19:25
Şyhattar hakynda söz
ŞYHATTAR HAKYNDA SÖZ

Sumbar jülgesinde ỳerleşỳän Könekesir obasyndan üç-dört kilometr uzaklykda, dagyñ eteginde Şyh Attaryñ mawzoleỳi bar. Ol baryp-ha XIII-XIV asyrlarda salnypdyr diỳip alymlar aỳdỳarlar. Şunça asyrlap başyny dik tutup oturan mawzoleỳiñ remont edilmäge mätäçdi. Şonuñ üçinem oba adamlary üỳşüp, içine ỳagyş-ỳagmyr girmezlik üçin onuñ depesine demirden halka ỳasadylar. “Taỳak gelỳänçä ỳumruk” diỳlişi ỳaly, adamlar öz eden işlerinden hoşal bolupdylar. Emma olaryñ göwnühoşlugy uzaga çekmedi. Aradan salym geçmänkä, geçen asyryñ 80-nji ỳyllarynyñ ortalarynda raỳkomyñ sekretarynyñ biriniñ ỳolbaşçylygynda gelen komissiỳa bu demir halkany göz-açyp ỳumasy salymyñ içinde aỳrypdy.

Eỳsem-de bolsa, bu nämäniñ hatyrasyna edildikä?

Asyrlaryñ ỳykyp bilmedik täsin ỳadygärligini indi biz bu günki gün öz elimiz bilen ỳykmalymykak?
Biz akyla sygmajak zada baş urlanda, hiç kimiñ “Siziñki nädogry. Bu öz döwrüniñ uly alymy, uly lukmany, uly filosofy bolan Şyh Attaryñ hatyrasyna dikeldilen ỳadygärlik” diỳip, bogazyna sygdygyndan gygyrmaỳşyna oturyp-oturyp haỳranlar galỳarsyñ. Eỳsem-de bolsa, munuñ biziñ ruhy göỳdükligimiziñ anyk bir mysaly dälmidi?

“…On bäş, ỳigrimi ỳyl mundan ozalam Şyhattaryñ içi-daşy abatdy. Oba ỳaşululary oña esewan bolỳardylar. Indi welin onuñ içini synlanyñda, agyñ tutỳar. Mawzoleỳiñ içindäki guburyñ daşynda gadymy ussalaryñ sünnäläp ỳasan agaçlarydyr gapylaryny sary garynja iỳip gutaryp barỳar. Mawzoleỳ bilen ỳaşytdaş belent başly çynar oña penakär hökmünde saỳa salyp otyr…”

Bu Könekesir obasynyñ Pordere jülgesinde ỳerleşỳän daş-töweregini belent daglar bilen gurşalan Şyh Attaryñ mawzoleỳiniñ gözgyny ỳagdaỳy hakynda. Bu hakda men 1989-njy ỳylyñ 21-nji maýynda "Türkmenistan" gazetinde ỳazypdym.
Dagyñ gözel yerinde, belent çynarlaryñ saỳasynda ỳerleşen bu mawzoleỳiñ belentligi 12 metrdir. Onuñ Gündogar tarapyndaky girelge içerde ỳerleşen dört burç (5x5 m) jaỳa eltỳärdi. Bu otagyñ iki gatlakly gupbasy bolup, onuñ burçlaryndan naỳza görnüşli dört ok ỳokary gidỳärdi. Bu oklar soñra 12 burçlygy emele getirỳärdi. Biz öz deñ-duş oglanlarymyz bolup ỳaş wagtlarymyz bu mawzoleỳe gezelenje gelerdik. Şonda jaỳyñ diwarlarynyñ baỳ dekoratiw bezegler bilen bezelendigi ỳadymda. Şol döwrüñ gündelik durmuşy we gurluşyk däpleri bilen baglanyşykly bolan bu bezegler indi ỳitip gidipdir. “Ýadygärligiñ bezegi, ussatlyk bilen salnan nagyşlar bu mawzoleỳiñ XIII-XIV asyrlarda bina edilendigini çaklamaga esas döredỳär” diỳip, merhum alym Nazar Halymow bilen söhbetdeş bolanymda aỳdypdy.
Nebsimiz agyrsa-da Şyhattaryñ mawzoleỳi henize çenli döwlet hasabyna we goragyna alynmandyr. Bu mawzoleỳiñ özboluşly gurluş aỳratynlygy, bezegi ähli jemgyỳetçiligiñ, ylaỳta-da arhitektorlaryñ we arhitektura taryhçylarynyñ ünsüni çeker diỳip pikir edỳäris.

Eỳsem-de bolsa, Şyh Attar kim bolupdyr?!

Feridetdin Attar 1141-nji ỳylda (E.E.Bertelsiñ ỳazmagyna görä, bolsa ol 1150-nji ỳyl) Nişapur şäheriniñ eteginde, dermanhanaçynyñ maşgalasynda dünỳä inipdir. Onuñ kakasy gurply bolansoñ, ol öz ogluny okadypdyr. Feridetdin ỳaş wagtlary ylmyñ dürli ugurlary boỳunça ỳeterlik bilim alypdyr. Aỳratynam ol din ylmyna, medisina uly höwes bildiripdir. Aỳratynam ol Abu-Aly ibn Sinanyñ lukmançylyk baradaky işlerini gowy öwrenipdir. Maglumatlara görä, Şyh Attar tutuş ömrüni Nişapuryñ eteginde geçiripdir. Ol özüniñ ỳazmagyna görä, köp eserlerini atasyndan özüne galan dermanhanada oturyp ỳazypdyr. (Attar dermanhanaçy diỳmegi añladỳar.) Attaryñ jahankeşde bolandygy, onuñ esasan musulman Gündogar ỳurtlaryna, Ýegipte, Hindistana syỳahat edendigi hem mälimdir. Şondan soñ ol ỳene-de dogduk mekanyna – Nişapura dolanypdyr. Ömrüniñ ahyryna çenli hem şol ỳerde ỳaşapdyr. Şyh Attar 1229-njy ỳylda wepat bolupdyr. Rowaỳatdan görnüşi ỳaly, ol mongollaryñ elinden wepat bolupdyr: bir mongol Şyh Attaryñ kimligini bilmän, gul hökmünde satarman bolỳar. Gojany 1000 dirheme bahalaşỳar. Şonda ony Şyh Attar hakyky bahasyna satmaklaryny soraỳar. Şonda ony bir petde samana dileỳärler weli, dälilik hetdine ỳeten mongol şyhy gylyçdan geçiripdir. Onuñ ölümi bilen baglanyşykly bu waka çynmy ỳa ỳalan, belli däl. Ýöne şeỳle rowaỳat bar.

Onda mongol tarapyndan öldürilen Şyh Attaryñ mazarynyñ Nişapurdan ep-esli uzaklykda ỳerleşỳän Könekesir obasynyñ golaỳynda ỳerleşmegi nämedenkä?

25-30 ỳyl mundan öñ metbugat sahypasynda Şyhattaryñ mawzoleỳi hakyndaky habary okanym ỳadymda. Şol habarda bu parasatly adamyñ hatyrasyna Eỳranda we Samarkantda mawzoleỳleriniñ bardygy aỳdylỳardy. Şonda men bir adama hatyralap birnäçe mawzoleỳiñ gurlandygyny haỳran galypdym.
Bu gün bolsa onuñ biziñ obamyzdaky mawzoleỳine zyỳarata gelip gidỳanleriñ sany köpelmese azalmaỳar.
Öz döwründe uly şyhlaryñ hatarynda tanalan Attaryñ bu ugra ỳykylyşy barada şeỳle rowaỳat hem bar: “Bir gezek onuñ dermanhanasyna bir derwüş gelip, ondan bir zatlar soranda Attar sesini çykarmandyr. Derwüş uludan demini alyp, daşyna garanjaklapdyr. Şonda Attar ondan näme beỳle gaỳgy-gama batanyny sorapdyr. Maña ölmek añsat, sebäbi meniñ hiç zadym ỳok. Dat seniñ günüñe” diỳip, derwüş aỳdypdyr. Attar: “sen nähili ölseñ, menem şeỳle edeỳin” diỳse, onda derwüş: “Meniñki ỳaly ölmegi başararmykañ?!” diỳip, egnindäki hyrkasyny başujyna ỳassyk edip, uzyn düşüp ỳatyberỳär. Ol “Ýa, Alla!” diỳip jan beripdir. Attar bu ahwaly görüp, añk bolup galypdyr we öz dermanhanasyny ỳapyp, çykyp gidipdir. Rowaỳata görä, Attar bir ỳüz on dört ỳaşapdyr. Belki-de bu onuñ keramatlydygyny nygtamak üçin, Gurhanyñ bir ỳüz on dört süresiniñ sany bilen baglanyşdyrylan bolmagy ähtimaldyr.
Gündogarda gadymdan gelỳän şeỳle bir rowaỳat bar. Bu rowaỳaty Nyzamylmülk “Syỳasatnama” kitabynda-da getiripdir.
Nowşirwan Adyl bir gün atyna atlanyp, golaỳ-goltumlary bilen awa çykypdyr. Ol bir obanyñ deñinden geçip barỳarka, togsan ỳaşly gojanyñ ỳere hoz agajyny oturdyp durandygyny görüpdir. Nowşirwan muña añk-tañk bolupdyr, sebäbi hoz agajy diñe ỳigrimi ỳyldan soñ miwe berỳän eken. Nowşirwan:
- Eỳ, goja, sen hoz agajyny oturdỳarmyñ? – diỳip sorapdyr.
- Goja: - Hawa, patyşahym! – diỳip jogap beripdir.
- Miwesini iỳmek üçin sen ỳene näçe ỳaşarsyñ?
- Öñküler oturdyp gidipdirler, biz iỳdik, biz oturdyp gideris, soñkular iỳerler.
Bu jogap Nowşirwan Adylyñ göwnünden turupdyr. Ol:
- Berekella – diỳipdir welin, gaznaçy derhal goja müñ dirhem beripdir. Goja:
- Eỳ, sahyp, bu hoz agajynyñ miwesini, şeỳdip menden basym iỳen bolmady! – diỳipdir. Nowşirwan:
- O nähili beỳle bolỳar? – diỳip sorapdyr.
- Goja:
- Eger men hoz agajyny oturtmadyk bolsam, patyşa-da bu ỳerden geçmedik bolsa, sadyk guluñyza bu zatlar miỳesser etmezdi. Eỳsem, men şeỳle jogap bermedik bolsam, men nireden müñ dirhemli bolaỳyn?! – diỳip jogap beripdir.
- Berekella! Berekella! – diỳipdir. Gaznaçy derrew goja iki müñ dirhem beripdir, sebäbi Nowşirwan “berekella” diỳen sözi iki gezek gaỳtalapdyr”.
Şyh Attar bu rowaỳatyñ asyl nusgasyny saklap, onuñ şygry dili bilen çeper suratlandyrỳar.
Dünỳä edebiỳatynyñ dür däneleri Jelaletdin Rumy, Fizuly, Alyşir Nowaỳy… bularyñ ählisi Şyh Attaryñ zehinine tagzym edipdirler. Ondan öwrenipdirler. Rumy heniz çaga wagty bu uly ussadyñ diwanlaryny yzygider okapdyr, olary ỳat bilipdir diỳen ylmy maglumatlar hem bar. Hatda ol on iki ỳaşlaryndaka kakasy Soltan Ulem bilen Horezmi taşlap gaỳdanlarynda Nişapura sowulyp, Şyh Attar bilen görüşmän gidip bilmeỳärler. Olar Nişapura gelip Şyh Attary soranlarynda, şyhyñ din hadymlary tarapyndan ỳeretik pikirleri üçin ölüme hokum edilendigini, bu hökümiñem onuñ şäherden kowulmagy bilen çalşylandygyny eşidipdirler. Ataly-ogul het edip-hesip edip Şyh Attary bir dagyñ gowagyndan tapypdyrlar we gürrüñdeş bolupdyrlar. Professor Ýe.E.Bertels Şyh Attaryñ bu agyr jeza höküm edilmegine onuñ dördünji halyf Aly hakynda “Täsinlikleriñ ỳüze çykmasy” (“Proỳawleniỳe çudes”) atly poemasyny ỳazandygy sebäp bolandygyny ỳazỳar. Görşümiz ỳaly Şyhattar ỳaşynyñ soñunda öỳsüz-öwzatsyz galypdyr. Ýe.E.Bertels rowaỳata salgylanmak bilen, ol 1230-njy ỳyl töweregi wepat bolandyr diỳip çak edỳär. Ýeri gelende aỳtsak, Gündogaryñ dana ogly Şyhattaryñ döredijiligini öwrenmekde rus alymy Ýe.E.Bertelsiñ aỳratyn hyzmatlaryny bellemek gerek. Onuñ 1924-nji ỳylda “Feridaddin Attaryñ sufiỳ Kosmogoniỳasy” atly kitaby neşir edilipdir. Ol dürli döwürlerde onuñ Şyhattar hakyndaky makalalary ylmy neşirlerde çap edilipdir. Onuñ “Ferideddin Attaryñ poemasynyñ Leningrad döwlet jemagat kitaphanasyndaky gymmatly golỳazmasy”, “Attaryñ gazalynyñ bir düşündirişi hakynda” ỳaly makalary hem muña şayatlyk edỳär. Bertels ilkinji bolup Attaryñ “Bilbilnama” poemasyny rus diline geçiripdir. Ol öz makalalarynyñ birinde Garsen de Tassa tarapyndan Attaryñ “Mantik at-taỳr” poemasynyñ 1857-nji ỳylda Parižde neşir edilendigini hem ỳazypdyr. Ol Attary Günbatarda onuñ esasan üç eseri bilen, ỳagny iki sany poemasy – “Maslahatnama”, “Guşlaryñ söhbeti” hemem “Öwlüỳäler hakynda ỳatlama” atly bir kyssa eseri bilen tanalỳandygyny aỳdỳar. Attaryñ eserlerinde dürli mazmunly hekaỳatlar, tymssallar agdyklyk edỳär. Bu onuñ döredijilik aỳratynlygydyr. Alyşir Nowaỳy ỳaş wagtlary pars, azerbeỳjan edebiỳaty bilen gaty içgin gyzyklanypdyr, 10-11ỳaşlarynda Saadynyñ “Gülüstan”, “Bostan” poemalaryny ỳatdan bilỳän eken. Alyşir Feridaddin Attaryñ “Mantik at-taỳr”, “Guşlaryñ söhbeti” atly poemasyny şeỳle bir gyzyklanma bilen okapdyr. Bütin dünỳäni unudyp, soñabaka adamlardan gaçyp başlapdyr. Onuñ bu ỳagdaỳyny gören kakasy oglunyñ bu poemanyñ okamagyny mejbury gadagan etmeli bolupdyr. Emma bu giçdi. Sebäbi Alyşir poemany boỳdan-başa ỳat tutupdy. Nowaỳy Attaryñ bu poemasyny ömürboỳy gowy görüpdir. Ýaşy birçene baransoñ, Nowaỳy bu poema jogap edip “Lisan at-taỳr” (“Guşlaryñ dili”) atly eserini döredipdir. Munazar žanrynyñ tradisiỳalarynda ỳazylan “Guşlaryñ söhbeti” poemasy Attaryñ hakdan içen şahyr bolandygyna güwä geçỳär.
Jelaletdin Rumynyñ “Mesnewisiniñ” döremeginde-de hut Attaryñ eserleriniñ täsiri ỳetendigi bellidir.Ýazyjy Radiỳ Fişiñ “Jelaletdin Rumy” atly kitabynda görkezişi ỳaly, Muhammet şanyñ eden etdiligine çydaman (Horezm şa tarapyndan Şyh Mejitetdin Bagdadyny zulum bilen öldürmegi, Çingiz hanyñ iberen musulman täjirlerine sütem edilmegi, halyfa garşy durmagy we gaỳralar), bu zulumyñ soñunyñ gowulyk bilen gutarmajagyny añan Jelaletdiniñ kakasy masgalasyny alyp, Horezmi terk edỳär. Ýolda Nişapura degip geçỳärler. Şonda Attar “Asrarnama” (“Syrlar kitaby”) diwanyny Rumynyñ atasyna sowgat berỳär. Ol “Ýakyn wagtda seniñ ogluñ hem bütin dünỳäde hudaỳy söỳänleriñ ỳüreklerinde ot ỳakar” diỳip, on-on iki ỳaşlaryndaky Jelaletdine baha berỳär.
Attar özünden öñki ỳaşap geçen dana adamlara çuññur hormat goỳupdyr. 736-njy ỳylda Maryda doglan Abdyrahman Abdylla Mübärek al-Merwezä bolan hormat-sylagy çäksiz bolupdyr. Merwezi hem alym, hem şahyr. Ol 797-798-nji ỳyllarda ỳogalypdyr. Attar ony “ylymda, batyrlykda deñi-taỳy bolmadyk” hökmünde häsiỳetlendiripdir. Attaryñ “Tezkere-i-ewliỳe” (“Öwlüỳäler hakynda ỳatlama”) eseriniñ 1436-1437-nji ỳylda parsçadan çagataỳ edebi diline geçirilendigi hem täsindir. W.M.Nasilow XI-XV asyrlarda uỳgur ỳazuwyna bagyşlanan kitabynda Attaryñ terjime edilen bu eseriniñ golỳazmasynyñ Pariždäki Milli kitaphanada aỳawly saklanỳandygyny belläp geçỳär.
Ýazyjy Radiỳ Fiş ỳañy ady agzalan kitabynda Attaryñ bir tymsalyny mysal getiryär: gadymy döwürde bir patyşanyñ ỳalñyz ogly bar eken. Patyşa ölenden soñ, onuñ tagtyna şol oglan geçmeli. Patyşa ỳa, oglunyñ baryp ỳatan akmakdygyna göz ỳetirip, tagt-a beylede dursun, iñ bir ỳönekeỳje işi-de ynanmak bolmajakdygyna berk ynanypdyr. Uzak oỳlardan soñ patyşa “heỳ, bolmanda pal atmagy-ha öwrener-dä” diỳip, ony alymlaryñ eline beripdir.
Birnäçe ỳyl geçenden soñ, alymlar oglany köşge, patyşanyñ ỳanyna getiripdirler. “Ogluñyza pal atmagyñ ähli kada-kanunlaryny öwretdik. Mundan başga biziñ edibiljek zadymyz ỳok” diỳip aỳdỳarlar. Şonda patyşa ỳüzügini bildirmän eliniñ ayasynda gizläp, öz elinde näme barlygyny sorapdyr. Şazada gumuñ ỳüzünde birzatlar çyrşaşdyryp: “Öz-ä togalak içem deşik” diỳip jogap beripdir. “Elimdäkiñ dasky görnüşini dogry bildiñ! Indi onuñ näme zatdygyny hem aỳt!”diỳse, şazada pikirlenip-pikirlenip “Ol-a degirmen daşy!”diỳipdir. Oglunyñ bu jogabyna patyşa: “Öwrenen zatlañ güỳji bilen-ä elimdäki zadyñ daşky alamatlaryny bildiñ. Ýöne meniñ elime degirmen daşynyñ sygmajakdygyna weli akylyñ ỳetmedi” diỳip, jany ỳanypdyr.
“Guşlaryñ söhbeti” diwanyndaky bu tymsalyny Attar Radiỳ Fişiñ ỳazmagyna görä, öz halypasy Mejitetdin Bagdadydan eşiden bolmaly (Bagdady Attara medisina barada derman serişdeleri barada köp zatlary öwrenipdir. Bagdady bilen Jelaletdin Rumynyñ kakasy Soltan Ulem bile bir ỳerde okapdyrlar. Bagdady soñ Horezm şa tarapyndan başy alnyp, derỳa taşlanylỳar).
Elbetde, bir gazet makalasynda sopuçylyk akymynda-da, edebiyat meỳdanynda-da uly yz goỳup giden Feridetdin Attar hakynda hemme zady aỳtmak mümkin däl. Şonuñ üçinem okyjylar azda-kände bu parasatly adam hakda düşünje alsyn maksady bilen bu ỳazgymyzy okyjylary ỳetirmegi makul bildik.
Bu beỳik dana kişiniñ hatyrasyna gurlan bir mawzoleỳiñ türkmen topragyndadygy hem aỳratyn bellenmäge mynasypdyr. Şyhattar ady bilen meşhur bu mawzoleỳ indi gör, niçeme asyrlaryñ şatysyna döz gelip, öz durkuny ýitirmän saklap gelýär.
Şyh Attaryñ mawzoleýiniñ we Könekesir obasynyñ taryhy boýunça ýene bir gyzykly maglumat bar: Beýik söz ussadymyz Alyşir Nowaýy Astrabadyñ häkimi wezipesinde işlän döwri, 1487-nji ýylda ýoly Könekesir obasynyñ üstünden düşýär we Şyhattaryñ guburynyñ üstüne kümmet galdyrýar. Ine, asyrlara ýeñ bermän seleñläp duran taryhy binanyñ şeýleräk taryhy bar.

Allaýar ÇÜRIÝEW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 46 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: