10:33
Welli Walanyň wala-walalary / hekaýa
WELLI WALANYŇ WALA-WALALARY

Dogrusy...
Ata-enesiniň söýüp-sylap dakan ismi-hä Welmyratdy-la welin, soň il-gün ol juwanamerk getiren eýgörmüşiň adyny ilk-ä gysgaltdy. Soňam häsiýetine görä lakam ýelmäkge, ony “Welli Wala” öwürdiler oturyberdiler.
Olam munuň üçin hiç kesden öýke-kine etjegem bolup durmaýar.
Gaýta buýsanýarmy nämemi, edähetine eýerip, islendik zat barada “köpçülik-azçylyk” diýip durman, toý-ýasam beýlebir seljerjek bolman, özüne gulak gerýäni tapan ýerinde, şol wala-wala edip ýör.
Il içindäki ýeserlere-de näme, şol gerek.
Oýnatgy tapsalar, eşekleri ekiz guzlaýar.
Ýerli-ýerden gep oklaşan bolup, Welli Walany hasam öjükdirýärler.
Ýöne: “Däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek” diýlişi ýaly, Walanyň salajyn dilinden sypýan gepleriň arasynda maňzyňa bataýjagam ýok däl ýaly.
Ýöne bu aýdylanam, “Kim gaýkyny söýer, kim küýkini” diýlişi deý, her kimsäge birhili.
Kime Yssambyl, kimiň bolsa sygryna paçak.
Birewe many-maňyzly görünse, beýlekewe şetdaly.
Şonuň üçinem, Welli Walanyň wala-walalary ugurlymy, utgasyzmy – her bendäniň özi çözsün!
Biziňkä bir, nä, gören-eşidenimizi başardygymyzdan ýylmap-ýuwmarlap, birnemejik ýapa degrip, azak-tenegem bolsa tasa getiribräk, köpüň üýşen ýerinde gür berip oturmak.
Ondan galamasynam, özüňiz gowy bilýänsiňiz...

Zenanlar hakda

Welli Wala bir gün şeýle diýdi:
-Halaýyk! Bilýäňizlermi?! Hatynyň haýsy hilisi gowy?!
-Owadany!-diýip, biri gygyrdy.
Welli Wala: “juk” edip, başyny ýaýkady.
-Akyllysy!-diýip, oturanlaryň ýene-de biri seslendi.
-Juk!
-Edepli-ekramlysy!
-Juk!
-Mähirlisi!
-Ýo!
-Eli süýjüsi!
-Juk!
-Özi süýjüsi!
-Juk!
-Diplomlysy!
-Ýo!
-Eli çeper, hünärlisi!
-Juk!
-Ýaňra bolmasa!
-Ýo!
-Kakasy baý bolsa!
-Ýo!
-Kakasy wezipeli bolsa!
-Juk!
-Bir diýeniňi iki gaýtalanmaýan hilisi!
-Juk!
-Öýlenýän günüň kakasy eliňe “Toýota-kamriň” açaryny gysdyrýany!
-Ýo!
-Kakasy okuwa salýany!
-Ýo!
-Kakasy düşewüntlüje, nanlyja işe ýerleşdirýäni!
-Ýo!
-Her çagaň bolandan soň kakasy: “inji” diýip sygyr ýa-da “Ural” mottor sowgat berýäni!
-Ýo!
-Kakasy komerçiskiý dükan açyp berýäni!
-Juk!
-Onda nähilisi-how? Öte mön çaga tapmaça çözdürýän ýalaky edip, milleti kösäp oturman, özüňjik aýdyp oňaýsana, Welli jan!-diýip, ahbetin ýaşulularyň biri dillendi.
-Kowsaň-a jyňkyny çykarman, şumjaryp öteýdip, yz ýanyndan: “moh-moh” diýip çagyrsaňam, hiç zat bolmadyk ýaly ýylgyrjaklap, ýalym-ýulum edip, ýanyňa gelýäni!-diýdi-de, hilebir hakykaty aýan edýän dek epeý keşbe girip güberilen Welli Wala jogap berdi.

Satyjy gelin hakda

Welli Wala aýtdy:
-Arada bir gün bazara barsam, mes baýtal deýin bykynlary güberilip duran daýaw gelin, gözüňe sögeýin lowurdap duran alma satýar ekeni. Bärden ýylgyrjaklap barşyma: “Keýgim! Maňa-da berermiň?” diýdim welin, ol, birdenkä, sende ýok mende, gözüniň agyny köpeldip, ýüzüme jiňkerildi-de: “Ýit-ä ýok bol, garry haýran! Ak girse-de aň girmän geçen bihaýa diýsänim!” diýäkge, gaýa ýok gopuz ýok ýerinden jabjyndy goýberiberdi.
Näme üçin beýtdi?
Häzirem düşünemmok...

Karz hakda

Welli Wala aýtdy:
-Arada, ikinji oglumam duşaklamaň ugruna çykanymyzda, birnemejik karz almak niýeti bilen banka bardym.
Hudaýa şükür, nägile dä!
Ýaman garşylamadylar.
Edil Agaýunus perizadyň alys keştden dolanan Görogly soltany edişi kibi, at üstünden gujaklap, bagra basyp düşürmeselerem, garaz, isleseler-islemeseler, bolşuna görä güler ýüz-ä beren boldular.
Sähel salymlyk sowal-jogapdan soňra maňa karz almak üçin arza ýazdyrmaga oturdylar. Şonda-da jüýkje burnunyň üstünde äýnejigini piserdip oturan, elipden şermendäň biri maňa: “Agam, soraýan karzyň möçberini harp bilen ýaz!” diýen bolýa.
Onnoň menem ol körsowadyň göni garaçygyna dikiläkge: “Sen näme-how, sammykmyň-aý?! Ýa, diňe ýokary mekdeb-ä däl, eýsem-de bolsa orta mekdebiň birinji klasynam kakaň puluna gutardyňmy?! O nähili, san bilen ýazylýan zady harp bilen ýazjag-a?! Hä?!” diýdim-de, özüme pul bermezlik üçin göz-görtele bahana agtarýandyklaryna düşünip, o jelegaýlardan çykdym-da öteýtdim.
Nädipdirin?!
Oňarypdyrynmy?!
Welli Walany diňläp oturanlar ýerli-ýerden: “Daş edipsiň-de, paçak edipsiň” boluşdylar...

Hakyky erkek kişi hakda

Welli Wala aýtdy:
-Arada bir gün körpäm soraýa: “Däde, hakyky erkek kişi nähili bolmaly-aýt?! Hä?!” diýýä.
Menem munuň ýaly sowal berseler gözüm açylýan hilisinden.
Birjigem säginmän, eddiljek aýna seredip öz keşbimden göçürýän ýalaky edäkge, ýüzümiň ugruna sarnaşdyryp başladym:
“Bar aladasy maşgalasy bolup, öý-içerisini hor-zar etmezligiň ugrunda gije-gündiz gydyrdanyp ýören, öýüniň duly unly, saçagy nanly, mellegi ekinli, ýatagy mally, tamy hekli, tünegi tämiz, perzentleri sypaýy, özi salyhatly, işeňňir, ýekegepli, çagalarynyň edep-terbiýesine berk üns berýän, öz ýagşy häsiýetleri bilen balalaryna görüm-görelde görkezýän, mert, akylly, üşükli, ýiti, ederini bilýän edenli, elinden dür dökülýän, haýsy işiň başyna barsa-da gül pürkülene dönderýän, il içinde agyr ýüki abraý bolan erkek kişi hakykydyr!” diýsem, onda körpäm aýdýa: “Ejem ýalymy?!” diýýä...
Ýeri, muňa näme diýip, näme aýdarsyň?!
Hut guşuň gözüniňem garaçygyndan urýan jaýdar gepe, ýüzüňi ajan hamyra döndüribrägem bolsa: “Hawa” diýip myňňyldaýmakdan özge alajyň barmy diýsene?!
Dogry dämi, ýigitler?!
Welli Wala gulak pakgardyp oturanlar: “Hawa-da-hawa” bolşup, onuňkyny tassyklamaga howlukdylar...

Dowamy, nesip bolsa, bolar...(myka diýýärin :-))
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 114 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Sagbola Serdar aga senden tamamam şeýledi cool

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Gurgencliň zakazy boýunça, gutarylmadygam bolsa... biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: