22:45
Sahypkyran Gutulmyş beg -12/ romanyñ dowamy
On dördünji bap

Beterinden beteri bar. Gutulmyş ogluny urup, öýden kowmak bilen betbagtçylygyň öňüni alyp bilmedi. Betbagtlyk oňa oglundan däl, garaşmadyk ýerinden — janyny, syryny ynanan hatyny Sünbüleden geldi.
Sünbüle ýüregini ejesiniň ýanynda açdy. Özem oňa hiç kime hiç zat aýtmazlygy berkden berk tabşyrdy. Hatyn gorkuly habary içinde saklap bilmeýär ahyryn. Kutwalyň hatyny hem gyzynyň syryny içinde saklap bilmedi:
— Babasy, biz haýdan-haý Kelejardan gaçmasak, ertir ikimizem zyndana dykýarlar.
— Näme bolupdyr?
— Menden hiç zat soramaň, babasy. Çynyň iň çet galalarynyň birine gideliň. Ýa Tekinabada22 gideliň. Ol ýerde meniň agam Musa ýaşaýar. Ol tütjar baý. Ýigrimiden gowrak dükany bar. Şol dükanlaryň birini bize berer. Ol meni gowy görýärdi. Özem şu gün agşam gideliň.
— Men hiç ýerik gitjek däl.
— Kejirlik etmäň. Meniň ýöne-möne zat üçin oda-köze düşmejekdigimi özüňiz bilýänsiňiz.
— Düşnükli gürle, düşnükli.
— Men aýdyp biljek däl. Çünki men gyzyma hiç zat aýtmaryn diýip ant içip, söz berdim. Düşünýärsiňizmi, babasy, men ant içdim. Men: «Hiç kime aýtmaryn — diýdim. — Babaňa-da aýtmaryn» diýdim.
— Nämäni?
— Menden hiç zat soramaň ahyryn.
— Onda men gaýa-gopuz ýok ýerden seniň «Ýör!» diýeniň bilen yzyňa düşüp, kutwallygymy tabşyryp gidibermelimi?!
— Gitmeli, hökman gitmeli!
— Heleý, sen akylyňdan azaşypsyň.
Hatynlaryň iki sany asgyn ýeri bar. Birinjisi, olaryň akyly, ikinjisi, görki. Olar özlerine edilýän köp-köp sütemleri çekip-çydaýarlar, ýöne olara «Seniň akylyň az, düşüneňok. Akylyňdan azaşypsyň» diýseň ýa-da «Sen owadan däl» diýseň, olar bu sözleri çekip-çydap bolmaz derejede masgaraçylyk, degna degmek hasaplaýarlar. Onsoň her edip-hesip edip, özlerine aýdylan bu kemsitmäniň ýalandygyny paş etmegiň ugruna çykýarlar.
Kutwalyň hatyny özüniň akylyndan azaşmandygyny subut etmek üçin gyzynyň habaryny diňe bir ýagdaýda — gürrüň hiç kime aýdylmadyk ýagdaýynda, gürrüňiň şu bosagadan çykmajakdygyna söz berlen ýagdaýynda aýdyp biljekdigini adamsyna mälim etdi.
Erkek kişileriň hatynlaryňkydan düýbünden parhlanýan bir häsiýeti bar: olar öz maksatlaryna ýetmek, bilesi gelen zatlaryny bilmek, isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýalan sözlemegi zowal bilmeýärler. Onda-da öz hatynlarynyň ýanynda ýalan sözlemegi ýalan sözlemek hökmünde hem görmeýärler (Aslynda erkek kişiler ömürlerindäki iň köp ýalany hatynlarynyň ýanlarynda sözleýärler). Hatynlaryny aldandyklary üçin müýnürgeýän erkek ýokdur. Hatynynyň ýanynda ýalan sözlemek erkek üçin adaty bir zat.
Kutwalda-da hatynyny aýdaýmakdan başga çäre galmady. Onsoň aýaly ol syry nädip aýtmasyn?! Adamsy aýdylan gürrüňi hiç kime aýtjak däldigi barada ant içip, awy ýalap dur. Hatyn görgüli ynanaýýar. Kutwalyň hatyny-da ynandy. Ol ilki daş-töweregi gözden geçirdi. Öýde är-aýaldan başga hiç kimiň ýokdugyna göz ýetiren görgüli, barybir, rahatlanmady: gapylary berkden berk ýapyp, gyzyndan eşiden habarlarynyň gylyny sähelçe-de gyşartman bir demde aýtdy. Soňam adamsyna naýynjar seretdi:
— Indi nähili bolarka, babasy? Gaçmasak, bizi öldürerler. Gürrüňsiz öldürerler.
Bu habary eşiden kutwalyň ýüzi bir gyzardy, bir agardy, bir gögerdi. Ol uludan demini alyp:
— Oh-o-o!.. — diýdi.
— Indi näme bolarka?
— Merez bolar, bela bolar! Gapyl!
«Gapyl!» diýlende gapylýan bolsa, onda ol hatyn däldir. Munuň ýaly ýagdaýda kutwalyň hatyny nädip ümsüm otursyn?!
Betbagtçylyk guduz aždarha öwrülip üstlerine sürünip gelýär. Munuň ýaly pursat gol gowşuryp oturyp bolarmy?!
Gerekli goş-golamyny bir düwünçege düwen hatyn äriniň başyny tutup oturan ýerine bardy.
Demirok olaryň boluşlaryny geňledi:
— Size näme boldy?
— Bagtymyz ýatdy, oglum, bagtymyz ýatdy. Derrew goş-golamyňy ýygna! Biz gaçmaly bolduk!
— Gapyl, ganjyk! Gapyl! — diýip, kutwal hatynynyň üstüne towusdy. Ony bogmaga başlady. Demirok ejesini halas etjek bolup, kakasynyň egninden çekdi.
Kutwal akylyna giç aýlandy, özüne gelende hatyny hiç bir hereketsiz, parahat ýatyrdy.
Kutwal dälirän ýalydy, ogly Demirokuň diýýän sözlerini, ahy-pyganyny eşidenokdy.
Kutwal uzak gije ýatman oýlandy. Ýagdaýy müň ölçedi. Daňdan anyk bir pikire geldi: iki sany jandary yzyna tirkäp, Gutulmyşyň öýüne bardy.
— Gyzymyň bagtyny garartmak islemeýärin. Seni-de gowy görýärin, ýöne meniň gulluk borjum maşgala, garyndaş mertebesinden ýokarda durýar. Men her näçe islemesem-de, seni zyndana salmaga, ähli zady patyşaga bolşy-bolşy ýaly habar bermäge borçludyryn.
— Sen näme diýmekçi bolýarsyň, Bähram?
— Sen mönsüreme. Sen Muhammet däl. Seniň adyň Salyh. Sen Ysraýyl Seljugyň ogly. Men sen hakdaky ähli hakykaty bilýärin.
— Nireden, nädip bilýärsiň?
— Sen özüň hakda hatynyňa — meniň gyzyma gürrüň beripsiň. Hatynyň hem meniň hatynyma gürrüň beripdir. Bar günä özüňde. Heý-de hatyna ýüregiňi açarlarmy! Muhammet alaýhyssalamyň hadyslaryny diňlemediňmi?
Bähram kutwalyň sözleri Gutulmyşyň başyny aýlady. Maňlaýyna şagga der indi. Gözüniň alny garaňkyrady. Ol öz-özüne göwünlik bermäge çalyşdy: «Gutulmyş, giň bol. Allatagala herki zatda çykalga goýýandyr. Çykalgasyz hiç bir zat bolýan däldir. Oýlan, akylly-paýhasly hereket et!» Ýeri, näme etmeli?! Gutulmyş näme etjegini, asyl näme diýjegini-de bilmän, seresima bolup durdy:
— Eger meni tussag etseň, saňa sagbol-a aýtmazlar?!
— Bilýärin. Meniň bagtym ýatdy. Saňa gyzymy berendigim üçin meni işden kowarlar. Zyndana salarlar — diýip, kutwal köne edehädine eýerip, zol-zol mor murtuny sypady.
— Seniň özüň bagtyňy ýatyrýarsyň.
— Men hakykatyň üstüni açdym. Gulluk borjum meni seni zyndana atmaga borçly edýär. Saňa nähili jezanyň beriljekdigini soltan Masut çözer. Tur ýeriňden, öňüme düş. Maňa seniň bilen gepleşmek-de bolmaýar.
Gutulmyş ýerinden turdy-da, töweregine garanjaklady, Sünbüle ähli gürrüňi eşiden bolarly, möňňürip aglamaga başlady:
— Wa-weýla, bagtymyz ýatdy. Wa-hasrat-a, edenim näme meniň?! Dilim gurasyn meniň!
— Heleý! Eý, mertebeli Bähram! Eger meni zyndana äkidýän bolsaň, naçar hatynymy köşeşdirmäge, namazymy okamaga puryja ber. Men gaçmaryn. Menden gorkma!
Kutwalyň rugsady bilen Gutulmyş haremhana girdi:
— Eger meniň hormatymy gazanjak, bütin ömrüňe meniň bilen bagtyýarlykda ýaşajak bolsaň, meniň häzirki aýtjak sözlerime gulak as!
Hünibirýan aglap duran Sünbüle kaýyllyk bilen baş atyp, Gutulmyşa seretdi:
— Men näme edeýin?! Näme et diýseň ederin! Bagtymyz ýatmasyn! Gaýrat ediň! Bir çykalga tapyň! — diýip, Sünbüle ýetişibildiginden samrady.
— Häzir bizden öň öýden çykyp gidip, Şaparyň ýanyna bar. Oňa: «Gutulmyş toýa başlaýar!» diýip aýt.
— Kim ol Gutulmyş?
— Häzir düşünişip durmaga wagt ýok. Sen meniň aýdanlarymy derrew etmeseň, bagtymyza boran ýagýar.
— Näme aýtmalydygymy ýene bir gezek gaýtalaň!
— «Gutulmyş toýa başlaýar» diý.
— Ol nämäniň toýy? Şeýle ýagdaýda Gutulmyşyň toýy nireden ýadyňa düşýär? Siziň adyňyz Salyh ahyryn, maňa Gutulmyş barada hiç zat aýtmadyňyz-a.
— Ony soň düşündirerin diýdim-ä men saňa! — diýip, Gutulmyş gygyrdy. — Sen näme aýtmalydygyňy düşündiňmi?
— Gutulmyş diýen adamyň ady ýadymda dursa, galanyny aýdaryn.
— Gaýtala!
— «Gutulmyş toýa başlaýar!»
— Howluk! Häzirki ýagdaýam aýt.
— Häzirki ýagdaýy aýdaýyn. Gutulmyş diýen ýerçekeniň toýuny soň aýdanymda-da bolar.
— Seniň akylyň zerarly ýeten betbagtlygy düzetmek üçin şol sözi aýtmaly. Eden betbagtçylygyňy az görýärsiňmi?
— Häzir toý nämä gerek?
— Bar onda, Şapara şu ýagdaýy habar ber. «Ärimi zyndana atjak bolýarlar» diý.
— Seniň düzedip bilmedigiňi Şapar nädip düzetsin?! Babama ýalbar. Iki bolup ýalbaraly. — Sünbüle ylgap baryp kakasynyň aýagyna ýykyldy. — Baba, bize rehmiň gelsin. Bar zady bulaşdyran men. Agtygyňy ýetim goýma, baba.
— Ýok, gyzym. Men ynsabyma ikilik edip bilmerin. Soltan maňa ynam bildirdi. Meni şu gala kutwal edip belledi. Men gulluk borjuma ikilik etsem, bu meniň adamlygymy, ynsabymy ýitirdigim bolar. Ynsabyma ikilik edip ýaşandan bolsa ölen gowudyr.
— Baba, aýagyňa ýykylýaryn, gyzyňa, agtygyňa rehim eýle. Baba, sen mydama: «Hatynlaryň sözüne ynanmaly däl! Men hatynlaryň sözlerine ynanmaýaryn!» diýýärdiň. Näme üçin häzir enemiň sözüne güp ynandyň? Eneme bar zady gürrüň beren men. Sen köne ynanjyň hatyrasyna şu sapar hem meniň eneme adamym hakdaky aýdan sözlerime ynanma. Ýalbarýaryn, baba, ynanma!
— Ýok, gyzym! Başarmajak zadymy menden sorama.
— Hakykaty senden başga hiç kim bilenok ahyryn, baba.
— Meniň bilenim ýeterlik...

On bäşinji bap

Gutulmyş gapdalda namazyny okamaga başlady.
Jandarlar içerden Gutulmyşyň gylyçlaryny, hanjarlaryny tapyp aldylar. Soňam onuň namazyny okap gutararyna garaşmaga başladylar.
Gutulmyş namazyny okap, äwmän-telesmän ýerinden turdy. Onuň bolşy kutwaly-da, jandarlary-da geň galdyrdy. Sebäbi onuň bolşy hiç hili üýtgeşik zat bolmadyk ýalydy.
— Kutwal, pikiriň üýtgemedimi?
— Pikirimi üýtgeder ýaly, men oglan-oglanjyk däl. — Kutwal gazaply aýtdy: — Ýör, öňüme düş!
Gutulmyş häzir bir töwekgelligiň gopjakdygyna, Allatagalanyň ýardama ýetişjekdigine ynandy. Ol düýrmegi bilen bir mugjyzanyň gopmagyna garaşdy.
Mugjyza gopdy.
Okuň şuwwuldyly sesi eşidildi. Şuwwuldy boş şuwwuldy däl eken: jandarlaryň biri hykk edip seslendi-de, döşüni tutdy. Onuň döşüne peýkam çümüpdi.
Jandar döşüni tutup ýykylanda ýene peýkamyň şuwwuldysy eşidildi.
«Bu ok ikinji jandara niýetlenilen bolmaly» diýip, Gutulmyş içini gepletdi. Ýalňyşman eken: ikinji ok ikinji jandaryň janyny aldy.
Eý, Hudaý, kimkä bu töwekgelligi eden?! Sünbüle Şapara habar bermäge gitmedi ahyryn?! Belki, Süleýman Şapara habar ýetirendir?! Şeýledir. Ýöne Şaparda ok-ýaý ýok. Ok-ýaý diňe Süleýmanda bar. Onda iki jandary öldüren Süleýmanmyka? Beýle dogumly işleri edere ol entek ýaş-a?!»
Gutulmyşyň alasarmyk pikirlerini aýdyňlaşdyrmakçy bolýan ýaly, gapy batly açyldy. Süleýman, onuň yzyndan elleri ok-ýaýly, gylyçly, hanjarly bäş-alty kişi içerik girdi. Biraz salymdan Sünbüläniň gykylygyny eşidip Şapar hem geldi.
Elleri ýaragly kişileri gören Sünbüle gygyryp-bagyryp ugrady:
— Rehim ediň, rehim ediň, babamy öldürmäň, babamy öldürmäň! Kömek ediň! Kömek ediň! Babamy öldürýärler.
— Gapyl! — diýip, Gutulmyş hatynyna bakan ýöräp ugrady. Haýýady göçen Sünbüle dikine gygyrdy:
— Öldürýärler! Öldürýärler! Baba, gaç!
— Gyzym! Gykylyk etme!
— Ene, ýuwaş! — Süleýman ejesini köşeşdirmekçi boldy.
— Dat-bidat! Kömek ediň! Adamlar! Bizi öldürýärler!
Kutwal baryp gyzynyň bokurdagyndan bogmaga başlady. Sünbüläniň ýüzi göm-gök boldy.
— Sesiňi çykarsaň, özüm öldürjek seni!
Sünbüle gözlerini petredip, demi-demine ýetmän kakasyna seretdi. Ony oglunyň yzy bilen gelen elleri ok-ýaýly, gylyçly, hanjarly adamlar gorkuzypdy. Olaryň gapynyň agzynda hiç zat etmän durandyklaryny görüp biraz köşeşdi.
— Ähli zatlar bulaşdy. Indi «toýa» başlamaly bolduk — diýip, Gutulmyş Şapara ýüzlendi.
— Biz «toýa» taýýar. Näme edeli?
— Ähli zady assyrynlykda etmeli bolarys.
— Muhammet, akylyňa aýlan! Galada häzir iki müňe golaý nöker bar. Siziň bize garşy edip biljek zadyňyz ýok. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Siziň günüňiz ýaşdy. Hakykaty mertlik bilen boýun alyň. Netije bolmajagy görnüp durka, pidanyň sanyny köpeltjek bolma! Meniň öňüme düşüň — diýip, Bähram kutwal Gutulmyşy haýpygelijilik bilen synlady. — Sen öz bagtyňy garaltdyň hem meniň bagtymy gara etdiň. Sen baradaky ýalňyşym aýylganç urga öwrüldi.
— Kutwal, hakykaty senden başga hiç kim bilenok. Sen bize gaçmaga puryja ber.
— Meni öldür, ýöne menden başarmajak zadymy talap etme.
Gutulmyş oglunyň ýanyna baryp, sag elini onuň sol egnine goýdy-da, guwanç bilen gysdy:
— Oglum, sen meniň çak edişimdenem dogumly ekeniň. Sen uly iş bitirdiň.
— Baba, men saňa mynasyp ogul bolmak isleýärin.
— Sen Seljuk begiň neberesine mynasyp ogulsyň.
— Hakykatdan hem men Seljuk begiň neslindenmi?
— Şeýle. Sen Seljuk begiň çowlugysyň.
— Arslan ýagbu meniň atammy, baba?! — diýip, Süleýman begençden ýaňa hamsykdy.
— Sen Arslan ýabgunyň agtygysyň!
— Atam meni tanarmyka baba?
— Sen ataňa gaty meňzeş.
— Men Arslan ýabguwa meňzeşmi? Meniň atamy göresim gelýär. Ony şeýle bir göresim gelýär.
— Sen ony entek köp görersiň.
— Men özümiň aňrymyň beýikdigini bilýärdim.
— Sen ýalňyşmansyň.
— Zyndanda oturmaly bolsa-da, men seniň ýanyňda boljak. Meni ýanyňdan aýyrma, baba.
Birmahal Gutulmyş şu sözleri Arslan hana aýdypdy. Şonda han ogluna teselli beripdi. Gutulmyş kakasynyň sözlerini ýatlady, şol sözleri ogluna aýtdy.
— Ikimiz mydama bile bolarys, Süleýman. Ikimiz köp-köp ýerleri teshyr ederis23. Sen beýik bir patyşa bolarsyň.
— Men patyşa bolmak isleýärin, baba!
— Sen hökman patyşa bolarsyň!
— Men ähli ýumşuňy ýerine ýetirerin!
— Häzir emir-i-harasyň ýanyna bar. Oňa: «Babam daňdana çenli maňa azar bermäň, ýanyma gelmäň. Iki sany jandar hem daňdana çenli ýanymda bolar. Soltanatdan çapar geldi. Çaparyň habaryny entek alamok. Çaparyň habaryny men saňa giýewim Muhammetden ýetirerin. Menden arkaýyn bol diýdi» diý. Aýdyp bilermiň?
— Aýdaryn. Özem ynandyraryn.
— Bar onda. Eliňdäki ok bilen ýaýyňy goýup git.
Süleýman kakasyna, ejesine, babasyna, elleri ýaragly gullukçylara birlaý nazar aýlady-da, çykyp gitdi. Ýöne köp wagt geçmänkä ylgap içerik girdi.
— Näme habar, Süleýman?
— Baba, soramak isleýän zadym bar.
— Soraber, oglum.
— Sen enem bilen babamy öldürmekçimi?
— Ýok, bularyň garşysyna men el göterip bilmerin.
— Yzymda enem bilen babamy öldürersiň öýdüp gorkdum.
— Men senden ogryn hiç iş etmerin, oglum.
— Çynyňmy, babam?
— Elbetde, çynym.
— Baba, gel, gujaklaşaly-la. Seni gujaklasym gelýär meniň.
Gutulmyş bilen Süleýman garsa gujaklaşdy. Süleýman begençden ýaňa gözýaşyny saklap bilmän aglady. Gözýaşyny görkezmezlik üçinem başyny galdyrman içerden çykyp gitdi.
— Muhammet, günäden daşda dur. Sen meniň agtygyma ýalan sözlemegi öwretme. Ýalanyň aýagy ýeldendir. Onuň bilen uzak gidip bolmaz, yzyňy tapmarsyň.
Özüniň, kakasynyň öldürilmejekdigini eşiden Sünbüle biraz köşeşen-de bolsa, sandyramasy entek aýrylmandy. Ol iňňäniň üstünde oturan ýalydy.
Ýyldyzlar öten agşam Gutulmyşa ertir işiniň şowly boljakdygyny aýdypdy. Ol muňa o diýen üns bermändi. Görüp otursa, bu gün onuň üçin on dört ýyllap garaşan güni eken.
Gutulmyş gaýynatasynyň elini-aýagyny daňyp ammara saldy. Gygyrmazlygy üçin agzyna-da desmal dykdy. Aýalyny-da gaýynatasynyň ýanynda goýdy. Olara daňdana çenli gözetçilik etmegi mazduryna tabşyrdy.
— Men seniň bilen gitjek — diýip, Süleýman elewredi.
— Sen häzir Horosana ugramaly bolarsyň. Ol sebitde meni ähli kişi tanaýandyr. Gutulmyş diýip meniň adymy aýtsaň, saňa meniň nirededigimi aýdyp bererler. Ýöne maňa duşuşýançaň hiç kime özüňi tanatmagyn.
— Baba, seniň adyň Gutulmyşmy?
— Hawa, oglum. Meniň oguz adym Gutulmyşdyr. Musulman adym Salyhdyr.
— Atamy göresim gelýär. Ýekeje gezek görkezäý, babam!
— Howlukma! — Gutulmyş ogluna hazynasyny görkezdi. — Sen şu lagly-göwherleri sebetleriň düýbüne ýerleşdir. Üstüni-de dükanlardaky zatlardan doldur. Soňam öýdäki otuz sekiz düýe, on sany at bilen eneňi alyp, Nyşapur diýen şähere ugra. Nyşapurdan Merw ýoluna düşüp ugrasaň, birinji menzilde ullakan kerwensaraý bardyr. Kerwensaraýyň eýesine Ryzaguly Par diýýändirler. Ýüküňi şoňa tabşyr. Şondan soň meniň gözlegime çyk. Ýanyňda Şapar bolar. Ol seni gorar. Oňa janyňy ynanyp bolýandyr. Şapardan beýleki hyzmatkärleriň bilen gürleşmegin. Şapar bilen Ryzaguly Par ikisi dogandyr.
— Aýdyşyň ýaly ederin, babam! Ýöne siziň ýola düşeniňizi ilki göresim gelýär!
— Şu ýerden Surh-Kulahan çölüniň içinden geçýän ýol bilen Nyşapura ugra, eger gijä galsaň, soň biziň gözlegimize çykan soltan goşuny seni derrew tutar, ähli baýlygyňy-da alar. Şonuň üçin howluk! Bir gije-gündiz dynman ýöräň. Dynç aljak bolmaň. Ukyňyzy atyň üstünde alyň.
— Aýdyşyň ýaly ederin, babam!
— Şapar, gel ýanyma!
— Gulluk, tagsyr.
— Oglumy saňa ynanýaryn.
— Elimde baryny gaýgyrmaryn.
— Ugraň!

On altynjy bap

Gutulmyş seljuk tussaglaryny galadan alyp çykmak beýle aňsat düşer öýtmändi. Ähli zat onuň çak edişinden has şowly boldy. Ol kutwalyň adyndan emir-i-harasyň ýanyna bardy.
Ynandyrmak üçin ilki özüň ynanmaly. Ynam gürlände ýalanam hakykata öwrülýär.
— Horasanda soltan goşunynyň seljuklylar bilen söweşýändigi hakda eşidensiň. Soltan Masut seljuklylara gahar edip, ähli seljuk tussaglaryny öldürmek barada perman beripdir. — Soltanatdan size — kutwal Bährama-da habar geldi. Kutwal öten agşamdan bäri çapar bilen Gaplaň gaýasynda edilmeli işi maslahatlaşýar. Diwany wezarat24 soltanyň permanyny ýöriteläp umury emeniýetiniň25 sahybyndan gönderipdir. Sahybyň ýanynda iki ýüz nökeri bar. Soltanyň saýlama goşunynyň nökerleriniň gala gelmegi her hili myş-myşyň döremegine sebäp boljak. Soltan seljuklylary Gaplaň gaýasyndan aşak taşlamak hakda perman beripdir. Kutwal meni siziň ýanyňyza gönderdi. Ol tussaglary otuz sany jandar bilen alyp gelsin diýdi. Meniňem seniň ýanyňda bolmagymy haýyş etdi. Men razylaşdym, söz berdim. Şonuň üçin sen näme buýruk berseň, men ýerine ýetirmäge taýýar.
— Otuz jandar az bolar.
— Kutwal adamyň köp bolmagyny islänok. Onsoňam sahybyň iki ýüz sany saý nökeri bar. Ähli işi olaryň özleri etjek. Seniň wezipäň tussaglary Gaplaň gaýasynyň ýanyna eltmek. Sahyp ähli işi garaňkylykda ýaşyryn etmek isleýär.
— Gandally alyp gitsemmikäm?
— Gandal nämä gerek?
— Bu barada kutwalyň ýanyna gidip anyklap geleýin.
— Onuň keýpi ýok. Seljuklylary eltmän, ýeke özüň sorag bilen barsaň, gaharynyň gelmegi mümkin. Onuň maňa-da käýemegi mümkin. Sözüňi düşündirip bileňokmy diýer. Seniň tejribäň ýeterlik. Nädende gowy bolar hasap etseň, şony et.
— Gandalsyz olary galadan çykaryp bolmaz.
Gutulmyş gürlesem ýalňyşaryn diýen ätiýaç bilen dymdy. Özüniň häzir gaýynatasynyň ýanyna gitjekdigini aýdyp, emir-i-harasyň ýanyndan gitdi. Öz adamlaryny ugradyp, emir-i-harasyň näme iş edýändigini yzarlady. Biraz wagtdan soň emir-i-harasyň ähli seljuk agöýlülerini meýdança çykaryp, gandallaýandygyny eşidip rahatlandy.
Gutulmyş gandallary açar ýaly gurallary taýýarlap Gaplaň gaýasyna alyp barmagy käbir öz adamlaryna tabşyrdy.
Gutulmyş özüniň ýigrimi adamyny ogly Süleýmanyň hyzmatynda goýdy. Galan ýüzden gowrak adamyny Gaplaň gaýasyna alyp gitdi. Jülgäniň dar ýerinde jandarlary güpbasdy eder ýaly taýýarlyk gördi.
Gaplaň gaýasyndan bir menzil uzaklykdaky kiçeňräk çeşmäniň boýunda agöýlüleriň naharlanmaklary üçin otuz adamy ýörite ugratdy. Ol ýerde Gutulmyş kakasynyň azat bolandygynyň hormatyna uly meýlis gurnamagy maksat edinýärdi.
Seljukly tussaglary azat etmäge Gutulmyşyň özi baş bolup gatnaşdy. Öz ýigitleriniň hersiniň nirede durmalydygyny, sykylyk sesi çykan dessine näme etmelidiklerini birin-birin görkezdi, düşündirdi. Bir säwlik bolaýmasyn diýen ätiýaç bilen jandarlar tussaglary getirýänçä iki gezek barlap çykdy. Käbir gulamyndan näme etmelidigini sorap, janyny barlady. Gutulmyşyň çaky boýunça jandarlaryň janlaryny jähenneme göndermek o diýen müşgil bolmaly däldi. Çünki her bir jandaryň garşysyna iki-üç adamy bardy.
Gutulmyş tolgunýardy. Kakasynyň azat boljagy ýalan ýalydy.
— Men şu günüň boljakdygyny bilýärdim — diýip, ol zol-zol gaýtalady.

* * *
Elleri-aýaklary gandally seljuklylar Gutulmyş dagynyň deňinden geçip ugradylar.
Gutulmyşyň hakyna tutup getiren ýigitleri hiç bir howpa garaşman peýwagtyna mytdyldyklap barýan jandarlaryň üstüne gaplaň bolup topuldylar. Alagaraňkylykda jandarlar nämäniň-nämedigine başda düşünmediler. Jandarlaryň-a öldürilýändigini, özleriniň bolsa azat edilýändigini aňan seljuklylar hem jandarlaryň üstüne towsup, darkaşa girdiler. Sähel salymda jandarlaryň soňuna çykyldy.
Iki tarapyň hem begenjiniň çägi ýokdy. Seljuklylar azat bolandyklaryna begenip, sesleriniň ýetdiginden gykylyklaşýardylar. Gutulmyş tussaglaryň ählisi üçin täze eşik taýýarlapdy.
Olar çeşmä suwa düşdüler. Köne eşiklerini otladylar, täze eşiklerini geýdiler. Soňam Gutulmyşyň taýýarlan desserhanynyň başyna geçdiler.
Arslan beg:
— Gutulmyş, hany, meniň ýanyma gel, men seni ýagşyja synlaýyn — diýip, buýsançly aýtdy. Ýanyna gelen ogluny içgin gözden geçirdi. Onuň eginlerinden tutup, özüne çekdi, gujaklady. — Berekella, oglum, är işini etdiň.
— Baba, sizi wagty bilen boşadyp bilmedim.
— Allanyň sähetli güni bar.
Olar ýanaşyk oturyp naharlandylar.
Uzaga çeken tussaglyk ýyllarynyň geçdigi, yzda galdygy bolsun! Seljuklylar başdan geçiren horluklaryny, sakçylar bilen baglanyşykly bolan wakalary biri-birine gürrüň berýärdiler.
— Gaplaň gaýasyna bakan ugranymyzda — dogrymy aýdýaryn — bizi gaýadan aşak goýbermäge alyp barýandyrlar diýip pikir etdim — diýip, Arslan ýabgu Gutulmyşa gürrüň bermäge başlady. — Ýöne, bilýärsiňmi näme, Gutulmyş, galanyň derwezesiniň ýanynda bir oglan gözi ýok ýaly atylyp alkymyma geldi. Ol näme diýdi diýsene: «Essalawmaleýkim, ata! Bu men — Süleýman!» diýdi. Özem ony görenimde, näme üçindir, süňňüm gagşady gitdi. Dilim tutuldy. Oňa ýeke agyz sözem aýdyp bilmedim. Musulmançylyk parzyny tutup, ol gözsüzbatyr oglanyň Taňry salamyny almalydygymy bilýärin. Ýöne gepläp bilmesem näme. Maňa salam beren oglan şindem göz öňümde dur. Özem meni geň galdyran esasy zat, ol oglany jandarlar görmeýän ýalydylar, olar oňa ýagşydan-ýamandan ýeke sözem aýtmadylar.
Özüni Süleýman atlandyran oglanyň öz ogludygyny aýtmaga Gutulmyşyň dili barmady. Ol bu gürrüňi eşitmeýän ýaly dymdy, başga ýana sereden boldy. Horasandan getiren adamlaryna gala dolanyp barmaklaryny, ýene bir aýdan soň öz isleglerine görä öýlerine dolanmaklaryny tabşyrdy. Olaryň her biri bilen aýratynlykda hasaplaşdy. Wada eden dinaryny berdi. Horasanlylaryň ýüz elli seljuklynyň toparynda galmagyna Gutulmyş kes-kelläm garşy çykdy.
— Biz çar ýana dagalyň. Her kim öz gününi görsün. Biz uly topar bolsak, göze görneris, bizi aňsat ele salarlar — diýip, seljuk begleriniň birisi Arslan ýabguwa geňeş saldy. — Bäşden, ondan toparlara bölüneliň.
— Ýok, başymyzy bölmäliň. Ýaragymyz bar, dinarymyz bar, hor bolmarys — diýip, Arslan ýabgu Seýit ýoldaşa garşy çykdy.
Seýit ýoldaş Arslan ýabgunyň ýanyna gelip oturdy.
— Haýsy tarapa gideli? Eger Horasana, Nyşapura bakan gitsek, onda bizi Multana ýetmänkäk ele salarlar. Biz soltanyň goşunynyň üstüne öz aýagymyz bilen bararys. Öňem seljuklylara gahary gelip ýören soltan bar ahmyryny bizden çykarar.
— Ondan nirä gitsek, gowy bolarka?
— Biz Ýezde gideliň. Büweýh soltanyna ýa-da Kaku soltanyna ýüz tutalyň.
— Eh, Seýit, ähli soltanlaryň seljuklylardan ýaňa içi ot bilen ýalyn. Onsoňam Ýezd biçak uzak. Ýezde ýetip bilmän Lut çölünde suwsuzlykdan öleris. Meniň babam hem Lut çölünde ölüpdir. Kebir deşti-hä durşuna duz bolmaly. Ol ýerde teşnelik hasam örtär.
Seýit bu söze garşy çykyp bilmedi.
— Dogry. Ýöne Gazna tarap gitmeli däldigimiz-ä köre hasa. Uçýan haly, sumrug guşy diňe hyýalat. Biz bir däl, iki çölden hem geçmeli bolarys.
— Semnana ýa Damegana barsagam bolar. Ýöne bu-da howply. Iň gowusy, Kermana gideliň. Ol ýeri parahat bolmaly. Yzymyzdan kowgy aýrylýança ol ýerde garaşalyň. Soň Buhara tarap ýöräbereris — diýip, Gündogdy atly ýoldaş gürrüňe goşuldy.
Ähli seljuk beglerine bu pikir makul göründi.

* * *
Gutulmyşyň aýagy ýere degenokdy. Ol begenjine guş bolup uçaýjak-uçaýjak bolýardy.
Arslan ýabgu welin bu wakany adaty bir bolaýmaly zat hasaplady.
— Sabyrda Rahman bar. Biz şu güne garaşyp sabyrymyzy ýitirmedik. Rahman myradymyza ýetirdi. Hana, Ahmet Meýmendi. Soltan Mahmyt ony näletläp zyndana saldy. Ahmet Meýmendi hem umydyny ýitirmedi. Mahmydyň ogly soltan Masut ony zyndandan çykaryp, özüne wezir etdi. Ol bolsa Kelejardan tä Balha çenli tagtyrowanda gidipdir26.
— Näme üçin tagtyrowanda? Atly ýa pilli gidende bolmaýarmy?
— Haý, Gündogdy, eger ol atly ýa pilli giden bolsa, hiç kim onuň gürrüňini etmezdi. Bäş ýüz gul ony egnine mündürip, aýagyny ýere degirmän Balha äkitse, onda adamlar onuň gürrüňini etjekler. Meýmendi özüniň güýjüni adamlara görkezmek isläpdir. Ol özüniň baýlygynyň güýjüni görkezipdir.
— Öňem-ä ol soltan Mahmydyň ýanynda tumşugyny ýokary tutandygy üçin zyndana atylypdyr. Aşa şöhratparaz eken onda ol.
— Gutulmyş, biz Ahmediň tagtyrowanda geçen menzilini ýöräp geçmäge razy. Olaryň tagtyrowany, tagty wagtlaýyndyr. Nesip bolsa, olaryň tagtyrowany, tagty biziňki bolar. — Arslan han buýsançly aýtdy. — Nesip bolsa, biz hem soltan bolarys. Iň esasy zat biz — azat. Indi dünýä biziňki bolar. Biziň häzirki maksadymyz şu tokaýlykdan çykyp, Surh-Külahan çölüni geçmek. Ana, ondan soň nirä gitsegem, howp häzirkisinden gowşar. Lut çölüni, Kebir çölüni howlukman geçeris.
Seljukly ýigitler ýol şaýyny tutmaga başlady.
Ýazylyp-ýaýrap oturan Arslan han Gutulmyşyň garaşmadyk sowalyny berdi.
— Sen Kelejara haçan geldiň, oglum?
Kakasynyň bu sowaly Gutulmyşy geňirgendirdi.
— Nireden?
— Horasandan.
— Men Horasana gidemok.
— Soltan Masuda garşy söweşip ýören sen dälmi?
— Ýok.
— Onda kim?
— Togrul bilen Çagry.
— Sen näme?
— Men Kelejarda amatly pursada garaşdym.
— Näme, näme?! näme üçin?
— Sizi halas etmek üçin!..
Arslan han tarsa ýerinden turdy, Gutulmyşyň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, dälirän ýaly gygyrdy:
— On bäş ýylyňy şu ýerde bihuda geçirdiňmi? Eý, hepbesiz! Hepbesiz! Men saňa aladaň külli musulmanyň aladasy bolsun diýmedimmi? Men saňa: «Ýitirmeseň — tapmarsyň» diýmedimmi?
— Baba!..
— Pak sen, pak! Seniň ýalylar müňlerçe! Eşidýärmiň, müňlerçe! Men senden serdarlyga garaşdym. Men saňa uly umyt bagladym. Ähli ýerde «Gutulmyş — meň mirasdüşerim» diýdim. Wa-hasrat-a, wa-daryg-a! bagtym ýatdy! Bagtymy ýatyrdyň. «Ineriň döli bolmaz» diýleni boldy…
Arslan hanyň gany depesine urdy. Ol oglunyň üstüne ýaraly ýolbars bolup topuldy. Onuň çem gelen ýerine urmaga başlady. Onuň bilenem kanagatlanman, Gutulmyşy bogup ugrady.
Gutulmyş garşylyk görkezenokdy, atasy näme etse, kaýyllyk bilen çekýärdi. Bu mahal dem alyp bilenokdy. Ýene sähel salymdan dem almagyň asla geregi-de boljak däldi.
Seljuklylaryň üç-dört sanysy ylgap gelip Arslan hanyň elini zor bilen Gutulmyşyň bokurdagyndan aýyrdylar, gapdala çekdiler, töwellaçy bolup, ony köşeşdirmäge çalyşdylar:
Arslan han özüni aşak goýbrdi, aýbogdaşyny gurap, başyny aşak salyp, sesini çykarman uzak oturdy.
— Ýabgu, sen ogluň yhlasynyň ýüzüne urma! Ol diňe seniň däl, biziň ählimiziň aladamyzy etdi. Ol bizi iýip-içer ýaly zatdan bol-telki üpjün etdi durdy.
— E-eý, Gündogdy, bu işi on-on bäş sany kişini kesanasyna tutup, Horasanda söweşip ýörkäňem oňaryp bolar. Onuň üçin bu ýerde goş basyp ýatmagyň asla hajaty ýok. Düşün ahyr! Wah, men munuň bar pikirini ýetim galmajak bolup, Kelejarda ýatandygyny bilen bolsam, özümem öldürerdim, sizem öldürerdim. Şeýdip, munuň hamrak damaryny guradardym. Men: «Oglum Şapar diýip birini hak-heşdek töläp Kelejara ugradypdyr-ow» diýip pikir etdim. — Arslan han teý köşeşip bilenokdy. — Eý, Salyh, bütin seljukly aýaga galyp, gaznalylara garşy baş göterip ýör-ä, nädip seniň on bäş ýyl şu ýerde bolmaga takadyň-ynsabyň çatdy?
— Boljak iş boldy. Häzir geçen günleriň dawasyny etmän, indiki etmeli işimizi maslahatlaşalyň — diýip, Gündogdy janykdy.
Bu söz Arslan hana makul görnen bolarly, uludan demini aldy-da aşak çökdi.
— Onda ýola düşeliň.
Ýola düşüldi.
Gutulmyş kakasyna ak ýakut berdi:
— Iki sany uly çöli kesip geçmeli bolarys. Şonda bu ak ýakudy agzyňyza salsaňyz, ol sizi teşnelikden, suwsamakdan aman saklar.

* * *
Gutulmyş uly bir ýalňyş goýberendigine düşündi. Ýolbeledi ýokdy. Özem bu ýerlere belet däldi. Şeýle-de bolsa ýola düşüpdi. Kiçeňräk bir derýadan ýüzüp geçdiler. Derýadan aňry giden tokaýlykdy. Onda hiç hili ýol ýokdy. Şonuň üçin hem gijelikde ýol geçmek kyndy. Daňdana çenli ýol ýöräp, gözleriniň awusyny almagy makul bildiler.

On ýedinji bap

Olary ýagyş damjalary oýardy.
Asmanyň ýüzi sargylt buluda örtülendi. Töwerek alagaraňkydy. Aslynda bolsa gün günorta çagydy.
Çisňäp maýdajadan ýagyp başlan ýagyş kem-kemden güýjedi.
Seljuklylar ýagyşdan penalanmak üçin gowak, amatly ýer agtardylar. Olar kiçeňräk bir gowaga bardylar. Gowak ýylanlaryň mesgeni eken. Dört kişini ýylan çakdy. Olary halas etmäge ýetişmediler. Göm-gök reňke öwrülip takga jan berdiler.
Ýagyşdan goranmak üçin seljuklylara şu gowakdan başga amatly ýer ýokdy, onuň üçin gowakdan ýylanlary kowmalydy.
Arslan han derrew çykalga tapdy.
Meýdandan ýüzärlik bilen narpyz ýygyp getirip, gowagyň içine taşladylar. Ýüzärlik bilen narpyzyň ysyny alan ýylanlar sähel salymda gowagy terk etdiler.
Şondan soň seljuklylar gowaga girdiler.
Gowakda ot ýakdylar.
Ýagyş diňer ýerde diňmedi.
Gutulmyş ýanyna on sany adam alyp, owkat gözlegine çykdy. Olar düşlän ýerleriniň günbatar tarapynda bir obanyň üstünden bardylar. Gutulmyş obanyň kethudasynyň ýanyna bardy. Özlerine köp mukdarda iýip-içer ýaly zatlaryň gerekdigini, berlen zatlar üçin altyn tölejekdigini aýtdy. Gutulmyş şu ýerde uly ýalňyşlyk goýberdi. Şol ýalňyşlyk hem olaryň bagtyny ýatyrdy. Ol özünde altynyň kändigini aýtdy, goltugyndan çykaryp altynlaryny görkezdi. Obanyň kethudasy şol altynlara imrindi. Iýip-içer ýaly owkatlyklaryny göterip tokaýa siňen nätanyşlaryň yzyna adam saldy. Mundan Gutulmyş dagynyň habary ýokdy. Olaryň keýpleri kökdi. Gülüşýärdiler, aýdym aýdýardylar.
Gaçgaklygyň dördünji günüdi. Ýagyş diňenden soň seljuklylar ýola düşmegi makul bildiler.
Daşary çykanlarynda bolsa, gowagyň öňi durşuna gaznaly nökerlerden doludy.
Gutulmyş nökerleriň arasynda azyk satyn alan oba kethudasynyň ýylgyrjaklap durşuny görüp, öz ýalňyşyna düşündi, hyrçyny dişledi. Ýöne içki pikirini hiç kime aýtmady.
— Begler, biziňki ýene paşmady! — diýip Arslan han ahmyr etdi. Ol oglunyň elinden tutdy:
— Gurhanda aýdylýar: «Taňry bilmezden hiç bir agaçdan bir ýaprak hem gaçmaz»27 diýlip. Maňa Taňrynyň ýazgydy şeýle. Men muňa boýun sundum. Oglum, Gutulmyş, men saňa soňky sargydymy aýtmak isleýärin.
— Men siziň ähli sargydyňyzy berjaý ederin, baba.
— Men saňa ynanýaryn, hut şonuň üçin hem saňa sargyt galdyrmak isleýärin. Meni diňle, oglum.
— Men diňleýärin.
— Oglum, aýralyksyz wysal ýok. Aýralyga döz gelip bilmek hem güýç adamy myrada ýetirýär. Sen meni ýitirmejek bolup ömrüňi ýitirýärsiň. Ýitirmän — tapyp bolmaz. Meniň kysmatyma alaç ýok. Sen şu pikire boýun sun! Meniň ömrüm aýralykda, jebirde soňlanmaly. Men bu hakda saňa öňem aýdypdym. Sen muňa kaýyl bol. Çünki bu maňa Taňrynyň ýazgydy. Seniň ýazgydyňda tagt görünýär. Sen şol tagta ýetmäge ymtyl. Eger ýazgydyňa ýetip bilmeseň, onda bu seniň nalajedeýin boldugyň. Sen häzir gaçyp başyňy gutar. Men senden gaçmagy öňem bir gezek towakga etdim. Ýöne sen meniň pendimi tutmadyň. Bu dünýä seniňki ýa meniňki däl. Biz bu dünýä gelmişek. Dünýä — patyşa, hökümdar. Diňe dünýäniň aýdany, diýeni bolýar. Biz şoňa görä bolmaly. Kysmata kaýyl gelmeli. Sen gaçyp, güýç ýygnap gel!
Güýçler deň gelmedi: sagdan hem soldan dökülen soltan nökerleri seljuklylary boýun sünmaga mejbur etdi.
Bir hepdä çeken azatlyk seljuklylara biçak agyr düşdi.

On sekizinji bap

Gaçgaklara ýowuz çemeleşdiler: olary tä özlerinden gidýänçä gamçylap urdular. Hiç zat iýdirip-içirmän, dört gün Kelejaryň zyndanynda sakladylar. Soňam olary Gazna alyp gitdiler. Gaznada üç gün bolanlaryndan soň, Arslan han bilen Gutulmyşdan özgesini zyndandan alyp gitdiler. Soň olar zyndana dolanyp gelmediler.
Ataly ogul bir ýowuzlygyň gopandygyny aňdy. Olar ýalňyşmandy. Bir hepdeden soň ähli seljuklylary şäheriň bazarynda görene göz edip dardan asandyklary barada eşitdiler.
— Masut indi ikimizem öldüräýermikä?! — diýip, Gutulmyş içki howsalasyny daşyna çykardy.
— Ikimizi dardan asmaga bazar halkyndan gorksa gerek...
Zyndanda agyr dymyşlyk höküm sürýärdi. Arslan hanyň ýigitleri alyp gidilensoň, zyndanda ylla yns-jyns galmadyk ýalydy.
Ýassy namazynyň wagty gelen-de bolsa, ertirden bäri owkatlyk hiç zat getirilmändi.
Açlyk ysgyn-deramatdan aýyrýardy.
Ahyryl-ahyr owkatlyk getirildi.
Ataly-ogul getirilen owkatdan hiç bir zady güman etmän iýdiler.
Arslan han iň soňky dişlem tötegini ýuwdandan soň, özüne zäher berlendigine düşündi. Ol:
— Gutulmyş, wa-hasrat-a, meniň sanalgym doldy — diýdi.
Gutulmyş bir böküşde kakasynyň ýanyna bardy, näme etjegini bilmän elewredi. Arslan han kelemesini okamaga durdy. Içden agyry has güýçlense-de, ol çydamlylyk bilen kelemesini okap gutardy, soň ogluna ýüzlendi:
— Gutulmyş, meniň soňky sargydymy diňle.
— Baba, meni ýeke goýmaň.
— Ömür — arman. Men armanymy özüm bilen äkitmeli boldum.
— Armanyňyzy wysala ýetirerin. Çagry dagy Horasana dolupdyrlar. Men ähli jemagatlary jemlärin.
— Sen ýabgu bolmaly däl.
— Baba?!..
— Sen ýabgu bolmaly däl! Eşidýärmiň, sen ýabgu bolmaly däl! Sen Togrula nedim-wezir bol! Bu meniň soňky pikirim. Başky pikirimden el göterýärin. Togrul bilen Çagra boýun bolgun. Bu meniň saňa iň soňky sargydym.
— Baba, siz maňa sahypkyran diýipdiňiz-ä.
— Ýalňyşypdyryn.
— Zühal patyşalygy maňa güwä geçýär-ä, baba.
— Ol güwä gaty çuňlukda, düýpde.
— Tapawudy näme? Siz maňa pata beriň.
— Zühal — arman...
Bu söz Arslan hanyň — Ysraýyl ýabgunyň iň soňky sözi boldy, ol Gutulmyşyň elinde jan berdi.
Gutulmyş aýylganç gygyrdy. Onuň üçin dünýä çepbe çöwrülipdi. Sebäbi onuň hut şu güne çenli Zühal ýyldyzynyň güwäsine salgylanyp, külli oguz jemagatyna ýabgu göteriljekdigi hakdaky maksadyna gadaganlyk hökümi goýuldy. Onsoň, ol neneň bagyrmasyn?!
Onuň kakasy-da ýogaldy ahyryn!
Bu gün Gutulmyş aglaman, eýsem kim aglasyn?!

On dokuzynjy bap

Dördünji gün kimdir biri onuň başyny galdyryp bir owurt suw içirdi.
— Begim, özüňize sütem etmäň. Hiç zat iýip-içmeseňiz, aç ölersiňiz, ölmejek boluň.
— Näme, näme?
— Siz asylzada, aznawura28 meňzeýärsiňiz. Siz ölmeli aznawur däl. Meniň size nebsim agyrýar — diýip, otuz ýaşlaryndaky köseleç kişi özüne zor salyp ýylgyrjaklady.
— Ýok bol! — diýip, Gutulmyş eli muskaly29 kişini batly itdi. — Men seniň nebsagyryjylygyňa mätäç däl.
Seljukly tussaglary dardan asanlaryndan soň, zyndany täze tussaglardan doldurypdylar. Olaryň arasynda her hili adam bardy, özem olaryň ählisi bu ýeriniň öz kanunyna boýun egmelidi. Şol kanuna boýun egmedik kişileri zyndanda ýatan tussaglar öz aralarynda berk jezalandyrýardylar.
Bu ýerde möjek kanuny — diňe güýçli ýaşamaly, gowşaklar ýa ölmeli ýa-da güýçlülere tabyn bolmaly diýen kanun höküm sürýärdi.
Gutulmyş ähli seljukly tussaglar dardan asylansoň, Arslan han awy berlip öldürilenden soň diňe bir gam-gussany, hossar, dogan-garyndaş ýitgisiniň hesretini çekmekden başga-da zyndandakylara özüni ykrar etdirmek üçin köp güýç sarp etmeli boldy. Asyl onda gaýgy-gama batyp oturmaga wagt bolmady. Täze ýaşaýyş üçin göreş başlandy.
Berilýän ölmez-ödi tötegi Gutulmyşyň elinden aldyran günleri hem bolupdy. Şol günler zyndandakylar bilen wagşyýana garpyşypdy. Ol garpyşanda soňunyň nähili boljakdygy hakda oýlanmaýardy, töwekgellige bil baglaýardy. Darkaş diňe bir döwüm tötek üçin däldi. Ol özüni ykrar etdirmek, ähli kişiniň özüne tabyn bolmagy üçin göreşýärdi. Ol baran ýerinde ähli kişiniň özüni hormatlamagyna, özüne tabyn bolmagyna halys öwrenişipdi.
Üç aýdan soň Gutulmyş otuz sekiz adamly zyndanda özüne hormat goýulmagyny, özünden gorkulmagyny gazanyp bilipdi. Ol otuz sekiz adamyň serdary boldy. Ol bu ykrary güýç hem ýowuzlyk, pähim hem ugurtapyjylyk bilen gazandy.
Gutulmyş diňe bir gara güýji bilen däl, eýsem serdar peýkeri, ýiti pähimi bilen-de adamlary özüne tabyn etdi. Ol indi öňki Gutulmyş däldi, düýpgöter başga Gutulmyşdy. Öň onda ýabgu bolaryn diýen umyt bardy, bu ony mydama mertebede ýaşamaga mejbur edýärdi. Indi welin, ol hiç bir zadyň gamyny hem pikirini etmän ýaşaýardy. Sebäbi onda indi ýaşaýşa üýtgeşik bir höwes ýokdy.
Näme üçin ýaşamaly?!
Nämäniň hatyrasyna ýaşamaly?!
Has anygy, haýsy lezzet üçin ýaşamaly?!
Ýaşaýyş — lezzet!
Gutulmyş lezzeti nämeden gözlejegini bilenokdy.
Agtarýardy.
Gara çyny bilen agtarýardy…

* * *
Zyndanda ýatan ýedinji aýynyň dördünji güni ony soltan Masudyň dergähine alyp bardylar.
Geçen on bäş ýylyň içinde Masut öňküsindenem ýarsypdyr. Iki çekgesi gyzyl nar deýin ýalbyrap dur. Äpet bir kişi.
Soltan ony öz köşgünde dabaraly garşy aldy. Ýerinden turup, ýegana dosty deýin gülüp bakdy.
Gutulmyş Masudyň şadyýanlygyny halamady. Öň hem halamandy.
— Seniň bilen Mawerannahrda boza içmekde bäsleşenimde mazam ýokdy. Şol gün aşa köp içipdim. Öňki hasap däl. Ikimiz täzeden bäsdeşlik guraly. Boza içişlikde ýeňseň, men seniň islän şertiňi bitireýin.
Bu ýerde soltan ýeňjegini bilýärdi. Çünki Gutulmyş ysgynsyzdy, aýak üstünde hazzar durdy.
Herhal, bagtyňy synap görmek gerek!
«Belki, ýeňerin».
Gutulmyş bäsdeşlige gatnaşmagy üçin üç günläp özüniň dynç almak, taplanmak isleýändigini aýtdy.
Soltan loh-loh edip güldi.
— Bir hepdeläp özüňi seýisle! Eger bir hepdeden soň ýeňseň, men seniň islän şertiňi ýerine ýetirerin, eger ýeňilseň, onda sen meniň şertimi ýerine ýetirersiň.
Gutulmyş beg özüne bir ýowuz şertiň garaşýandygyny aňyp, sesini çykarmady.
Soltanyň tabşyrygy bilen onuň ýanyna Ýagmyr beg her gün gelýärdi. Olar bile naharlanýardylar.
Olaryň ikisi-de edýän gürrüňleriniň diňlenilýändigini bilýärdiler, şonuň üçin soltana gerekli, ony begendirjek ýa gynandyrjak gürrüň etmeýärdiler.
Ýagmyr ellerini öndäp, öz doganlarynyň — seljuklylaryň Horasanda uly ýeňişler gazanýandyklaryny, soltanyň şu sebäpli howsala düşýändigini, ýagdaýdan hiç hili çykalga tapmaýandygyny düşündirdi.
Gutulmyş Ýagmyryň öndemesinden soltanyň ýagdaýynyň agyrdygyny, boza içişligini gurnap, özüni şadyýan, äwmezek görkezmek isleýändigini aňdy.
Boza içişligini gurnamak — soltan seljuklylary özüne howp hasap edenok diýmek. Eh, Masut, Masut, bu tilsimiň başa bararmyka seniň?! Sen bäsdeşlik geçirjek adamyňy nädogry saýladyň!
Gutulmyş öz öňünde goýuljak wezipä düşündi: ol seljuk beglerine ýüzlenmeli, olary toba çagyrmaly.
Ýagmyr öz wezipesini ýerine ýetirdi: soltan Masudy taryplady, eger seljuk jemagatynyň soltanyň gol astynda wepalylygyny görkezseler, bagtlarynyň açyljakdygyny gürrüň berdi.

Ýigriminji bap

Boza içişlik boýunça geçiriljek bäsdeşlige tomaşa etmäge köşgüň tas ähli emeldary geldi. Soltanyň köşgi adamdan doldy.
Ortada birmahal Samarkantda edilişi deýin iki ýerde otuz satgin goýlupdyr. Şerapdarlaryň emri bilen ak atlasdan ýukajyk eşik geýnen saky gyzlar satginlere boza goýup çykdylar.
Gutulmyş bu bäsdeşlige gatnaşmak islemeýändigini aýtdy. Onuň bu sözüni Ahmet Meýmendi halamady. Onuň ümlemesi boýunça Gutulmyşy zor bilen satginleriň ikinji üýşmeginiň öňüne getirdiler.
Gutulmyş boza içesi gelenokdy, messepsiz Masut bilen bäsdeşlik geçiresi-de gelenokdy. Ol göwünli-göwünsiz boza içip ugrady.
— Men ýeňildim! — diýip, Gutulmyş boza içmekden ýene ýüz öwürdi. — Siziň maksadyňyz meni ýeňmek. Men özümiň şu günki gün ýeňlendigimi boýun alýaryn. Siz ýeňiji.
— Ýok, ýok, maňa seniň beýdip ýeňleniň gerek däl. Men seni köp içmekde ýeňjek.
— Ýok, bu hakyky bäsdeşlik däl — diýip, ýerli-ýerden gygyryşdylar.
— Biziň soltanymyz bilen boza, rakiýa içmekde bäsleşip biljek adam ýok. Soltanymyzy bu dünýäde ýeňip biljek adam ýok.
— Beýik soltanymyzyň öňünde seljukly durup bilmedi. Sebäbi ol ýeňiljegini bilýär.
— Hakyky bäsleşik geçirilsin.
— Seljukly gorkýar.
Soltan Masut Gutulmyşa göwünlik berdi:
— Sen gorkma, serhoş bolsaň, seni zyndandaky ýumşak ýorgan-düşegiňe geçirip ýatyrarlar. Özem, ine, şu owadan saky gyzlar seniň hyzmatyňda bolarlar. Eger ýeňseň, men saňa şu owadan gyzlaryň birini peşgeş bereýin.
— Siz Samarkantda-da maňa bir gyz berdiňiz, ýöne soňundan sözüňizde durman, ol peşgeşiňizi menden aldyňyz.
— Mundan on bäş ýyl öň näme bolandygy ýadyma düşenok, ýöne men indi soltan. Saňa bu gün soltan söz berýär: eger ýeňseň, şu saky hem rakysçy gyzlaryň diňe biri däl, ikisi seniňki bolsun.
— Şu gyzlaryň içinden iki gyzy saýlamak mümkinmidir?!
— Saýla, ýöne bu gyzlaryň içinden üç gyza hyrydar çykmaly däl — diýip, soltan nyzama düzülen gyzlaryň içinden üç gyzy barmagy bilen görkezdi. Ol üç gyz aşa owadandy.
Gutulmyş kejirlik etdi, iki gyzy şol üç gyzyň içinden saýlady.
— Berseňiz-ä şu iki gyzy beriň, ýogsamam maňa gyz gerek däl.
Biraz oýlanan soltan Gutulmyş bilen razylaşdy.
Şondan soň Gutulmyşa bäsdeşlige gatnaşmakdan — içäýmekden başga alaç galmady.
Bäsdeşlik başlanandan soň ol başyny galdyrmady, birsyhly içdi oturdy.
Soltan her satgini boşadanda nobatlar dabaraly sazlary çalyp, öwç berýärdiler.
Gutulmyş soltan bilen deň aýak ýoluna gidip geldi, özem iki gezek gidip geldi.
Gutulmyş owadan gyzlaryň hersini bir gapdalynda duruzyp etmeli işlerini düşündirdi:
— Gezekleşip maňa satginleri alyp beriň, boşan satgini ýerinde goýuň.
Gyzlar öz wezipelerine düşündiler: satginleri yzly-yzyna Gutulmyşa berdiler, ol bolsa gözüni ýumup, berlen satgini içdi durdy.
Gutulmyş ukudady. Şonda-da zol içip durdy.
Soltan Masut Gutulmyşyň daşyndan birki gezek aýlandy, ony ukusyndan açjak bolup habar gatdy.
Gutulmyş onuň diýýän sözlerini eşidenokdy. Ol birsyhly içip durdy.
Soltan on bäş satgin içende Gutulmyş ýigrimi ýedi satgini boşadypdy.
Köşge ýygnananlar tomaşa isleýärdiler, ýöne Gutulmyşyň zol içip durşy gyzykly däldi. Soltan bozany aýdym diňläp içýärdi, käte rakysçy gyzlaryň arasyna baryp rakys oýnaýardy.
Wäşisi her hili gülküli gürrüňler aýdýardy.
Gutulmyşda bir maksat bardy: ýa soltan Masudy ýeňmeli ýa-da ölmeli!
Ol soltan Masudyň serhoş bolup özünden gidendigini, ony ýatmaga äkidendiklerini bilýärdi. Başga hiç zady bilmeýärdi.
Iki günläp ýatdy.
Üçünji gün Gutulmyşy soltanyň dergähine eltdiler.
— Özüňe geldiňmi? — Soltanyň ýüzünden gar ýagýardy.
Gutulmyş dymdy.
Soltan Masut wagt ýitirmek islemän, esasy gürrüňine geçdi:
— Häzir şu ýere seniň seljukly garyndaşlaryňdan dört kişini getirerler. Sen olar bilen gürleş. Goý, olar samsyk hereketlerini bes etsinler. Ýolbars bilen towşanyň oýny hiç wagt deň gelýän däldir. Goý, kynyklar meniň gullugyma gelsinler. Oguz oguzyň garşysyna gylyç göterse, pederlerimiziň ruhlary bizden närazy bolarlar. Men kynyklara garşy gylyç götermek islemeýärin. Kynyklar bolsa daşyna iki-üç müň başbozar jemläp, özlerini deňsiz-taýsyz batyr hasaplaýarlar. Siz meniň garşyma çykyp däl-de, meniň gullugymda durup, meniň bilen arkalaşyp bereket-döwlet taparsyňyz. Oguz hanyň pendini unutmaň: gaýa neberesi patyşa bolmalydyr, kynyk onuň gullugynda durmalydyr.

Ýigrimi birinji bap

Gutulmyş kynyk begleri bilen duşuşmaga bir hepde garaşmaly boldy. Bir hepdeden soň ony soltan Masudyň karargähine alyp bardylar.
Gutulmyş karargähe girenden içerdäkileriň arasyndan öz seljuklylaryny agtardy.
Agtardy, derrew tapdy.
Hana, iki kişi içerdäkilerden mähremligi bilen parhlanyp, yssy mähri bilen özüne çekip dur!
Gelenler Gutulmyş begden on-on bäş ýaş kiçi ýigitler: Bürgüt bilen Kerim. Bürgüt — Gyzylyň çykany bolmaly, Kerim bolsa Serhen atly müňbaşynyň ikinji ogly. Bu iki kynyk Gutulmyş begi görüp begendiler. Edep saklap, eglip salam berdiler.
Gutulmyş olar bilen mähirli salamlaşdy.
Soltan Masut uzyn nutuga başlady. Ol kynyk bilen gaýa tiresiniň ikisiniňem oguz neslidigini, iki dogana agzalalygyň ýaraşmaýandygyny, onsoňam ýurduň şasyna garşy çykmagyň diňe bir özüňiň däl, eýsem dogan-garyndaşlaryň, çaga-çugalaryň, gyz-gelinleriň, garry eneleriň hem bagtyny ýatyrmakdygyny, soltanyň şalygy goraýan elli müňden gowrak juwanmert atly goşunynyň bardygyny, onuň öňünde hiç bir güýjüň durup bilmeýändigini, özüniň ähli seljuk jemagatyny soltana sadyklyk bilen gulluk etmäge, agzybirlige çagyrýandygyny, eger pendi tutulmasa, onda günäniň özünde däldigini, seljuk jemagatyndan gelen ilçileriň öz gardaşlarynyň arasyna baryp, soltanyň aýdan her bir sözüni düşündirmäge borçludyklaryny, Arslan hanyň ogly Gutulmyşy agöýli saklaýandygyny, eger seljuklylar bulagaýlyk etseler, onda Gutulmyşy öldürmeli boljakdygyny, seljuk begleriniň Ýagmyrdan görelde almaklarynyň gerekdigini, özüniň Ýagmyrdan hem onuň serkerdelik edýän bäş müň esgerinden biçak razydygyny, şonuň üçin oňa islän sebitini ykta bermekçidigini nygtady. Soňundanam:
— Gutulmyş, sen bu seljuk jemagatynyň ilçilerine aýt, goý, olar bulagaýlyklaryny bes etsinler. Ähli seljuk serkerdeleri, begleri meniň ýanyma gelsin. Men olara Jeýhunyň kenaryndan ykta bereýin. Gutulmyş, sen aýt, goý, seljuk begleriniň ählisi meniň goşunyma gulluk etmäge gelsin.
Ähli kişiniň nazary Gutulmyşa gönükdi. Ol iki seljuk ilçisiniň ýanyna bardy. Olary içgin synlap, şeýle diýdi:
— Eý, meniň inilerim, Bürgüt bilen Kerim! Meniň size aýtjak sözüm bar. Ilçä ölüm ýok. Soltan size kast edip bilmez. Siz meniň sözümi seljuk beglerine ýetiriň! — diýip, Gutulmyş söze başlady. Soltan onuň aýdýan her bir sözüni üns bilen diňledi: — Gaznaly soltan ähtinde durmady. Mundan on bäş ýyl öň soltan Mahmyt seljuk beglerini görme-görşe çagyrdy. Başda olary iýdirip-içirip, on-ondan toparlara böldi, soňam gije olaryň üstüne topulyp, ählisini tussag etdiler. Beýle häsiýet soltana gelişýän häsiýet däl. Soň soltan Masut ýüz elli seljuklyny dardan asyp öldürdi. Arslan hany bolsa awy berip öldürdi.
— Bes et! — diýip, soltan Masut dergazap bolup ýerinden turdy.
— Seljuk begleri soltan Masuda ynanmasynlar! Ine, meniň size aýtjak sözüm. Arslan ýabgunyň iň soňky sargydy hem şeýle: gaznalylara ynanmaň, olar musulman ymmatyna baş bolmaga mynasyp däl. Seljuklylar yslamyň din gylyjy bolmaly.
— Ýok ediň şu ýerden! — diýip, soltan aýylganç gygyrdy.
Bäş-alty nöker Gutulmyşyň üstüne topuldy. Gutulmyş gelenleri juda kynçylyksyz ýere ýazdy. Ol şeýle bir owadan hereket etdi. Hereketi karargähdäkileriň ählisiniň hoşuna geldi. Onuň nökerler bilen darkaşy hoşuňa gelmezçe däldi. Ol ýanyna gelen nökerleri urup ýatyrmak üçin äwmän-telesmän hereket etdi: üç nökeriň diňe birini iki gezek urdy, galan ikisini bolsa bary-ýogy ýeke gezek urdy. Urgusy gaty ýowuz bolarly, nökerleriň birem ýatan ýerinden turjak bolmady.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 22 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: