlary bilen çalşyrdy.
Indi ol, şeýdip, türkmeniň ençeme-ençeme partiýa, hojalyk işgärleriniň mertebesini aýap saklandygyna düşündi.
Oňa öňki birinjiniň aýybyny açdyryp, ony Kunaýew, Özbegistanyň KP MK-synyň öňki birinji sekretary Reşidow ýaly ýere urdurjak bolubam merkez az azar bermändi. Ol welin, ýaşam bolsa, tejribesizem bolsa, bu adamlaryň mertebesini gorapdy. Olara şyltagam atdyrmady, «sen ony eýle etdiň, muny beýle etdiň» diýip ýüzüne-de basdyrmady. Olaryň öý goşlaryny, mal-mülklerini döwletiň hasabyna geçirtjegem bolmady.
Ine, bu gün ol adamy ýok etmegiň, ýere gömmegiň däl-de, beýgeltmegiň dogrulygyna düşünmeýänleri ýatlanda, ýylgyranyny duýman galdy.
«Häzirem aňsat däl. Ýöne..,»
Onuň pikiri ýene-de Türkmenistanyň halkyny ynjytman, agzybir saklamagyň derdine gitdi. Ol mundan üç-dört gün ozal «Agzybirlik» diýilýän toparjygyň öňünde duran oglanlaryň birini, ýaş ýazyjyny kabul edipdi. Ol onuň şäherkomyň sekretary wagty dört otagly jaý alyp berIp, gowy goldan adamydy.
– Seniň özüňem-ä bir ýetim, garyp ýigit, kynçylyk, ýeter-ýetmezlik bilen şu derejä gelipsiň. Ol topar, bu topar diýip ýörmän, çagajyklaryň arasynda arassaja zähmet çekip, işläp ýörseň bolmaýarmy? – diýip, hoşamaýlyk bilen gürleşip geçiren on-on bäş minutyndan soň sorapdy.
Ol ýazyjy ýigidiň gözleri ýandy.
– Eger men bolmasam, men gatnaşmasamam, bu topara biri gatnaşmal-a.
– Näme üçin?
– Sebäbi, biz döwlet. Döwlet boljak bolsaňam, hökman başgaça pikirlenýän, demokratiýa üçin göreşýän adamlar bolaýmaly. Ine, ABŞ-dan döwlet sekretary gelse, «Siziň ýurduňyzda demokratiýa ugrunda göreşýänler barmy?» diýse, sizem «ýok» diýseňiz, Türkmenistan döwlet hasap edilmezdi. Hudaýa şükür, indi biz bar, şonuň üçin siz arkaýyn «bar» diýip bilersiňiz. Onsoň şol adamlaram biziň respublikamyzy özbaşyna döwlet hasaplap bilerler.
Döwletbaşy bu adamyň döwlet bolmaklyga, demokratiýa şeýle ýüzleý düşünişine geň galdy. Ol göwnündäkini aýtdy:
– Sen diňe şu pikire gulluk edip, şeýle ynanç bilen şol topara goşulýaňmy?
Ýazyjy ýigit ýaýdandy.
– Men esasan şol pikir bilen, ýene-de programmalaýyn maksatlarymam bar.
– Nähili maksat!
– Türkmen nebitiniň, gazynyň öňüni beklemek. Russiýa gaz berjek däl, bu bir. Türkmen diline döwlet. – Ol aljyrady. Baryp geçen ýyl türkmen diline döwlet dili statusy berleni onuň ýadyna indi düşdi. –Onsoň, Aral boýundaky obalara. – Ol bu ýerde-de ähim-ühüm edip sypdy. – Soň ýene oýlanyp başlady. Birdenem: – Respublikada kemçilik kändir, şolary düzetmeli... – diýdi sakanaklady.
Döwletbaşy ony sypdyrmady.
– Sen beý diýme. Gel, pikir edeli. Näme kemçilik bar?
Ýazyjy ýigit jaýyň penjirelerine garady.
– Meselem, awtobus wagtynda gatnanok.
– Hawa!
– Çörekleri iýer ýaly däl.
– Hawa!
– Şeýdip, gidip otursaň, kemçilikdir-dä. Şolary düzedibermeli.
Döwletbaşy çilim otlandy.
– Sen, inim, ýalňyşma. Men seni häliden bäri diňläp otyryn welin, sen ýoluňy ýitiripsiň. Bizde kemçilik ýok däl. Gazymyzam, nebitimizem merkeze akyp dur. Çünki ol biziňkem bolsa, bize degişli däl. Häzir janyň çyksa-da, ol meseläni çözmek aňsat däl. Ikinjiden, «awtobus gatnanok», «çörek çig bişýär» diýip tutuş döwlete, tutuş halka gara ýöňkäp ýörmegem gelşiksiz.
Ol söhbetdeşiniň öz ýakasyndan ebşitläp tutdy:
– Hany, aýt, öýüňde penjire aýnalarynyň döwügi barmy?
– Bar.
– Bardyr! – Döwletbaşynyň äheňi mähribanlaşdy. – Bardyr, özem iki ýyl bäri döwük durandyr. Şol aýnalaryň, şeýle dälmi? «Şuňa ertir aýna goýduraryn, birigün aýna goýduraryn» diýip, telim ýyly geçirersiň. Penjiräň bolsa köne ýassyk dykylgy henizem durandyr. Ine, pikir et, bir seniň öýüňde näçe kemçilik bar. Iň bärkisi, eliň boş, hiç ýerde işlemeýän halyňa-da, penjiräň döwük bir aýnasyny iki ýyl bäri ýerine salyp bilmän ýörsüň. Meniň diýýänim bolsa, bu bir uly respublika. Munda gör, uly durmuş gaýnap dur. Ýyllarboýam ony dikeltmek barada däl-de, hazynasyny köpräk çekmek barada pikir edipdirler. Lagşap ýatan durmuşyň bir ýerini dikeltseň, müň ýeri opurylýar. Ony howlukman dikeltmeli. Oňa özüňiz ýaly oglanlaryň kömegi gerek.
– Hawa! – diýip, ýaş ýazyjy Döwletbaşynyň sözüni böldi.
– Men bu barada «Azatlyk» radiostansiýasyna beren interwýumda-da aýtdym.
Döwletbaşynyň ýagty ýüzünde gynanjyň reňki çaýylyp gitdi.
– Seniň şol interwýuň şu ýurduň, şu halkyň oglunyň aýtjak sözi däl. – Ol bu ýigidiň gözünde ikiýüzlüligi, kimedir hasabat berjek bolup, özüniň näme diýenini çintgäp ýadynda saklajak bolýandygyny duýdy.
Ol söhbetdeşiniň gözlerine garady. Gözler dury däldi. Onuň düýbi, köňül gözgüsine batýan ýeri bulançakdy. Onuň düýbündäki hapasynyň bulançagy ýüzüne düşüp, ony dumanly görkezýärdi. Neşäniňmi, bahylçylygyňmy, ýa başga bir galp niýete kowalaşmagyňmy – jepaly yzasy gözleriň aýnasyny garaldypdyr.
– Seniň ol çykyşyň ýekeje ýerini aýdaýyn. Sen «Demokratiýa ýol berenok» diýip aýdýaň. Aýt, demokratiýa diýip nämä düşünýäň?
Söhbetdeşi ýere garady.
– Demokratiýamy, biz döwlete garşy gurama hasap edilýäs. Ine, bize gazet açmaga ygtyýar bereňzok. Biz öz demokratik partiýamyzy döretjek, oňa-da ýol bereňzok.
– Demokratiýa nirede bar hasap edýäň?
– Pribaltika respublikalarynda bar, Rossiýada bar!..
Döwletbaşy onuň sözüni böldi.
– Russiýadaky goh-galmagaly Aşgabada getirseň, nähili boljagyny bilýäňmi?
– Erbet bolar!
– Ine, seniň özüňem şol «demokratiýanyň» tarapynda durmarsyň, näçe demokratiýa diýseňem, çagalaryň okuwa asuda baryp gelýän bolsa, aýalyň rahat işläp ýören bolsa, hiç kim saňa hözirli durmuşda ýaşamaga päsgel bermeýän bolsa, meniň üçin, iň uly demokratiýa şolmukan diýýän. Ýa şeýtmäge päsgel berýän barmy size?!
– Ýok, päsgel berýän-ä ýok bize.
Döwletbaşy salykatly göwresini merdem tutdy-da, nura beslenip duran başyny göterdi.
– Onda senem beýleki adamlara agzybir, rahat ýaşamaga päsgel berme.
– Bolýa! – diýip, onuň garşysynda oturan pyýada aýtdy.
Döwletbaşy bu pikirini hasam berkitdi.
– Düşüniň, türkmen bir toparlanyşyk diýip, partiýa diýip ýören halk däldir. Türkmen ownuk, kümsük gepjagazlary yzarlap ýörýänem däldir. Türkmen bir ogry şagal ýaly, kümsükläp, nireden nämäni ahmalyna salarkam diýip, ygyp, yzarlap ýören halkam däldir. Öz namysy, ary, watany, enesi üçiň söweşe mert çykar, gerek bolsa, janyny mertlik bilen, wah diýmän bererem, düşündiňmi?
– Düşündim, dogry!
– Ýene bir zady aýdaýyn: siziň bu edip ýörşüňiz erkek adama gelişjek zat däl;, bäş-on sany nadyl adam bolup, iliň gybatynyedip, iliň durmuşyndan, döwletiň ykbalyndan erbetçilik gözläp, gep gözläp, ony çişirip ýörmegem gybatçy kemçinleriň işidir.
– Dogry!
– Geliň, men size gowy iş bereýin. Il-gün, halküçin işläň. «Bir kemsiz gözel bolmaz» diýipdirler. Biz, ýolbaşçylar azlyk. Bir başyň, müň işiň bar. Adamyň iki gözi bar. Kemçilik kändir. Ýöne ol başga biriniň kemçiligi däl. Diňe meniňem kemçiligim däl. Ol umumy kemçilik, ony uly il bolup düzetmeli. Awtobus wagtynda gelmeýän bolsa, çörek gowy bişirilmeýän bolsa, ol seniňem kemçiligiň. Sebäbi şu döwlet, şu halk saňa-da, beýlekilere-de degişli. Şeýle kemçiligi baýdak edinip, öz aýbymyzy «Azatlyk» radiostansiýasynyň üsti bilen dünýä jar etmän, düzetmeli. Dünýäjar edeniňde-de, «Azatlyk» radiostansiýasynda, «Moskowskiýe nowosti» gazetinde öz halkyň kemçiligini aýdanyň bilen, olar gelip seniň ýetmeziňi ýetirip, agan ýüküňi galdyryp bermez. Gury öz syrtyňy öz açanyň galar. Akylly adamlar, namysly adamlar uýat ýeriniň ýyrtygyny gizlejek bolýandyr. Çyn, mert ogullar iliniň kemçiligini, aýbyny ýaşyryp, ony gizläp, düzetjek bolýandyr. Beýik Magtymguly: «Namart aýyp gözlär dogan ilinden...» diýip, ýöne ýere aýtmandyr-a...
– Dogry, düşündim!
– Şeýdeliň, halkymyza, watana seniň ýaly ogullar kän gerek. Türkmen onsuzam örän azlyk, özem juda giç kämillige ýetýär. Şol ogullaram iliň-günüň derdini çekmeli halyna, bölünişen bolup, ilinden aýyp gözläp, iline-döwletine hyýanat edip ýörse, gelşiksiz bolar...
Ol ýaş ýazyjy gitdi. Özem: «Men ýalňyşypdyryn» diýip gitdi. Ýöne Döwletbaşy ol adamyň kalbyndaky bulançagyň durlanýandygyny duýmady.
– Näme etmeli? – diýip, ol bu sowaly şu günüň özünde, gör, näçinji gezekdir, gaýtalady. – Dogry, ýaşlar bilenem, Ýokary Sowetiň deputatlary bilenem, ýaşulular bilenem duşuşmaly. Belki, Täze konstitusiýamyzam şonda ara alyp maslahatlaşarys...
Ol ýene-de trubkany göterdi.
– Sähet Nepesowiç, Konstitusiýamyzyň taslamasy nädýär? – Ol başyny atdy. – Dogry, şony gelýän sessiýada ara alyp maslahatlaşalyň. Basym ýaşulular bilenem duşuşmak niýetim bar. Şonda-da geňeşe salalyň. Goý, il-günem gatnaşsyn. Belki, döwletli maslahat beren bolar, oňat teklip aýdylar. Bolýarmy?
Ol trubkany goýandan soň ýadaw, agraslanan ýüzüni galdyrman, ep-esli oturdy. Birdenem köňlüniň töründen: «Gam laýyna batma! Hemmesi gowy bolar!» diýen ýalkymly owaz tutuş kalbyny ýagtyldyp gitdi.
– Halkyma arka diremeli. Ýaşulularyň maslahatynam gowy edip geçirmeli. Bu sapar nirede geçirsekkäk?
Ýene-de şol owaz ýaňlandy:
– Üç ýüz altmyş öwlüýä sygyn!
Döwletbaşy bu owazy aýdyň eşitdi. Birdenem Ak işanyň mukaddes keşbi gözüne görnüp giden ýaly boldy.
– Köneürgençde üç ýüz altmyş öwlüýä ýatandyr. Şoňa sygyn! – Bu owaz üç sapar ýaňlandy.
Döwletbaşy ata-babasynyň, beýik ärleriň ruhunyň özüni gorap durandygyna indi ynandy. Olaryň ynamyny goldady.
– Dogry, respublikamyzyň ýaşulularynyň geňeşini Köneürgenç şäherinde, üç ýüz altmyş öwlüýäniň ýatan topragynda geçirmeli!
Onuň süňňi ýeňläp gitdi. Bir begenji bar ýaly, trubkany galdyryp, Daşhowuz obkomynyň birinji sekretaryna jaň edip, öz niýetini aýtdy. Hut ertirden taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy-da, soň ýene Ýokary Sowetiň başlygyna jaň etdi.
– Sähet Nepesowiç, bir maslahat bar, ýaşulularyň maslahatyny maý aýynyň ortalaryna Köneürgençde geçiräýsek, nähili görýäň? – Bolar. Siz Konstitusiýanyň taslamasyna-da ýakyndaky sessiýada garaň. Onsoň ony Köneürgençde uly iliň geňeşine goýaly, gelenimizden soňam, ýene-de sessiýada ony kabul edeliň. Şol güni uly toý diýip yglan edeliň. Ol üýtgeşik konstitusiýa!
Döwletbaşy ýerinden süňňüýeňillik bilen silkinip turdy.
– Ine, şu ýol, nesip bolsa, öz halkymy agzybir saklamagyň ak ýoly bolar!
Ol «Omyn!» diýen owazy eşidip galdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: