22:40
Döwletbaşy -6/ romanyñ dowamy
4.

Döwletbaşynyň kabulhanasynda aýagy bişen towuk ýaly bolup oturan içeri işler ministriniň haly harapdy. Onuň gapdalynda oturan orunbasarlarynyň, oblast içeri işler bölümleriniň naçalnikleriniň ýüzlerinden hem degirmen daşy asylan ýalydy.
Beýleräk gapdaldaky söwda ministri hem orunbasarlary bilen biri-birleriniň ýüzüne garap bilmän otyrdylar.
Prezidentiň kömekçisi içeri bakan ugrady. Her kim «bizi bir kabul edäýmese ýagşydyr» diýýän ýaly, oňa gorkuly nazar bilen garaýardy.
«Meniň ýagdaýymy bilendir. Şu gün bellisini edäýmese-de biridir. Moskwa-ha jaňedip ýetişdim. Aýryp bilmez. Wah, ýöne Sähede duýdurmadym. Şu gün bir mazalyja bolaýsalar-a...»
Olary içeri çagyrdylar.
Döwletbaşy gelenler bilen göwünsiz salamlaşdy. Olara ýer görkezdi.
– Ýeri, ýagdaýlar nähili?
Ministr başdan gan aglap başlady:
– Erbet, Sapar Ataýewiç, gaty erbet!
Prezident geň galdy:
– Bu nähili beýle bolýar? Halkyň eýesi, hossary bolmaly adam, respublikanyň gorag apparaty, uly güýji elindäki adam şeýdip, Prezidentiň öňünde aglap durjak bolsa, ol nähili beýle bolýar? Men-ä sizi halys aljyrap çagyrýan, şular meni köşeşdirer diýýän. Siz bolsaňy... – Ol çilim otlandy. – Siz aglasaňyz, zähmetkeş halk kime dadyny aýtmaly? Olary kim goramaly?..
Ministr özüniň bu sapar kürsüsinden gozgalmajagyny gepiň raýyndan duýdy. Ol göm-gök gözlerini naýynjar görnüşe getirdi:
– Ýagdaý gaty agyr, ýoldaş Prezident, siz özüňiz bilýäňiz...
– Hany, hany, ýagyny dökmäň – diýip, Döwletbaşy ministriň öňüni gabalady. – Sen ýaman öwrenipsiň aglap sypmaga. Men seniň sapalagyňy gelen günüňden bäri görüp ýörün. Seniň diýjek sözüňi aýdyp bereýinmi?
Ministriň ýüzüniň reňki dumanlandy.
– Sen aýdarsyň kadr ýok diýip. Emma «sen eýle, men beýle» diýip, ýerli milletden bolan kadrlaryň ählisinden dyndyň. Geljek bolýan oglanlary-da: – Aýlygy az, barybir, gidersiň» – diýip, öňünden müň bahana bilen işe alaňok, ýalanmy, ýene bir bahanaň Içeri işler ministrliginiň podrazdeleniýeleri tehnika, transport bilen üpjün däl diýersiň. Emma özüňe näçe tehnika gerekdigini, näme transport gerekdigini anyk aýdyp bileňok. Seniň gaýgyň respublikanyň abadançylygy däl, seniň gaýgyň kürsi!
Döwletbaşy nurana gözlerini gazap bilen süzdi:
– Sen, Dubronenko, bir zady bilip goý. Men seniň, ministr halyňa, kimler bilen aragatnaşygyň bardygynam, Moskwanyň merkezinden bäş otagly kwartira satyn alyp, onam biziň Içeri işleri ministrligimiziň materiallarynyň hasabyna remont etdirýäniňem bilýän!
Sen pikir edýänsiň «etjegimi edeýin, soň Moskwa göçer giderin» diýip. Seniň ol pikiriň ýol almaz. Sen nähili hyzmat bitirseň, şoňa görä-de baha kesiler.
Ministr binjalyk halda ýerinden galjak boldy.
– Hany, otur, özüňem aýt, Türkmenistanda näçe sany kanundaky zannyýaman ogry bar?..
Ministr jogap berip bilmedi.
– Häzir ilatyň näçe maşyny ogurlandy, näçesi tapyldy?
Ministr az-owlak sany aýdyp goýberdi.
– Ine, seniň ministr bolşuň. Sen ýagdaýy bilmän, ýene meni aldajak bolýaň. Seniň ol aýdýanyň mundan bir aý öňki sanlar. Häzir ilat gan aglaýar, kimiň öýi talanýar, kimiň çagasyna iýdirmän ýygşyran puljagazyna alan maşyny işiginden alnyp gidilýär...
– Biz elimizde baryny edýäris.
Döwletbaşy başyny gaharly ýaýkady:
– Seniň milisiýa işgärleriňe özbaşyna bir kontrollyk guramasy gerek. Ähli tertipsizlik, para şolardan başlanýar. – Ol stoluň üstünde duran hatlardan bir petdesini ýokary göterdi. – Ine, siziň adalatsyzlygyňyz barada ýazylan hatlar. Şonuň içinde seniň özüň barada-da az däl.
– Meniň günäm ýokdur. Men, men...
Döwletbaşy ýene-de gazabyny içine sygdyryp bilmän, ählisini gözlerinden nur edip dökäýjege döndi.
– Seniň günäň bardygyny – ýokdugyny men saňa aýdaryn. Sen özüňde günä goýmajak bolup, kanundaky ogrulara degeňok. Tüýkesme ogrular näme edeýin diýse, şony edip ýör, ine seniň günäň. Köçelerde indi dükanlaryň zadyny satyp ýörler, onda- da sen özüňi akja guş edip görkezmek üçin olara degeňok. Ine seniň günäň. – Ol ýene-de gazaba mündi. – Sen, Dubronenko, her gezek ýanyma girjek bolanyňda maňa Moskwadan jaň etdirip syparyn öýtme. Respublikada tertip-düzgün bolmasa, men seniň Moskwaňam bilmen, özüňem. Dogry-da, «men kanundaky ogry» diýip, arkaýyn gezip ýörler Sen şu wagta çenli birini ele salyp bileňog-a. Onuň sesi gazaply çykdy. – Hany, tur, näme ediljegi barada aýt respublikanyň halkyna, hana, telewizor surata alyp dur.
Ministr ýerinden göwünli-göwünsiz turdy.
– Ýoldaş Prezident, biziň podrazdeleniýelerimiz erbet işlänok. Ýöne transport ýetenok, bir ogryny ele salmak üçin ýa-da ogurlyk maşyny ele salmak üçin kowalap başlasak, biziň maşynymyz bir günlük yzda galýar, ýa-da ogrular-a biri-birleri bilen ýaponlaryň iň soňky tehnikasy arkaly gürleşýär. Biziňem maşynlarymyz-a däl, gepleşiş enjamlaryna batareýlerimizem ýok. Onuň üstesine, daş-töweregimizdäki bitertiplikleriň bir ujy gelip bize gapgarylýar. Häzir beýleki respublikalardan gelip, biziň territoriýamyzda iş görüp ýören zyýanly toparlaryň otuzysy hasaba alyndy...
– Sen hasaba alma, olary gola sal, ýok et.
– Wah, olary beýlä kowalasaň, Özbegistana gaçýar, eýlä kowalasaň, Azerbaýjana agýar. Olaryň sapalagy kän.
– Sen öz jaýyňa odur-budur üçin-ä Özbegistanyň Prezidentine çykyp bilýäň, emma şeýle howply jenaýatçylary bileleşip tutmak üçin Özbegistana ýa Bakuwa çykyp bileňok. Seniň ýüregiňde ýok respublikanyň abraýyny, tertibini goramak...
– Ýok, ýoldaş Prezident, biz siziň öňüňizde borjumyzy doly ýerine ýetirýäris, geljekde-de şeýle bolar.
Prezident ony ýene-de alarladyp başlady:
– Ýo-ok, sen ministr, özüňi tanaňok. Seniň diliň bir zat diýýär, emma ýüregiň «basym respublikany ogrularyň eline bererin» diýýär.
– Ýok, ýok!
– Sen, diňle, men saňa ýene bir aý möhlet bereýin. Eger şu möhletde işler düzelmese, işiňiziň netijesi görünmese, onda sen işiňi halal, arassa adamlara tabşyrmaly bolarsyň...
Ol oturan ýerinden SSSR içeri işler ministri bilen gürleşip, iki ýüz elli sany «UAZ-69» maşyny, radio we aragatnaşyk tehnikasyny haýyş etdi.
– Siz işleseňiz, tehnika-da, beýleki enjamlar hem bolar, ýöne işläň...
Olary ugradandan soň, Döwletbaşy täzeden çilim otlandy.
«Wah, bular Moskwa arkaýynlanýarlar. Olar meniň olara hiç bir çäre görüp bilmejegimi bilýär. Görýäňmi, Moskwadan içeri işler ministriniň orunbasary «şony goldaweriň» diýip jaň edýär. Respublikanyň Prokuraturasy Moskwanyň elinde, Döwlet howpsuzlygy komiteti Moskwanyň elinde, üstesine, daşyňdaky goşunam şolaryňky, onsoň eliňi-aýagyňy gerip işläbem bolanok. Sähel gaňryşlaryna gaýtsaňam, Türkmenistanyň içine Merkeziň bäş ýüz adamlyk komissiýasyny iberip, ülkäňi Özbegistana dönderjekler...»
Onuň ýadyna häzir TKP MK-nyň birinji sekretary bolup geläýen wagtyndaky bir waka düşdi. Işe ýaňy başlan wagty Moskwadan, Syýasy Býuronyň görkezmesi bilen SSKP MK-nyň bölüm müdiri gazaply jaň edipdi.
– Artdyryp ýazmak meselesi, pagta talamak meselesi boýunça TKP MK-nyň plenumyny geçiriň. Oblastlaryň ýolbaşçylarynyň ählisini işden boşadyň. Işlerini derňew organlaryna tabşyryň. Gerek bolsa, döwlet howpsuzlygyny hem bu işe çekiň. Bu möhüm meselede size iş öwretmekde Özbegistandan wekil iberdik. Şonuň tejribesine daýanyň...
Döwletbaşy Moskwanyň, SSKP MK-nyň ýagdaýyny SSKP MK- da inspektor bolup işlän döwründe-de, ondan öňem, TKP MK- da senagat, transport bölüminiň müdirikä-de, şu apparatda instruktorka-da bilýärdi.
Merkez beýleki respublikalary, onuň partiýa guramasyny hasabam edenokdy. Türkmenistanyň Merkezi Komiteti barada bolsa, başdanaýak «ondanam bir respublika bolarmy?» diýen manyda içi güjüklije ýylgyryşýardylar. Emma Türkmenistana komandirowka gaýtmaly bolanlarynda welin, gözleriniň çyra dönüp, üýtgeşik höwes bilen ýanýandygyny ol görüpdi. Olar bu ýere aýallaryny, çagalaryny alyp gaýdýardylar. Yzlaryna baranda-da «oňat dynç aldyk» diýmek bilen oňýardylar. Türkmeňistanyň meselesi orta düşdügi: bu ýerde kadr meselesi ýa-da Türkmenistanyň mertebesi barada ýene-de «aý, oňa nämä gerek» diýen manyda ýylgyryşanlaryny duýman galýardylar.
Şol ýagdaýlary gören, duýan adam öz iliniň, öz watanynyň, halkynyň şeýle aýak astylygyna ýöne garap oturyp biljek däl-di. Döwletbaşy heniz bölüm müdirikä-de, Türkmenistanyň SSSR-iňrespublikalarynyň arasyndaky mertebesi hakynda telim sapar aýdypdy.
Ol bir sapar SSKP Merkezi Komitetiniň TKP MK-nyň apparatyna kontrollyk edýän wekiline Krasnowodsk oblastynyň ýagdaýyna kömek berilmegini sorapdy: «Her ýylda 18 million tonna nebit öndürilýär. Kuweýtdenem baý ýer. Onuň ähli nebitini Merkez mugtuna daşap dur. Şol nebitiň pulunyň ujypsyz bölegem şu oblasta siňdirilse, halky-ha millioner bolmaly, şäherleri Kuweýtiň şäherleri ýaly baý bolmaly. Onuň obalaryndan bal akmaly. Emma bu oblast SSSR-de iň garyp oblast» diýipdi.
Wekil onuň sözlerini gulagynyň duşundan geçiren ýaly etse-de, onuň bu düýbi ýangynly sözlerini närazyçylyk hökmünde merkeze ýetiripdi.
Döwletbaşy Türkmenistanyň çig malynyň Merkeze akyp durmagyna örtenip-bişýärdi. Ol müňden gowrak senagat kärhanasy bolan respublikanyň özüniň elinden hiç zadyň gelmeýänine içi ýanýardy. Merkez respublikalaryň senagatyny ezmegiň ýoluny şeýle bir hilegärlik bilen tapypdy, indi ony merkeziň hökmürowan golundan aýryp biljek gümanyň ýokdy.
«Mary GRES-ne SSSR-iň 220 şäherinden enjam gelýär. Aşgabadyň nebit-maşyn gurluşyk zawody bolsa iki ýüz elli şäherden enjam alýar. Bir şäheriň kärhanasy motor ibermese, zawod dur». Beýle ýagdaýlar käte ony «dil açmaga», öz ýangynjyny daşyna çykarmaga-da mejbur edýärdi.
Bir sapar senagat boýunça sekretar ony ýanyna çagyrdy.
– Näme, seniň daşyňda her hili gürrüň bar-a!
– O nähili gürrüň? – diýip, senagat kärhanalarynyň birin-de materialyň ýetmänligi üçin şol ýere baryp, meseläni çözüp, halys eňki agan halda kabinetine özüni atan bölüm müdiri sorady. Sagathäzir dört bolup barsa-da, ol ertirden bäri agzyny ýyly suw bilenem çaýkamandy. Şonuň üçin ruhy az-kem öçük görünýärdi. Muny gören sekretar «hä, munuň-a bir müýnlüje ýeri bar-ow» diýen manyda sürnüp başlady.
– Sen Nebitdagyň nebiti barada näme diýdiň?
– Üýtgeşik gürrüň edemok. – Ol bu meselede öz pikirini aýtdy. – Men Mary GRES-i barada-da şeýle pikirde. Krasnowodsk oblastynyň obalarynda adamlar nebit çyrasyny ýakyp gün görýärler. Emma biziň elektrik energiýamyzy beýleki respublikalara akdyrýarlar...
Sekretaryň uzyndan aýtymly ýüzi gyp-gyzyl boldy:
– Sen onda «türkmen gazynam Merkeze mugt akdyrýarlar» diýersiň.
– Ony tutüş il diýýär. Näme, gaz akmaýarmy, akýar, emma respublika ýeke apbasylyk peýdasy ýok. Onam Nebitdagyň nebiti ýaly iki ýylda talap gutararlar, onsoň biz ýene-de toýda palaw bişirilip, soňam ýuwulmadyk gazanyň kesmegini ýalan ýaly edip, kepgir bilen gazany gazap ýörmeli bolarys.
Sekretaryň gahary geldi:
– Ol gaz Türkmenistanyňky däl.
– Onda kimiňki?
– Ol gaz sowet döwletiniňki. Sen Türkmenistan barada däl-de, sowet döwleti barada köpräk oýlan.
Nyýazowyň närazylygy» hakyndaky informasiýa TKP MK-dan SSKP MK-a tarap açyk ýa-da gizlin ýollar bilen akyp durdy.
Merkez dilli, özem külüň içine zyňsaňam, lowurdap çykaýmagy mümkin bolan bu kadr bilen dynman gyzyklanýardy. TKP MK-nyň sekretariaty bu kadry «üns merkezinden» sypdyrman başlapdy.
Ýöne häzir ony elini-aýagyny baglap, bir gyra atyp boljak däl-di. Ony indi apparatda-da saklap bolmaýardy.
Ol apparatdakylaryň ählisiniň tabyny bilýärdi. Olar bilen arasy juda sazdy. Şu apparatda onuň ýüzüne gelip: «Sen işden gitsene» diýip biljekadam ýok diýen ýalydy. Örän akylly, ýiti dilli, rus,dilinde manyly, paýhasly gürläp bilýän, rus dilinde Moskwanyň göwnüne ýetip ýazyp bilýän, ýatkeşden galjaň ýigit indi on ýyla golaý TKP MK-nyň apparatynda işläni üçin, juda hökmürowandy. Ol bu ýere işe gelýänleriň ählisini diýen ýaly garşy alypdy, köpüsinem täze wezipelere ugradypdy. Ýeser ýerem, ol şu ýerde işleýänleriň gowulygynam, aýbynam bilýärdi. Ýene bir tarapy, onuň özi hiç bir topara goşulanokdy. Esasy zadam, onuň aýybyny tapyp bolanokdy. Onda garyndaşam, dost-ýaram ýokdy. Özem indi ýedi ýyl bäri wokzalyň ýanyndaky jaýyň ikinji gatynda ýeke otagly jaýda dört adam bolup ýaşaýardy.
Onuň telefonynam diňledýärdiler. Yzyna adamam salýardylar. Onuňky diňe işdi. Işden soňam öýi, çagalarydy.
Ine, beýle adamy zyňyp goýbermek aňsat däldi. Ol şeýle sowady, ýiti dili, kesgir zehini bilen islendik adamynyň pozisiýasyny Merkeziň öňünde düşündirip biljekdi. Merkeze bolsa şeýle arzalar gerekdi. Merkez respublikalary, esasan, şeýle arzalaryň üsti bilen ezýärdi. Onsoň ýolbaşçylar haýsydyr bir «kadry» işden aýryp, soňam öz üstüniň «kesek» bilen gömülmegini islemeýärdiler. Gaýta, onuň bilen ýakyn bolanlaryny kem görenokdylar. Ýeri gelse, näme ýamanlyk edilse, Merkeziň üsti bilen edilenini gowy görýärdiler.
Nyýazowy apparatdan aýyrmagyň üç ýoly ýüze çykypdy. Birinjisi, Mary GRES-ne baş direktor gerekdi. Onuň özi inžener-energetikdi. Öz ugry, işläbersin. Özi bu GRES-iň işini alyp bardy. Işe belet.
Ýöne ýolbaşçylary başga bir ýagdaý ikirjiňledýärdi. GRES Moskwa garaşlydy. Bu adam Moskwanyň dilini tapsa, soň ony, has ösdürip ýene-de apparata getirseler, bu ýerdäkilere soň işlemek aňsat boljak däldi. Ony indi gaýdyp apparata gelmez ýaly etmelidi. Çünki indi apparata senagat kärhanasyndan kadr almak ýoň bolupdy.
Ýene bir ýol, ony Moskwa, jemgyýetçilik Ylymlary akademiýasyna ibermekdi. Goý, onuň aspiranturasyny gutarsyn, alym bolsun. Gelip işlesin ýörsün Ylymlar akademiýasynda ýa-da wuzlaryň birinde. Şu pikir örän jaýly pikirdi. Ýöne bu ýoluň örän gorkuly tarapy bardy.
Bu dillije, diýseň paýhasly, dostana adam baran ýerinde her kimiň ugruny tapmagy başarýardy. Ol Akademiýada-da göze ilmelidi. Beýle adamy Moskwa sypdyrmaz. Türkmenistanyň senagatyny, gurluşyk transportyny, partiýa işini bäş barmagy ýaly bilýän görmegeý, dilewar, rus diline suwara kadry kimiň sypdyrasy geler. Ol erte SSKP MK-da işläýse?.. Ähli aýbyňy bilýän halyna, ony beýle okuwa-da iberip boljak däldi.
Dogry, üçünji bir ýer bardy. Ýöne bu wezipe onuň üçin däl-di. Bu ýere diňe birinjiniň mirasdüşeri ýa-da şonuň wepaly şägirdi, juda bolmanda-da, onuň suwakary geçmelidi. Hut L.I.Brežnewiň özem birinjä: «Işleşjek kadrlaryňy seçip bilmejek bolsaň, ol ýerde oturmagyň geregi ýok» diýipdir. Munuň özi, goý, hut öz gardaşyň bolsun, ýöne işgärleriň saňa wepaly bolmaly diýildigidi.
Birinji bolsa diňe öz suwakaryndan bolan adamlara ynanýardy. Olar onuň daşyna gala ýaly bolup halkalanypdy. Ine, şolaryň birinem TKP MK-nyň Aşgabat şäher komitetiniň birinjiligine goýmalydy.
Bu wezipäni birinji aýratyn ezizläp saklaýardy. Çünki bu wezipä kim geçse, tutuş respublikany dolandyrmagyň mehanizmi şonuň elindedi. Ähli ministrler, howpsuzlyk komiteti, generallar, sud, prokuratura, söwda, awiasiýa, transport şoňa garaşlydy. Bu wezipä geçen SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty, Merkezi Komitetiň çleni, býuro çlenligine kandidat bolmalydy. Munuň özi birinjiniň bäri ýanyndaky wezipedi. Birinji özüne dost bolaýjak adamlardan üçüsini bu wezipä niýetleýärdi. Em- ma bu wezipäniň açary SSKP MK-nyň elindedi. SSKP MK diňe bir paýtagtlaryň partiýa guramalarynyň birinjisini däl, partiýanyň raýkomlarynyň birinjisiniň wezipesini hem öz elinde saklaýardy.
«Olar kim? Haýsy topara girýär? Näme üçin toparlanyşyga girmeýär? Rus halkyna nähili garaýar? SSKP MK-nyň baş ugruna nähili garaýar? Näme üçin hut şol saýlanyp alynýar?» Ählisini ilik-düwme öwrenýärdiler. Edil bir syrat köprüsinden geçiren ýaly edibem, Moskwadan yzyna «bolanok» diýip iberýärdiler.
Birinji Nyýazowdan dynmagyň, onda-da Moskwanyň eli bilen dynmagyň pursadyny aňdy. Ol öz adamlary Moskwadan «iki ellerini burunlaryna sokup» gelenlerinden soň, bu kandidaturany işe girizdi.
Ol Nyýazowyň Moskwadan geçäýmeginiň ahmaldygyny göz öňünde tutýardy. Ýöne muňa asla ýol bermezligiň açary onuň elindedi. Ol Merkeze:
– Bolmasa, orslara sögüp, «gazymyzy, nebitimizi mugt alýaňyz» diýip dawa edip ýören birimiz-ä bar, şonam bir görüň! – diýipdi. Bu söz SSKP MK-da hökman hasaba alnaýmalydy. Alyndam...
Gürrüňdeşlikde Nyýazowa berlen ilkinji sowal: «Siz gazyň, nebitiň merkeze akdyrylmagyna garşymy?» bolupdy.
Döwletbaşy ýaýdanyp durmady:
– Men garşy däl. Gazy, nebiti ibermegiň däl-de, ony respublikadan alyp gitmegiň mehanizmini üýtgetmeli.
– O nähili mehanizm?
– Goturdepe diýen uly nebit ýatagy bardy. Nebitiniň hili dünýä standartynyň derejesine ýetýär. Emma urdular burawy, çogdurdylar nebiti. Ony düzgüne görä etseň, ýerden bir kub metr nebit alsaň, soň kub metr suwy ýeriň aşagyna goýbermeli. Şeýdeniňde, nebit suwuň depesine çykyp, önümçiligiň ömrüni uzaldyp bolýar. Emma indi nebit gatlagyň düýbünde galdy. Onuň üstüni basyşly howa gaplap aldy. Önümçilik ýatyr. Gaz meselesinde-de şeýle. Gazy ýerinde işläp, soňturbalar bilen Merkeze akdyrmaly. Emma howlugylýar. Merkeze gelýänçä, ol otuz gezek täzeden arassalanylyp onuň deň ýary atmosfera goýberilýär. Bu ýerde käbir geleňsizleriň eli bilen türkmen gazy weýran edilýär. Ine, men şuny düşündirip bilemok...
Onuň bilen gürrüňdeşlik geçirýän sekretar ýylgyrdy:
– Sen biderek zat üçin janyňy ýakýaň. Saçyň şonuň üçin çalarypdyr. Sen ýaş oglan-a. Merkez, Sowet Soýuzy Türkmenistanyň gazyna, nebitine zar däl. Bu respublika bolmasa, ol respublika. Ine, Týumenden gazam, nebitem fontan bolup atyldy. Sen nämäniň gaýgysyny edýäň?!
Ol «Wah, SSSR türkmen gazyna mätäç bolmasa-da, türkmen halky şoňa mätäç. Şatlygyň gazy Moskwanyň öýlerini ýylydýar, emma Şatlygyň bäş kilometr beýle ýanyndaky Garybata obasynyň ilaty tezek ýakyp gün görýär...» diýjek boldy, bagtyna, sekretaryň özi onuň sözüni agzyndan kakyp aldy.
– Aşgabatdan gaz çykýan däldir-ä?
– Ýok, ýöne Aşgabada-da gaz çekmeli bolar!
– Ine, munyň başga gürrüň.
Sekretar soň oňa SSSR-iň hökmürowanlygy, indi tutuş dünýäniň onuň penjesine girjek wagtynyň uzakda däldigi barada köp-köp maslahatlar berdi. Ony täze wezipesi bilen gutlady. Ol şäherkomyň birinjisi wagtam dek ýatmandy.
Şol döwürde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherini gaýtadan gurmak barada SSKP MK bilen SSSR Ministrler Sowetiniň bilelikdäki karary çykypdy.
– Näme üçin biz şeýle karar çykarmaly däl? – diýip, ol TKP MK-nyň bir maslahatynda aýtdy.
– Ony SSKP MK-nyň Syýasy Býurosy gowy biler. Bir regionda iki paýtagtyň gaýtadan gurulmajagy köre hasap ahyryn – diýip, birinji ony köşeşdirjek bolupdy. Emma ol ynjalmady. Aşgabat ilkidurmuş döwrüniň şäherlerinden sähelçe tapawutlanýardy. Şäheriň çetindäki «Nohuraul», «Nahalstroý», «Siňekli» ýaly telim obanyň derejesini orta asyrlaryň obasyndan ýekeje zat bilen, elektrik yşygynyň gelmegi bilen tapawutlandyryp boljakdy. Ol elektrigem üzüm-üzüm simlerden, egri-bugry pürslerden, her kimiň gurbuna görä çekilendi.
Şäheriň merkezi raýonyndaky ymaratlaryň ýagdaýam ýabygorludy. Kärhanalaryň howlulary, duralgalar görer ýaly däldi. Aşgabat bilen deňeşdireniňde, Daşkent dagy köşk ýalydy.
Ol şu ýagdaýlaryň ählisini kagyza geçirip, hut SSKP MK-nyň Baş sekretarynyň özüne, SSSR Ministrler Sowetiniň Başlygynyň hut öz adyna, şeýle hem TKP MK-nyň birinji sekretarynyň hut özüne dokladnoý iberipdi.
TKP MK-da agyp-dönýänçäler, Merkez bu dokladnoýy içgin öwrenmek üçin uly döwlet komissiýasyny Aşgabada iberdi. Komissiýa şäheriň ýagdaýyna, onuň başyna goýberilmegine haýran galyp, yzyna gaýtdy.
Ine, şeýlelikde, SSKP Merkezi Komiteti bilen SSSR Ministrler Sowetiniň Aşgabady gaýtadan gurmak baradaky belli karary çykdy. Bu şäheriň gurluşygy üçin köp mukdarda pul goýberildi.
Aşgabatda köp gurluşyk başlandy, arassalaýyş, timarlaýyş çäreleri geçirilýärdi. Emma ol bu işi ahyryna ýetirip bilmedi. Ony SSKP MK-nyň apparatyna, inspektorlyga alypdylar.
SSKP MK-nyň apparatynda türkmenlerden öňem bir inspektor işläpdi. Ýöne şol ýerde onuň işi çoçgara çolaşdyrylypdy. Onam guran ýene-de Türkmenistanyň öz adamlarydy. Ol ýigit Çärjew oblastyndandy. O-da nuranady, görmegeýdi. Türkmen diline-de, rus diline-de ezberdi. Ýöne ýaşdy, erklidi. Içmegi, şady-horramlygy gowy görýärdi.
Ol SSKP MK-da işleýärkä-de erkindi. Sebäbi Çärjewde oblast ispolkomynyň başlygyka ol hiç kime hakyny gidirenokdy. Diýeni diýendi. Moskwada, ýurduň döwlet dolandyryşynyň, partiýanyň hökmürowanlygynyň çür depesinde bolansoň, aýaly, çagalary ýanynda ýoklugy üçin, ol paýtagtyň oňat restoranlarynda agşamlaryny geçirýärdi. Ne gözel gelinler bilen bileje tans edip, şondanam öýüne alyp gaýdýardy.
Şeýle keýpli agşamlaryň birinde tansa çykanda «päsgel bermesin» diýip, oturgyjyň arkasyna geýdiren täzeje penjeginiň jübüsinden täze işinden oňa berlen şahadatnama ýitipdi. Ol şeýle rüstem adamyň jübüsine girilmegine bir ölüp bilmändi. Töweregindäkilere haýbat atypdy. Gykylyga bolsa milisionerler ylgaşyp gelipdi. Ol milisionerleriň birini: «Sen düzgüni goraman nirä garaýaň?» diýip bijaýrak silterläpdem.
Ine, şu gürrüňiň bir ujy SSKP MK-a ýetipdi. Ol ýigidi bolsa şol günüň ertesi yzyna, Türkmenistana gaýtarypdylar. Gelensoň bolsa bir yzagalak sowhoza direktor belläpdiler.
Ol bu işi öz täleýinden görüp ýördi. Ep-esli wagt geçenden soň onuň yzyndan bir maýor çinli rus ýigidi geldi.
– Bizi şol işi guramaga mejbur etdiler – diýdi.
– Kimler?
– Öz türkmenleriňiz!
Bu wakany şol wagtky sekretarlaryň ählisi bilýärdi. Olaryň biri Nyýazowy şol lebaply ýigidiň gününe salmak üçin ep-eslije serişde-de harçlap, aňtadypdam. Ýöne şol aňtaýanlar Nyýazowy bir-ä Kremle girende görüp galýardylar, birem çykanda.
Ýöne Türkmenistan Ministrler Sowetiniň başlygy wagtynda-da onuň «çaňyny» kakmaga pursat bolupdy. TKP MK-nyň senagat meselesine bagyşlanan bir plenumynda ol respublikada senagatyň ýagdaýy barada giňişleýin doklad bilen çykyş edipdi.
Şonda bu plenum barada merkezi telewideniýede ýörite sýužet görkezildi. Sýužetiň awtorlary Moskwadan gelipdiler. Olar plenumyň geçişini gysgajykbeýan edip, soňra garaşylmadyk topy atypdylar.
« – Ýaňy-ýakynda Moskwadan getirilip, respublikanyň Ministrler Sowetiniň başlyklygyna bellenilen ýoldaş Nyýazow öz çykyşynda şeýle diýdi:
1. Moskwa, Merkez şu wagta çenli Türkmenistanyň gazyny almak bilen, her ýylda näçe gazyň gidýändigi, onuň näçe pula durýandygy, şol gazyň nirelere we näme maksat bilen ugradylýandygy bilen respublikany habardar etmän gelýär. Bu, birinjiden, önüm berýän respublikanyň öz önüminiň eýesi bolmak hukugyny elinden alýar...
2. Ýene-de Merkez respublikanyň nebitli ýataklarynyň önümini howul-hara alyp, indi gerek bolmajak halda taşlap gitdi. Indi şol kärhanalar, edaralar köpeldi. Olaryň ähli garamaty Türkmenistana galdy. Olary häzirki goýberilýän serişdeler bilen dikeltmek asla mümkin däl. Olar bolsa häzirki ýagdaýynda işläp bilenok. Şol kärhanalarda bolsa onlarça müň adam zähmet çekýär.
3. Türkmenistanyň senagaty Krasnowodskiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan başlap, Aşgabadyň nah mata kombinatyna çenli ählisi baryp urşuň öň ýanlarynda gurlan kärhanalar. Olar moral taýdan bir wagt könelen. Häzirki wagtda respublikanyň müňe golaý kärhanasynyň deň ýaryny iň täze enjamlar bilen gaýtadan dikeltmeli...
4. Şeýle kemçilikler barka, Türkmenistanyň senagaty agsamasyny goýmaz. Bu çäreler üçin SSKP MK-dan, SSSR Ministrler Sowetinden, SSSR Gosplanyndan köp serişde soramagyň wagty ýetdi...»
Telewideniýäniň habarçylary döwlet baştutanynyň öz hyjuwyna bäs gelip bilmän, bir demde Moskwany, Merkezi, TKP Merkezi Komitetini azysynyň astyna alandygyny, onuň bu berk şänigi döwjegini ýa-da öz azy dişlerini döwdürjegini geljek görkezer diýip, çuňňur kinaýa bilen ýanjapdylar.
Şonda-da Döwletbaşynyň daşyna bir tor gurapdylar. SSSR Ministrler Sowetiniň Başlygynyň hut özi birinjä kine bilen jaň edipdi. Ol Moskwa, SSKP MK-nyň Plenumyna baran-da gabat gelşende-de ýüz bermedik bolupdy.
Aral kenarýaka etraplaryna kömek sorap ýüz tutanda-da «Şol adama menden kömek ýok. Ýene köpräk tankytlasyn meni...» diýipdir. Soň ýüzbe-ýüz bolnanda ol adam öz igesini Döwletbaşa sürtüp galypdy.
– Azrak tankyt edip, köpräk işlemek gerek. Görýän welin, indi birneme garnyňyz doýýar-ow...
Bu sözleri Türkmenbaşy gulagynyň duşundan geçiripdi. Iň esasy zat, ol Türkmenistanyň şol kyn uçastokdaky ilaty üçin koeffisiýentem, serişde-de alypdy. Ýöne türkmen gaz derýasynyň akyşam, kärhanalaryň ýagdaýam şol öňküligidi. Häzirki wagtda tutuş Sowet Soýuzynyň içiniň gykylyk-galmagaly dünýä dolan wagtynda, ýurt bulaşykka, asyl SSSR diýen juda uly, hökmürowan imperiýanyň bokurdagy çapgy ýassygyna goýlan wagty «Biz senagatymyzy düzetjek, bize serişde beriň» diýmeg-ä däl, şol barada pikir etmegem gülkünçdi...
Категория: Romanlar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: