07:35
Zyndanda ýanan şem -27/ powestiñ dowamy
Ýüki ýeten gumly ýigit bilen dalaşa-dalaşa, mädesi doýan zenan ahyry meýmiräp irkildi, soňra teşnowa – duşa girip, depämden suw goýberip ýuwundym. Özümiň söýgülime biwepalyk edip, bu derejede wejera bolşuma utana-utana geýinýänçäm, jahan ýagtyldy. Il aýagy örmezinden öňürti «bu zenany oýaryp, ýola salaýyn» diýip, ýatylýan otaga girsem, ol gara saçlary bilen ýüzüni örtüp dünýeden bihabar serilip ýatyr. Zenany ýuwaşjadan yraladym. Ol leýlisaç talyň şahasy ýaly göwresiniň ýarysyny ýapyp ýatan saçlaryny bir gapdala syryp goýberip, gözlerini açanda, ot basana dönüp, tisginip gitdim. Zenanam menden kem galmady. Jellat gören ýesir ýaly krowatdan boküp düşdi.
– Flora!..
Zenan dilden-agyzdan galdy. Jany karkara gelip meniň bilen hoşlaşýan ýaly, ala gözleri ynsan sypatyny ýitirip, çaşdy ýatyberdi. Ine şeýdip men-ä toýumyza pul toplap, gije-gündiz kökenek. Ol bolsa Moskwada beýdip ýör – diýip, Samet, sözüni soňlady.
– Gyz dirimi?
– Hawa, diri.
– Onda saňa näme diýip ýyl kesdiler.
– Diýdim-ä, hälki Flora possun-şuba tikdirip peşgeş berjek bolup, ýigrimi sany garaköli bagana göteripdim – diýip, ýagdaý şeýle bolansoň, men o jelebe bagana bererinmi. Harydy ýene-de göterip yzyna alyp gaýtmajak bolup, bazara çykaraýmanmy? Şeýdip ele düşdüm.
– Bolşuny bolşy ýaly aýtsaň bolmadymy?
– Wah aýtdym-la, aýdanda näme, kim saňa gulak salar. «Spekulýant – alyp satar» diýip, basyp goýberdiler.
Samet sözüne dyngy berip, uludan demini aldy. Üstünden bir agyr ýük aýrylyp, göwresi ýeňläp, ýerinden turdy. Ol meni ömründe ilkinji gezek görýän ýaly, göreçlerime seredip içgin synlady. Soňra nämedir bir zatdan utanyp, menden ýüzüni kese sowup:
– Ine, Gurban aga, meniň söýüşimem, yşk meýinden «ganyşymam» şeýle boldy. Şondan bäri men aýal görsem, milisiýa görsem aňrym-bärime gelýär. Onsoň, bu hökümet bizden gowulyk hantama – diýip, Samet göwün kinesini daşyna çykardy.
– Samet, hökümetden nalama. Bu hökümediň binýady duz. Şundan deňlik, şundan adalatdy döwlet bolmaz, bolubam bilmez. Ähli zady bulaşdyrýan, al-hile bilen partiýanyň ynamyna geçip, wezipe eýeläp, adalaty satyp, ony hususy baýlyk çeşmesine öwürýän nejisleriň edýän işi. Bu eden-etdilik, entek irden bäri dowam edip gelýär. Göwnüme bolmasa, halkyň sabyr käsesi püre-pürläp doldy. Indi bu ýagdaý uzaga gitmez. Bu günlerem geçer. Boşarys. Azatlyga çykarys. Ana, şonda meni ýatlarsyň – diýemde, Samet durşy bilen bäri öwrülip dymdy.
– Geläýen gabadyň göwnüňe degdim, agam, bagyşla! Şu zatlar barada pikir edip, başym çaşyp gidýär. Tüýs däliräp, iki-ýana urunybermäm bar. Ony özümem aňýan welin, peýda näme. Dört sany deri üçin, heý-de, beýdip bormy. Hakyky spekulýantlar welin, edenini edip ýör. Menem şolaryň biri bolsam owarram, depämde hoz döwsün. Asla, gynanjak däl. Görüp ýörsüň, zonanyň ýarysyna zordan iş tapylýar. Ýumrukda daş döwjek niçe ýigitler ne halkyna, ne öýüne nepi degmän, bialaç işsiz ýatyr. Bu hakda, heý, oýlanan tapylmazmy? – diýip, Samet ýürekden syzdyryp zeýrendi.

* * *

...Şeýle ýükli günleriň telimi geçip, aý yzyndan aý dolandy. Biziň durmuşymyzda hiç hili üýtgeşik bolmady. Samedem, menem enesiz guzy ýaly agyr «Sürä» siňip, ýitip gitdik. Hiç kim bilen işim ýok. Işe barýan, işden gelýän. Gazete seredýän, kitap okaýan. Gezip ýörün.
Başyňa bir iş düşen güni, ýagşymydyr-ýaman, parhy ýok, ýanýoldaşyňdan başga saňa arka duran, tapylmaz ekeni. Ol biçäre bagry girýan, meni göwni çöketlikden halas edip, ýadaman-ýaňylman güýç-kuwwat tapyp, taňry gün berse, hat ýazýar. Bu işi dogan ederi ýok. Bu işi aga edermi? ýok. Bu işi saňa ykbalyny bek baglan, ýagşyňa begenip, ýaman günüňde ýüküni deň paýlaşýan adam edip biler.
Iş, iki çaga, bu zatlara onuň nädip wagt tapyşyna men haýran. Üstesine-de, meni bu dowzahdan çykaryp aljak bolup janserek. Çar tarapa arza ýollap, hakykat gözleýär. Men welin, ýadadym. Bu ýerden, tikenli simiň içinden, ahy-perýat edip, müň gygyrsam-da, sesimiň gol aşmajagyna gözüm ýetip, tamamy tala daňdym. Indi esli wagt bäri arzam edemok, ýazamogam. Bu elbetde, ýeňilmegiň alamaty. Ýogsa-da, adalatyň ýok ýerinde heý, ýeňiş bolarmy. Munuň şeýledigine gözüň ýetip durka, bu zatlar, jansyz maslyk bilen dünýä dawasyny etmek dälmi? Meniň bu pikirim aýalyma çapraz düşdi. Ol meni nalajedeýinlikde aýyplap, hat ýazdy.
«Ýok, Gurban! Sen ýalňyşýaň. Bu bir arassa endamda, tötänden dörän çiş ýaly öter gider. Men muňa ynanýan. Seniň ýedi ýyllap şeýdip oturmajagyňa-da ynanýan. Ýurdy alahekge soraýandyr öýtme. Hakykat bar. Ol biziň jemgyýetimiziň binýady. Onsoňam, bu zatlaryň nädip beýle bolýandygyny saňa men düşündirmelimi? Bagyşla! Sen bu zatlardan has ýokary. Bilýäň, ýazan şikaýatlaryňa gelýän jogaplar, seni lapykeç edýär. Onuňam sebäpleri bar. Arzalar ýetmeli ýerine ýetenok. Hatlar bobçinskiý – dopçinskileriň, kezzap hlestakowlaryň eline düşüp, ýene-de göni yzyna gaýdýar. Ýöne, bilip goý! Eger-de sen biziň jemgyýetimiz hlestakowlardan, duhanowskiler ýaly şäher häkimlerinden düzülendir diýen netijä gelen bolsaň, onda boşamak üçin howlukma. Şeýle pikirli adamlaryň öňde-soňda barmaly ýeri şol».
Men bu haty jübimde göterip, iki gün gezdim. Ahyry özümi dürsäp, ýanýoldaşym, arkadagym Walentinamyň kalbyndaky bu aýdyň pikirlere begene-begene jogap ýazmak netijesine geldim.
Ýaşaýyş zonada bu gün dynç güni bolansoň, tussaglaryň ählisi bu ýerdedi. Howlynyň içinde aýak basara ýer ýok. Hut jygyllygy ýatladyp duran mähelläň bar. Şeýle günlerinde her kimiň bir pişesi bar. Kimse kir ýuwýar. Kim ýama ýamap, tikin tikýär. Kitap okaýany haýsy, özüne rahat bir ýer tapyp, hat ýazýanlaram kän. Orta asyr wakalaryna degişli bolan «Antara» atly bir kitaby okap ýatyşyma barakda ýeke galypdyryn. Sanag wagty bolaý-dow öýdüp daşary çyksam, ýalňyşan ekenim. Barlag däl-de, başga bir geň-enaýy zat bar. Naharhananyň girelgesiniň her ýüzünde bir maşyn dur. Aralykdaky meýdançadan tä gapa deňiç, diwar bolup bir giden esger dur. Birbada hiç zada düşünmedim.
– Näme bolupdyr, how. Ölen-ýiten barmy? – diýip, gabat gelen tussagdan soradym.
– Hiç zat ýok. Ýöne nahar wagty boldy. Nahar iýilýän wagty nyzama düzülip, tertip bilen naharhana girsinler – diýip, edýän işleri. Sähelçejik bozgaklyk edenler üçin hem honha iki sany woronok – tussag daşalýan maşyn taýýar – diýip, bir ýaşuly mizemez bir gala bolup duran esgerlerden gözüni aýyrman jogap berdi. Mähellä goşulyp duruberdim. Otrýad naçalnigi orta çykdy.
– Graždanlar, wagt ýitirmäň! Nahar bireýýäm taýýar. Baryň, giriň naharhana, iýiň höregiňizi, noş bolsun! – diýip gygyrdy.
Koloniýa ýolbaşçylarynyň nahar paýlanylýan wagty, tussaglaryň hut özleriniň döredýän bidüzgünliklerini gowulyk, geçirimlilik bilen bir kada salyp bolmajagyna  gözi ýetip, esger güýjüni ulanjak bolmasy bir bada maňa ýaraman hem durmady. «Hemişe şeýle bolsa, her kim özüne degişli hakjagazyny iýipjik gezse, bir gowulyk boljak. Asla, aç galanam tapylmaz» diýip, tas nahar iýmäniň öňüni başlapdym. Emma, mähelle gymyldaman duransoň, menem «düzgüni» pozmadym. Koloniýa naçalnigi Gubenko welin, gahary içine sygman, «kimiň ýakasyna el ursamkam» diýip iki-ýana ädim urýardy. Önümçilik bölüminiň operatiw işler boýunça inspektorynyň tagallalary puç boldy. Tussaglar naharhana girmedi. Ýarag astynda iýiljek naharyň iniňe siňmejegini aňýan tussaglar lapykeçlik bilen ýuwaş-ýuwaşdan dargaşyp, baraklara siňip gitdiler. Esgerler bolsa henizem dur. Ahyry olaryňam takady galmadyk bolsa gerek, naharhananyň işigine kelle ýaly gulp asyp dargadylar.
Men bir owurt suw bilen bir döwüm gara çörek iýip, ýaňy gyşaranym şoldy, radio zörledip-zörledip gygyrdy.
– Tussag Gurban Jumaýew, sizi naçalnik çagyrýar. Gurban Jumaýew, sizi naçalnik çagyrýar!
Naçalnik kabinetinde ýeke däldi. Ol, maňa ozaldan tanyş ofiserler bilen otyrdy. Men kabinetiň içindäki ýagdaýy bilmek üçin assyrynlyk bilen bir laý göz aýlap, howsalaly ýagdaýyň ýokdugyny aňdym.
– Gel, Jumaýew, honha, şol boş kürsüde otur – diýip, kabinetiň eýesi maňa ýüzlendi.
– Sag boluň, graždanin naçalnik!
– Jumaýew, sen indi esli wagtdan bäri bu ýerde. Zonany doly özleşdiren bolsaň gerek. Hany aýt! Nahar wagtynda emele gelýän bidüzgünlikler barada seniň pikiriň nähili? Ýa-da şol bidüzgünlikleri ýörite döredýän adamlar barmy? Sen bizden çekinme, kelläňe gelen pikirleri aýt. Arada Aşgabada baramda Georgiý Mihaýlowiç bilen gürrüňdeş boldum. Ol maňa sen barada, nädip sud bolşuň barada köp gürrüňler berdi. Şondan soňra-ha, meniň sen baradaky pikirim düýbünden üýtgedi. Meniň beýle diýdigim, «seni boşadaryn» diýdigim däl. Ol asla meniň elimden, gelýän zat däl. Biziň wezipämiz suduň hökümini ýerine ýetirmek – diýip, Wiktor Terentýewiç parahat gürledi.
Özüme beýle sorag berler, onda-da adminstrasiýanyň ofiserler sostawynyň öňünde soralar diýen pikir kelläme-de gelmändi. Birbada aljyradym. Emma, ikirjiňlenip durmagyňam ýeri däldi.
– Wiktor Terentýewiç, şol bidüzgünlikler ýörite guralýandyr diýib-ä biljek däl. Ýöne, gowulygyň alamaty-ha däl.
Garaz, şo günüň ertesi kino boldy. Kinonyň öň ýanynda koloniýanyň umumy ýygnagy, meni tussaglar kollektiwiniň sowetine başlyk saýlady. Meniň işim tertip-düzgün, önümçilik. Bir söz bilen aýdam-da, koloniýa bir kolhoz bolsa, menem başlyk.
Işledim, bir aý, iki aý, hut öz tussagdygymy unudyp işledim. Ine şeýle günleriň birinde yzymdan aýalym geldi.
Hossarlary yzyndan gelen tussaglaryň görme-görüş myhmanhanasy, adminstratiw howluda ýerleşýärdi. Bu ýere, ilki kontrol punkudyndan geçip, soňra radiouzeliň gapdalyndaky uzyn koridora girmeli.
Walentina Timofeýewna meni koridorda garşy aldy. Ol, saçlary buýra-buýra, ullakan bir gurjaga çalym edip duran bäbejigiň golundan tutup, Rim döwründen galan ýadygär heýkel ýaly doňup durdy. Ulakan, hem-de owadan mele gözlerinden aşak syrygýan gözýaşlardan ýaňa, egnine şypyldap duran ak köýneginiň ýakasy ezilipdir. Gülden reňk alyp, jennetiň nary bilen bäs edişýän ýaňaklaryň ozalky öwüşgüni ýok. Onuň gussaly gözleriniň başyna gala bolup duran kirpikleriň ýaý görnüşi üýtgäp, kiçelipdir. Gyýylyp duran gara gaşlar çytylyp, maňlaýynda gasyn döräpdir.
Kelam agyz söz diýmäge gurbaty çatman, zenan meni gujaklady. Bäbejik welin, del adamy gören ýaly ejesiniň eteginden bek ýapyşyp, giň owasynda balkyldap duran garaja gözlerini, garamyk kimin tegeläp, maňa seredip dur, Walentina Timofeýewna meniň sagrymy, soňra boýnumy, ýeke tüýsüz mas syrylan takyr kellämi, ýaňaklarymy sypap, mähir tapan ýaly rahatlandy. Ol deşilen meşik ýaly, aňyrdan eňip gelýän göz-ýaşyny saklap bilmän heläk bolýardy. Bu ýagdaý biz bilen näçe wagt dowam edenini biljek däl. Ahyry, entek dil bitmedik çaganyň iňňildisi bizi özümize getirdi.
Oglumy, körpejämi bagryma basdym. Ol monjuk ýaly gözjagazyny gyrpman, kä maňa, käte hem ejesine çiňňerilip-çiňňerilip seredýärdi.
– Oglum, jan balam, guzym. Göz guwanjym, mirasdarym Döwletjanym – diýip, hamana kimdir biri bäbejigi elimden gaňyryp alaýjak ýaly içime-bagryma sokaýasym gelýärdi.
Ähtimal, aýalymyň gözýaşy gutaraýan bolsa gerek. Ol uly kynçylyk bilen ahyry özüni ele alyp salamlaşdy.
– Ezizim!..
– Biz gurgun, mähribanym. Uly ogluňam hudaýa şükür, adam boldy. Käýetmän okap ýör. Ýöne, bilýän, seni küýseýär. Gussasyny maňa bildirmejek bolýar. Çagajyklarymy ýetim goýup, bizi şu güne salan nejisiňem başyna towky düşsün-dä, hernä, – diýip, agzy köjüli halta ýapyşdy.
– Gözüňe döneýin, wah, heläk bolupsyň-ow. Men bu ýerde aç däl ahyry, Günde üç sapar nahar berýär.
– Aç dälligiňi bilýän. Hökümet, heý-de, aç goýarmy. Ýöne öýüň tagamy, öý lezzeti aýrydyr.
– Wah, aýdýanyň näme. Heý-de, seniň bişiren tagamlaryňyň ýerini tutjak zat barmy.
– Gaýgy etme, meniň gazanýan pulum çagalaryňy eklemäge aňyrsy bilen ýetýär. Sen bu ýagdaýda diňe özüň hakda alada etmeli. Biz bir erkin adam, günümizi göreris.
– Men bir emgege ýakyn adam öýdýän.
– Dogry aýdýaň, bu zatlaryň hemmesi seniň şol gönümelligiňden, päkligiňden. Ýogsam, biz bu ýagdaýa düşmesek düşmezdigem – diýip, aýalym uludan demini alyp, oguljygymy bagryma basyp, gökden inen ýaly, dünýäni unudyp oturşymy ahmyr bilen synlaýardy.
– Bu günlerem geçer. Ýöne beterinden beteri bar. Arada bir waka boldy. Meni tas atypdylar.
– Äh!?
– Tas atypdylar – diýýän.
– Daş etsin, daş etsin, tüf, tüf, towba, o towba, nähili beýle bolýar – diýip, Walentina Timofeýewna dünýäde täk galaýjak ýaly, gözlerini tegeledi.
– Nähili boldy diýsene. Men her gün agşamlar radiouzelinden tussaglaryň gündelik işleri hem-de durmuşlaryna degişli bäş-on minutlyk gepleşik berýän. Şol güni aýsyz gijedi. Gepleşik geçirmek üçin radiouzele tarap gelýärdim. On-on bäş metr öňümden biri barýar. Daş görnüşi tussaga meňzeýär. Garaňkam bolsa aňýan. Egninde gara güpbi, başynda gulaklary aşak goýberilen gulakjyn. Ýöne tussaglaryň menden başgasynyň bu wagt adminstratiw howla geçmäge haky ýok. Bilesigeljilik erkime goýmady. Ädimimi ýygjamlatdym. O-da kontrolbarlag gapa ýetiberende, biziň aramyz golaýlady. «Indi-hä, seniň kimdigiňi bilsem gerek» diýen pikirimi soňlap-soňlamankam, ol maýmyna döndi duruberdi. Diwar eteginde eriş-argaç edilip germelen tikenli syma ýarmaşyp, hol depämde. Eýýäm, bir aýagyny üçege atyp dur. Zonanyň daşyna bökjek bolýar. Tussaglyk kanunyny pozup, gaçmaga meýil eden adamyň ýapyşdym aýagyndan. Edil şo wagt.
– Stoý, strelýat budu! – Duruň ataryn – diýen ses gulagymda ýaňlanyp gitdi. Gaçgak welin, netinden dänmän öňe dyzaýardy. Göwnüme bolmasa, ol deşli göwre menem çekip alagadan haýatdan aşaýjak ýalydy. Aradan näçe sekund geçenini biljek däl, atylan tüpeň sesi şuwullap üstümizi gyratlap geçip gitdi. Meniň kelläm durlandy. Gaçgagyň aýagyndan elimi aýryp, göwrämi ýere goýbermelidim. Birdenem bu pikir göwnüme jaý bolmady. Gaçgaga howludan çykmaga kömek etmedigimi subut ederin. Diňe ýeke-täk alaç, o-da her zat bolsa-da, gaçgagy sypdyrmaly däldi. Ýöne nädip? Ol haramzada niredendir bir ýerden ýapyşyp, maňa güýç berenokdy. Tüpeň täzeden atyldy. Bu sapar ok edil golaýymyzda diwara galtaşyp, däriň ysy kükäp gitdi. Indi ajal bilen dirilik çägi ýitip barýardy. Meň gaçgagyň aýagyny sypdyrman, ýene-de üç-dört basgançak ýokary galyp, onuň üstüne atlandym. Barmaklarymy erninden geçirip, bat bilen özümi ýere okladym. Erni ýirilip barýan haramzada omurylan şaha ýaly, meniň bilen patyllap ýere düşdi, tüpeň üçünji ýola atyldy. Gaharym gelip, janym ýanan ekeni, hälem dumly-duşdan ylgaşyp gelen esgerler bolaýmasa, ol nejisi öldüräýmegim ahmal ekeni...
Walentina Timofeýewna bir elinde çagajygy, beýleki eli bilen meni gujaklady. Ol bütin göwresi bilen silkinip, täzeden aglady. Men bu wakany gürrüň berenime puşeýman etdim.
Категория: Powestler | Просмотров: 62 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Halbaý Haýydow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: