00:01
Gelin ýa-da giýew bilen gaýyn ene we gaýyn ata arasyndaky edep kadalary
GELIN ÝA-DA GIÝEW BILEN GAÝYN ENE WE GAÝYN ATA ARASYNDAKY EDEP KADALARY

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Öýe gelen gelni (gelin sözi – gelen sözündendir) maşgala öwrenişdirmek, maşgalanyň edim-gylymlaryny öwredip, ony hojalyk işine, täze öýe uýgunlaşdyrmak ýigidiň, gaýynlaryň borjudyr. Türkmeniň ajaýyp däbi bar. Täze gelin öýe gelen gününiň ertesi, ol gaýyn enesine, gaýyn atasyna eglip salam berýär, soňra ony gyzlar ýakyn goňşy-golamlaryň, garyndaşlaryň öýüne aýlaýarlar, gelin olara hem uly hormat goýup, baş egip, salam berip çykýar. Gelin türkmeniň dana däbi boýunça ilkinji bolup, öz borjuny berjaý edýär. Diýmek, sizem öýlenýän ýigidi hormatlaýan bolsaňyz, onuň maşgalasyny hem hormatlamalysyňyz. Ine, şeýdip gatnaşyk sylag-hormatdan başlanýar, ol sylag-hormat kem-kemden uly maşgala söýgüsine, dostluga aýlansyn. Täze gelen gelin maşgalanyň, obanyň sylagly-serpaýly gelnine öwrülsin! Bu zatlar, hormatly erkek kişiler, size bagly!
Mukaddes Ruhnamadan

Umuman, maşgala agzalary özara dürli gatnaşyklarda bolýarlar we dürli atlar bilen çagyrylýarlar. Maşgalanyň her bir agzasynyň orny we mertebesi aýratyndyr. Maşgalanyň içinde we daşynda ynsan garyndaşlyk açan adamlarynyň ýakynlyklaryna görä üýtgeşik at alar.
Mysal üçin,
Öýlenen erkek – atasynyň we enesiniň agtygydyr.
Öýlenen erkek – ejesiniň we kakasynyň ogludyr.
Öýlenen erkek – daýy we daýzalarynyň ýegenidir.
Öýlenen erkek – kiçi jigileriniň agasydyr.
Öýlenen erkek – özünden uly doganlarynyň jigisidir.
Öýlenen erkek – aýalynyň äridir.
Öýlenen erkek – çagalarynyň kakasydyr.
Öýlenen erkek – gaýyn ata-gaýyn enesiniň giýewidir we ş.m-ler.
Maşgaladaky «gelniň» ýagdaýy bolsa edil şeýledir :
Gelin – atasynyň we enesiniň agtygy.
Gelin – ejesiniň we kakasynyň gyzy.
Gelin – jigileriniň gyz dogany, uýasy.
Gelin – daýy we daýzalarynyň ýegeni.
Gelin – äriniň aýaly.
Gelin – çagalarynyň ejesi.
Gelin – gaýyn ata we gaýyn enesiniň gelni.
Gelin – äriniň erkek doganlarynyň ýeňňesi, gelnejesi.
Gelin – äriniň doganlarynyň ýan ýoldaşlarynyň eltisidir.
Maşgala agzalarynyň özara ýakynlyk derejesine görä jogapkärçilikleri hem üýtgeýär, özüni tapawutly alyp barmaklyga mejbur edýär. Ynsanyň gaýyn enesi we gaýyn atasy has ýakyn garyndaşydyr. Bu hem ene-ata we perzent gatnaşyklary ýalydyr. Ynsanyň öz ene-atasyna bolan borçlary we jogapkärçiligi, gaýyn enesine we gaýyn atasyna bolan borçlary we jogapkärçilikleri tapawutlydyr.
Öýüň gelni şu ýagdaýy berk bilmeli, ýagny ýanýoldaşy müň bir zähmet we kynçylyklar bilen ýetişdirlendir. Onuň atasy we enesi siziň hem eneňiz, ataňyz saýylar. Öz ene-ataňyza goýýan sylag-hormatyňyzy olara hem görkezmeli. Adamsyny söýen aýal maşgala, ony dünýä getirenlere-de sylaşykly bolup, olara minnetdarlyk duýgusy bilen dolup-daşmaly. Çagalarynyň öýlenip, özüniň hem gaýyn ene boljakdygyny unutmaly däl. Aýry öýlerde ýaşaýan bolsalar, ýygy-ýygydan olara barmaly, hal-ýagdaýyny soraşmaly. Ýürekden mähirli bolmaly. Olaryn öý işlerini edip, naharlaryny bişirip, kirlerni ýuwmaly. Öz öýüňize çagyryp, naz-nygmat hödür etmeli, öýde ýatyp gitmekleri üçin şert döretmeli, bitirilmeli işlerini gijä goýman ýerine ýetirmeli. Şol wagt bolsa söýmäniň, söýülmäniň nähilidigini gözüňiz bilen görüp, döşüňizi gaýşardyp ýaşarsyňyz.
Gaýyn eneler, gelinleriňiziň gyzlaryňyz ýaly aljyraňňy, ýalňyş we köp gürleýän bolup biljegini boýun alyn. Başyna gelinlik gyňajyny orady diýip, hemme zada ökdedir öýtmäň. Gelniňizi täzeden süýji dil bilen bagryňyza basyp ýetişdirmelidigini bilmelisiňiz. Häzirki döwürdäki maşgala we mekdep terbiýesiniň, öwrenen zatlarynyň nähili tasir etjekdigim hasap edip, olardan peýdalanmagyň ýollaryny, usul we tärlerini bilmeli. Siziň ýaşyňyz we tejribäňiz muňa ýeterlikdir.
Öýüňize gelen täze gelni öz gyzyňyzdan tapawutlandyrmazdan, öýüňize öwrenişdirip bilersiňiz. Dileg edeliň, gelnimiz maşgala durmuşynyň edebini doly berjaý edip bilýän we oňat ynsan bolsun. Olar gelinlerine «gyzym» diýmelidirler. Ene-ata, çaga gatnaşyklary şunuň ýaly dowam etmeli. Gaharlanýan wagtlary hem biri-birie sylag-hormat etmeli. Edil şunuň ýaly gatnaşygy giýew hem gaýyn enesine we gaýyn atasyna görkezmelidir.
Çagalarynyň giýewden özlerine ýakyn bolşy ýaly, borç we jogapkärçiligi hem öz çagalaryna düşer. Aslynda jemgyýetiň dürli gatlaklarynda jogapkärçilik erkek çagalara degişi bolsa-da gyz çagalarynyň oglanlardan üstündigi görünýär. Mukaddes Ruhnama kitabynda maşgala agzybirliginiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly Nuh aleýhissalamyň wesýeti örän jaýdardyr: «Nuh pygamber garry gojalara we terbiýesinde akylly, agras, paýhasly, seresaply çemeleşmegi, olaryň hakyky ynsan häsiýetliligi üçin uly jogapkärçilik goýdy. Sebäbi Nuh pygamber ýaşlaryň ýalnyşmazlygyny isleýärdi. Ol: «Ulular bir gezek ýalňyşsa, ýaşkiçiler müň gezek ýalňyşar. Öýde ata ýalňyşsa, ogul ýalnyşar, ene ýalňyşsa, gyz ýalňyşar, atalyk hem (gaýyn ata hem gaýyn ene) ýalňyşsa, gelin ýalňyşar» diýip wagyz edýärdi. Şonuň üçin türk iman öý edebiniň düzgünini girizdi.»
Maşgala agzalary özara gatnaşyklarda jogapkarçilik çäginiň daşyna çykanda, maşgala sazlaşygy bozular, söýgi we hormat azalar, hatda ýok hem bolup biler. Bu ýagdaý kä halatda maşgalanyň dargamagyna, är-aýalyň aýrylyşmaklaryna sebäp bolup biler.
Türkmeniň köp maşgalalarynda ene-ata, gelinler, gaýynlar, ýüwürjiler köplük bolup bir öýde ýaşaýar. Olaryň özara gatnaşyklary belli dessurlara görä dowam edýändir.
Gelniň adamsynyň doganlary hem gaýyn agalarydyr. Olar hem dogan ýalydyr. Ýöne gaýyn agalary bilen nähili sylagly-hormatly gatnaşyk etse-de, öz doganlary bilen gatnaşyşy ýaly gatnaşyp bilmez. Bu gaty wajypdyr. Gaýyn agalar we gelniň gatnaşygy uly manyly we çäklendirilgidir. Her kim öz çägini bilen ýagdaýynda maşgala agzybirligi synmazdan, ysnyşykly gatnaşyklar uzak ömürli bolar.
Ynsanlar maşgalasy, garyndaşlary we goňşulary bilen, milleti bilen, bütin milletler bilen bir dinde bolanlar we bolmaýanlar bilen – hatda janly-jandarlar bilen birlikde milli, dini we adamzat gymmatlyklaryna görä özlerini alyp baran ýagdaýynda maşgala sagdyn we berk bolar. Çünki maşgala ojagyndaky sazlaşyk edep kadalaryny, dessurlary berjaý etmek arkaly saklanar. Şeýle maşgala ojaklary geljege uly ynam döreder.
Bularyň bilinmedik we ýaşalmadyk maşgala ojagynda ynam ýiter, jemgyýetde öňi alynmaz näsazlyklary döreder. Türkmen üçin maşgala özboluşly bir mekdepdir. Ol ýerde çagalar arassa türkmen bolup ýetişerler we türkmençilige degişli ähli düzgün we kadalary öwrenerler.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 38 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: