02:18
Ussat we Margarita / roman

USSAT WE MARGARITA

Birinji bölüm

... Kim-aýt sen!
— Men hergiz ýamanlyk diläp, — ýagşylyk edýän güýjüň bir bölegi!

Gýote. «Faust»

I bap

HIÇ HAÇAN BIGANALAR BILEN SÖZLEŞMÄŇ

Bahar günleriniň birinde, dymyksy agşam çagynda, Moskwanyň Patriarh kölçesiniň boýunda iki kişi peýda boldy. Olaryň biri küljümek ýaz penjegini geýnen, pes boýly, çepiksi, takyr kelleli, sakgal-murty gazalyp syrylan, gözüne adatdan daşary uly şahpisint äýnek geýnendi, özüniň täzeje şlýapasyny bolsa eline geýdiripdir. Ikinjisi bolsa, çyparrak, gözenek matadan tikilen kepkasyny ýeňseräk basyp geýen, eginlek irimçik ýigit — egninde çakmak köýnek, aýagyna gyjymlanan ak jalbar, paşmagyna gara şypbyk geýipdi.
Bu tanyşdyranlarymyzyň birinjisi Moskwadaky iň uly edebi birleşmäniň birinde /onuň gysgaldylan ady MASSOLIT/ başlyk hem galyň bir žurnalyň redaktory bolup işleýän Mihail Aleksandrowiç Berlioz, onuň ýaş hemrasy bolsa, şahyr Iwan Nikolaýewiç Ponyrýow bolup, ol öz eserlerine Bezdomnyý diýen lakam bilen gol çekýärdi.
Bu iki ýazyjy ýaňy ýaşyl öwsüp ugran lipalaryň saýasyndan pena tapan batlaryna ala-mula boýaglar bilen boýalan, ýokarsyna «Piwo we suw» diýen ýazgyly dükana özlerini atdylar.
Häzir, maý aýynyň bu ýakymsyz agşamynda ýüz beren birinji geň galmaly ýagdaýy belläp geçmek lazymdyr. Diňe dükanjagazyň öňünde däl, belki, Malaýa Bronnaýa köçesi bilen ýanma-ýan uzalan bütin giňiş meýdanda bir adam hem görünmeýärdi. Gury ümür-dumana bürenen Gün Moskwany mis ýaly gyzdyryp, Sadowoýe kolsonyň arkasyna batyp barýan wagty, hatda dem almaga hem ysgyn-mydar galmadyk bu çagda, lipa daragytlarynyň aşagyna bir adam hem gelmedi, uzyn oturgyçda hem oturmady, bütin alleýa boram boşdy.
— Narzan beriň — diýip, Berlioz haýyş etdi.
Satyjy aýal bir zatdan ynjan ýaly:
— Narzan ýok — diýip jogap berdi.
Berlioz boguk ses bilen:
— Piwo barmy? — diýip sorady.
Satyjy aýal:
— Piwo agşamara gelýär — diýip jogap berdi.
Berlioz:
— Nämäňiz bar? — diýip sorady.
Aýal:
— Erik şerbeti bar, ýöne ýylapdyr — diýdi.
— Bolýa, guýuň, ýyly bolsa-da, guýuň!..
Erik şerbeti sap-sary köpük bolup, bulgury doldurdy, şobada dellekhananyň ysy haplap damaga doldy. Şerbet içen ýazyjylary birdenkä synçgylawuk tutup başlady. Olar şerbetiň hakyny töläp, Bronnaýa köçesine arka öwrüp, ýüzlerini kölçä tarap edip, uzyn oturgyçda çökdüler.
Şol wagt diňe Berlioza degişli bolan bir geň waka ýüze çykdy. Onuň synçgylawugy birden togtady, ýüregi çalt urup, bir dem nirädir bir ýere gaýyp bolan ýaly boldy, soň ýene ornuna gaýtdy, emma indi onuň ýüregi kütek bir iňňe sünjülýän ýaly bolup, sarkyryp agyrýardy. Mundan daşgary, Berliozyň endam-janyny elhenç bir ýagdaý bisebäp dolap aldy welin, ol şu pursatda Patriarhdan — şu ýerden yzyna garaman gaçyberesi geldi. Berlioz özüniň nämeden gorkanyny bilip bilmän, perişan bir halda töweregine ýaltaklady. Onuň reňki öçüp, ýüzi duw-ak boldy, elýaglygy bilen maňlaýyny sylyp: «Beh, maňa näm bolaýdy? Öň beýle hala düşmändim-le, meger, ýürek çatlaýar... gaty ýadapdyryn. Bar işi taşlap, tizden-tiz Kislowodskä ugramak gerek öýdýän» diýip oýlandy.
Şu mahal onuň gözüniň öňünde gyzyl köz dek yssy howa goýalyp, ondan çüýşe ýaly dury, örän täsin sypatda bir ynsanpisint şekil wujuda geldi. Onuň muşt ýaly başynda çapyksuwarlaryň kepkasy, egninde çylgym-çylgym matadan biçilen kelte we özi kibi howaýy kemzoljyk... Bu raýat örän uzyn bolsa hem, egni-gerdeni insiz, özi çöp ýaly arryk, ýüz keşbi, üns beriň, masgarabaz ýagdaýyndady. Berlioz şunça ömür süren bolsa-da, täsin ahwalatlara asla öwrenişip bilmeýärdi. Şu sebäpli onuň reňki has beter öçüp, gözleri alaryp, aljyrap, öz içinden: «Beýle bolmagy mümkin däl» diýdi. Hakykatda bolsa, görýän zatlary çyndy, bu täsin adam Berliozyň göz öňünde kä saga, kä çepe yranyp, ýerden ýokarda salgymlap dyrdy. Şol wagt Berliozyň endamyny güýçli gorky gurşap, gözlerini bada-bat ýumdy. Soňra, ol gözüni açanda, ýaňky şekil eräp, çylgym kemzolly adamyň gaýyp bolandygyny gördi, aýny wagtda ýüregine sünjülýän kütek iňňe hem wujudyndan atylyp çykyp gitdi.
— Off, lagnaty! — diýip goýberdi redaktor — bilýäňmi, Iwan, häzir yssynyň derdinden tas däliräpdim! Hatda gözüme her hili belalar görnüp başlady — diýip, ýylgyrjak boldy, emma gözlerindäki teşwiş uçgunlary häli öçmän, elleri hem titräp durdy. Ýöne dura-bara onuň göwni teselli tapdy, elýaglygy bilen ýelpindi-de, azajyk batyrgaý äheňde: «Ýeri, bolýa-la» — diýdi-de, erik şerbetini içen wagtlaryndaky üzlüp galan söhbeti dowam etdi. Gep, soň mälim bolşuna görä, Isa pygamber dogrusynda barýan ekeni. Mesele şu ki, redaktor öz žurnalynyň nobatdaky sany üçin dine garşy uly bir poema ýazmak hakynda şahyra tabşyryk beripdi. Iwan Nikolaýewiç şol poemany juda gysga wagtyň içinde ýazyp gutardy, emma bagta garşy poema redaktory kanagatlandyrmandy. Bezdomnyý öz poemasyndaky baş gahrymany, ýagny, Isa pygamberi gara reňkler bilen juda çökder teswirlese hem, redaktor poemany gaýtadan ýazmak gerek diýip aýak diredi. Şu sebäpden, ol şahyryň esasy hatasyny görkezmek maksady bilen, oňa Isa pygamber dogrusynda wagyz okaýardy. Iwan Nikolaýewiçe, esasan, nämäniň päsgel bereni — şahyrlyk talantynyň teswirleýiş ukybymy ýa-da öz ýazmakçy bolýan mowzugynyň oňa düýbünden nätanyşlygymy — anyk aýtmak kyn, emma onuň eserinde Isa özüne güýçli maýyllyk oýarmasa-da, göýä diri personaž ýaly bolup çykypdy. Berlioz bolsa, şahyra mesele Isanyň ýagşy-ýamanlygynda däl, umuman, Isanyň şahs hökmünde bolmanlygynda, oňa degişli gepleriň bolsa, adaty bir toslama ekenliginde diýip subut etmekçi bolýardy. Şuny aýdyp geçmek gerek ki, redaktor ýazyjy adamdy, şunlukda, Isa pygamberiň dünýäde ýaşap geçenligi hakynda öz kitaplarynda ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedik gadymy taryhçylardan, meselem, meşhur Filon Isgenderden, tükeniksiz ylym eýesi Iosif Flowiýden örän ökdelik bilen delil getirýärdi. Mihail Aleksandrowiç özüniň örän okumyşlygyny aýan edip, gep arasynda ýene Tasitiň meşhur «Annalyna» ýagny, ýyl-sene ýazgylaryna degip geçip, onuň on bäşinji kitabyndaky Isanyň öldürilişiniň beýan edilen 44-nji babynyň has soň goşulan ýalan bapdan özge närse däldigini hem aýdyp geçdi. Redaktoryň diýýän bu gepleriniň hemmesi şahyr üçin täzelikdi, şoňa görä, ol özüniň göm-gök şoh gözlerini Mihail Alensandrowiçe dikişine, onuň sözlerini üns bilen diňleýärdi, mahal-mahal synçgylawuk tutanda bolsa, pyşyrdap, erik şerbetini näletleýärdi.
Berlioz bolsa: — Gündogarda Bibi Merýemiň Hudaý tarapyn göwreli bolandygyny beýan etmedik bir din hem ýok. Şoňa görä, hristianlar hem özge bir açyş edip bilmän, ine, şu gündogarlylar ýaly öz Isa pygamberini döretdiler, ýöne welin, ol hiç haçan ýagty ýalança gelmändir. Poemada hem, esasy ünsi, ine, şu meselä gönükdirmek gerek.
Berliozyň batly sesi boş alleýada jaraňlap eşidilýärdi, ol ylmyň jeňňellerinde geçip bolmaýan gür tokaýyň hylwat ýerlerine girip bardygysaýyn — diňe öte ylymly adamyň beýle hylwatgähe bişikest girip bilmegi mümkin — şahyr müsürlileriň sahawatly hudaýy Asman we zemin oglany Ozaris hakynda hem, Finikiýa hydaýy Fammuz dogrusynda hem, Marduk hakynda hem, hatda Meksikanyň astek halky üçin bir zamanlar örän gadyrly bolan, emma beýle bir belli bolmadyk betgahar hudaý Wislipusli hakynda hem bardygysaýyn köp we peýdaly maglumatlar alyp başlady.
Mihail Aleksandrowiç Wislipusliniň zowalasyny astekler hamyryndan alandyklary dogrusynda ýaňy hekaýa edip başlanda, alleýada ilkinji adam göründi. Soňra, dogrusy, boljak iş bolandan soň, dürli-dürli edaralar sypaty, bolşy hakynda kän maglumatlar berdiler. Emma ol maglumatlaryň deňeşdirmesi geň galdyrman biljek däldi. Şeýlelikde, birinji maglumatda ol adamyň pes boýly, gyzyl dişli we sag aýagyna agsaýandygy hakynda habar aýdylan bolsa, ikinjisinde ol adam äpet boýly, dişine platina gapladan, çep aýagy agsak diýlipdi. Üçünji maglumatda: ol üns bererlik hiç hili alamaty ýok diýip, çürt-kesik ýazylypdy. Dogrusyny dogry diýmeli, maglumatlaryň hiç biri hem dogry däldi. Birinji nobatda: şol nazarda tutulan adamyň hiç aýagy hem agsanokdy, boýy gysga-da däldi, epeýem, il deňindäki uzynak adamdy. Dişleri hakynda aýtmaly bolsa, çep äňinde platina, sag äňinde altyn dişleri bardy. Ol gymmatbaha külreňk kastýum geýen adamdy, aýagyndaky köwşi hem kastýumynyň reňkindedi. Külreňk beretini gopbamlar ýaly bir gulagynyň üstünde gyýa gonduryp, goltugyna gara itiň kellesini ýatladýan gara tutawaçly hasa gysdyrypdy. Görnüşinden, ýaşy kyrkdan geçen. Agzy sähel gyşygrak. Sakgal-murty tep-tekiz syrylan. Garaýagyz. Onuň sag gözi gara, çep gözi bolsa, nämüçindir, gökdi. Şar gara gaşlarynyň biri pes, biri belentdi, gepiň gysgasy, çet ýurtly adamdy. Ol redaktor bilen şahyryň oturan uzyn otugyjynyň öňünden geçip barşyna, olara gözüniň gyýtagyny aýlady, saklanyp, birdenem iki dostdan iki gadam aňyrdaky başga bir oturgyja çökdi.
Berlioz: «Nemes» diýip oýlandy.
Bezdomnyý bolsa: «Iňlis» diýip göwnünden geçirdi. — Toba, şu jyzrama jöwzada ellikli gezip ýör, yssylamaýarmyka?»
Saýry ýurtly kişi bolsa, bu wagt kölçäni kwadrat görnüşinde dolap alan köp gatly jaýlara gyzyklanyp, göz ýüwürdip başlady, hamala, ol bu jaýlary birinji gezek görýän ýalydy. Ol nazaryny ýokarky gatlaryň aýnalaryna dikdi, aýna syrçalary Mihail Alensandrowiç bilen baky hoşlaşýan güneşiň döwük şöhlesini özünde şekillendirip, göz gamaşdyrýan derejede ýalpyldaýardy, soň ol peski gatlardaky şam çökmegi bilen garalyp başlan aýnalara nazar taşlady, nämedir bir zada mylaýym ýylgyrdy, gözlerini süzdi, ellerini hasanyň togalak dessesine, eňegini bolsa, ellerine goýdy.
Şu wagt Berlioz: — Sen, Iwan, şeýdip hudaýyň ogly Isanyň dogluşyny juda oňat we satirik usulda görkezipsiň, emma gyzygy şunda ki, Isadan öňem bir topar hudaýzadalar doglupdyr — meselem aýdaly-frigiýaly Attis — emma, gysgaça aýtsak, olaryň biri hem, gönüsinden gelsek, Isa hem dogulmandyr, bomandyr, şoňa görä, sen Isanyň dogluşyna derek ýa-da oňa zyýarat etmäge gelen sährgär müneçjimleri görkezmäge derek, onuň dünýä inişi baradaky ýalan toslamalar dogrusynda ýazmaly ekeniň — diýýärdi. — Häzir bolsa, seniň beýan edişiňçe, ol çyndanam, dünýä inen bolup çykýar!..
Şol mahal Bezdomnyý demini içine ýuwdup, bizar eden synçgylawyndan dynmakçy boldy, emma tersine, has beter güýçli synçgylawuk tutup başlady, Berliozam gepini bes etdi, çünki daşary ýurtly kişi birden ýerinden tutup, ýazyjylara tarap ýöräp başlady. Olar bu nätanyş adama geň galmak bilen seretdiler. Nätanyş saýry ýurtlylaryň äheňinde: — Ötünç soraýan, meni bagyşlarsyňyz — diýdi — emma sözleri düzüw aýdyp: — Size nätanyş bolsam-da, söhbetiňize aralaşanym üçin... emma, ylmy söhbetiňiziň temasy şeýlebir gyzykly welin, neme...
Şeýle diýibem, ol hormat bilen beretini başyndan çykardy, netijede iki dost hem biygtyýar ornundan turup, oňa tagzym etmeli boldy.
Berlioz: — «Eýsem-de bolsa, bu pereňli» diýip oýlandy.
Bezdomnyý öz ýanyndan: — «Polýak öýdýän» diýdi.
Ýene deslap aýtmaly zat: bu daşary ýurtly birinji aýdan sözüniň özünde şahyrda ýigrenç oýardy, Berlioza bolsa, ol ýarady, ýagny, hoş ýakdy diýip bolmaýaram-da, anygragy... nähili aýtsa bolarka... ony gyzyklandyrdy diýäýeliň.
— Siz bilen oturmak mümkinmi? — diýip, çet ýurtly mylaýym äheňde sorady.
Şonda iki dost nalaç iki tarapa süýşdi-de ýer berdi, çet ýurtly bolsa, olaryň ikisiniň arasynda oturyp, şol bada söhbete girişdi:
Eger ýalňyş eşitmedik bolsam, Siz Isa dünýä inmändir diýip aýtdyňyz öýdýän? — diýip, çet ýurtly göm-gök çep gözüni Berlioza dikip sorady.
— Ýok, ýalňyş eşitmänsiňiz — diýip, Berlioz hormat bilen jogap berdi. — Men anyk şeýle diýdim.
— O, diýseň gyzykly! — diýdi çet ýurtly.
«Jyn uran, muňa näme gerekkä?» diýip, Bezdomnyý göwnünden geçirdi, soňam gabagyny asyp oturdy.
— Siz hem söhbetdeşiňiziň pikirine goşuldyňyzmy? — diýip, nätanyş çet ýurtly Bezdomna tarap öwrülip sorady.
Öz pikirini çürt-kesik we gysga ybaralar bilen beýan etmäge endik eden şahyr: — Ýüz paý! — diýip jogap gaýtardy.
— Örän ajap! — diýip, çagyrylmadyk hemsöhbet nägile äheňde seslendi, soň bolsa, nämüçindir, töweregine ogry seredişi bilen äňedip, şeýle hem, boguk sesini hasam peseldip aýtdy: — Ýelmeşegenligim üçin meni bagyşlaň, emma, meniň pähimimçe, siz hudaýa-da ynanaňzok öýdýän?! — ol gözlerini gorkuly petredip dowam etdi: — Ant içýärin, hiç kime hiç zat aýtman.
Daşary ýurtly kişiniň howpurgamasyna Berlioz çala ýylgyryp:
— Hawa, biz hudaýa ynanmaýarys! — diýip, jogap berdi we — emma bu hakda açykdan-açyk, erkin aýdybermeli — diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Çet ýurtly oturgyjyň arkasyna ýaplandy-da, bilesigelijilikden ýaňa çyňsabrak sorady: — Siz ateistmi?
— Hawa, biz ateist! — diýip, Berlioz ýylgyryp jogap berdi, gahary gelen Bezdomnyý bolsa: «Bize halys ýelmeşäý-dow bu çet ýurtly gaz!» diýip, göwnünden geçirdi.
— Gör, nähili ajaýyp! — diýip, bu täsin saýry käte ol, käte beýleki edebiýatça seredip, sesini owazlandyrdy.
— Biziň ýurdumyzda ateizm hiç kimi geň galdyrmaýar — diýip, Berlioz diplomatlara mahsus mylakat bilen aýtdy. — Halkymyzyň köpüsi hudaý hakyndaky toslamalara kän wagt bäri aňly röwüşde ynanmany goýdy.
Şonda çet ýurtly gelşiksiz bir hereket etdi: ornundan turup, geň galyp duran redaktoryň elini gysyp, şeýle diýdi: — Size çyn ýürekden minnetdarlyk beýan etmäge rugsat ediň!
— Nämüçin minnetdarlyk bildirýäňiz? — diýip, Bezdomnyý gözlerini gyrpyldadyp sorady.
Çet ýurtly tentek barmagyny köpmanyly göterip: — Meniň ýaly mysapyr myhmana örän möhüm maglumat bereniňiz üçin — diýdi.
Möhüm maglumat syýahatça çyndanam güýçli täsir eden bolmaga çemeli, şonuň üçin hem ol töweregindäki jaýlara gorka nazar aýlap çykdy, hamana oňa her bir penjireden bir ateist seredip duran ýaly.
«Ýok, bu iňlis däl» — diýip, Berlioz pikir etdi, Bezdomnyý bolsa: «Beýle rusça geplemäni nirden öwrendikä, ine geň ýeri?!» — diýip, göwnünden geçirdi-de, ýene torsardy.
— Eger rugsat etseňiz, sizden bir närsäni soramakçydym — diýip, çet ýurtly myhman biraz teşwişli hyýala berlip oturandan soň, ýene gepläp başlady: — Onda älemi Hudaýyň döredenligi hakyndaky delilleri nätse bolar? Mälim bolşy ýaly, ol deliller laýyk bäş sany...
— Gaty görmäň welin — diýip, Berlioz jogap berdi. — Şol delilleriň biri hem hiç hili gymmata duranok. Çünki, adamzat olary bireýýäm unutdy. Akyl-paýhas nukdaýyndan alanynda, hudaýyň barlygyny subut edýän hiç hili deliliň bolmagy mümkin däl ahyry.
— Brawo! — diýip, gygyryp goýberdi çet ýurtly. — Sag boluň! Siz biynjalyk garry Immanuiliň bu baradaky aýdan pikirini doly tekrarladyňyz. Emma gyzyk ýeri şunda ki, ol bäş delili hem doly weýran edenden soň, göýä öz üstünden gülmekçi bolýan ýaly, şobada özi altynjy delili keşp edipdi!
Kantyň delili hem — düşünjesi zor redaktor inçe ýylgyryş bilen garşylyk bildirdi, — esassyz. Şiller bikär aýtman eken, Kantyň bu mesele babatda eden işleri, pikirleri diňe gullary kanagatlandyryp biler diýip. Ştraus bolsa, bu delili ýaňsylap gülüpdi.
Berlioz gepläp otursa-da, içinden: «Herniçik-de bolsa, bu adam kimkä? Rus dilinde oňat geplemegi nireden öwrendikä?» diýip oýlanýardy.
— Maňa galsa-ha şol Kanty şu nazarýeti üçin Solowka üç ýyllyk sürgün ederdim! — diýip, Iwan Nikolaýewiç oslagsyz ýerden aýdyp goýberdi.
— Iwan — diýip, haýygan Berlioz pyşyrdady.
Emma Kanty Solowka ugratmak dogrusyndaky teklip çet ýurtly myhmany diňe geň galdyryp goýman, hatda onuň wagtyny hem hoş etdi.
— Örän dogry, gös-göni şeýtmeli — diýip, ol çasly aýtdy, şonda onuň Berlioza sereden çep gök gözi birden nurlanyp gitdi, — onuň jaýy şol ýer! Hawa, şol gezek ertirlik wagtynda men oňa: «Siz professor, näme diýseňiz, diýiň, emma keşp eden deliliňiz gowuşman dur! Belkem, ol akylly delildir, emma örän düşnüksiz. Sizi ýaňsylap, gülmekleri mümkin» diýip aýdypdymam-la.
Berliozyň gözi hanasyndan çykara geldi. «Ertirlik wagtynda... Kanta aýdypdymam-la». Näme diýip samrap otyr bi?» diýip oýlandy.
— Emma — diýip, çet ýurtly Berliozyň aňk-taňk bolanyna biperwaýlyk edip, şahyra ýüzlendi-de — ony Solowka ibermegiň hiç mümkinçiligi ýok, sebäbi, ol ýüz ýyldanam ozal, Solowkadanam has alys bir ýere ugradylypdy. Şu sebäpdenem, men size aýtsam, ony ol ýerden alyp çykmak asla mümkin däl!
— Haýyp! — diýdi jedelkeş şahyr.
— Hawa, haýyp! — diýdi, nätanyş çet ýurtly gözlerini güldürip. Soňam sözüni dowam etdi: — Ýöne meni başga mesele öz erkime goýanok, eger hudaý ýok bolsa, onda adamzat durmuşyny we umuman, ýer ýüzündäki barça janzatlary kim herekete getirip dur diýen sorag döreýär.
Bu dogrusyny aýdanyňda, beýle bir aýdyň bolmadyk soraga Bezdomnyý gahar bilen, howlukmaç ýagdaýda jogap berdi: — Kim bolar öýdýäň, ynsanyň özi-dä!
— Bagyşlaň — diýip, mylaýym äheňde jogap berdi nätanyş kişi, — ýaşaýşy dolandyrmak üçin iň bolmanda, az mütdetlik anyk bir plan bolmaly. Aýdaly, bary-ýogy bir müň ýyl mütdete plan düzmeg-ä beýlede dursun, hatda özüniň ertirki güni hakynda hem bir zat aýtmaga ejiz bolan ynsan, ýeri, maňa aýdyň, nädip ýaşaýşy dolandyryp bilsin? Hakykatdan-da — diýip, ol indi Berlioza tarap öwrüldi — bir göz öňüne getirip görüň, şunlukda siz özgeleri hem, özüňizi hem dolandyryp başladyňyz, permanlar berip başladyňyz, umuman, bu işiň höwesine düşdüňiz, emma birden... yhm... yhym... öýkeniňiz sarkama keseline ýolugýard-a... — çet ýurtly göýä öýken sarkamasy oňa hezillik bagyşlaýan ýaly hoşal ýylgyrdy, — hawa, sarkama, — ol gözlerini pişik ýaly gypyp, bu owazly sözüni ýene tekrarlady, — şeýdibem dolandyryş ukybyňyz gutaryp galar. Indi öz takdyryňyzdan başga hiç kim sizi gyzyklandyrmaz. Ýakynlaryňyz sizi ýalan sözler bilen köşeşdirjek bolarlar, siz ýagdaýyňyzyň agyrlygyny duýup, ilki alym wraçlara, soň ýalançy tebiplere, hatda palçylara hem ylgap başlarsyňyz. Emma alymlardan hem, tebiplerden hem, palçylardan hem haraý bolmaýandygyny özüňiz oňat bilýärsiňiz. Netijede, bu urunmalaryň hemmesi pajygaly ýagdaý bilen gutarýar. Ýap-ýaňy özüni nähilidir bir işleri dolandyrýan ýaly duýan şahs indi birden tagta tabytda gymyldaman ýatan zada öwrülýär, onuň daşynda perwana bolanlar bolsa, bu jansyz jisimden hiç hili nep ýokdugyna düşünip, ony peçde ýakýarlar. Emma mundan hem beter bolmagy mümkin: bir adam Kislowodskä atlandy diýeli — şu ýere ýetende, daşary ýurtly kişi Berlioza gözlerini gypyp goýberdi, — ýönekeý gezelenç diýersiňiz, emma ol şony hem amala aşyryp bilmez, çünki, nämälim bir sebäbe görä, birden büdräp, tramwaýyň teýine düşýär! Serediň, nämüçin ol siziňçe, özüni şeýle ygtyýar edýän bolsa... Oňa nähilidir başga bir hulkat ygtyýar edýär diýip, garşy çyksak, dogry bolmazmykan? — Şeýle diýip, çet ýurtly üýtgeşik bir gülki bilen hikirdedi.
Sarkama derdi we tramwaý hakyndaky göwünsiz hekaýany uly üns bilen diňläp oturyşyna, Berliozy nähilidir teşwişli oýlar howsala salyp başlady. Ol: «Bu daşary ýurtly däl! Bu çet ýurtly däl» — diýip oýlanýardy. — Juda geň galmaly bir nusga... emma, her halda bu kimkä?»
— Görýän welin, siziň çilim çekesiňiz gelýär öýdýän — diýip, garaşylmadyk ýerden nätanyş myhman Bezdomna ýüzlendi, — nähilisini küýseýärsiňiz?
— Näme, sizde her dürli çilim barmy? — diýip, şahyr nadyl äheňde sorady. Dogrudan hem, onuň çilimi tükenipdi.
— Haýsy papirosy küýseýärsiňiz? — diýip, nätanyş myhman tekrarlap sorady.
— «Naşa marka» bolýar — diýip, Bezdomnyý gaharly aýtdy.
Nätanyş myhman howlukman, jübüsinden portsigar çykaryp, ony Bezdomna uzatdy:
— «Naşa marka».
Redaktory hem, şahyry hem portsigaryň içiniň «Naşa marka» papyros bilen doldurandygyndan-da başga, portsigaryň özi has geň galdyrdy. Ol juda uly we altyndan ýasalan bolup, açylanda gapagynyň üstüne goýlan üç gyraňly göwher gök we ak öwsüp, lowurdap gitdi. Şonda iki edebiýatçy iki hili pikire çümdi.
Berlioz: «Ýok, bu çet ýurtly adam» — diýdi.
Bezdomnyý bolsa: «Wah, al kakmyş, be-e?» diýip göwnünden geçirdi.
Şahyr bilen portsigar eýesi çilim otlandy, çilim çekmeýän Berlioz bolsa, papirosy ret etdi.
«Oňa garşylyk bildirmek gerek» — diýip, Berlioz karara geldi: — Hawa, ölüm hak, muny hiç kim inkär etmeýär. Emma, gep şunda ki...
Ýöne ol diýjek bolýan gepini aýtmaga ýetişmänkä, çet ýurtly myhman söze başlady: — Hawa, ölüm hak, iň ýamany ol käte garaşylmadyk ýerden ýüze çykýar, bar bela hem şonda! Adam, umuman, şu gün agşam hem näme bilen meşgullanjagyny bilip bilmeýär.
«Öte manysyz gürrüň...» diýip, Berlioz oýlandy we garşylyk bildirdi: — Ýok, bu meselede gaty lap edip aýtdyňyz. Meselem, men şu gün agşam nämeler etjegimi azda-kände anyk bilýärin. Hawa, elbetde, Bronnaýa köçesinde depämden birden kerpiç gaçaýmasa...
— Kerpiç — diýip, onuň sözüni agraslyk bilen böldi nätanyş myhman — hiç haçan hiç kimiň başyna bisebäp gaçmaýar. Ynandyryp aýdýaryn, size kerpiç hiç hili howp salmaýar, siziň ölümiňiz başgaça.
— O nähili ölümkä? Belki, siz bilýänsiňizem? — diýip, Berlioz äşgäre kinaýa bilen sorady. Berlioz bu öte manysyz söhbete çökder berlip aýtdy, — belki meniň özüme aýdarsyňyzam?!
— Baş üstüne! — diýdi bigana kişi. Ol göýä Berlioza kastýum biçmekçi bolan dek, ony başdan-aýak synlady, soň dişlerinden syzdyryp: «Bir, iki... Merkuriý ikinji jaýda... Aý ýaşdy... alty — betbagtlyk... agşam — ýedi...» diýip samyrdady-da, şol owaz bilen guwançly aýtdy: — Siziň kelläňizi keserler!
Bezdomnyý bu ergeneksiz adama gazap bilen azgyrylyp seretdi, Berlioz bolsa, ýaňsyly gülüp, sorady: — Kim keser? Duşmanlarmy? Interwentlermi?
— Ýok — diýip, jogap berdi hemsöhbet, — rus gyzy, komsomol gyz.
— Hmm... — diýdi, Berlioz nätanyş çet ýurtlynyň degişmesine gyjynyp, — bagyşlarsyňyz-da, ýöne beýle zat mümkim däl.
— Men hem ötünç soraýan — diýip, çet ýurtly jogap berdi, — emma bu hakykat. Ýogsa-da, sizden bir närsäni sorajakdym, şu gün agşam näme iş etmekçi, eger gizlin bolmasa?
— Gizlin däl. Häzir Sadowaýa köçesine, öýüme bararyn, soň, giç sagat onda MASSOLITDE mejlis bar, men onda başlyklyk ederin.
—Ýok, asla beýle bolmagy mümkin däl — diýip, çet ýurtly kişi gaty garşylyk görkezdi.
— O nämüçin?
— Üçüni şol — diýip, çet ýurtly myhman jogap gaýtaryp başlady we süzük gözlerini asmana garatdy, — hä diýmän agşam salkynyň düşjegini duýan gara guşlar boşlukda sessiz uçýarlar, Annuşka günebakar ýagyny satyn aldy, satyn aldy däl, ony dökdem. Diýmek, ýygnak bolmaýar.
Dogrusyny dogry aýtmaly, bu müjmel gepden soň, lipalaryň astyna ümsümlik aralaşdy.
— Bagyşlarsyňyz — diýip, biraz dymyşlykdan soň, bimany toslama satyp oturan çet ýurtla seredip, Berlioz söze başlady. — Günebakar ýagynyň muňa näme dahyly bar... Onsoňam, kim ol Annuşka?
— Günkebakar ýagynyň dahyllydygyna sebäp munda — diýip, birden söze Bezdomnyý goşuldy, — meger ol çagyrylmadyk hem söhbete garşy uruş yglan etmekçi boldy, — siz, graždanin, ruhy keseller şypahanasynda heý bolupmydyňyz?
— Iwan! — diýip, Mihail Aleksandrowiç ýuwaşja hürsekledi.
Emma çet ýurtly myhman asla ynjamady, gaýta şadyýan ýylgyryp: — Bolandyryn, bir gezegem däl, birnäçe ýola! — diýip seslendi. Ol ýylgyrsa-da, ünsli gözlerini şahyrdan üzmän gürledi, — onda-da nä bolmak! Bir ökünýän zadym, professordan: «Şizofreniýa näme?» diýip soramagy unudypdyryn. Indi özüňiz ondan sorap, anyklarsyňyz-da, Iwan Nikolaýewiç!
— Adymy, familiýamy nireden bilýäňiz?
— Siz birhili adam, Iwan Nikolaýewiç, sizi kimler tanamaýa? — diýip, çet ýurtly myhman jübüsinden «Literaturnaýa gazetanyň» agşamky sanyny çykardy. Şonda Iwan Nikolaýewiç gazetiň birinji sahypasynda öz suratyny, suratyň aşagynda bolsa, öz ýazan şygryny gördi. Emma agşam ony hoşal eden şöhrat we tanymallyk sebäpkäri bolan bu şygyr indi şahyry asla söýündirmedi.
Ol reňki çuw-ak bolup: — Meni bagyşlarsyňyz, siz bir dem sabyr edip bilmersiňiz, ýoldaşyma diýjek iki agyz amanat gepim bardy — diýdi.
— O, baş üstüne! — diýdi nätanyş kişi, — bu ýer, daragtlaryň aşagy hylwat ýer eken, üstesine-de, men hiç ýere howlugamok.
Şahyr Berliozy çeträge çykaryp: — Bäri bak, Mişa, bu asla inturist däl, ol içaly. Ýurdumyzdan çykyp giden satlyk rus emigranty. Tizräk onuň kepilini sora, bolmasa gider ol...
— Şeýlemikä? — diýip, Berlioz gaýgyly pyşyrdady, özi bolsa: «Gepi-söz-ä dogry ýaly!» diýip göwnünden geçirdi.
— Gepime ynanaý — diýip, şahyr Berliozyň gulagyna pyşyrdady, — ol samsyklyga salan bolup, käbir zatlary biljek bolýar. Onuň rusça gepleýşini özüň eşitdiň-ä — diýip, şahyr pyşyrdap, gaçyp gidäýer öýdüp, nätanyş taýa göz gyýtagyny aýlady, ýör, ony ele salaly gaçyp gitmänkä...
Soň şahyr Berliozyň elinden tutup, ony uzyn oturgyja tarap çekdi. Bigana kişi indi oturgyçdan turupdy. Elinde dok külreňk gaply nähilidir bir güwänama sypatly galyň kagyzdan ýasalan bukjany we çakylygy saklap durdy. — Meni bagyşlarsyňyz, gürrüňe gyzygyp, özümi tanyşdyrmagy hem unudaýypdyryn. Ine, meniň mekannamam, pasportym we Moskwa konsultasiýa üçin çagyrylandygym hakynda teklipnama — diýip, nätanyş kişi iki edebiýatça ýiti gözlerini dikişine, kesgin-kesgin gepledi.
Şonda iki dost öz eden işlerinden özleri utanyp: «Be-e, hemme gepi eşiden eken-ow...» diýip oýlandy. Berlioz mylaýym yşarat bilen kepil görkezmegiň hajatynyň ýoklugyny bildirdi. Çet ýurtly myhman dokumentlerini redaktora uzadan wagty, teklipnamadaky çet ýurtlyň dilinde «professor» diýlip ýazylan söze we familiýasynyň baş harpynyň «W» ekenligine şahyryň gözi düşdi.
Bu bolan ahwala ökünýän äheňde redaktor, — örän hoşaldyryn, — diýip hüňürdedi, çet ýurtly bolsa, dokumentlerini ýene jübüsine saldy. Şeýlelikde mylakat gaýtadan diklendi-de, olaryň üçüsem täzeden uzyn oturgyja çökdüler.
— Siz biziň ýurdumyza konsultant hökmünde çagyryldyňyzmy, professor? — diýip, Berlioz sorady.
— Hawa, men konsultant.
— Siz nemesmi? — diýip, Bezdomnyý sorady.
— Menmi?.. — diýip, professor tekrarlady we birden çuňňur oýa berildi. — Hawa, nemes diýseň-de bolýar...
— Rusça örän oňat gepleýän ekeniňiz — diýip, Bezdomnyý duýdurdy.
— O, men umuman, poliglot, juda köp dili bilýärin — diýip, professor jogap berdi.
— Käriňiz haýsy ugurdan — diýip, Bezdomnyý sorady.
— Meniň kärim sährgärlik, gara magiýa ugrundan.
«Bir şu ýetenokdy» diýen pikir Mihail Aleksandrowiçiň beýnisine sanjyldy.
— Siz... sizi şu ugur boýunça çagyrdylarmy biziň ýurdumyza? — diýip, ol sakawlap sorady.
— Hawa, şu ugur boýunça — diýip, professor tassyklady we pikirini dowam edip: — Bu ýerdäki döwlet kitaphanasynda onunjy asyrda ýaşan jadygöý, gözbagçy Herbert Awrilakskiniň asyl golýazmalary tapylypdyr. Şolary işlemekçi, anyklyk girizmegi sorap durlar menden. Bu ugurdan men dünýäde ýeke-täk işgär.
— A-a! Taryhçy ekeniňiz-dä?! — diýip, Berlioz ýuwaşja, arkaýyn hormat bilen sorady.
— Hawa, men taryhçy — diýip, alym tassyklady, soň edil tamdan taraşa düşen ýaly, hürritgoçak goşmaça kyldy: — Şu gün agşam Patriarh kölçesinde alamat waka ýüz berýär!
Redaktor bilen şahyr ýene geň galdylar, professor bolsa, olary özüne tarap ümledi, iki dost äňedip, oňa gulak tutanda, ol şeýle pyşyrdady: — Ýadyňyzda bolsun, Isa bolup geçipdir.
— Bilýäňizmi, professor, — diýdi Berlioz zordan ýylgyran bolup, — biz siziň gymmatly bilimiňize hormat edýäris, emma biz bu meselede özgeçe düşünjä eýediris.
— Hiç hili düşünje gerek däl! — diýip, jogap berdi alamat professor. — Ol ýaşap geçipdir, wessalam.
— Munuň üçin nähilidir bir subutnama gerek ahyry — diýip, Berlioz söze başlady.
— Hiç hili subutnama derkar däl — diýip, professor jogap berdi we indi pessaýja gepläp başlady, özem onuň dilindäki daşary ýurtlulara mahsus bolan çalgyrt äheň indi ýitipdi: — Bärde hiç hili geň galasy zat ýok! Egnine gyrmyzy jähekli ak plaş geýen...

Категория: Romanlar | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: