16:10
Babyrdan 40 gazal -2
- 41 -

Bu gije külbäme geldi ol kuýaşym ýaşy¬ryn,
Karnlarda gelmedi hergiz munuň dek giç-gu¬run.

Agzy dek dar, pursat wasly, weli hijri ýoly –
Ol muanbar saçy ýaňlyg hem garaňky hem uzyn.

Tä hyýaly aryzyň düşdi köňüle eý, kuýaş,
Boldy köňlüm bir ýanar od-u süňklerim odun.

Boldy köňlümde gereh hasrat, onuň dar ag¬zyn¬dan,
Bar meger jismim meniň dar-u köňül onda dü¬wün.

Algaly janymy, hijrana howala kyldy ýar,
Goýma hijrana, ajal janymy al, Taňry üçin.

Serw dek kaddy pyrakynda pyganymdyr be¬lent,
Gül kibi, ruhsary hijrinde ýaşymdyr lä¬le¬gün.

Yşk ile diwanalykda bolmuşam sa¬hyp¬ke¬mal,
Yşk ähli imdi Babyrny diýgeý, siz zü¬fu¬nun.

 42 

Gaýry daşy zahmyndan derdimi yzhar et¬me¬dim,
Içdäki pynhan gamym daşdan numudar et¬me¬dim.

Gandan ilge ýaýdy tyfly eşk-u syrrymy me¬niň,
Çünki men ol ýaşny hergiz sahypesrar et¬me¬dim.

Ýüzi hurşydy, dişi dürden aýry ji¬sim¬de –
Galmady bir zerre ýer, kim dişden, efgar et¬medim.

Gelmedi köňlüme yşkynyň surury – döw¬le¬ti,
Tä özümni mähneti gama sezewar etmedim.

Täleýimden ne yssyg Babyr, pygan-u nala kim,
Uýkulyk bagtymy bu üýn birle bidar et¬me¬dim.

 43 

Gaşy-ýu kaddy-ýu agzyn ol mah,
Görkezmese maňa neýläýin, ah.

Tutdum saçyny, “ýüzün göreý” diýip,
Tün uzyn-u men garyp gümrah.

Katdy bile iki zülp-u agzy,
Janyma bela bolupdyr, Allah.

Ha isle, ha köňli kowala,
Çün sen, sen bu köňüle dilhah.

Il bilmese halatym, biler ýar,
Halymdan erer Hudaý ägäh.

Kabul sary ger azymat etseň,
Gurban kylaý özüm saňa, eý, şah.

Babyr, ýene otly ah çekdiň,
Köýdürmesin ili, ahy nägäh.

 44 

Çarhyň men görmegen jebr-u jepasy gal¬dy¬my,
Hassa köňlüm çekmegen derd-u belasy gal¬dy¬my.

Meni har etdi-ýu kyldy muddagyny per¬we¬riş,
Dähri du:nperweriň özge muddagasy gal¬dy¬my.

Meni öldürdi jepa-ýu jebir bile ol kuýaş,
Imdi tirgizmek üçin mähr-u wepasy gal¬dy¬my.

Aşyk bolgaç gördüm ölümni özüme eý, ra¬pyk,
Özge köňlümiň bu älemde herasy galdymy.

Eý, köňül, ger Babyr, ol älemi istär, kyl¬ma aýp,
Taňry üçin diý, bu älemniň sapasy gal¬dy¬my.

 45 

Meniň köňlüm ki gülüň gunçasy dek tehbe-teh gandyr,
Eger ýüz müň bahar olsa açylmagy ne im¬kan¬dyr.

Eger ol gaşy ýaýsyz bag keştin arzuw kyl¬sam,
Gözüme ok turar serw-u köňle gunça-peý¬kam¬dyr.

Bahar-u bag seýrin ne kylaý kim di¬lis¬ta¬ny¬myň,
Ýüzi – gül, zülpi – sünbül, kamaty – serwi hu¬ra¬mandyr.

Wysaly lezzetinden ruh tapmaklyk erer duş¬war,
Pyraky şiddetinde ýogsa jan bermeklik asan¬dyr.

“Başyndan öwrüler” armany birle öldüm, eý, Babyr,
Meniň nagşymy, bary ol peri köýünden aý¬landyr.

 46 

Egerçe sensizin sabr eýlemek eý, ýar, müş¬gil¬dir,
Seniň birle çakyşmaklyk dagy bisýar müş¬gildir.

Mezajyň näzig-u sen tün, men bir biedep tel¬be,
Saňa halymy kylmak, eý, peri, yzhar, müş¬gildir.

Ne yssyg nala-ýu perýat hap-alut bag¬tym¬dan,
Bu üýnler bile çün kylmak ony bidar, müş¬gildir.

Maňa asan turar bolsa eger ýüz müň tümen duş¬man,
Weli, bolmak jahanda, eý, köňül biýar, müş¬¬gildir.

Wysalyn kim dilär sen näzi hoş dartgyl, Ba¬byr,
Ki älem bagynda tapmak güli, bihar müş¬gil¬dir.

 47 

Ol aýnyň ittifaky, nifakyna arzymas,
Eýýamy wasly, şamy pyrakyna arzymas.

Bu dähr içre besteri rahat dilärni goý,
Ol ferş çün bu köne rowagyna arzymas.

Aýşy ki ötdi, özge ony zikr eýleme,
Hernime ki etdi soragyna arzymas.

Kylmak umyd-u bim ile hyzmat şa alnyn¬da,
Derbanynyň sögünji taýagyna arzymas.

Babyr wysalyny ne dilär sen, çü hijri ýar,
Bir lahza aýşy-mähneti bakyýa arzymas.

 48 

Kaddy şahy gül dek nigärim hany,
Lebi gunça dek gülgüzarym hany.

Ne taň ýüz nigär ölse gan ýaş ile,
Ki ol ýüzi gül, ýaş nigärim hany.

Gara gijelerde gözüm ýarudar,
Oşol şemi şebhaýy tarym hany.

Ýarym gijeler geler erdi burun,
Bu tün gelmedi, ah ýarym hany.

Diýmäň terki yşkyny kyl ygtyýar,
Bu işde meniň ygtyýarym hany.

Pyrakyňda köňlümi gan eýleseň,
Saňa bolgaý ol bikararym hany.

 49 

Çün meni goýmaz pelek bir lahza wasl eýýamyn¬da,
Daň ýok, eý, bimähr, eger ölsem pyrakyň şa¬mynda.

Eý, köňül, ýüzün görüp zülpi perişanyn sa¬gyn,
Şamy hijrandan tewehhüm eýle wasl eýýa¬myn¬da.

Zülpüňde kim mesgen etdiň gör zenahdan ça¬hyny,
Wa:kyf olgul, erer sen aždarhanyň kä¬min¬de.

Gunça dek agzyň gamy köňlümde ger ýok, bes, ne¬dir,
Çäk köňlüm haýaty gül-gunçasy endamynda.

Ýaryň peýgamy ýetgeç, tapdy jan fersuda ten,
Isa ygjazy meger, muzmar durur peý¬ga¬myn¬da.

Babyr, ol gül zülpi astynda imesdir hal¬lar,
Jan guşun saýt eýlär üçin, dänelerdir da¬mynda.

 50 

Başda ger ýokdur jelalet göwherinden ef¬se¬ri,
Ýanyma besdir müzellet topragyndan bes¬te¬ri.

Girgeli, gögsüm era köňlüm işim köýmek du¬¬rar,
Men niçik köýmeý ki köňlüm içre bardyr ah¬keri.

Sabr-u huş-u akl-u dinimi alypdyr, neý¬lä¬ýin,
Serw kaddy, gül ruhy, reýhan hatty, nes¬rin biri.

Kirpigi dek hanjaryn il gögsüne görgen za¬man,
Gözüme her kirpigin ýa, Rep, ki kylgyl, han¬jary.

Abraşyny ýeldirip ýetgeç ýykyldym, dost¬lar,
Ah, kim ömrüm daragtyny ýykdy [onuň] sarsary.

Genji husnyda görüň zülpi bile gül¬gü¬ne¬sin,
Göýä, ot saldy her ýan genç üzre aždary.

Hijr şamyndan meniň gan ýutmagmy ýat ediň,
Çekseňiz ol näzenin bile sabuhy sagary.

Her niçikdir ömri Babyr, hoşnut ötürmek ge¬rek,
Kim bu bäş gün ömr gamgyn bolgaly kyl¬maz geri.

 51 

Işigiňe baş urar men telbeler ýaly du¬rup,
Eý, peri, ýol ber, wysalyňa ki gitmeý baş urup.

Serw, kaddyň barynda öz kaddyny çün kyl¬dy wasp,
Oda ýakdy bagban serwi sehisini syndyryp.

Oturyp erdi, gopup gitmäge çün azm eýle¬di, Ýene tirgizdi meni, alhamdulilla, öl¬dü¬rip.

Gözleri saýt eýlär üçin telbe köňlümi me¬niň,
Gaşy ýaýyny gurup, kirpik okuny dol¬du¬ryp.

Tä saba zülpüni ol gülnüň perişan eý¬le¬di,
Jan bile akl-u köňülni ýelge berdim so¬wu¬ryp.

Tabşyryp erdim köňülni ýara, çünki bar¬dy ýar,
Hemra etdim hassa köňlümi Hudaýa tab¬şy¬ryp.

Boýnuma zynjyry gam ýa bogazma tygy sü¬tem,
Herne gelse yşk ýolunda, durup men tel¬mu¬ryp.

Men biler men gözi ka:tyl, lagly janbagş eke¬nin,
Çünki Babyr, hijrinde köp ýygladym ag¬zym guryp.

 52 

Ne hoş bolgaý ki bir gün ukyly bagtym oýat¬sam,
Gijeler tar muýy dek, biliňe çyrmaşyp ýat¬sam.

Gäh, gül dek ýüzüni ol şeker sözliniň, is¬te¬sem,
Gäh, şeker kibi ol ýüzi gülnüň, laglydan dat¬sam.

Hany Şirin bile Leýli ki senden näz öw¬rense,
Hany Perhat-u Mejnun kim, olara yşk öw¬retsem.

Ýaryk gündiz, garaňky gijede nujum kibi bol¬gaý,
Çekip ger, ahy derdini köňül odun pyt¬rat¬sam.

Gözüm röwşenliginde bolgaý, eý, Babyr, be¬si kemlik,
Eger gaşy bile ýüzün hilaly köwne og¬şat¬sam.

 53

Aldy köňlümi sagyndym kim maňa dildar imiş,
Bilmedim bu nowg menden ol peri bizar imiş.

Aşyk olgaç gördüm ol şemşat kaddyn, ýüz bela,
Alla, Alla yşk era mundak belalar bar imiş.

Iltifat etmez läkin näzi hyýal eýlär idim,
Indi bildim kim oňa menden bu ýaňlyg ar imiş.

Ol peri yşkynda ýok ölmekden özge çä¬re¬si,
Çün özi katyl, sözi mühlik-u gözi hunhor imiş.

Husn ähli eý, köňül, älem era yşk äh¬li¬niň,
Köňlüni saklar imiş, her kime kim dil¬dar imiş.

Ol wepasyz ýardan çekmek ne ýagny munça ga¬my,
Husn ähli çünki, Babyr, dünýäde bisýar imiş.

 54 

Çyksa kuýaş pelege seniň ata çykanyň dek,
Bolgaýmy ol seniň dek, ol peri towsanyň dek.

Göwsümi çünki ýardyň girgil köňülge, kim bar,
Ol ýara eşigiň dek, göz onda röwzeniň dek.

Ger, simbergi, güli kylsa lybas özüne,
Bolgaýmy eý, gül endam, köýnek birle te¬niň dek.

Ol ýar hezretinde bisýar ýagşydyr gaýry,
Men hem ýaman imes leýk, ýagşy imes onuň dek.

Dawaýy yşk edip gaýr(y), Babyrny aýyp kyl¬ma,
Kim men idim seniň dek, sen bolgaý sen me¬niň dek.

 55 

Ýüz görkezip öldürer sen eý, aý,
Ýok sen kibi hudnema-ýu hudraý.

Kaddyň elib-u, gaşyň erur ýaý,
Diýsem ne ajap, eger seni “aý”.

Hem läle, ýüzüň gaşyda bireň,
Hem serw, kaddyň barynda bipaý.

Okuň ýüregimde jaý kylypdyr,
Dartyp ýene oky, kylma bijaý.

Senden maňa ýüz hezar hasrat,
Menden saňa barmy hiç perwaý.

Ol ýar eger ýaşyrsa ýüz, ah,
Agýara ger görünse, ýüz waý.

Gülmez maňa subhy wasyl, Babyr,
Her niçe ki şamy hijr ýyglaý.

 56 

Alnynda güýin, görüň, elinde çöwgenin gö¬rüň,
Ýüzünde zülpi bile güýi-zenahdanyn gö¬rüň.

Segredip ýeldirgände, towsanyna göz salyň,
Ýaýkanyp ýol ýörese, serw huramanyn görüň.

Ol peri meýdan era jöwlanda ýüz müň näz ile,
Arkasynda ýüz meniň dek zar-u haýranyn gö¬rüň.

Yşkynda jany melamat okuna kylmaň hedep,
Gaşynyň ýaýyny gözläň, tiri müjgänin gö¬rüň.

Diýer ki: «Babyr, iltipat eýleý saňa ýeten za¬man»,
Maňa ýetgeç gaşynda ýüz çyn-u ýalanyn gö¬rüň.

 57 

Ýaz boldy-ýu boldy ýene jennet kibi ýazy,
Hoş ol kişi kim aýş ile ötgeý gyş-u ýazy.

Dutara üýni aýş-u peragaty berer ýat,
Mutryba gulak tut ki aýdar nagmada sazy.

Çün kyblam erer ýar, kylaý gaşynda sež¬de,
Nasyh sözüni neýleý, imes sözi namazy.

Bu telbe-ýu medhuş dil-u jana ne hoşdur,
Kä gahry ytaby bile, kä işwe-ýu näzi.

Tut mugtenem ol ýary, Babyr, ki jahanda,
Mahmyt kim erdi, ne kişi erdi Aýazy.

 58 

Gunça dek köňlüm meniň gülzar meýli kyl¬¬magaý,
Gam bile bitgen köňül gülgeşt ile açyl¬ma¬gaý.

Reňbe-reň gülleriňi bagban arz etme kim,
Tehbeteh ganlyk köňül gül arzuwsyn kyl¬ma¬gaý.

Ýokdur ol kim gül ýüzüňden aýry baksam gül sary,
Gunça ýaly köňlüme ýüz hary-gam san¬jyl¬ma¬gaý.

Aryz-u kaddyňy taryp etseler ýüz ýyl he¬niz,
Eý, ýüzi gül, serwi kat ýüzden biri aý¬dyl¬magaý.

Senden aýryldym eýse, boldy nesibim hary-gam,
Senden eý, gül, indi Babyr, bir zaman aý¬ryl¬magaý.

 59 

Ýardan azar köňlüm içre bihet bardyr,
Eý, hoş, ol köňül oňa ne ýar-u ne azardyr.

Ýok turar, ger ýar ýokdur, takat-u sabr-u şe¬kip,
Ýar eger bardyr, jepa-ýu jebr-u mähnet bar¬dyr.

Niçe görkezsem wepa-ýu mähr, eder jebr-u je¬pa,
Nije kim men zar men, menden ol aý bi¬zar¬dyr.

Gözi hijrinde, ýüzi ýadynda, sözi şow¬hun¬da,
Hatyrym efgar-u, jismim zar-u göz hun¬bar¬dyr.

Sende Babyr, ýok günä, ýarnyň ytaby kem imes,
Jürmsüz, daýym ytap eýlär, ajap dil¬dar¬dyr.

 60 

Ýüzünde, ol lebi handan görüner,
Süýde köp baksa, beli, gan görüner.

Hatty müşginmu durar gül ýüzünde,
Ýasemin üstünde reýhan görüner.

Görmegeý hatyryny jemgy özge,
Kime ol zülpi perişan görüner.

Yşky il ne hyýal eýläpdir,
Esru müşgil durar, asan görüner.

Serw boýly senemiň eý, Babyr,
Rast aýtaý sözi ýalan görüner.

 61 

Diýmäň okuny tenime belaýy jan geldi,
Haýatsyz bedenime oky rowan geldi.

Haýat suwuny goý, kim lebinden aldym käm,
Bar, eý, Hydyr, ki maňa ömri jawydan gel¬di.

Sipehri köýüni, gök öwrüler gelip her gün,
Ne ýer durar bu ki ryfgatyn asman geldi.

Hoş ol ki bir kişi gözüm ýolunda er¬ken¬de,
“Söýünji” diýip ýügrüp ýetse, kim “Py¬lan geldi”.

Pyrak era ölerimde ýetişdi ol janan,
Hudaýa şükür kylaý, kim öler zaman geldi.

Adem ýoluna köňül girdi yşk dagy bile,
Bu ýoldan ötmedi her kim ki binyşan gel¬di.

Feragat istär iseň, bol jeride, eý, Ba¬byr,
Ki jan-u tene gam-u gussa, hanyman geldi.

 62 

Gähi sagyn, ne boldy zarlarny,
Unutmagyl burungy ýarlarny.

Seni görmeý ýyrakdan zar boldum,
Birer ýat et, ýyrakdan zarlarny.

Ýüzüňden aýra men, har, eý, ezizim,
Kişi gülden aýyrmaz harlarny.

Gözüň bimary men, menden ýumup göz,  Ýene agyrtmagyl bimarlarny.

Saňa bir ýol ýeter pikrindedir men,
Unutma bir ýoly efgärlerni.

Saňa köňlümi aldyrdym jahanda,
Görüp men gerçe köp dildarlarny.

Sehi kadlara Babyr aşyk olsaň,
Burunrak gözlegeý sen darlarny.

 63 

Ýa gaşyň ýaly egilgen jismi zarymymy diý,
Ýa saçyň dek tire bolan ruzgärimimi diý.

Gündiz olsa tün-gije aýdaýmy bipaýan ga¬mym,
Gije bolsa daňa degri haly-zarymymy diý.

Hijri katyl bile köňlüm halatymymy şerh edeý,
Derdi mühlik içre joşy, jany bi¬ka¬ra¬ry¬mymy diý.

Telbe-ýu medhuş-u bihut diýme “Kim kyl¬dy seni”?
Lagly meýgun, sözi mül, gözi humarymymy diý.

Babyr, ol aýyň kuýaş dek aryzy hij¬ra¬nyn¬da,
Daňa degri her gije ýyldyz sanarymymy diý.

 64 

Tä algaly köňlümi ol ýüz bile ol gisu,
Gündiz maňa ne aram, gije maňa ne uýky.

Her ýana ki azym etsem ýanymda barar mäh¬net,
Her sary ki ýüzlensem, ötrüme geler gaý¬gy.

Ýüz jebr-u sütem gören, müň mähnet-u gam gö¬ren,
Asaýyşy kem gören, men dek ýene bir bar¬my.

Ol ýüzi kuýaş hijri, bu sagb bela derdi,
Köňlüme urupdyr ot, janymy kylypdyr suw.

Herniçe ki mühlikdir, derdiňni diýme ile,
Kim ýyglamagyň Babyr, bu ile durar gül¬ki.

 65 

Ýaglygyň kim jan bile men hassadyr men zar oňa,
Hassa janlar riştesindendir meger her tar oňa.

Öwrüler başyňga-ýu, gähi ýüzüňe ýüz goýar,
Bu jähtden a:t imiş gül piç-u gäh gülzar oňa.

Pür çemendir sahny kim bolgaý benewşe ser¬beser,
Degresi gülzarydyr kim bolmagaý bir har oňa.

Ýaglygyň tä kim ýüz-u gözüňe degmiş bar du¬rar,
Ýüz meniň dek zar-u ýüz müň men kibi bi¬mar oňa.

Eý, köňül, ýüz ýara kylsa ýar tygy, gam iý¬me,
Lutf edip ger baglar olsa, ýaglygyny ýar oňa.

Köňlüm istär ýaglygyňy belki ondan bir ne¬sim – Ýetse Babyra, erer jan bile minnetdar oňa.

 66 

Bahar eýýamydyr dagy ýigitligiň awa¬ny¬dyr,
Getir saky şeraby nap kim eşreti za¬ma¬ny¬dyr.

Kä sähra yzary läle şekliden erer gülgün,
Kä sahny çemen gül çehresinden ar¬gu¬wa¬ny¬dyr.
Ýene sahny çemen boldy munakgaş, reňňi güllerden,
Meger, kim sunguň nakgaşyna reňk imtihanydyr.

Ýüzüň eý, serw, janym gülşeniniň täze gül¬zary,
Kaddyň eý, gül, haýatym bagynyň serwi ro¬wa¬nydyr.

Ne ýerde bolsaň eý, gül, ondadyr jany Ba¬byryň,
Garybyňa tarahhum eýlegil, kim onda ja¬ny¬dyr.

 67 

Kadd-u hattyň bile göz-u ýüzüň eý, serwi si¬min ten,
Biri serwi, biri reýhan, biri nerkes, bi¬ri gülşen.

Hadys-u lagly reftar-u jemalyňdan aý¬rar her dem,
Tilim göýä, sözüm reňňin, köňül horram, gö¬züm röwşen.

Meni medhuşy misgin neýleý, ol şohy be¬la bile,
Men esru bidil-u, bihut, ol esru pürdil-u pür¬fen.

Pelek jebr-u jepasyndan, ol aý derdi-be¬la¬syndan,
Çeker men nalaýy-efgan, kylar men girýeýi şiwen.

Belaýy yşky-ýalňyzlyk dagy hijrany-gurbatda,
Adym mejnun, kişim mähnet, işim zary, ýerim gülhen.

Okuň bile hyýalyň derdiň-u mähriňe Babyr dek,
Tenim – menzil, gözüm – mesgen, göwüs – mäwa,
köňül – mahzun.

 68 

Ne pikri kim seniň pikriň imes, ol pikir erer batyl,
Ne ömri kim öter sensiz, erer ol ömri bihasyl.

Tagalalla ne göz-u gaş durar kim her haçan görsem,
Gähi köňlüm bolar bihut, gähi aklym bolar zaýyl.

Jepa-ýu jebir töwründen erer sen esru – köp wakyf,
Wepa-ýu mähr resminden bolar sen esru köp gapyl.

Kuýaş ýaly ýüzüňe men durar men wale-ýu haýran,
Ýaňy aý dek gaşyňa, men durar men aşyk-u maýyl.

Geçirdiň aý-u ýyly mest-u bihutlyk bile Babyr,
Nije gaflat bile ömür ötrer sen, niçe gün aýyl.

 69 

Zuht gitdi ise kerem kyldy,
Yşk geldi-ýu muhterem kyldy.

Ol elip boýly aýyň yşgy,
Meni älem era alam kyldy.

Gözi-ýu zülpi-ýu agzy pyrkatynda,
Pelek ahyr meni adem kyldy.

Köňlüm örtendi her dem ahymdan,
Meger, ol ýel bu otny dem kyldy.

Gaşy ýaýlar jepasyndan bu çarh,
Meniň adyma ok-rakam kyldy.

Jeňi gamdan gutulmady Babyr,
Niçe kim nala zir-u bem kyldy.

 70 

Görmegeý erdim jemaly älem era, käşge,
Bolmagaý erdim bary äleme ryswa, käşge.

Yşk bagynyň nahaly gam beri harman imiş,
Kylmagaý erdim bu gülşeni tomaşa, käşge.

Kylmagaý erdi köňül yşkyn höwes, bel tilge hem –
Geçmegeý erdi onuň dek lafz asla, käşge.

Gaşy ýaýlar köýünde ömri şerip edinçä sarp,
Kylgaý erdim metjid-u mährap era jaý, käşge.

Ygtyýar et özge iş, Babyr, ki hasyl bolmagaý,
Yşky wasl-u aýyş ile eşretden illä, käşge.

 71 

Haýsy bir azaryn aýtaý janyma agýaryň,
Haýsy bir agyrtganyn köňlümi diý dildaryň.

Haýsy bir birehligini talygy gümranyň,
Haýsy bir kejrowlugyny çarhy kejreftaryň.

Haýsy hasrat bile armanyn wepasyz waslyň,
Haýsy mähnet bile renjin pyrkaty hunharyň.

Gurbat içre eý, köňül, ilden wepa istärni goý,
Çün wepasyn görmediň hergiz diýar-u ýaryň.

Babyr, ol gül jebr eder agýardan ne ýagşylyk,
Gülüň azary bu bolsa wah, ne bolgaý haryň.

 72 

Eý, ýüzi nesrin, kamaty şemşat,
Niçe kylar sen janyma bidat.

Sen kibi pürkar, şiwesi bisýar,
Bilmedi eý, ýar, hiç kişi ýat.

Jebirde nadyr, zulumda mahyr,
Işwede kadyr, gamzada ussat.

Ýar gamyndan, hijr eleminden,
Sabr keminden, nala-ýu perýat.

Babyry bidil, eý, buty katyl,
Jebriňe maýyl, zulmuňa mugtat.

 73 

Bolmadym ömrümde bir dem hatyry horram bile,
Ger, elden gelse bir demi geçirmäň gam bile.

Niçe bolgaý ýar hijrany-ýu döwran mähneti,
Nagty ömrüm ah, kim ötdi gam-u matam bile.

Zahyr olgaý her nepes, her tün saçyňnyň hijrinde,
Otluk ahym düýt ýaly çyksa piç-u ham bile.

Eý, köňül, tä kim görüp men ol periden iltifat,
Yhtylat etmek maňa ýakmas beni adam bile.

Katg edip Babyr baryndan çün saňa getirdi ýüz,
Bäk imes ýekroý bolsa jümleýi älem bile.

 74 

Özni köňül aýş ile tutmak gerek,
Bizni unutganny unutmak gerek.

Tire durar zuht deminden köňül,
Yşk ody bile ýarutmak gerek.

Aýş-u tarap gülbünige suw berip,
Gussa nahalyny guratmak gerek.

Her nimäge gam iýme, gam köp turar,
Aýş bile özni awutmak gerek.

Goýma muşakgat era Babyr köňül,
Özni parahat bile tutmak gerek.

 75 

Yşk iliniň ahyndan ol serwi kat ham bolmasyn,
Gam ýelinden ol muanbar zülp derhem bolmasyn.

Dähri dundan degmesin azar näzik jismiňe,
Dähr ählinden mübärek köňlüňe gam bolmasyn.

Köp jepa-ýu jebr gördüm, eý, kuýaş, hijriň güni,
Başymyzdan saýaly serwi kaddyň kem bolmasyn.

Älem ähli birle älemden maňa sen sen garaz,
Zaty päkiň bolmasa älemde adam bolmasyn.

Ger howadarym erer sen, eý, saba, arz eýle kim,
Ol ýüzi gül serw, her has bile hemdem bolmasyn.

Gerçi aşyk lazymy älemde ryswalyk durar,
Yşk era Babyr kibi, ryswaýy älem bolmasyn.

 76 

Düýşümde çün kuýaş dek aryzyňy gördüm ötrüden,
Dilär men tä kyýamat açmagaý men gözni uýkudan.

Seniň waslyňdan aýry düşgeli, baran saýy artar –
Tahassur arkadan, mähnet ýanymdan, hijr ötrüden.

Köňülden katgy umyt eýledim, ol wagt kim bildim,
Kesildi rişteýi jandan, asyldy tary gisudan.

Diýe alman ýygny görgeç, ol ýaşny weli ol hem,
Gözüm ýaşyny görgeç esreý almaz özün gülküden.

Gözüm ýaşy ki ýumruldy şekib-u sabr öýi ondan,
Zyýanlar saňa, eý, Babyr, bu ýaly bilmedim suwdan.

 77 

Niçe ryswa bolgaý men yşk içre şeýdalyk bile,
Hiç kişi görmeý durar aşyk bu ryswalyk bile.

Herniçe kim tutdum özni parsalyg töwründe,
Boldum ahyr şöhreýi afak, şeýdalyk bile.

Men ki hijranyňda gan ýuwtmak bile mugtat men,
Maňa ýokdur hiç nisbet aýş-u sahbalyk bile.

Şyh şygrym meng eter, ýetmeý belagat lutfuna,
Neýlegeý ýa Rep, kişi bu piri näbalyg bile.

Babyry bidili yşky telbiretse ne ajap,
Çünki hergiz rast gelmez yşk danalyk bile.

 78 

Tä üzüldi köňlüm, ol aý kaddydan efsurdadyr,
Kim üzülen gunça gülnüň şahydan, pejmurdadyr.

Husn görmez gözlerim, köňlüm dagy yşk islemez,
Göýä [ki] kim gözlerimdir kör-u köňlüm murdadyr.

Göwsüm içre tehbeteh gany bagyr, kylmaň hyýal,
Kim ol aýnyň yşky ýolunda teh etgen girdedir.

Ten hyjabyn refg kyl, ger ýar wysalyn isleseň,
Eý, köňül, bil kim arada haýyl üşbu perdedir.

Barmy erken yşk ilinde, belki älem ählinde,
Munça çaglyk hasrat-u enduh kim Babyrdadyr.

 79 

Meniň köňlümi herdem agyrdyp perwaý kylmaý sen,
Sen, eý, bidert, neýleý kim köňül derdini bilmeý sen.

Ne bilgeý sen meniň derd-u gamym her sagad-u, herdem,
Ki husn ösrükliginden aý-u ýyl, eý, aý, aýylmaý sen.

Wepa mektuby bile gamza okun hiç ýazmaý sen,
Jepa resmi-ýu jebr aýynyny hergiz ýaňylmaý sen.

Gatylma, yşk ähli halyn çü bilmez sen, maňa, eý, şyh,
Ne bilgeý sen ki hergiz bu jemagata gatylmaý sen.

Bolupdyr yşkyň içre gerçi has dek jismi Babyryň,
Weli ne peýda kim hasça çaglyk göze ilmeý sen.

 80 

Kuýaşym her saryga azm kylsa zerre-i galman,
Neçün kim eger aýrylsam ondan, gün göre alman.

Onuň dek bolmuşam haýran kuýaş ýaly ýüzüňe kim,
Kuýaş dek naýzalar degse gözüme, göz ala alman.

Egerçi ýar yşky natuwan köňlüme ot saldy,
Weli, men natuwan, ol ýar yşkynda köňül salman.

Ybadat wagty bolsa herniçe mährap ötrimde,
Gaşyn nagşyn tasawwur kylmagynça ýere baş çalman.

Yrak-u Parsa ger ýetse seniň bu şygryň, eý, Babyr,
Ony hyfz etgusy Hafyz, müsellem tutgusy Selman.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Zahyreddin Muhammet Babyr | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: