22:05
Döwletbaşy -2/ romanyñ dowamy
2.
Kömekçisi başyny aşak egende az-kem gozganan äýnegini goşa barmagy bilen düzedip, edeplilik bilen ýazyjylaryň bir toparynyň kabulhanada garaşyp oturandygyny aýdanda, Döwletbaşynyň öňem ýadaw bedenine täze ýük ýüklenene döndi.
– Gelsinler, gelsinler! – diýse-de, onuň ähli pikiri türkmen ýazyjylarynyň özara oňşuksyzlygynyň ýyllarboýy egrilip, soň sarala-sarala, äpet ýumaga öwrülişi, şol ýumagy çözmegiň, onuň uşlybyny tapmagyň aladasyna aýlandy.
Ol giň kabinetiniň belent penjiresiniň öňüne gelip, daşardaky ýaş, owadan sosna agaçlaryna, ondan aňyrda tä belent jaýlara çenli gürelip gidýän gara baglyga alada bilen garady.
Häzir ýaz gününiň ýakymy, älemi nura boýan Günüň sahawatly çogy onuň beýnisindäki kowçum-kowçum pikirleriň ruhuna ýylylyk berip bilenokdy.
...Ýyllar şo-ol geçip dur, günler täzelenýär. Emma kynçylyklar welin galýar. Özem, şol kynçylyklaryň köpüsiniň kökem, diregem ýok... Ýazyjylaryň oňşuksyzlygam şolaryň biridi...
– «Be, ýazyjylar näme üçin beýle oda düşýärkän? – diýip, ol ýadaw halda oýlandy. Olar howsala düşer ýaly, beýle bir daş-daşa degip duranok ahyry. Şükür, il-gün agzybir, ýurt asuda. Olar basym gurultaý geçirmeli. Şonuň dawasydyr ol...»
Döwletbaşy, umuman, ýazyjylary gowy görýärdi. Ol ýaşlygynda, heniz sekizýyllyk mekdepde okaýarka, ýazyjy bolmagy arzuw ederdi. Soň çagalar öýünde okaýarka, birnäçe goşgam ýazypdy. Olaryň birlän-ikiläni gazetlerde-de çap edilipdi. Ejesi barada goşgy ýazandaky tolgunmasyny, pynhan duýgularyny ýadyna salanda, onuň henizlerem damagy dolýardy.
Ýöne ýetim oglana goşgy ýazyp, öz arabaňy ýola salmagyň kyn boljagyna ol şol wagt düşünipdi. «Komsomol», «Partiýa» diýen goşgularynda bolsa ýasamalygyň bardygyny, olaryň zoraýakdan, gazet-žurnallarda çykarylmagyny isläp ýazylandygyny duýupdy. Şondan soňam, ol ýazyjy bolmak baradaky pikire dolanmandy. Ýöne ýazyjylara bolan söýgüsi welin şol durşuna galypdy.
Berdi Kerbaba diýseler, Ata Gowşut diýseler, Hydyr Derýa, Hajy Ysmaýyl diýseler, onuň ýüreginde guwanç ody ýanyberýärdi. Şöhraty daglaryň deňine ýeten bu adamlaryň dünýäde barlary bilen, hiç bolmanda, söhbetdeş bolmagam oňa eletmez bagtdy.
Leningrada okuwa gitmegi, Büzmeýin GRES-i, soň Merkezi Komitetiň senagat-transport bölüminde geçiren sekiz ýyly ony türkmen ýazyjylaryndan daşlaşdyrypdy.
Merkezi Komitetiň senagat-transport bölüminiň instruktory diýmek öýüňden-iliňden bizar bolup, ol oblastdan bu oblasta at salmak diýmekdi. Bölüm müdiri murtuny palta kesmez adam hasaplanylýardy. Ol TKP MK-nyň çleni, Ýokary Sowetiň deputaty. Olar býuro gatnaşmaly. Gelýän-gidýäni kabul etmeli. Olaryň han özi, soltan özi. MK-nyň sekretarlaryna ýaranyp bilse, ülkede olaryň towugyna tok diýjek kişi ýok.
Onuň bagtyna, bölüm müdiriniň orunbasaram kabinetçil, bäş minut daş çykanyndan gije-gündizläp stol saklanyny ýagşy görýän, demirýolçy adam bolup çykdy. Onsoňähli ylgap almaly, gidip bitirmeli işler şonuň başynady.
Mary GRES-niň gurluşygynda onuň gören gününi it görse gözi agarjakdy. Ol şol döwürde öýüni, çagalaryny unudypdy. Hatda düýşünde-de Mary GRES-niň gurluşygy ony öz erkine goýanokdy. Bu GRES-e gurluşyk materiallary SSSR-iň 220 şäherinden gelýärdi. Şol şäherler, demir ýollar, kärhanalar bilen GRES-iň arasynda ýeke özi durýardy. Enjamlara, gurluşyga diňe özi jogap berýärdi.
Özi käri boýunça inžener-energetik bolansoň, Türkmenistanda energetiki kärhana bolsa, olaram onuň boýnundan gara daş edip asýardylar.
Bolsa-da, Mary GRES-i wagtynda ulanyşa goýberildi. Ony bölüm müdiri, MK-nyň sekretarlary gelip açdylar. Oňa barmysyňam diýilmedi. Olam özüni görkezeýinem diýmedi.
Ine, şonda bir žurnalist bilen tanşypdy. Ýöne şol ýaşuly žurnalistiňem, öwrenjäniňki ýaly gurak, ýüzleý reportažyny okap, ony gaty tiz ýadyndan çykarypdy.
Ýöne şol döwürlerde bir sapar ol dynç güni gök-pök alaýyn diýip, ýarmarka baranda Nury Halmämmede gabat gelipdi.
Nury bilen ol çagalar öýünde bileje ýaşapdy. Şonda mölerip duran gözleriniň üstünde ýaý ýaly bolup egrelip duran gaşy ýüzüniň tas ýarysyny tutan bu oglan onuň gözlerinde hemişelik galypdy.
Nury soň sazçylyk mekdebine gaýdypdy, ol sazçylyk uçilişesini gutarmanam Moskwa, döwlet konserwatoriýasyna okuwa gidipdi. Nury Moskwada, ol Leningradda. Ýyllar, soň güzeran olaryň dostlugynyň arasyna sowuklyk salypdy. Emma ol Nuryny her gün ýatlaýardy. Türkmen saz sungatyna ajaýyp çyrag bolup ýalkym salan şo-ol garagözelek, horja, gaşlak oglanjyk onuň ýadyndan çykanokdy.
Ýarmarkada, gök-sök bahanasynyň bu iki dosty tötänden duşuran güni bu iki ýetim oglanyň begenjiniň çägem, ölçegem ýokdy. Ylaýta-da Nury begenjine bu ýaşy ýaňy otuzdan geçse-de, saçlary eýýäm çalaran dostuny halys ýürekden gujkaklaýardy.
– Ýör!
– Sen meni nirä alyp barýaň-ow?
– Ýör, garyp çatma. Ýöne oglanlara degip geçeli.
Olar tirkeşip, ýer yranmasyndan soň çala mydar edilip wagtlaýyn salnan jaýa geldiler.
Bu Orrynyň ussahanasy!
Orry olary içeri çagyrdy. Olaryň burnuna çorbanyň ysy urup gitdi. Içerde üst-başlary reňk, ýüzleri ýadaw üç oglan otyrdy.
– Barm-ow, bir zadyňyz? – diýip, Nury olara habar gatdy.
– Oturyň, tapylar-la! – diýip, Orry keýpsiz halda, bu myhmanlara ýer peýläp ýorşüne aýtdy. Emma oturan ýigitler sesini çykaranokdy. Olaryň hersiniň öňünde bir çemçe, hemem bir bölek ors çöregi taýýar durdy. Olar nahara garaşýardylar.
– Orry, seniň naharyň bermeziň aşyna dönd-ä. Ysyndan öldürdiň bizi!
– Häzir, häzir.
Nury bu oglanlaryň ýüzüniň açylman durşunamy ýa-da özüniň biwagt gelenini ýuwmak üçinmi, ýoldaşyny tanyşdyryp başlady.
– Bu ýigit – Sapar. Orden paýlaýan ýerde işleýär. Haýsyňyza orden gerek bolsa aýdyberiň.
Daryşgan, içi bulam-bujar bolup ýatan «ussahanada» içleri eljuk diýýän oglanlar ýa-ha bu gürrüňe Nurynyň ýene bir degişmesidir öýtdüler, ýa-da olara häzir orden paýlaýan bilen gepleşenden garynlaryna bir zat atanlary ýagşyrakdy, seslerini çykarmady.
Nury ahyry gözleýän zadyny, içi arakly çüýşäni gördi, soň oturjak boldy.
– Gel, dostlar bilen bir elli gram uraly.
Ol bu ýadaw ýigitlere häzir azar bermeli däldigini duýdy. Türkmen: «Bir arana degme, birem ajygana» diýipdir. Bular hem argyndy, hem açdy. Olara bir söz-ä azdy, iki sözem kändi.
– Ýör, Nury, gideli. Oglanlar çöregini arkaýyn iýsin. Meniň seniň bilen zerur gürrüňim bar.
Nury ony öz ussahanasyna äkitdi. On birinji mikroraýonyň bir burçjagazynda ýerleşýän bu jaýjagaz erbedem däldi. Roýal, iýmek-içmek üçin böwürjagaz, umuman, işlemez ýaly ýer däldi.
Nury iýmek-içmek getirdi. Az-kem garbanylansoň ol öz niýetini aýtdy.
– Nury, sen meni gowy ýazyjy şahyr oglanlar bilen tanyş etsene.
Elli gram arak içenden soň Nura gurp gelen ýaly boldy. Ol stoluň başynda oturanda başga adamdy, emma roýalyň başyna geçende üýtgeýärdi.
– Men seni Gurbannazar bilen tanyşdyrjak, wo! Eziz-ow! Çyn şahyr. Görseň, aýdarsyň, hem adam, hem şahyr. Hökman tanyşdyrjak!..
Ol ýene ýerinden turdy-da, roýalyň başyna geçip, klawişleri ýenjip başlady. Onuň bolşy gorkunçdy. Ýüzi kiçelip, gözleri hanasynyň içine gidip, edil ýaş keýik balasyna topulýan bars ýaly, juda ýowuz görünýärdi. Birdenem, hälki içine giden gözler hanasyndan çykara gelip, olardanam dury, ullakan düwmeler klawişleriň üstüne şartyldap damýardy. Içeri bolsa durşuna mukamdy. Özem türkmeniň ruhunyň gaýmagyna ýugrulan, ýüregiň bagynadegip, kalbyňy heýjana salýan, görlüp-eşidilmedik ajaýyp mukamdy.
Ol Nurynyň halyna dözmändi.
– Nury, sen nirede işleýäň?
– Kakoý maňa iş! Iş, ine, şu taňňyrdawuk tagta!
– Ýok, Nury, saňa kollektiw gerek, gowy iş gerek. Seniň ruhuň çöküpdir. Bu gidişiňe gitseň çökersiň, Nury! Beýtme, türkmeniň Nurusyny elinden aljak bolma...
Nury gaty görjek boldy. «Hemmäňiz akyllaý» diýen manyda gepi başga ýana sowdy. Ýöne şol wagt onuň ýeke-täk dermany gowy kollektiwdi, gowy işdi. Emma olam bolmandy. Ýalňyzlyk, alaçsyzlyk, öz-özüňe kontrolsyzlyk ony har etdi. Şeýdibem, ol dostlarynyň sözüne baş bermän, ajala ýaran boldy. Ajal bolsa ony biwagt elimizden alyp gitdi. Neressäniň Gurbannazar bilen tanyş edişem şol bolupdy.
Şondan birki ýyl soň Nyýazowy bölüm müdiriniň orunbasarlygyna bellediler. Ol maşgalasy bilen dynç almaga gidipdi. Öz-ä tomusdy. Yzyndan gyssagly telegramma barypdy.
«Eý, hudaý, gaýdanymda-da bar zat ýerbe-ýerdi. Ýa başga bir zat ýüze çykdymyka?» Ol çagyrylmagyna sebäp agtardy. Sebäp kändi. Ol döwür atsyz arzalaryň iň gadyra münen wagtydy. Şonuň üçin bolmagam mümkindi. Näme, bahana gytmy? «Alkaş kompozitor bilen arak içip, Merkezi Komitetiň işgäri diýen mukaddes ada ysnat getirdi» diýselerem saňa bahana. «Arak içip, gören ýerinde men MK-nyň, işgäri, kime orden gerek bolsa aýtsyn. Men orden paýlaýan» diýdi» diýip ýazsalaram «Dini baýram bolan gurbanlykda kakasynyň aýal doganynyňka gidip, dograma iýip, kommunist diýen ada çirk ýetirdi» diýselerem, ine, sen bir gara adam.
Edarada-da onuň küşt oýnaýmasy bardy. Özem oýnadygy utardy. Ýa-da komandirowka gidilende bir käse çaýa çagyrsalar, hormat üçin baraýmasy bardy. Şonuňüçin bolmagam mümkindi. Nämüçindir ol bu çakylygy hiç ýagşylyga ýorup bilenokdy.
Merkezi komitetçileriň ýene bir ýowuz derdi bardy. Plenum, gurultaý boljak bolsa, doklad ýazmak üçin öňünden basga düşüp başlaýardylar. Dört-bäş adamdan ybarat komissiýa düzýärdiler. Onuňam ady komissiýady. Agyr ýük gelip-gelip ýene Nyýazowyň gerdenine düşýärdi. Çünki MK-nyň plenumynyňam, partiýanyň gurultaýynyňam gürrüňiniň esasy bölegini senagat, gurluşyk, transport, aragatnaşyk meselesi tutýardy. Şonuň üçinem dokladyň esasy agramynyň onuň boýnunadygyny kazy kesendi. Diňe plenumyň, gurultaýyň dokladlary däl, SSKP Merkezi Komitetine düýpli, esasly sprawka ýa-da haýsydyr bir Kararyň ýerine ýetirilişi, barlagyň jemi barada maglumat gerek bolea-da, senagatugrundan orden-medala hödürlenilse-de, ýa Gahryman bolmaga kandidat bolsa-da, gapdalynda Nyýazowyň galamynyň yzy bolmalydy.
Golaýda MK-nyň plenumy bolmalydy. Ýöne ol doklady bir aý öňünden taýýar edip goýupdy. Maglumat üçin zerur bolaýjak hat-peteklerem bölüm müdirine, instruktorlara galdyryp gaýdypdy.
Ol näçe wagtlap tutuş maşgalasy bolup garaşan zähmet rugsadynyň ýaňy hözirini görüp başlan sanatorisiniň mazasynyň puja çykanyna gynananokdy. Yzyndan gorkýardy. Häzir onuň oturan ýerinden garalanyp aýrylsaň, soň durmuşda saňa orun ýokdy.
Senagat, transport bölüminiň müdiri gyňyr adamdy. Onuň sagy haýsy – çepi haýsy, aňjak gümanyň ýokdy. Gaty hatyrjem bolmasaň, sagyndan barsaňam depýärdi, çepinden barsaňam...
Bir sapar, Merkezi Komitetde täze bölüm açmagyň meselesi goýuldy. Orta Aziýa respublikalarynyň ählisiniň Merkezi Komitetinde özbaşdak transport bölümi bardy. TKP MK-da welin ýokdy. Şol gürrüňçilige Nyýazow hem gatnaşýardy. Gürrüň ýagşy gyzyşandan soň, gep açylyp, ol ýerinden nähili turanynam duýman galypdy.
– Häzirki senagat-transport bölüminiň işi juda çişirilýär. Respublikanyň tutuş senagatyna, gurluşygyna, transportyna, aragatnaşygyna kontrollyk etmeg-ä däl, olar barada informasiýa ýygnabam ýetişip bolanok. Eger bölüm açmaly bolsa, onda biziň bölümimiziň esasynda transport bölümini açmaly. Oňa-da demir ýoly, awtomobil transportyny, ýol gurluşygyny, awiotransportyny, edip bolsa aragatnaşygam bermeli. Men özbekler, gazaklar bilenem gürleşip gördüm. Olaram şeýdipdirler...
Bu meseläniň çözgüdi soňa goýuldy. Ýöne bölüm müdiri soň bir gün ony erbet dalady.
– Näme, bölüm müdiri bolasyň gelýärmi?
– Bagyşlaň, men işiň bähbidini göz öňünde tutýan.
Bölüm müdiri gyzdy.
– Sluşaý, seniň nämäni göz öňünde tutýanyňy bilmez ýaly, bu adamlar samsyk däl. Sen gaty köp zat isleýäň. Ýöne bir zady unutma, şu ýeriňem saňa az däl. Henizem minneti menden çek...
Nyýazowyň ýüzi boz-ýaz bolupdy. Onuň sesi öňküdenem näzik, ýöne namysly çykdy. Owadan ala gözleri kineli balkyldady.
– Bagyşlaň, ýoldaş bölüm müdiri. Men şu ýerde işläp, bal günüme batyp oturandyr öýtmäň. Çagalarym wokzalyň ýanyndaky tamda ýeke otagda bäş ýyl bäri itiň gününi görüp ýaşaýar. Bu ýerde gije-gündizläp gözümiň jöwherini döküp, dört adama derek işläp, Büzmeýin GRES-niň smena işçisiniňkidenem az aýlyk alýan. Men inžener, şu ýeriň sekretar SK-synyň aýlygyny, iki otagly howdan ýaly jaýymy taşladyp getirdiňiz. Indi maňa gepiňiz gerek däl. Meni yzyma iberiň. Men inžener-energetik. Şu kärim bilen çagalarymy eklemesem, atamyňogly bolmadygym.
– Sen jögüsireme. Partiýanyň işi güzeranyňdan-a däl, ömrüňdenem ileri goýulýar.
– Bagyşlaň, menem şony sizçe bilemsoň aýdýan. Men şoňa düşünmeýän bolsam, bu ýerde abraý üçin, partiýanyň işi üçin ömrümi, tutuş zehinimi goýup ýörmezdim. Aýtjak bolýan zadym, meniň partiýanyň işinden özge bähbidim ýok. Şonuň üçinem beýle sözüňizi gaýdyp maňa aýtmaň...
– Şoldurda-şoldur, bölüm müdiri oňa herrelmesini goýupdy. Öňki gürrüňem sekretarlara baryp ýetip, Nyýazowyň pikiri makul görlüpdir.
Şondan soň täze açylan bölüm müdirliginden tamakin orunbasar günbatar raýonlarynyň birine partiýanyň raýkomynyň birinji sekretarlygyna iberilip, ýerine-de Nyýazow bellenilipdi.
«Ýa bölüm müdiri ýene bir gep tapaýdymyka? Men onuň göwnüne degäýdimmikäm? Aý, ýok-la...»
Ony başga bir ýagdaý hem juda howsala salýardy. Öňräklerden bäri Merkezi Komitetde bir ýaramaz däp bardy. TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna saýlanan adam haýsy welaýatdan bolsa, degerliräk, möhümräk ministrlikleriň, komitetleriň öňki işläp ýören ýolbaşçylaryny aýryp, ýerine öz ildeşini goýýardy.
Häzirki birinji sekretar Çärjew oblastyndan bolany üçin, nämedendir, bilmersiň, rektorlardan başlap, ministrlere çenli şol gapdaldan belleniljek bolnup durdy. Dogrusy, ol muny «birinjiniň hut özüniň buýrugy bilen ediň» diýýändir diýip biljek däldi. Ýöne şeýle inisiatiwalar birinjä-de hoş ýakman duranokdy.
Bu bolsa Merkezi Komitetiň içini, asyl, respublikanyň içini ýaramaz, şowakörlük bilen bölmäge getiripdi. Merkezi Komitetde her topara bir sekretar ýa-da bölüm müdiri pynhanlyk bilen ýolbaşçylyk edýärdi. Eger bir wezipä bir oblastdan adam alynsa, indiki sapar «Han-ha ýene özüniňkini çekdi» ýa-da «ol pylanynyň kadry» diýýärdiler. Eger adalatsyzrak çözgüt bar bolsa, şol toparyň «ýaşulusy»:
– Bu nähili beýle bolýar-aý! – diýip, ýüpüň syrygyp, toýnukdan geçýän ýerinde mesele goýmaga hem çekinmeýärdi. Şonuň üçin bu topardan beýleki bir topar çekinmän duranokdy. Ýolbaşçylaram, hatda birinjiniň özem şeýle topardan az-kem ätiýaç edýärdi. Ol, umuman, ätiýaçly iş etmäni halaýardy.
Ine, şol toparjyklaryň her biri Nyýazowy öz demine dartjak bolýardy. Bir toparyň wekili gelip: «Han-ka ol çärjewliniň işe gelenine iki ýylam bolanok. Eýýäm ministr bellediler. Sen welin indi ýedi ýyl bäri bularyň pohuny artyp ýörsüň...» diýip, oňa dertdeş bolan bolýardy. Başga bir toparyň weki- lem: «Sen biziň diýenimizi et, olar seni hossarsyz görýärler. Bize goşulan günüň eliňden dartylan ýaly bolarsyň» diýýärdi. Başga bir toparyň wekili bolsa: «Git, birinjiniň ýanyna, näme, seni munça ýyl saklap serke goýberjekmi? Sähel hykgy-pykgy etse, arkaňda özümiz durarys...» diýýärdi.
Ol welin ýylgyraýýardy. «Meniň kem zadym ýok» diýýärdi. Juda bolmasa «Ýöri, küşt oýnaly-la» diýýärdi. Bardygam, utdugydy.
Şeýdibem ol hiç kime goşulman galypdy. Agşamam iş gutardygy, öýüne howlugýardy. «Ýa ýekeligiň derdi bu ýerde-de güp-basdy edäýjekmikä? Aý, ýok, bu ýerde topar tutuşyp, üýşüp, gep-gybat bilen aljak galaň ýok. Partiýa bu zatlary gowy bilýändir. Juda bolmanda, geregi şol wezipe dälmi? Alaýsynlar. Aýlanaýyn Büzmeýin GRES-den. Giderin, işlärin. Öňküden müň esse gowy işlärin. Kollektiwiň öňünde abraýdan düşen ýerim ýokdur...»
Ol Aşgabada sagat ikilere gelip düşdi. Aeroportdan göni Merkezi Komitete geldi. Ony MK-nyň býurosyna alyp geldiler.
Ilkinji mesele guramaçylyk meselesidi. Birinjiniň özi ony tribuna çagyrdy.
– Hany, Nyýazow, seniň boýuňy bir görsünler. Ýogsa sekiz ýyl instruktor, orunbasar bolup, tas gözümizden uçupdyň.
Ol tribuna tolguna-tolguna mündi. Onuň terjimehaly bilen tanyşdyrýarkalar, ýüzünden dökülen deri diýsene. Megerem, şol býuro gatnaşanlaryň ýadynda onuň şol derleýşi hemişelik galan bolsa gerek.
Ol der jan deridi. Hossarsyz ýetim oglanyň, Pyragy aýtmaşlaýyn, «Namys-ary bilmez bu çarhy pelegiň», güzaply durmuşyň, müňlerçe, on müňlerçe kynçylygyň öňünde müzzermän, şonça garşylygyň öňünde ýitip-ýok bolup gitmedik oglanyň on iki süňňüniň ynanç deridi. Ol namys deridi. Ol şu günüňem, geçmişiňem, geljegiňem öňünde namysyny çirksiz saklapdy.
Ol der buýsanç deridi. Ol adam bolupdy. Indi şol adamlygy saklamagyň hakyky borjy tutuş süňňüni elendirýärdi.
– Seni Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň senagat-transport bölüminiň müdirligine bellemekçi bolýarys. Sen özüň nähili görýärsiň?
Birinjiniň bu sowalyna ol näme jogap berenini bilenokdy. Megerem, «Sag boluň, ynamyňyzy ödärin» diýen bolsa gerek.
1979-njy ýylyň jöwzaly iýuny oňa düşüpdi. Şondan ýyl ýarym geçmänkä-de, ony partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň birinji sekretarlygyna tassyklapdylar.
Ine, diňe şondan soň oňa türkmen ýazyjylary bilen duşuşmaga mümkinçilik bolupdy. Olaram edebiýatyň işiginden ýaňy ätlän, çyksa birki kitaby çykan gönümel, duýgusy hyjuwyna münüp duran oglanlardy.
– Agam, jaý ýagdaýym gaty kyn – diýip gelýärdiler.
Ol şonda diňe ýaş ýazyjylaryň özüne on bäş kwartira paýlapdy. Soňabaka şäher ispolkomynyň başlygy onuň diýenini etmän başlapdy.
Ýazyjylardan başga-da adam bar-a, ýanyňa barana lepbeý diýip oturmaly däl-ä. Olary ýaman öwredýäň.
Onuň şonda juda gahary gelipdi.
– Amantagan, sende adam tüýi barmy ýa-da ýok. Bu ýerde ynsap, ynsan barada gürrüň gidýär-ä. Sen, özbaşyňa döwlet bolup, ýazyjysyz oňup bilseň, ýazyjy sensiz oňar. Ýöne geljege näme diýjek. Iller ilki bilen ýazyjysynyň öýüni, boýuny bezeýär. Seniň bir topar ýazyjyň bezäre däl, ýaşara öýi ýok. Iki gat jaýy bir özüň eýeläp, ýyljak kabinetde, ýumşak kürsüde oturyp, indi öz garyplaryňy tanamajak bolýaňmy? Olar barada menden öň sen alada etmeli.
Ispolkomyň başlygy azmly gürledi.
– Gel, gep owadanlamaly-la. Mend-ä şolara jaý ýok.
Nyýazow onuň bokurdagyny sypdyrmady!
– Amantagan, sen hondan bärsireme. Eger, ýene bir ýazyjy gelip meniň görkezmäme boýun egmeýäniňi aýdaýsa, sen meni tanaýansyň, onda jaý paýlamaly däl ýere işe gidersiň. Gep gutardy, diýlenini et!..
Ol ýanynda aýaly bilen oturan ýazyja garap başyny ýaýkady.
– Neme, adyň näme, inim?
– Hudaýberdi!
– Hudaýberdi, inim, görýäňmi biziň ýolbaşçylarymyzy! Men iki çagam bilen iki otagly darajyk jaýda, haly fabriginiň garşysynda ýaşaýan. Siziň başlygyňyz Täşli Gurbanyň öňki jaýy. Özüme jaý soramog-a. Menden ilki sen almaly. Sen ýazyjy. Halkymyzyň bagtly günleriniň goragçysy. Halkymyzyň aýbyny ýaşyryp, onuň ýagşysyny ýaýmaly adam sen. Eger üstüňde jaýyň bolmasa, gül ýaly maşgalaň ýanyňda otyr, ikiňiz çagalaryňyzyň ýagşy günlerini görmeseňiz, onda senden doly bahaly ýazyjy çykarmy? Nesip bolsa, şu hepdäniň içinde saňa jaý bererler.
– Sag bol, agam, bu ýagşylygyňy ölinçäm unutman. Maňa heran-haçan bil baglap bilersiňiz. Men hakyky ýolbaşçynyň nähili bolmalydygyna indi düşündim.
Bu ýaş ýazyjam, beýlekilerem jaý aldylar. Ýöne onuň ýadyna ýene bir waka düşdi. Onuň ýanyna daýaw pyýada geldi.
– Men ýazyjy Agageldi. Agam, ýaňyja Moskwanyň edebiýat inistitutyny tamamlap geldim. Indem «nahalstroý» diýen ýerde ýaşaýan. Jaýsyzlygyň derdinden itiň gününi görýän. Barmadyk gapym galmady. Sizem kömek etmeseňiz, oba, Tagtabazara gidibermeden başga alaç galmady.
Nyýazow wada bermedi.
– Şu gün annamy? Indiki annada bir habar tut – diýdi.
Agageldiniň ýüzi solgundy. Ol işikden girdi-de, salamlaşyp,megerem, «aý, inim, bul-a bolmady» diýlerine garaşyp, sesini çykarman oturdy.
– Näme, gamgyn bolýaňmy, ýaman ýüzüň salyk-la? – diýip, birinji sekretar keýpiçag halda ýylgyrdy.
Agageldi ynjyly ýylgyrdy:
– Ýüzüm size bagly, agam!
Birinji sekretaryň nurana ýüzi çynlakaý keşbe girdi:
– Hiç haçan ýüzüňi sallama. Biz, türkmenler, özümizi hemişe mert görkezmeli. Magtymguly-Pyragy:
Item aryklygyn gurda bildirmez,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy– diýmänmi. Durmuşda kynçylygyňam gabat gelmegi mümkin, ýöne bary wagtlaýyndyr. Geregiň jaý bolsa, jaýam alarsyň, maşynam, howlam alarsyň. Ýöne şu günki ýaly ýüzi salyk, saly gowşak halda gören adamlaryň ýadynda hemişe şeýle ýagdaýda galarsyň.
Agageldi oturyp bilmedi.
– Agam, jaýsyzlyk halys degnama degdi. Telim ýyl bäri dara-direlikde ýaşamak halys aňkamy aşyrdy. Onuň üstesine, edil işigimde, bir serhoş maşyny bilen iki çagamy kakyp gidipdir.
Ol bozuldy. Birinji sekretar birsalym sesini çykarmady-da, soň onuň egnine elini goýdy.
– Hapa bolma. Mert bol!.. – Ol ýerine geçip oturdy. – Neme, Agageldi, eger razy bolsaň, men saňa howluly jaý bereýin.
– O nähili! – Agageldi ýerinden zöwwe galanyny duýman galdy.
– Bir general: «Howlymy tabşyraýyn, maňa etaž jaýdan kwartira ber» diýýär. Oňa jaý berdim. Men şäher ispolkomyna aýdypdym. Dokumentleriňi düzet-de, göçüp baryber!..
Dogrusy, Agageldi tolgunmadan ýaňa nähili alkyş aýdanynam bilenokdy. Ýöne soň onuň Ýazyjylar birleşigine gelip: «Gapurowdan soň Türkmenistana şol patyşa bolar. Ol han ogul. Horlanana şeýdip ýagşylyk edip bilýäni hudaý hiç haçan hor etmez. Ine, görersiňiz, meniň sözüm, uly söze toba, enşalla, dogry çykar» diýenini kimdir biri şol wagt birinji sekretara aýdypdy.
Şol wagtlar beýle-beýle sözleri aýtmak, ýagşylyk eden adama ýamanlyk ýalam bolup görünse-de, ol Agageldiniň adam tanaýşyna haýranlar galýardy.
Agageldi indi öňki boýnuny sallap ýören gussaly ýigit däldi. Ol ýurda belli ýazyjy bolup ýetişipdi. Türkmen, rus, özbek, gazak, ukrain, nemes dilinde birtopar kitaby çykypdy.
Şeýle wakalar ol şäherkomdaka köp bolupdy. Moskwa, SSKP MK-a inspektor bolup gidenden soň, Türkmenistan Ministrler Sowetinde işleýärkä ýazyjylar bilen ýene-de aragatnaşygyny ýitiripdi. Ýöne, TKP MK birinji sekretar bolaly bäri, ýazyjylar onuň ýene-de uly daýanjyna öwrülipdi.
Ol ýazyjylaryň plenumlaryna gatnaşypdy. Olary köpçülikleýinem, ýeke-ýekedenem kabul edipdi. On ýazyja maşyn berdi. Kyrk ýazyja kwartira berdi. Bir ýere gitmeli bolsa, haýsydyr bir döwlet komissiýasy düzülmeli bolsa, oňa hökman ýazyjylary goşýardy.
Ol şu geçen döwürde ýazyjylaryň öz aralaryndaky oňşuksyzlygyna düşünip bilenokdy. Ol ýanyna gelýän adamlardan:
– Nähili, ýazyjylar agzybirje işläp ýörmi? – diýip mydam soraýardy. – Indi bir dawalaryny goýdularmy?!
Bir belli frontçy ýazyjy:
– Pylan-pylan ýazyjyny ýok etmeseň, ýazyjylaryň dawasy tükenmez – diýipdi.
Başga bir ýaş ýazyjy bolsa:
– Olaryň dawasy bu günden däl, otuzynjy ýyldan bäri gelýär. Olar köne duşman, özleri söweşýärler, özleri oňuşýarlar – diýipdi.
Başga bir orta ýaşly ýazyjy bolsa:
– Olara daşyndan täsir ýetdirmeli däl. Olar öz aralarynda biri-biri bilen gepleşmän, öýkeleşip, soň dostlaşyp ýaşap ýörler. Olaryň şol ýaşaýşyny bozmaly däl. Bozdugyň, öýi gorjalan sary ary ýaly, olar agzybirem borlar, azy uran ýerlerini goparmanam goýmazlar...
Prezident Türkmenistanyň rewolýusiýadan soňky taryhyny okanda bir zada haýran galypdy.
1936-1937-nji ýyllarda biri-birlerini ýamanlap basdyranlaryň ençemesi türkmen ýazyjylarynyň özüdi. Olar diňe bir garalawjy hat ýazman, biri-birleriniň ýüzüne-de durupdyrlar.
Haçanda Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň birinji kitaby 1940-njy ýylda çapdan çykanda, 1941-nji ýylda men diýen ýazyjylaryň ählisi diýen ýaly: «Kitab-a ýatyrmaly, ýazyjynyň özünem ýok etmeli» diýip çykyş edipdir. Şol uly ýygnagyň protokoly arhiwde henizem saklanýardy.
Asyl, Hydyr Derýaýewiň ilkinji türkmen romany bolan «Ganly penjeden» romanyny 1938-nji ýylda ýatyrdanam ýazyjylaryň özleri bolupdyr.
Soň, ellinji ýyllarda «Gorkut ata» kitabynyň üstünde, bu kitaby taýýarlamaga gatnaşan Mäti Kösäýewi, Baýmuhammet Garryýewi, Orazmämmet Abdalowy ýamanlap basdyranam, olaryň ýüzüne duranam, Hoja Şükürowyň, Şaly Kekilowyň «Garagum çöllerindesini», Juma Ilmyradowyň «Garyp meniň dostum däl», Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Türkmensiň» goşgularyny halka garşy ideýaly eser hökmünde ilkinji bolup «paş edenlerem» ýazyjylar eken. Asyl Moskwadan, SSSR Ýazyjylar soýuzyndan hakykatyň üstüni açmak üçin ýörite gelen rus ýazyjysyny «parahor» diýip BK(b)P MK hat ýazanam şolar ekeni.
Hydyr Derýaýew ýigrimi ýyldan soň agyr sürgünden soň dolanyp gelen badyna «Sen Kerbabaýew meni basdyryp, meniň romanymy öz adyna geçirtdi» diýip, MK-a hat ýazarsyň, bolmasa, seni ýene-de gelen ýeriňe ugradarys» diýip, haýbat atanlaram ýazyjylaryň özleri eken...
Soňam Türkmenistan Ýazyjylar berleşigine ýolbaşçy bolan adamyň üstünden üýşülip, golly, golsuz arza ýazylmadygy ýokdy.
«Berdi Kerbabaýew olaryň göwnüne ýaramady. Gara Seýitliýew milletçi boldy. Beki Seýtäkow tireparaz boldy. Beýlekilerem şondan gowy däl» diýýärdiler.
Prezident ýazyjylaryň başdan başlap, hut şu güne çenli birahatlygynyň, birek-birege ynanyşmazlygynyň köküni tapasy gelýärdi.
Ol oýlandygyça, kelebiň ujuny ýitirýärdi.
«Ýa bulary bikarar edýän zat Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň kürsüsimikä? Her kimiň özi şoňa çykjak bolup, çykyp bilmejeklerem, «men çykmasam, beýlekem çykmaz» diýen manyda basdaşlyk edýärmikäler. Onda toparjyklar näme? Ýa olaram özi ýa öz toparynyň adamyny şol kürsä çykarmak üçin şeýle topalaňy turuzýarmyka?»
Ol Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň kürsüsini beýlä goýup, soň ýazyjylary öz ýanyndan synlap görýärdi. Şonda olaryň bary gülala-güllük bolaýjak ýalydy.
«Kürsi näme berýär? Kürsä münen MK-nyň çleni bolýar. Haýbatly kürsi. Deputatlyk! Maşyn! Döwletiň öňünde belent mertebä eýe bolmak! Neşirýatda binobat kitap çykartmak! SSSR Ýazyjylar birleşiginde, Moskwanyň, beýleki soýuz respublikalaryň neşirýatlarynda respublikadan ýeke-täk wekilçilik edýän adam! Uly baýraklara, orden-medala, uly atlara dalaş etmek! Öz töweregiňdäkileri, topardaşlaryňy, ildeşleriňi goldamak! «Sen maňa – men saňalar». Diýeniň diýen, edeniň eden bolmak! Başlyklyk mertebäň! Daşary ýurtlara sapar! Tutuş soýuzda uly şöhrata eýe bolmak».
Ol kürsi eýesiniň mümkinçilikleriniň sanap aňyrsyna ýetip bilmedi. Ýazyjylar birleşinginiň adaty çleni şu zatlaryň birine-de eýe bolup bilmeýärdi.
«Ine, ýazyjylaryň arasyndaky dawanyň uly kökleriniň biri kürsi ugrundaky göreş! Ikinjisi, üçünjisi nämekä? Öz-ä olaram şu kökden aýrylyp gitmeli däl...»
Ol tire-taýpa dawasynam şu köke getirip goşdy. Ahyry üçünji kökem tapdy.
«Öň joşgun bilen eser ýazyp, belli bir ýaşa ýetensoň, ylhamy çöken ýazyjylar hem öňki talantyny arz etmek, arza ýazmak işine gönükdirýän bolaýmasyn? Ýaşlaryň, orta ýaşlylaryň hem bir topary olara goşulýan bolmaly. Näme kän, owunjak öýke-kine, bähbit üçin bahana kän. Ýöne olary-da biri ýola salyp, ony eýdiň, muny beýdiň diýýän bolmaly. Şolar kimlerkä?..»
Ol birden oýundan açyldy. Kabulhana bilen aralykdaky uly işigiň daşky tarapynyň açylandygy belli boldy.
«Bularyň näme geňeşi barka? Elbetde, gurultaýyň öň ýanynda ýene başlyklyk dawasy bolmaly. Ýogsa ýaňy kyrk bäş jaý, on maşyn berdig-ä bulara...»
Ol ýazyjylar bilen söhbetdeşligi üçünji plan boýunça alyp barmagy ýüregine düwdi. Bu planlary ol baryp şäherkomyň birinji sekretary döwründen bäri endik edipdi.
Birinji plan: Möhüm mesele çözülmeli bolanda ulanylýardy: näme etmelidigi göni buýruk äheňinde maslahat berilýärdi. Berilýän buýruklar, geňeşler jikme-jik, anyk ýagdaýa görä korrektirowka edilýärdi. Soň işiň netijesine garaşylýardy.
Ikinji plan boýunça gürrüň iki taraplaýyn informasiýa alyşmak, şol informasiýa boýunça gelnen netijeleri, pikirleri çuňlaşdyrmak, köplenç garşydaşyň pikirine agram salmak bilen öz ideýaň ýaýbaňlandyrylýardy. Iň ahyrda gürrüňdeşiň öz şahsy durmuşy, şahsy haýyşy soralýardy.
Üçünji plan: köşeşdiriji söhbetdeşlikdi. Onda söhbetdeşiň öýke-kinesini aýyrmaga, ony bagtly geljege ruhlandyrmaga ýykgyn etmelidi. Dartgynly gürrüňe ýer galdyrmaly däldi. Jemleýji gürrüň gysga hem anyk deliller bilen tamamlanmalydy. Bu ýerde şahsy meseleler hem kän bir wagtyňy almaly däldi.
Işik açyldy. Her näçe öýke-kineli, gaharly bolsa-da, patyşany gören ýüzleriň dumany, ýadawlygy ýaz gününiň gary ýaly ereýärdi. «Wah, şularyň ýüregindäki öýke-kinänem eredip bolsady» diýip, Döwletbaşy gelenleriň elini gysmaga taýýar bolup durşuna oýlandy.
– Men ýazyjylarymyzy kän garaşdyraýdym öýdýän. Maňa başda aýtmandyrlar, ýogsa men ministrleri däl-de, sizi ilki kabul etjeg-ä. Heý, ýazyjylaram bir garaşdyryp bolarmy? – Ol gelenleriň her biri bilen mähriban salamlaşdy. – Hany, geçiň.
Hemmesi jaýlaşykpy oturansoňam, küldan bilen daşary ýurt çiliminiň bir gabyny orta oklady.
– Hany, bir çilim çekiň ýa çaý içjekmisiňiz? Çilim çekesiňiz gelip, käbiriňiziň gulagyňyz gyzaryp gidipdir-ä. Şeýle dälmi?!
Ýazyjylar iki topar bolup oturdylar. «Diýmek, iki pikir bar!» Häzir her topar öz pikirini öň aýdyp, Prezidenti özüne ýaran etjek bolýardy.
– Gurultaýyňyz näçesine? – diýip, ol gepbaşy hökmünde öň telim anyklanylan sowaly orta atdy.
– Sapar Ataýewiç, gurultaý fewralyň aýagyna, ýöne – diýip, öň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolan, merkezi gazetleriň birinde habarçyka ýüzi ýagşy açylan pyýada öz meselesini açmak üçin söze başlady. Onuň gapdalynda oturanlaryň gözleri birden hyjuwly ýanyp başlady.
«Diýmek, onuň gapdalyndaky dört adam onuň pikirdeşi». Beýleki gapdaldaky bäş adamyň birden ýüzi gamaşan ýaly boldy.
«Olar garşydaş pikirliler! Bularyň oňşup bilmeýän zady nämekä? Eger gürrüňiň jylawyny başdan bularyň eline berseň, gürrüň juda uzaga gider. Bu ýüzlerdäki gary ýagşy eredip ýagdyrjak bolsaň, azyndan bir ýarym sagat gerek. Gürrüňiň dawa sanmagam mümkin. Bularyň yzyndan Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisinem kabul etmeli. Şonuň üçin kän bir emosiýa ýol bermeli däl. Nesip bolsa, gurultaýlarynda iç döküşibersinler...»
– Şu gurultaýy bir agzybir geçireliň, adamlar – diýip, Döwletbaşy gürlejek bolup başlan ýazyjynyň sözüni agzyndan alyp aýtdy. – Bagyşlaň, sözüňizem aldym. Siz bir zada düşüniň, ýazyjylar. Siz özüňize degişli dälsiňiz. Siz tutuş türkmen halkyna degişlisiňiz. Ruslaryň uly şahyry Nekrasow näme diýýär. «Rus ýazyjylary şahyrdan has beýigräkdir» diýýär.Siz diňe şahyr däl. Sizhem akyldar, hem mugallym, hem döwlet syýasatyny ýöredýän adam, hem halkyň ruhuny göterýän adamlar.Siziň ýüzüňiz salyk bolsa, siziň ruhuňyz pes bolsa, halkyňam ruhy pese düşer. Onuň üçin siz merdana bolmaly. Bu kynçylyklar wagtlaýyndyr. Ýöne ýagdaý gaty çylşyrymly. Maňa Mihail Sergeýewiç günde-günaşa telefon edip dur. «Saparmyrat Ataýewiç, sen sag bol, öňem gurultaýlarda-da dawa-jenjel etmediňiz, häzirem Türkmenistan diňe türkmenleriňki bolsun» diýeňzok» diýýär. Men aýtdym: «Mihail Sergeýewiç, Siz arkaýyn boluň, türkmenleriň öz-ä dawa-şerden gaty daşdadyr. Tire-taýpa dawasyny edenem, milletçilik edenem känbir halap baranok» diýdim. Ol minnetdar boldy. «Ähli türkmen halkyna menden salam aýt» diýdi. Men basym ýazyjylarymyzyň gurultaýy bar diýdim. Olam: «Ýazyjylar başgaça adamlar, olary eziz saklaweri» diýdi. Men düşünýän, SSSR öňki SSSR bolanda ol maňa beýdip jaňam edip durmasa durmazdy. Ýurt ýagşy bulaşdy. Pribaltika respublikalary SSSR-den aýryljak bolýar. Kawkaz respublikalary därili çelegiň üstünde otyr. Häzir olar bilenok. Daglyk Garabag meselesini kimdir biri öz bähbidi üçin gorjalady. Ony beýtmeli däldiler. Ine, görersiňiz, bu därili çelek partlar.Onsoň gan döküşligem bolar, dogan-doganyň ganynam döker. Onsoň ol asyrlara gider oturar. Milletçilik diýen dawanyň aňyrsyna ýetme ýokdur. Ol nesilleri zaýalaýar. Iki halkyň arasyndaky iň mukaddes däpleri weýran edýär. Ara gan düşensoň, ony saklabam bolmaýar.
Hudaýa şükür, biz olar ýaly ýagdaýa ýol bermeris. Ýöne bir zady bilip goýuň, bizde-de milletçilik meýilli adamlar ýok däl...
Arada hudožnikler bilen duşuşdym. Mesele hudožnikleriň problemasy barada gidýär. Emma şol ikarada daýaw, ak ýüzli, saçy egnine düşüp duran bir ýigit, soň sorasam, ýaş şahyr diýdiler, orta çykyp: «Halky köçä çykarmaly. Moskwada, Pribaltikada, Kawkazda halk iş taşlaýyş edýär. Halk ploşadlara ýygnanyp, öz hukugyny goraýar. Bizem şeýle etmeli. Şeýtsek, biz bagtly bolarys, gowy ýaşarys» diýen ýaly gürrüň edýär. Bir zada düşüniň, şu güne çenli, gykylyk edip, köçä çykyp galmagal turzup, gowy ýaşan ýokdur. Eger köçä çykan gowy ýaşasa, häzir Moskwanyň halky köçede, şolar bal iýip, ýüpek geýmeli. Emma Moskwa häzir açlyk ýagdaýynda. Pribaltika juda kyn ýagdaýda. Özbeklerem Fergana gyrgynçylygy sebäpli ähli yrsgalyny ýitirdi. Gazaklaram, gyrgyzlar hem gaýnap durlar. Azerbaýjan, Ermenistan Garabag sebäpli gan dökýärler. Olaryň halky yrsgally etmäge ellerem degenok...
Biziň tutuş daşymyz, Owganystanam, Özbegistanam, Gazagystanam, Azerbaýjanam, Russiýa-da uruş, dawalar sebäpli agyr günde. Siz pikir etmäň, biziňki bir hezildir öýdüp. «Be, ähli goňşulary gyrlyşyp ýörkä bular näme üçin arkaýyn, agzybir otyrlar. Bularam gyrlyşdyryp bolmazmyka» diýip ýörenler az däl, içimizde-de, daşymyzda-da.
Düýn-öňňin Pribaltikadan gelen birküç sany adamyň: «Sizem iş taşlaýşa, hökümetiňize garşy söweşe başlaň! Başga milletler sizi ezip geldi. Häzirem hakyňyzy iýip ýör. Siz bolsa arkaýyn gezip ýörsüňiz» diýip, restoranda wagyz geçirip durkalar, üstünden oglanlar barypdyr. Töwereginde bir topar iş hoş ýakmaz «hawada-hawa dogryda-dogry» diýip durmuşyn. Arasynda siziňem ýazyjylaryňyzdan birki sanagy bar diýýärler...
Moskwadanam käbir ýazyjylar bu ýerdäki ýazyjylara: «Bu ýerde goh başlandy. Siz näme otyrsyňyz, boluň başlaň!» diýip, aldygyna haýbat bilen jaň edýärmişin. Merkezi gazetler, «Azatlyk» radiosam bizi öz garyp günümize goýanoklar. Henizem men sizi gorkuzmaýyn. Türkmenistanyň içem asuda däl. Bu ýerde-de tersine iş alyp barýanlar bar. Özlerem ýeke däl. Men olaryň adynam aýtjak däl, sanajagam däl, wagty gelende, özüňiz bilersiňiz.
Hudožnikleriň ýygnagynda çykyş eden ýaş şahyram «geliň, köçä çykalyň. Zabastowkalara giň ýol açalyň. Gan dökeliň!» diýip ýöne ýere aýdanok. Ol zabastowka edip, köçä çykyp, gyrlyşyp gowy ýaşalýanyny nirede görüpdir. Onam, odur-budur sowgat berişren eýle bolarsyň, sen beýle bolarsyň» diýip, ýalan-ýaşryk wada bilen gižželeýärler. Olam bir sähraýy türkmen. «Sen, sen» diýseler, şeýledir öýdüp, eňip ýör.
Ýene bir zady unutmaň, türkmeniň bir gany gyzmasyn: onuň ganyny gyzdyrsaň, tä tohumy gyrylýança gidişer. Türkmen juda namysjaň halkdyr, Onuň namysyna çirk ýetirmeli däl. Ata-babalaryň mukaddes ruhuny rahat saklamaly.
Meniň bar aladam: birinjiden, agzybirligi, rahatlygy, köp ýyllaryň dowamynda däbe öwrülen dostlugy saklamak, indi SSSR-den gelýän azygam, çörek, unam, gurluşyk materiallaram, senagatymyz üçin çig mal, enjamlaram kesildi. Indiki wezipe, halkymyzy açlykdan nähili halas etmeli. Üçünjiden, kem-kemden öz milli däplerimizi dikeltmek!
– Gazam-a gidip ýatyr – diýip, buýra saçly, çilim çekip, garaýagyz ýüzi az-kem açylyşan şahyr aýtdy.
– Bizi ahyr soňunda gazymyz halas eder, nesip bolsa.
Ýöne käbiri düşünmän «gazymyz mugtuna gidip ýatyr» diýipgykylyk edýär. Düşüniň, heniz SSSR, onuň Merkezi darganok. Ertir näme boljagy belli däl. Agyr goşun, uly güýç, respublikalaryň açary Merkeziň elinde. Ertir otuz ýedinji ýylyň gününi başyňdan inderse, etjek alajyň ýok.
Entejik howlukmaly däl. Gyssanyp, howlugyp bagt, döwlet tapan ýokdur. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýipdirler.
Sabyrly bolalyň. Ýazyjylaryň meselesem, beýleki döredijilik birleşikleriniň meselesem öz meselämiz. Ony özümiz howlukman çözeris. Ýöne, meniň haýyşym, ýazyjylar agzybir bolsun. Şu wagt bize siziň goldawyňyz juda zerur...
Ol sagadyna, soňam sözüni üns bilen diňläp oturanlara garady. Olaryň ýüzi birneme rahatlanypdy.
– Bo-ow, ýeke özüm iki sagat dagy gepläýipdirin. Siz näme mesele bilen geldiňiz ýa Prezidente «armaweri» diýeli diýip gaýtdyňyzmy?
– Olam şeýle, ýöne gurultaý boljakbolsa, başlyk, sekretariat meselesinem maslahatlaşaýaly diýip geldik.
– Weý, ony özüňiz çözübermel-ä – diýip, Döwletbaşy ýylgyryp aýtdy. – Indi ýazyjylaryň işine men goşulyp ýörmäýin. Özüňiz abraýly ýazyjyny başlyk saýlaň. Ol ýazyjylaryň mertebesini göterip, ýaşululyk etsin ýörsün. Onuň ýanyna-da tüýs işläýjek ýaş oglanlardan sekretar saýlaň.
– Ýok – diýip, hälki, başda söz alan, öň bir wagtky başlyk ylalaşman aýtdy.
– Biz ýaşuludan bizar bolduk. Ýazyjylar birleşiginiň kürsüsi personal pensionerleň sallançagy bolmaly däl. Ýaşlar işlemeli. Biziň öz teklibimiz bar!
– Kim bolsa diýýärsiň?
Ol teklibini aýtdy. Onuň salgy berýäni ýazyjy däl-de, birki ýyllykda merkezi wuzlaryň birinde jurnalistika ugrundan okuwy tamamlap gelen, häzirem edebiýat gazetinde işläp, käte badyhowa makalalar bilen çykyş edýän ýaş ýigitdi.
– Ýok-la! – diýşip, garşydaş tarapyň ýazyjylary zöwwe ýerlerinden galyşdylar.
– Ol bolmaz – diýip, häliden bäri bir burçda sesini çykarman oturan çal saçly, Türkmenistanyň abraýly halk ýazyjylarynyň biri aýtdy. – Ýazyjylary bilmän agzalalyktohumyny sepýänleriň biri ahyryn şol oglan. Özem ähli ýazyjyny bir gözden görjek adam däl. Ol başlyk dälkä, gazet işgärikä bizi dalap, günümize goýanok. Ol başlyk bolsa, bize bu ilde durarlygam galmaýar, göçüp gidibermeli bolarys onda.
Emma öňki başlyk öz diýenini has hem berkidýärdi. – Bize şolar ýaly berk, gaýratly ýigitler gerek.
Döwletbaşy ýerinden turdy-da, baryp seýfinden ýukajyk papka çykardy.
– Men häzir şol oglan barada bir informasiýany aýdaýyn. Ol oglan ýazyjy bolmaga däl-de, özbaşyna partiýa açmaga dalaş edip ýör. Özem Moskwanyň «demokratik güýçler» diýen guramasynyň görkezmesi boýunça «demokratik güýçler» partiýasyny açmakçy bolýar. Şol partiýanyň lideri hökmünde birküç ýerde çykyş edipdir. Programmasyny, ustawyny şol ýygnanyşyga hödürläpdir. Şonuň programmasynda-da ähli jemgyýetçilik güýçleri şu partiýanyň çlenlerinden, esasan ýaşlardan goýmaly diýen ýörelge bar. Özem, men bir zady aýdanymda, şoňa ýüz prosent göz ýetirmesem, şol ýüz prosent dogry bolmasa, ony ile ýetirýän däldirin.
Ýaşuly ýazyjynyň hem, onuň gapdalyndaky buýra saçly şahyryňam ýüzi açyldy. Olar hem pikirlerini aýtdylar.
– Umuman, siziň pikiriňiz, meniň pikirim. Men olary unaýan. Ýöne agzalalyk bolmasyn. Meniň üçin ol ýazyjylaryň başlygy boldy ýa beýleki boldy – ähmiýeti ýok. Hemmäňiz türkmen. Ýöne bir zada düşüniň: halkyň, Watanyň namysy orta düşende, wezipe, şahsy maksat beýlä goýulýandyr.
Ýaş ýigidi başlyklyga teklip eden ýazyjynyň öňem gyňyr ýüzi hasam dumanlandy.
– Ýoldaş Prezident, Watanyň manysyna-da, namys-ara-da bizem düşünýäs. Eger-de, – Ol garşysynda oturanlary görkezdi – şularyň programmasy gurultaýda geçse, onda şol gurultaý bize gerek däl. Biz şonda öz mertebämizi kemeltdigimizdir. Watanam, namys-aram ynsan mertebesi bilen beýgeldilýändir...
Onuň gapdalynda oturan gözi edil ýüzüne laýyk bolup duran gara äýnekli pyýada-da onuň sözüni tassyklady.
– Dogry, bizem şol pikirde.
Prezident sagadyna garady. – Ýok, ýoldaşlar, häzir biziň döwletimiziň syýasaty her kim öz mertebesini goramaly diýen ideologiýa däl-de, diňe tutuş halk bolup halkyň, Watanyň mertebesini, namys-aryny goramaly, agzybirligi saklamaly diýen ýeke-täk ýörelgä jemlenendir. – Ol bu dyzmaç ýazyjynyň adyny tutdy. – Sen ýaş oglanlara ters ýol görkezme. Men haýyş edýän. Sen öz wagtynda belent kürsüden, ýumşak oturgyçly maşyndan düşmediň. «Halk ýazyjysy» bolduň. Maşyn berdik. Gowy günüň bar. «Özüm aljagymy aldym, indi yzymdakylary oda bereýin» etme. Gaýta, ýaşululyk et. Biz seni indi aga edinjek bolýas. Geliň, gurultaýy gowy geçireliň! Bormy!
Ol ýerinden turdy-da, ýazyjylar bilen gadyrly hoşlaşdy. Işikde Eýran Yslam Respublikasynyň uly delegasiýasy garaşyp durdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 50 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: