23:30
Doganlyk mukaddesligi
DOGANLYK MUKADDESLIGI

Eziz türkmenim!
Ýaradanyň bu owadan dünýäsinde adam bagtyny amal edýän zatlaryň biri doganly bolmakdyr. Doganlar bir baldakdan ösüp çykan pudaklardyr. Iki sany pudagyň üzňelikde ýaşap bilmeýşi ýaly, doganlyk adamy kökerip goýan üzülmez baglanyşyklaryň iň berkidir. Çünki bu baglanyşyk aňyrdan – biziň enemiz bolan tebigatdandyr. Doganlygyň özge baglanyşyklardan hemişe rüstemligi-de şondandyr. Bir pudagyň diňe ýolunandan soň, beýlekiden aýra düşüşi ýaly, dogandan diňe ölüm aýra salyp biler. Aýrylanlygy üçinem biz türkmenlerde adam ýogalsa, «Pylany aýryldy» diýilýändir. Çünki ajal bir pudagy beýlekilerinden aýyrýar.
Şat günüňde, bagtly günüňde hemmeler daşyňdadyr, emma gamly günüň ilki doganyň ýanyňa geler. Çünki synanyň bir ýeri syzlasa, onuň agyrysy beýlekilere-de deň ýaýraýandyr. Bir synaň näsaglap, beýlekileriň sagdynlygyny görmek çetindir.
Damar baglanyşygy, gan doganlygy ýaşaýyş jähetinden täsin zada öwürýär. Men, umuman, adam gatnaşyklarynda hemişe bir geň-täsin kanunalaýyklyga üns berip gelýärin: iki kişi biri-birine golaýlaşanlarynda, olaryň daşlaşasy, biri-birinden daşda bolsalar, ýakynlaşaslary gelýär. Bu, elbetde, adam «meniniň» ikileýin tebigat bilen baglanyşyklylygydyr. Şahsyýet käte ýeke galyp, özgelerden dynç almak, käte-de özgelere goşulyşyp, özünden dynç almak isleýär. Şu hakykat dogan babatynda hasam özboluşly ýüze çykýar. Biziň ömrümiziň ilkinji, özem, megerem, iň bagtly döwri – çagalyk we ýetginjeklik döwri maşgalada – doganlaryň arasynda, doganlaryň ýanynda geçýär. Gawunlaryň biri-birinden reňk alşy ýaly, gan-tohum bitewüliginiň üstesine şol döwürde doganlaryň endikleri-de, hüý-häsiýetidir edim-gylymlary-da meňzeşleşýär. Bu birtaraplaýyn hereket – meňzeşleşmek uzagyndan doganlaryň biri-birinden berçikmegi ýaly bir zada getirip biler. Ine, biz türkmenlerde «basdaş dogan» diýen bir jümle bar. Biri-biriniň yzyndan dogan, ara çaga düşmedik bir jynsdan bolan doganlara basdaşlar diýilýär. Olar sözüň beýleki umumy manysynda-da biri-birine basdaş, ýagny bäsdeş bolup ulalýarlar. Basdaşlyk gylygy biri-birinden kem galmazlyk islegini döredýär. Gany bitewi doganlar ruhy jähetde biri-birinden tapawutlanmaga – daşlaşmaga çalyşýarlar. Bu bir wagtlaýyn bolýan tebigy-psihologik halatdyr. Emma doganyňdan daşlaşma!

* * *
Doganyň dost bolsun, dostuň dogan!
Dogan seniň bir bölegiňdir, dost ruhuň bir bölegidir. Hakyky doganlyk şu iki tarapyň birleşýän halatydyr, doganyň bilen ýürekdeş, kalpdaş bolsaň, ol diňe bir teniň-ganyň däl, eýsem, ruhuňam bir bölegine öwrüler.
Türkmen doganyny ar-namysy yzlaşýan, ner-bugra dek dyzlaşýan, garşydaş bilen gala-gala sözleşýän hatardaş hasaplaýandyr.
Doganyňy dost, ýakynyňy dogan, ýadyňy ýakyn et!
On doganyň bolsa, onusyny-da iki dogup, bir galan ýaly görgün!
Bir dogran biler, birem – dogan diýlenidir!
«Sygryň şahyna ursaň, dagdaky sugunyň sahy syzlar» diýleni dogan hakyndadyr. Çünki dogan bilen dogany damar baglanyşdyrýandyr.
Türkmende doganlyk edebiniň şertleri kagyza ýazylmadyk, emma ýüreklere ýazylan kanunlar hökmünde görlüpdir.
Aga-ini edebiniň şertleri şulardyr:
Her iş bolsun, aga baş bolsun!
Ini agadan ata-enä hormat goýmagy, arzylamagy öwrenýändir. Ata ýogalsa, aga ata omunda galýandyr. Aga agalyk edýändir, ini ilçilik edýändir. Türkmeniň bu düzgüni atamyz Oguz handan galan ýaşaýyş kanunydyr. Oguz han Türkmen üç uly ogluna ýaý, üç kiçi ogluna bolsa ok beripdir. Şondan soň ol kiçiler ulularyň ilçisi bolsun diýipdir. Ok, ýaý nirä atsa, şol tarapa-da gitmelidir. Ilçiniň borjy bolsa, ulular bilen il bolmakdyr. II bolmagyň manysy ulynyň diýeni bilen bolmak, ulynyň görkezmelerini berjaý etmek, ula gulak asmak diýmekdir. Ilçi aganyň erkine tabyn bolup, onuň erkini we aýdanyny ýöretmelidir.
Maşgalada we jemgyýetde aga inisine görelde bolýandyr. Aga inä garaw, ini aga ýaraw bolar. Aga ininiň daşynyň galasydyr, ini agasynyň haýyr işleriniň alajydyr.
Aga barka, märekede ilki ini sözlemesin, aga märekede inisiniň kemini çözlemesin.
Çaga ilki nahara elini uzadar, aga ile ýaýman, ininiň aýbyny düzeder.
Çaga ilki ata-enesinden öwrenen sözleri bilen gürlär, biraz ekabyr çykansoň, agasyndan öwrenen sözleri bilen gürlär. Ini agasynyň keşbindäki, hüýündäki, endigindäki, bolşundaky ýigit bolup ýetişer.
Ini agasynyň boýuna çenli ösmäni arzuw edip ulalar. Oňa deňleşip bilse, çagalykdan saýlanyp, arzyly ululyga ýetdim hasaplar.
Dünýäň ähli ýerlerinde çaganyň ýedi ýaşynda okuwa başlamagynyň sebäbi Allatagalanyň şu ýaşda çaga akyl berýänligindendir. Ýedi ýaşa çenli çagaň beýnisine juda bir agram berilmese sagdyn öser, öwredilýän zatlary çalt we ýeňil özleşdirer. Çaganyň ýedi-sekiz ýaşda bütin ömrüne ykbalyny kesgitlejek gylyk-häsiýet edinýändigini, şonuň üçin ata-enelere çagalarynyň asylly ahlak gylyk-häsiýetleri edinmegine ýardamçy bolmalydyklaryny, terbiýe bermegi yhlas-iş edinmeklerini sargyt etmek isleýärin. Çaganyň kalbynda on dört-on bäş ýaşda yşka gapynyň açylýandygyny, bu ýaşda çaganyň edim-gylymlarynyň durnuklaşýandygyny, üstüniň ýetirilýändigini, ýakyn syrdaşlary bolmaklarynyň zerurdygyny, bu ýaşda çagalaryň öz bagtlaryna, ömürlerine binýat alýandyklaryny, bu ýaşda çagalaryň soňuna doly akyl ýetirmezden, köplenç halatlarda, her hili ýaramaz endiklere, aýratyn hem keýpi-sapalara ýykgyn etjek bolýandyklaryny, bu ýaramazlyklardan ata-enäniň çagasyny günübirin saklamalydyklaryny, öňüni almalydyklaryny we dogry ýola atarmalydyklaryny ýatlatmak isleýärin.
Ýaşlykda dogan bilen doganyň arasynda dawa-jenjel bolman bolmaz. Bolaýan ýagdaýda ata-ene jogaby, ilkinji nobatda, uly oglundan – agadan soramalydyr. Sebäbi doganlaryň arasyndaky ýagdaýy, bolup geçen we geçýän zatlary aga doly hem dogry bilýär. Çagalaryň terbiýesinde köp babatda agadan hasabat soralmagy onuň jogapkärçiligini artdyrýar. Onsoň ol özüne ynanylan wezipäni ödemäge çalyşýar, jigilerini tertip-düzgüne, asyllylyga çagyrýar.
Ata-enäniň çagalaryny terbiýelemekdäki esasy aladasy olaryň bidüzgünçilikleriniň wagtlaýyn öňüni almak däl-de, şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygynyň öňüni almakdyr. Terbiýäniň esasy maksady çagada öz-özüne erk-gözegçilik etmek endigini terbiýelemekden ybaratdyr. Çaga bitertiplik etmeli däldiginiň düşündirilmegi, çaganyň muňa akyl ýetirmegi meseläniň oňyn çözgüdine ýardam eder. Akylly-başly maslahat berlen, şeýle hem eden hatasy boýnuna goýlan çaga geljekde betlik etmezlige çalyşýar.
Çagalar öz aralarynda ýüze çykýan dawalarda hemişe ululardan delalata, adalata garaşýarlar, ulularyň özüni mamla hasaplamaklaryny isleýärler. Ulular çagalaryň arasyndaky oňşuksyzlyga çäre tapmaga çalyşsalar-da, käte çaganyň nähak hereketlerini düşündirmegi unudýarlar, geleňsizlik edýärler. Ata-ene çaga terbiýesinde ownuk zadyň, ikinji derejeli zadyň ýokdugyny unutmaly däldir, çaga näçe mähir köp siňdirilse, şol çaga sagdyn hem-de akylly bolar. Çaga siňdiren mähriňiz, yhlasyňyz size bagt bolup dolanar.

* * *
Türkmende doganlar şol bir eşigi geýip ulalýandyrlar. Bu ýeter-ýetmezlikden däl, munuň manysy dogany dogana mähriban etmekden ybaratdyr. Mähriň bir ýüpüne daňylan doganlar hakyky doganlar bolup ýetişer. Şonda ini: «Agam bar – ne gamym bar?!», aga-da: «Inim bar – ilim bar!» diýer.
Ini ulularyň dünýäsine ata-enesiniň görkezen ýoly bilen agasynyň yzyna düşüp barýar. Ini agasyndan çemçe tutmagy, kitap açmagy, galam tutmagy, dost tutunmagy, ýakyn-ýatlar bilen gatnaşyk açmagy öwrener. Çaga ata-enesiniň öwüdi, agasynyň göreldesi bilen ulalar.
Ini mekdebe agasynyň gatnan ýollary bilen barar. Ini agasynyň egninden çykan eşikleri geýip, onuň geçen menzilini özi bolup gaýtadan geçer.
Dost bile dostuň ýüregi, dogan bilen doganyň bagty dartyşar. Çünki ýürek göwnüň, bagyr bolsa ganyň menzilidir.
Doganlyk edebiniň başy agzybirlikdir.
Agzybirlikde aganyň agzy bilen gürlenilýändir. On dogan bolsa, on kelle bolup pikir ediler, emma netijesinde aganyň agzy bilen gürleniler.
Aga bolsaň, agalyk edebini berjaý et!
Ulularyň ýardamçysy, kiçileriň armaçysy bol!
Kiçilere naharlanmak, salamlaşmak, sözleşmek, işlemek, okamak, dynç almak edebiniň göreldesini görkez! Ula geňeş, kiçiniň pikirini bil!
Ula – ini, kiçä – aga bol!
Çagalaryň ýanynda dana, danalaryň ýanynda ini bol!
Uly durka – oturma, uly otyrka – ýatma!
Salamlaşmak edebiniň şertleri:
ula salamy ilki ber, kiçä eliňi uzadyp, salamlaş! Oturan ýeriňden däl, aýak üstüne galyp, salamlaş! Salamdan soň, uly saglyk-amanlyk soraşýandyr.
Gürrüň gutarandan soň, sagbollaşman gidibermek edepsizlikdir.
Nahara uly başlar, ilki çörekden döwüp, soň kiçilere geçirer.
Töwir galdyrman, nahardan turulýan däldir. Rysgal-bereket gider. Nahar başynda köp gürlemejek bol, ylaýtada ululardan köp gürleme.
Işe, söze ilki uly başlar.
Ini agadan okuw okamak göreldesini alar. Agasy okamaýan çaga-da okamazlyga endik eder.
Aga işiň kynyny özi eder, ýüküň agyryny öz gerdenine alar, howpy ilki özi garşylar. Inisini aýar, çünki iniler neberäniň geljegidir.
Doganyň adyny tutman, ula «agam», «bibim», kiçä «inim», «uýam» diýip ýüzlenmek türkmençilikdendir. Çünki şonda biz hasam türkmenleşýändiris, ýüreklerimiz ýumşap, mähir deňzi joş urýandyr.
Ini bolsaň, inilik edebini berjaý et!
Sözde, naharda, mirasda, alyşda, paýlanyşda nobatyňa garaş! Inilik hakyňa kaýyl bol!
Bibileriňi hem uýalaryňy ýaman dilden, ýaman gözden gorap gez!
Naçaryň gara başy ölinçä agasynyňkydyr!
Ýigit ölse, aýalynyň ýüregi daglanar, uýasynyň bagry paralanar!

* * *
Aýalyň – kalbyň, uýaň – süňňüň dowamydyr.
Ýat maşgala düşen uýasyny unudanyň ýüregi daşdandyr. Doganyna dogan bolmadyk ýada dost bolup bilmez. Naçaryň ýüreginde doganyň omy başgadyr.
Dogan didary bagtly, gamsyz çagalygyň didarydyr.
Ol şo hezil döwre gaýdyp barmak üçin hakyda gapylaryny açýar. Sen iň asyl çagyňa gaýdyp barýarsyň. Unudylany ýada salýarsyň, öteni gaýdyp alýarsyň. Şeýdip, argyn kalbyň çagalyk demi, çagalyk hakydasy bilen argynlykdan dynç alýar, durmuşyň şertliliklerinden azat bolýar.
Naçar uýadan hoş sözüňi, gol ýardamyňy gysganma!
Uýaň eneňden soňky mähribanyňdyr.
Öz gyzyňda aýal doganyň gaýtalanýanyny duýduňmy?!
Uýaň eneňden soňky duşýan ar~namysyňdyr.
Bihepbe giýew sowulmaz töhmete meňzär. Uýaň öňünde ýazykly ýaly bolarsyň. Öz halanydyr, öz saýlanydyr, emma giýew bihepbe çykanda, onuň derdeseriniň baryny uýaň başyna atasyň gelmez. Uýaňy şowsuzlykda ýeke goýma. Uýa bagtly bolsa, bagtyny dogany bilen paýlaşar, uýa betbagt bolsa, diňe doganyndan garaw islär.
Dogan bihepbe bolsa-da, kesip aýryp bilmersiň. Ol seniň bir şahaň ahyryn. Onuň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny ýaşyrmak doganlyk edebindendir.
Adam ölýänçä, türkmen maşgalasynyň başy bozulýan däldir. Aga ata ornunda, bibi ene omunda oturanda, hemme zat öňküsi ýaly ýerbe-ýer bolýar. Munuň özi türkmen maşgalasynda mähir ojagynyň saklanmak kanunynyň bozulmazdygyna şaýatlyk edýär. Aga – arkaň gara dagy, bibi – öýüň söýesidir. Dag – ýykylmazdyr, öý – ýumrulmazdyr.
Dogan doganyň aýnasydyr. Dogan doganyň arkadaýanjydyr. Onuň gözlerine bakyp, öz gözleriňi görersiň, sesini eşidip, öz sesiňi tanarsyň, gapdalyndan bolşuna syn edip, öz hereketleriňe gözüň düşer. Şonda özüňiň bir däl-de, birnäçedigiňe düşünersiň.
Dogan – ilkinji watandaşyňdyr. Onuň bilen bir rehemde ýatansyň.
Dogan – ikinji watandaşyňdyr, Onuň oturan gujagynda oturansyň.
Üçünji watandaşyň-da doganyňdyr. Sen onuň başyny sypan ene aýasynda ulalansyň.
Adamyň bäş hili dogany bardyr:
Süýtdeş dogan.
Doganoglan.
Dolanan.
Öweý dogan.
Kyýamatlyk dogan.
Bir atadan, bir eneden bolan dogan – süýtdeş dogan, bir arka aňry dogan – doganoglan, iki arka aňry dogan – dolanan, enesi aýry dogan – öweý dogan, ýegre dostluk: ruhy dogan kyýamatlyk dogandyr. Dogan okaşyp, gan gatylyp, kyýamatlyk dogan bolunýar. Emma bu türkmende juda seýrekdir, ol adatdan daşary zady talap edýär, onuň jogapkärçiligi juda uludyr. Ol hakyky bolanda, gan taýdan dogan däl adamlar o dünýäde dogan hasabynda görüljekdir. Adatça, diňe ýeke-ýalňyz ýigitler biri-biri bilen kyýamatlyk dogan okaşýarlar. Şeýdip, türkmen käte tebigatyň mähir ýetmeziniň öwezini dolýar.

* * *
Adamyň bir ömri, birnäçe-de ýaşy bolýar. Öz ýaşy.
Kakalyk ýaşy, ejelik ýaşy.
Atalyk ýaşy, babalyk, mamalyk ýaşy.
Daýylyk ýaşy.
Agalyk, bibilik ýaşy.
Dünýä inip, adam öz ýaşyny ýaşap başlaýar. Jigisi bolanda, ikinji ýaşyny – agalyk, bibilik ýaşyny, perzendi bolanda, üçünji – kakalyk, ejelik ýaşyny, agtygy bolanda, dördünji – atalyk, babalyk, mamalyk ýaşyny, ýegeni bolanda bolsa daýylyk, daýzalyk ýaşyny ýaşap başlaýar. Şonuň üçinem, ata-eneler hemişe öz perzentleri bilen ýaşytdaşdyrlar. Çünki şondan öňki ömründe olar entek ata-ene däldiler ahyryn.
Saňa agalyk bagtyny beren iniňe, saňa daýylyk bagtyny beren ýegeniňe mähriban bol!
Türkmeniň doganlyk edebi gözeldir. Çünki oňa agraslyk, haýalylyk hem-de göwnejaýlyk mahsusdyr. Aýal dogan bilen ýürekdeş, içgin, emma agras gatnaşykda bolunýandyr. Zenanlar erkek doganynyň ýanynda ýüzi-de, ýüregi-de açyk, emma özüni utanç-haýaly alyp barýandyrlar. Diňe erkek dogan bilen ikiçäk oturmak göwnejaýlykdyr.
Türkmende zenanlar diňe ýakyn erkek garyndaşlary bilen elleşip görüşýändirler.
Türkmende ýigit agraslygy, gyz alçaklygy oňat görülýändir. Ýigit suwjuklygy gyz ýeňlesligindenem ýaramaz görülýär. Gyz haýasy agraslyk bilen alçaklygyň utgaşygydyr.
Türkmende dogansyz, ýeke ýigit diňe ömürde däl, eýsem, ölümde-de kemsidilen hasap edilýär. Çünki uýanyň gerekligi ölen günüň hasam ýiti bildirýär: ýigidiň agysyny aglamaga, bagryny paralamaga, ölüm derdiniň beren ajysyny dünýä ýaýmaga naçar dogan gerekdir.
Hiç kim uýaňça aglap bilmez.
Aglap bilmedik agylaryny aglamaga naçar gerekdir ýigide!
«Dostuň bolmasa, günä Hudaýda däl, doganyň bolmasa, günä özüňde däl». Emma doganyňy dost edip bilmeseň, günä sendedir. Doganyňy dost etmek iki esselik bagtdyr.
Dogan – doganlyk edebini tutanyňda dost bolýandyr. Ner-bugra dek doganyň, edepli, ekramly, mylaýymzada uýaň ömrüň jähetlerini artdyrar.
Jigiňi çagaka hüwdüleýşiň ýaly, ulalaňdan soňam apala!
Uýaň maşgala gurandan soňam, öz atasy ojagyna ýat däl, öňki mähribanyň bolup gelip duraryny isleseň, oňa ýüregiňden orun ber!
Dogan dogandyr, ol islege berilýän däldir. Onuň isleýşindäki dogany bolup bilseň, olam seni islegiňdäki, hyýalyňdaky arzyly mähribany hökmünde görer.
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Türkmen türkmene dogandyr!
Birek-birege mydama mähriban boluň, dogan boluň! Ana, şonda müşgiliňiz asan bolar, işiňiz hem bagtyňyz şow alar!

Ruhnama. II kitapdan.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Raviya   [Mowzuga geç]
Ynsan göwnüni hoş geçirip bilýänleri bilen ýakyn bolýandyr. Derdini paýlaşyp bilýänleri bilen dost bolýandyr. Ýanynda aglap bilýäni bilen DOGAN...

Dogan bu seniñ arkañy ýere degdirtmeýän, ýykylañda ilkinji bolup goluny uzadýan ynsanyñ adydyr.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: