08:43
Zenan gözelliginiň ülňüleri: Döwürler we halklar
ZENAN GÖZELLIGINIŇ ÜLŇÜLERI: DÖWÜRLER WE HALKLAR

Häzirki döwürde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, sungatyň we modanyň täsiri bilen dünýäniň halklarynyň aglaba köpüsinde zenan gözelliginiň ölçegleri kybapdaş derejä geldi. XXI asyryň erkek kişileriniň milletine we ýaşyna garamazdan: “Nähili zenan owadan?” diýen soragy berseň, “kim gaýkyny söýer, kim küýkini” diýilýändigine garamazdan, olaryň aglaba köpüsiniň jogabynyň biri-biriniňkä çalymdaş boljakdygyny çaklamak bolýar.
...Uzyn boýly, kaddy-kamaty 90-60-90 ölçeglerine laýyk gelýän, tämiz tenli, uzyn saçly, pisse dodakly, galam gaşly, hoşboý ysly, şirin dilli, bilbil owazly, gülküsi enaýy, dişleri merjen, bakyşy mähriban, uz basyp seýkin ýöreýän, häsiýeti mylaýym, geýnende sypaýy, oturyp-turanda göze gelimli we ş.m...
Ýöne, muňa garamazdan, häzirem, öňem, dürli halklaryň zenan gözelligi hakynda düşünjeleri biri-biriniňkiden ýoluk tapawutlanmagyny dowam edip gelýär.
Şol tapawutly düşünjeleriň käbiri barada-da gysgajyk agzap geçmek, belki gyzykly bolar:
Gadymy Müsürde zenan gözelliginiň naýbaşy nusgasy hökmünde, inçesagt, nepis hereketli, dodakman we badamgöz gelinler ykrar edilipdir. Şol döwürler müsür zenanlary öz gözelliklerini hasam ajaýyplaşdyrmak niýeti bilen, göreçlerini ulaltmak hem-de gözlerini ýyldyrap duran etmek üçin “uky humary” atly ösümligiň şiresini gözlerine damdyrypdyrlar.
Gadymy Müsürde zenan gözüniň iň owadan reňki hökmünde ýaşyl öwüşgin ykrar edilipdir. Munuň ýaly reňkli gözler seýrek duş gelendigi sebäpli, owadan bolaslary gelip ýürejikleri böküp duran müsür hatynlary gözleriniň daşyny kömürturşy misden taýýarlanan ýaşyl reňk bilen reňkläpdirler. Ondanam beter owadan bolup, göreniň aklyny haýran edýänçi bolmak üçin bolsa, aýaklarynyň we elleriniň dyrnagyny ýaşyl reňke boýapdyrlar.
Tebigatyň beren görküne görk goşup, erkek kişileri “gözellik çoçgaryna” çolaşdyrmak bilen bagly “gandöküşikli jeň oýunlarynda” Gadymy maýýalaryň hatynlary hem müsürli uýalaryndan kem galar ýaly däl ekenler. Maýýa halkynyň öňküsindenem beter gowy owadan bolaslary gelip ölüp ýatan hatynlary öz bedenlerini iňňän ýelmeşek we porsy şepbige garylyp ýasalýan gyzyl reňke boýapdyrlar. Şu “boýag-çalgy” işlerinden soňra maýýa zenanlary özlerini doly derejede we gutarnykly timar berlen diýip hasap edipdirler. Maýýa zenanlaryň şeýle usullardan peýdalanýan gadymy “gözellik salonyndan” çykanlaryndan soňra näderejede “ajaýyp” keşbe girýändiklerine bolsa, Mel Gibsonyň “Apokalipsis” atly çeper filmindäki zenanlaryna tomaşa edilen ýagdaýynda aýdyň düşünmek boljakdygyny aýratyn nygtamak bolar.
Ondan başga-da maýýa zenanlary özleri babatda tebigatyň ýol beren “kemterliklerini” düzetmek nukdaýnazaryndan ugur alyp, ýüzlerine dürli reňklerden nagyşlar çekipdirler. Şonuň ýaly-da Gadymy maýýalar, ynsan gözelliginiň aýrylmaz we ýeke-täk ülňüsi hökmünde göniburçlugy emele getirýän maňlaýy hem-de çaşygözlügi ykrar edipdirler. Hut şol ülňülerden ugur alyp özlerini biçak owadan etmek üçinem gadymy maýýalar çagalarynyň maňlaýyna gaty agaç bölegini berk daňyp, kelläniň nysagalaýyk görnüşde ösmegini we emele gelmegini üpjün edipdirler. Şeýle hem çagalaryň maňlaýyna palçykdan logalajygy daňyp, ony edil burnunyň üstüne düşüp durar ýaly sallamak arkaly olaryň gözleriniň hemişe çaşaryp durmagyny ýola goýupdyrlar.
Gadymy Ýaponiýada bolsa zenanlar hasam owadan görünmek üçin dişlerini hüýt-gara reňke boýapdyrlar. Gaşlaryny tekiz syryp reňk bilen täzeden çekipdirler. Üstesine-de akbeden bolup görünmek üçin tenleriniň geýim bilen örtülmeýän ýerlerini, boýunlaryny, ýüzlerini, ellerini galyň edip ak tozga (pudra) beslemäge mejbur bolupdyrlar. Şonuň ýaly-da ýapon hatynlary üçin gyşyk dişli bolmagam gözelligiň esasy ülňüleriniň biri hasaplanypdyr.
Gadymy Hytaýda zenan gözelliginiň nusgawy alamatlary hökmünde kindiwanja syr-sypatlylyk we ýumruk göwrümli aýak hasaplanypdyr. Şonuň üçinem gyzjagazlaryň dabanlary mata bilen pugta saralyp, olaryň ösmezligi üpjün edilipdir. Şeýle aýajyklar gadymy Hytaýda “lotos aýajyklary” diýlip atlandyrylypdyr.
Gadymy Ýunanystanda (Gresiýada) zenan gözelliginiň nusgawy ölçegi hökmünde göni burun, goýun göz we Afroditanyň (Gözelligiň zenan hudaýy) heýkeliniň ölçegleri hasaplanypdyr. Heýkeliň boýy 164 sm, döşüniň giňligi 86 sm, biliniň inçeligi 69 sm, sagrysynyň ýaýbaňlygy 93 sm bolupdyr.
Gadymy Rimde diňe teniniň reňki çuw-ak we agymtyl saçly zenanlar naýbaşy gözel diýlip hasaplanypdyr. Hut şonuň üçinem rim zenanlary saçlaryny geçi süýdünden süzülen ýaga we buk agajynyň külüne ýuwup, soňam ony Günüň aşagynda guradyp, reňkini soldurypdyrlar.
Günorta Tibetde ýaşaýan apatani taýpasynyň zenanlary şol jelegaýlaryň ilatynyň arasynda iň owadan jenanlar diýlip hasap edilipdir. Şonuň üçinem olar beýleki taýpalaryň erkekleriniň ünsüni özlerine çekmezlik maksady bilen ýüzlerine tenşekil (sanjymşekil, tatuirowka) çekip we burunlaryna agaç gysdyrgyçlary dakynyp öz “gözelliklerini” bozupdyrlar.
Tailandyň gyrak-bujagynda ýaşaýan taýpalaryň biriniň zenanlary üçin bolsa gözelligiň naýbaşy alamaty hökmünde boýnuň up-uzyn bolmagy ykrar edilipdir. Hut şeýle “gözelligi” gazanmak üçinem, şol taýpanyň hatynlary tebigatyň özlerine bagyş eýlän “kelteboýunluk” betnyşanlygyny düzetmegiň kül-külüne düşüpdirler we gyzjagazlaryň boýnuna alty ýaşyndan başlap mis ýa-da demir halka geýdirip, assa-ýuwaşdan olaryň boýunlaryny süýndürip ugrapdyrlar. Bu taýpanyň dessuryna görä, bu bezeg boýunhalkalary zenanlaryň boýnundan diňe nikalaşan ilkinji gijesi aýrylypdyr, galan ömürlerine bolsa, zenanlar şol halkalary aýryp bilmändirler.
Adamzat jynsynyň gözel böleginiň hasam gözel bolmaga ymtylyşynyň ýene-de bir mysaly nusgasy Afrikada ýaşaýan mursi taýpasynyň hatynlary tarapyndan oýlanyp tapylypdyr we iş ýüzünde durmuşa geçirilipdir. Aglaba köp milletlerde zenanlar öz ýüzlerini hasam ajaýyp görkezmek üçin dürli çalgylary, boýaglary, pomadalary we ş.m. ulanýan bolsalar, mursi taýpasynyň köppaýhasly hatynlary öz dodaklaryny süýndürip ýyrtýarlar we şol ýyrtyga-da takmynan çaklaňja palaw tabagyna çalymdaş, agaçdan ýalpak tegelekleri sokýarlar. Tabagyň göwrümi näçe uly bolsa, mursi hatyny şonça-da “owadan” bolýar. Ondan başga-da mursi hatynlary öz oýlap tapan “gözelliklerini” hasam, her göreni çiň arkanlygyna serer derejede “göz gamaşdyryjy” häsiýetli etmek üçin, agyzlaryndan aşaky dişlerini sogurýarlar. Onsoň agzy tabakly, dişsiz şeýle hatyn “mylaýym” ýylgyranda-a-a...
Umuman, türkmenlerde: “Adam gaty gorkanda depesindäki Ezraýyl tüýi sönýärmiş!” diýen ynanç bar! Ýöne, biziň pikirimzçe, beýle “ajaýyp” ýylgyryşy ilkinji gezek gören adamyň, Ezraýyl tüýi sönmeg-ä beýle-de dursun, bolanja saçam dessine düşermikä diýip çaklamak bolar.
Kinolaryndan çen tutsaň-a Hindiniň hatynlary şeýle-de, hiç hili emeli bezegsiz-usulsyzam owadan! Ýöne: “Kämilligiň çägi ýok” diýşi ýaly, Hindistanly jenanlar boluşlaryndanam beter bolmak üçin burunlaryna demir halka dakýarlar. Hindileriň dessurlaryna görä burunlygy diňe ärli aýallar dakynýarlar. Burunlyk Hindistanda “nath” diýip atlandyrylýar we sanskritden terjime edilende: “hojaýyn, hökümdar, är, jenap” diýmegi aňladýar.
Nath dürli ölçeglerde bolup bilýär. Eger-de burunlyk mähnet bolup, üstesine-de gymmatbaha daşlar bilen bezelen halatynda onuň agramyny piliň holtumyndan kiçiräk hiç bir burun göterip bilmejek halatynda, onda oňa ýörite zynjyr ildirilip, zynjyram jalaý hatynyň maňlaýyna ýa-da saçyna iltelip, burun görgülä ony götermäge ýardam berilýär.
Mangbetu taýpasynyň hatynlary bolsa öz keşpleri babatda tebigatyň ýol beren “säwliklerini” düzetmek maksadyndan ugur alyp, saçlaryna timar berenlerinde üýtgeşik şekilleri ýasamaga ýykgyn edipdirler. Olar saçlaryny inçejik zülp edip örüpdirler-de soňam olary süýr depelerinde dim-dik edip, olardan dürli görnüşdäki minaralary ýa-da şekilleri ýasapdyrlar. Boluşlaryndan bäşbeter owadan bolmaga dalaş edýän, barypýatan başarjaň hem juda ugurtapyjy hatynlar, iňňän nepis inženerçilik ussatlygynyň bu ajaýyp nusgalaryny bolsa, up-uzyn süňk çişler bilen bezäpdirler.
Karamojong taýpasynyň aklyňy haýran ediji gözellige aşyk zenanlary bolsa, öz bedenlerine dürli ýaralary salyp, şol ýaralar bitenden soň galýan yzlary bezeg görnüşinde ulanypdyrlar. Munuň üçin zenanlar öz hamlarynyň belli-belli ýerlerini demir gaňyrçak bilen usully ýyrtyp, şol ýaranyň bitmezligi üçinem takmynan bir aýyň dowamynda oňa kül sürtüp gezipdirler. Netijede saglyklary megerem hiç bir zakguntäje-de per bermejek bu polatbeden hatynlaryň endamynda şol ýaralaryň ýerinde güberçekler emele gelipdir we ol güberçekleriň döreden täsin nagşy zerarly, şeýle hatynlar özlerini owaly bilen-ä karamojong taýpasynyň Anjelina Jolileri, galyberse-de şol etraplarda ýaşaýan mundan buýanky galanlaryň Ewelina Bledensleri hökmünde özlerini duýupdyrlar.
Täze Zelandiýada ýaşaýan Maori taýpasynyň hatynlary bolsa, Tebigatyň özlerine bermän, gizläp goýan gözelligini ýüzlerine hem-de endamlaryna iňňedir-reňk bilen salýan tenşekilleriň (tatuirowkalaryň) kömegi bilen gaňryp almagyň hötdesinden gelipdirler. Ol tenşekiller “moko” diýlip atlandyrylypdyr we moko näçe nepis bolsa, maori hatyny şonça-da görmegeý diýlip ykrar edilipdir. Maori zenany durmuşa çykandan soň bolsa, onuň pasportyna nika möhürçesi basylman, ýüzüne “Menem ahyry, eýdip-beýdip äre çykaýdym-aýt!” diýmegi aňladýan tenşekil çekilipdir. Şondan soňam şol zenana özge erkek kişileriň hatda garamagam gadagan (tabu) diýlip hasaplanypdyr.
Polineziýada ýaşaýan taýpalaryň gelinleriniň bolsa dodaklaryna gara reňk näçe goýy we köp dürtülip girizilen bolsa, ol şonça-da owadan hasaplanypdyr.

Çeşmesi: https://allovertheus.ru/etalon-krasoty-u-raznyh-narodov-mira-udivitelno-raznye-standarty. 30.01.2021ý.

Mümkinçilikden peýdalanyp dürli döwürlerde dürli milletleriň zenan gözelligine garaýyşy barada açylan bu henekçil sözde, biziň gadymy türkmen halkymyzyň zenan gözelligi babatdaky ölçeglerem agzalyp geçilse ýerlikli bolarmyka diýýärin. Ol ölçeglerem megerem Pyragy atamyzdan doly, dogry we çeper beýan edip biljek ýok bolsa gerek.
Ine, türkmen halkynyň zenan gözelligi baradaky iň anyk hem doly garaýyşlary:

GÖZEL SEN

Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy, gözel sen.
Ussa Jagfar işi, senjap jüpbesi,
Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen.

Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,
Üstüňden ýol düşse, kyndyr aşmasy,
Agzyň aby-haýat, Zemzem çeşmesi,
Aýnal-baky suwnuň laýy, gözel sen.

Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,
Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen,
Yşk bilen açylan bir täze gül sen,
Ýusup–Züleýhanyň taýy, gözel sen.

Her kim güýçli bolsa, oňa „pir” diýrler,
„Dertli guluň dermanyny biýr” diýrler,
„Gawunyň ýagşysyn şagal iýr” diýrler,
Ykbally bendäniň paýy, gözel sen.

Owazaň Çyn-Maçyn, daglar aşasy,
Seni görenleriň akly çaşasy,
Hindistanyň reňkli gyzyl şişesi,
Suraýy çilimniň naýy, gözel sen.

Magtymguly halkdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň, ýalan sözlese,
Owalda, ahyrda Eýäm gözlese,
Garyp biçäräniň paýy, gözel sen.
Категория: Publisistika | Просмотров: 101 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 8
0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Owadanlyk näme, şoña-da täsir etmeli: sungat nagşyny siñdirmeseñ, owadanlyk hem bedroý zada öwrülýär. Sungat bolsa kemterini alyp, görmegeýliginem arşa galdyrýar. Tebigat bizi täleý ummanyna zyñyp goýberýär, şonuñ üçinem sungata sygnalyñ!"
Baltasar Grasian

0
7 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Afrikada yashayan mursi taypasynyñ gelnejeleriniñ tarelka bn bezenyandigi fakt, ýöne bu 'trend' ilki gozellik hokgasy hökmünde däl-de, özlerini goramaga bir chykalga diyip oylanyp tapylan zat. Günbatarly gul dilerleri olaryñ dayaw erkeklerini gul edip alanlarynda ayallaryny we gyzlaryny owadanjalaryny saylap gyrnak edip akidyàn ekenler. Onsoñ o pahyrlaram 'wäşş, bylar-a betnyshan eken, bylary kime satyp, nache manat görerin öytyàñ' diyip tashlanyp gider yaly ozlerini bedroy gorkezmegi tapyalar. Ay oñ iň añsadam 'tarelkaly' podhod bolandyr-da. Soñ wagtyñ gechmegi bilenem gozellik standarty blp galan.

0
6 Arzyman   [Mowzuga geç]
Käbir bedroýlardan «dünýä gözelini» ýasap bilýändikleri üçin, öz işine ussat salonçylara hem-de tikinçilere hormatym gaty uludyr. Olar hakyky sungat adamsy! Olar hakyky döredijiler! Olar hakyky ussatlar!

0
5 Arzyman   [Mowzuga geç]
Gözelligiň oýnaýan roly gaty uly. Owadan bolup ýaşamak—hökman özüňi erkeklere güjeňlemek däl, esasan, ruhuňy belent tutmaga täsirini ýetirýär.
Başy ölümli adamlaryň hiç biri-de kämil gözellige eýe däl. Olaryň ählisi hem kämil gözellikden binesip. Şoň üçinem her bir zenanyň tebigylyklaryny öz estetiki garaýyşlaryna görä taraşlap, ýasama bolsa-da, gözellik döretmäge hukuklary bar. We bu hiç bir tarapdanam gülkünç däl.

0
4 Arzyman   [Mowzuga geç]
Bu ýazgyda tebigatyň peşgeş bermedik «ýasama gözelligini» ýaňsylapdyrlar öýdýän.
Gepiň gerdişine görä, şu ýerde bir zady ýatlasym gelýä: Sport taryhynda ilkinji gezek asly keniýaly bolan bosgunlar biziň ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşypdylar. Hawa, olar begenendirler, hiç bir döwletde raýatlygy bolmasa-da, «il hataryna» goşulandyklaryna. Ýöne bujagaz hoş habar özlerini «il hatarynyň» deňinde görmeklerine doly sebäp bolan däldir. Olaň ruhy taýdan ejir çekýänlerem ýetik weli, daş keşpleriniň-de görmeksizdigi sebäpli akýagyzlaň gürmegine goşulybilenokdylar. Bir gyrada gysmyljyrapjyk durardylar. Ýaman ýüregagyrdyjy ýagdaýdy şolaň şeýdip kemsinip durmasy. Ýöne meň esasy ünsümi çeken bu däl. Şolaň arasynda bir zenan bardy. Juda owadandy. Kožasyna garaýagyz diýmezden, ýüzüniň kosmetikasam ýerlikli çalnandy. Zerli şlýapasy bilen zerli köwşi dagy al-owarradan ýöräp gelýänem bolsa, gözüňi gamaşdyrar durardy. Umuman, negraidlere mahsus bolmadyk, emeli ýazgyn görnüşe getirilen saçlary diýjekmiň, özüne gelşip duran köýnegi diýjekmiň, owadan, mylakatly ýylgyryşy...akýagyz zenanlara gaýra dur diýýädi-dä garaz. Diýjek bolýanym, şo zenan öz tebigy daşky keşbini ýonup-ýonup, «sungat» döredip başarypdyr. Şol sebäpli-de, gözellik babatda özüni başgalardan pesde görüp, kemsinme duýgusy döränokdy onda.

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Serdar aga täze hekaýa haçan okarys smile

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýaltalyk keselinden sag-aman saplanan günüm! cool

0
1 Didar   [Mowzuga geç]
ok

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: