11:45
Eý şemal
EÝ,ŞEMAL!

Eý, şemal,
Äkitsene meni menden,
Bir ýat ýere götersene,
Onsoňam ýakyn diýenlem
Ýakyn bolupmydy asla,
Aldanan bolmaýyn tüssä.

Meni menden äkitsene,
Her niçik gitmeli bolsa,
Bu gün näme, ertir näme?
Äkit meni Gülüň ýanyna,
Äkit meni Günüň ýanyna.

Dumanlarda kän gezmişem,
Amanlarda kän gezmişem,
Armanlarda kän gezmişem,
Barybir myhman gezmişem,
Üç gün boldy, äkitsene!

Harasat başymy aýlap,
Köňlüm köle oklapdyryn.
Düýşleň ummanynda boýlap,
Ençe menzil uklapdyryn,
Indi oýar äkitsene!

Eý, şemal!
Ýolagçy bolsaň barybir,
Äkit meni uzaklara.
Bilýän, uzagam uzak däl,
Ýakynlaram ýakyn dälkä,
Äkitsene, äkit şo ýan,
Eý, şemal!

Suraý BABANYÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Suraýyñ goşgulary mende ýok, @Bägül.
@Mähriban agzanyñ özi Suraýdyr, haýyş et özünden, goýar ))

0
5 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Şunuñ daş hakda ýazan goşgusynam paýlaşayda Haweran

1
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yok, öñki yazanjalaryny goysa-da bolya-la cool

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Suray gelyä, Suray gelyä.. diyp gelyänçä gozimizi yolda goyduñyz, Sapa. Yaman az paylaşýa-la goşgularyny wink

0
3 Pegas   [Mowzuga geç]
Sebäbi az ýazýar wink

0
1 Pegas   [Mowzuga geç]
Galamyň togtamasyn, Suraý hanym! smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: