23:55
Sahypkyran Gutulmyş beg -17/ romanyñ dowamy
Ýigrimi birinji bap

Metjidiň gurluşygyny gözden geçirip gelýärkä Gutulmyşyň nazary ogly Süleýmanşanyň boýnundaky alaja ýüpe düşdi. Ol alaja ýüp oňa tanyş göründi. Çünki oňa birmahal kakasy şeýle alaja ýüp beripdi. Bu meňzeşlik Gutulmyşy haýrana goýdy. Ol ýöne bir alaja ýüp däldi. Alaja ýüpe bürgüdiň çüňki daňylandy. Kakasy alaja ýüpe daňylan bürgüdiň çüňküniň — tumaryň güýç hem rowaçlyk berýändigini aýdypdy. Gutulmyş Kelejarda ujy bürgüdiň çüňki çatylan alaja ýüpi ogly Süleýmanyň boýnundan asypdy. Şeýle tumary ol adamlarda seýrek görýärdi. Adamlaryň boýunlaryndaky Gutulmyşyňkydan parhlydy, ýöne Süleýmanşanyň boýnundaky özüniň birmahalky alaja ýüpüne biçak meňzeşdi.
Süleýmanşanyň boýnundaky tumar tä köşge barýança, dogrusy, köşge barylandan soň hem, tagtyna geçip oturanda-da, uzakly gije-de Gutulmyş begiň aňyndan aýrylmady. Şonuň üçin ol irden Süleýmanşanyň ýatan otagyna bardy.
Süleýmanşa entek süýji ukuda ýatyrdy.
Gutulmyş beg ýalňyşman eken. Süleýmanşanyň boýnundaky alaja — hakyt onuň Kelejarda ogly Süleýmanyň boýnundan asan alaja ýüpli tumary eken. Gör-ä, alaja ýüpde — bürgüdiň çüňkünde keramat bar. Bu tumar hak eýesine gowşupdyr!
Ýöne bu tumar nädip Süleýmanşaga gowuşdy?
Gutulmyş beg tumary eline alyp sypady. Ýaňy alty ýaşyny dolduran Süleýmanşa ýanynda kimdir biriniň bardygyny aňyp oýandy. Kakasynyň gapdalynda oturandygyny görüp begendi, onuň elini ýüreginiň üstünde goýdy.
— Baba!.. — diýip, ol oýaly-ukuly pyşyrdady.
— Ýat, oglum, ýat, ukla, entek ir! — diýip, Gutulmyş ýerinden turdy. Öz salamlygyna baryp, Süleýmanşanyň atabeglerini ýanyna çagyrdy. Gutulmyşyň daň bilen Süleýmanşanyň otagyna barmagy hemem özlerini salamlygyna çagyrmagy atabegleri gozgalaňa saldy.
— Hany, maňa aýdyň, şazadanyň boýnundaky tumary nireden aldyňyz?
Üç atabeg biri-biriniň ýüzüne seretdi. Sahyp atabeg jogap berdi:
— Ony bir seljuk aznawury berdi.
— Haçan?
— Bir ýyl mundan öň.
— Nirede?
— Süleýmanşa bilen bagda gezelenç edip ýörkäk, biziň ýanymyza bir seljuk aznawury geldi.
— Siz onuň seljuk aznawurydygyny nädip bildiňiz?
— Onuň seljuk aznawurydygy geýnişinden, egnindäki eşiginden görnüp durdy. Onsoňam ol kiçi ýedigeniň iki ýyldyzy ýaly20, size juda meňzeşdi. Şonuň üçin jandarlaram ony saklamadylar, biziň ýanymyza goýberdiler. Ýogsam nätanyş adamy jandarlar biziň ýakynymyza asla goýbermeýärler.
— Siz onuň adyny soramadyňyzmy?
— Ýok, biz ol asylzada ýigide sowal berip biynjalyk etmekden saklandyk.
— Ol näme üçin siziň ýanyňyza geldi?
— Seljuk aznawury: «Siz Gutulmyş begiň adamlarymy?» diýip sorady. Biz «Hawa» diýdik. Ol ýigit Süleýmanşany biçak gowy gördi, hatyralady: «Süleýmanşa, babaňy gowy görgün. Ony ezizlegin. «Babam, sen näme diýseň, men her bir aýdan sözüňi derhal ýerine ýetirerin» diýgin. Çünki seniň babaň biçak gowy adamdyr. Onuň didaryny görmäge zar bolup ýören adamlar bardyr. Onuň «Oglum!» diýip ýüzlenmegi üçin bütin ömrüni, şirin janyny bagyş eýlejek adamlar bardyr» diýdi. Ol aznawur sizi ýakyndan tanaýandygyny, biçak uly hatyra goýýandygyny aýdyp, gözüne ýaş aýlady. «Meniň saňa gözüm gidýär» diýip, ol ýigit Süleýmanşany gujaklady. Soň ol: «Siz maňa bir kesemen nan berip bilmersiňizmi?» diýip sorady. Biz onuň bu sözüne geň galdyk. Ol bize bir dinar berdi. «Men Gutulmyş begiň nanyndan iýmek isleýärin» diýdi. Onsoň biz onuň dinaryny alyp, bir bitin nan berdik. Ol biziň nanymyzy alyp maňlaýyna syldy. Zol-zol ogşady, soňam birden yzyna garaman zut gitdi. Biraz wagtdan soň yzyna dolanyp gelip: «Şu alajany Süleýmanşaga gowşurmak üçin ýörite geldim. Sebäbi bu alaja Arslan ýabgunyň dogasy» diýdi. Soňam tumary özi elin Süleýmanşanyň boýnundan asdy.
— Ol Süleýmanşany nireden tanaýar?
— Ýok, ol mäligimizi tanamaýan eken. Adyny-da bilmeýän eken. Ol diňe mälik hakda eşiden eken. «Mäligi göresim gelip ýördi» diýdi. Seljukly ýigit siziň nirededigiňizi sorady. Biz siziň ýörişdedigiňizi aýtdyk. Şonda ol: «Gutulmyş begiň oglunyň ady näme?» diýip sorady. Biz oňa jogap berdik, ol bizden gaýtalap sorady: «Süleýmanmy?» diýip. Biz makullap baş atdyk. Ol siziň ogluňyzyň adynyň Süleýmanşadygyny bilmeýän eken. Ol bu habara juda geň galdy. Esli wagtlap oýlanyp durup, gaýtadan sorady. Onuň nämedir bir zada keýpi gaçdy. «Bu doga indi seniňki bolmaly, doganym!» diýip, asylzada aýtdy. Soňam: «Bu tumar rowaçlyk hem güýç berýär. Goý, bu tumar saňa rowaçlyk hem güýç bersin. Nesip bolsa, bu tumary dakynyp ýörseň, ähli seljuklylaryň patyşasy bolarsyň» diýdi. Soňam gitdi.
— Nirä gitdi?
— Biz onuň haýsy tarapa gidenine üns bermändiris, patyşahy älemim.
— Ol ýekedimi?
— Ol biziň ýanymyza ýeke geldi, patyşahy älemim.
Atabegler odandy:
— Biz telek iş edipdirismi?
— Süleýmanşanyň boýnundaky tumary aýyrmalymy?
Gutulmyş atabegleriň sowallarynyň soňkusyna jogap berdi.
— Süleýmanşaga hiç zat aýtmaň. Goý, ol tumary dakynybersin!
Bu sözden soň atabegler ýeňillik bilen dem aldylar.
— Meni ýeke galdyryň!
Gutulmyş ömründe ilkinji gezek üç gije-gündiz hiç zat iýip-içmän, hiç kim bilen ýeke agyz gürleşmän başyny aşak salyp oturdy. Wezir-wekiller, hatyny Sünbüle, ogly Süleýmanşa onuň ýanyna gelip halyndan habar aldy, bir owurt suw içmegini, bir döwüm çörek iýmegini töwella etdiler. Ýöne ol özüne edilen töwellalaryň hiç birinem tutmady. Ol: «Meniň ýanyma gelmäň! Meni öz günüme goýuň! Men adam däl! Meni öldürmeli, meni» diýip bagyrdy. Üçünji gije köşkdäkiler Gutulmyş begiň zaryn-zaryn ses edip, möňňürip aglaýandygyny eşitdiler. Ol ellerini asmana serip: «Oglum-how! Süleýman janym-how! Sen meniň bilen deň bolma! Gel, oglum, gel ýanyma! Bütin ömrüm saňa sadaga bolsun! Bütin ömrüme guluň bolaýyn. Seni ýekeje gezek göreýin ahyryn. Alla, maňa rehim eýle! Maňa Süleýmany getirip ber! Süleýmanyň ýüregine rehim sal! Goý, ol meniň geleňsizligim üçin günämi geçsin!» diýip, möňňürip aglaýardy. Onuň sandyrap, zaryn-zaryn aglaýşyny görüp, hiç kim ýanyna baryp, töwella edip bilenokdy. Asla, ol öz ýanyna şindem hiç kimiň gelmegini islänokdy.
Wezir-wekiller jemlenip, Gutulmyş begiň ýanyna Süleýmanşany ugratmagy makul bildiler. Süýji ukuda ýatan Süleýmanşany oýaryp, geýindirip, kakasyny köşeşdirmek üçin aýtmaly sözlerini öwredip, ugratdylar.
Süleýmanşa hünübirýan aglaýan kakasynyň ýanyna gorka-gorka bardy:
— Baba! Baba, bu men — ogluň Süleýman — diýip, Süleýmanşa kakasyna ýakynlaşdy.
Gutulmyş gapdalynda titräp duran Süleýmanşany görüp, ýaňy ukudan açylan ýaly gözlerini açyp-ýumdy. Soň ýene agy gatyşykly bagyrmasyny dowam etdirdi:
— Oglum! Gel ýanyma, gel, oglum! Gel, bile aglaly! — Gutulmyş Süleýmanşany garsa bagryna basyp, onuň boýnundaky tumaryny ogşady. — Sen bagtly ogul, Süleýman! Sen öz mähriban agaňy görüpsiň. Ol ikimizden ýüz öwrüpdir. Eşidýärsiňmi?! Süleýman ikimizden ýüz öwrüpdir. Näme üçin? Näme üçin? Oglum, agaňy göresim gelýär! Ony bagryma basasym gelýär. Oňa howandar çykasym gelýär. Ol bolsa, gör, nirlerde hor-homsy ýaşap ýörüpdir. Men bolsa bu ýerde ýag iýip, ýüpek geýip ýaşaýaryn. Meniň perzendim bolsa bir döwüm çörege zar bolup ýör. Men geleňsizlik etdim! Ol ölendir öýdüp arkaýynlaşdym. Diri oglumyň aşyny-suwuny beren boldum. Öz-özümi ýigrenýärin men — diýip, Gutulmyş Süleýmanşany gujaklap, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi.
— Baba, men doganymyň bardygyny bilmeýärdim. Bir kesemen çörek dilän adamyň doganymdygynam bilmändirin. Bilen bolsam, men ony gujaklap hiç ýere goýbermezdim. Öz iýjek nanymam doganyma bererdim. «Iý, agam, iý, doýýançaň iý!» diýerdim. «Doganym, hiç ýere gitme. Indi galan ömrümizi bile ýaşaly» diýerdim. Wah, bilmändirin-dä, ol adamyň doganymdygyny!.. — diýip, Süleýmanşa atabegleriň öwreden sözlerini gaýtalady.
— Sende günä ýok, oglum. Sende jinnik ýaly-da günä ýok. Bar günä mende.
— Sen näme üçin aglaýarsyň? — Süleýmanşa gözlerini petretdi.
— Men öz geleňsizligime janym ýanyp aglaýaryn, oglum. Janym ýanýar meniň! — diýip, Gutulmyş bagyrdy.
Üç gije-gündiziň alasarmyklygyndan, ukusyzlygyndan soň Gutulmyş agyr uka gitdi.

Ýigrimi ikinji bap

Togrul begden askudar21 geldi.
Hernäçe bimaza etmek islemeseler-de, üç gije-gündiziň alasarmyklygyndan, ukusyzlygyndan soň agyr uka giden Gutulmyş begi oýarmaly boldy. Oňa Togrul begden askudaryň gelendigini aýtdylar.
Başga-da bir täzelik bardy. Öňňün agşam Gutulmyş begiň dördünji ogly dünýä inipdi. Bu habaryň Gutulmyş bege nähili täsir etjegini bilmänlerinden soň, oňa bu hakda söýünjilemändiler.
— Kyblaýy patyşahym, iki sany habarym bar — diýip, emir Abu Buga gorka-gorka dillendi.
Gutulmyş aýdyber diýen terzde göwünli-göwünsiz başyny galdyrdy:
— Togrul beg size bir möhüm habar aýtmak üçin öz askudaryny ugradypdyr. Ol häzir size garaşýar. Onsoňam, patyşahy älemim, buşluk habarym bar. Şazadalaryň ýene bir dogany köpeldi. Ýaşy uzak bolsun, patyşahy älemim.
— Haçan?
— Öňňün agşam.
— Ony näme üçin aýtmadyňyz?
— Rahatlygyňyzy bozmajak bolduk.
— Nähili adam sen, emir? Heý, ondan gowy habar bolarmy?! Getiriň çagany!
— Belki, ilki askudaryň habaryny alarsyňyz, kyblaýy patyşahym?!
— Askudar uzak ýoldan ýadap geçendir, goý, ol dynjyny alsyn. Onuň habaryny eşitmäge wagt taparys.
Gutulmyş beg ýuwunyp-ardynyp, üst-başyny tertibe salyp karargähine bardy.
Sünbüle hanym dünýä inen dördünji çagasyny göterip karargähe girdi. Ol adamsynyň yşaraty bilen çagany tagtda ýatyrdy.
Gutulmyş beg çagany biraz synlady-da, eline aldy:
— Ýaramazja eken. Tüf, tüf!
Karargähdäki emirler mäligiň yrym boýunça aýdan sözüni gaýtaladylar:
— Göz degmesin. Öz-ä göz deger ýaly däl, ýaramazja eken.
— Çagaňyza at dakyp beriň — diýip, myhmandar Kelejary dillendi.
Myhmandaryň bu sözüni emir Abu Buga-da, Resultegin-de, gapydan hem hajyp Zehebi Temim-de oňlamady, sebäbi köşk düzgüninde bu sözi Abu Buga aýtmalydy. Süleýmanşa dünýä inende-de, Mansur dünýä inende-de at dakyp bermegi Mälik Şyhabeddinden emir Abu Buga haýyş edipdi. Kelejarynyň bir döwüm tötege mätäç bolup gelenine bir ýylam geçenok welin, eýýäm köşkde ähli zady özi çözjek bolýar. Onda nähilidir güýj-ä bar, nähili telek iş etse-de, Gutulmyş beg onuň üstüne gygyrmaýar. Gahary gelip duran bolsa-da, Kelejary bilen mylakatly gürleşýär. Megerem, Gutulmyş begiň Kelejaryň öňünde nähilidir bir müýni bar bolarly.
Gutulmyş beg öňki ogullary dünýä inende edişi ýaly, ýene türkmen dessuryna eýerip, çaganyň ilki sag, soň çep gulagyndan çalaja çekip, her gulagyna üç gezek:
— Ady Döwlet bolsun! — diýip gaýtalady. — Adyny men berdim, ömrüni hem döwletini Allatagala bersin. Goý, atasynyň arzuw eden derejesine ýetsin, patyşa bolup, musulman ymmaty üçin kän-kän sogap işleri bitirsin. Goý, neberämiziň patyşalyk şahasy täzeden örňesin.
Gutulmyş beg çagany tagtynda täzeden ýatyryp, aýat-doga okady, oglunyň musulman dünýäsinde deňsiz-taýsyz patyşa bolmagyny, dar as-yslam dünýäsinde köp-köp sogap işleri bitirip şöhratlanmagyny Alladan dileg etdi.
— Adyna mynasyp ogul bolsun! — diýip, emirler, hyzmatkärler dileg etdiler.
Gutulmyş beg karargähiniň gündogar burçundaky haşamly sandygyny açyp içinden öňden taýýarlap goýan gymmatbaha şaý-seplerini çykardy. Olary getirip, hatyny Sünbülä berdi:
— Hatyn, sen maňa ýene goç ogul dogrup berdiň! Men saňa şu şaý-sepleri berýärin. Sen şu günden başlap, şu şaý-sepleri dakynmaga mynasypsyň.
Sünbüle minnetdarlyk bilen adamsynyň beren şaý-seplerini kabul etdi.
— Kelejary, şäher ilatyna toý bereliň. Goý, olar öz häkimleriniň şatlygyna şatlansynlar.
— Merhemetli patyşahym, size Togrul soltanyň askudary garaşýar.
— Men ýaňy aýtmadymmy? Goý, askudar bu gün dynjyny alsyn. Men onuň habaryny ertir alaryn.

Ýigrimi üçünji bap

1049-njy ýyl.
Gürrüň Ybraýym ynal hakdady. Togrul beg Gutulmyş beg bilen ikiçäk hal-ahwal soraşandan soň, esasy meselä geçdi:
— Gutulmyş, bir gelşiksiz ýagdaý boldy. Ybraýyma gep berip, ony meniň garşyma küşgürdiler. Entek küşgürenleriň kimlerdigini doly bilemok, ýöne käbir kişini çak edýärin. Bekdaş maňa olar hakda mundan bir ýyl öň hem aýdypdy. Men şonda teý ynanmandym.
— Olar seniň köşgüňde işleýärlermi?
— Elbetde. Olar meniň iň ýakyn adamlarym bolup ýörler. Hut şonuň üçin hem men seniň bilen ikiçäk gürleşmek üçin askudarymy ýolladym.
— Olary tutup, gözlerine nil basmaly, dillerini gömelteýinden sogurmaly.
— Muňa ýetişeris.
— Ybraýym gaty ynanjaň. Ýaşka-da ynanjaňdy. Aldar ýörerdik, ýadyňdamy?
— Ýadymda.
— Ol duşman bilen dosty parhlandyryp bilenok. Ýüzüne duşmany gülüp baksa-da, ýüregini açyp, ähli syryny aýdar otyr.
— Meniň ýanymdaka hem ol gowy. Menden daşlaşsa welin, ony jadylamagy, meniň garşyma küşgürmegi başarýarlar. Ýöne, ynan, men Ybraýyma garşy goşun sürmek, onuň bilen garpyşmak islämok.
Togrul soltanyň bu sözlerinden Gutulmyş beg nämäniň-nämedigini aňdy.
Ybraýymyň içinde köwsar uran pikiriň ahyr daşa çykandygyna Gutulmyş gynandy. Bu babatda olaryň arasynda bir ýa iki däl, köp gezekler gürrüň bolupdy. Ybraýym: «Näme üçin diňe Togrul ýa Çagry patyşa bolmaly? Näme üçin men ýa sen patyşa bolmaly däl? Näme, şalygyň şu derejä ýetmeginde Togrul bilen Çagry ikimizden artyk hyzmat görkezdilermi? Ýa olar ikimizden akyllymy?» diýip, gürrüňe başlaýardy. Onsoň, Gutulmyş Ybraýymy köşeşdirjek, bu pikirinden daşlaşdyrjak, yktaly ýaşamagyň patyşa bolmakdan gowudygyny düşündirmek üçin gaty yhlas edýärdi. Ybraýym şol mahal Gutulmyşyň pikiri bilen ylalaşýardy, ýöne birki aýdan soň ýene köne heňine başlaýardy.
Ybraýym bilen Togrul soltanyň arasynda bolan dawany Gutulmyş Dürnazardan eşitdi.

* * *
Ybraýym ynal Jebeliň häkimi Kerşasif ibn Alauddöwläni Jebelden çykaryp kowdy. Soňra Dinewer şäheriniň häkimi Abu Şewkini şäherden çykardy. Abu Şewkin Ybraýym ynal bilen garpyşmakdan heder edip, Hulwana gitdi. Ybraýym ynal Abu Şewkiniň yzy bilen Hulwana baryp, ony ol ýerdenem kowdy. Togrul beg «Seljuk gylyjy musulmanlar üçin gynyndan çykmaly däldir» diýip, Ybraýym ynalyň gyrgynçylyklarynyň öňüni almakçy boldy. Ybraýym bu söze pisint etmedi. Ol şu gününiň geçenini bilýän, zada gyzygmaýan adam. Onuň lezzet alýan iki sany zady bar. Birinjisi, gylyçlaşmak, söweşmek, janyny töwekgellige salmak, ikinjisi meýlis, şady-horramlyk. Baýlyk ony özüne imrindirip bilenok. Ol egnindäki donuna çenli mätäje berip goýberýär, onsoň özi, köplenç, donsuz gezip ýörendir.
Weziri Abu Aly welin, onuň tersine: oňa hemme zat gerek.
«Dört ýylyň içinde Abu Alynyň ýygnan baýlygy ýere-göge syganok» diýip gören adamlar gürrüň berýärler. Ol juda mekir adam eken, Ybraýymyň uguny ýekelemek onuň ýanynda gaty aňsat. Ol ynaly külbikesinde pyrlandyrýar. Oňa islän zadyny etdirmegi başarýar.
Ony it oýnan ýaly oýnaýar. Ybraýym göhert, onuň aýdanlaryna güp ynanýar «Güjügiň oýnam bolsa, öküziň çyny» diýleni-dä!
Togrul beg wezire üç-dört gezek käýedi, munuň bilen ol üýtgemedi, gaýtam beterinden beterini tapdy.
Şondan soň Togrul beg başga alaç tapman, wezir Abu Ala berk jeza berdi: kyrk gamçy urdurdy hem bir gözüni oýdurdy, bir dodagyny kesdirdi.
Birmahal Aby Aly biçak mertebeli, asylly adamdy. Ony hemmeler hormatlaýardylar. Ol özüne goýulýan hormata-da mynasypdy. Togrul bege wepalylyk bilen gulluk edýärdi. Ýöne, näme üçindir, ol Ybraýym ynalyň weziri bolandan soň, büs-bütin başga adama öwrüldi. Baýlyk, ähli zada ygtyýarynyň ýetmegi ony azdyrdy.
Oňa jeza berlende Ybraýym tas däliräpdi.
— Meniň wezirime beren jezaň — bu maňa beren jezaň — diýip, Ybraýym ynal gygyrdy.
— Bu misginsokary gowy tanaman, saňa wezir edip bellän men. Özümem eden etmişi üçin oňa jezasyny berýärin. Ýöne sen hem azyp ugradyň, Ybraýym. Men musulmanlara garşy söweşmeli däl diýip aýtdym ahyryn saňa. Sen bolsa musulmanlary talap ýörsüň. Biz külli musulmanyň çyn hossary bolmaly. Biziň parzymyz musulmanyň mertebesini goramak, garnyny doýurmak.
— Sen öň teshirlän ýerlerimizde talaňçylyga rugsat berýärdiň. Ýöne sen soňky döwür esgerleriň talaňçylyk etmegine rugsat bermeýärsiň. Ýogsa Mawerannahrdan, Horezminden gelen oguzlaryň diňe baýamak maksady bilen gelendiklerinem bilýärsiň. Sen Muhammet alaýhyssalamyň «Meniň ymmatymdan olja almaklyga ilkinji rugsat berlen halk türkmenler bolar» diýen hadysyny unutdyňmy? Pygambere garşy gidip ýalkanmarsyň. Talaňçylyga ýol bermeseň, sopbaş özüň galarsyň. Onsoňam, näme üçin Hemedan şäherini, Jebel welaýatyny menden aljak bolýarsyň?
— Men saňa tutuş Azerbaýjany ykta berýärin. Ol ýerler saňa az däl. Şonuň üçin Hemedany, Jebeli alýaryn. Ol ýerlere baryp ýörmäge seniň wagtyň hem bolmaýar. Ähli yktaň bir sebitde bolsa, özüň üçin amatly bolar. Düşünýärsiňmi? Men bilýärin, saňa ykta gerek däl. Ykta seniň weziriň Abu Ala gerek. Sen oňa gaty ynanýarsyň. Ol bolsa seniň ynamyňdan peýdalanyp, seniň adyňdan edenini edip ýör. Ol iki-üç ýylyň içinde azdy. Indi ony toprakdan başga zat doýrup bilmez.
— Ol ýerlerini boýun egdireniň Togrul soltan däl-de, Ybraýym ynaldygyny unudypsyň öýdýärin — diýip, Ybraýym gamçysyny galgatdy. — Ähli ýerler meniňki! Diňe meniňki! Şonuň üçin näme islesem, şony hem ederin!
— Ybraýym! Saňa gep berýärler. Seniň öz sözüň däl bu sözler. Ybraýym nire, ykta, engam üçin meniň ýüzüme gelmek nire?! Bütin ömrüňe, pygamber ýaşyna çenli bu dünýäniň zady üçin meniň ýüzüme gelmändiň. Bu ýaşdan soň nebsiň otugyp ýörmi? Gepe gitme, giň bol, Ybraýym, giň bol!
— Giňlik — Alynyň ala meýdanynda! — diýip, Ybraýym gazap bilen gapa bakan ýöneldi.
— Ybraýym! Saklan!
Ybraýym ynal saklanman gitdi. Ine, şu sebäpli hem Togrul beg Gutulmyşy geňeşe çagyrypdy.
— Togrul, mende bir pikir bar — diýip, Gutulmyş söze başlady. — Sen Ybraýymy bäş barmagyň ýaly tanaýarsyň. Ol ynanjaň adam. Oňa sen soltan bolmaly diýip ýel berendirler. Onsoň, onuň bolup ýörşi şol ýeliň hasabynadyr. Düýe öz örküjini görmeýär. Oňa düşündirmek gerek. Towakgam — sen onuň bilen deň bolma! Günäsini geç. Iki dogan uruşýar diýen söz gowy däl. Duşmanlarymyz bu habara heşelle kakarlar. Men häzir Ybraýymyň ýanyna gideýin. Ony akylyna aýlaryn.
— Men senden şu sözi eşitmek isledim, Gutulmyş!..
— Sen — soltan. Saňa ähli bilýän, bolan zatlary açyk aýtmak, senden hiç zat gizlemezlik meniň üçin parz. Soltan bolmak isleýändigi hakda ol meniň ýanymda-da telim gezek gürrüň gozgady. Her gezegem men oňa garşy gitdim, düşündirdim. Her gezegem ol meniň bilen ylalaşdy.

Ýigrimi dördünji bap

Gutulmyş şol gün Sermaj galasyna Ybraýymyň yzyndan gitdi. Bu gala biçak berk gurlandy. Ony basyp almagyň aňsat düşmejekdigi daşyndan seredeniňde duýulýardy.
Ybraýymyň goşuny ýüz müňden hem aňrydy. Özem onuň goşuny köpugurlydy.
Ybraýym Gutulmyşy gujak açyp garşy aldy. Soňam oňa iki sany ýatagan uzatdy:
— Saýla!
Gutulmyş beg ynalyň sag elindäki ýatagany aldy:
— Güýç synanyşmak isleýärsiňmi?
— Elbetde.
— Gutulmyş garrandyr öýdýärsiňmi?
— Ony häzir göreris.
— Elhemdulilla!
— Siz indi garradyňyz. Gezek indi ýaşlaryňky — biziňki.
— Senem-ä pygamber ýaşyny ýaşansyň?!
— Barybir, men sizden ýaş.
Gutulmyş egnindäki çuhasyny çykardy, ýeňini çermäp darkaşa häzirlendi.
Gylyçlaşyk başlandy.
Ybraýym ynal bar güýjüni jemläp, şeýle bir gazaply söweşdi, Gutulmyş beg diňe gorandy.
Ybraýym ynalyň uzak ýoldan aryp gelen Gutulmyşyň eline ýatagan berip darkaşa girmesi ýöne ýerden däldi. Ol, ilki bilen-ä, özüniň abyrsyz uly ygtyýarlydygyny, özüniň Gutulmyşdan-da, Togruldan-da güýçlüdigini, soltan bolmaga mynasypdygyny subut etmekdi, göz etmekdi, görkezmekdi. Onsoňam bu Ybraýymyň meni diňe güýç bilen mugyra getiräýmeseň, seniň pendiňi aljak däl diýdigidi.
Olaryň ikisinde-de garşydaşyny öldürmek pikiri ýokdy. Maksat birek-birege ussatlygyňy, aňsat-aňsat ýadamaýandygyňy aýan etmekdi. Biri-birini ýeňmekdi hem öz hökmürowanlygyny ykrar etdirmekdi.
Olar uzak gylyçlaşdylar. Ikisi hem öl-myžžyk bolup derledi.
Galada nobat sesi ýaňlanyp ugrady.
Bu ýassy namaz wagtynyň bolandygyny aňladýardy.
Togrul begiň köşgünde günde bäş gezek nobat çalynýardy. Nobatlaryň günüň dowamynda bäş gezek çalynmagy — bäş rekagat namazy okamaly wagtynyň bolandygyny aňladýardy. Nobatlar çalnansoň, ähli kişi edip oturan işini goýup, namaz okamaga durýardy.
Ybraýym ynal nirede bolsa-da nobatlaryň bäş gezek çalynmagyny ýola goýýardy: diňe bir Ybraýym däl, Gutulmyş hem öz köşgünde her rakagat namazyň öňüsyrasy nobat çaldyrýardy.
Gutulmyş beg bilen Ybraýym beg boýunlaryndaky taýlesanlaryny namazlyk edinip, namaz okamaga durdylar. Namazdan soň Ybraýym söze başlady.
— Men saňa garaşýardym, Gutulmyş. Ynan, seni juda göresim geldi meniň. Maňa seniň ýaly nedim-maslahatçy gerek. Belki, sen meniň eden işimi oňlaýan hem dälsiň. Mümkin. Seniň şu babatda söz gozgamazyňdan öň özüm saňa aýdaýyn. Men Togruly hormatlaýaryn. Bütin ömrümi Togrulyň hyzmatynda geçirdim. Ömrümiň ondan dokuzyny Togrula berdim. Indi, goý, ol mert bolsun-da, galan ömrüni maňa bersin. Goý, ol hem meniň hyzmatlarymy göz öňünde tutup, ömrüniň ondan birini maňa hyzmat edip geçirsin.
Men adalat isleýärin. Şeýle bir pähim bar: «Gel bir ädim, gelerin iki ädim» diýip, sylaşyk iki tarapdan bolsun. Hyzmatymyň gadyry bilinsin. Maňa adalat gerek! Maňa deňlik gerek. Goý, Togrula-da, maňa-da deňlik bolsun.
— Men seniň haýsy adalat hakda gürrüň edýändigiňi bilmeýärin, ýöne Togrulyň ikimizden artykmaçdygyny welin bilýärin.
Ybraýym birden janykdy:
— Artykmaç, artykmaç! Nämesi artykmaç onuň?
— Togrul ýüregi bilen pikirlenýär.
— Biz näme?
— Ikimiz kellämiz bilen pikirlenýäris.
— Tapawudy näme?
— Ýürek — Allanyňky, akyl-paýhas — şeýtanyňky! Gurhany kerimde näme üçin adamyň akyl edinip ýalňyşandygy aýdylýar? Şeýtan adama akyl-paýhas bilen duzak gurýar. Akyl-paýhas adamy ahyry bela-betere ýolukdyrýar. Ýürek — Allanyň gulagy. Ýüregini diňläp bilýän kişi — Allany diňläp bilýän kişi. Onsoňam Togrul begde Farabynyň nygtaýan on iki sypatynyň on ikisi-de bar.
— Mende ýokmy?
— Maňa ähli zady aýtdyrjak bolma.
Ybraýym ynal Gutulmyşyň sözüne o diýen pitiwa etmedi, asyl ony diňlemek hem islemedi. Ol gaşlaryny çytyp hüjümini artdyrdy. Gözüne syrygýan deri çep eli bilen howul-hara sylyp, Gutulmyşyň üstüne süründi.
Gutulmyş şindem goranýardy, zol yza çekilýärdi. Onuň bar ünsi, nazary Ybraýyma gönügipdi. Ol gözlerini Ybraýymyň gözlerinden aýyrmaýardy. Ol ýatagana asla seretmeýärdem. Ybraýymyň welin, bar ünsi Gutulmyşyň ýataganly elindedi. Ol hüjümini biraz gowşadyp, söze başlady:
— Meniň näme diýmekçi bolýandygymy, dogan, sen örän gowy bilýärsiň, ýöne bilmedikden bolýarsyň. Ikimiziň ýaramyz meňzeş, ýaramyz.
— Sen näme isleýärsiň?
— Aýtdym-a adalat isleýärin diýip.
— Görýän welin, sen näme isleýändigiňi-de bilmeýärsiň.
— Bilýärin.
— Aýt onda, seniň hemme zadyň bar, saňa ýene näme gerek?
— O näme üçin Togrul soltan bolmaly? O näme üçin Ybraýym ynal bütin ömrüne Togrulyň hyzmatynda bolmaly? Näme üçin? Ä? Näme üçin? Ýa meniň bir ýerim onuňkydan kemmi? Ýa ol menden akyllymy? Ä? Aýt maňa! Menem şony dogran ene dogurdy. Näme üçin juma namazlaryndan öň metjitlerde diňe onuň adyna hutba okalmaly? Näme üçin? Ol, näme, öwtatmy22?
— Ýaňky aýdan sözlerimi aňlamadyň. Men muny seniň ýüzüňden duýup durun. Eger isleseň, men saňa başgaça jogap berip bilerin.
— Aýt başgaça jogabyňy!
— Daňdanakan gurultaýyna gatnaşdyňmy?
— Gatnaşdym.
— Şonda Togrul soltan bolsun diýip ilki gygyran kim?
— Men.
— Äht etdiňmi?
— Etdim…
— Baky wepadar hyzmat etmäge kasam etdiňmi?
— Etdim...
— Onda kasamyňa wepaly bol! Ýogsam kasamyna ikilik eden kişiniň haky bir gylyçdyr! Gurultaýyň karary üýtgewsizdir. Şol karara garşy gitmek — külli musulmana garşy gitmekdir diýlip aýdyldymy? Iň esasy-da oguz pendini ýadyňdan çykarma.
— Men oguz pendini ýadymdan çykaramok, ýöne herki zadyň çeni-çaky ýagşy. Ol öwtat däl, ýene aýdýaryn, öwlat däl. Biziň hemmämiz Seljuk ibn Dukakyň neberesi. Şol nebereden diňe bir adam soltan bolmalymy? Özgeler onuň ölerine garaşyp gezmelimi? Men Togrulyň ölümini islemeýärin, ölerine garaşmak hem islemeýärin. Goý, Allatagala onuň ömrüni uzak hem röwşen etsin! Ol meniň wezirimi jezalandyryp, meni masgaralady. «Sen gepe gidýärsiň» diýýär. Meniň özümde-de akyl bar, kelle bar! — Ybraýym birden sägindi-de, Gutulmyşa çiňerilip seretdi: — Ýadadyňmy?
— Näme üçin soradyň?
— Uzak ýoldan geldiň. Belki ýadansyň? Belki darkaşymyzy ertir dowam etdireris?! Eýýäm garaňky düşdi, indi goýaýaly-la?!
— Ýok, goýmaly, söweşeli. Men seniň ýadandygyňy gözleriňden görüp durun. Rast başladyň, indi ikiden birimiz mugyra gelýänçäk gylyçlaşmagy dowam etdireli.
— Dogry, men-ä biraz ýadadym.
— Onda ýeňlendigiňi boýun al.
— Ýok, ýeňlemok.
— Türkmen uzakdan gelen dogan-garyndaşyny, diňe dogan-garyndaşyny däl, ýedi ýady-da güler ýüz bilen duz-çörekli garşylaýar, sen bolsa meni gylyçly garşyladyň. Bu «myhmansöýerligiň» üçin taňryýalkasyn.
— Gutulmyş, öýkeleme. Men häzir seniň ýadawlygyňy aýraryn. Mende şeýle owadan zenanlar bar, olar daşyňa geçseler, owkalap-owkalap, ähli gatyňy ýumşadarlar. Ha-ha-ha!
Indi hüjüm edýän Gutulmyşdy. Ol özüniň hüjümini ýuwaşlyk bilen artdyrýardy. Özem onuň garaşmadyk hüjümlerini edýärdi.
Darkaşyň başynda, ýassy namazynyň wagtynyň bolandygyny duýdurmak üçin çalnan sazyň öňüsyrasy Ybraýym Gutulmyşyň ýataganly eliniň goşaryna iki sany gyltyz ýara salypdy, ondan gan akýardy.
Gutulmyş söweşlerde «bergidar» bolup galmagy halamaýardy. Ybraýymyň bu günlükçe darkaşy bes etmek hakdaky teklibini Gutulmyş begiň kabul etmändiginiň sebäbi entek hasaplaşyk geçmändigi üçindi. Onuň maksady, iki ýarany iki esse edip — dört edip yza gaýtarmakdy, şeýdibem haklaşmakdy. Eger bu haklaşygy geçmese, onda gije ýatyp, rahatlygynyň bolmajakdygyny bilýärdi. Gutulmyş özüne belet ahyryn!
— Wa-weýla! — diýip, Ybraýym ynal üç-dört ädim yza çekilip ýüzüni tutdy. — Gutulmyş dogan, biraz garaş, ýüzümiň-ä işini gördüň öýdýän. Eý-ho, munuň agyraýşyny! Aý, zyýany ýok. Sen meniň bu bolşuma üns berme! Başladyk!
Ybraýym hyjuwlandy. Ol öňküsinden has ynamly, has aýgytly söweşip ugrady. Egnindäki köýnegine çenli çykardy.
Gutulmyş alagaraňkylykdan peýdalandy: ynalyň sag hem sol goşaryndan goşa-goşadan ýara saldy.
Ybraýym gara dere batyp söweşip durşuna batly gygyrdy:
— Çar tarapymyzdan maşallary ýakyň!
Sähel salymda iki seljukly beginiň gylyçlaşýan meýdany ululy-kiçili maşallardan doldy. Töwerek gündizlik deýin ýagty boldy.
Ybraýym biraz rahatlanandan soň, Gutulmyş sözüni dowam etdirdi:
— Öýkelemek üçin bahana kän. Men zyndandan çykyp gelenimde ýanymda muzdarym bardy. Men oňa: «Sen ömrüň ahyryna çenli meniň ýanymda bolarsyň» diýip, Gaznadan alyp gaýdypdym. Togrul ol muzdarymyň ýüzüne seredip: «Bu ýigit gaznalylaryň aýýary. Munuň aýýardygy ýüzüne ýetmiş iki dilde ýazylan» diýdi. Ol-a adamy görse tanaýarmyş, men hem adam tanamaýan bir sähnemişim. Aslynda, adam tanamakda men ondan ökde ahyryn.
— Dogry, adam tanamakda sen Togruldan ökde.
— Men şonda Togruldan gaty gördüm.
— Sen şonda: «Ilki Balha, Horezmine gideli. Birinji derejeli işimizi bitireli, soň saňa Mazenderan bilen Tabarystan ülkelerini alyp bereris» diýenlerinde-de öýkelediň.
— Dogry. Men şonda özümiň tekepbirlik edendigime şindem utanýaryn. Biz geçirimli bolmaly, Ybraýym. Sen hem geçirimli bol. Sen ynallyga razy bolduň. Indi ähli kişi saňa Ybraýym ynal diýip ýüzlenýär.
— Men ynal bolmak islämok. Özüme ynal diýilmegini-de islämok. Men ynallykdan bizar. Baş wezirçe abraýym ýok, onsoň men nädip ynal bolýarmyşym?! Indi men ynal däl-de, patyşa bolmak isleýärin.
— Patyşa bolmak isleseň, Alynyň ala meýdany kän. Ýer kän, ýurt kän. Basyp alyp, patyşa bol-da otur. Näme üçin Reýdäki Togrulyň tagtyna göz gyzdyrýarsyň? Seniň bu ýerdäki tagtyň, köşgüň Togrulyňkydan kän gowy.
— Mende tagt ýok.
— Dinaryň känmi?
— Kän.
— Onda tagt ýasatmagyň müşgili ýok. Men saňa Togrulyň tagtyndan üç-dört esse owadan tagt ýasadyp bereýin.
— Sen gürrüňi başga ýana sowma, Gutulmyş. Esasy gürrüň Togrul hakda barýar. Ýeňişleri, oljalary ikimiz Genjede, Pasinde gazandyk! Ikimiz! Togrul diňe taýýar aşyň eýesi!
— Onuň bir günem işsiz oturmandygyny sen bilýärsiň. Ol içki agzalalyklary, dildüwşükleri, topalaňlary basyp ýatyrdy. Ýurtda tertip-düzgüni ýola goýdy. Sebäbi özge döwlet dörände öňki häkimiýeti, hökümeti, wezipesi elinden alnan kişileriň gol gowşuryp oturmajakdyklary belli zat. Öňki şalygyň hanedanlygynyň akrabalaryny täze döwlete garşy çykmaz ýaly etmek ikimiziň Pasin düzlügindäki söweşimizden has kyn, dogan. Has kyn, şoňa düşün sen.
— Senem Togrulyň sazyny çalýarsyň maňa — diýip, Ybraýym öýkeli aýtdy. — Gutulmyş, men saňa dogrymy aýdýaryn, akyl ýetirip bilemok. Şu güne çenli akyl ýetirip bilmedim, galan ömrüme-de, akyl ýetirip bilerin öýdemok. Sen maňa syrly, juda syrly. Ýüregimdäkini ýaşyrman açyk aýdýandygym üçin sen menden aýyplaşma.
— Men, näme, seniň bilen açyk gürleşemokmy? Ýa seniň ýanyňda bir söz aýdyp, başga biriniň ýanynda başgaça gürleýärinmi?
— Sen şony etmeýänligiň bilen, ähli ýerde Togrul soltana ygrarlylygyň bilen syrly.
— Bu ýerde nähili syr bolup biler?
— Bilmeýärin, düşündirip-de biljek däl, ýöne ýüregimiň bir ýerlerinde aramyzda bir sowuklygyň, bir syryň saklanýandygy barada çalaja syzgy duýýaryn.
— Sen maňa ynanmaýarsyňmy?
Ybraýym ýataganyny esli salym ýokary göterip durdy-da, soň hem gylyçlaşdy, hem gürrüňini dowam etdi:
— Men saňa ynanýaryn, ýöne seniň bolşuňy akylyma sygdyryp bilmeýärin. Sen soltan bolmaga mynasyp. Diňe ýyldyz ylmyny bilýänligiň bilenem sen soltan bolmaga mynasyp. Sen parasatlylygyň bilenem, harby tilsimlere ökdeligiň bilenem, esgerleri özüňe imrindirip bilşiň bilenem sen soltan bolmaga mynasyp. Şeýle köp başarnyklary bolan adamlaryň soltan bolmak üçin göreşjekdigi köre hasa, ýöne sen näme üçin soltan bolmak islemeýärsiň?!
— Bu ýaşdan soň, Ybraýym, diňe Arslan hanyň adyna çirk ýetirmän, bu dünýäden geçip gitmek uly mertebe, uly abraý. Biziň indi köpümiz geçip, azymyz galdy. Indi biz soltanlyk hakda däl-de, o dünýämiz hakda alada etmeli.
— Sende, göwnüme bolmasa, bir syr bar...
— Mende syr barsa bardyr, känse kändir, ýöne senden gizlini ýokdur.
— Gutulmyş, dogryňy aýt, özüň geldiňmi ýa seni Togrul ugratdymy? Togrulmy?
Gutulmyş baş atdy.
— Sen Togrulyň tarapyndamy?
Gutulmyş ýene baş atdy.
— Men seniň şu gün habaryňy aljak däl.
— Ýok, bir günümizem ýitirmäli.
— Meniň özüňi diňlemegimi, habaryňy almagymy isleýärmiň?
— Elbetde.
— Onda sen üç günläp meniň myhmanym bolarsyň. Indem bes, şu günlükçe seniň bilen darkaşjak däl. Indi dynç alaly. Meniň köp ýerimden gan akýar. Olary duruzmasam men ölerin.
Şol sözden soň Ybraýym ynal Gutulmyşy meýlishanasyna alyp bardy. Myhmanyň hormatyna sahylyk bilen zyýapat ýapdy.

Ýigrimi bäşinji bap

Aýdym-saz, meýlis ýarygijä çenli dowam etdi. Ýarym ýalaňaç gyzlaryň pyrlanyşyp rakys edişleri Gutulmyşyň hoşuna geldi. Rakiýa hem boza aragyndan içip serhoş bolan Gutulmyş sary saçly, gök gözli owadan rum gyzlarynyň arasynda rakys oýnady. Sazandalaryň biriniň elinden çaňyny alyp, öz ussatlygyny görkezdi: çaň çalyp, aýdym aýtdy.
Gutulmyş gäwür gyzlarynyň inçe billerine, ýüpek deýin ýumşak saçlaryna, ak bedenlerine, mähir-muhabbetden doly mähirli ala gözlerine hoşnowaz bolup, üç günläp rakiýa aragynyň humaryndan, janperwer jadysyndan aýňalman, aýşy-eşretde boldy. Ýarym ýalaňaç gyzlaryň näzijek ellerinden şerap süzdi.
Üç gün geçenden soň, Gutulmyş meýlishanadan çykyp, Ybraýym ynalyň dergähine bardy.
— Doganym! Sen Togruldan baý hem mes ýaşaýarsyň. Beýle meslik, beýle pettan aýşy-eşret Togrulyň köşgünde ýok. Soltan bolmagy başyňa ýapjakmy? Soltan sençe ýaşanok…
Ybraýym içýakgynç ýylgyrdy:
— Gutulmyş, «Söz bilen Ybraýymyň pikirini üýtgederin, Togrulyň ýanyna alyp giderin» diýip, kazylyk, suhangöýlük edýän bolsaň, onda men saňa öňünden aýdaýyn, sen ýalňyşýarsyň. Men bu pikirimi üýtgetmerin. Parasat — gylyjyň ýüzünde. Adalat — gylyjyň ujunda. Goý, gylyç kazylyk etsin. Goý, kimiň hak, kimiň nähakdygyny parasat — gylyç çözsün!
Ybraýymyň ýanyna müsürli fatymy halyfy Mustansyryň weziriniň gelendigini habar berdiler.
— Halypanyň weziriniň näme habar bilen gelendigini aňýarsyňmy? — diýip, Ybraýym syrly ýylgyrdy.
— Weziriň näme üçin gelendigini sen bilýärsiň öýdýärin?
— Anyk bilemok, ýöne çak edýärin.
— Näme gürrüň?
Ybraýym jogap bermäge ýetişmedi. Durşuna zere dolanan dolmuş din hadymy içeri girdi.
Ybraýym bilen Gutulmyş weziri uly dereje bilen kabul etdiler, onuň bilen hatyra saklap salamlaşdylar, gürleşdiler.
Mustansyryň weziri Ybraýymyň karargähini geň galyp synlady. Içeri geň galmazça däldi. Giň karargähe iki ýüz-üç ýüz adam ýerleşjekdi, uludy. Içeri köz deýin türkmen halylaryndan doludy, karargähiň diwarlaryna-da haly kakylypdy. Içeriniň petigine bolsa ak atlaz mata çekilipdir. Içerä girseň, düýpden başga bir dünýä düşen ýaly bolýardyň.
Ybraýym karargähiň kybla burçunda uly bir sekiniň üstündäki tagtda ýazylyp-ýaýrap oturdy.
Mustansyryň weziri içerä göz aýlap çykanyndan soň, özüniň örän jogapkärli, taryhy tabşyrygy ýerine ýetirmäge gelendigini — fatymy halyfynyň Ybraýym begi seljuk şalygynyň soltany diýip ykrar edýändigini dabaraly mälim etdi. Bu habara duranlaryň ählisi begenmek begenip, Ybraýym begi soltan diýen belent ady bilen mübäreklediler.
Uly toý, uly dabara başlandy.
Toý saçagynyň başynda Ybraýym halyfyň wekillerini Gutulmyş bilen tanyşdyrdy. Onuň başdan geçirmelerini, Genjede görkezen harby ussatlygyny gürrüň berdi.
Weziriň ýanynda oturan kişi Gutulmyşa ýüzlendi:
— Merhemetli Mälik Şyhabeddin, biz siziň Ybraýym soltanyň gullugyndadygyňyzy bilmeýärdik.
— Ýok, men Ybraýyma gulluk edemok. Indem etmerin — diýip, Gutulmyş pert jogap berdi.
Ybraýym Gutulmyşyň ýaramaz bir söz aýtmagyndan, dabarany bozmagyndan ätiýaç edip, howlukmaç gürledi:
— Şazada Şyhabeddöwle meniň bilen düşünişmek üçin gelipdir.
— Mälik Şyhabeddin sizi goldamaýarmy?
Mustansyryň weziriniň bu sowaly Ybraýymy çykgynsyz ýagdaýa saldy: ol özüne zor salyp ýylgyrdy:
— Ýok, enteg-ä goldanok, ýöne soňy bilen goldar diýip pikir edýärin.
— Ýok, Ybraýym, ýalňyşma! Men şu güne çenli sünnidim, galan ömrüme-de sünniligime galaryn. Meniň şu pikirime gaty ynangyn!
Bu söz mes bolup oturan kişileriň ýüzüne urlan ýaly etdi. Köpler başyny aşak saldy. Ybraýym utanyp, gyp-gyzyl boldy.
Gutulmyş ýerinden turdy:
— Ybraýym beg, eger rugsat bolsa men gaýdaýyn!
— Meýlis ýaňy başlandy ahyryn.
— Bu meýlis meniň oturmaly meýlisim däl. Bu ýerde omaça iýenimden Togrulyň ýanynda, öz sünnilerimiň arasynda gaty çörek gemrenimi müň keren makul hasaplaýaryn. Gitmezimden burun gödek ýalňyşýandygyňy ýene bir gezek nygtaýyn. Ybraýym! Akylyňa aýlan!
Ybraýym beg ýanyndaky myhmanlaryndan ötünç sorap, mäligi ugratmak üçin ýerinden turdy. Onuň bilen halypanyň weziriniň ýanynda oturan kişi hem ýerinden turdy. Gutulmyş beg bu kişini tanaýardy. Onuň bilen birnäçe gezek duşuşypdy hem. Ol kişi Abulharys Arslan Besasury Türkmendi.
— Merhemetli mälik, meniň size ikiçäklikde aýtmak isleýän ýekeje agyz sözüm bar.
— Ybraýym bilen garaýşymyz aýry-aýry bolsa-da, birek-birekden ýaşyryn syrymyz ýok. Näme sözüň bar bolsa, arkaýyn aýdyber.
— Men siziň ýüzüňizden meni halamaýandygyňyzy aňýaryn.
— Ol meniň öz işim! Bähbit üçin mezhebini çalşyp bilýän kişileri men öňem halamaýardym, häzirem halamok, galan ömrüme-de halaryn öýdemok.
Bu sözden soň Besasury Türkmen gürlemedi, ýerine baryp oturdy.
— Gutulmyş, gitmesene — diýip, Ybraýym zynharlady.
— Näme üçin?
— Ikimiz entek köp zatlary düşünişmeli.
— Ikimiz, Ybraýym, saçak başynda düşünişip bilmedik. Ikimiz indi diňe bir ýerde düşünişip bileris.
— Nirede?
— Öz aýdyşyň ýaly, Alynyň ala meýdanynda. Sen bize garaşyber.
— Sen meni gorkuzjak bolma, men darkaşa mydama-da taýýar. Belki, ikimiz ýene güýç synanyşarys?
— Elhemdulilla.
— Men myhmanlarymy ugradaýyn.
— Ýok, goý, olar bize şaýat bolsunlar.
— Näme, ýeňerin öýdýärsiňmi?
— Men Alla sygynýaryn.
— Menem Alla sygynýaryn.
Olar meýdana çykdylar. Ybraýym begiň serkerdeleri darkaş görmek üçin geldiler.
Gazaply darkaş başlandy. Olaryň ikisinde-de ýatagan bardy.
Giň meýdana tomaşa görmäge ýygnanyp ugradylar, ýöne tomaşa uzaga çekmedi, köp kişi tomaşa meýdançasyna gelmäge-de ýetişmedi.
Söweş beýle çalt gutarar diýip hiç kim pikir etmändi.
Söweş beýle tiz gutarar diýip Ybraýym bilen Gutulmyş-da pikir etmändi.
Bu gezekki söweş tilsimini öň hiç ýerde hiç kim görmedik bolarly, hiç kim nämäniň bolup geçendigini akylyna sygdyryp bilmän durdy.
Ýataganyna agram berip oturan Gutulmyş begiň maňlaýyndan gan akýardy. Ol maňlaýyndan akýan gany duýmaýan ýalydy.
— Ýeňlendigiňi boýun alýarsyňmy? — diýip, Gutulmyş aşagynda ýatan Ybraýymyň döşünden ýataganyny basyp durdy.
— Öldürjek bolýarsyňmy?
— Ýok.
— Goýber onda!
— Ýeňlendigiňi boýun al!
— Boýun alýaryn. Sen näme diýseň, men razy.
Gutulmyş beg Ybraýymyň üstünden turdy. Ol töweregindäki esgerlere ýüzlendi:
— Byradarlar! Tersleşik gutardy. Ählimiz ýene Togrul soltanyň dergähine barýarys.
Ara dymyşlyk düşdi. Ähli kişiniň nazary Ybraýyma gönükdi. Ol töweregine garanjaklady, nazary Abu Alyda saklandy.
Abu Aly ellerini öndäp garşy çykdy, sag eli bilen bokurdagyny syhady. Megerem, «Bizi öldürerler» diýdi.
Abu Alynyň hereketlerinden soň, Ybraýym odandy:
— Ýok, ýok!
— Lebziňden dänýärsiňmi?
— Sen meni güýç bilen däl-de, jadygöýlük bilen ýeňdiň. Sen jadygöý. Ony biziň hemmämiz bilýäris. Sen karamlyk etdiň.
— Asyl, sen şermende-de ekeniň — diýip, Gutulmyş yzyna garaman ýola düşdi.

Ýigrimi altynjy bap

1049-njy ýyl.
Ýaşyň soňunda janyňy, ýüregiňi ynanyp ýören adamyň ýüzüňe dursa, bu juda agyr degjek eken. Gutulmyş ýol söküp Ybraýymyň ýanyna gidende pendiniň tutuljagyna ynanýardy, ýöne Ybraýymyň ýylgyran bolup, pendini tutmandygy oňa gaty agyr urgy boldy. Özem goşa urgy boldy. Urgyny goşalan zat fatymy halyfynyň weziriniň kabul edilmegidi.
Gutulmyş öz-özüne sowal berdi: «Eger ýanyňda iň ýakyn dogan-garyndaşyň bolmasa, şalygyň näme geregi bar?
Ybraýymyňky ýaly şalyk kime gerek?
Ol gaty gitdi».
Gutulmyşyň şeýle bir lapy keç bolupdy.
Togrul soltan Gutulmyşyň habaryny özi gelmezden öň eşiden eken.
— Gutulmyş, sen aýt, belki, men ýalňyşýandyryn? Belki, Ybraýym hakdyr, men nähakdyryn? Eger onuň ýaly bolsa, onda maňa açyk aýt.
— Men seniň şu hakda oýlanýandygyňy bilýärdim. Men saňa ýürekden aýdýaryn. Ybraýym gyltyma çapýar. Ýalňyşýar. Sen oňa hiç bir soltanyň etmejek geçirimliligini edýärsiň. Ybraýym maňa aty ýaryşda üstün çykan çapyksuwary ýatladýar. Çapyksuwar bary-ýogy atyň üstünde oturýar. Pellehana ilki gelen — bedew. Ýöne «Birinji gelen men. Ähli baýragy maňa beriň!» diýip dawa edýän çapyksuwar Ybraýyma meňzeýär. Bedew çapyksuwaryňky — Ybraýymyňky däl, seniňki. Ybraýym, ine, şuny bilenok. Bilmek hem islänok. Men Ybraýymyň soltan bolup bilmejekdigini açyk duýýaryn.
— Belki başarar?!
— Ybraýym bir aýyň içinde beýtilmaly — soltanlygyň gaznasyny meslekdeşlerine paýlap tükeder. Sebäp ol ýok diýmegi başaranok. Kim bir zat haýyş etse, oňa ýok diýip bilmän, tarhanlyk edýär. Ol hiç wagt baş bolmaz. Bar yhlasymy köýdüreýin, şalygy tozduraýyn diýseň, Ybraýymy tagtda oturtmaly, özem ýurduň weýranhana öwrülmegi üçin ýarym ýyl ýeterlik bolar. Men onuň soltan bolmagyny islämok.
— Seniň menden nägile ýeriň barmy?
— Boldy, ýöne häzir ýok.
— Nämede menden nägile bolduň?!
— Ýok, ýok, Togrul, sorama. Men senden bu dünýä hem, o dünýä hem razydyryn. Men Ybraýym ýaly bolmaryn. Näme buýursaň, gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirerin. Isleseň, ant içeýin, men hiç wagt seniň garşyňa gylyç götermerin.
— Men saňa ynanýaryn, byradarym! Gutulmyş, Kelejardan geleniňden soň, ynan, men seniň bilen ýürekdeş gürrüň etjek boldum. Sen welin, her sapar meniň bilen razdarlyk etmekden gaça durýan ýaly bolup göründiň. Onsoň, men Gutulmyş menden kine saklaýarmyka, ol menden nämäni kine edýärkä diýip köp wagt oýlanyp gezdim. Sen, ynha öň bir gezegem şu günki ýaly açylyp meniň bilen gürrüň etmediň. Şu gün sen açyldyň. Häzirki minnetdarlygymy, dogrymy aýtsam, saňa nädip bildirjegimi bilmeýärin. — Togrul soltan bu sözi aýtsa-da, Gutulmyş bilen aralykda inçejik syrly uşlybyň geçýändigini syzýardy. Ol syryň nämedigini welin, teý bilmeýärdi. «Barybir, Gutulmyş doly açylanok, onuň menden ogryn saklaýan bir syry bar» diýen pikir onuň aňyndan buludyň syrylyşy deýin syrylyp ötägidenokdy.
Gutulmyş beg aýgytly gürledi.
— Togrul, Ybraýymy mugyra getireli. Seniň duşmanyň — meniň duşmanym. Seniň başyňda agyr alada barka maňa hiç ýerde arkaýynlyk ýokdur. Özem Ybraýymy mugyra getirmegi maňa tabşyr.
— Men bir çetde durup biljek däl.
Soltandan izin alan Gutulmyş emir Abu Bugany Tabarystana, Resultegini Mazenderana goşun jemlemek üçin gönderdi.
On bäş günden soň Gutulmyşyň on müň esgerli goşuny Togrul soltanyň goşuny bilen birikdi.

«Togrul beg bir topar esger ýygnap, Ybraýymyň garşysyna ugrady. Onuň bilen duşuşdy. Iki tarapyň esgerleriniň arasynda örän gazaply söweş boldy we bu söweşde Ybraýym ýeňlişe sezewar bolup, yzyna gaçdy. Togrul beg onuň yzy bilen hüjüm edip, ähli galalaryny we ýurduny eýeledi.
Ybraýym beg Sermaj galasynda gizlenip, agasyna garşylyk görkezmäge başlady. Togrul beg onuň bolýan ýerini gabady. Ybraýymyň esgerleriniň sany ýüz müň adama ýetipdi we olaryň arasynda dürli hili goşun (köpugurly) bardy. Bular söweşdiler we Sermajyň şeýle mäkäm hem goragly galadygyna garamazdan, Togrul beg dört günüň içinde ony eýeledi. Ybraýymy bu ýerden mejbury ýagdaýda aşak düşürdiler.
Ybraýym ýanyna gelende Togrul beg ony mähirli hem gadyrly garşylady. Oňa köp haýyr-yhsan etdi. Elinden alnan baýlyklarynyň köpüsini yzyna gaýdyp berdi».

(Ibn Esir, «Kämil taryh»).

Ýigrimi ýedinji bap

Ybraýym başyny aşak salyp dur. Megerem, ol Togrul soltanyň bildirýän mürewetine ynanyp bilenok.
Saçak başyna barylýança Ybraýym gürlemedi. Soltanyň giň bargähindäki soltan saçagynyň başynda Ybraýym özüniň günäsiniň geçilýändigine ynandy.
Bu ynam onuň işdäsini açdy. Ol işdämenlik bilen şorja goýun kakmajyndan iýdi.
— Aramyzda hiç hili düşünişmezlik bolmady diýip hasap edeli. Özem bu wakany ikimizem ýatlamaly. Ýöne, Ybraýym, men saňa iki sany ýol goýýaryn — diýip, Togrul beg Ybraýym ynala şol günüň ertesi aýtdy.
— Aýt iki ýoluňy!
— Birinjisi, meniň ykta beren ýurtlaryma gidip, häkimlik etmek, hiç bir zada goşulman, diňe öz eşretiň üçin ýaşamak. Goşunyň sany iki ýüzden artyk bolmasyn.
— Ikinji şertiň näme?
— Ikinjisi, meniň ýanymda galyp, serkerde bolmak. Oýlan, isleseň, öz pikiriňi maňa bir aýdan soň aýtsaňam bolar. Ýöne ýollaryň ikiden birini saýla.
— Maňa özbaşdak ýaşa diýme! Men özbaşdak ýaşamaga ukypsyz. Sebäbi meniň salym gowşak. Erkimde jylaw ýok meniň. Men kimdir biriniň akylyny diňläp, şonuň akyly bilen görkezmesine eýerip ýaşamaga öwrenişipdirin. Maňa güýçli baştutan gerek. Ol güýçli baştutan hem sen. Men ömrümi seniň görkezmäň, tabşyryklaryň boýunça ýaşadym, işledim. Seniň ynalyň boldum. Men Gutulmyş ýaly bolup yktada ýaşap bilmerin. Men indi galan ömrümi senden daşlaşmaýyn. Ýogsam meni ýene seniň garşyňa goýarlar. Wa-weýla, adamlar maňa haýsy sözüň hoş ýakjakdygyny bilýärler. «Sen soltan bolmaly» diýýärler. Özem muny maňa ynandyrýarlar. Meniňem owwalan bu söze ynanasym gelip dur. Men özümiň soltan bolup bilmejegimi, oňarmajagymy bilýärin-ä! Men adamlaryň gepine gidip, ikinji gezek seniň garşyňa gitmek islemeýärin. Gaýdyp, sen hakda gabahat pikir etmez ýaly, men ikinji ýoly saýlap alýaryn. Men seniň ýanyňda boljak, näme buýursaň, şony etjek.
Gutulmyş Ybraýymyň aýdan sözleriniň ýürekdendigine ynandy, onuň: «Men Gutulmyş ýaly bolup yktada ýaşap bilmerin» diýmegini-de makul hasaplady. Öz ýanyndan: «Ybraýym dogry aýtdy. Ol men ýaly bolup ýaşap bilmez. Onuň aňkasyny aşyrarlar. Ony ýene Togrula garşy goýarlar. Meni welin, azdyryp bilmezler...» diýip pikir etdi. Ýöne ol azanokmy? Gutulmyş mülkündäki ýaşaýşyny azmak hasaplady. Şonuň üçinem şundan mülküne barsa, düýpden başgaça ýaşamagy ýüregine düwdi. Ybraýymly wakany özüňe sapak edinmeli diýen netijä geldi.

Ýigrimi sekizinji bap

Reýde uly geňeş geçirildi.
Geňeşde ýedi meselä seredildi. Şol meseleleriň iň soňkusy köpleriň kalbyny lerzana saldy.
Ýedinji meselä geçildi.
— Bekdaşy çagyryň! — diýip, Togrul beg buýruk berdi.
Togrul begiň bu sözi Gutulmyş begi-de, Ybraýymy-da iňkise saldy.
Soltan şalygyň howpsuzlyk gullugynyň sahybyny näme üçin çagyrýarka? Bekdaş soňky döwür adamlaryň üýşen ýerlerinde, geňeşlerde köp görünmeýärdi. Ol geňeşe, köplenç, kimdir biriniň eden pyssy-pyjurlygyny peçan etmek üçin çagyrylýardy. Eý, Hudaý, bu gezek ol kimiň syryny paş ederkä?!
Diňe bir Ybraýym däl, karargähdäki ähli wezir-wekiller hem biri-biriniň ýüzüne gorkuly nazar aýlap, ýüzlerini duw ak edip durdylar.
Togrul soltan giň, geçirimli, ýöne käteler garaşman durkaň, şeýle bir urgy urýar welin, soň aňsat-aňsat özüňe gelip bilmeýärsiň.
Bekdaş uzak garaşdyrman geldi. Gelip soltana tagzym etdi.
— Sahyp, hany, aýt, biziň soltanatymyzda, biziň wezir-wekillerimiziň arasynda Togrul soltanyň tagtdan aýrylyp, Ybraýymyň tagta geçmegini islänler, şu maksat bilen Ybraýyma ýüz tutanlar, özleriniň Ybraýyma wepadar hyzmat etjekdigini tekrarlanlar, Togrul soltanyň dardan asylyp öldürilmegini islänler barmy?!
— Bar, kyblaýy älemim.
— Kim olar?
— Öz ynagyňyz Ýusup Bazyrgany. Şu maksat bilen wezir Ybraýymy üç gezek ýörite öýüne meýlise çagyrdy. Meýlisde her gezek Ybraýymyň soltan tagtyna mynasypdygyny nygtady, özüniň bu islegi amala aşsa, ýüz dowar soýup sadaka berjekdigini aýtdy. Şeýle hem Ybraýyma tagta geçen güni geýdirmek üçin gyralaryna sap dür daşlary jäheklenen halat taýýarlap goýandygyny nygtady.
Ybraýym bege meçew beren kişileriň ikinjisi, diwany wezaratyň — wezirler diwanynyň naýyby Ärdeşir Magmarany. Ol her gezek Ybraýyma duşanda oňa: «Kyblaýy älemim!» diýip ýüzlendi hemem: «Muhammet Togrul begiň orny dar agajynyň aşagy, seniň ornuň tagt!» diýip aýtdy. Hemem: «Kyblaýy älemim, meni öz janköýeriň hasapla. Seniň üçin gerek bolsa, men şirin janymy bererin!» diýdi. «Bu oturanyň haçan tepbedini okajak?!» diýip iki gezek sorady. Özem ol hyýlbaşy Ahmet Tabgaç bilen Reýden uzakdaky kerwensaraýlara, galalara gidip, olara agyrdan agyr salgyt salýarlar. Her aý özlerine salgyt töläp durmaklaryny şert goýýarlar. Bu aýdanlary edilmese, adamlary öldürýärler, öýlerini otlaýarlar.
Ybraýym ynalyň soltan bolmagy üçin has köp yhlas edenleriň, Ybraýymyň ýüregini çişirenleriň ýene biri diwany yhtysap — hasap-hesip diwanynyň sahyby emir Abu Zurga Hannaky. Ol on ýylyň dowamynda: «Soltan seni aldaýar. Ykta beren ýerleriniň harajyndan-da saňa duýdurman özi alýar. Sen ol ýerden alynýan salgytlary doly bileňok. Seniň bilýäniň diňe haraç bilen hüşür. Awaryz, pisam, rusum-u maran, alaf salgytlaryndan saňa ýeke hepbe-de berenoklar. Soltan seni samsyk hasaplaýar. Seni eşek ýaly işledip, hiç zat bermeýär. Soltan seni kemsidýär, özüň ýokkaň: «Goýsaňyzlaň, Ybraýymyňam bir pikiri bolarmy? Ol pikir edip bilenok» diýip üstüňden gülýär. Ýöne sen soltan bolsaň, ýurt has baýar. Musulmanlar saňa alkyş okarlar. Sebäbi sen Togrul ýaly, diňe maňa bolsun diýip oturmarsyň. Adamlara, garyp-gasarlara eçilersiň. Adalatyň hatyrasyna öz ornuňa geç. Herki zadyň çeni ýagşy. O dünýäde senden sorarlar: «Eý, Ybraýym, näme üçin adalat üçin göreşmediň? Seniň adalat ugrunda göreşmänligiň üçin ornuň dowzah» diýilse, iň erbedi şol bolar. Togrul bilen sen bir eneden dünýä indiň. Şeýle-de bolsa, Togrul seni kemsidýär. Togrul on ýyl bäri soltan. Besdir, adalatyň hatyrasy üçin indi sen soltan bol! Togruly bolsa, eden etmişleri üçin dardan as!» diýip, birsyhly nygtady...
Ybraýym tagt, soltanlyk hakdaky gürrüňleri gowy gördi. Bu hakda aýdylanda ol hiç kime garşy çykmady. Sahyp emir Nureddin ibn Tabgajyň inisi — atly goşunyň hyýlbaşysy Ahmet ibn Tabgaç bize tabynlykdaky obalara, galalara aýlanyp, çapawulçylyk etdiler. Özem olar öz çapawulçylygyny, näme üçindir, wezir Anuşirwan ibn Tümeniň adyna dulanyp etdiler. Ahmet hyýlbaşy obalary, kerwensaraýlary talap, alnan oljalardan Ybraýym bege hums paýy hökmünde her aýyň soňky ýekşenbesi eltip berdiler.
Bu gürrüňleri diňläp, ör-gökden gelen hajyp Abdyrahman Agajy odandy:
— Eý, Hudaý, olary Togrul soltan «Byradarlarym» diýip hatyralap ýör-ä!
— Onuň sebäbi ýönekeý, mertebeli hajyp. Bu üç kişi Togrul soltanyň barynda wezipelerinden köp peýdalanyp, lomaý rişwet-para alyp bilenoklar. Olaryň «Ybraýym tagtda otursa, rişweti lomaý alarys» diýen ynamlary bar... — diýip, sahyp Bekdaş pert-pert gürledi.
— Atlary tutulan üç kişi meniň ýakynyma gelsin! — Togrul soltanyň sesi haýbatly çykdy.
Üç kişi başlaryny aşak salyp soltana ýakynlaşdylar. Olaryň ýekesem durmuşyň beýle öwrüm ederine garaşmadyk bolmaly. Olar näme etjegini bilmän, saňňyldaşyp durdylar. Aram-aram hemaýat isläp Ybraýym bege seredýärdiler, ýöne ol başyny aşak salyp, gara dere batyp, gahardan ýaňa titräp otyrdy. Bu mahal olara hiç kimden hemaýat ýokdy.
— Ýusup, sahybyň aýdan sözleri dogrumy?
— Kyblaýy älemim, meni Hudaý tutdy. Siz meni medreseden göni öz ýanyňyza işe aldyňyz, uly-uly wezipeleri ynandyňyz, özüňize ynak etdiňiz. Ähli hasap-hesip ugruny maňa ynandyňyz. Biz emir Abu Zurga Hannaky bilen köpünden köpüni isledik. Beren ykta ýerleriňiziň gadyryny bilmedik.
— Be, ýalňyşyňa gaty bahym akyl ýetirdiň-le? — diýip, soltan geňirgendi.
— Men günäkär, kyblaýy älemim!
— Bu ikiýüzlüligiň üçin nähili jeza çekmek makul bolar?
— Siz näme jeza berseňiz, biz sadyklyk bilen boýundyrys, kyblaýy älemim.
Soltanyň öňünde başyny aşak salyp duran emir Abu Zurga Hannaky elini goltugyna ýetirdi. Iki-üç gezek gapa bakan seretdi, soňam goltugyndan hanjar çykaryp soltana bakan okduryldy.
Soltanyň çep tarapyndan batly atylan hanjar emir Abu Zurga Hannakyny saklady. Hanjar emiriň çep gözüne baryp sünjülipdi. Ol yzasyna çydap bilmän aýylganç waňkyrdy.
Soltan çep tarapyna — hatyny Altynjan hanyma minnetdarlyk bilen baş atdy.
Altynjan hanym hiç iş etmedik ýaly, sesini çykarman otyrdy.
Gutulmyş beg oturan ýerinden Altynjan hanymy synlady, oňa buýsandy. «Allatagala soltan göterjek bendesine, ilki bilen, mynasyp hatyn berýär» diýip, ol içini gepletdi.

Ýigrimi dokuzynjy bap

Togrul soltandan iki sany gyzyl peýkam geldi. Bu Gutulmyşyň iki tümen atly goşuny — ýigrimi müň esgerli goşuny söweşe taýýarlamalydygyny aňladýardy.
Rast ýigrimi müň atly goşun söweşe çykarmaly diýlen bolsa, onda maksat uludandyr.
Gutulmyş haýdan-haý öz tabynlygyndaky etraplara öz peýkamlaryny gönderdi.
Ol Togrul soltanyň islegi boýunça on müň atly goşuny ýanynda saklap, olara harby türgenleşik geçýärdi. Diňe bir at üstünde söweşmek tilsimi däl, daglaryň kötel geçitlerinden ýükli geçmek, galalary ýumurmak, merduwanly gala çykmak ýaly ugurlar boýunça-da türgenleşik geçilýärdi.
Gutulmyş beg bu ýörişe uly ähmiýet berýärdi. Ol bu ýörişiň öz ömrüne uly täsir etjekdigine ynanýardy. Çünki bu ýörişden soň onuň ykta mülkleriniň çäkleri has giňemelidi.
Gutulmyş begiň yktasy Mazenderandan, Tabarystandan hem başga Adarbadagan welaýatyndan başlap, tä Dwine23 çenli aralygy, Kawkazy, Arrany (Garabag), Ermenistany, Abhaz ýurduny24 öz içine almalydy.
Elbetde, Kermanda Çagry begiň uly ogly Gurt (Kawurt) özbaşdak beglikdi. Çagry begiň ýene bir ogly Ýakut hem Anadoly serhedinde Diýarbekirde häkimlik edýärdi. Çagry begiň ikinji ogly Alparslan Sistan ýurduny öz tabynlygyna geçirmek üçin söweş alyp barýardy. Çagry begiň üç oglunyň häkimlik edýän ýerleri bilen deňeşdireniňde Gutulmyşyň ýeri has-da uly boljakdy.
Gutulmyş ýigrimi müň atly goşun jemläp, ýörişe taýýardygy hakda Reýe habar gönderdi.
Bu ýöriş Seljuk şalygyny has-da giňeltmelidi, öňki teshyr edilen ýerlerde häkimligi has berkitmelidi.
Gutulmyş beg Togrul soltandan anyk tabşyryk aldy.
Bu tabşyryk — gaty uly ynamdy. Gutulmyş soltanyň bu ynamyny ödemek üçin tabşyrygy amal etmäge gaty yhlasly girişdi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"kyran" (kyran-kyrana) - ýüzbe-ýüz, sataşmak, gabatlaşmak manysyny berýär. Bu bolsa "Sahyp sözi bilen birleşdirende aşakky astrologiki many çykýar duruberýär. "

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sahypkyran sözüniñ iki - astrologik we syýasy manysy bar. Syýasy manysy - güýji, hökmürowanlygy elinde saklaýan hökümdar manysyny berýär. (Kim okan bolsa, "Akgoýunly türkmenleriniñ taryhy" kitapda-da Teýmirleñe hormat bilen "Sahypkyran" diýip ýüzlenilýändir, ýa-da kim tomaşa edýän bolsa, "Paýtagt. Abdylhamyt" teleserialynda hem serialyñ Abdylhamydyñ ýakyn adamlarynyñ biri bolup oýnaýan personaž Soltan Abdylhamyda "Sahypkyran efendi" diýip ýüzlenýändir.)
Astrologik manysy bolsa - Saturn we Ýupiter saýýaralarynyñ ýigrimi ýyldan bir gezek gabatlaşmasyna "sahypkyran" diýilýär, başga bir maglumatda Ýupiter we Zöhre (Wenera) saýýaralary gabatlaşan wagtyna sahypkyran diýilýär we şol wagt doglan kişilere "Sahypkyran" diýlipdir, şonda dünýä inenleriñ jahangir (älemi eýeleýji) patyşa boljakdygyna ynanylypdyr...
(Romany entek doly okamok, belkäm, Gutulmyş beg şolar ýaly wagtda doglandyr we muny Osman aga romanyñ başlarynda ýañzydandyram. Ünsli yzarlap görüñ hany)..

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
''Sahyp'' diýmek ''eýesi, howandary'' diýmekmikä diýýärin. Ýöne ''kyran'' sözi näme diýmekkä?!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: