10:51
Goñşuçylyk dessury
GOŇŞUÇYLYK DESSURY

Türkmen topragynyň üstünde näçe urşuň bolandygyny hiç bir taryhçy takyklap bilmez, anyk bir zady welin, biziň her birimiz bilýäris: mukaddes topragymyzyň her daban ýeri biziň merdana ata-babalarymyzyň gyrmyzy gany, enelerimiziň ajy gözýaşy bilen eýlenendir. Bu topragyň her bir gysymyna ata-babalarymyzyň eliniň ýylysy siňendir. Bu topragyň her ädiminde ata-babalarymyzyň yhlasy, söýgüsi ýatandyr. Müňlerçe şahyrlar bu topragyň waspyny edip geçendir. Heý, onsoň bu toprak keramatly bolmazmy?
Bitaraplyk – sabyr-takady hiç haçan elden bermeýän türkmenleriň päk kalbynyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň miwesidir. Keseden gelen basybalyjylaryň biziň ata-babalarymyzy eline ýarag alyp, ata çykmaga mejbur edendigine garamazdan, olar goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen parahat ýaşamaga hemişe çalşypdyrlar.
Biziň Türkmenistan döwletimiziň häzirki çäkleri Hindistan we Ýakyn Gündogar bilen bir hatarda dünýäde ilkinji döwletleriň döräp, kämilleşen sebitleridir. Taryhy çeşmeler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki Ш-II müňýyllyklarda iki sany uly döwletiň gurlandygyny beýan edýär. Şol iki kuwwatly birleşme öň sähralyklarda we derýaly ýaýlalarda biri-birinden üzňe ýaşan il-halklary özünde jemläpdir. Eždatlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň ähli künjeklerinde özlerini skifler, massagetler, saklar, dahlar, sarmatlar, alanlar ýaly atlar bilen tanadypdyr.
Şol wagtdan başlap, türkmenleriň ata-babalary her döwürde köp dürli halklary birleşdirýän beýik döwletleri gurupdyr. Eýsem, türkmenler öz hökmürowanlygyndaky şol ýerlere nähili häkimlik edipdir? Eger biz hyýalymyzda birnäçe müň ýyl alysda galan wakalara siňe ser salsak, döwletiň daşary syýasatynyň binýady bolan hemişelik Bitaraplygyň gözbaşlarynyň türkmen halkynyň hakyky milli däp-dessurlarynyň jümmüşindedigini, ata-babalarymyzyň ynsanperwerligi, hoşniýetli goňşuçylygy, myhmansöýerligi we parahatçylygy bilen ömürbaky tapawutlanandygyny göreris.
Türkmenler goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň iki tarap üçin-de bähbitli bolmagyna hemişe uly ähmiýet berýärdi we berýär. Biziň ata-babalarymyz gaýry ýurtlaryň ilçilerini hiç haçan kemsiden, olaryň mertebesine şek ýetiren däldir. Iki döwletiň arasynda baglaşylan şertnamalary birkemsiz berjaý edendir. Bu däbiň gözbaşlary gojaman gadymyýetden başlanýar.
Şol döwürden üç müň ýyla golaý wagt geçenden soň bir jahanşynas her bir türkmeniň «...söz berse, ony hiç haçan, hatda öz janyna we azatlygyna wehim salynsa-da bozmaýandygy» barada geň galyp we gözügidijilik bilen ýazypdyr.
Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. Myhman –Ýaradanyň iberen adamy diýlip hasap edilipdir. Şonuň üçin biziň ilde dil biten çagadan başlap, bakyýet ýoluna taýýarlanýan gojalara çenli hemmeler: «Myhman – ataňdan uly» diýen nakyla eýerýär.
Biziň ata-babalarymyz öz döreden döwletleriniň çäklerinde ýaşaýan gaýry halklary, dini başga adamlary hiç haçan kemsiden däldir. Tersine, türkmenleriň anyk ýörelge edinýän parahatçylyk söýüji syýasaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi olara orta asyrlarda Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň ähli künjeklerinde ýetmişden-de köp ululy-kiçili döwletleri, şol sanda beýik soltanlyklary gurmaga kömek etdi.
Şeýle täsin ahwalatyň syrly täri nämede? Ilkinji nobatda, ol türkmenleriň gylyk-häsiýetinde, ýasawynda, kalbynyň näzik sazlaşygyndadyr. Türkmenler hiç haçan gaýry milletden we başga dinden bolan adamlaryň göwnüne degen, mertebesine zeper ýetiren däldir. Mysal üçin, ermeni halkynyň wekilleri, taryhçylary Garagoýunly türkmenleriň döwletiniň häkimleriniň ermenileriň din-ybadatlaryny berjaý etmekde, buthana edim-gylymlaryny öňki ýaly amal etmekde olara kömek berendigi, öz raýatlary bolan ermenilere, gürjülere we beýleki milletlere arka çykandygy hakynda minnetdarlyk bilen ýazýarlar.
XII asyrda ýaşan şamly Mihail türkmen soltanlarynyň Kiçi Aziýada öz raýatlaryna musaýylyk, isaýylyk bolsun ýa otparazlyk – ata-baba uýýan dinini saklamaga, ybadat-dessurlaryny berjaý etmäge rugsat berendigi hakynda ýazýar. Rum soltanlygynyň seljuk türkmenlerinden bolan häkimi Gylyç Arslan Il-niň (1188-nji ýylda aradan çykan) ýakowitleriň kethudasyna iberen haty saklanyp galypdyr, onuň ilkinji setirleri: «Kappadokiýanyň, Siriýanyň, Ermenistanyň beýik soltany Gylyç Arslan – biziň soltanlygymyzyň dosty bolan, ýeňişleriň bize hemra bolmagy barada doga edýän, Bar-Saumy ybadat öýünde mesgen tutan we biziň soltanlygymyzyň şan-şöhratyna guwanýan kethuda ynsana» diýen sözler bilen başlanýar. Gylyç Arslanyň isaýylaryň öz döwletinde ýerleşen ähli ybadat öýlerini salgytlardan boşadandygyny bellemek gerek.
Biziň ata-babalarymyz dünýäde tanalyp başlanan ilkinji günlerinden şol döwrüň ähli ynsanlary türkmenlerde jemagat kanunlarynyň adalatly düzülendigine haýran galypdyr. Ýunanly we rimli taryhçylar olaryň rehimdarlygy, ogry-kezzaplary ýigrenendigi hakynda ýazýar, olaryň ata-enä sarpa goýýandygyny we aýal-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny wasp edýär. Miladynyň başynda rim taryhçysy Pompeý Trog eždatlarymyz hakynda şeýle ýazýar: «Adalatlylyk diýen düşünje olara kanunlar bilen öwredilmän, eýsem, olaryň aňyýetiniň miwesidir. Kişiň zadyna el gatmak olarda iň agyr günähasaplanýar... Eý-ho, eger beýleki hanlyklarda hem kişiniň maly babatda şunuň ýaly durnuklylyk we halallyk bolsady, elbetde, ähli asyrlarda we ähli ülkelerde munça jeň-dawalar bolmazdy».
Döwlet dürli milletlerden bolan adamlaryň biri-birine sarpa goýmagyny, goňşusynyň şatlygyna begenip, gam-gussasyny paýlaşmagyny, özara sylaşygy esasy ýörelge edinmelidir we başga milletlerden bolan ynsanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň medeniýetini ösdürmelidir, jemgyýetde oňşuklylygy saklamalydyr. Bu döwletiň berkarar bolmagyny üpjün eder. Şu günki türkmenler öz ata-babalary ýaly, milletara gatnaşyklary ösdürip we kämilleşdirip, derejesini ýokarlandyrmagy başardy. Öz halkynyň dini ybadatlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen, olar beýleki halklaryň diline, däplerine hem sarpa goýýar we milletparazlaryň hem-de milletçileriň howalaly gopbamlyk we diňe özüňi bilmek ýaly zyýanly nogsanlyklaryny ýazgarmaga hemişe taýýardyr.
Biz mundan beýlägem goňşy halklar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ýokarlandyrarys, kämilleşdireris.
Goňşy üçin türkmeniň gapysy mydarna açykdyr.

* * *
Türkmeniň goňşuçylyk edebi adamara gatnaşyklarynyň ýokary milli derejesine şaýatlyk edýän gymmatlyklardandyr. Goňşuçylyk gatnaşyklary – türkmeniň ahlak-ruhy gözelligini görkezýän ajaýyp dessurlarynyň biridir.
«Goňşy» aslynda «gonmak, gonuşmak» köklerindendir. Şundan çen tutsaň, goňşular bir ýerde ýaşaýan, bir çäkde ömrüni ötürýän adamlardyr. Eger adam üçin iň gymmatly zat ömür bolýan bolsa, onda goňşy her birimiz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem, goňşuçylyk edebi ömre dahylly içki gymmatlyk, milli dessurlaryň ulgamynda aýratyn zeruryýet bolup durýar. Çünki ömrüň nähili geçjegi onuň nirede we kim bilen ýanaşyklylykda geçjegine gürrüňsiz baglydyr.
Goňşy – ömrüňe dahylly kişidir.
Goňşy – ykbalyňa täsirli kişidir.
Şahsyýetiň nukdaýnazaryndan, belli bir manyda aýalyň hem adamyň, ogluň ýa gyzyňam ömrüňe dahyllylyk babatdaky özboluşly goňşyň diýip bolar. Olar ömür sypatyndaky ýakynlaryň – ömrüňe berlen içki goňşularyňdyr, goňşularyň bolsa günemaňa berlen daşky ýakynlaryňdyr. Diýmek, goňşyň hem keseki, ýatlar däl-de, öz biriňdir.
Goňşyň – günemaňa täsirlilik, ömrüňe şärildikdir. Ata-babalarymyzyň goňşuçylyga aýratyn ähmiýet bermegi-de olaryň meseläniň şeýle düýplüligine düşünendiklerindendir. Türkmen üçin goňşuçylyk ähmiýetsiz, ondaky derejeli durmuş halaty ähmiýetsiz tötänlik däldir. Goňşuçylyk hälki bir ýat şäheriň ýat köçesinde az pursatlyk tötänleýin bolan gabat gelişme däldir. Türkmen üçin goňşuçylyk ömür gymmatlygyna dahylly ýaşaýyş medeniýetidir. Bu, elbetde, hemme milletler üçin asla-da beýle däldir. Goňşynyň onunjy derejeli zat hökmünde seredilýän ýurtlarynyňam barlygy hakykatdyr. Ylaýta-da, uly-uly şäherlerde it eýesini, pişik bikesini tanamaýar diýilýän goňşuçylyk ýagdaýlary kemala gelipdir. Munuň özi ol ýerlerde adamara gatnaşyklarynyň juda sowuklaşmagynyň bir görkezijisidir. Adamlar kirpiniň düýrügip, öz içine gidişi ýaly, öz sümelgelerinden çykman oturýarlar. Olar goňşy-golam bilen gatnaşanlaryndan öýündäki it bilen, pişik bilen dostlaşanyny gowy görýärler. Şeýle ýagdaýlarda goňşuçylyk gatnaşygy salamlaşmakdan aňry geçmeýär, hatda biri-birine duşanda, salamyny gysganýanlaram bar. Ondan-da beter, goňşusynyň kimdigini bilmän, ötüp gidýän adamlaram bar.
XXI asyrda – türkmeniň Altyn asyrynda beýleki gymmatlyklarymyz bilen bilelikde milletimiziň goňşokara gatnaşyklarynyň ulgamyny-da saklap galmalydyrys. Ak mermerden gurdurýan beýik binalarymyzyň daşky görnüşiniň milli şekillere baý bolşy ýaly, olaryň içindäki öýlerde hem baý milli ruhy gymmatlyklarymyz ýaşamalydyr.

* * *
Eziz milletim!
Biz ak mermerden türkmene laýyk jaýlar gurýarys. Men siziň şol jaýlaryň içinde türkmen bolup, türkmeniň milli ahlak-ruhy edebini berjaý edip ýaşamagyňyzy isleýärin.
Şonuň üçinem, diňe bir daşyny bina etmek bilen çäklenmän, men Altyn asyryň türkmeniniň içini-de, ruhy dünýäsini-de bina etmek üçin Ruhnama kitabymy, beýleki edebi-şahyrana kitaplarymy ýazdym. Häzir bolsa sen şol binanyň täze ymaraty bolan Ruhnamanyň ikinji kitabyny okap otyrsyň,
Türkmen gyşu-ýaz, tomus-güýz öýünden çykman oturan halklaryň hataryna girmeýär. Öýden çykmazlyk, garasöýmezlik «menligiň» aşa hetde ýetenliginden, şahsyýet bilen jemagat arasynda beýik diwaryň gurlanlygyndan habar berýär. Şeýle öýler meniň çeper aňymda hemişe garaňky, Taňrynyň Güneşiniň nurundan binesip hinleri janlandyrýar. Men, hatda şeýle öýlerde sözüň hakyky manysyndaky maşgalanyň bardygynada şübhe edýärin.
Goňşuçylygyň ýok ýerinde maşgala-da ýokdur!
Elbetde, ol öýde ata-ene, ogul-gyz bolsa bardyr, emma maşgala – bu aýry-aýry adamlar däl-de, olaryň arasyndaky mähribanlyk, ezizlik gatnaşyklardyr. Hut şol gatnaşyklar adamlary biri-birine bentläp, maşgalany düzýär. Onsoň iki sany kiçi ulgamyň özara birigip, uly ulgamy kemala getirişi ýaly, bir maşgala beýleki bir maşgala bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryna girýär. Goňşuçylyk gatnaşyklary barha ulalyp, tutuş halky, milleti kemala getirýär.
Türkmende: «Kyýamat güni goňşudan» diýen nakyl bar. Men köp ýerde bu nakyla nädogry düşündiriş berilýändigine, kä ýerde onuň ýüzleý teswir edilýändigine gabat gelýärin. Bu nakylyň manysy milletimiziň kyýamat baradaky dünýägaraýşyndan gelip çykýar. Ahyrzaman, kyýamat düşünjeleri beýik «Awestadan» – türkmen topragyndan gözbaş alýar, dünýäniň häzirki beýik dinleri-de kyýamata garaýyşlaryny Zaratustra pygamberiň ylhamyndan susup alandyrlar.
Ahyrzamanda zaman – wagt akmasyny bes eder. Şondan soň Allanyň buýrugy bilen ähli zatlar ýaňadan direlip, kyýamat hasaby başlanar. Dünýäde süren ömrüňe hasap geçilende, ýamanlyklaryňy boýnuňa goýmak, ýagşylyklaryňa güwä geçmek üçin tutuljak esasy şaýatlaryň biri seniň goňşyň bolar. Wagtyň daşyna çykyp, kyýamaty ilkinji görüp bilen Zaratustra pygamber goňşuçylygyň ýöne bir güzeran, dünýä meselesi däl-de, pelsepe – iman meselesidigine ünsi çekipdir. Hasap gününde mizan terezisiniň günä tarapynyň agyr ýa ýeňil gelmegi goňşyňa, goňşyň sözüne baglydyr.
Goňşyň – şu dünýädäki synçyň, o dünýädäki şaýadyňdyr.
Şonuň üçinem, goňşuçylyk edebini berjaý et! Şonda şu dünýäň abadan, o dünýäň bolsa abat bolar!
Näme üçin Allatagala goňşyny esasy şaýatlaryň hataryna goşupdyr?! Sebäbi goňşy seniň ömrüň synçysy bolup, ähli eden-edýän işleriňi ýakyndan synlaýan iň belet kişiňdir. Sen az pursatlyk ýagdaýlarda – toýda, märekede, hatda işde-de öz hakyky bolşuňy, öz hakyky ýüzüňi gizläp bilersiň. Sen az wagtlyk özgäň derisine girip, başga biri bolup görnüp bilersiň. Emma beýtmek ömürboýy mümkin däldir. Goňşyň bolsa ömürboýy seniň gapdalyňdadyr, ýanyňdadyr. Heý, onsoň mundan ynamdaram şaýat bolarmy?!
Goňşy – iň ýakyn aralykdaky ildir!
Goňşynyň gözi – uly iliň gözüdir.
Goňşynyň gulagy – uly iliň gulagydyr.
Goňşynyň dili – uly iliň dilidir.
Ol örän ýakyn aralykdan seniň öýüňde, maşgalaňda ýola goýlan tertip-düzgüniňe seredýär, ol ýakyn aralykdan maşgalaň inip-çykyşyna, oturyp-turşuna baha kesýär, ol seniň öýüň döwlet-rysgalyny, at-abraýyny, seniň edep-ekramyňy, mertebäňi we pesligiňi hamana surata alan ýaly synlap otyr. Goňşy seniň öýüňden çykýan agzybirlik, abadanlyk nyşany bolan mähirli, hoşamaý sözleri-de, seniň öýüňden gelýän agzalalyk alamaty bolan goh-galmagaly-da, seniň ýüregiňden çykýan hoş güftaryňyda, galp bolsaň, kiçi dilden bärden çykýan şelaýyn sözleriňi-de diňläp otyr. Goňşynyň gören, eşider zatlarynyň bary-da iliň diline geçýär. Onsoň uly il sen hakda goňşyň dili bilen gürleýär, uly il saňa goňşyň pikiri boýunça baha berýär, uly il saňa goňşyň gözleri bilen seredýär, uly il seniň ýürek urgyňy goňşyň gulagy bilen diňleýär.
Goňşy – diňe Allanyň däl, uly iliň şaýadydyr.
Goňşy – diňe kyýamatyň däl, şu ajap döwranyňam baha ölçegidir.
Goňşy – mähek daşydyr, sen sap altynmyň ýa-da mis garyndyşymyň – goňşy bahym kesgitlär.
Kalby sährasy ýaly açyk, ýüregi öýüniň işigi ýaly açyk türkmen hemişe goňşuçylyga ymtylyp gelipdir. Aslynda-da, türkmen açyklygy, nurlulygy, ýagtylygy söýýän, gatnaşygy, barşyp-gelişmäni gowy görýän, märekesöýer milletdir. Göwnüni gizleýän, garasöýmez, içimtap, «içimi bilsin Gully han» diýilýän adam türkmende guwanç döretmeýär. Ýaşyrylýan, gizlenilýän, örtülýän zat bolsa gowulyk däldir diýen düşünje bar türkmende. Eýsem, diňe aýyp, diňe pislik ýaşyrylýar ahyryn. Gözel göwni, göwher göwni ýaşyrmagyň ne hajaty bar?! Göwher il-güne-de şuglasyny, nuruny saçsyn!

* * *
Goňşusyny sylamaýan adam il-gününi-de sylamaz.
Goňşy bilen oňşuksyzlygy adamyň ýaramazdygyny görkezýän esasy zatlaryň biridir. Men-menlik, özüňi, maşgalaňy goňşyňdan artyk saýmak adamyň pesligidir. Beýle häsiýet türkmene gelişmez. Birniçeler baýlygyna, wezipesine baýrynyp, goňşy-golama göwniýetmezçilik etse, ýakynynda ýaşaýan kişileriň sylag-hormatyndan mahrum galsa, halk hem, Hak hem beýle adamy halamaz. Goňşularyň özara oňşuksyzlygy, köplenç, ownuk güzeran meseleleriniň üstünde turýar. Aýdaly, bir daban ýer, suw, beýleki meselelerde, körpe çagalaryň oýun-urşunyň üstünde dawalaşyp, goh-galmagal edip, ownujak zady hil bir uly kynçylyga öwrüp ýörmek mydama durmuşda gabat gelip dur. Muňa kiçijik meseläň ullakan gohy diýerler. Şeýle ýagdaýlarda arkalylyk gerekdir. Goňşyň eşekarka bolsa, sen arkaly bolmalysyň. Ol tumşugyny asmana. tutup, arkan-arkan gaýyşsa, sen geçirimli hem giň bolmalysyň.
Eziz türkmenim! Bu zatlary ownuklyk hasaplama! Adamyň beýikligi şeýle ownuklyklarda özüni bildirýändir. Durmuşdan dahylsyzlykda, boş hem howaýy ýerde akyl satmakdan ne many?! Milletiň akyl hem ahlak-ruhy çelgileri iň bir adaty halatlaryň içki jähetlerinden getirilip çykarylýandyr. Goňşy – adaty, gömüksiz jähet ýaly, il-gün belent mesele ýaly, emma bular durmuş hakykatynda baglanyşykly, biri-birinden üzňe däl barlyklardyr. Goňşusyny tanamaýanyň il-gününi tanaýandygyna ynanma! Goňşusynyň mertebesini saklap, onuň durmuşy bilen gyzyklanmaýanyň il-gün baradaky sözleriniňem, pikirleriniňem gara şaýylykdygyny unutma! Sözüň hem pikiriň sütüni amaldyr. Sütünsiz zat howaýylykdyr, çünki ol howada asyl-asyl bolar durar. Biziň akyl derdeserlerimiziň köpüsi-de şeýle howaýylyk zerarlydyr. Boş pikir,
boş söz endikli kişiler ýönekeý halkyň söze hem pikire bolan ynamyny gaçyrýandyklary bilen howpludyr. Ata-baba gelýän türkmeniň söze keramat, söze mukaddeslik, söze ar-namys hökmündäki ynanjyny we düşünjesini dikeltmek islesek, ýokarky howaýy akyl derdeserlerinden azat bolmalydyrys. Onuň alajy-da sözi we pikiri durmuş, amal sütünleriniň üstünde gurnamakdyr.
Goňşyň bilen gündelik gatnaşyklarda-da, aýratyn ähmiýetli halatlarda-da goňşuçylyk edebini berjaý et! Bu edebiň manysy goňşy hakyny üzmekden ybaratdyr. Goňşynyň sendäki edep hakynyň birinjisi, seniň öz goňşularyňy ýagşy tanamak bergiňdir, ýagny bilmek edebidir. Goňşy maşgalanyň hakydasyna dahylly bolmalydyr, olar kim, asly, bitiren we bitirýän asylly işleri, il-gün üçin peýdaly taraplary, at-abraýy, döwlet-rysgal derejesi, guwanjy, buýsanjy, maşgala mertebesi – bularyň baryny bilmek, gadyrlamak edeplilikdendir.
Goňşyň bilen rysgalyň bir bolmaz, emma at-abraýyň birdir. Çünki, hataryňda, syrgynyňda oňşuksyzlyk bolsa, at-abraýyna, abadançylyga şikes ýeter. Abadançylyk agzybirlikdendir. Agzybire – Taňry biýre, agzybire – Taňry birdir.

* * *
Goňşa gatnaşygyňda Taňrynyň birligine bolan ynanjyň bildirilýändigine beýik pirimiz Mäne babanyň ömür edebinden bir hekaýat şaýatlyk edýär. Mäne babanyň güzerany pes, eli ýuka bir garyp goňşusy bar eken. Pirimiz şol goňşusyna öz döwletinden sadaka bermegi ýola goýupdyr. Günlerde bir gün şol goňşusy piriň ýanyna baranda, Mäne babanyň howlusyndaky garynjalara däne sepip ýörendigini görüp, geň galypdyr, Onuň haýran galan soragly nazaryna pir şeýle jogap beripdir:
– Bularam seniň ýaly maňa goňşudyrlar. Olara goňşy hakyny bermek meniň borjumdyr.
Türkmeniň goňşokara däbi iň gözel däplerimiziň biridir. Üýtgeşik tagam bişirilende, geň-enaýy naharlar edilende, goňşa dadyrmazlyk aýypdyr. Her bir bişirilýän naharda goňşyň paýy bardyr. Birinji çanak, adatça, goňşyň haky diýlip atlandyrylýar. Düýäniň ýa sygryň owuz süýdünden, bagyňdan alan ilkinji miweleriňden, täze tamdyrda bişirilen ilkinji çöregiňden goňşulara dadyrmak, paýlamak dessurdyr. Bu dessur berjaý edilende seniň rysgal-döwletiň artyp, zadyň bereketli bolar. Bereketiň, artyklygyň aňyrsynda goňşularyň saňa bolan mähremligi, razylygy, göwnühoşlugy ýatýandyr. Baýlyk ruhy mukaddeslikdir gatylanda, çyndan rysgal-döwlete öwrülýändir. Seniň çytyklygyň, gysgançlygyň zadyň şübhelidiginiň alamatydyr.
Ýat goňşyň bilen garyndaş, garyndaş goňşy bilen dogan bol! Özüň ýagşy bolsaň, seni älem arzuwlar. Seniň ýagşylygyň iliň diline goňşyňdan baryp ýetýändir. Goňşularyň bilen saz-söhbet edebini saklap, gatnaşgyn! Olar bilen alçak, mähriban bol! Telewizoryň ýok, radionyň gyt wagtynda uzyn gyş gijelerinde, salkyn tomus agşamlarynda goňşular bilen mesawy söhbet etmek oňat dessurlardandy. Dessan diňlenilýän, gyzykly hem pähimli rowaýatlar aýdylýan şeýle gyş gijeleri, tomus agşamlary türkmen durmuşynyň iň ajaýyp görnüşleri bolup galdy. Olar biziň üçin edep mekdebidi. Ekabyr bolýançaň, eneň eteginde oturyp, Hydyr gören aýallaryň, ekabyr çykaňsoň, ataň ýanynda oturyp, Hydyr kimin ýaşulularyň gürrüňlerini diňlemek goňşuçylykda bolup geçipdi. Bu görnüşler tebigy, ýürege ýakyn hem türkmen durmuşynyň özi ýaly pessaý owazly pursatlardy. Men hut şeýle agşamlarda salamyň nämedigini bilipdim. Taňry salamy diýmegiň manysy şeýledir: Allatagala Adam atany ýaradyp, oňa jan girizenden soň, onuň gaşyna barypdyr. Aňk-taňk bolup oturan Adama Taňrynyň özi birinji bolup: «Essalawmaleýkim, Adam!» diýip, salam beripdir. Şonuň üçinem, türkmende Taňry salamy diýilýändir. Essalawmaleýkim – Adama hem onuň nesillerine Taňrynyň ak patasy, göwün arzuwy bolup ýaňlanypdyr. Şol sebäpli senem goňşyň bilen alçak, salamçyl bolgun! Kiçilerine guwanç, ýaşulularyna tagzym, gyz-gelinlerine sylag we hoşniýet bildirgin! Iş-aladadan boş wagtyň öýde ýeke özüň oturman, goňşyň öýüne süýji gürrüňdeşlige, söhbete barsaň, ömrüň lezzeti artar. Telewizor gowy zat, hemişe möhüm habarlary, pähim-paýhasy paýlap dur. Emma seýregem bolsa, goňşara gürrüňlerem gowy zatdyr.
Goňşyň gybatyny etme! Il-günüň ýanynda goňşyň aýyp-kemçiligini peçan edip, ýetmezine we kynçylygyna heşelle kakyp ýörmek türkmene uslyp däldir. Düşünseň, beýtmek özüňi-de masgaralamakdyr. Oňarsaň, abraýyna dahylly, kämilligine täsirli bol! Onuň maşgala durmuşyndaky kynçylyklaryny, derdeserlerini ýeňmäge kömek etjek bol! Seniň eden gybatyň goňşyň gulagyna deger, onuňam senden göwni galar, arada sowuklyk döräp, belki-de, soňabaka duşmançylyga öwrülip gider. Goňşyň bilen duşman bolmak Hudaýyň şu dünýädäki iň uly jezalarynyň biridir. Ylla dowzahda ýaşan ýaly bolarsyň.
Aýratyn ähmiýetli günlerde goňşyňdan hyzmatyňy gaýgyrmaly däldir. Goňşyň jaý salýan bolsa, toý tutýan bolsa, öýünde ýas bolsa, bilmediksirän bolup oturmak türkmeniň ýek ýigrenýän häsiýetidir. Emma toýa ýa ýasa görünmek bilen oňmak hem goňşy hakyny berjaý etdigiň däldir, ol bary-ýogy tanyşlyk hakyny ödedigiň bolar. Goňşyň toýunda ýa ýasynda dik durmalysyň. El kömegi, güýjüň ýetdiginden pul kömegi seniň boýnuňdadyr. Goňşular agzybir, sylaşykly bolanda, gelen gelne nika goňşynyň öýünde-de gyýylýandyr, çykarylýan gyzam goňşynyň, ylaýta-da, garyndaş goňşynyň öýünden çykarylýandyr. Myhmanlar goňşy öýlere paýlanyp, goňşyň toý şatlygyna goşulyp, aladasynyň bir bölegini goňşular öz üstüne alýandyr. Ýas ýerinde merhumyň üçi geçýänçä, kän bir nahar-şor edilmez, şonda goňşularda tagam taýýarlanylyp, ýas ýerine getirilip, merhuma degsin edilýändir. Goňşyň gyz-gelni öz uýalaryň ýalydyr, olaryň ar-namysy seniňem mertebäňdir.

* * *
Adam oglunyň göwün guşy dünýä seýran etmek isleýär, adam ogly näçe ýer-ýurdy gördügiçe, şonça täze-täze ülkeleri görmek isleýär. Adam ogly ilki göwün guşuny uçuryp, soňra özi onuň yzyna düşýär. Adam ilki arzuwlaryny ýola ataryp, soňra arzuwlarynyň yzyndan ýollara rowana bolýar.
Gadym-gadym zamanlardan başlap, biziň ýurdumyzdan kerwen ýollary dünýäniň çar tarapyna uzapdyr. Ýat ýurtlaryň harytlary getirilipdir, ýat ýurtlara haryt alnyp gidilipdir. Barylmadyk, görülmedik ýurtlar hakda ertekä berimsiz hekaýatlar döredilipdir.
Beýik Allatagala: «Men Rahmandyryn, garyndaşlygy men ýaratdym we oňa öz adymdan paý berdim. Kim garyndaşlaryna barýan bolsa, men hem şonuňka barýaryn, kim garyndaşlary bilen gatnaşygyny kesse, men hem keserin» diýipdir.
Adam ogly garyndaşlary, goňşy-golamlary, göwündeş dost-ýarlary, meslekdeşleri, işdeş ýoldaşlary bilen gatnaşýar.
Ynsanperwer gatnaşyklar ýaşaýşyň gan damarlarydyr. Gowy adam durmuşda gowy adamlar bilen gatnaşýar, özünden has gowy adamlar bilen dost bolýar, şeýlelikde, ýyllar geçdigisaýyn ol adamyň abraýy artyp, mertebesi göterilip, adamçylygy has gowulaşýar. Tersine, «Pis – pisi tapar» diýlişi ýaly, ýaramaz adamyň gözlegi özi ýaly, özünden has ýaramaz adam. Iki sany ýaramaz adamyň dostlugy bolsa ullakan obany bulap biler.
Bir zada dykgat ediň: Allatagalanyň yradasy bilen dünýä ýüz ýigrimi dört müň pygamber gelipdir. Şol pygamberleriň ählisi hem jahanda dostlugy, parahatlygy, abadançylygy, söýgini, ynsanperwerligi wagyz-nesihat edipdir. Emma durmuş üzül-kesil gowulaşyp gidiberenok.
Ýönekeý bir mysal: daýhan bir pel bulgar burçuny ekýär. Tötänlikde onuň bulgar burçly peliniň içinde ýekeje düýp gyzyl burç gögerýär. Biologlaryň tassyklamasyna görä, gyzyl burçuň tozanlary güýçli. Netijede, daýhanyň bir pel burçunyň ählisiniň tagamy gyzyl burç ýaly ajy bolýar.
Meýdanda otlap ýören sygyr uzyn gün saýlap-seçip otlaryň ýagşysyny, ýokumlysyny iýýär. Eger ol säwlik bilen bir penje ajy kekre iýäýse, onuň ähli süýdi kekre ýaly ajy bolýar.
Ynsanperwer gatnaşyk goňşulardan başlanýar. Goňşy-golamy bilen gatnaşmaýan adamyň gowulygyna hiç kim kepil geçip bilmez.
Soltan Sanjar abywerti uly ulama, akyldar şahyr Enwerini öz köşgüne işe alýar. Oňa şäheriň islän ýerinden jaý alyp berýärler. Enweri jaýyna göçüp barýar. Ol iki-üç gün goş-golamyny ýerleşdirip, durmuşyny ýola salýar hem duldegşir goňşusynyň bir häsiýetine geň galýar. Ol goňşusyny çaýa çagyryp:
– Goňşy, sen her gün iňrik garalanda işiňden gelýän ekeniň. Howlyňa giren badyňa bir gygyrýarsyň, öýüňe giren badyňa ýene bir gygyrýarsyň, ikinji gata çykanyňda ýene bir gygyrýarsyň, munuň hikmeti nämedir? – diýip soraýar.
– Işden aryp-ýadap gelip, howlyma giren badyma meni hokranyp, gazygynyň daşyndan aýlanyp duran bedew atym garşylaýar. Men beýik Allatagalanyň şeýle ajaýyp bedew at bagyş edenine hoş bolup gygyrýaryn. Öýüme girenimde güler ýüzli aýalym meni gujak açyp, saçak ýazyp, rysgal-bereketi ýaýradyp garşy alýar, ikinji gezek men Allatagalanyň maňa şeýle gözel wepaly ýary, rysgal-döwleti berenine hoş bolup gygyrýaryn. Jaýymyň ýokarky gatyna çykanymda bolsa körpeje ogullarym: «Kaka-da, kaka» bolşup, meniň gujagyma dolýarlar, men mynasyp perzentlerimiň bardygyna hoş bolup gygyrýaryn – diýipdir.
Enweri ýylgyryp:
– Onuň ýaly bolsa, dördünji ýola hem gygyrmagyňyz gerek, çünki, size örän gowy goňşy göçüp geldi – diýipdir.
Gatnaşyk açyldygy saýyn, dostluk, doganlyk açylýar. Gatnaşyk açyldygy saýyn gözýetim açylýar, rysgal-döwlet açylýar. Gadym zamanyň kerwenleri täze ülkeleri, ýurtlary açmak bilen bir hatarda halklaryň gözýetiminem, rysgal-döwletinem açypdyr. Gadym zamanyň jahankeşdeleri, galandarlary, derwüşleri, dünýä gezen diwanalary halklaryň gözýetimini giňeldip, dostluga, doganlyga ýol açypdyr.
SSSR-iň aňyýetini ýatlalyň: ol aňyýet daşary ýurtlaryň ählisine şübhe-müňkürlik bilen seredýärdi, kapitalistik ýurtlary bolsa duşman hem nadan ýurtlar hasaplap, daşary ýurtlar bilen gatnaşmaýardy. Netijesini hem özüňiz gördüňiz. Dükanlar boşdy, puluňa almaga haryt ýokdy, haryt tapylsa, pul ýokdy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz turuwbaşdan «Açyk gapylar» syýasatyny yglan edip, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşmeýilli, dostana gatnaşyklary ýöredýär. Biziň baş syýasatymyz – dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk!
Dogan-garyndaşlaryň, goňşy-golamlaryň, dost-ýarlaryň bilen dostana gatnaşyşymyz ýaly gatnaşmak isleýän gowy adamlar bilen gatnaşmakdan bähbit gelýär, zelel gelmeýär. Sebäbi biz durmuşda birek-birekden köp-köp zatlary öwrenýäris, öwredýäris, şeýlelikde, biziň ýaşaýan durmuşymyz kämilleşýär.
Ata-babalarymyz ýöne ýere goňşy arada goňşokarany däp eden däldir.
Jümle-jahanyň, älemiň, ýyldyzlaryň dartylma kanuny esasynda saklanyp durşy ýaly, adamzat ýaşaýşy gatnaşyklaryň esasynda durandyr. Saçakly, sowgat-serpaýly myhman barsaň, saçakly, sowgat-serpaýly hem gaýdarsyň. Gülüp garşy alsaň, gülüp hem garşy alarlar.

* * *
Ir zaman, ýetginjek wagtlarym bir ýola bazara baranymda bolan şu waka şindizem ýadymda. Jygyllygyň mal saraýynda bir goja süýtli, göze gelüwli sygryny satjak bolýardy. Daşynda mähelle köpdi. Her kim bu tohum maly aljak.
– Ýaşuly, alty ýüz elli manat... Ber maly, bahasy ýetdi – diýip, alyjy halysalla ýalbarýardy. Ýaşuly sygryny bermedi.
Yzýany başga bir adam geldi, ol sygryny bazara çykaran gojany tanaýan eken. Salamlaşdylar, hal-ahwal soraşdylar, soňra ol:
– Bä, tohum maly bazara çykaraýan ekeniň-ow... Ene süýdünden halal, alty ýüz manadym bar, berseň-ä sygra eýe çykjak...
Goja sygry berdi. Alty ýüz ellä berilmän duran sygryň alty ýüze berlenine diňe men däl, tutuş mähelle haýran galdy. Ahyry bir kişi:
– A-haw, ýaşuly, alty ýüz ellä bermedik sygryňy zyýana galyp, alty ýüze beräýdiň-le, munuň sebäbi nedir? – diýdi. Goja:
– Adamlar, bu janawar haýyrly mal boldy, üç-dört ýyl akly-gatykly edip, ýylyna. bir göle berdi. Pul zerur bolup, satmaly boldum, ýogsa bazara çykarar ýaly mal däl bu... Onsoň elli manat bähbidimden galsam-da, tanaýan, halal adamyma berdim – diýdi...
Türkmen: «Keçäňi satsaňam goňşyňa sat, myhman baraňda bir burçunda ýene özüň oturarsyň» diýendir.
Türkmen: «Itiňi hem kesekä berenden goňşyňa bergin, seniňem öýüňi gorar» diýendir.
Türkmen mal edinjek bolsa, arzana çapmaz, gymmat hem bolsa, eli haýyrly, döwletli adamdan satyn alar.
Türkmen at edinjek bolsa-da, it edinjek bolsa-da, satýanyň ýedi puşduna ýetik bolmasa, aňsat-aňsat almaz!
Türkmen gelin edinjek bolanynda gyzyň ýedi arkasyny, dogan-garyndaşlaryny yzarlar: gana gatyljak gan niçik gan? – Anyklar!
Bir adam jaýyny satjak bolýarmyş. Alyjynyň biri:
– Pylany aga, munuň ýaly jaýlar, pylança berilýär, sen gaty gymmat bahalaýarsyň. Seniň aýdan bahaňa mundan has gowy jaý alyp bolýar ahyry – diýeninde, jaý satjak bolýan:
– Meniň goňşularym gowy adamlar, şonuň üçinem men jaýyma gymmat baha kesýärin – diýipdir.

* * *
Ömür saparynda goňşyňa dogan bol!
Uzak ýerden, uzak ilden myhman gelende, goňşusynyň myhmanyny öýüne çagyrmak türkmeniň ynsan söýer däbi. Şeýtmek bilen sen kesekiniň ýanynda öz goňşyňa hormat-sylagyňy, onuň bilen agzybir, oňşukly ýaşaýşyňy görkezýärsiň. «Her gülüň bir ysy bar» diýlişi ýaly, myhman seniň öýüňe gelende, täze oňat zatlary özi üçin açýar. Ylaýta-da, goňşyň kakasy ýa ejesi, ýakyn ýaşulusy gelende, öýüňe myhman çagyrmak borçdur. Şeýtseň, olar öz ogullarynyň, gyzlarynyň sylaglylygyna guwanarlar. Saňa bolsa alkyş okarlar.
Goňşy arasynyň gatnaşyklary gözeldir, nepisdir hem-de inçedir. Olar seniň agramyňy takyk kesgitlejek, ölçejek gatnaşyklardyr. Goňşyň geregi çykanda, seniň öýüňe gelmän, aýagyny süýräp, uzak ýerlere gitse, özüňi doly bahaly türkmen hökmünde duýup bilermiň?! Tükenen wagty duz almak üçin, geregi çykanda ownuk-uşak esbapdyr gurallar üçin goňşyňka barmak türkmen adatydyr. Şonda rysgalyňa rysgal goşular. Döwletliden döwlet ýokar.
Çytyk ýüzüň bilen goňşyňy ynjytma!
Sowuk sözüň bilen goňşyňy ürküzme!
Gep-gybat bilen goňşyňy gozgama!
Uruş-dawa bilen goňşyňy göçürme!
Öz öýüňdenem bereket gider, çünki, gazanjy özüň edýänsiň, bereketiň il-günden gelýändir.
Adamyň ömri bäş sany adama baglylykda geçýändir. Olar – aýalyň, garyndaşyň, dostuň, işdeşiň hem-de gonşyň. Şularyň içinde ömrüňe iň täsirlileri aýalyň, dostuň hem-de goňşyňdyr. Şonuň üçinem, goňşa aýratyn garamalysyň. Aýalyň duşmasa, ömrüň içiňden köýer, dostuň dönüklik etse, aýbyň açylyp, ryswa bolarsyň. Goňşyň bilen agzala bolsaň, ne içde, ne daşda rahatlyk taparsyň. Şonuň üçin size etjek nesihatym: goňşyňyz bilen agzybir, dogan ýaly bolup ýaşaň!

Ruhnama. II kitapdan.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 15 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: