17:19
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..."

“NOHUR” DIÝMEK, “DOSTUM” DIÝMEK MONGOLÇA...”

Bile bir şäherde okan dostumyň
Ýazan hatyn alyp şu gün şat boldum.
Ol hatynda “nohur” diýip ýazypdyr,
Hem dogaýy salam bütin türkmene.
Dostumyň hatyny okap gark boldum
Ýatlamalar ummanynda ýüzdüm men.
Müň dokuz ýüz ýetmiş üçiň güýzünde,
Moskwada tanyşypdyk, okapdyk.
Ol mongolça goşgy okap berýärdi,
Ol Gobi hakynda aýdym aýdýardy.
A men bolsa Garaguma teşnedim.
Ol maňa hemişe “nohur” diýýärdi,
“Nohur” diýmek, “dostum” diýmek mongolça,
Obamyň adynyň Nohurdygyny
Eşdip, mongol geň galypdy birbada.
Biz birek-birege nohur diýýärdik,
Ikimizem nohurdyk,
Ikimizem şahyrdyk.
O ýyllardan ýarym asyr geçipdir,
Meni ýatlap, hat ýazypdyr nohurym.
Şonda göz öňümde Gobi janlandy,
Ýatlapdyr ol oglun Garrynohuryň...
2020 ý.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Atajan aganyñ burny ullakanja bolany ü.n diyen bolaymasyn ))

0
2 Raviya   [Mowzuga geç]
Ilatmaz Nurynyñ Atajan Tagana näme üçin "Nohurym" diýýänine indi düşündim)

0
1 Sada   [Mowzuga geç]
Mbah

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: