20:23
Dagdan
DAGDAN

Atajan Tagana

Dagdan böwsüp çykmyş dagyň göwsünden,
Çynar ýaly boýy beýik däl onuň.
Bolmasa-da çynar ýaly saýasy,
Ol goraýar mydam kyn düşen günüň.

Dagdan sözi dag sözünden megerem,
Ol dag ýaly sarsmaz, dag ýaly syrdam.
Ösýär ol daglara urup köküni,
Tapmarsyňyz ony çöllerden, gyrdan.

Gyz-gelinler dakýar muny boýnuna,
Çünki göz degmezmiş ony dakana.
Gyssanýan her gezek daga baramda,
(Bir wagtlar daga ylgap çykan-a!)

Oglan döwrüm gören dagdanym hany?
Ol henizem bezäp otyr gaýany.
Tomsuň tüp yssysy, gyşyň aňzagy,
Tär etmändir, misli dünýäň beýany.

Bilýän ýene bir asyrdan gelseň-de,
Dagdan garry eneň kimin garşylar.
Ýaman gözden goraýandyr elmydam,
Boýun muňa daýhan, alym hem şalar.

Taňrym şeýdip ýaradanmyş dagdany,
Dagdan tebigatyň seýrek magdany...

16-17.11.2020.

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: