06:56
Sahypkyran Gutulmyş beg -9/ romanyñ dowamy

Ýigriminji bap

Ýigrimi alty sany wanaly garakçynyň dardan asylan güni şihne bilen muhtasyp Gutulmyşyň ýanyna geldi:
— Dawut, seniň harytlaryňy tapdyk.
— O nähili harytlaryňy? Mende hiç hili haryt ýok.
— Hindistandan alyp gaýdan ýüz elli düýe ýüküň tapyldy! — Mady galkyjaklady.
Gutulmyş ör-gökden geldi:
— Bar ekenmi?
— Hawa, hawa, olary hakykatdan hem wanaly garakçylar alan eken. Olaryň ähli talan zatlaryny tapdyk. Ýöne seniň ýüz elli düýe ýüküň aýratynja duran eken — diýip, şihne aýtdy.
— Näme zatlar bar?!
— Haý, täjirligiňi etdiň sen şu ýerde, Dawut. Ynanmazlyk edýärsiň! Ýükleriňi ýönekeý harytlar bilen çalşandyrlar öýdýärsiň. Men seniň näme pikir edýändigiňi bilýärin. Ýok, arkaýyn bol, seniň harytlaryňa hiç kim el degirmez. Men olara öz ynamdar adamlarymy sakçy goýup gaýtdym. Eý-ho, Dawut, olar gaty köp zat ýygnapdyrlar. Depe-depe bolup ýatyr-how zatlar! Wanaly alamanlaryň näme diýýänini bilýärsiňmi? «Bu ýüz elli düýe ýük Dawudyňky däl. Bu harytlar, çakymyz çak bolsa, Çyn deňziniň kenarynda ýaşaýan sogd täjiriniňki bolmaly. Biz ol täjiri mundan alty ýyl öň öldüripdik. Şondan bärem bu ýükler bizde dur» diýen bolýarlar. Olar senden öçli. «Dawut biziň ýedi sany adamymyzy öldürdi» diýýärler. Häkim seniň zatlaryňdan özgesini döwletiň gaznasyna geçirmeli, welaýata ugratmaly diýip buýruk berdi.
— Meniň ýükümiň tapylandygy hakda häkim bilýärmi?
— Bilýär. Ol senden gaty gorkýar.
— Menden näme üçin gorkýar?
— «Ýüki tapylan bolsa, Dawut indi Mukurda uzak durmaz, gider. Men onuň gitmegini islemeýärin. Men ony öz oglum ýaly gowy görýärin» diýýär. Dogrudanam gitjekmi?
— Men gideýin, aly makam.
— Häkim saňa öz wezipesini berjek bolup dur. Mukurlylar seni juda gowy görýärler. Menem saňa juda öwrenişipdirin. Näme mesele ýüze çyksa, seniň bilen maslahatlaşýaryn. Sen gitseň, men özümi ýetim ýaly duýaryn. Näçe isleseň, dinar bereýin. Gitmesene!
— Aly makam, maňa gitme diýme. Maňa babam garaşýar. Ol meniň hemaýatyma mätäç.

Ýigrimi birinji bap

Gutulmyşy ugratmak üçin ähli mukurly ýola çykdy.
Bu ýerde bolan dokuz aýynyň içinde Gutulmyş mukurlylara özüni söýdürmegi başarandygyna düşündi.
Mukurda geçen günler Gutulmyş üçin uly sapak boldy.
Ol bu ýerde özüni, öz başarnygyny terezä saldy.
Maksat günüňi görmek bolsa, onda ol islendik ýerde uly wezipäni eýeläp, gowy gün görüp biljek eken. Muňa onda akyl hem, başarnyk hem bar eken.
Mukurda ýeten derejesine Gutulmyş çyn ýürekden begendi.
«Gutulmyş beg, sen bu mukurlylara özüňi söýdüräýen ekeniň-ä!» diýip, öz-özüne minnetdarlyk bilen habar gatdy.
Bu ýeten derejäň gowy, Gutulmyş! Ýöne iň esasy ýetmeli derejäň, iň esasy etmeli işiň öňde!
Soltandan ar almaly!
Sen külli musulmana patyşa boljak Arslan ýabguny zyndandan halas etmeli.
Häzir mukurlylar bilen hoşlaş! Olara başardygyňdan hoş sözleri köpräk aýt!
Adama iň ýetmeýän zat mähirdir, hoş sözdür!
Adamlaryň ýüreklerine iň ýakyn ýol — mähirdir, hoş sözdür!
Gutulmyş bu gün dokuz aýlap adamlara eden ýagşylyklarynyň netijesini görýär.
Bu adamlaryň köplügini görsene!
Mukurlylar Gutulmyşyň şäherden gidýändigine gynanmak gynandylar.
Gutulmyş adamlar bilen hoşlaşdy. Onuň bu ýerde eden juda bir üýtgeşik işi ýokdy, Ýöne ol adamlaryň işlerini bitirjek bolup ýürekden yhlas edipdi. Olar bilen adam ýaly gürleşipdi. Wezipesine baýrynyp, ýekeje kişä-de ýaramaz söz aýtmandy.
Häkim Alilik özüne gelişmeýän hereketler bilen Gutulmyşy gujaklady:
— Oglum, meniň senden başga kimim bar? Ýalbarýaryn, Dawut. Gitme, öýüm, bar baýlygym seniňki bolsun!
— Eziz atam! Hoş sözüňiz üçin depäm gök direýär. Taňryýalkasyn! Siz maňa bu ýerde agyr pursadymda eýe çykdyňyz, howandar bolduňyz. Ýöne maňa babam garaşýar. Men babama kömege ýetişmeli.
— Onda babaň ýagdaýy gowulaşansoň gel! Biz saňa garaşaly.
— Eger mümkinçiligim bolsa gelerin. Şonuň üçin men bu ýerdäki zatlarymy goýup gidýärin.
— Dogry, dogry. Meniň saňa sowgat beren iki sandygym hem dur.
— Goý, dursun. Belki özüm gelerin.
— Gel, hökman gel.
Häkim Gutulmyşyň ýol üçin gerekli boljak ähli hat-petegini dürs edip beripdi.
Gutulmyş ýüz elli düýe ýüküne eýe bolup, niredesiň Tus şäheri diýip ýola düşdi.
Indiki maksat Tus şäherine barmak we häkim Ahmet Jazyp bilen käbir haklaşygy geçirip, soň Kelejara gitmekdi.
Belki Ahmet Jazyp bilen haklaşygy soňa goýmaly bolar?! Häzir iň möhüm iş Kelejara aşmak ahyryn?!
Eger haklaşyk geçirjek bolsaň, onda, ilkinji nobatda, Gadyr han bilen, soňundan soltan Mahmyt bilen geçirmeli.
Eh, Gutulmyş, Gutulmyş, öňüňde, gör, nähili möhüm işler dur. Şol işleri bitirmäge Allatagala saňa tükeniksiz güýç-gaýrat, jan saglyk bersin!

Ýigrimi ikinji bap

Mukurda geçen dokuz aý Gutulmyş üçin bir är ömründen-de dowamly göründi. Onuň kakasyny şeýle bir göresi geldi, şeýle bir göresi geldi. Ýüregi agzyndan çykaýarly göründi. Tizden-tiz Kelejara gitmeli. Zülal ýyldyzynyň salgy berjek ýoly bilen Arslan ýabguny halas etmeli, onuň soltan Mahmydyň garşysyna leşger toplamagyna, soltan bolmagyna ýardam bermeli. Goý, Arslan han galan ömrüni soltan bolup geçirsin.
Eger men Balkana, Mawerannahra gyzyl peýkam gönderip, Gazna sary ýörişe ugrasam, onda Mahmyt Gaznaly haýdan-haý Arslan ýabguny öldürer. Men babamyň ölümine sebäp bolsam, onuň ahmyry meni bütin ömrüme horlar.
Kelejara gitmeli!
Kelejara!
Kaşaň bezelen piliň üstünde irkiljiräp barşyna kakasyny azat etmegiň ýollaryny gözleýärdi.
Ol iki sany ýol görýärdi.
Birinjisi, tussaglaryň pidýelerini töläp, azat etmek.
Ikinjisi, tussag möhletiniň gutararyna garaşmak.
Üçünji bir ýoluň hem döremegi mümkin. Ol ýol — amatly pursat dörände galadan çykyp gaçmak. Bu ýollaryň üçüsiniň amal bolmagy üçinem Kelejara — seljukly agöýlüleriň saklanýan ýerine barmaly.
Iň esasy zat, ýeterlik möçberde baýlygyň barlygy. Ýüz elli tussagyň pidýesini tölär ýaly dinar bar.
Galan zatlary ýene beýik Perwerdigär özüniň Zühal ýyldyzynyň — töwekgelligiň üsti bilen habar berer.
Gutulmyş Tusda ýigrimi gün bolup, harytlaryny satyp, dinara öwreninden soň, Kelejara sary ýola düşdi.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: