18:39
Baýmuhammet Garryýewe sud edilşi / dowamy
Şeýlelikde, türkmen jemgyýetçiliginiň öňünde meni masgaralamak üçin ähli tagallalar edildi, Ol jemgyýetçilikde bolsa diňe bir loýal sowet Graždany däl, eýsem alym hökmünde-de, ýalandan salyhatlylyk etmekçi bolman aýtsam belli bir meşhurlyga eýe bolupdym. Graždanin we alym hökmünde meniň şeýle garalanmagymdan heý-de bir peýda gelýärmi diýen sowal ýüze çykýar. Hatda harby tribunalyň gazaply hökümi bilen üstüne atanak çekilen şahsy durmuşymy, ynsan ömrüni we meniň bedibagt maşgalamyň maşgalabaşysyny (ýer titremesi döwründe men aýalymy we bäş çagamy ýitirdim) ömrüni bir gapdala goýanymyzda hem şundan Sowet döwletine we sowet ylmyna neneňsi peýda gelýär diýen sowaly bermek ýerliklidir. Meni terbiýelemek, ylmy bilimleri we kwalifikasiýalary ele almagym üçin döwletiň harç eden puly, dogrusy, millionlap manatlar bilen ölçelýär. Men bolsa şondan soňam bergimi elim lepetkeli, ýapyk, aýratyn düzgünli lagerde bermäge mejbur bolýaryn. Meniň fiziki ukyplarym bolsa noldan sähelçe ýokarydyr... Meniň hünärim boýunça sähelçe adam işleýär (biz bary-ýogy 3 sany filologiýa ylymlarynyň doktorydyk). Geçmişde medeniýetde yza galan türkmen halkyna özüniň intellegensiýasynyň ilkinji kadrlaryny, ýaş ylmy işgärleriň ilkinji otrýadyny ýetişdirmäge mümkinçilik berendikleri üçin meniň halkym Sowet hökümetine, beýik rus halkyna tükeniksiz minnetdarlyk bildirýär we muňa adalatly guwanýar. Hut şu ýagdaýda maňa we maňa meňzeşlere täze, has ýokary ylmy-teoretiki derejede durýan işleri döretmek arkaly kemçilikleri düzetmäge mümkinçilik bermegiň ýerine olaryň tussag edilmegi we kemsidilmegi Sowet döwletiniň haýyrly başlangyçlaryna, inisiatiwasyna kölege salmaýarmyka? Meniň watandaşlarym, meni işlerim boýunça tanaýan ylmy-edebi jemgyýetçilik, elbetde, käbir görip, mo¬nopoliýa topulýan elementleri hasap etmäniňde, buržuaz milletçiligi, «milletçileriň guramaçylykly toparyna» gatnaşmak diýen ýaly derňewiň özüniň oýlap tapyp, maňa ýöňkän günäleriniň dogrulygyna ynanarmyka?.. Meniň milletçi diýlip yglan edilip, türmä basylmagyma sebäp bolan edebiýatyň ýurdumyzyň tanymal alymlarynyň hem-de edebiýatçylarynyň birnäçesi – B.W.Bartold, G.I.Karpow, A.Ýu.Ýakubowskiý, E.E.Bertels. P.G.Skosyrew, L.I.Kli¬mowiç we beýlekiler tarapyndan işlenilip, ýokary baha mynasyp bolandygyny siziň dykgatyňyza ýetirýärin.
Edebi işlerime birtaraplaýyn baha berilmegi, «şaýatlaryň» ýalan görkezmeleri esasynda DHM-niň aýry-aýry işgärleri tarapyndan meniň garşyma derňew işiniň emelleşdirilmegi netijesinde gazaply repressiýa sezewar edilen mahalymdaky ýagdaýy men örän umumylaşdyrylan derejede beýan edýärin. Ýöne men zerurlyk ýüze çykan halatynda agzap geçen faktlarym barada ähli jikme-jiklikleri gürrüň bermäge hem-de maňa ýüklenen günäniň ýapa degmeýändigini görkezmäge taýýar. Bulardan başga-da käbir zatlar bolup, olar hakynda diňe haçanda meniň işim täzeden derňelende gürrüň berip bilerin.
Kommunistik partiýa we Sowet hökümeti ylmyň gülläp ösmegi hakynda gündelik alada edýärler, onuň kadrlaryny ýadawsyz üns-alada bilen gurşap alýarlar. Sowet hökümetiniň baştutany G.M.Malenkow partiýanyň XIX gurultaýynda hasabat dokladynda sowet ylmyny has ýokary derejä götermegiň, ylmy işde tankydy we göreşi ýaýbaňlandyrmagyň zerurdygy barada aýtdy. Sowet ylmynyň diňe şeýle ýol bilen özüniň dünýä ylmynda birinji orun eýelemek missiýasyny ýerine ýetirip biljekdigini ýatlatdy.
SSSR Ylymlar akademiýasynyň graždanini prezidenti, size ýüztutmamy ünssüz goýmajakdygymyza, meniň işim bi¬len tanyşmagy mümkin hasaplajakdygyňyza we degişli instansiýalarda oňa gaýtadan garamak barada mesele goýjakdygyňyza men pugta ynanýaryn. Şeýle etmek bilen, Siz aslyýetinde esassyz ýöňkelen günälerden hem-de iňňän adalatsyz jezadan gutulmagyma ýardam edersiňiz.

Tussag Baýmuhammet Atalyýewiç GARRYÝEW.
Taýşet şäheri, Irkutsk oblasty.
P/ýa 215/6  048.
1953-nji ýylyň 5-nji sentýabry».

Professoryň, özi we ýakynlary tarapyndan yzly-yzyna ýazylan arzalaryň täsiri duýlup ugrapdyr. Moskwada işläp ýören Nury Garryýewe harby prokuraturadan çakylyk gelipdir. Şonda işdeş ýoldaşlarynyň «Bu nämäniň alamaty?» diýen manyda gözlerini tegeläp, özüne geň nazar bilen seredişlerini ýatlaýar. Nury aga Moskwada harby prokuratura baranda, ony gowy kabul edipdirler hem-de B.Garryýewiň işi bilen tanyşandyklaryny aýdypdyrlar. «Bu işde harby jenaýatyň düşnügi ýok». Diýipdirler we işi SSSR-iň Baş prokuroryna ibermekçidiklerini mälim edipdirler.
Ol ýerden SSSR Soýuzynyň Ýokary sudunyň harby kollegiýasyna gözegçilik tertibindäki protest, iberilipdir. Protestde işde ýol berlen kemçilikler birin-birin görkezilipdir. Neşir edilen eserlere ekspertiza geçirilmändigi, kanunçylygyň bozulan halatlary bellenilipdir. Harby tribunalyň M.Kösäýew bilen O.Abdalowyň, iş boýunça çykarylan hökümiň, şol mejlisde B.Garryýewi jenaýat jogapkärçiligine çekmek barada kabul edilen kesgitnamanyň jenaýat-prosessual kodeksiniň gödek bozulmagy hasap edilýändigine üns çekilipdir. M.Kösäýew bilen O.Abdalowyň işi hem höküm çykarman, täzeden derňew geçirmäge ibermäge degişli ekeni. Protest şu aşakdaky setirler bilen tamamlanýar:
«SSSR-de, soýuz we awtonom respublikalarda sudlaryň işiniň guralyşy baradaky Kanunyň 16-njy maddasyna goldanyp,

HAÝYŞ EDÝÄRIN:

Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň işi boýunça Türkme¬nistan SSR DHM-niň goşunlarynyň harby tribunalynyň 1953-nji ýylyň 13-nji martynda çykaran hökümini, Orta Aziýa okrugynyň DHM-niň goşunlarynyň harby, tribunalynyň 1953-nji ýylyň 3-nji aprelinde çykaran kesgitnamasyny ýatyrmaly we işi gaýtadan Derňew geçirmek üçin SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Döwlet howpsuzlygy komitetine ibermeli.

SSSR-iň Baş prokurorynyň ýerine                                                         (A.WAWILOW)
1953-nji ýylyň 1-nji iýuly».

Ýöne munuň bilen iş tamam bolaýmandyr. Diňe bir ýyldanam gowrakdan soň, 1954-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasy ýustisiýanyň gwardiýa polkownigi Stuçegiň başlyklyk etmeginde (çlenleri ýustisiýanyň, polkownikleri Komow we Borisenko) Baş prokuroryň protestini kanagatlandyrypdyr, hökümi ýatyryp işi gaýtadan derňemäge iberipdir.
Indi berin hakykat dabaralanar öýüdýärsiň. Emma pro¬fessor ýene-de köp-köp aýlary bendilikde ötürmeli bolar. Höküm ýatyrylandan soň, SSSR-iň Baş prokuroryna, ýazan şikaýatynda B.Garryýew özüne edilen sütemler barada has anygrak gürrüň beripdir Harby tribunalyň mejlisi hakyky spektakla dönüpdir. Öňünden mazaly bişirilen ssenari boýunça hereket edilipdir. «Diýenimizi etmeseň, garyndaşlaryňam basarys» diýip gorkuzylyp, ählisini boýun almaga mejbur edilen mugallyma ýene-de bir psihiki täsir edilipdir. «Seni diňe partiýadan çykarmak baradaky kararyň esasynda atuwa bermek mümkin» diýipdirler. Sud mejlisine bolsa 10-a golaý eli awtomatly soldatyň arasyna alyp äkidipdirler. Hamala, ölüme höküm ediljek agyr jenaýatçy kimin.
Harby tribunalyň mejlisi ýapyk geçirilip, oňa maşgala çlenlerinden, dost-ýarlardan hiç kim gatnaşdyrylmaýar. Tanyş ýüze gözüň düşjek gumany ýok. Sudda Leonidow, Mihalýan, Kistow, Kuznesowlaryň ikisi-de professoryň ýüzüne garap oturypdyrlar. Ýaňy-ýakynda senden sorag eden, zorluk bilen gol çekdiren adamlar gaşynda otursa, ozal boýun alan zatlaryňy gaýtalaman dagy nätjek?! Professor aklawjy Lebedinskaýany şol ýerde özüniň ilkinji gezek görendigini ýazypdyr. Üstesine-de ertesi Lebedinkaýada sülçüler bilen gelip, hökümi dogry hasaplaýandygy, günäsiniň geçilmegini soraýandygy barada haýyşnama ýazmagy maslahat beripdir. Aklawjy bolaýşyňy diýsene! Bir ministrlige garaşly sülçüler derňew geçirýärler, şol ministrligiň goşunlarynyň tribunaly sud edip höküm çykarýar. Aklawjy hem olaryň tarapynda. Ýeri onsoň muňa neneň oňat taýýarlanylan spektakl diýmejek?! Harby tribunalyň özleriniň diýenlerinden çykyp bilmejekdigini sülçide, ministrligiň jogapkär işgerleri-de B.Garryýew ençeme sapar gönüläp aýdypdyrlar.
Şeýlelikde, derňew täzeden başlanýar Ony, elbetde, ýene-de şol ministrligiň işgärleri alyp barýarlar. 1965-njy ýylyň 10-njy fewralynda 13 sagat 50 minutdan 17 sagat 40 minuda çenli edilen soragda professor özüni uklatmaýandyklary barada prokurora arza ýazandygyny, emma ol arzanyň gelip, sülçi Leonidowyň eline düşendigini aýdypdyr. Şonda Leonidow oňa: «Men seni mydamalyk uklar ýaly hem edip bilerin» diýip haýbat atypdyr. 1952-nji ýylyň dekabrynda uklandygy üçin B.Garryýewi bäş gije-gündiz karsere salypdyrlar. Sülçiniň ikiçäk mahallary özüne «duşman», «itiň biri» diýen ýaly sözler ulanyp sögýändigini, yz galmaz ýaly ýumşak ýerlerine urýandygyny görkezipdir. Professor soňra bular barada inisi Nura hem gürrüň beripdir. Has aýdyň bolar ýaly soraglaryň biriniň protokolyny dolulygyna getirmegi makul bildik.
«Günäkerlenýän Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewden edilen

SORAGYŇ, PROTOKOLY

1955-nji ýylyň 14-nji fewraly.
                                             Aşgabat şäheri.
Soragyň başlanan wagty 13 sagat 30 minut.
Soragyň tamamlan wagty 17 sagat 47 minut.
Sowal: 1955-nji ýylyň 11-nji fewralynda beren görkezmeleriňiziň üstüne näme goşmak isleýärsiňiz?
Jogap: 1955-nji ýylyň 9-njy we 10-njy fewralyndaky soraglarda 1953-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda meni çagyranda Leonidowyň kagyzdan tabyt edendigini dilden ýatlap geçipdim. Ýöne 1955-nji ýylyň 11-nji fewralyndaky so¬ragda men bu barada aýtmagy unudypdyryn. Häzir özümiň beren görkezmelerimiň üstüni ýetirmek isleýärin.
1953-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Leonidowyň diýşi ýaly arza ýazmazymyň öň ýanynda, ol, Leonidow kagyzdan tabyt ýasady we ony görkezip, şaýatlaryň görkezmelerini boýun almadyk halatymda, şonuň (tabydyň) meniňki boljakdygyny aýtdy.
Sowal: Ýene näme görkezmek isleýärsiňiz?
Jogap: 1953-nji ýylyň 2-nji fewralynda Leonidow meni kabinetine çagyrdy. Leonidow maňa kagyz we galam beriň, arzany dowam etdirmegimi talap etdi.
Men arzany ýazdym, soňra bolsa Leonidowyň talap edişi ýaly onuň käbir ýerlerini taşlap, täzeden ,göçürdim.
1953-nji ýylyň 3-nji fewralynda sülçi Leonidow meni ýene-de kabinetine çagyrdy, şol ýerde ministriň adyna iberen arzamy onuň talap edişi kimin ýazyp tamamladym.
1953-nji ýylyň 5-nji fewralynda Leonidow meni ýene ça¬gyrdy, basym prokuror Pronçenko geldi. Şonuň ýanynda Leonidow maňa özümiň arzalarymda beýan edenlerimi tassyklaýandygymy görkezýän jogaplar ýazylyp goýlan soragyň protokolyny berdi we gol çekmegimi teklip etdi.
Men jogaplary özümiň ýazmak isleýändigimi aýtdym. Leonidow muňa razy bolmady. Prokuror Pronçenko jogaplary meniň özümiň ýazmagyma rugsat bermegi Leonidowa teklip etdi.
Haçan-da Leonidow sowallar ýazylan soragyň protokoly¬ny uzadanda, gorkaklyk edendigimi, geljegimden howpurganyp, özüm barada nädogry görkezmeler berendigimi çaltjak oňa ýazdym we Leonidowyň ýanynda stoluň üstünde ýatan arzalarymy almakçy boldum. Men olara-da şunuň ýaly bellik etmekçidim, ýöne arzalary almak maňa başartmady. Şol arzalaryň biriniň burçuna meniň ruçkamdan syýa damandygy ýadymda. Şonda men arzalary gorky astynda, özümiň we garyndaşlarymyň janyndan howatyrlanyp ýazandygymy prokurora düşündirdim.
Pronçenko Leonidowyň tarapyna geçdi we ýazan arzalarymdan el çekäýsem, günämi boýun almasam, tribunalyň meni ölüme höküm etjekdigini, şeýle höküm çykarylmagyny gazanjakdygyny, özüniň garalaýjy bolup çykyş etjekdigi¬ni aýdyp, haýbat atdy. Meniň entek aglamaly, dyza çöküp rehim edilmegini soramaly boljakdygymy, ýene gözýaşlaryň nepiniň degmejekdigini aýtdy. Pronçenko hem gowy we ýaramaz lagerleriň bardygyny agzady.
Soňra derňew bölüminiň naçalnigi Kuznesow geldi we ol hem maňa haýbat atmam  başlady.
Basym Kistow geldi. Kistow öňki äheňinde beren maslahatlaryny gaýtalady.
Men nähilidir bir erbet ýagdaýa düşdüm we agladym. Ka¬binete başga-da adamlar girip çykýardy, kimlerdigi anyk hakydamda däl.
Kistow kimedir birine derman getirtdi, men ony içdim. Haýbat atmalar we töwella etmeler dowam etdi. Şonda arzalarymy tassyklap we günämi boýun alyp, protokola gol çekdim, şeýdenimden soň meni kamera ugratdylar.
Soragyň protokolyny okadym, meniň sözlerim esasynda ýazylan jogaplar dogry (B.A.Garryýewiň goly).
Sorag eden: TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky DHK-nyň derňew bölüminiň uly sülçüsi, kapitan
(BUÇIN)».
Şol ýylyň 11-nji maýynda kapitan Buçin ýüklenilýän günäleriň birnäçesiniň aýrylýandygy barada karar kabul edipdir. Ýöne welin ony doly aklamak barada gürrüň ederden irdi. Stalin aradan çykan, Beriýa atylanam bolsa, duşmanlara rehimsiz bolmak, hüşgärligi elden bermezlik ruhy dowam edýärdi. Men B.Garryýewiň şol ýagdaýda-da sülçüleriň garşysyna çykyp, bigünädigini subut etmäge bolan sähelçe mümkinçiligem  elden gidermändigine telpek goýýaryn. Ýogsam 20 – 30-njy ýyllaryň elhençliklerini başdan geçiren adam tizden-tiz boýun egäýjek ýaly. Otuzynjy ýyllarda bolsa üçlükleriň bigünä adamlary neneňsi gyrandygy baradaky dokumentleriň käbiri bilen tanyşmak we ma¬kala ýazmak maňa miýesser etdi.
Şol ýyllarda adamlary nädip türmä basandyklary ba¬rada aşakdaky ýaly anekdot hem aýdýarlar. Syýasy tussaglar bir-birine özleriniň nähili günä ýüklenip basylandygyny aýdyp berýärmişler. Emma olaryň biri sesini çykarman oturanmyşyn. Ondan hem başdan geçirmelerini gürrüň bermegini sorapdyrlar. Ol näme üçin tussaghana salnandygynyň sebäbini bilmeýändigini aýdyp, şulary gürrüň beripdir:
«Meniň özüm ussa. Bir gün raýkoma çagyryp, jaýy ýyladyş sistemasynyň işlemeýändigini aýtdylar. Men barlap gördüm. «Ýeri, nähili?» diýdiler. Menem «Sistemany çalyşmaly» diýdim. Bar bolany şol. On ýyl iş kesdiler. Ynha, indem men siziň araňyzda». Hawa, şu ýagdaýlardan habarly-da bolsa B.A.Garryýew sülçüleriň garşysyna gitmäge batyrlyk edipdir.
Bu gezek B.A.Garryýewiň işine Türkmenistan SSR Ýokary sudunda Sapardurdyýewiň başlyklyk etmeginde (halk oturdaşlary Abramow hem-de Kanşin) ýapyk sud mejlisinde garalýar. Suduň mejlisi Aşgabat şäheriniň Stalin raýonynyň halk sudunyň 2-nji uçastogynyň jaýynda 1955-nji ýylyn 31-nji oktýabry 5-nji noýabry aralygynda bolup geçýär. Professor deslapky derňewde-de, sud mejlisinde-de özüni günäkär hasap etmändir. Mugallymyň ýakynlary oňat aklawjy tutmagyň, aladasyny edipdirler. 1955-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda professoryň gyzy Aýna Baýmuhammedowna Çarygulyýewa TSSR Ýokary sudunyň başlygyna şeýle arza beripdir: «Kakam professor B.A.Garrye¬wiň günäkär däldigine doly ynanýaryn, onuň işine sudda gaýtadan garalan halatynda, bu barada bize öňräginden habar bermegiňizi haýyş edýäris. Biz Moskwadan ýörite aklawjy çagyrmakçy». Aýna Baýmuhammedowna şunuň ýaly arzalaryň ýene-de ikisini ýazypdyr.
Suddan ozal ekspertiza geçirilipdir. Ekspertleriň sos¬tawy bilen tanyşdyrylanda, B.A.Garryýew oda goluny çekipdir. Şol kagyzyň ýüzüne olaryň üstüne moskwaly alym- laryň-da birnäçesiniň goşulmagy baradaky haýyşyny ýazypdyr. Emma bu haýyş kanagatlandyrylmandyr. Sud B.Garryýewiň antisowet milletçilikli wagyz-nesihat geçirmekdäki günäsi şaýatlaryň görkezmeleri we ylmy ekspertizanyň çykaran netijesi arkaly doly subut edildi hasap edipdir. Ýogsam Moskwadan ýörite çagyrylyp getirilen ak¬lawjy W.A.Kosaçewskiý sud mejlisiniň açylan güni, ýagny 31-nji oktýabrda TSSR Ýokary sudunyň jenaýat işleri ba¬radaky sud kollegiýasyna özüniň delillerini ýazmaça ýetiripdir. Ol haýyşnamanyň bir ekzemplýary suda hem gowşurylypdyr. Geliň, ol delilleriň käbirine garap geçeliň.
«Geçirilen sud-tehniki ekspertiza kanagatlanarly däl.
SSSR Ýokary sudunyň harby-kollegiýasynyň 1954-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda çykaran kesgitnamasynda hem-de SSSR-iň Baş prokurory protestinde Garryýewiň SSSR Ylymlar akademiýasynyň we sowet ýazyjylar soýuzynyň güýçleri bilen abraýly kwalifisirlenilen ekspertiza geçirmek baradaky talabynyň doly derejede esaslydygy görkezilipdir.
Şu, görkezme, harby kollegiýanyň kesgitnamasynda sanalyp geçilen beýleki görkezmelerem deslapky derňewde inkär edilipdir.
Professor, filologiýa ylymlarynyň doktory, TSSR YA-nyň habarçy agzasy B.Garryýewiň zähmetine we ylmy işine ylmy ekspertiza geçirmek üçin onuň özi bilen deň derejedäki ýa-da has ýokary kwalifikasiýadaky adamy çagyrmaly ekeni.
Häzir bolsa ekspertiza ylymlaryň kandidatlary, ýaş spesialistlerden düzülipdir. Olaryň köpüsi 1953 – 1955-nji ýyllarda ylmy dereje alypdyrlar.
Ekspertleriň ýekejesi-de türkmen edebiýaty we eposy boýunça spesialist däl.
Ekspertiza bellenilende, Garryýewe ekspertleriň hataryna goşmaça öz tekliplerini aýtmaga hukugynyň bardygy düşündirilipdir Şol hukukdan peýdalanyp, Garryýew TSSR Ylymlar akademiýasynyň, hormatly agzasy, professor Bertelsiň,  professor Gordlewskiniň we sowet ýazyjylary soýuzynyň agzasy Sannikowyň, adyny tutupdyr.
Bu kanuny haýyşnama ýeterlik esas bolmasa-da kanagatlandyrylmandyr.
Garryýewiň haýyşyna garşy çykmak bilen, sülçi pro¬fessor Bertelsiň haýsydyr, bir ýalňyşyna salgylanyp, onuň, abraýyna şikest ýetirmegi ýerlikli hasap edipdir. Garryýew doktorlyk dissertasiýasyny goranda, onuň opponenti bolandygyna görä professor Gordlowskini hem goşmandyrlar. (Işiň materiallaryna görä Magtymguly şahyryň döredijiligi baradaky bu dissertasiýa hiç hili şübhe bildirilmese-de), moskwaly şahyr Sannikow hem ekspertleriň hataryna girizilmändir, sebäbi sowet ýazyjylar soýuzynyň Türkmenistan respublikan bölüminiň işgärleri barlanylýan meselelerde Sannikowyň, kompetentliligi ýeterlik däl diýip yglan edipdirler.
Ekspertiza awtory Garryýew bolan eserler, özi-de häsiýeti boýunça antisowet ýykgynçylyk etmäge ýa-da sowet döwletini agdarmaga gönükdirilen eserler barada öz netijesini çykarmaly ekeni. Şunuň ýaly eserler ýüze çykarylan halatynda, günäkärlenýäniň bu antisowet, kontrrewolýusion edebiýatlary neneňsi ýol bilen köpeldendigini we ýaýradandygyny anyklamak gerek.
Ekspertiza awtory Garryýew bolan eserleri öwrenmäge we bu işlerde antisowet zatlaryň bardygy ýa-da ýokdugy barada netije çykarmaga derek, halk eposyna, dessanlara, dürli awtorlaryň romanlaryna we ş.m. eserlere resenziýa hem-de edebi-syýasy baha beripdir. Garryýew olaryň awtory däl ahyryn.
Ekspertiza «Gorkut ata» eposynyň çap edilmegini (?) Garryýewiň günäsiniň hataryna goşýar. Bu eseriň halka garşydygy barada ekspertleriň gelen netijesine garşy çykmaga mende esas ýok. Ýöne XI – XII asyrlara degişli bu eseriň awtorynyň Garryýew däldigi jedelsizdir.
«Gorkut ata» 1945-nji ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilipdir. Garryýewiň oňa hiç hili dahyly ýok. Žurnaly hiç kim ýygnamandyr. Kitaphanada ony maňa päsgelçiliksiz berdiler. Menem ony suduň tanyş bolmagyna hödürleýärin. Garryýewe ýüklenýän günäler, iň arasynda «Gor¬kut ata» esasy kriminal eserdir.
«Saýat we Hemra» dessany 1945-nji ýylda «Türkmendöwletneşir» tarapyndan çapdan çykarylyp, ony N.Wolpina terjime edipdir. P.Skosyrew bolsa redaktirläpdir. Näme üçin bu neşiriň çap edilenligi sebäpli B.Garryýew jenaýata çekilmeli? «Türkmendöwletneşiriň» müdiriniň, Wolpinanyň we Skosyrýewiň näme üçin jogap bermeli däldigi düşnüksiz. Ekspertiza bu sowala jogap bermändir.
...Men bu sanawy dowam etdirip bilerdim. Ýöne ekspertizanyň çykaran netijeleriniň dogry! däldigini görkezmek üçin şularam ýeterlik hasaplaýarys.
Ekspertizanyň kriminal hasap edýän eserleriniň çap edilendigi üçin neşirýatçylaryň,   redartorlaryň, senzorlaryň, terjimeçileriň we beýlekileriň däl-de, Garryýewiň jenaýat jogapkärçiligine çekilýändiginiň sebäplerini eks¬pertiza we günäkärleýänler esaslandyrmaly ekeniler.
Ekspertizanyň kemçilikleri maňa aýdyň görünýär.
SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasy öz kesgitnamasynda delilli subutnama hökmünde Garryýewiň derňew tarapyndan antisowet hasaplanylýan eserlerini işiň gapdalyna çatmagyň zerurdygy anyk görkezilipdir.
Bu görkezme ýerine ýetirilmändir. Täzeden derňew geçirilende, şeýle eserler ýüze çykarylsa, şolar ýaly eserleri umumylaşdyrmak hökman. Şol bir wagtyň özünde ol eserleriň nähili çap edilendigini, kimiň şol eserleri goýbermäge gol çekendigini, neşirýatyň planlarynyň kim tarapyndan tassyklanylandygyny, redaktorynyň kimdigini we ş.m. görkezmeli hem-de olaryň jogapkärçiligi baradaky meseläni çözmeli.
Şu beýan edilen esaslandyrmalara, daýanyp, işi täzeden derňew geçirmäge ibermegi haýyş edýär»
Emma aklawjynyň sözi ýer almandyr. Sud B.A.Garryýewiç emlägini konfisklemek, 4 ýyllap hukuklaryny kesmek bilen, on ýyl azatlykdan mahrum etmek barada höküm çykarypdyr.
SSR Soýuzynyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýazan protesti esasynda Türkmenistan SSR Ýokary Sudunyň prezidiumy bu meselä garapdyr. Protestde B.A.Garryýewe bildirilen günäleriň subut bolmaýandygyna görä jenaýat işini togtatmak bilen TSSR Ýokary sudunyň, hökümini ýatyrmak ba¬rada mesele goýulýar. Türkmenistan SSR-niň prokurorynyň wezipesini ýerine ýetiriji respublikanyň Ýokary sudunyň Prezidiumynda eden dokladynda bu protesti kanagatlandyrmagy ýerlikli hasaplapdyr. Prezidium prokuroryň protestini kabul etmändir. Ýöne hökümi üýtgedipdir. Azatlykdan mahrum etmegiň möhleti 5 ýyla çenli kemeldilipdir. 1953-nji ýylyň 27-nji martynda «Günä geçmek» baradaky Permany ulanyp, sud edilendigini aýyrmak bilen, Baýmuhammet Atalyýewiç Garyýewi tussaglykdan boşadypdyr.
SSSR Ýokary sudunyň jenaýat işleri boýunça kollegiýasy I.T.Aksýonowyň başlyklyk etmeginde (çlenleri A. M. Owçinnikowa we H.Pirliýewa) B.A.Garryýewiň, işine seredip, 1956-njy ýylyň 18-nji awgustynda SSSR-iň Baş prokurorynyň, protestini doly kanagatlandyrypdyr.
Kollegiýa TSSR Ýokary sudunyň 1955-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky – 5-nji noýabryndaky hökümini we TSSR Ýokary sudunyň prezidiumynyň 1956-njy ýylyň 31-nji martyndaky kararyny ýatyrypdyr, jenaýat alamatlary ýokdugyna görä B.A.Garryýewiň işini önümçilikden togtatmak barada kesgitnama çykarypdyr.
Tussaglykdan boşap gelen professora Aşgabatdan iş bermändirler. Ol Moskwa gidipdir. Ol ýerde şäher saglygy saklaýyş bölüminiň ylmy-metodik stansiýasynda ylmy işgär bolýar. Uzak işlemän, SSSR YA-nyň Dünýä edebiýaty institutynda uly ylmy işgärlige geçýär. Partiýa hatarynda dikeldilýär 1964-nji ýylda Aşgabada çagyrylýar. TSSR YA-nyň Dil we edebiýat institutynyň direktory bolýar. Bir ýyldan akademiklige göterilýär. Ol ömrüniň ahyrky ýyllarynda Türkmen döwlet uniwersitetinde professorlyk etdi.
Mugallymyň soňky ýyllara çenli iňňän gizlin saklanylan işindäki dokumentleri gözden geçirip çykanyndan soňra, köp zatlar barada oýa çümenini, pikir öwürmäge başlanyny duýman galýarsyň. Nädip bu zatlar beýle bolduka? Gynansagam, biziň taryhymyzda şeýle döwür boldy.
Ol barada şeýleräk anekdot aýdýarlar: Türkmen intelligensiýasynyň iki sany wekili günortanyň jokrama yssysynda tirkeşip barýarkalar biri beýlekisine:
– Howanyň yssydygyny – diýipdir. Ýoldaşy onuň şugulçylykdan habarlydygyny guman edýän borly.
– Sowet howasyna at dakyp bilmeris – diýip jogap beripdir. Sülçi Leonidowyň 1953-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda we 23-nji fewralynda ýazan kararlary halkyň abraýly, çorba çykar ogullaryny gözenegiň aňyrsyna gabamak niýetleriniň uzakdandygyna şaýatlyk edýär. Ministrligiň derňew bölüminiň naçalnigi, döwlet howpsuzlygynyň podpolkownigi Kuznesowyň tassyklan ol kararlarynda köne ýazuw ýadygärliklerini ýygnamaga, halka ýetirmäge dahylly adamlaryň birgidenini, diňe bir olary hem däl, respublikany ozalky ýolbaşçylaryň hem ençemesini jenaýata çekmek barada material ýygnamak hakynda aýdylýar. Olaryň arasynda  A.Garryýewiň, M.Kösäýewiň, O.Abdalowyň işlerinde şaýat hökmünde görkezme berenleriňem ençemesi bar. Olaryň milletçilikli, antisowet hereketleri baradaky materiallary bölüp, howpsuzlyk ministrliginiň operatiw bölümlerine barlamaga ibermeli diýlip sülçiniň kararynda bellenilipdir.
Hawa, «antisowet milletçi» diýen ýarlyk ýelmenjek adamlaryň sany has artdyryljak ekeni. Sülçüniň ýazan kara¬rynda has irki döwürlerde respublikanyň halk komissarlar Sowetiniň başlygy bolan Hudaýbergenowyň, Türkmeniň atyň kellesi ýaly uly ýürekli ogly Şaja Batyrowyň hem familiýalary bar. Onsoň ýaýbaňlandyryljak bolan repressiýanyň möçberleri barada özüňiz pikir ediberiň. Hudaýbergenowam, Batyrow hem işlän döwürlerinde gadymy eposlaryň, ýazuw ýadygärlikleriniň tizräk çap edilip, ile ýaýradylmagy barada aladalanypdyrlar, kimedir birine görkezme beripdirler, bu işi çaltlandyrmagy talap edipdirler.
TKP MK-nyň birinji sekretary wezipesinden aýrylyp, Moskwada aspiranturada «okap ýören Şaja Batyrow «Gorkut ata» bilen baglanyşykly ýagdaýlardan habarly bolara çemeli. Men materiallaryň içinde onuň jany ýangynlyk bilen aýdan sözlerine gabat geldim. Ol Moskwada okap ýörkä «Türkmenler gemrişýärler» diýipdir.
«Türkmenler gemrişýärler». Ar-namysyny, ýoldaşyna, dostuna wepalylygy ähli zatdan belentde goýýan türkmen niredekä? Dogruçyllygy, islendik ýagdaýda-da diňe hak söze ten bermegi hemme zatdan ileri tutýan Türkmeniň ahlagy şeýle ownadymyka? Ýok, bu juda bir beýle-de däl. «Türkme¬nistan» gazetinde «52-nji nomerli order Mäti Kösäýewi tussag etmek üçin berlipdir» (1991-nji ýylyň apreli) diýen oçerk çap edilenden soň, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, M.Kösäýew barada kitap ýazan Allamyrat Esenow maňa şeýle wakany gürrüň berdi. Öňräk aradan çykan ýazyjylaryň birini Mäti aga bilen ýüzleşdiripdirler. Eli ýalaňaç sapançaly sülçiniň haýbat atmalaryna garamazdan, ol sesini çykarman oturypdyr. Şonda ýüzi-gözi çişen, ezýet çekendigi bildirip duran Mäti aga ýazyjynyň adyny tutup, «Talap edilýän zady diýiber. Ýogsam senem meniň günüme düşersiň. Menem kysmatda näme bolsa görerin» diýipdir. Ha¬wa Mäti aga aždarhanyň agzyndan birini-de bolsa alyp galmagy makul bilipdir. Bu mertlikden nyşan-dälmi? Bu waka barada A.Esenowa şol ýazyjynyň aýaly gürrüň beripdir.
Şaýatlaryň görkezmelerinde şeýle sözler bar: «Häzir esasy zat dessanlary, halk eposlaryny tizräk çap edip, hal¬ka ýaýratmak. Geljekde munuň üçin bizi gaty ýepbeklemekleri mümkin. Häzir ol eserleri kitap etmäge rugsat berilýär-kä, howlukmagymyz gerek Bu sözler B.Garryýewe degişli.
Antisowet işde aýyplap başlanlarynda bolsa profes¬sor B.Garryýew: «Biz öz işimizi etdik, indi ellerinden gelenini aýamasynlar, bala-çagalarymyz diri galsa bolany» diýipdir.
Bu-da mertlikden nyşan dälmidir?
Bu işdäki dokumentleriň ýene-de biri okyjylary gyzyklandyrsa gerek.
Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Po¬ligrafiýa senagaty, neşirýatlar we kitap söwdasy işleri baradaky uprawleniýäniň naçalniginiň 144-nji nomerli buýrugy 1951-nji ýylys 2-nji iýuly. Aşgabat şäheri. «Gorkut ata» kitaby hakynda TSSR Döwletneşiriniň redaksion sowetiniň mejlisin-de we Türkmenistan SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Poligrafiýa senagaty, neşirýatlar we kitap söwdasy işleri baradaky uprawleniýe tarapyndan geçirilen redaksion-neşirýat işgärleriniň maslahatynda «Prawda», «Literatur¬naýa gazeta» gazetleriniň tankydy çykyşlarynyň, şonuň ýaly-da «Gorkut ata» (düzüji M.Kösäýew, redaktor B.Garryýew) kitabynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy «Gorkut ata» kitabynyň halka garşy, reaksion, oguz taýpalarynyň ýokary gatlak wekilleriniň galtamançylykly durmuşyny beýan edýän, Sowet Soýuzynyň doganlyk halklarynyň arasynda milli aýrybaşgalygy ündeýän eserdigini görkezdi.
«Gorkut ata» kitabynyň golýazmasyny jemagat arasynda hem-de neşirýatyň redaksion sowetiniň mejlisinde ara alyp maslahatlaşmazdan, resenziýa berdirmezden SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmen filialynyň Taryh, dil we edebiýat institutyndan neşire kabul edip almak bilen TSSR Döwletneşiri gödek syýasy ýalňyşlyga ýol beripdir.
Diňe «Prawda» we «Literaturnaýa gazeta» gazetleriniň, tankydy çykyşlaryndan soň neşirýatyň ýolbaşçylary bu kitabyň golýazmasyny ara alyp maslahatlaşmaga goýupdyr, özi-de şol mahala çenli kitabyň ähli tiražy çapdan çykarylan ekeni.

BUÝURÝARYN

Her bir neşiriň golýazmasynyň üstünde işlemäge iňňän çynlakaý çemeleşmegi, edebiýata sowet halkyna keseki ideologiýany aralaşdyrmaga her hili synanyşyklaryň garşysyna aýgytly, barlyşyksyz göreş alyp barmagy kitap neşirýatlarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de ähli işgärlerinden talap etmeli.
«Neşirýatlaryň golýazmalaryň üstünde işlemeginde esasy wezipe edebiýatlary ýokary ideýa-syýasy, ylmy we çeperçilik derejede çapa taýýarlamakdyr, neşirýatlar özleriniň ähli işinde Kommunistik partiýanyň syýasatyny, edebiýatyň partiýalaýynlygy baradaky leninçilik-stalinçilik prinsipi goldanmaga borçludyrlar. (SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Başpoligrafneşir tarapyndan tassyklanylan golýazmalary neşire taýýarlamagyň instruksiýasyndan).
2. TSSR Döwletneşiriniň redaksion sowetiniň ideolo¬giýa taýdan zyýanly, halka garşy, reaksion eser hökmünde «Gorkut ata» kitabyny neşir etmegi togtatmak hakyndaky kararyny oňlamaly.
3. «Gorkut ata» kitabynyň tiražyny aýyrmaly. Ony çykarmaga edilen çykdajylaryň ählisini neşirýatyň çykdajylarynyň hasabyna goşmaly.
4. TSSR Uçpedgiziniň direktory ýol. Ç.Annarejebow or¬ta mekdebiň V, VI klaslarynyň türkmen edebiýaty boýunça 1951-nji ýylda neşir edilýän ähli okuw kitaplaryna gaýtadan seredip olardan «Gorkut ata» kitaby hakyndaky materiallary we bu kitapdan bölekleri aýyrmalydyr.
5. TSSR Uçpedgiziniň direktory ýol. Ç.Annarejebow türkmen edebiýaty boýunça geçen ýyllarda çap edilen okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny gaýtadan gözden geçirip, TSSR Magarif ministrligi bilen bilelikde «Gorkut ata» kitaby baradaky ähli materiallary we bu kitapdan bölekleriň ählisini olardan aýyrmalydyr, bu okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny düzedip, 1952-nji ýylda gaýtadan neşir etmek üçin çäreleri bellemelidir.
6. TSSR Döwletneşiri mundan beýläk TSSR Ylymlar akademiýasynyň institutlary tarapyndan çapa taýýarlanylan ähli epiki we folklor eserleriniň, golýazmalaryny diňe giňden ara alnyp maslahatlaşylandan we TSSR Ylymlar akademiýasynyň institutlary tarapyndan makullanylandan soň kabul etmelidir.
7. TSSR Döwletneşiri, TSSR Uçpedgizi Uprawleniýäniň neşirýatlar bölümi bilen bilelikde 1951-nji ýylyň awgustynda kitap çap etmek işinde ideologik ýoýulmalaryň garşysyna göreşmekde redaksion-neşirýat işgärleriniň wezipeleri meselesi boýunça ýazyjylaryň, ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda redaksion-neşirýat işgärleriniň giňişleýin maslahatynyň geçirilmegini taýýarlamalydyrlar.
8. Neşirýatlaryň direktorlary A.O.Mämmedow we Ç.Annarejebow redaksion sowetleriniň nobatdaky mejlislerinde, neşirýatlaryň işgärleriniň önümçilik maslahatlarynda «Golýazmalary neşire taýýarlamak baradaky instruksiýany» ara alyp maslahatlaşmalydyrlar.
Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Po¬ligrafiýa senagaty, neşirýatlar we kitap söwdasy işleri baradaky uprawleniýäniň naçalnigi
(M.Bunýatow).

BUÝRUKDAN GÖÇÜRME DOGRY: TSSR DHM-niň der¬ňew bölüminiň otdeleniýesiniň naçalniginiň orunbasary döwlet howpsuzlygynyň maýory
(Leonidow).

Göçürmäniň aşagyna Leonidow eli bilen şu dokumentiň asyl nusgasynyň Abdalow bilen Kösäýewiň arhiw-derňew işinde saklanylýandygyny ýazypdyr, goluny çekipdir we «1953-nji ýylyň 20-nji ýanwary» diýip sene goýupdyr. Howpsuzlyk ministrliginiň möhüri-de basylypdyr.
Nury Garryýew agasynyň şeýle jebir-süteme sezewar edilenine, tutuş maşgalalarynyň kulaklyga çekilip, itiň gününiň görkezilenine gynansa-da akademigiň diri galanyna şükür edýär. «Şol döwürde sürgün edilmedik, hor bolmadyk barmy? Tutulmadyk barmy? Ýenjilmedik barmy? Esasy zat sag-aman gaýdyp geldi, maşgalasyna gowuşdy» diýýär. Nury aga «Gorkut ata» bilen baglanyşykly buržuaz-milletçi diýlip adamlar garalanyp ugranda Azerbaýjanda bir akademigiň öz janyna kast edendiginem ýatlady.
...Wagt ähli ýaralary, ýürek ýarasyny-da bitirýän bolma¬ga çemeli. Nury Atalyýewiç Garryýew şuny hem gürrüň berdi Baýmuhammet Garryýew aradan çykmazynyň birki ýyl öň ýanynda bir gün işden keýplije gelipdir. «Çilimini kükedip hiňlenýärem» diýýär. Sebäbini soranda «Aý, ýolda Wolodýa daýy» bilen ýüz gram urduk» diýip, özüne sütem eden sülçiniň adyny tutupdyr. Hawa, ol ony bagyşlapdyr. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýleni.
Nury aga şonda ony birinji gezek keýpli halda görüpdirler. «Ýogsam känbir oturyp-turşup ýörmezdi. Öýüne barsaňam papiros çekişip, degişer-gülüşer-de, ýene-de öz işi bilendir. Moskwanyň eteginde ýaşaýarkagam, hemmeden ir turar. Daş-töweregi arassalap ýörendir. Bize-de: «Köp ýatýarsyňyz. Adamy adam, eden zähmetdir» diýerdi. Menem eger zähmet maýmyny adama öwren bolsa, eşek birmahal adam bolardy diýip degişerdim. Gözüniň ody alnan adam-da. «Häý, beýle diýme. Bu Engelse garşy bolýar» diýerdi.
Men Nury aga bilen hoşlaşyp gaýdanymda, mazaly garaňky gatlyşypdy. Gyş agşamynyň çigrek howasyndan dem alyp barşyma B.A.Garryýewiň işinde okap görenlerimi, Nury agadan eşidenlerimi serimde aýlaýaryn. Ýigriminji, otuzynjy ýyllarda baý, kulak diýip sürgün edilenleriň, ölüme buýrulanlaryň, zähmet-düzediş lagerlerinde şehit bolanlaryň ajy takdyry barada oýlanýaryn. Barlylar diýip, biziň respublikamyzdan ýok edilenleriň köpüsiniň dowarlarynyň sany 5 – 6 ýüze-de ýetmeýär ekeni. Bar dowarlary şonça ýüz däl-de, müňem ekeni-dä? Patyşa Russiýasynyň beýleki ülkelerindäki fabrikantlaryň, magdan känleriniň eýeleriniň baýlygy bilen deňeşdireniňde olar nämejikdir. Eýsem 5 – 10 müň dowara şol fabrikleriň birini berip gurup bolarmydyka?
Hakydamda bolsa Amerikan biznesmenleri barada golaýda okan kitabyndaky setirler aýlanýar: «Jemgyýet we döwlet onlarça million telekeçi adamlaryň – bularyň milletiň özboluşly «altyn fondudygyny» unutmaýarlar we halkyň telekeçilik ruhunyň, hiç mahal tükenmezligi üçin ähli zatlary edýärler». (S.Žiznin, W.Krupnow. Nädip biznesmen bolmaly. Amerikan tejribesi. Minsk, 1990ý. 6 sah.) Bu sözler kitabyň sahabyna-da çykarylypdyr. Hawa, bu gün¬ki gün biziň, ösen, siwilizlenen ýurtlar diýip gözügidijilik bilen seredýän ýurtlarymyzda milletiň «altyn fonduna», ýagny telekeçilere, barly adamlara maýadarlara, biznesmenlere iňňän aýawly, gadyr-gymmatly garamak, sarpa goýmak arkaly şu günki derejä ýetdiler. Biz bolsa olary rehimsizlik bilen ýok etdik, lagerlere iberdik, sürgüne ugratdyk. Indi ýetmiş ýyldan soňam hususy eýeçiligi kanunlaşdyrýarys. Döwletiň, eýeçiliginiň, ähli formalaryny, şol sanda hususy eýeçiligi hem deň derejede goraýandygyny jar edýäris.
Nury Garryýew hiç mahalam özüniň awtobiografiýasynda, beýleki dokumentlerde kulagyň çagasy hökmünde sürgünde bolandygyny ýazmandygyny aýdýar: «Beýle etmek öz aýagyndan özüň palta urmak boljakdy. Kimdir belediň, biri şugullamasa, goluny goýub-u-goýman aýagyndan ýazmasa, adyňy tutýan ýok. Ýazyp-pozup, şugullap gün berenoklar». Men çigrek howadan işdämen demime dartyp barşyma bu barada oýlanýaryn. Gulagymda bolsa Şaja Batyrowyň, «Türkmenler gemrişýärler» diýen sözleri ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur... .

1992 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumageldi Hommatdurdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Mahymm   [Mowzuga geç]
Türkmene türkmenden uly ýagy ýok.

0
1 Mahymm   [Mowzuga geç]
"Gulagymda bolsa Şaja Batyrowyň, «Türkmenler gemrişýärler» diýen sözleri ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur..."
Wah, türkmenler, türkmenler. Häzir az gemrişýäñizmi? sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: