14:17
Uzak-uzak ýyllar - 11/ romanyñ soñy
7.

Ilaman üçin dagyň howasy ähli kesellerden sabadýan derman boldy. Onuň işledigiçe işläsi, iýdigiçe iýesi gelýärdi. Ol ýadamany, ýaltanmany bilmeýärdi. Gündiz işläp, gijesine desse çekmeli bolanda-da ol döwtalap bolýardy.
– Aý, oglan, sen dessäni azrak göter, bu wagt bilmeseňem, soň maýyp bolaňsoň puşman edersiň –diýip, Sapar brigadir oňa her gün diýen ýaly ýatladýardy.
Ilaman welin gaýta möwç alýardy. Ol işden ýadamaýardy. Il oturyp dynç alanda-da, ol işläp ýördi. Onuň işläsi gelýärdi. Öňküdenem köp işläsi gelýärdi. Üzümgül daýzasynyň beren gürrüňlerini, milisiýanyň naçalniginiň mylaýymlygyny her gün, her sagat ýatlaýardy. Ol şol mähriban zatlaryň derejesinden pes işlemejek bolýardy. Ilki oňa: «Haý, milisgelerem gutarypdyr, haw, şuňa-da şol sagady peşgeş berýärler, bu bir iýen çöregini ödänok ahyry» diýiläýjek ýalydy. Onsoňam ol indi ýeke däldi. Üzümgül daýzasy bardy. «Aý, Üzümgülem işini gutaran, şu işýakmaza dagam hossar çykyp...» diýdirmeli däldi. Ol ilki şonuň üçin işledi. Soňra bolsa bileklerine, dyzlaryna kuwwat gelip başlady. Ol indi işlemän biljek däldi. Ol indi öňki işleýşinden pes işlese: «Haý-haý, pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli diýenleri-dä, Illi hanam ilk-ä bir darsdabansyran boldy, indem tüweleme. süriniň yzyna eýgerip bilse bolany...» diýjek tapyljakdy. Şonuň üçin ol güýjüni gaýgyrmaýardy.
Oňa gurbat berýän başga bir güýç hem bardy. Olam Ogultäçdi. Ogultäç ony görende mylaýym ýylgyrýardy. Mähriban garaýyş bilen «Arma!» diýýärdi. Ol kä gün bäş-on gezek «Arma!» diýýärdi. Kä gün ondanam köp diýýärdi. Ilamany ýadatmaýan, ardyrtmaýan güýç şol bolmagy hem mümkindi.
Ilaman adamlaryň ýanynda onuň ýüzüne-de garap bilmeýärdi. Emma bu gyzyň balkyldap duran göreçleri welin hemişe Ilaman bilendi. Bu göreçler her gün bir täsin reňk bilen nurlanýardy. Ol hem Ilaman üçin uly güýçdi, uly kuwwatdy.
Ol daga ilki gelende bir zatdan erbet çekinipdi. Adamlar «Oraz şyhy Illi tutdurypdyr. Bu adamlaryň derdinden işana-hoja-da gün boljak däl-ow» – diýerler öýtdi. Emma milisionerleriň ulusy, Anna başlyk bu ýerde ýygnak edenden soň, adamlar Ilamandan minnetdar boldular. «Ol biziň döwletimize, ilimize dänim, kast edipdir. Kast eden, pest bolar. Siziň dänim adyňyzdan, onsoň dänim öz adymdan Oraz şyhy tutmaga goldaw beren Ilaman Kerwen ogluna minnet- darlyk aýdýan». Bu sözleri adamlar hem ýadyndan çykarmasa çykarmaz welin, Ilamanyň-a ýüregine ömürlik nagyş bolar.
Güýz öz hökmüni ýöredip başlapdy. Dagyň başy agşamlaryna ir sowaýardy. Ertirine bolsa guşluga çenli gün gyzmaýardy. Indi ormaly meýdan barha azaldy. Adamlaryň bar ünsi işdi.
Oba gidýän-gelýän ýok diýen ýalydy. Dogry, harmandan gidip gelýän bardy. Olar hem orakçylardan ep-esli uzaklykda bolýardylar.
Bu durmuş adamlaryň ýüregine düşen borly. Guşluk çaýa çykylanda Sapar brigadir degşen bolup söz atdy.
– A gyz diýýän-ä, ärimiz puronda gitdi diýsek, özümiziňkem-ä oň bolmady, gyz...
Aýallar gülüşdiler.
– A gyz, howwa-la, gyz. Äriň oba gelip: «wah, heleýjigim haçan purantdan gelerkä» diýip garaşyp oturan bolsa bildiňmi? – Tagy gelniň çyny bilen aýdanyny aýallar gülki bilen kabul etdiler.
– Wah, ol-a, dagyň başymyş, ýeriň aňrybaşy bolsa-da, Durtjanmy, obada oturjak, ine gelmejekmi söwer ýar. Wah, gözden uçan garadag, seniň gujagyň ysam ýadymdan çykyp gidipdir, ysyňa döneýin, garadag – Sapar brigadir delminip ýola garady. Göwnüne bolmasa oba tarapdan onuň söwer ýary uçup-uçup geläýjek ýalydy.
– Wah, şo günlere ýetme-de barmyka, söwer ýar bilen tirsekleşip çaýlaşmagam barmyka, jan joralar? Bujagaz işler sil bolanda-da topugyma çykdy diýmen. Taýym aman gelse bolar. Oba-da bir gün ir barmasam, bir gün giç bararyn, ahyr soňunda nesibämde duşuşmak bolsa bolýa...
Gelinleriň hiç birinden ses çykmady. Her kim öz hyýalyny bozmajak bolup duran-duran ýerinden işe dargady.
Adamlar agşam goşa ir gaýtdylar. Sebäbi dagyň üstündäki tagtalaryň bugdaýy orlup, daşalyp gutarylypdy. Indi harmanyň gapdalyndaky käliň bugdaýy galypdy. Olam çynyňy etseň iküç güne çekjekdi.
Adamlaryň süňňi ýeňläpdi. Her kim obanyň howa- syndan dem alýardy. Her kim indi oba ýatlamasy bilen ýatýardy. Şonuň üçin dag ýeriniňem, çaýyň-çöregiňem gyzygy gaçan ýalydy. Her kimiň pikiri käliň bugdaýyny çaltrak gutaryp, oba gaýtmakdy.
– Irräk gaýdalyň, bagtymyza agşam aý dogsa, birsalym oraga çykarys. Indi näme galypdyr...
Sapar brigadiriň mesaýy gürrüňini hiç kim eşitmeýän ýalydy. Sebäbi adamlar dynç alýardylar. Geçen gazaply üç ýyl olara ýöräp barýarkaň dynç almagy, ukyňy almagy öwredipdi. Sähel begenç olaryň goltugyndan göterýärdi. Sähel mümkinçilik olar üçin giňelmegiň çeşmesi bolup bilýärdi.
Hiç kim sesini çykaranokdy. Orulan meýdanyň sypalyna çalnyp çykýan aýakgap sesleri olaryň ýöräp barýandygyny aňladýardy; Her kim bu sesden dynç alýardy. Bu günki sagat ýarymlyk boş wagt uly baýlykdy.
Adamlar goşa golaý gelenlerinde keýerişip durdular. Goşuň bäri gapdalyndaky ýatakda Durdy ýasawulyň ýabysy durdy.
– A gyz, Durdy aganyň ýabysy...
Tagy gelin gulpagyny tasadyp ýören gyzjagaz ýaly bolup, kötel aşaga ylgady. Ol barybam ýabynyň boýnuna ýapyşdy. Onuň çirkin sesi goşa gelensoňam ýatmady.
Ýabyny Sabyr aga münüp gelipdir. Onuň aýaly aşpezdi. Ol aýalyň tüňçeleriň, gazanyň aralygynda emelsizje ýorgalap ýörşi adamsynyň gelenine begenýändigini aňladýardy.
Sabyr aga adamlary görüp ýerinden turup «amanlykmy, saglykmy» diýýärdi.
Ol Tagy gelniň bolşuny kän bir halmady. Onsuzam ol Durdy ýasawulyň ýerine geçirenlerine näme etjegini bilmän ýördi. Ýasawulçylykda at üstünden düşmän günüňi geçirmelidi.
«At meniň nirede gören zadym-aý, eşege zordan münýän. Walla, bu zatlary Durda berseň, ol haw, atyň üstünde eneden dogan ýaly-la» – diýip onuň-munuň ýanynda kän zeýrenýärdi. Onuň iň halamadyk zady, ol haty oňa, munuň habaryny muňa eltmekdi. «Indi şu heleýleriňem gyjalatyny çekmeli bolsam-a, bar onsoň işiňi tapdyň, Sabyr...» – diýip käýinýärdi.
Tagy gelin agasynyň atyny görüp, Durdy ýasawuly ýatlap aglaýardy. Ol goýar ýerde goýmady. Onuň jyňňyldaýan sesine brigadir ylgap geldi.
– Sabyr agajan, erkek adamsyň, haý-küş etmeseň Tagy tutuş goşumyzy ýashana dönderjek-le...
Sabyr aga ýerinden gazaply turdy. Ol duran ýerinden gygyryp başlady.
– Näm-ä şumjarýaň, gelin? Näme bu ýer ýashanamy? Sen gowja bol. Ozalam gaharym, arym, namysym içime syganok. Hana, ärini urşa iberip, Akga brigat bilen bolup, indem yraýona metgi bolana janym ýanýar. Han-ha, özüni saklamady, ahyram arkasyna bäş ýyl aldy. Ol kemakyl birgada-da alty ýyl berdirdi. Şolar aglasyn.
Durdy ýasawul öýünde ölüp, dulunda süýndi. Hemmämiz ölmeli. Yzy ýarasyn. Galanlarnyň ömri uzagyndan bolsun. Oňa berilmedik bala-çagasyna berilsin...
Aýallar seslerini goýdular, Indi diňe ýaşulynyň namaz okaýan ýaly, şaňňy sesi eşidilýärdi. Onuň manysyny hiç kimiň beýnisi çigitlemeýärdi. Her kim: «Hana, ärini urşa iberip, Akga brigat bilen bolup, indem yraýona metgi bolana janym ýanýa. Han-ha, özüni saklaman bäş ýyl aldy. Ol kemakyl birgada-da alty ýyl berdiler» diýen sözlerden aňry geçip bilenokdy. Bu sözleriň manysy beýnilere bent bolup, indem hiç manyny kabul edenokdy.
– Sabyr aga, ol näme gürrüň boldy. Ala dagyň başynda zatdan habarymyz ýok, biziň...
Sabyr aga aýallaryň ünsüni özüne çekenine monça bolup, hasam azymly gygyrdy.
– Hawwa, hawa. Özüm şaýat diýenime. Men süýdüň peket gatnadýany boldum-ow. Ýogsa, mundan üç gün öň gelmel-ä men. Gideýin, hatym, petegim, ýatyr diýsem: «Aý, ýok, süýdi bir ýaňalyk etmän gitme» diýip durlar. Aý, ilkä, «aýyplowjy bol» diýdiler. Ýok diýdim. Aý, adam üýş-dä. «Özüm etdim» diýýä. «Ýalňyşdym» diýýä. Ol sary içýan-a. Ol haramzada-da «özi günüme goýmady, meni boşadyň» diýip zörledip otyr. Onsoň, oňa «Sen purantçynyň maşgalasyny horladyň, golhozyň emlägine el urduň» diýip, alty ýyl gazamat etmeli diýdiler. Oňa-da, aý, howwa-da, oňa-da bäş ýyl gazamat bolmaly diýdiler... Süýt, gatyk gutaransoň, zordan sypyp gaýtdym.
Ilaman gürrüňiň soňuna ýetişdi. Ýöne gepiň näme hakynda barýandygyna düşündi. Şonuň üçinem gelen yzyna bakan, baýryň aňyrsyna bakan ylgady.
– Haý-haý, oglan. D-u-ur. Men seniň üçin yraýondan geldim. Häk, gel bäri...
Ýany baýryň depesine çykyp başlan oglan, yzyna göwünsiz gaýtdy. Onuň beýnisi «Näme bolduka?» diýen sowaly ýürege geçirdi.
– Me, köşek, ataňdan hat gelipdir, gözüň aýdyň.
Ilaman haty bagryna basdy.
«Köp dugaýy salam bolsun! – Köşegim, düýşüme köp girýärsiň. Amanlykmy, saglykmy? Il-gün, oba-gara, goňşy-golam, mal-başyň abatmydyr, köşek. Bizem duşmanyň haýyny-maýyny bermän, kowup barýarys.
– Nesip bolsa indi az galdy. Gaty az galdy, köşegim. Nätjek, il bilen gelipdir, il bilen gider, oglum.
Sen pikir etmegin, oglum, bize kyn bolýar diýip, bize hasam kyn. Hudaýym, paşist diýen belany adamzada görkezmesin.
Nebir ýigitleriň gül ýüzi soldy, nebir ýigitleriň nowçalygy talandy. Obalar, öýler, baglar, bakjalar barada gürrüňem etmäýin. Onsoň neneň ol haýynlary ýigrenmejek ahyry. Olary näçe gyrsaň az. Özler-ä gaçyp barýar, özlerem dünýäni küle öwrüp barýar.
Indi soňy geler, oglum, nesip bolsa öýe bararyn. Hiç haçan seniň ýanyňdan uzak gitmerin. Seni göresim gelip, ýüregim tütäberýär. Wah, meni senden aýran bu ganymlaryň damagyny çalyp, ganyny içmesem az görünýär.
Oglum, hiç zady gaýgy etmegin, oglanlyk etmegin, Üzümgül mollumyň, Ene gelnejeň, Sülgün gelnejeň bilen arkalaşgyn. Olar seni hor etmezler. Şu haty şolara hökman okatgyn.
Gyzym Üzümgül, Enemjan, gelnim Sülgün, köp dugaýy salam iberýän. Sizi hudaýa, Ilaman jany size tabşyrýaryn. Arkalaşyň, hor bolmaň. Nesip bolsa, ýeňiş bilen dolanaryn, şonda enşalla, siziň gadryňyzy bilerin, amanlykda, saglykda görşeliň. Gaýrat ediň. Mert boluň, enşalla bu günlerem bolmadyk ýaly bolar. Duşmanyň gabryny gazyp gidip barýarys. Ýeňiş indi gaty ýakyn geldi.
– Eý, oglum, Ilaman jan hoş sag bol, köşegim, gaýrat et...
– Eý, Ilaman, görýän welin, Kerwen aganyň seni göresi geleni çyn-ow. Ol häzir pulemýotyny süpürip oturyşyna maňa: «Haý onam ýazdyryp, hata saljakdym, aý, munam aýtjakdym» diýip hüňürdäp otyr. Özem edil Tura derýasynyň gyrajygynda. Beýlämizde-de Ukrainanyň Kobel şäheri seleňläp görünýär. Giden tokaýlyk, otluk. Kakaň bu ota biz «gyýak» diýýäris diýýä. Şu derýadan geçsek, onsoň Ukrainada nemis gelegurtlaryndan azat bolar. Enşalla, onsoň kakaň bilen nirdesiň gara dagym Türkmenistan diýip deperis gara magunyň biline.
Ilaman jan, sen meniň goşgularymy haladyňmy? Men ýene-de köp-köp goşgular ýazdym. Nesip bolsa, dädeň bilen barsam, saňa-da elin okap bererin.
Şu wagt saňa harmandan bir owuç iberýärin:

Tanklaryn penalap sansyz aldajy
Dakynşyp döşlerne demirden hajy,
Birimiz onundan alarys pajy,
Tur gerçekler, geldi urmaly pursat

Gorkym ýok haýyndan pil bolup eňse
Kerwen aga hem biz bermeris ýeňse,
Nälet okar ejem gaçanym bilse
Ber gerçekler jany bermeli pursat.

Düzdi Gurban otly çüýşe guşagna
Taýýar oklamaga tankyň aşagna
Nusga bolsun geljek nesliň uşagna
Ur gerçekler, geldi urmaly pursat...

Şu goşgyny düýn söweşden soň ýazdym. Göwnüňe ýarasa ýazgyn, indiki hatymda ýene-de goşgy ibererin.

Köp dogaýy salam bolsun,
Ilim-günüm aman bolsun,
Dişiň bitipdir köşegim,
Diý: «Gidenler aman gelsin».

Kerwen Ilaman oglunyň dilinden hem öz dilinden haty ýazan Gurban Çary ogly».
Ilaman güýzüň howasyna garylyp ýüregine aralaş- ýan ýakymly- hem-de gussaly duýgulardan ýaňa ýegşerlip otyrdy.
– Illi-u-u, aý-u, Ilaman, ýör-u-u, aý ýaşmanka gi- deli. Iller eýýäm bugdaýly käle ýetdi, ýör-u-uw – Sapar brigadiriň sesi ony ukudan oýaran ýaly boldy
Ol ylgap barşyna güýzüň saman bolup ýatan otlaryny şygyrdadyp barýan adamlaryň arasyna goşuldy.

■ SÖZSOŇY ÝERINE

Kyrk bäşiň bahary gutaryp barýardy. Kyrk birde ekilen agaçlar tümüstan – baglyga öwrülipdi. Uruş başlananda doglan bäbekler, indi oba arasynda ylgaşyp, uzak ýerlerden geljek adamlaryň söýünjisini buşlamaga ýarapdylar.
Geçen dört ýylda Çynarlynyň uruşdan öň saçagy bitin, döwletli öýleriniň ençemesiniň işigine otlar bitipdi. Uly ýollara birigýän birnäçe ýodajygyň indi nirede bolandygyny hem aýdyp boljak däldi.
Ýöne ol ýodalaryň Ilamanyň ýadyndan çykjak gümany ýok. Olar onuň gan damarlarydy. Şol ýodalar bilen onuň ýüregine gan barýardy. Oňa dirilik, ömür, berýän şol ýodalardy.
Ol «front erigiň» ýanyndaky käliň arpasyny orup ýörşüne häzirem gaýta-gaýta oba garşy garaýardy. Göwnüne bolmasa şol ýodalar oňa, bu ýerdenem, hatda gözüni ýumanda-da görünäýjek ýalydy. Ol ýodalary kimdir biri arçap ak kirşen ýaly edip goýaýjak ýalydy.
Oba adamlarynyň süňňi az-kem ýeňläpdi. Kyrk bäşinjiniň geçip barýan ýazy adamlara gaty köp peşgeş beripdi. Erikler, igdeler başyna gördi diýenleri bolupdy. Arpa-bugdaý gap tapsaň ýene-de artyp galjakdy. Ýöne ýygnap ýetişip bilseň bolanydy.
«Dagyň düme bugdaýam bolsady ekilen ýaly bolupdyr» diýip gürrüň edýärdiler. Adamlaryň süňňüni ýene-de bir ýeňledýän zat: Anna aganyň: «Gaýrat ediň, indi dänim gaty az galdy, juda az galdy. Nesip bolsa bu gün erte bir ýerden «Uruş ýatdy» diýen gep çykar» diýmesidi. Günortan arakesmede tutuş kolhoz bolup üýşüşip okalýan gazetler hem biziň goşunlarymyzyň Berline ýetip barýandyklaryny uly buýsanç bilen beýan edýärdiler. Adamlar umyt bilen ýatyp, umyt bilen turýardylar.
Her kim ýatanda-da «geler», turanda-da «geler» diýen arzuw bilen ýaşaýardy. Her kimiň bu kyn günleriň pellehanasyna basym ýetesi gelýärdi. Her kimiň arzuwly didara ýetesi, şondan ganasy gelýärdi. Ol günler bolsa şeýle ýakyn gelipdi. Ýene-de azajyk, azajyk gaýrat etmelidi. Güýç, gaýrat welin azalypdy. Adamlar ýadapdylar.
Ilaman hem ýadapdy. Ýyllar onuň süňňüne galdowlyk guýupdy. Süýri ýüzi, kak çekgeleri, pakgyrak gulaklary, gamgynrak gözleri ony hasam hor, ýadaw görkezýärdi.
Ýöne ol zol-zol oba garşy garanjaklaýar diýäýmeseň, ýadawlygy duýmaýan ýaly bolup işleýärdi. Oňa tükeniksiz gaýrat gelipdi. Bu gaýrat iň soňky gaýrata meňzemeýärdi. Güýjüni iň soňky tijemesine meňzemeýärdi.
– Geliň-u, gyzlar, suw içseňiz-u – Sapar brigadir hem eline bir tüňçe alyp durşuna uly ili bilen gygyrdy. – Geliň içjek bolsaňyz-a, çeşmäniň suwundan içjek diýişip, meniň başyma, indem gana dönderdiňiz-ä...
Aýallar oňa tarap ugradylar.
– Ill-u-uw, gel oglan, senem bir owurt iç, beýtme-de biliňi ýaz ahyryn senem – Ilaman oragyny boglan dessä gysdyryp, aýallara bakan ugrady.
Aýallar guşaklaryndan çörek çykaryşyp, çiliň üstünde oturyşlaryna, gürrüňleşip çörek iýýärdi- ler.
Ilaman suw içdi. Şu ýyl gözi arçalan çeşmäniň suwy sowukdy, gowudy. Ýöne ganyp içip boljak däldi.
– Me, şujagaz çöregem iý, täze baryň çöregidir – diýip, Tagy gelin oňa barmak ýaljak arpa çöregini uzatdy.
Ilaman töweregine göz aýlady. Töwerek gözetime ýetýänçä saralyp ýatyrdy. Töwerek giden arpa, bugdaýdy. Guşgursak däneler çalaja ygşyldaşyp, «meni tizräk ýygna» diýýän ýalydy.
El güýji azdy. Şonuň üçin gije-gündiz işlemelidi. Ilaman muňa ýagşy endik edipdi.
– A, gyz, hol Ene bar-a, şol gelipmiş diýýäler gyz – Tagy gelniň bu gepi diňe bir aýallary däl, Ilamanam diňşirgendirdi. – A gyz, endam jany ýara-ýaramyşyn. Şonuň üçinem gazamatdan gaýtarypmyşlar. Hakyt, Sabyr aga yraýonda görüpdir. Ilk-ä tanamajak bolupdyr. Soň özi salam beräýipdir. Onsoň tanapdyr. Öňki ýüzi-gözi tabak ýaly gelin, indi çybyga dönüpdir diýýä, gyz.
Ilaman ýerinden turup öz çägine baransoňam aýallar gybat edip otyrdylar. Ilamanyň welin eli işe barmaýardy. Ol dessä arkasyny berip oturdy. Soň ýene-de karar tapman, oruma başlady.
Agşam öýe gaýdyşlykda onuň aýagyndan daş asylan ýalydy. Bu günler onuň daýzasy Üzümgül Aşgabatda mugallymlar kursunda okaýardy. Şonuň üçin ol özleriniň öýünde bolýardy. Kolhozçylaryň kömegi bilen ol öýüň içini, daşyny suwapdy, gapysyny, penjiresini çalşyrypdy. Jaýyň depesine örülen gamyşdan duýaýmasaň, öýüň ot alanyny biljek gümanyň ýokdy.
Ilaman gapyny açdy. Öý arassady. Üzümgül Aşgabada gitmänkä keçeleri, düşekleri kakyp, silkip, içerini gül ýaly edipdi. Ilamanam girende-çykanda aýal eliniň yzyny bozmajak bolup jan edýärdi.
Ylaýta-da, onuň bu tämizligi kakasyna görkezesi gelýärdi. Kim bilýär. Ol bu gün, erte bir ýerlerden çykaýsa bildiňmi? Ýöne bir ýyla golaý wagt bäri ondan hat gelmezligi oglany oda salýardy. Adamlar bolsa: «Biziňkiler Berline ýetipdirler» diýýärdiler. Ol urşuň gutararyna garaşýardy. Kakasynyň gaýdyp gelerine bolsa aýdyp, ýazyp beýan edip bolmajak derejede garaşýardy.
Kolhozyň sygyr çopany oňa sygrynyň hem, tüwesiniň hem şu ýyl guzlaýmagynyň mümkindigini aýdypdy. Duldaky bogdak ýarym bugdaý uny, bir bogdak däne – bu zatlar onuň üçin uly baýlykdy.
«Dädem geläýse-hä, gaty begener». Ilaman onuň üçin içerinem päkize saklaýardy. Ol Üzümgül daýzasynyň tikip beren täzeje eşiklerinem sandygyň üstünde, görner ýaljak edip epläp goýupdy. «Dädem gelende görüp begensin...»
Ilaman gapydaky ojakda gara tüňçäni oturtdy. Aşagyna uludan ot ýakyp, galan suwlary işige sepeleşdirdi. Sübse alyp, işigi süpürişdirip, artykmaç keçeleriň birini ýazdy, ýüküň üstündäki ýassyklaryň birini alyp, keçäniň üstüne atdy. Soň çäýnege böwürsleniň guran ýapragyny atdy. Bu düzgüni oňa Üzümgül daýzasy öwredipdi. Ol:
«Ertir, agşam ojakda ot ýakgyn, işigi suwlap, süpürip keçe at, saçak ýaz. Päkizeje bolgun, içerini, üst-başyňy gül ýaljak saklagyn, adam diňe iş bilen başyna gaý bolman, arassa-da, päkize-de bolmalydyr. Ýigit oglan özünn oňarman ýörse halanýan däldir» – diýip, Ilamanyň gulagyna guýupdy. Ilaman şondan bäri bu düzgünini goýmaýardy. Göwnüne bolmasa kakasy hem bir ýerlerden seredip duran ýalydy. «Berekella, köşegim» diýäýjek ýalydy.
Ol çaý demlendi. Ýöne hiç işdäsi ýokdy. Agşamyň salkynlygy, bossanlykdan akyp gelýän salkynjak akym onuň süňňüni agraldýardy. Ukynyň süýji tolkunlary onuň bedenine aralaşýardy. Ol çäýnegi gyra süýşürip, başyny ýassyga goýdy.
Kimdir biri ony gaty-gaty silterlän ýaly boldy. Tanyş ses onuň adyny tutan ýaly boldy. Ol gözüni açanda ýarygijäniň garaňkylygyndan başga zady görmedi. Ony ýene-de bir geň galdyran zat, keçäniň aýaguç tarapyndaky garady. Asmandan gözlerini çerreldişip seredýän ýyldyzlaram onuň ýüzüni ýagtyldyp bilenokdy.
– Illi jan, tanamadyňmy, dünýäm. Men Ene, Ene gelnejeň...
Ilamanyň ýüregi ynjyly sanjyp gitdi. Häzir kakasynyň ýazan salam haty onuň ýadyna düşdi. Ýöne sesini çykarmady. Dogrusyny aýtsaň ol häzir gepläbem biljek däldi. Näme geplejek, eýsem, näme sorajak.
– Ukudan açyl, dünýäm, seni birje göreýin diýip geldim. Häzir turjak men...
Ilaman tarsa ýerinden galdy. Çäýnege ýapyşdy.
– Ine, çaý bar, iç...
Çaý sowapdy. Bu çaýyň sowandygy çäýnekden şyrlap akyşyndan bellidi. Ene özüne uzan käsäni alyp owurtlady, soňam uzyn-uzyn üsgürdi. Ol üsgürmesiniň arasynda ynjyly zeýrendi. – Wah, wah, ýene başlady, wah. – Ol käsäni ýerde goýup süňňüni sarsdyryp üsgürdi. Az-kem köşeşensoň ýene-de başlady.
– Wah, arkadagym Ilaman, başyma agyr-agyr işler düşdi.
Ol ýene-de agyr-agyr üsgürdi.
– Sen, dünýäm hemmesini gördüň. Meniň ähli azgynçylygymy gördüň. Meniň o dünýäm, bu dünýäm beklendi. Diňe ölüm meni myradyma ýetirip biler, didäm...
– Ine indem uruş ýatjakmyş. Gidenler geler, hökman geler, meniň ýeke arzuwym şolar gelmänkä guma garylaýyn. Geler olar, ýüregim syzyp dur, syzyp dur. Goçaklam geler. Men onuň mertebesini saklap bilmedim – Ene ep-esli salym geplemedi. Soň gyryljyk agyly sesi bilen başlady – Onuň gül ýüzüne gara getirdim. Ýöne meniň üçin başyny aşak salyp gezmesin. Hudaýym, bagty açyk bolsun...
Ilamanyň gözüne ýaş aýlandy. Misli Goçakly alynda durup, Eneden gazap bilen jogap soraýan ýaly boldy. Emma Goçakly ýokdy.
– Ene gelneje, nähili beýle bolýar ahyry? Ýa ejeň günüňe goýmadymy?
Ene ellerini ýüzüne tutup, kellesini iki dyzyna goýup, ýumak ýaly bolup oturyşyna iňledi.
– Wah, Illi jan, men ili günälemäýin, günä özümde, özümde...
Ilaman hiç zada düşünmedi. Ol Meretgülüň, Akganyň oňa beren horluklaryny görmese-de, duýupdy ahyry. Ol indi näme üçin olary garalamaýarka?
– Illi jan, men turaýyn, didäm. Ne ýüzüm bilen geldim seniň ýanyňa. Seniňem derdiňi gorjadym. Wah, gaýtmasamam, seni birje gör, gör diýip, göwnüm küýsedi durdy. Razy bol, dogan. Garyp biçäräni ýamanlykda ýatlama – Ene sakyndy. Ol hyklap Ilamana golaý geldi. Soň özi bilen boýdaş bolup duran hor göwräni bagryna basdy.
– Sen, dünýäm, Goçakla aýt, goý, meniň bilen deň bolmasyn. Garyp naçaryň günäsini ötsün.
Ilamanyň burnuna dermanyň ýiti, dymyljak ysy urdy. Ol Enäniň kükreginden tä bokurdagyna çenli ak hasa bilen daňylgydygyny gördi.
– Wah, endam-janym çüýräp barýar, dogan, men gideýin...
Ol ysgynsyzja ýöräp, tümlüge tarap siňip gitdi. Ilaman oýalykda düýş görýän ýaly bolup doňup otyrdy. Ol bu uly hesretleriň näme üçin bolandygyny, nireden gelendigine düşünip bilmeýärdi. Onuň göwnüne ähli günäniň, açlygyň, betbagtçylygyň sebäpkäri Meretgül, Akga hem-de Oraz şyh ýalydy. Ol ähli betbagtçylygyň sebäpkäriniň uruşdygyna häzirem düşünenokdy.
Şol gijeden soň, dogry bäş gün ötüpdi. Heniz Enäniň janagyryly iňňildisi Ilamanyň gulagyndan gitmändi. Ol göwünsiz işleýärdi. Nähilidir bir agyry beýnisini penjeläp, şol gazap duran ýalydy. Ýüregi bulanyp, gulaklary kesilmän şaňlaýardy.
«Front erigiň» golaýyndaky käliň arpasy gutaryp barýardy.
Ilaman arpasy orlan meýdan bilen çeşmä tarap gönüläp gitdi. Onuň ýüregi gyzyp durdy. Çeşmäniň sowujak suwundan içse derdi dep bolaýjak ýalydy.
Ol käliň ortasyndan geçýän ýoluň ugry bilen gelýän arabany görüp saklandy. Arabany nätanyş adam sürüp gelýärdi. Onuň ýanynda ygala galan garantgy ýaly bolup Meretgül kempir otyrdy. Ol Ilamany görüp eňräp başlady.
Ilaman onuň eýgilige aglamaýandygyna düşündi. Araba duşundan geçenden soň, onuň üstünde ýorgana dolangy ýatanyň adamlygyny tanady. Ol yzyna öwrülmänkä orak orup ýörenler araba tarap ylgaşyp gaýtdylar. Iň öňünde Sapar brigadir bagryny paralap gelýärdi. Onuň:
– Naçar dogan Ene-eý, ne gün düşdi başyňa, naçar dogan Ene-leý, bizi ýetim goýduňmy – diýen ýürek paralaýjy nalasy uzaklara ýaýylyp gidýärdi.
Ilaman şondan soň nämäň nämedigine düşünip galdy. Emma araba tarap ylgamady. Ol gaty-gaty ýöräp çeşmä bakan gitdi.

* * *

Enäni jaýlan gününiň ertesi adamlaryň hemmesi kolhozyň kontoryna üýşdi. Adamlaryň hemmesiniň ýüzi salykdy. Aýtmaklaryna görä, häzir ýygnak bolup Oraz şyhyň meselesi boýunça anyklanan zatlar aýdyljakdy.
Ýygnak başlanar ýerde başlanokdy. Ýygnak geçirmeli adamlar gelip ýetenokdy. Hemmeleriň gözi araba ýoldady. Ilaman Ogultäjiň ýanjagazynda, kontoryň diwaryna arkasyny berip otyrdy. Ol gaýta-gaýta Ogultäje seredýärdi. Ogultäjem oňa enaýyja ýylgyryp garaýardy. Ol Ilamanyň hor ýüzünde, gamgyn gözlerin-de nähilidir bir hili mähribanlyk duýýardy. Şol düşnüksiz duýgy onuň ýüregini täsin ýagtylandyrýardy.
– Hana gelýärler – diýip, Tagy gelin tasanjyrap ýerinden turdy – Ir günümizi gijä goýdy. Bu wagta telim çaňňal orak orardyk gyz...
Hakykatdanam araba ýol bilen kimdir biri atyny uzyn salyp gelýärdi.
– Haý, Sabyr aga gelýär, eýgilik bolawersin – diýip, Sapar brigadir howsala bilen ýakasyna tüýkürdi.
Atly at gaýtarym ýerden düşnüksiz, düşnüksiz gygyrýardy. Onuň diňe sesi eşidilip, näme diýýänine hiç kim düşünmedi.
Ol märekäniň çetine gelip gyryk ses bilen gygyrdy:
– Adamlar, gözüňiz aýdyň, gözüňiz aýdyň, adamlar!..
– How, düşnükliräk aýtsana!
– Uruş ýatypdyr, uruş ýatypdyr, gözüňiz aýdyň adamlar!..
Adamlaryň bu wagtky aljyraňňylygyny ýazyp beýan eder ýaly däldi. Hemmeler ör turdular. Ogultäç Ilamanyň goşaryndan iki eli bilen ýapyşdy.
– Waý Illi, näme diýdi? Uruş ýatypdyr diýdimi? Waý, Illi, eşidýäňmi uruş ýatypdyr. – Ol Ilamana gysmyljyrady. Gözlerinden paýraýan damjalar Ilamanyň kükregini ezýärdi.
Ilaman özüni dürsemänkä, kontordan Anna aga ylgaşlap çykdy.
– Hany onuň dänim aýdýany näme? Kim aýdýa, bu hab...
Sabyr aga adamlaryň aljyraňňylygyny görüp, ogurlykda tutulan ýaly boldy. Ol birhili müzzerip mydyrdady.
– Yraýkom aýtdy, ähli yraýon miting edip, toý tutmaly – diýdi.
Anna aga ýaşulyny bagryna basdy. Soň nemlenen gözlerini uly ak ýaglygy bilen süpürdi.
– Taýhanlar, siziň hem prablininiň adyňyzdan, Sabyr aga, ýagşy habary üçin dänim, bir öweç baýrak bermeli. Sizem dänim, öýüňize gaýdyň, ýuwnup, ardynyp «Puront erigiň» aşagyna günortana gelmeli. Bu gün dänim, myradymyza ýetdik. Zalym gitler paşizminiň kellesini mynjyratdyk. Bu gün iş bolmaz. Bu gün toý edeliň.
Raýondan gelen adamlardan, kolhozçylardan ýaňa «Front erigiň» aşagy alma atsaň ýere düşjek däldi. Boldan bişirilen tagamly çorbanyň, süji ýarmanyn janyňa lezzet berýän ysy düýn-öňňünem juda garyp, gamgyn görnen meýdanlara akyp gidýärdi.
Adamlar diýseň şadyýandylar. Agşamara raýondan gelen bagşylar orta geçdiler. Olaryň hoşroý sesi bütin «Ynkylaby» hüwdüleýärdi.
Ilamanyň göwnüne bolmasa ýüregindäki gam-gussa syrylyp aýrylaýjak ýalydy. Emma ol näçe şatlanjak bolsa-da begenji ýüreginiň teýindäki gam-gussanyň duran ýerine ýetmeýärdi. Ol öýe ir gaýtdy.
Adamlaryň gülküsi Çynarla durman ýetýärdi. Ol öňki adatyna gör, daşaryny syryp, süpürip keçe atdy. Ojakda ot ýakyp, tüňçe goýdy. Soň kellesini ýassyga berdi.
«Uruş ýatypdyr». Ol bu begençli habary ýüregine, ganyna siňdiresi gelýärdi. Görülen jepalaryň, çekilen horluklaryň indi geçip gidendigini, gaýdyp hiç haçan gelmejekdigini özüne ynandyrasy gelýärdi.
Ýarygije dogan aý dünýäni gündizlige öwürdi. Ýarym ukuly ýatan oglanyň ýüregi duýdansyz ersip gitdi. Onuň gözleri şol mähriban gözlere, näçe ýyllap zar bolan, näçe ýyllap idän mähriban gözlerine sataşdy. Ol ýüregine ýeten süýjülige gark bolup pyşyrdady.
– Eje jan!
Aý dökülip duran tylla zülplerini Ilamanyň üstüne seçeläp oglany bagryna basdy.
– Illi jan, balam!
Ilaman ähli agyrylary, ynjylary boşap, ýelek ýaly ýeňil bedenini ejesiniň erkine berip, assaja pyşyrdady.
– Ejemjan, uruş ýatypdyr!
– Gözüň aýdyň, köşegim. Ylaýym, uruş diýen belanyň ady ýitsin.
– Eje jan, indi dädem janam geler, şeýle dälmi?
Ol ejesiniň ýüzüne inen gussany görüp tisgindi.
– Eje, eje dur. Sen nirä gidýäň, eje, jogap ber.
Ol bulutlara garylyp barýan aýy gördi. Göwnüne bolmasa aýyň ýüzünden oňa diňe bir däl-de, iki sany mähriban adamyň didary garap duran ýaly boldy.

■ E P I L O G

Asmandaky aý, ýyldyzlar, gijäniň goýy reňki säheriň tämizliginde eräp giden ýalydy. Indi oba elin aýasynda ýaly aýdyň görünýär.
Men gözüme ynanmadym. Eneleriň öýüniň gaýrasyndaky tutlugyň ýerinde owadan posýolok ýaýylyp, «front erigiň» gapdalyndaky käle çenli ýetýärdi. Biziň erigimiz obanyň günbatar çetinde eginlerini göge diräp otyrdy. Giden posýolok gara baga bürenipdir.
Gör, adam eliniň nähili gudraty bar. Şol döwürde ýene pylança ýyldan bu ýerler köşk ýaly jaýlardan dolar diýseler kim ynanardy.
Men çemedanymyň gulpuny pugta tutup, ýerimden turdum.
Indi nirä gitmeli? Meni aljyraňňylyk gurşap aldy. Dogrudanam, men kimiňkä barmaly?
Men bir wagtky howlymyzyň derwezesinde duranymy aňyp galdym. Ýüregimi bire baglap derwezäni kakdym. Ýene-de, ýene-de kakdym.
Arzygül, aý Arzym, bar kalitkany aç. Oba arasynda gapy kakyp durma bor ogşýan.
Ýüzi aý ýaly owadan, ýylgyrjaklap duran gyz işigi açdy. Ol meni gördi-de yzyna ylgady.
– Däde, aý däde, bir daýy gelipdir bize. Gelsene...
Kimdir biri hüňürdäp derwezä garşy gaýtdy. Ol gelşine «Kim aýt ol, kim» diýip bilesigelijilik bilen gyzyndan soraýardy.
Derweze açyldy. Başy köne papakly ýaşuly meniň ýüzüme jikgerip garady. Tanamady. Ol Goçaklydy.
– Salowmaleýkim.
– Maneýkim – Ol ep-esli dikanlap garady.
– Geliň, öýden oturyň.
Men artyk saklanyp bilmedim.
– Tanamadyňyzmy? – Ol meni boýdan başa ýene-de bir gezek synlady-da, ötünçli ýylgyrdy.
– Haý, bizde huş galdymaý. Hiç gözüm kesmedi. Aý, ine, tanşar ýöreris, entek gel bakaly.
Men Kerwen aganyň ogly...
Ol ters pyrlanyp, meni garsa gujaklady.
– Ýolamanjan!
– Ýok, Ilaman!
– Weý, Ilaman jan – Ol ep-esli öňe ýöräp, yzyna gaňryldy. – Haý, tüweleme, haý, berekella. Eýýäm giroýam bolaýdyňmy?
Ol meniň penjegimiň ýakasyndaky ýyldyza garady. Soň ony sypalap-sypalap gördi. – Giroý bolupsyň inim, tüweleme. – Ol çaga ýaly begençli gygyrdy.
– Arzygül, jan gyzym, Ýolaman dädeň geldi. Çaýyňa, çöregiňe seret, bala. Durdy jan, bar ejeň yzyndan karownige ylga, gelsin, Aşgabatdan myhman gelipdir diý, bar bala.
Ol birden yzyna öwrülip, derwezä ýetip barýan ogluna gygyrdy.
– Haý, dur entek. Dur, köpeý ogly. Nirä barýaň. Entek bäri gel. Dädeň bilen salamlaş.
On-onki ýaşly oglanjyk ýygralyk bilen salamlaşdy.
– Indi boldy. Bar, bir aýagyň karownikde, bir aýagyň şu ýerde bolsun.
Soň ol sekiniň üstündäki düşekleri düýrleşdirip ýörşüne ýene-de aljyraňňy gygyrdy.
– Arzygül! Arzy jan, çaýyňa seret, bala! Çaýyňy tizleşdir!
Ýaşulynyň begenýändigi bildirýärdi.
– Aý, menem, gara mal permesi. Bu gün tüwämiz guzlajak diýdiler. Hiç tanasy çykmady. Ýa ilkinji garnyna bolany üçin adamdan gysylýa. Aý, sen şuwat derwezäni kakdyňam gullady-da... Aý bolaýdy.
Ol birden bir möhüm zat ýadyna düşen ýaly alňasady.
– Haý, meniň kelläm gursun. Hany, sen geçsene. Wiý, nätdim-äý men. Wiý...
Düşege geçdim. Bir wagtky uly durmuşymyň şaýatnamalary bir-bir göz öňüme geldi. Hanha, erigimiz. Hana jaýjagazymyz. Hana, ojak ýeri, telär...
– Ýolamanjan, hany çaý iç.
Aňyrda sajy çäýnekde galan ýyly suw bilen çaýkap oturan gyz ýylgyrdy.
– Waý, dädemi. Ýöne Ýolaman diýip otyr. Onuň ady Ilaman-a.
Ýaşulynyň ýüzüne begenç ýylgyrmasy çaýyldy.
– Haý, gyzym senem-äý. Ýolaman boldy, Ilaman boldy, näme tapawudy bar. Bizi sylap gelipmi, maňa şo bes.
– Goçakly aga, tüweleme, gowy jaýa salypsyň!
Ýaşuly çaýyny agdardy.
– Aý, inim, ýeke jaý däl, tüweleme hemme zat gowy. Nesip edip, ýaşap bilseň heýç erbet zady ýok, durmuşyň. Galhoz dagy şeýle bir baý. Isleseň her synaňa-da bir jaý gurup berjekler.
Men çaý guýundym. Ýöne düýnden bäri ýüzüme suw degirmänim ýadyma düşdi.
– Men bir agzymy çaýkaýyn.
Ýaşuly ýeňillik bilen sekiden düşdi.
– El ýuwulýanda ýyljak suw bardyr. Görkezeýin.
Men ýuwnup oturyşyma sowal berdim.
– Köne adamlardan kim bar, başga...
Ýaşuly pössük plotensany iki eli bilen tutup durşuna mydyrdady.
– Bä, köne adam, köne adam... – Ol birden has dikgerdi. – Uruş döwründäkilermi? Aý, kän-le, köne adam.
Ol töwerege göz aýlady.
– Hol, Anna aga barda, şo ýyllar başlyk bolmadymy?! O pahyr-a birki ýyllykda ýogaldy. Ogly Gurbangulam uşgolyň direktory. Onsoň, başga kim bar aýt. Başga ýogammy?
Men Sapar brigadir bilen Tagy gelini soradym.
– Bäý, inim, gaty ýatkeş ekeniň. Geçen oduh, Sapar ogluny öýerdi. Şonda gördüm.
Men geň galdym.
– Ol durmuşa çykdymy?
– Aý, ýok. Olam, ýaňky Tagylyňam dekdomdan çaga alypdylar. Özlerem pensiýede.
– Sen kime öýlendiň?
Ýaşuly gaty geň galdy.
– Weh, şonam bileňokmy, oglan! Hol, uruş döwründe tokgaja gyz bar-a, Ogultäç diýip.
– Ogultäç?!
– Howwalaý. Aý, guma öz garyndaşlaryna çykarypdyrlar. Onsoň durmuşy bolmandyr. Onsoň menem sallah, o-da ýeke. Şeýdip, öýlendik oturyberdik.
Men elimi, aýagymy ýitiren ýaly boldum. Sekä tarap ugradym.
– Bujagaz gyz, ulujamyz. Başky ikije oglumyz durmady.
Şol wagt Durdujyk ylgaşlap geldi.
– Däde, aýtdym. Ejem häzir barýan diýdi.
Oglanjyk sekiniň gyrasynda oturyp maňa bir hoş habar aýtjak ýaly ýygryldy.
– Hol ýerde, däli bar-laý. Zordan geçdim. Özem ertir bilen aýdym aýdýar. Sülgün däli-leý...
Ýaşuly gazap bilen dyzyna galdy.
– Haý, haramzadanyň çagasy. Däli diýme diýip şunça aýtmadymmy saňa...
Ýüzi alnan oglanjyk turup gitdi.
– Hol, Sülgün-läý, Myratlyň gelni. Aklyndan azaşaýdy. Birküç ýyl garyndaşlary äkitdi. Ýene gelipdir. Kolhoz köşk ýaly jaý salyp berdi. Hol, ýokary başdan. Ýene-de şu harabada otyr, görgüli.
Meni nähilidir bir güýç ýerimden göterdi Köwşümiň bagyny daňman köçä çykdym. Soň ýagyş-ýagmyra sürüp, haraba dönen jaýa golaýladym. «Sülgün gelneje!» diýip, ulilim bilen gygyrjak boldum. Emma saklandym. Jaýdan ýürek paralaýjy owaz, şo-ol tanyş owaz gelýärdi. Men ony eşidip doňup galdym.

Uzak-uzag-a ýyllar-d-a
Taýyň galdy Nursoltan.
Uzak-uzag-eý illerde-eý
Daýyň galdy, Aýsoltan.

Uza-ga-uzag-a iller-de-eý
Ýarym galdy jan balam.
Uza-ga-uzag-a ýyllar-da
Arym galdy, jan balam.
Категория: Romanlar | Просмотров: 40 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: