13:02
Türkmeniñ ýaşaýyş medeniýeti
TÜRKMENIŇ ÝAŞAÝYŞ MEDENIÝETI

Eziz watandaşlar!
Biz ýigrimi birinji asyry Türkmeniň Altyn asyry diýip yglan etdik. Hoşniýetli bitarap berkarar döwleti gurduk.
Men Ruhnama kitabyndan soň, her günki özüme gelýän hatlary okap, pikirlenýän, oýlanýan, ahyry hem Ruhnamanyň eliňizdäki ikinji kitabyny – «Türkmeniň ruhy beýikligini» ýazmaly diýen pikire geldim. Biziň bu gezekki söhbetimiz, esasan, türkmeni türkmen edýän ruhy beýikligimiz, edep gymmatlyklarymyz hakda bolar, olar dürs berjaý edilende bagta, bolçulyga eltýän şaýoldur. Ata-babalarymyz bahasyna hiç bir zat bilen ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary döredipdirler. Deňsiz-taýsyz türkmen edebiniň jöwahyrlygyna, gözelligine, ähmiýetlidigine şu kitaby okap çykanyňyzda açyk göz ýetirersiňiz.
Adamzat, ylym görlüp-eşidilmedik tizlik bilen ösýär, durmuş, ýaşaýyş, dünýä çylşyrymlaşýar. Ýigrimi birinji asyrda ylym-bilimden ýüküň ýetik bolmasa, kyn bolar. Bilermen alymlar ýakyn ýigrimi-otuz ýylda adamzat akylyndan dörän kompýuterleriň adamdan has akylly boljakdygyna güwä geçýärler. Ylmyň gazanýan üstünliklerine akyl ýetirmek barha-barha düýpli taýýarlygy, sowady talap edýär.
Çagalykdan ýüzmäni öwrenen adam derýa urup, ýüzüp geçip gidiberýär. Ýüzmäni öwrenmedik bolsa, kenarda gaýyk tapylmazmyka diýip, irikgä bolup garaşmaly. Durmuşyň deňze-derýa meňzeýän ýerlerem bar, ony zenana-da, ýylana-da, ýalança-da meňzedýärler, ony gaty kän zada meňzedýärler. Durmuş özüne meňzedilýän ähli zatlardan has çylşyrymly. Şonuň üçin atalaryň borjy – öz ornuna mynasyp nesil taýynlamaly. Mugallymlaryň borjy – mekdebi gutarýan ýaşlaryň dünýäniň islendik ýurdunyň ýaşlaryndan ylym-bilim babatda öňde bolmagyny gazanmaly.
Her nesliň gadyr-gymmaty özünden soň nähili nesil ýetişdirendigi bilen kesgitlenmeli. Döwletiň, ýurduň, halkyň ösmegi üçin ylymdar-ylymdar nesiller hemişe gerekdir.

* * *
Dünýäde şeýle bagt bar – bilmek, öwrenmek, pikir edip, oýlanyp göz ýetirmek bagty.
Dünýäde şeýle baýlyk bar – ol baýlygyň agramy ýok, hümmeti gaçmaýar, hiç kim talaň salmaýar. Ol baýlyk asmana uçsaň – ganat, deňze girseň – gämi, tümlükde – şugla saçýan röwşen ýagty. Ol baýlyk – bilmek, öwrenmek baýlygy. Biz bagtyýar adamlar. Sekiz asyrdan soň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini berkarar edip, ony dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşduk. Biz Garaşsyzlygymyzyň on iki ýylynda ösüp barýan döwletleriň sanawyndan saýlanyp, ösen döwletleriň hataryna goşuldyk. Bu hakykaty BMG-niň Ösüş syýasaty komiteti äleme yglan etdi. Biziň ösüşimiz ykdysadyýetdäki Beýik Galkynyşdyr. Diňe bir ykdysadyýetde däl, eýsem, döwletiň üç esasynda-da – syýasatda-da, ykdysadyýetde-de, ruhyýetde-de biz Watanymyzy 13 ýylda düýpgöter üýtgetdik. Netijede, Türkmenistan täze, kämil ýola gadam basdy. Ýurdumyzda on üç ýylyň içinde uly özgerişler bolup geçdi. Özem ol hiç hili pidasyz, agyrysyz bolup geçdi. Öňümizde täze mümkinçilikler, bolçulyklar açylýar. Bu deňi-taýy bolmadyk üstünlikler bizi arkaýynçylyga salmaýar. Biz öz wezipämize dogry düşünýäris.
Alp Arslan soltanyň ogly şazada Mälige atalyk ulamalar her günde on sagat dürli ylymlary okadar ekenler. Mälik şa, geljekki soltan her günde birnäçe sagat beden hem söweş türgenligini geçer eken. Bary-ýogy bäş-alty sagat ýatypdyr. Ogluna dözmedik ejesi aram-aram:
– Şazadam, senem dynjyňy alaý! Sen şazada ahyry – diýse, Mälik:
– Eger men halkyň öňüne düşmeli bolmasam, şu alan bilimim, ylmym, türgenleşigim ýeterlik bolardy, ýöne men halkyň öňüne düşmeli ahyry – diýipdir.
Adam oglunyň röwşen gözleri daşky dünýä bakdyrylyp goýlan bolsa-da, ol adamyň içki dünýäsiniň, kalbynyň gapylarydyr. Adam oglunyň ruhy baýlygy diňe şol röwşen gözler arkaly girýär. Müň kitap okap, ýüz müň kitap okap, ýüz ýurdy görüp, dünýäniň müň künjüne seýran edip, ol gözleri doýrup bolmaýar!
Biziň gözlerimiz mydama ruhy baýlyga teşne bolsun!
Gözler şu güne seredip durandyr, akyldar kişiniň gözleri bolsa gelejegi hem görer.
Adam oglunyň tebigatyna köp bilmek gelişýär, adam näçe köp bildigiçe gözleri ýitelýär, gözýetimi giňeýär. Sowatlylykda owadanlyk bar.
Adam ogluna dünýäni diňlemek üçin iki sany gulak berlipdir. Onuň ruhy baýlygy iki gulagyndan girer. Bimany, ýaramaz gepler dessine adamy ýadadar, emma dana, akylly senalardan welin, adam ogly hiç mahal doýmaýar.
Adam ogluna zyban berlendir. Dünýäde adam oglunyň dili ýaly süýji, eziz, mähriban gudrat ýokdur. Adam oglunyň dilinden çykýan dana-dana sözler adam ogluna ganat berýär. Adam oglunyň dilinden çykýan mähriban sözler doga ýaly, melhem ýaly bizi müň bir dertden halas edýär.
Adam ogly görüp, öwrenip, okap, dünýäni öwrenip kämil çykyp bilýär.
Adam ogly kämil çykyp, Hudaýa golaýlaşýar.

* * *
Mukaddes türkmen sährasynda sähranyň özi bilen ykbaldaş hem reňkdeş bir guş ýaşaýar. Şäheriň gutaryp, sähranyň takyr ýolunyň başlanýan ýerinde bu guşjagaz myhmansöýer öýüň öýdençeri deýin geleni garşy alýar. Ol ganatlaryny kakyp durşuna, pelpelläp dik asmana galyp gidýär. Göze ilmeýän ganatlaryň hereketi bilen bu kiçijik göwreden çykýan üznüksiz jürküldiniň sazlaşygy dünýä sazlaşygyna girýändigiň iň ilkinji alamaty bolup görünýär. Bu guşjagazyň geň nagma kakyşyny diňleseň, beýniňe türkmen sährasynyň goýnundan çykýan owazlar gelip ugraýar. Bu täsir çagalyk hakydaňy oýarýar. Çagakaň eşiden bir kiçijik rowaýatyň sähranyň goýnunda öňüňden çykýar. Bu rowaýat şu guşjagazyňky bolmaly. Aslynda bu sähra-da, biziň çagalygymyzam, şu guşjagazyňky bolmaly. Geçmişimizi ýitirmän saklaýan bu guşuň torgaý, has dogrusy, mollatorgaý diýen ady bar. Kiçijikdigine seretme, mollatorgaý Allanyň buýrugy bilen Adam atanyň synalary üçin türkmen sährasyndan toprak alyp durka, Ezraýyl perişdäniň kölegesiz kamatyny görendir. Mollatorgaý Adam ata jennetden kowlup, alnan ýerine – şu sähra düşende-de, onuň hem syrdaşy, hem söhbeti bolup gezen janawardyr. Mähribanlygyny gazanany üçin, atamyz Adam oňa Allanyň müňde bir adyny ýekänme-ýekän aýdyp berenmiş.
Şeýdip, torgaý molla, ulama guş bolupdyr. Onuň dik asmana galyp barýarka çykarýan owazlary-da Allanyň gözel atlary bolmaly. Müň bir adyň baryny ýekänme-ýekän sanap bilse, ol jennete uçup gitmeli. Ýöne mollatorgaý hemişe yzyna gaýdyp gelýär. Sebäbi näme?
Müň birinji ada gezek gelende, jennete geçmäge ýeke söz galandygyny aňlap, gitmezinden öňürti sährany ýene bir gezek – soňky gezek görüp galaýyn niýeti bilen mollatorgaý aşak seredýär. Şonda ýaşaýşyň kölegeli tarapyny görmeli däl edilen göwnaçyk perişdejigiň gözleri öz kölegesine düşýär, onsoň soňky ady ýada salyp bilmedik mollatorgaý yzyna gaýtmaly bolýar diýip delile getirýärler.
Belki-de, älemleriň serhetine ýetende, mollatorgaý Zemin bilen Asmanyň biri-biriniň suratydygyny, aýnasydygyny görüp, yzyna gaýdýandyr.
Dünýä hakykaty Ahyret rowaýatynyň kölegesidir.
Sähra – Asmanyň suratydyr.
Asman hakykatyna ýetmek isleseň, ululykdan sowlup geçmeli. Eger muny wagtynda edip bilmeseň, onda soň ululygyň gabyklaryny sypyryp, çagalygyň uçmahy dünýäsine gaýdyp barmany başarmaly.
Çagalygyň hakykaty ululygyň hakykatyndan has baý hem hakykydyr. Adam ulaldygyça sähranyň hem asmanyň dilini unudyp, güzeranyň we adatylygyň diline werziş bolýar. Diňe beýik adamlar ömri ötinçä çagalygynyň ajaýyp dünýäsini kalplarynyň töründe saklap bilýärler.
Çagalyk döwrüm mollatorgaý maňa-da Allanyň köp gözel atlaryny, ýüzlerçe sözleri öwredipdi. Soň men olaryň köpüsini unudypdyryn. Unutmak – ýoga gitmek däl, aňdan çykarmak däl-de, aňasty barlygyňa geçirmekdir. Indem men çagalygymyň aňasty sährasynyň ter hakykatyna dolanmaga jan edýärin.
Ýedi-sekiz ýaşlarymda elime ilkinji gezek galam alyp, şo wagta çenli diňe torgaýa aýdyp beren şygyrlarymy ýaňy ak kagyza ynanyp ugran mahalym mollatorgaý maňa bir syry açypdy. Ol özüniň perişde owazy bilen meniň beşeri ýüregimiň gulagyna: «Allanyň iň eý görýän atlarynyň biri Ylhamdyr!» diýipdi. Bu owaz Asmanyň çuňlugyndan sähranyň giňligine iberilen wahy bolup, kalbymy heýjana salypdy.
Ylhamyň bir göze görünmesi bahar paslydyr. Togsan dolup, ýere ýyly gidende, tebigatda gaýtadan diriliş başlanýar. Tebigat öz baky ýaşaýşyny dowam etdirmek üçin täze güýç-kuwwat alýar. Edil şonuň ýaly, her bir täze eseri döretmek üçin Alla ýüregimize ylham bolup inýär. Ylham ýaşaýyş babatda täze bir açyşa itergi berýär.
Bu ylhamyň maňa beren ýürek açyşynyň bitewi manysy nämeden ybarat boldy?
Ýaşlyk ýyllarymdan çykalym bäri meniň gyzyklanmalarymyň iň ähmiýetli we öz akyl ösüşim üçin netijeli ugry millet baradaky oýlanmalar bolupdy.
Millet diýilýän zadyň we hadysanyň düýp manysy meniň üçin heýjana salyjy meseleleriň biri bolup geldi. Ýazan kitaplarymyň ählisinde hem bu meseläni özen, esas, düýp mesele edip goýupdym. Pelsepe, duýgy, syýasy, anyk taryhy – garaz, ähli taraplardan türkmen milletiniň nämedigini düşündirmek isledim.
Hemmeler uly zatlar kiçi zatlardan döreýär diýip aýdýarlar, emma, hakykatda, tersinedir: uly zatlardan kiçi zatlar döreýändir.
Men aňymda birki öwrüm eden bu pikiri iş depderime syýa bilen baglap goýdum.
Eýsem, bu meniň köpden bäri gözläp ýören kelebimiň ujy dälmi näme? Islendik millet etno-taryhy, syýasy, akyl-ruhy barlyklaryň çugdamlanmagy dälmi näme? Milletiň döremegi üçin esas bolup hyzmat edýän beýik, uly ruhy-medeni çugdamlanma taryhy ösüşiň anyklygyna geçýär, adatdan daşarylyk häsiýetine we tebigatyna eýe bolan hadysalar milletiň barypýatan adatylygy görnüşine geçip gidýär. Şonuň üçinem, milletiň adatdan daşarylygyny, özboluşlylygyny, üýtgeşikligini onuň adaty – gündelik ýaşaýşyndan gözlemeli. Milletiň ruhy pelsepelerini onuň akyldarlarynyň ýazan agyr-agyr sözlemlerinden däl-de, ol pelsepeleriň tebigy ýaşaýan ýeri bolan ýaşaýyş endiklerinden, gündelik medeniýetinden, köpçüligiň içindäki gatnaşyklaryndan gözlemeli. Milletiň pelsepesi onuň ertirden agşama çenli ýerine ýetirýän hereketleriniň endige öwrülen ulgamynda ýaşamaýarmy näme? Milletiň kämillik derejesi onuň bary-ýogy bir bölegi bolan akyl işgärleriniň kellesinden çykan howaýy ýa tebigy akyl-parasat bilen däl-de, eýsem milletiň tutuş özüniň öz gündelik şahsyýet, maşgala, garyndaşlyk we beýleki ýörelgeleriniň kemallylygy bilen ölçenilmeli ahyryn. Şonuň üçinem, iň esasy wezipe şol ýörelgeleri aýdyňlaşdyrmak, olaryň ahlak-akyl esaslandyrmalaryny kesgitlemek, ulgamlaşdyrmak hem-de kämil suratda milletiň özüne gaýdyp bermek bolmalydyr.

* * *
Her bir milletde iki hili pelsepe bardyr: akyl-ruhy pelsepesi we durmuş pelsepesi. Milletiň özboluşlylygy we kämilligi bu iki pelsepäniň özara mynasybeti bilen kesgitlenýär. Milli akyl işgärleri tarapyndan döredilýän akyl-ruhy pelsepäniň derejesi pes bolsa, şeýle-de milletiň durmuş pelsepesi hem ýöntem bolsa, onda bu ýerde biz ösmedik milleti görýäris. Eger birinji düzüji ýokary bolup, ikinji düzüji bikemal, köplenç, kemakyl, öwünjeň, halkynyň horlugyna ýanmaýan, diňe özüniň, garyndaşlarynyň aladasyny edýän millet ýolbaşçysy bolsa, şonda-da kämillik we özboluşlylyk hakynda gürrüň edip bolmaz. Diýmek, akyl işgärleriniň pelsepesi has ösen başga bir millete öýkünmäniň netijesi bolan alynma zatdyr. Eger-de, milletiň durmuş pelsepesi we şol pelsepäniň milli ýaşaýyşda ýerine ýetirilmesi bolan jemgyýetçilik ýörelgeleriň derejesi ösen bolsa, onda siz bu milletiň beýik we gadymy milletdigine ynanyp bilersiňiz. Çünki durmuş pelsepesi diňe ruhy-akyl pelsepe gory baý bolan milletde kemala gelip bilýär. Diňe uly zatlardan kiçi zatlar, diňe gudratdan adatylyk döreýär.
Millete baha bermekde onuň haýsydyr bir wekiliniň dilinden çykan paýhas däl-de, eýsem, onuň köpçüliginiň ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň derejesi has ähmiýetli bolup biler. Çünki birinjide ýaşaýyş aýratynlyklarynyň hususylygy, ikinjide bolsa ählumumylygy bardyr.
Ömrüňden netije almak miweli agajyň hasyla durşy pisint bir zat bolýar. Men miweli ömrümiň hasyly hakda oýa batýaryn. Halka bagyş eden ömrümiň hasylyny mizana goýýaryn. Agajyň üç pasylda topragyň şiresini alyp, dördünjide miwe eçilişi ýaly, ömürboýy okap-öwrenip, pikirlenip-degşirip, altmyşyň onundan soň Ruhnama, «Türkmen ilim aman bolsun», «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» kitaplarymy ýazmagymyň hikmeti il-ulsa düşnükli bolsa gerek. Emma özüňi söz arkaly egisdigiňçe, aňrynda gowzaman galýan zatlaryň hasam köpdügi duýulýar. Zaw içindäki çeşmäniň göz açyp, mermerpisint daşlaryň astyndaky böreň-böreň durnagöz suwlaryň ýokaryk ymtylyşy ýaly, kalbyňda ömürboýy ýygnanan pikir-duýgular indi öňküsindenem güýçli joş urýar. Onsoň çeşmäniň gözüne gelen ergin ak dürlere täze bir kitap şekilini berip, okyjynyň teşne kalbyny gandyrasyň gelýär. Şindiki menzilde, häzirki pursatda türkmeniň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda gürrüň etmegi zerur hasaplaýaryn. Bir dem yza gaňrylyp, milli geçmişimize, paýhas taryhymyza biraz göz aýlasak, akyldarlarymyzyň ruhy belentligi kitabyny ýazmak edähediniň bolandygyny göreris. Gömükli türkmen akyldarlary okap-okap, öwrenip-öwrenip, soňunda edep ylmyndan sapak bermek derejesine ýetişipdirler. Halkymyň ajaýyp dessurlaryna, olaryň içinde-de paýhas dessurlaryna hormat goýup, şol ärleriň ýoluny dowam etmegi müwessa bilýärin.
Ruhnamanyň birinji kitabynda men millet pelsepelerimiň bir bölegini ýazyp beýan edipdim. Emma millet mowzugy bir kitapda, bir öwrümde doly şerh edip gowzadyp boljak mesele däl. Millet baradaky pikirlerimde şeýle bir netijä geldim: millet iki sany özeni bolan gurluşdyr. Bir-ä onuň maddy özeni, birem ruhy özeni bolýar. Milletiň ruhy özeni birinji, esasy bolup, ol milli ruhy gymmatlyklardan ybaratdyr. Ruhnamada edep hakda edýän söhbetim milleti millet edýän şol ruhy gymmatlyklaryň bir jäheti, bir ugry barasyndadyr.
Biz bir tarapdan, ata-babalarymyzyň ýörän ýollaryndan gitmeli. Beýleki tarapdan bolsa, öz döwrümiziň öňe çykaran derwaýyslyklaryndan ugur alyp, täze düşünjeleri, täze kesgitlemeleri hem-de täze gymmatlyklary işläp düzmegi başarmalydyrys. Ýeri gelende has giňişräk hem aýdaryn welin, edil häzir özümiň ösüş diýilýän zada düşünişimi ýaňzydasym gelýär. Akyl babatdaky ösüş durmuşyň özünden alynýan akylyň agramy kitapdan alynýan akylyňkydan has uly gelende peýda bolýan zatdyr. Ösüş diýilýäniň itergisi duýgularyň terligi we pikirleriň täzeligidir, terlikdir täzelik hem kitapdakydan durmuşda has köpdür. Kitapda olar däl-de, kämillik agdyklyk edýär. Şonuň üçinem akyldar göni durmuşdan almalydyr, akyl göni durmuşdan iýmitlenmelidir. Şeýle iýmiti ýeten akyl mes toprakda ekilen agajyň miwe getirişi ýaly, pikir we hakykat çuňluklaryny köp eçiler. Onsoň milletiň paýhasynyň üsti durmuşdan alnanlar bilen ýetiriler, milletiň akyl ýaşaýşynda täze gözýetimler açylar, milletiň pikir we duýgy dünýäsi giňeler. Şu-da sözüň hakyky manysyndaky ösüşdir.
Şu hakykatdan ugur alyp, men Ruhnamanyň ikinji kitabynda edep akabamyzyň öňki kenarlaryny giňeltmegi, akabanyň ugruny durmuşa tarap öwürmegi, täze pikirler we kesgitlemeler, ahwallar we görüşler bilen akymy çaltlandyrmagy zerurlyk hasapladym. Anyk düşünjeleri ýönekeý düşünje derejesinden has ýokary göterip, has giňeldip we çuňaldyp, anyklaşdyryp, düýpli pelsepewi kesgitlemelere öwürmeli. Şu ýol bilen gidip, men diňe türkmeniň durnukly pikir-gymmatlyk ölçeglerini dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, milletiň pikirleniş örüsini giňeltmek isleýärin. Pikirleniş örüsini giňeltmek üçin Paýhasyň kämillik agajyny janly durmuşyň täzelik we terlik suwy bilen suwarmak gerekdir.
Şonda akyl miwesiniň hyrydary bolan adamlar üçin Paýhas agajy özüniň bol hasylyny, janly hasylyny eçilip biler.

* * *
Biziň döwrümiz geçiş döwrüdir. Geçiş döwründe köp köňüller alasarmyk ýagdaýa düşüp, ýolsuzlykdan we geregu-gerekmejek, gysyru-önümli salgylaryň köplüginden kösenýär. Şonda olara gunt ýaly, kenek kimin agramly, durnukly we kesgitli gymmatlyklar, akyl we ýaşaýyş ýörelgeleri gerek bolýar. Berlen akyllaryň, ündelýän pikirleriň çakdanaşalygy, suw ýaly durnuksyzlygy agyr hossa bolup adamlaryň başyndan inýär. Geçiş döwri, onda-da onuň başlangyç ýyllary durnuksyzlyk döwrüdir. Çünki, köne çagşaýar, täze bolsa entek kemala gelip, şekile girip, durnuklaşyp ýetişenok. Şeýle döwürde paýhasyň durnuklaşdyryjy, esas gözleýji we esaslary goýujy, adamy ugrukdyryjy, eline we aňyna ýoly ýagtyltmaly çyrag beriji işi zerurdyr. Pikir edip görüň, dünýäde näçe million kitap bar, näçe müň akyldar bar, näçe ýüz akyl bar? Kitaplaryň, akyllaryň, ýörelgeleriň we ýörelgesizlikleriň bu ummanynda adam başynyň we ýüreginiň gark bolup gitmezligi üçin, bu işiň najatyny görmek zerurdyr. Olary durnukly we ynamly ýola salmak zerurdyr.
Hakykaty bilmek ähli ýa köp zady bilmek bilen, hakykaty aýtmak başarnygy ähli ýa köp zady aýtmagy başarmak bilen bir zat däldir. Hakykaty aýtmak – iň esasy zatlary, seni ertir şu günki derejäňden has ýokary derejä göterjek zatlary aýtmagy başarmakdyr. Hakykaty sözlemek başarnygy aýdyň, düşnükli we sada sözlemek başarnygydyr. Munuň üçin bolsa kesgitli, çürt-kesik sözlemegi başarmak gerek. Pikir gymmatlyklary çürt-kesiklik, kesgitlilik, manylylyk häsiýetine eýe bolmalydyr. Geçiş döwrüniň kesgitsizliginden, iki manylylygyndan, ikirjiňlenmeliliginden, gümanlylygyndan kesgitlilige, aýdyňlyga geçilende, munuň özi milletiň gymmatlyklaryň täze ulgamyna eýe bolýandygyny aňladyp biler.
Bize gymmatlyklaryň ulgamy zerur gerekdir. Ulgam – gymmatlyklaryň aýdyň we kesgitli aňladylan şeýle bir rejesidir, pikirleriň bu rejelenmesi arkaly adamlar ýüregini we beýnisini dokundyrjak, ýaşaýşyna ynam berjek, kalbyna ynanç berjek janly paýhasyň ýörelgelerini edinýärler. Bedeniň iýip hem geýip maza tapyşy ýaly, ruh özüne hakykat bolup görnen gymmatlyklary edinip, ynam, many we herekete badalga tapýandyr. Edebiň ruhy gymmatlyklary adam şahsyýetiniň ömrüni akyl taýdan delillendirýän, ömri mana getirýän, ýüregi giňeldýän we akyly dokundyrýan pikir gymmatlyklarydyr. Biziň milletimiz taryhy ömrüniň bäş eýýamynda şeýle gymmatlyklary döredip bilipdir, hut şol mynasybetli hem türkmen ýitip ýok bolup gitmän, bäş müň ýyl ýaşap bilipdir. Täze ruhy gymmatlyklary döretmek ýoly – türkmeniň mundan beýlägem millet hökmünde dowamat bolmagynyň ýoludyr.

Ruhnama. II kitapdan.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 41 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: