21:52
Türkmende geýinmegiñ edebi
TÜRKMENDE GEÝINMEGIŇ EDEBI

Saparmyrat Türkmenbaşy:
Hakyky türkmen öz eginbaşyna üns bermelidir, özüni pähime laýyk bezemelidir, onuň daş keşbi hemişe görmegeý bolmalydyr, sebäbi, hakykatdan-da, Beýik Allatagala gözeldir we ol gözel zatlary söýýär, Türkmen Beýik Allatagalanyň söýgüsine mynasyp adam bolmalydyr.
Mukaddes Ruhnamadan

■ Geýinmegiň ähmiýeti

Ynsan üçin iýmek-içmek nähili zerurlyk bolsa, geýinmek, jemgyýetde sada we göze gelşikli görünmegem, elbetde, zerurlykdyr. Bedeniň zynaty, yssy we sowukdan goranmak egin- eşik bilen mümkindir. Bu hakykat Gurhanyň Araf süresinde şeýle nygtalýar: «Eý Adamyň ogullary! Üns beriň, size edep ýerleriňizi örtüp, bezenip ýörjegiňiz egin-eşik nesip etdirdik. Ýöne siziň zynatyňyz, esasan, takwa lybasydyr, bu siziň üçin has gelşikli we haýsydyr.» (Araf, 26). Başga bir aýatda bolsa, «Sizi sowuk we yssydan gorap saklajak egin-eşikler ýaradandyr» (Nahl, 81) diýilýär.
Ynsanyň mynasyp geýinmegi beden we ruhy saglygyny, jemgyýetiň umumy ahlagyny we maşgalany goramagy, jynslar arasyndaky tapawudy we gatnaşygy ýola goýmak ýaly maksatlary göz öňünde tutýar. Yslam dini geýinmekde hökmany bir görnüşi ündemeýär. Geýinmekde aýalda we erkekde görülmesi haram bolan ýerleriň ýapylmagy esasdyr. Gurhany kerimde bu barada şeýle buýrulýar:
«Mü’min erkeklere: nazaryny haramdan sowmaklaryny, owrat ýerlerini ýapmagy, agzalaryny zynadan goramagy aýt» (Nur, 30). Başga bir aýatda bolsa, aýallaryň namysyny goramagy we harama bakmazlygy ündelýär:
«Mü’min aýallara-da nazaryny haramdan sowmaklaryny we owrat ýerlerini ýapmagyny, namyslaryny goramagyny aýt. Şeýle hem mejbury görünýän ýerinden başga zynatyny görkezmesin. Baş ýaglygyny ýakasynyň üstüne atsynlar...» (Nur, 31).
Bu aýatlardan geýinmek edebinde esasy şu üç maksat göz öňünde tutulandyr:
1. Geýlen egin-eşik adamy her hili kynçylykdan we azardan goramaly;
2. Owrat – edep ýerlerini örtmeli;
3. Sada we gelşikli bolmaly.
Mukaddes Ruhnama kitabynda Nuh pygamber ymmatyna arassa hem ykjam geýinmek barada: «Geýim adamy bezeýär, göze mährem görkezýär. Özüňize gelişýän eşikleri geýniň» diýip, tabşyrýandygy nesihat edilýär.
Elbetde, ynsan beýleki janly-jandarlar ýaly däldir. Ol Allanyň özüne berýän akyly we erki esasynda bu maksatlara ýetmek üçin dürli çäreler görendir. Bularyň arasynda-da esasy mesele ynsanyň jemgyýetde ar-namys, at~abraý bilen ýaşamagydyr. Bu bolsa diňe haýa duýgusynyň netijesi bolan örtünmek, uýat ýerleriniň ýapylmagy bilen mümkindir. Şonuň üçin Allatagala Araf süresiniň 26-njy aýatynyň ahyrynda egin-eşikleriň arasynda iň haýyrlysynyň takwa lybasydygyny nygtaýar. Diýmek, ynsany, edep-haýadan, takwalykdan daşlaşdyrjak egin-eşikleriň, lybaslaryň edebe gelişmejekdigini, şeýle egin-eşikleri, lybaslary geýinmegiň biedeplikdigini arkaýyn aýtmak bolar. Şonuň üçin Pygamberimiz, sallallahu aleýhi wesellem, «Ençeme geýinýän adam bardyr welin, olaryň aglabasy geýinse-de ýalaňaçdyr» (Müslim) hadysy bilen bu hakykaty beýan edendir. Şeýle hem tekepbirlige, ulumsylyga eltýän görnüşdäki egin-eşikleri-de makullamandyr. Şonuň üçin kişiniň ýagdaýyna görä, gowy we arassa geýinmegi göwne jaýdyr. Emma aşa geçmegi we isrip etmegi haramdyr. Bu hakykaty Pygamberimiz: «Sada ýaşamak imandandyr» diýip beýan edipdir (Ibni Maje).
Mukaddes Ruhnama kitabynda türkmeniň geýim edebi barada şeýle aýdylýar:
«Türkmende geýim-gejim, milli egin-eşik – biziň milletimiziň diňe daşky görnüşi däl, ol tebigat bilen hem baglydyr. Türkmeniň milli geýim-gejimi başga zatlary hem ýerine ýetirýär. Türkmenistan yssy ýurt. Türkmeniň dabara bilen gelýän reňdar, hoşboý ysly, örän owadan ýazynyň ömri gaty gysga. Bir-iki aý. Ýylyň galan pursady maýsasy samana aýlanan sähra sary gussa, sary tukatlyk bolup ýatyr. Şol sebäplem türkmen gelin-gyzlary ýazyň ýiti, açyk-ýaşyl, gyzyl, al, melewşe, gök reňklerinden bolan geýim-gejimleri geýýär. Şeýdibem, türkmen gelin-gyzlary türkmeniň gysgajyk ýazyny ýyl boýy dowam etdirýär.
Türkmen ýigitleriniň geýýän toý geýimleri hem ýazyň reňkinde. Söweş güni türkmen ýigitleri mele çäkmenli, mele silkmeli. Türkmen kazylyk atlary hem mele bolýar. Ol reňkdäki geýim-gejimler bolsa, tebigatyň reňki bilen dessine garyşyp gidýär.»

■ Geýimde aýal-erkek tapawudy.

Geýimler, elbetde, aýal-erkegiň ýaradylyş aýratynlygyna görä tapawutly bolmalydyr. Dinimizde aýallaryň geýmeli egin- eşikleriniň belli bir görnüşi ýokdur. Esasy mesele, aýallaryň endamyny görkezmejek görnüşde ünsüňi çekmeli däldir. Şonuň üçin aýallaryň geýýän egin-eşiklerinde iki zada üns berilmelidir. Olar:
Birinjiden, geýlen geýim aýalyň endamyny görkezjek derejede ýuka bolmaly däl.
Ikinjiden, geýlen geýim aýalyň göwsi, bili ýaly jynsy arzuwy oýaryjy agzalarynyň belli boljak derejede dar bolmaly däl. Pygamberimiz Müslimiň rowaýat eden bir hadysynda, «geýinse-de, ýalaňaç bolan», ýagny erkekleriň jynsy arzuwlaryny oýarjak görnüşde ýuka we dar eşik geýnip köçä çykan aýallaryň jennete girmegi beýlede dursun, jennetiň ysyny hem duýup bilmejekdiklerini belleýär. Şonuň üçin erkek-aýal tapawudy bolmazdan, geýlen egin-eşikler ynsanda edep-haýalylygy, takwalygy, gelşikliligi, sadalygy netije berip görkezmelidir. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Haýa – zenanyň aýratyn ruhy tebigatydyr. Halkyň ýok ýerinde, zenan-da ýokdur. Zenanyň egin- eşiginde bildirýän haýa eşigiň titilik, şelaýynlyk ýokundysyndan azat bolmagydyr, beden gözelliginiň bigänelere güjeňlenmezligindedir. Türkmen zenanynyň uzyn köýnegi, nagyşly ýakasy, başatgyjy muňa laýyk gelýär. Zenan gözelligi onuň beden gözelligi bilen asla-da bir zat däldir. Türkmeniň milli eşigi zenanyň köpçüligiň öňünde görünmeli gözelligini saklap, zenanyň diňe öz adamsysyna degişli gözelligini bolsa, del gözden ýaşyryp, örtüp goýýar. Munuň özi milli gözellik düşünjämiziň hem inçeliginden, ahlaklylygyndan we adyllygyndan habar berýär.»
Mukaddes Ruhnama kitabynda «Ýaşululyk edebi» düşündirilende, geýinmek edebi barada şeýle aýdylýar:
«Ýaşululyk edebiniň ýene bir şerti – ýaşyna görä geýinmekdir. Egin-eşik diňe bir endamyny gizlemek däl, eýsem, ýüregiňi açyp görkezmekdir hem, ýaşulynyň geýimi onuň ruhunyň agras kämilligini, göwnüniň manyly durnugyny açyp görkezmelidir. Adam ogly ýaşlykda tebigy gözelliginiň üstüni ýetirmekden ötri gözelden gözel, gözilginç egin-eşigi geýýär. Ýaşlyk göwün galkynmasynyň, emma akyl telperliginiň möwsümidir. Şonuň üçinem, jahyl ýoňa – moda kowalaşýar, özüne däl, mähellä – özgelere meňzemäge çalyşýar. Modada esasy zat gözellik däl-de, gelşiklilikdir. Gelşik, ýaraşyk bolsa, başgalaryň gözüne owadan görünmekdir. Elbetde, bu hem gerek zat. Emma kämilligiň ýollary düýp manysy boýunça jahyllygyňkynyň tersinedir. Jahyl öz duýgusyny ile ýaýmak islegindedir, şoňa laýyk bezemen, kaşaň hem gözilginç eşikleri geýinýär. Ýaşululykda bu gaty gelşiksiz bolar. Bu döwürde, tersine, duýgulary gizleýän, oňa derek mazamsyz, agraslygy, sypaýylygy nygtaýan eşikleri geýmek gerek. Ýaşy has gartaşan türkmen ýaşululary ak kamys, mele reňkli eşikleri geýmegi adat edinipdirler. Bu gowudyr. Ýaşululyga gündiz ýaly aklyk, toprak ýaly melelik gelişýär. Ak kämilligiň, mele bolsa agras hasyllygyň reňkidir. Miweli bag agras bolýandyr. Gök, gyzyl gara ýiti reňkler joşgunly duýgyny nygtaýar we ýaşlaryňkydyr.»
Pygamberimiz, umuman, erkegiň we aýalyň ýaradylyşyna laýyklykda, käbir matany we şaý-sepi ulanmagy ündeýär.
Ýüpek we altyn gymmat bahaly zat bolany üçm zynat görnüşindendir. Zynat hem, umuman, aýallara gelişýän zatdyr.
Mukaddes Ruhnama kitabynda Nuh pygamber gyz-gelin bezegi barada şeýle wesýet edýär: «Gyz-gelinleriňize zümerret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň. Gyz-gelniň göwnüni ýykan türk iman (türkmen) däldir. Ejiz, naçar göwni näzikdir. Olary näzik saklajak bolsaňyz, göwnüne ýetiň. Bezeg daşyny boýnuna, arkasyna, döşüne dakyň, ýöne ýüzüne degmäň, ýüzüň özi müň zümerretden zyýatdyr. Beýik Taňrynyň ýürekdäki mähir-nury ýüzde jemlenendir, dünýäni çyraglandyrýandyr. Şonda olar has owadan görner, näzik bolar, göwnüňizi açar, ruh berer».
Türkmenler gelin-gyzlara şaý-sep dakmaklyga ýokary baha beripdirler. Şeýle hem zergärçilik sungaty türkmen taryhynda ösendir we türkmen şaý-seplerine ýokary isleg bildirilendir. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Biziň gadymy şaý-seplerimiz peri-peýker ýaly gözelleriň bezegi bolup geldi... Dünýä bazarlarynda bir säw bilen düşen gadymy şaý-seplerimize örän gymmat baha kesilýär. Dünýäniň meşhur kinoýyldyzlary, teatr ýyldyzlary, sungat, edebiýat bilen dahylly meşhur zenanlary hökmandan hökman türkmen şaý-seplerini dakynmagy dereje bilýärler.»
Şeýle hem, Yslam ynsanyň asyl durkuny üýtgedýän, oňa täsir edýän zatlary etmegi, ýagny endamyňa ýazgy ýazdyrmak (we ş.m.), dişleriňi owadanlamak (teflij), ýüzüň hamyny çekdirmek ýaly bejergi maksady bolmadyk her dürli estetiki we medisina operasiýalary etdirmegi gadagan edipdir (Buhary, Müslim). Ýöne betgelşik ýara, ýanyk yzlary, gyşaran dişler, çaşy göz, doga artyk agzalar adamyň görküni gaçyryp, köpçüligiň ýaňsa almagyna, kemsitmegine sebäp bolýan, saglygyňa zyýan ýetirýän bolsa, bulary bejertmegiň zeleli ýokdur (Tirmizi).
Ýeri gelende bir zady ýatlatmak isleýäris. Diş saglygy meselesinde öň tehnika ýokary derejede ösmänligi sebäpli, şeýle hem, diňe zynat üçin türkmen halkymyzyň arasynda gyzyl diş goýdurmak däbe öwrülipdir. Emma häzirki döwürde tehnika ýokary derejede gelinleriň gyzyl ösendir, şol sebäpli erkek adamdyr gyzyl diş ýerine ak diş goýdurmaklary has göwnejaýdyr. Bu ynsanyň ýaradylyşyna we saglygyna zyýan ýetirmän, Beýik Serdarymyzyň sargyt edip belleýşi ýaly, ynsanyň görküne görk goşýar.

■ Haram iýmit, içgi we geýim ulanmakdaky zeruryýet.

Açlygy, suwsuzlygy kanagatlandyrmak, hassalygy bejermek üçin halal zatlar bolmadyk ýagdaýynda, haramdan peýdalanmak mubahdyr.
Ynsan halal iýgi-içgi tapylmadyk ýagdaýynda, diňe ölmezlik üçin, zerur bolan mukdarda haram iýmit iýip-içip biler. Artyk iýip-içmek halal däldir.
Ynsan halal we tämiz zatlar bilen özüni bejertmelidir. Derman hem bir zerurlykdygy üçin çykgynsyz ýagdaýda haram zatdan öndürilen, ýasalan derman bilen özüňi bejertmek dürsdür. Meselem, erkeklere ýüpek geýmegiň haramdygyna garamazdan, Pygamberimiz Abdurahman b. Awf bilen Zubeýr b. Awwam ýaly deri keseli bolan sahabalara ýüpek geýmäge rugsat edipdir.

■ Haram dermany ulanmak üçin şu şertler bolmalydyr:

1. Şol dermanyň ýerini tutup biljek halal dermanyň ýoklugy.
2. Şol derman ulanylmadyk ýagdaýynda jana howp abanmagy.
3. Ynamdar lukmanyň şol dermany ulanmagy maslahat bermegi.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 19 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: