07:13
Galileý
GALILEÝ

Ajal at salýarka onuň başynda,
Gözlerinden kowdy birçak gorkyny.
"Ýer aýlanýar öz okunyň daşynda!“
Berk baglady hakykatdan örküni.

Şonuň bilen juda mertdi, Galileý,
Zandy ýalan bilen jetdi, Galileý,
Tükeniksiz ýyldyzlaryň astynda,
Ýerde ýyldyz bolup ötdi, Galileý.

Al asmanda, Gün zemine bakadyr,
Älem-jahan hereketi bakydyr.
Güneş zemin barlygyna sakadyr,
Düşünmeýänler üçin dertdi, Galileý...

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: