21:15
Nowaýy halan
NOWAÝY HALAN

…Nowaýy bilmen ne agyr ähli türki gamyndan,
Husny Aý türkmen gyzyna bir mäkäm ulaşypdyr.

Alyşir Nowaýy, “Çar diwandan”.

Nowaýyny bir bakyşda ereden,
Türkmen gyzy, aýtsana adyňy.
Haýsy kendiň, haýsy obaň gyzy sen,
Biljek bolup açdym taryh gatyny.

Nowaýy kalbyna talaň salan jan,
Sen ýeke-täk, ýalňyz Nowaýy halan.
Nowaýy ölmezdi, senmidiň gynan?
Geçen geçdi, gam ne onuň derkary?

Roýuň bilen aňk edipsiň pelegi,
Akla aýlandyryp çyn-u – telegi,
Eneň kim, ataň kim, zemin melegi,
Padymanmy ýa obanyň zergäri?

Türkmen sährasynyň jerenimidiň?
Şabadyň, Murgabyň tereňimidiň?
Ýa Sumbar çaýynyň erenimidiň?
Aýdar muny Nowaýynyň nökeri!

Beýik Nowaýynyň kalbyn eýelän,
Türkmen gözeli sen, Nowaýy halan.
Şeýdip asyrlardan asyrda galan,
Howaýy kalbynyň peri-peýkeri.

“Galsyn – diýip, -- baky ýazanlarymda!”,
Ýaşaýaň ussadyň gazallarynda.
Ne beýle ajaýyp ýasanlarynda!
Dünýäge bagş eýläp bu zülpütary.

Nowaýy ölmese ölmezdi belki,
Şo pursat şo peri gelsedi ilki.
Şahyr, goý, bermegil şygyra erki,
Şeýlemiş ykbalyň bu ýowuz täri...

“Bolman – diýen - tilki, şagal, gurda şam!”,
Şir ogly şir Nowaýydan bir kelam.
Ol kelam Nowaýyň kalbyny “talan”,
Taryp etdim menem şol zülpütary.

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: