21:40
Türkmen jemgyýetinde bagtly ýaşaýyşy üpjün edýän däp-dessurlar
TÜRKMEN JEMGYÝETINDE BAGTLY ÝAŞAÝŞY ÜPJÜN EDÝÄN DÄP-DESSURLAR

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Häzirki döwürde hem türkmen bedeniniň sagdynlygyny we berkligini saklamak üçin iýmekde-içmekde çenini bilmelidir. Ol nahara açgözlük bilen topulmaly däldir, saglygyny, güýjüni, işjeňligini saklamak üçin Beýik Taňrynyň: «Iýiň, içiň, emma öte geçmäň» diýen sözlerinden ugur almalydyr.
Mukaddes Ruhnamadan

■ Iýip-içmekde edep

Wagtynda we kadaly iýip-içmek saglygyň seresidir. Şeýle hem, edep kadalaryna laýyklykda iýmek-içmek bolsa medeniýetlilik hasap edilipdir. Şonuň üçinem iýmitlenmegiň kadasyny her bir türkmeniň bilmegi hökmandyr, çünki lukmanlaryň aýtmagyna görä, köp keseller bu kadany berjaý etmezlikden gelip çykýar.
Gurhany kerimiň möçberi iň uly sürelerinden biri Maide süresidir. Maide sözi – saçak, supra, desterhan manylaryny berýär. Bu sürede Allatagala iýip-içilýän tagamlaryň halal we arassa bolmagyny ündeýär.
«Eý, Habybym, senden nämeleriň halal edilendigini soraýarlar. Aýt: size arassa we peýdaly zatlar halal edilendir» (Maide, 4).
Diýmek, ynsanyň saglygyny saklamagynyň esasy halal we arassa azyk önümleriniň, iýmitleriň, içgileriň iýlip-içilmeginde durýandyr. Haram we saglyga zyýanly iýmit we içgilerden saklanmalydyr. Şeýle hem iýilýän we içilýän halal we arassa önümlerden belli kadalara laýyklykda peýdalanmalydyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öz ýaşaýan döwründe halal we arassa azykdan nähili peýdalanmalydygynyň edebini musulmanlara görkezipdir. Türkmen halky hem bu edep kadalaryny öz durmuşuna ornaşdyrypdyr. Türkmeniň ýaşaýyş medeniýetine laýyklykda däbe öwrülen iýmek-içmek bilen baglanyşykly bu edep kadalaryny gysgaça şeýle sanap bileris.

■ Nahardan öň we soň eliňi ýuwmak.

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: «Naharyň berekedi iýmekden öň we soň eliňi ýuwmakdyr» (Ebu Dawud, Tirmizi). Pygamberimiz el ýuwmakdan başga agyz arassalygyna hem üns beripdir. Ol: «Dyrnaklaryňyzy aýryň, olary gömüň, dişleriň arasyny nahar galyndylaryndan arassalaň, miswak ulanyň. Saralan dişleriňiz bilen agzyňyz ysly halda ýanyma gelmäň» (Tirmizi).
Miswak ýylgyna meňzeş, ady erek bolan gyzyl agaçdan ýasalan çotga ýaly, ýöne gylsyz esbap.

■ Nahara «Bismillah» diýip başlamaly, bolanyňdan soň, «Elhamdülülah» diýip doga etmeli.

Pygamberimiz bir hadysynda: «Sizden kim bir zat iyip-içse «bismillah» diýsin. Başda aýtmagy unudan bolsa, ýadyna düşende şeýle diýsin. Başda aýtmagy unudan bolsa, ýadyna düşende şeýle diýsin:

«Bismillähi fi ewwellihi we ahyrihi» (Başynda-da, soňunda-da bismillah)» (Ebu Dawud) diýip buýrupdyr. Ol bir hadysynda şeýle aýdypdyr: «Kişi öýüne gelip, içeri girende we nahar iýende Allanyň adyny zikr etse, şeýtan özüniňkilere: «Size bu taýda gijäni geçirmegem, agşam naharam ýok» diýer. Ýöne kişi öýüne girende Allany zikr edip, agşam naharyny iýende zikr etmese, şeýtan bu gezek özüniňkilere: «Agşam naharyna ýetdiňiz, emma bu ýerde gijäni geçirmegiňiz mümkin däl» diýer. Adam öýe girende we naharyň başynda «Bismillah» diýip Allany zikr etmese, şeýtan bu gezek özüniňkilere begenç bilen buşlap: «Nahara-da ýetdiňiz, bu ýerde gijänem geçirersiňiz» diýer» (Müslim).
Nahar iýen ýa-da bir nygmata eýe bolan biriniň Süleýman (a.s.) ýaly:

«Bu Rabbimiň fazl we keremindendir» (Neml, 40) diýmegi gowy görlüpdir.
Pygamberimiz nahar iýenden soň, dürli dogalar edipdir. Biz olaryň käbirini ýatlatmagy makul gördük:
«Bize iýdiren, içiren, geýdiren we musulman bolmagy nesip etdiren Alla hamd bolsun» (Ebu Dawud).

«Allam, bize, bu iýen naharymyza bereket ber, ondan haýyrlysyny iýdir» (Tirmizi).

■ Nahary oturyp iýmelidir.

Türkmençilikde, umuman, ýere saçak ýazylyp nahar iýilýändir. Pygamberimiz hem uly iliňki ýaly adaty saçakda nahar iýer eken. Pygamberimiz nahar iýende, köplenç, çök düşüp oturar eken. Käwagt bolsa sag aýagyny dikeldip, çep aýagynyň üstünde oturýar eken. Ol bu barada şeýle aýdypdyr. «Men ýassanyp iýmerin. Çünki menem gulduryn» (Buhary). Eliňe direnip, ýaplanyp, ýatyp iýip-içmegi Pygamberimiz halamandyr (Ebu Dawud). Bu mekruhdyr. Şeýle hem Ymam Gazaly «Ihýa» atly kitabynda: «Beýiklikde, stolda nahar iýmek tekepbirlik bilen edilmese, hiç hili zeleli ýokdur. Çünki stol nahar iýmegi ýeňilleşdirýär» diýip düşündirýär.
Dik durup iýip-içmek halanmaýar. Ýöne «Oturmaga mümkinçilik bolmany üçin, dik duran ýeriňden iýip-içmegiň zeleli ýok diýip, Ymam Gazaly aýdypdyr. Bu meselede ýurduň däp-dessuryna, şahsyň ýagdaýyna esaslanylýar.

■ Nahary hemişe sag eliň bilen iýmelidir.

Çaga kiçi ýaşdaka sag eli bilen nahar iýmäni öwretmeli. Pygamberimiz terbiýeleýän sahaba çagalaryna sag el bilen iýmegi ündäpdir. Serwerimiz bir hadysynda: «Siz iýeniňizde, içeniňizde, bir zat uzadanyňyzda, bereniňizde sag eliňizi ulanyň. Çünki şeýtan çep eli bilen iýýär, berende-de, alanda- da çep elini ulanýar» (Ibni Maje) diýipdir.
Çep el bilen iýip-içmek mekruhdyr. Ýöne unudyp ýa-da bir näsaglyk sebäpli çep eli ulanmagyň, şeýle hem çöregi döweniňde çep eliňi kömekçi edinmegiň zeleli ýokdur. Çöregi iki eliň bilen döwmek has laýygydyr.

■ Nahary gyzgyn iýmeli däl we iýip-içeniňde üflemeli däldir.

Nahary gyzgyn iýmek, çaýy gyzgyn içmek agyz boşlugy we garyn üçin zyýanlydyr. Şonuň üçin nahary biraz sowadyp äbermelidir. Bu saglyk taýyndan hem has gowudyr. Pygamberimiz bu barada: «Gyzgyn naharda bereket ýokdur. Allatagala bize ot iýdirmändir. Şonuň üçin nahary sowadyp iýiň», (Gazaly, «Ihýa») diýip ündäpdir. Bu barada Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle aýdylýar: «Her iýilýän we içilýän zat hem saglyga täsir edýär. Eger-de ol gyzgyn bolsa, bedende gyzgynlyk, sowuk bolsa, sowuklyk duýlup başlaýar, olaryň täsiri endama ýaýraýar.»

■ Nahary ýaplanyp iýmeli däl.

Ýaplanyp iýip-içmegi yslam gadagan edendir, sebäbi beýle etmeklik saçaga hormatsyzlyk bolşy ýaly medeniýetsizlikdir. Ebu Dawudyň gürrüň beren bir hadysyna görä, «Pygamberimiz ýaplanyp iýmändir.»

■ Nahary gereginden artyk iýmeli däldir.

Dinimizde köp iýmegiň halanmaýşy ýaly, aç gezmek hem maslahat berilmeýär. Çünki köp iýmeklik, uky, ýaltalyk, gowşaklyk döredýär, açlyk bolsa ejizledýär. Aşa dokluk süňňi agraldýar, bedeni syrkaw halyna salýar, köp hereket etmeýän adamlarda dürli keseller döredýär. Gurhany kerimde:
«Eý adam ogullary, iýip-içiň, isrip etmäň. Çünki Alla isrip edenleri söýmez» (A’raf, 31) diýilýär. Pygamberimiz bolsa bir hadysynda: «Adam oglunyň doldurýan gaplarynyň arasynda garyndan zelellisi ýokdur. Adamyň ýaşamagy üçin birnäçe lukma ýeterlikdir. Şonuň bilen ol özüni saklap biler. Eger ondan artyk iýmek zerur bolsa, onda gamy üçe bölmeli, bir bölegini nahara, ýene birini suwa we üçünjisini bolsa dem almaga gerek bolan howa üçin bölüň. Allanyň iň ýigrenýän gaby – doly aşgazandyr» (Tirmizi) diýipdir. Pygamberimiziň başga bir hadysynda şeýle diýilýär: «Nebilerden soň, ymmatyň arasynda dörejek ilkinji bela doklukdyr. Çünki millet dok bolanda bedenler semräp, ýürek ejizlär, harsydünýälige ýüz urlar (Ibrahim Janan «Hz. Pygamberiň sünnetinde terbiýe»).
Hawa, ynsanyň saglygyny goramagynyň şertleriniň biri-de ýaşyna laýyklykda iýip-içýän zadyna üns bermekdir. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Ýaşululyk edebiniň baş hem üýtgewsiz şerti, ýaşyna görä ýaşamakdyr. Bu şerti berjaý etmek üçin, ilkinji nobatda, ýaşyna görä iýip-içmelisiň. Türkmençilikde kyrk ýaşdan soň iýgi-içgide öte ajy we öte süýji tagamlar azaldylýandyr. Beden lezzeti ömür hezzetine görädir. Sen kyrk ýaş ömründe kämillige ýetdik, kämillik diýmek, durmuşyň ajysyny-da, süýjisini-de ýeterlik görmekdir. Göwnüň ajy-süýjüden dokmäde bolansoň, bedeniňi-de olardan berhiz etgin! Çünki sazlaşykly ömür – ten bilen ruhuh aýakdaş gitmegidir. Şeýle-de ýaşululykda öte ýagly, öte güýçli nahardanam daşrakda bolmalysyň....
Ýaşululykda iýgi-içginiň diňe bir hilini däl, mukdaryny-da üýtget! Ýaşululykda agzyňa buýur, jahyllykda diline buýrup bilmän, az görgüler gördüňmi?!»

■ Mümkin bolsa, günde iki gezek naharlanmaly (ertirlik we agşamlyk).

Saglyk taýyndan iň peýdalysy hem mümkin bolsa günüň dowamynda iki gezek naharlanmakdyr. Bu ertirlik we agşamlyk naharydyr. Eger-de ynsan günde iki gezek nahar iýjek bolsa, agşamlyk naharyny gijikdirmeli däldir. Sebäbi agşamlyk nahary gijikdirilip iýilse, ol düýbünden saglyga zyýanlydyr. Gowy dynç almak üçin aşgazanyň boş bolmagy gerekdir. Il arasynda «Ertirki naharyňy özüň iý, günortanlygyňy dostuň bilen bölüş, agşamlygyňy duşmanyňa ber» diýlen dana sözlerde hem hut şu zatlar göz öňünde tutulandyr. Garyn-içege keselliler az-azdan günde üç gezek iýmelidirler.
Pygamberimiz we Onuň sahabalarynyň, köplenç, günde iki gezek naharlanandygy aýdylýar. Pygamberimiz agşamlyk we ertirlik nahar edinmegi maslahat beripdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Bir gysym hurma bilen hem bolsa agşamlyk edniň. Çünki agşam naharyny terk etmek tiz garradar» (Tirmizi) diýipdir. «Kim ajwe hurmasy bilen ertirlik edinse, şol gün oňa zäherem, jady (sihir) hem täsir etmez» hadysynda hem ertirlik edinmegi maslahat beripdir. Ebu Dawudyň gürrüň beren şu hadysy Pygamberimiziň bir günde iki wagtyna nahar iýendigini anyk görkezýär. Pygamberimizden:
– Siz näme iýip-içýärsiňiz, eý, Resulallah? – diýip soralanda:
– Agşam bir bulgur süýt, ertir bir bulgur süýt – diýip, jogap berýär. Buharynyň gürrüň beren bu hadysy bolsa ýokarky aýdylany has güýçlendirýär: «Muhammediň içerisiniň bir günde iýýän iki naharyndan biri hökman hurmady» (Ibrahim Janan «Hz. Pygamberiň sünnetinde terbiýe»).

■ Tabakda nahar galdyrmaly däldir.

«Pygamberimiz nahar iýende tabakda zat goýmazdy we şeýle diýerdi: «Naharyň soňy has bereketlidir» (Beýhaky). Başga bir hadysynda bolsa, «Kim bir tabakda nahar iýenden soň tabagy süpürse, şol tabak onuň Alladan ýalkanmagyny dilär» (Tirmizi).

■ Köplük bolup naharlanmaly.

Pygamberimiz hemişe agzybir bolmagy, jemagat bolup ýaşamagy ündeýşi ýaly, nahary hem köplük bolup iýmegi ündäpdir. Köplük bolup naharlanmak dost-doganlygy, agzybirligi berkider. Şeýle hem öý eýesine myhman sogaby gazandyryşy ýaly, saçagyň hem bereketidir. Bir gün sahabalardan biri: «Eý Resulallah, iýýäs, ýöne doýmaýarys» diýipdir. Pygamberimiz: «Onda siz ýeke, özbaşyňyza iýýänsiňiz» diýende, sahaba munuň şeýledigini tassyklapdyr. Pygamberimiz: «Üýşüp bile iýiň, besmele aýdyň, şonda naharyňyz bereketli bolar» («Riýazus-salyhyn») diýip, nesihat beripdir. Başga bir hadysynda:»Allanyň nazarynda naharlaryň iň gowusy – oňa uzaýan eller köp bolan nahardyr», («et-Tergib») diýipdir. Serwerimiziň ýene bir hadysy ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär: «Bir kişilik nahar – iki kişä, iki kişilik nahar – dört kişä, dört kişilik nahar – sekiz kişä ýeter» (Müslim).

■ Bilelikde nahar iýlende, her kim öz öňünden iýmelidir.

Tabakdaşlar bolup nahar iýlende, her kimiň öz öňünden iýmesi edeplilikdir. Şeýle ýagdaýda şahsy gigiýenany berjaý etmeli. Nahar el bilen iýilýän bolsa, nahar iýýän elimiz bilen köpçüligiň iýjek zatlaryna degirmeli däl. Bu babatda sahabalardan Ikras b. Züýeýb bir wakany şeýle gürrüň berýär. «Bir gün Selemäniň öýünde nahar iýýärdik. Men tabagyň ähli ýerine elimi aýladym. Pygamberimiz çep eli bilen elimden tutup: «Eý, Ihras, öňüňden iý. Çünki gapdaky naharyň hemmesi bir nahar» diýdi. Soň ýaňy bişen hurma bilen guradylan hurmany bir tabakda getirdiler. Bu gezek öňümden iýip başladym, emma Pygamberimiziň eli tabagyň hemme ýerinde aýlanýardy. Ol maňa: «Eý, Ihras, indi islän ýeriňden iý, çünki tabakdaky miwe hil-hil» diýdi» (Tinnizi).

■ Nahar wagty terbiýeleýji, peýdaly gürrüňleri etmeli.

Çünki Pygamberimiz hem saçak başynda söhbet eder eken (Müslim).

■ Nahar iýlip bolnandan soň bile turmalydyr.

Beýle etmek hem medeniýetlilikdir. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Nahar iýilýän wagty doýan kişem saçagyň başyndan turup gitmesin. Eger tursa, ýanyndaky ýoldaşyny utandyrar. Ýoldaşy doýmasa-da, iýmegini bes
etmegi mümkin» (Ibni Maje).

■ Türkmen halkynyň çörege goýýan hormaty.

Türkmençilikde çörek, duz, suw mukaddes hasap edilendir. Ony harlamak, zaýalamak, aýak astyna taşlamak gadagandyr. Hatda ýolda-yzda aýak astyna taşlanan çörek görülse, türkmen ony alyp, aýak basmaz ýaly ýere goýar. Bu hakda şeýle bir rowaýat bar. Gum içinde düýeli barýan bir adam düýäniň üstünde çörek iýip barýarka, onuň bir ownugyny ýere gaçyranmyş. Ol düýesini aňyrrakda daňyp, ownugyň gaçan ýerini näçe gözlese-de, ony tapmanmyş. Soň ol çöküp oturan düýäniň üstündäki ýükden elegi alyp, owuntygyň gaçan ýerindäki çägäni tutuş elekden geçirip, owuntygy tapanmyş we diňe şondan soň ýoluny dowam edemniş.
Hawa, bu ýerde asyl mesele beýle bir wakanyň bolup bolmazlygy däl, türkmeniň çörege goýýan hormatydyr.
Türkmen çöregiň saçakda galan bölek-büçeklerini, gatan gyralaryny, hatda köýen ýerlerini hem hapa taşlanýan çelege oklamaýar. Ony ýygnap goýýar, mümkin boldugyça iýmit üçin peýdalanýar. Heňläp zaýa bolan çöregi toplap, mally, it-guşly adamlara berýär. Umuman-a, çöregi maşgalanyň zaýalaman iýip biljek mukdarynda bişirýär ýa-da alýar. Asla, çöregiň bir döwümini hem isrip etmeýär. Sebäbi türkmen şerigatda isribiň haramdygyny bilýär.
Çöregi zyňmak, ýeke eliň bilen döwmek, saçagyň üstünde ýüzin (düňderilip) goýmagy hem halanmaýar. Çörek saklanýan gap-gajyň üstünde oturylmaýar.

■ Suw içmegiň edebi.

Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar. Türkmenistanda suw gyt bolupdyr. Munuň ahmyryny halkymyz tutuş taryhynda çekipdir. Beýik Serdaiymyz Mukaddes Ruhnama kitabynda bu hakykaty şeýle beýan edýär: «Näme üçin oguz Uzboýdan göterilipdir? Oguz derýasynyň suwy gurapdyr. Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok. Suwsuzlyk sebäpli oguz ýurduny täzelemeli bolupdyr.
Şonuň üçin Türkmen «Suw damjasy – altyn dänesi» sözi bilen suwa ýokary baha berýär, ony mukaddes hasap edýär.» Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Gurbansoltan aýynyň birinji dynçgününi Suw damjasy – altyn dänesi» baýramçylygy diýip yglan etdi. Suw damjasyny altyn dänesine deňeýän türkmen suwdan peýdalanmagyň edebini hem döredipdir. Türkmeniň suw edebini şeýle düşündirmek bolar.

■ Suw içeniňde «Bismillah» diýmeli, gananyňdan soň şükür etmeli.

Türkmen her haýyr işe «Bismillah» diýip başlaýşy ýaly, suw içeninde-de «Bismillah» diýip aýdýar. Pygamberimiz: «Suw içeniňizde bismillah diýiň, suwdan gananyňyzdan soň Alla hamd ediň» (Tirmizi) diýýär. Hamd etmek «Elhamdulillah» diýmekdir.

■ Suwy bir demde içmeli däl.

Suwy bir demde içmegi Pygamberimiz halamandyr. Ol bu barada şeýle diýipdir: «Suwy düýe ýaly bir demde içmäň. Bolmanda iki ýa-da üç demde içiň.

■ Suw içeniňde suwa dem bermeli däldir.

Pygamberimiz bir hadysynda şeýle aýdýar: «Suw içeniňizde gabyň içine dem bermäň. Demiňiz ýetmedik wagtynda, gaby agzyňyzdan aýryp dem alyň, soň içiň» (Janan, «Kütübi Sitte»).

■ Dik durup, suw içmeli däl.

Pygamberimiz dik duran ýeriňden suw içmegi gadagan edipdir, ýöne Onuň dik durup suw içen wagty hem bolupdyr («Riýazus-salyhyn»). Şonuň üçin zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda dik duran ýeriňden suw içmezlik gowudyr. Ýöne dik duran ýeriňden içmegem günä däldir.

■ Köpçülikde suwy ilki özüň içmezden öň, ýanyndaky ýaşula bermeli.

Beýle etmek edeplilikdir. Halk arasynda: «Suw kiçiniňki, söz ulynyňky» diýilýär. Emma, hakykatda, kim juda suwsan bolsa, suwy ilki şoňa bermelidir. Şeýle hem uly mejlisde ýaşululara hormat etmelidir. Kiçi ýaşly çaganyň gepe düşünmeýänligi üçin, suwy ilki oňa içirmek has makuldyr.

■ Zemzem suwuny içmegiň edebi.

Zemzem suwuny kybla bakyp, besmele aýdyp, dik durup içmek sünnetdir. Çünki Pygamberimiz zemzem suwuny dik durup içer eken. Ibni Abbas şeýle gürrüň berýär: «Resulyllaha zemzem suwuny hödür etdim – Ol dik duran ýerinden içdi» (Dawud ogly, «Müslimiň şerhi»). Zemzem suwuny içeniňde şu doga okalsa has laýygydyr:

«Allam, Senden peýdaly ylym, bol ryzk, her dürh dertden şypa dileýärin».

■ Suw gaplaryny agzy açyk goýmaly däldir.

Suw gaplarynyň agzynyň açyk bolmazlygy saglyk üçindir. Eger suw gabynyň gapagy ýok bolsa, üstüne bir zat uzadylyp goýulýar.

■ Yslamda haram edilen iýmitler

Gurhany kerimde dört sany iýmitiň haramdygy aýdylýar.
«Ol (Alla) size diňe meýtäni (maslygy), damak gany, doňuz etini we Alladan özgäniň adyna kesilen haýwanyň etini haram kylandyr...» (Bakara, 173).
1. Meýte (maslyk). Gurhanyň iýilmegini haram kylan iýmitleriniň iň esasylaryndan biri maslykdyr. Ol iýmek üçin damagy çalynmadyk ýa-da awlanmadyk özi ölen haýwanyň we guşuň maslygydyr.
Näsaglyk ýa-da zäherlenme sebäpli ölen haýwanyň etini iýmek saglyk üçin howpludyr. Maslygyň haram kylynmagynyň iň esasy sebäbi şudur.
Damagy çalynman boglup ölen, urlup öldürilen, ýokardan gaçyp ölen, başga bir mal tarapyndan öldürilen haýwan maslyk saýylýar. Ýöne bu mallaryň jany çykmanka ýetişilip, damagy çalynsa, halal bolýar. Suwda özi ölen balyk hem maslyk saýylýar.
Maslygyň şahyny, süňküni, ýüňüni peýdalanmak mubahdyr. Derisi bolsa eýlenenden soň, arassa saýylýar.
2. Damakgan. Malyň damagy çalnanda ganynyň köpüsi daşyna akýar. Muny iýmek-içmek haramdyr. Ýöne inçe damarlarda akman galan gan ýa-da dalak we bagyr ýaly agzalarda galan ganyň iýilmeginde zelel ýokdur.
Ganyň haram edilmeginiň esasy hikmeti onuň hapalygy, içinde adama zyýanly dürli mörjewleriň (mikroblaryň), we bakteriýalaryň barlygy sebäplidir.
3. Doňuz. Bu jandaryň etiniň haram edilmegi Gurhany kerimde (Bakara, 173; Maide, 3; En’am, 145; Nahl, 115) hem-de hadyslarda anyk, kesgitli görnüşde aýdylypdyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Alla we Onuň Resuly hamryň, (spirtli içgiler), maslygyň, doňzuň we çokunmak üçin ýasalýan butlaryň alyp satylmagyny haram edendir» (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi) diýýär.
Doňzuň içýagynyň azyk üçin we başga maksatlar üçin ulanylmagy hem haram edilipdir.
Yslam alymlary doňzuň etini-ýagyny iýmegiň gabanjaňlyk, namysjaňlyk ýaly duýgulary küteldip, ynsanyň ahlagyna erbet täsir edýändigini belleýärler. Şeýle hem häzirki döwrüň ylmy we medisinasy doňuz etiniň ynsan saglygyna zyýanlydygyny subut edýär. Ösen tehniki enjamlar bilen doňzuň eti we ýagy işlense-de, dürli azyk önümleri üçin goşmaça garyndy hökmünde ulanylsa-da, ol haramlygyna galýar.
4. Alladan özgäniň adyna kesilen mal.
Jahylyýet döwründe araplar çokunýan butlarynyň adyna gurban niýeti bilen mal soýar ekenler. Şonuň üçin Gurhan Alladan başganyň adyna damagy çalnan haýwanlary haram hasaplapdyr.
«Eger Allanyň aýatlaryna ynanýan bolsaňyz, diňe Onuň adyny aýdyp, kesilenlerden iýiň» (Engam, 118). diýilýär. Başga bir aýatda «Allanyň ady aýdylman kesilen haýwanlaryň etini iýmäň» (Engam, 121) diýilýär. Şular ýaly aýatlara daýanyp, malyň damagy çalnanda, «Bismillah» diýmegi şert goşupdyr. Bu yslamyň towhyd akydasyna berlen ähmiýetiň anyk netijesidir.
Hanefi we Mäliki mezhebine görä, «Bismillah» diýmek hökmandyr. Bilgeşleýin diýilmese, şol haýwanyň eti iýilmeýär. Unudylyp diýilmese, hiç hili zeleli ýokdur (Buhary, Ebu Dawud).
«Bismillahi Allahu Ekber» diýmek, mustahap görülýär.
Şafygylar bolsa damak çalnanda «Bismillah» diýmegiň sünnetdigini, kesen wagty bismillanyň aýdylyp-aýdylmandygy bilinmese, bismilla aýdyp, sol malyň etini iýmek bolýandygyny aýdýarlar. Haýwanyň damagy çalnanda bismillany terk etmek mekruhdyr. Olaryň daýanýan delilleri şu hadysdyr: «Pygamberimiz Mekgede ýaşan döwründe töwerekdäki taýpalardan musulman bolan bir jemagat sowgat hökmünde et iberýär. Bismilla aýdylyp, damagy çalnandygy näbelli bolan bu eti iýmek meselesi Pygamberimizden soralanda, Ol: «Bismilla aýdyp iiň» diýipdir (Buhary).
Ymam Şafygy bu hadysa mutlak many berip, haýwan bismillasyz kesilen bolsa hem, iýen wagtyň bismilla aýtsaň, ýeterlik boljakdygyny aýdýar. Ymamy Agzam bolsa «Eti iberen taýpanyň musulmandygy üçin, bismilla aýdylmandygyna diňe şübhe edilipdir. Allanyň Resuly (s.a.w.) bolsa, musulman hemişe Allanyň adyny aýdyp, malyň damagyny çalandyr diýen düşünje bilen şol etiň halaldygyny» aýdýar. Ymamy Agzam: «Bu hadysa bismillasyz damagy çalnan malyň etiniň iýiljegine delil däldir» diýip düşündiriş berýär.

■ Damak çalmak bilen baglanyşykly meseleler.

1. Damak çalýan akyly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten we musulman bolmalydyr. Ýahudy we hristianyň hem damagyny çalan maly iýilýär. Ýöne olaryň damagyny çalan maly diňe yslam dininiň makullaýan şertlerine laýyklykda ýerine ýetirilen ýagdaýynda halaldyr. Butparazlaryň we müşrikleriň öldüren maly musulmana halal däldir.
2. Damak çalnanda haýwana ezýet bermän, ýiti pyçak ýa- da gural bilen çalmalydyr. Damak çalmaga derek elektroşok, sapança meňzeş ýörite gural bilen, kömürturşy gazyny ulanmak, tokmak bilen maňlaýyna urmak, ýeňsesinden çiş sokmak arkaly haýwany öldürmek dürs däldir. Ýöne mal ölmänkä damagy çalynsa, eti halaldyr. Haýwana ezýet bermezlik üçin elektroşok edilýändigi aýdylsa-da, elektrik togy haýwanyň nerw sistemasynyň işleýşini togtadýar. Netijede, damagy çalnanda haýwanyň gany doly akmaýar. Şonuň üçin güýçli tok ulanmak dogry däldir.
3. Häzirki ösen tehniki enjamlardan peýdalanyp, «Bismillah» diýip, bir gezekde birnäçe towugyň damagyny çalmak dürsdür. Ýöne arassalananda ýeleginiň aňsat ýolunmagy üçin, towugyň atylýan suwunyň gyzgynlygy 55 gradusdan ýokary bolmaly däldir. Çünki bu gyzgynlykdan ýokarda diffuziýa arkaly hapa ete siňýär. Netijede, et harama çykýar.
4. Dabaralarda, garşy almalarda damagy çalnan mal Allanyň ady aýdylyp öldürilse hiç hili zeleli ýokdur, onuň eti halaldyr. Ýöne damak çalynmagyna sebäp bolýan şahs ýa-da gurama mukaddeslik, Hudaý mertebesine göterilmeli däldir.

■ Eti halal haýwanlar.

1. Sygyr, goýun, geçi, düýe, towşan, towuk, gaz, ördek, hindiguşy ýaly öý haýwanlarynyň we guşlarynyň eti halaldyr.
Hapa iýýän (jellale) towuk, sygyr, goýun ýaly haýwanlaryň arassalanmak möhleti geçmezden, damagyny çalmak bolmaýar. Olaryň halallanmagy üçin towugy üç gün, goýny we geçim dört gün, sygry we düýäni on gün daşaryk goýbermän, arassa iýmit bilen bakmalydyr.
Ateti dört mezhehe görä-de halaldyr. Ýöne Ymamy Agzam söweş we ulag hökmünde ulanylýandygy sebäpli, onuň etini mekruh hasaplapdyr.
Towşan eti hem dört mezhebe görä halaldyr. Ýöne käbir sahaba we tabi’in alymlaryna, şeýle hem müjtehid ymamlardan Ibni Ebu Leýla görä, towşan eti tahrimen mekruhdyr.
2. Keýik, jeren, ýabany sygyr, zebra ýaly haýwanlar.
3. Gögerçin, serçe, bedene, käklik ýaly ýabany guşlar.
4. Balyklar halaldyr.
Leňňeç, gurbaga, balykgulak ýaly ýakymsyz sypatly jandarlaryň eti Hanefi mezhebine görä halal däldir. Beýleki üç mezhebe görä, suwda ýaşaýan ähli jandarlary iýmek halaldyr. Ýöne Şafygylarda Hanefilerdäki ýaly, suwda ýaşaýan jandarlardan diňe gury ýerde ýaşaýan eti iýilýän haýwanlara meňzeýänleri halal, eti iýilmeýänlere meňzeýänleri bolsa, haram diýen garaýyş hem bardyr.

■ Eti haram haýwanlar.

1. Azy dişleri we penjesi bilen aw edýän gurt, aýy, arslan, gaplaň, şagal, belka, tilki, pil, maýmyn, it, pişik ýaly haýwanlar.
2. Dyrnaklary bilen aw awlaýan bürgüt, ýarganat, baýguş ýaly guşlar.
3. Ýakymsyz sypatly bolan ýylan, içýan, gurbaga, pyşbaga, syçan, hažžyk, alaka, ýagyş gurçugy, siňek ýaly haýwanlar we mör-möjekler.
4. Öý haýwanlaryndan eşegiň, gatyryň eti dört mezhebe görä hem haramdyr. Käbir alymlar gatyryň etini mekruh hasaplapdyr.

■ Aw we aw etmek.

Aw gadymdan däbe öwrülen pişedir. Yslam dinine görä, eti iýilýän haýwanlar eti we derisi üçin, eti iýilmeýän haýwanlaryň deňsinden, dişinden peýdalanmak we zyýanyndan goranmak üçin awlamak jaýyz görülýär. Hiç bir peýdasy bolmadyk halatda, diňe keýp we haýwanlara ezýet berniek niýeti bilen aw etmek halanmaýar. Pygamberimiz bir hadysynda: «Kim bir serçäni keýpine öldürse, ol guşuňam kyýamat güni Alla şikaýat edip: «Eý, Rabbim, pylany meni hiç bir bähbit araman, keýpine öldürdi» diýjekdigini habar berýär (Şewkani, «Neýlül-ewtar»), Aw – tüpeň, ok, naýza ýaly ýaralaýjy we öldüriji gurallar ýa-da tazy, elguş ýaly ýörite öwredilen haýwanlar arkaly edilýär.

■ Aw bilen baglanyşykly meseleler.

1. Awçy musulman, kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Otparazyň, «Butparazyň» awlan haýwanynyň eti haramdyr.
2. Awçy nyşana almanka, guşuny ýa-da tazysyny goýbermänkä, «Bismilla» diýmelidir. Eger unutsa, zeleli ýokdur.
3. Aw guralynyň awlanýan jandaryň bedenini ýarmagy we tenine girmegi şertdir. Güýçli urgy, daş, taýak bilen urlup awlanan haýwanlaryň etini iýmek bolmaýar. Urlup seňseledilen awuň derrew damagy çalynsa, zeleli ýokdur.
4. Tazy tutan awuny bogup öldürse ýa-da etinden iýse, ol aw haramdyr. Elguşuň awuň etinden iýmeginiň zeleli ýokdur. Awda ulanylýan jandar eýesi tarapyndan goýberilmän, özbaşyna aw awlap getirse, eger onuň getiren awy janly bolsa, damagyny çalyp iýmek bolýar. Ýogsa iýilmeýär.
5. Aw wagty ýaralanan haýwan suwda gark bolsa ýa-da ýokardan gaçyp ölse, bularyň hem etini iýmek bolmaýar.

■ Içgiler we narkotik jisimler

Yslam serhoş edýän, akyly we ruhy deňagramlylygy bozýan, nerw ulgamyna zyýan edýän maddalary ulanmagy haram edipdir. Bu Gurhany kerimde şeýle beýan edilýär: «Eý, iman edenler, hamr (spirtli içgiler), humar, ensab (butlara gurban kesilýän we olara çokunylýan ýer), pal oklary şeýtanyň myrtar, nejis işlerinden başga zat däldir. Bulardan daş dursaňyz halas bolarsyňyz. Şeýtan hamr we humar bilen siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, sizi Allany zikir etmekden we namazdan daşlaşdyrmak isleýär. Indi bu hapa işleri taşlarsyňyzmy?!» (Maide, 90-91). Bu aýat içginiň we humaryň haram edilmeginiň hikmetlerini aç-açan beýan edýär. Pygamberimiz «Her bir serhoş edýän zat hamrdyr. Her hamr haramdyr» diýipdir (Buhary, Müslim). Başga bir hadysynda: «Köp içeniňde serhoş edýän zadyň azy hem haramdyr» diýipdir (Tirmizi, Ebu Dawud).
Yslam alymlary bu aýata we hadyslara daýanyp, hamryň haramdygyny we muny inkär edeniň küfüre düşjekdigini belleýär. Şeýle hem ady näme bolsa bolsun, nämeden öndürilse öndürilsin, köp içeniňde serhoş edýän içginiň az mukdarda içilmeginiň hem haramdygy aýdylypdyr.
Pygamberimiz bir hadysynda içgini öndüreni, içeni, getireni, getirdeni, paýlany, satany, satyn alany, hödürläni, ondan girdeji gazanany, şol gazançdan iýeni näletläpdir (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje). Spirtli içgileri gymmatly haryt hökmünde kabul etmän, nejis saýypdyrlar. Onuň söwdasyny, saglygy bejermekde ulanmagy gadagan edipdirler. Içgi içilýän ýerde oturmagy hem ýazgarypdyrlar. Bu çäreleriň ählisi ynsany spirtli içgi içmek endiginden halas etmek we jemgyýetde bu zäheri düýbünden ýatyrmak, geljek nesliň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin görlen çäredir.
Pygamberimizden içginiň derman hökmünde ulanylmagy barada soralanda: «Ol derman däl – dertdir» diýip jogap beripdir (Müslim, Ebu Dawud). Yslam alymlary serhoş edýän içgileriň derman maksady bilen içilmegini jaýyz görmändirler. Ýöne derman ýasamakda alkogolly maddalaryň ulanylmagyny jaýyz görüpdirler. Eger halal maddadan ýasalan derman ýok wagtynda, dindar we ynamdar lukman alkogolly dermany ulanmagy maslahat berse, ony ulanmak dürsdür.
Aýatda hamr «rijs» hapa saýylandygy üçin, spirtli içgiler gan we siýdik ýaly galiz nejaset saýylýar. Şonuň üçin hem onuň az mukdary hem bedende, eşikde we namaz okaljak ýerde bolmagy namazyň dürslügine zyýan ýetirýär.

■ Neşe maddalary.

Meň, tirýek, geroin, kokain, morfin ýaly neşe maddalary bedene, ruhy saglyga alkogolly içgilerden has beter zyýanlydyr. Şeýle hem olaryň maşgala we jemgyýete ýetirýän zyýany uludyr. Şonuň üçin yslam alymlary bulary ulanmagy haram saýypdyrlar.

■ Çilim we nas.

Çilim XV asyrdan soň yslam ýurtlaryna ýaýrapdyr. Şonuň üçin ilkinji döwür müjtehidleriniň bu mesele bilen baglanyşykly anyk kesgitli fetwalary ýokdur. Häzirki döwrüň yslam alymlary çilim barada şu garaýyşlary öňe sürýär:
1. Käbirleri kyýas ýoly bilen anyk bir höküme daýanyp bilmänligi üçin haram diýip bilmän, çilimi tahrimen mekruh saýypdyr.
2. Käbir alymlar bolsa çilim çekmegi saglyk taýdan zyýanly, ykdysady taýdan isrip we eklenje zyýanlydygy sebäpli haram saýypdyr.
Suw çilimi, müşdükli çilim we nas – bularyň ählisi çilim bilen deňdir.
Hawa «Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň synagyndan geçen ýol-ýörelgelerini hormatlap, türkmen milletiniň sagdyn durmuşda ýaşamak babatda asyrlar boýy kemala gelen garaýyşlaryna gadyr goýup, Mukaddes Ruhnamanyň saglygy goramak ugrundaky esaslaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saglyk syýasatyny durmuşa geçirmegi maksat edinip, lebzi we süňňi halal, haramdan hem ýaramaz edim-gylymlardan daşda duran merdana pederlerimiziň dogy hem nusgalyk ýolunyň Altyn asyrda dowam etdirilmegini, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň meň, tirýek, geroin, kokain, morfin, LSD ýaly narkotik maddalaryň, temmäkiniň we temmäki önümleriniň adamyň saglygyna zyýanly täsiri baradaky ündemelerine goşulmak islegini tassyklap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite kararlary esasynda bular Türkmenistanyň çäklerinde gadagan edilendir.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: