10:44
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..."
“BOLUP BILMEDIK BIZ ATAMYZ ÝALY...”

Bolup bilmedik biz atamyz ýaly,
Atam eli açyk, sahawatlydy.
“Dünýä maly galar – diýdi - dünýäde”,
Öz hakyna kaýyl, kanagatlydy.

Biz bolup bilmedik atamyz ýaly,
Myhmana açykdy mydam saçagy.
Haçan barsaň gara gazan gaýnardy,
At alypdy il içinde ojagy.

Egser ýaly däldi tamdyrtowymyz,
Sowulmazdy alaw ody tamdyryň.
Suwa batyrylan gyzgyn nanymyz,
Paşşyldysy owazydy tamdyraň.

Biz bolup bilmedik atamyz ýaly,
Megerem bu durmuşyň bir kanunu.
Diýdiler: -Atasy misli Hatam Taý,
Ogly welin gadym döwrüň Karuny...

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
0
12 Sona   [Mowzuga geç]
broken

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Belkäm, familiyasyny paylaşarsyñyz ))

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aşgabatda ýaşaýan bolsañyz, 4-nji saglyk öýi b.n habarlaşýyñ, şo taýda işleýän bolmaly Sona daýza, biggrin

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aytjak bolyanym, mirasgär, we yazyjy dayza bolmaly, käri boýunça lukman, Sona Ilmuhammedowa diyp. Eger şol bolsañyz ozuñizde bar bolany sizem paylaşyñ.
Yok ol dal bolsañyzam bagyşlañ ))

0
9 Sona   [Mowzuga geç]
owadan familiýa eken. Ilmuhammedowa. ýöne men ol däl. wacko

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýa ýalñyşdymmy wacko

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bagyşlañ, siz, Sona Ilmuhammedowa-ha dälsiñiz? )

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Minnetdar, Sona dogan )

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
siz örän dogry, haýyrly we sogap iş edýärsiňiz. Alla sizi türkmen okyjylaryna köp görmesin! Alla sizden razy bolsun, aga begler!

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bizem gysganç däldiris-le, onda? Bu goşgulary Allaýar agadan alyp okyjylara yetirenimiz ü.n smile cool

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
Gowy aydymlar ýazdyňyz, halka gowy aýdymlar bagş etdiňiz. Bu ruhy jomartlyk, ruhy sahawatlylyk.

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Allaýar aga, ataňyz saçak ýazypdyr we nan beripdir. sizem gowy zatlar ýazdyňyz we ruhy nan berdiňiz ahyry ile.

Atalarmyz bolup bilmez biz ýaly biggrin diyiläýende-de boljak
cry

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: