02:16
Ýere gaçan ýyldyzlar: Añzakly tomus -1: Badalga

ÝERE GAÇAN ÝYLDYZLAR / Roman

Birinji kitap

AÑZAKLY TOMUS

(XIX-XX asyr türkmen hronikasy)

1. BADALGA

Türkmen topragy bilen Orsyýet baryp-ha on sekizinji asyryň başlaryndan bäri gyzyklanyp ugrapdy. Türküstanyň üstünden ähli Aziýa ülkelerine gapy açmak islegi bilen joşýan Peýotr birinji 1716-njy ýylda, Bekowiç Çerkasskiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýany Hywa ugradypdy. Ekspedisiýanyň maksady Orsyýetden Owganystana, Hindistana tarap açylmaly täze ýoluň ugrunda oturan türkmenleriň, şeýle hem Buharanyň, Hywanyň syýasy we ykdysady ýagdaýlaryny, jugrafiýa taýdan ýerleşişini öwrenmekden ybaratdy. Täze açyljak ýol «Söwda ýoly» diýlip atlandyrylýardy. Ykdysadyýet bilen baglanyşdyrylýardy. Aslyýetinde welin, onuň aňyrsynda Orsyýediň ýaňy döräp ugran imperialistik-kolonyal syýasaty ýatyrdy.
Ykbaly pajygaly bolan hem bolsa, şol ekspedisiýanyä netijesinde Hazar deňziniň türkmen kenarlarynda «Mukaddes Pýotr», «Aleksandrowskoýe», «Krasnowodsk» ýaly ors harby berkitmeleri döredilipdi. Şonuň bilenem, türkmen topragyny özleşdirmekligiň ilkinji ädimleri ädilipdi.
On dokuzynjy asyryň birinji ýarymyndan başlap bolsa, Çeleken – Maňgyşlak aralygynda ýerleşen, goňşy parslardan ezýetler gören, san taýdan şeňle bir köp bolmadyk kenarýaka ýomut türkmenleri, hususan-da Japarbaýlarorslara edil bulutdan çykan güneş kimin garap başladylar. Güýçli döwlete arka dirän rahatlykda ýaşamak maksady bilen, Orsyýede raýat bolmaklyga meýil bildirdiler. Şol türkmenleriň hany Kyýat han öz halkynyň adyndan ak patyşa telim gezek haýyşnamalar iberdi. Şeýle haýyşnamalaryň iň ähmiýetlisini ol 1836-njy ýylda, Günbatar Türkmenistany geodeziýa we toponomiýa Taýdan öwrenmek bahanasy bilen Ors hökümedi tarapyndan gurnalan ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Karelinden iberdi. Ak patyşanyň diwanynda hatynyň ýüzüne-de seredilmejekdiginden bihabar han şonda obama-oba aýlanyp, her obanyň kethudasyna, hanyna begine barmak basdyrdy. Hamala bar meseläni şol çözýän ýaly, Kareliniň öňünde gözünden ýaşlar döküp aglady. Arzy-halyny, halkyň ýagdaýyny Onuň Aly hezretlerine ýetirmekligini haýyş etdi.
Emma Ors hökümedi şol wagt ýomutlary raýatlyga almaklygy özüne artykmaç ýük saýdy. Bu meselede hususan-da, Ors hökümediniň Maliýe ministri erjellik görkezdi. Ol öz garşylygyny ýomutlaryň dagynyk, yza galak, çarwa halkdygy, egerde olary raýatlyga alsalar şäherler, punktlar, şeýle hem keselhana, mekdep, telegraf, poçta desgalaryny, diwan jaýlaryny gurmaly boljakdyklary, demir ýol, çagyl ýol çekmek, köpri gurmak zerurlygynyň ýüze çykaňmagynyň hem ahmaldygy, ol zatlaryň bolsa döwlet gaznasyny ummasyz çykdaja goýjakdygy, olardan zyýandan başga hiç hili peýdanyň bolmajakdygy baradaky delliler bilen düşündirdi.
Şonuň bilenem ol mesele galdy. Çünki, olara şol wagt, raýatlyk däl-de, diňe ýol, geçelge, ötelge gerekdi. Şol ýoluň ugruny öz peýdalary üçin öwrenmek gerekdi. Çöl içinde agyp-dönüp ýörençarwa halkyň şol ýoluň öňüne böwet bolup biljekdigi barada welin pikirem etmeňürdiler. Çekinmeýärdiler. Äsgermeýärdiler. Üstlerini basyp geçip ötägidibermelidir öýdýärdiler.
Ýöne ine, on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymyndan başlap türkmen meselesi olary bütinleý başga bir jähtden gyzyklandyryp, başlady we yzly-yzyna, öňki ekspedisiýalara düýbünden meňzemeýän harby otrýadlary türkmen topragyna iberip ugradylar. Ýene-de ýol meselesini öňe tutdular. Türkmenleriň üsti bilen, bireýýäm Orsyýediň tabynlygyna giren Buhara tarap söwda ňoluny açmak isleýändikleri, ýerli halka hiç hili ýamanlyklarynyň ýokdugy, gaýtam söwda ýolunyň asuda bolmagy üçin ttürkmenleriň özlerinem eýranlylaryň çapawulçylyklaryndan gorajakdyklary barada wagyz-nesihat geçirdiler. Öwüt-ündewler etdiler. Öň ýalbarsalaram raýatlyga alman ýören halkyny, ak patyşa raýat bolmaklyga çagyrdylar. Kenar ýakasyndaky ýomut türkmenlerinden başlap tä Ahal ülkesine çenli bolan aralykdaky han-beglere hat üstüne hat gönderdiler. Dürli syýasatlar ýöretdiler. Syýasatlarynyň ýol almadyk ýerinde haýbat atdylar. Onda-da bolmasa, güýç ulandylar. Göz görkezdiler. Zorluk, sütem etdiler. Çapawulçylyk etmekdenem gaýtmadylar. Käte bolsa goňşy oturan parslar, kürtler bilen dilleşip türkmenleriň üstüne alamanlar gurnadylar. Olary näme üçin birden-kä beýle, gyssanmaçlyga düşdülerkä? Onuň sebäbi, nämekä? onuň sebäbi şol wagt Hindistanda agalyk edip oturan iňlisleriň Owganystanyň üsti bilen türkmen topragyna aralaşmak howpy döräpdi. 1878-nji ýylyň aýagynda iňlisler Kabuly, Gandahary eýeläpdiler. Eger-de Hyradam alaýsalar, onda olar Merkezi Aziýa, öňi bilenem türkmen topragyna süsňäp giräýmelidiler. Şonda tä Hazar deňzine çenli bolan aralyk olaryňeline geçýärdi. Deňziň aňry ýüzi, ýagny, Kawkaz tarapy bolsa Orsyýete degişlidi. Düýn-öňňünem özüniň owgan ülkelerine çenli baryp, şol ýerdenem Angliýa wehim salmaklygy, Hindistana täsirini ýetirip, iňlisleri şol ýerden kowup çykarmaklygy, olaryň şondan soňraky Ýewropada etjek hereketlerine çenli gözegçilik etmekligi arzuwlap oturan Orsyýet Beýik Britaniýa bilen hut şu ýerde, Hazar deňziniň Gündogar ýakasynda serhetleşmegi göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Ol öz serhediniň Hindiguş sakasy, Paropamiz örküji, şeýle hem Köpetdag gerişleri üzre geçmegini, agzalan ýerlerdäki daglaryň göwüslerinden syzyp demirgazyga we günbatara tarap ugur alýan ähli çeşmeleriň, çaýlaryň, birnäçe gollary bolan Amyderýanyň hem özüniňki bolmagyny isleýärdi. Şu şekildäki serhet hem-ä iňlislerden jugrafiýa taýdan aýratyn görkezmelidi, hemem Owganystanda bolsa-da, Hindistanda bolsa-da iňlislere birsyhly wehim salyp durmana ýardam etmelidi. Şonuň üçinem, ol ýeke bir ençeme ýyl bäri raýatlyga almaklygy özüne aýakbagy hasap edip oturan ýomutlaryň däl, eýsem Ahal tekeleriňem, Mary tekeleriňem üstünden basyp ötäge-de, iňlisleri iň bolmanda Şeýhi-Jüneýitde – Guşgyda garşylamaklygy ýüregine düwdi.
Entek bütewi bir döwlete öwrülip ýetişmedik hem bolsa orslar üçin kelle agyry bolup dörän türkmenler şol döwür jugrafiki taýdan ýerleşişleri boýunça üç bölekden ybaratdylar.
Birinjisi – iň uly hem orslar üçin iň ähmiýetli bölegi: Hazardan Amyderýa çenli, Garagumyň Demirgazyk çetinden Köpetdag eteklerine we Demirgazyk – Günortadaky Paropamiz örküjine çenli bolan aralykda ýerleşen Ahal hem Mary tekelerinden, salyrlardan, saryklardan, kenarýaka ýomutlaryndan ybarat ZaHazar türkmenleridi.
Ikinjisi Hywa türkmenleri.
Üçünjisi bolsa Buhara türkmenleri.
Buhara 1868-nji ýyldan büri öz howandarlygynda bolandygy üçin, ol ýerdäki türkmenleriň özlerine bolan garaýyşy ors hökümedini gaty bir gyzyklandyrybam baranokdy.
Hywa türkmenleri bolsa 1873-nji ýylda Hywa hanlygy synandan soň güýç bilen boýun egdirilipdi. Ol boýun egdirilişik, «Gazawat gyrgynçylygy» diýen at bilen dünýä taryhyna girdi.
Birinji, topara degişli, ozaldanam orslara meýil bildirip ýören kenarýaka ýomut türkmenleri hiç hili garşylyksyz ak patyşanyň raýatlygyny kabul etdiler.
Günbatarda Gürgen, Etrek, Balkan sebitlerinden başlap, Gündogarda Gyzylarbada çenli bolan aralykda ýaşaýan ýomutlar bolsa, Orsyýet ýaly uly döwlete garşy durup bilmejekdiklerine göz ýetirendikleri üçin, mejbury ýagdaýda boýun boldular.
Şeýlelikde, ors hökümediniň ýolunda duran esasy güýç- heniz ors ýaragynyň yzasyny dadyp görmedik, edilen ençeme töwellalara pitiwa etmedik Ahal, Mary, Pendi, Sarahsa, Şeýhi-Jüneýit türkmenlerinden ybaratdy. Öňi bilenem Ahaldan geçmelidi. Esasy güýjem şol ýerdedi, boýun sunmajakdyklaryny açykdan-açyk aýdýanam şolardy.
Onuň üçinem, bu ülkäniň üstünden arkaýyn ätläp, ötmekligiň aňsat bolmajakdygyna orslar gowy düşünýärdiler. Esasanam Mary tekeleriniň garyndaşlyk esasynda Ahal tekelerine birigäýmekleriniň ahmallygyndan howatyr edňärdiler. Üstesine şol döwür Mary bilen Ahal bir hanlyga birigpdi. Ahal hany Nurberdi han – hanlar hany edilip bellenipdi. Olara salyr, saryk, ýomut, gökleň başga-da birnäçe ownukly-irili türkmen taýpalary hem goşulyp başlapdylar. Ülke bütewi bir döwlet gurluşygyna tarap barýardy. Harby serenjamlar, ykdysady syýasat babatynda guramaçylykly hereketler edilýärdi. Çäreler geçirilýärdi. Hemişelik hereket edýän goşun, wagyz-nesihatçylar, aňtawçylar toparlary, kazyçylyk diwanlary döredilýärdi. Bu tutumyň başynda esasan Ahal hany Nurberdi han bilen Mary hany Gowşut han durdy. Gyzgyn sähranyň içinden «mesaňa» diýäge-de, ýok ýerden, täze bir döwletiň döräýmek howpy elbetde, goňşy döwletleriň, hiç biri üçinem ýakymly däldi. Bu ýagdaý esasanam keranýaka ýomutlaryňam öz tabynlyklaryndan çykyp şol döwlete goşulaýmaklaryndan heder eden orslaryň gonjuna gor guýdy. Çünki, gödek hereketleri bilen olar eýýäm ýomutlaryň ýigrenjini gazanypdylar. Başda olaryň halasgärçilikli missiýasyna ynanan ýomutlar özleriniň ýagyşdan gaçyp damja uçrandyklaryna, ors raýatlygynyňam Hywa Buhara ýa-da Eýran raýatlygyndan erbet bolmasa enaýy däldigine göz ýetiripdiler we gysaçdan sypmak üçin gaça uruşlar edip, olardan sypmagyň her hili çürelerini ýollaryny agtaryp başlapdylar. Ahal ülkesine ors goşunlary bilen bilelikde ýörişe gitmeklikden kes-kelläm boýun gaçyrypdylar. Öň olara goşun üçin satan düňelerini yzyna gaýdyp alypdylar. Ýaňy döräp gelýän türkmen döwletine hakykatdan-da birikmeklik meýline ýüz urup başlapdylar.
Bu täzeligi ýitilik bilen synlap duran ors razwedkasy öňi bilen täze hanlygyň başynda duran Nurberdi hany hem-de Gowşut hany aradan aýyrmaklygyň gamyny iýip ugrady. Sarahsdan Mara göçülip gelineli bäri il içinde suw satyn, çilimsazlyk edip, derwüş sypatynda gezip ýören, halk arasynda Aly mülhit ady bilen tanalýan jansyzyna Gowşut hany ýoklamagy buýurdy. On bäş ýyl bäri Maryda bolýan wakalary ors merkezine habar berip ýören bu ors ofiseri tabşyryk alandan soň basym Gowşut hana golaýlaşmany başardy we aýakgabynyň içine iýji döküp ejirli ölüme sezewar etdi. Dabany çüýräp ugran Gowşut han başda aýagyny topukdan kesmeklerini tebiplerden haýyş etdi. Emma onuň bu haýyşyny ýerine ýetirip bilmediler. Ýara has beterleşiberende dyzyndan aşagyny kesmeklerini buýurdy. Onuň bu haýyşam ýerine ýetmedi. Ahyrsoňunda ol: «Belanyň körüginiň nirededigini men aňýan. Şonuň üçinem, çatalbadan kesip aýryň, dilim gepläp dursa şol orsy şu topraga getirmen» diýdi. Emma muňa-da hiç kim het edip bilmedi.
Şeýdip Sarahsda Hywa hany Mädemin hanyň, Maryda Eýran serkerdesi Hemze Mürzäniň birnäçe müňlük, toply-ýaragly goşunyny sadaja ýaraglanan türkmen ýigitleri bilen kun-peýekun etmekligi başaran meşhur serkerde tüýs gerekli wagtynda dünýäden ötdi. Ýaňy döräp gelýän türkmen döwletiniň bir sütüni syndy.
Şondan soň Aly mülhidem zym-zyýat boldy.
Iň ýakyn egindeşiniň aradan çykandygyny eşidip Nurberdi han: «Wah, bir omurdanym aňrylan ýaly boldy» diýip «ah» çekdi.
Indi gezek onuň özüniňkidi. Ýöne orslar birnäçe ýyl bäri onuň bilen başgaça oýun edip gelýärdiler. Ýomutlaryň arasynda ymykly ornaşanlaryndan soň, olar oňa häli-şindi sylag-serpaýlar, hatlar, haýyşnamalar iberýärdiler. Onuň hanlygyny ykrar edýändikleri barada ähli türkmen serdarlaryna, han-beglerine nama yzyna namalar gönderýärdiler. Şoňa tabyn bolmaklaryny talap edýärdiler. Nurberdi handan idin haty bolmasa, Mihaýlowsk aýlagynda Bakuwa, Astrahana gidýän türkmenleri parahoda mündürmeýärdiler. Orslar Nurberdi hanyň üsti bilen Ahalyň baş serdary bolan Dykma serdara-da, ile-güne täsirini ýetiribilýän beýleki han-beglere-de sylag-serpaýlar iberýärdiler. Şol sylag-serpaýlary Nurberdi han «kapyrdan bir gyl ýolmagam peýda» diýen nakyla eýerip kabul edýärdi. Şol harajatlary başardygyndan il-günüň derwaýyslyklaryna ýaratjak bolýardy. Beýleki han-beglere-de şeýtmekligi sargaýardy. «Elbetde, «bir emmasy bolmasa, guýruk munda ne ýatyr» diýipdirler, bu zatlaryňam aňyrsynda nämäniň ýatandygyny soň görübiris. Ýylan näçe egrem bolsa hinine girjek bolanda gönelýändir» diýýärdi.
Para-peşgeşli pirimleri paşmanyndan soň, barlag-serenjam bahanasy bilen orslar kem-kemden Ahal ülkesine tarap süýşüp başladylar.
1872-nji ýylda patyşa goşunynyň polkownigi Stoletow bir müň ýedi ňüz adamdan ybarat otrýada baş bolup, Amyderýanyň köne ugry bilen ilki Igdi guýusyna, ondanam Gyzylarbada gelipdi we tekeleriň arasynda bir aý bolupdy. Türkmenler bilen dostlukly aragatnaşyk açmak isleýändiklerini aýdypdy. Ondan soň Zawa, Gyzyl çeşmä, Bama, Börmä barypdy. Börme hany Dykma serdar bilen duşuşyp, hoşnutdan-hoşnut sözler aňdyşypdy. Özüni adamkärçilikli, mylakatly alyp barypdy. Serdaryň özüniňem orslar bilen parahatçylykly gatnaşyklaryň açylmagyna garşy däldigini eşidip begendi. Ahalyň beýleki han-beglerini hem şu pikire çagyrmagyny haýyş edipdi. Şular ňaly uly tutmly döwlet işine ýardam edibilse, eden ýagşylyklarynyň ýele gitmejegini, ors hökümeti tarapyndan hemişe, hemmetaraplaýyn goldanyljakdygyny ýaňzydypdy.
Egerde syýasy ýagdaý şol gidişine giden bolsady, ors ofiserleriniň hemmesi özüni Stolew ýaly sypaýy alyp baran bolsadylar, onda ors-türkmen gatnaşyklarynyň parahatçylykly ylalaşyklara tarap ugur alyp gidibermegem ahmaldy. Ýöne, ak patyşanyň hemme ofiseri Stoletow ýaly däldi. Syýasy ýagdaýy edil öz hususy häsiýetine görä çözer ýaly Stoletowam Orsyýetiň birinji adamy däldi. Ol bary-ýogy harby gullykçydy we diňe öz otrýadyna, şeýle hem özüne buýrup bilýärdi. Ýerli halk bilen geçirýän mylakatly çäreleriniň aňyrsynda öz döwletiniň basybalyjylykly syýasatynyň ýatandygyny, bu ülkä uly goşun girenden soň görlüp-eşidilmedik wagşyýana hereketleriň başlanjakdygyny göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Onuň öz niýeti gowudy we niýetine görä-de hereket edýärdi.
Stoletowyň öz ýany, yz otrýady bilen Krasnowodskiden başlap Bama, Börmä çenli ýöriş eden polkownik Markozowyň – tekeleriň soň-sopňlar ýigrenç bilen atlandyryşlary ýaly Margöziň, ýagny Ýylangözüň özýni alyp barşy welin ak patyşanyň kolonial syýasatynyň hakyky keşbini açyp görkezdi.
Ol ýerli halka ýeke bir özüni däl, eýsem öz arkasynda durýan uly bir döwletem ýigrendirdi. Baran ýerinde türkmenleriň gara öýlerini, aýak ulaglaryny, ýükçi mallaryny zor bilen ellerinden aldy, halka göwnüýetmezçilikli garady, kemsindiriji sözler aýtdy. Gojalary urup-sögen gezeklerem boldy. Şular ýaly nadan, ýabany halk bilen dagam adamkärçilikli gepleşiker geçirip, halys eljiredendigi üçin otursa-tursa öz ýanyndan söge-söge Stoletowyň dagy abat ýerini goýmady.
Özüniň şolar ýaly gödek hem hususy herektleri bilen ol türkmen halkynyň Orsyýede bolan ynsanperwerçilikli garaýyşynyň öňýne uly böwet goýdy.
Ýöne, patyşa goşunlarynyň, ofisserleriniň şondan soňky, onda-munda eden hereketleri welin «Ýylan gözüň» dagy çeni-çaky bolmady.
Şol ýylyň tomsunda, ors goşunlarynyň Hywada oturan gazawatly ýomutlaryň başyna salan betbagtçylykly wakasy bolsa, külli türkmen halkynyň, şol sanda Ahal tekeleriniňem süňňüni sarsdyrdy. Hemmesiniň ýüregini terikdirdi. Hemmesinde ors döwletine bolan gahar, gazap döretdi.
Gazawat gyrgynçylygy ors hökümediniň türkmenler babatda şol çaka çenli geçiren gandöküşikli çäreleriniň ilkijisi bolmasa-da, hem möçber, hem geçirliş usuly taýdan iň aýylgançydyr.
Eýsemde, bolsa Gazawat gyrgynlygynyň sebäbi näme?
Dogry, haýsy ýerde ýaşasa-da öz erkinligini saklamagy başarýan türkmenler Hywada oturan bolsalar-da, hiç haçan Hywa hanynyň raýatlygyny kabul etmändiler. Oňa boýunbolmandylar. Pajam tölemändiler. Gazy-haşar işlerine-de gatnaşmaýardylar. Olaryň arasynda: «Laýa bulaşandan gana bulaş» diýen ýaly özbaşlaryna, ýörite nakyllaram bardy.
Ýöne olaryň hana ýaramly taraplaram kändi. Özleriniň raýat däldigine garamazdan, başga halklary öz tabynlygynda saklamagy üçin hana ýakyndan kömek berýärdiler. Içki we daşky duşmanlardan goraýardylar. Özlerem şol işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärdiler. Mahlasy, hanyň harby daýanjy bolup durýarydlar. Hut şol häsiýetleri üçinem han hemişe olar bilen ylalaşykly ýaşaýardy.
Orslar Hywa hanlygyna çozanlarynda-da, olara garşy diňe türkmenler çykypdylar. General Werewkin toplaryny «gümmürdedip» Hywa girenden, gorkusyndan ýaňa huşy başyndan göterilen han köşgüni taşlap gaçypdy, hyzmatkärleri, janpenalary bolsa goramakdan geçen, gaýtam oňa dönüklik edipdiler. Tagtyny bolsa ur-tut dogany eýeläpdi. Ine, hut şol kyn pursatda hem ony türkmenler penalapdylar. Gorapdylar. Öz aralarynda saklapdylar.
Han iň bolmanda şojagaz hyzmatlary üçinem türkmenler babatda beýle haýynlyk etmeli däldi. Hyýanatçylykly sözler aýtmaly däldi. Olaryň mertligi, merdanalygy, beren sözlerine wepalydyklary, özüni birsyhly gorap gelendikleri barada aýtmaýanlygynda-da, beýdip oduň içine bir itermeli däldi.
Emma ol amatly pursat geldi hasap etdi we öňki-soňky öjüni orslaryň eli bilen almak üçin Kaufmany türkmenleriň üstüne küşgürdi. Üstesine, türkmenleri asylam öz tabynlygynda artilleriýasyz saklap bilmejekdigini bahanalap, Hywa boýun egdirilende orslara olja düşen 18 topunam yzyna diläp aldy.
General Kaufman hana ynandy we şondan soň Hywaly türkmenlerden salgyt ýygnamaklygy öz üstüne aldy. Ol bu çäräni amala aşyrmaklygy näme üçindir ýomutlardan başlady we iki hepdäniň içinde 41 000 funt sterlinge barabar 300 000 manat pul getirip tabşyrmaklygy olardan talap etdi.
Elbetde, ors hökümediniň Hywa hany däldigini türkmenler ýagşy bilýärdiler, şonuň üçinem, beýle gysga möhletiň içinde onça puly töläp bilmejekdiklerini ýomutlardan gelen on iki ilçi Kaufmana elin aýtdy we möhletiň biraz uzaldylmagyny haýyş etdi.
Berilen möhletiň hakykatdanam juda azdygyny general Kaufmana onuň öz ofiserlerem aýtdylar. «Munuň şeýledigini özüňizem aňýansyňyz, ýöne, siz hanyň çoçgaryna çolaşdyňyz, türkmenlerden ähtiýalanlyk hem namartlyk bilen ar almak isleginiň amala aşmagy üçin onuň elindäki ýaraga öwrüldiňiz» diýdiler.
Emma general olara gulak asmady. «Gözlerini gorkuzmasaň türkmenleriň ýaraglaryny ymykly taşlajakdyklaryna güwä geçip bolmaz. Şeýtsek özbeklere-de sapak berdigimiz bolar. Onsoňam türkmenler garaşsyzlygy janlaryndanam eý görýärler. Bu bolsa biziň iň bir ýigrenýän zadymyz. Bulary barybir bir hökümede, iň bolmanda, häzirlikçe, Hywa hanyna boýun bolar ýaly etmek gerek. Möhlet barada aýdylanda bolsa, onuň gysgadygyny menem bilýän. Ýöne, maňa geregem şol. Şol möhletiň içinde şolaryň şony töläp bilmezligi. Olary urup mynjyratmak üçin bahanyň döremegi. Görýän welin siziň syýasatdan gaty bir başyňyz çykanok ýaly» diýip, gaýtam olaryň özlerini haýalçyratjak boldy.
Şeýdubem, 1973-nji ýylyň 19-njy iýulynda, ýagny, ors goşunynyň Hywa gireninden bäş hepde soň, Kaufman general – Maýor Golowaçýowyň ýolbaşçylygy astynda, pyýada goşunyň sekiz rotasyny, kazaklaryň sekiz ýüz atlysyny, on top, iki mitrileza bilen ýaraglanan raketaçylar batareýasyny ýomutlaryň oturymly ýeri bolan Gazawata ýollady.
Üstesine, Kaufman ýomutlardan gelen on iki ilçinem yzyna goýbermedi. Tussag etdi.
Golowaçewyň ýomutlaryň boşap galan obalaryny nähili oda berendigini, gaçgaklaryň yzyndan ýetip olary nähili ýowuzlyk hem naýynsaplyk bilen gyrandygyny, şol goşunyň içinde bolup ähli zatlary öz gözi bilen gören, «Nýu-Ýork gerald» atly amerikan gazetiniň habarçysy Mak Cahan özüniň 1874-nji ýylda, iňlis dilinde neşir edilen «Oguzlaryň üstüne ýörüş we Hywanyň syndyrylmagy» atly kitabynyň «Türkmenler» atly üçünji böleginde jikme-jik beýan etdi.
Ol türkmenleri Orta Aziýanyň iň edermen, urşujy halky diýip atlandyrýar. Edilen ýörüşiň netijelerine gynanýar. Orslaryň şolar ýaly eden-etdilikli syýasatyny ýazgarýar. Başdanaýak türkmenlere duýgudaşlyk bildirýär.
«Ýomutlar derbi-dagyn edildi, gyrgynçylyk görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp goýan basylgy bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Hatda entek döwlüp ýetişilmedik bugdaý harmanlanlaryna çenli ýakyldy. Obalarynyň ornunda bolsa diňe kül üýşmekleri galdy. Ýörüşiň dowamynda obalaryna dolanmaklygy, boýun egmekligi hyýallaryna-da getirmezlikleri türkmenleriň ruhlarynyň mizemändiginden habar berýärdi» diýip, Mak Cahan ýazgysynyň soňunda belläp geçýär.
Onuň aýtmagyna görä, ýomutlar tä, Kaufman Buharanyň üsti bilen Daşkende tarap ýola düşýänçä, ummasyz kynçylyk çekendiklerine garamazdan boýun sunup gelmändirler we birnäçe hepdeläp, ymgyr çölüň içinde enäp-tenäp gezipdirler. Olaryň birnäçeleri Hazarniň kenarynda, Etrek sebitlerinde ýaşaýan taýpadaşlarynyň arasyna gidipdirler. Şolaryň belli bir böleginiň ahal tekeleriniň arasyna gaýdandyklaryny hem žurnalist inkär edenok.
Onuň tassyklamagyna görü, ýomutlary bir ýüzli edenden soň general Kaufman Hywada ýaşaýan beýleki türkmen taýpalaryna hem bir hepdäniň içinde her öýden 5 tylla, ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling, jemi 42.500 funt sterling tölemegi buýrupdyr. Türkmenler iki günden soň Kaufmana özleriniň birnäçe müň manada barabar bolan kümüş pullaryny, bileziklerini we şuňa meňzeş beýleki bezeg şaýlaryny getiripdirler.
Aslyýetinde Orsyýediň Hywa hanlygynyň üstüne sürnüp gelmegine näme sebäp bolupdyr? Mak Cahan onuň göze görnüp duran iki sany sebäbini salgy berýär. Birinjisi: Hywalylar şol wagt orslardan ýigrimi bir sany adamy ýesirlikde saklaýan ekenler. Olar diňe ýörüş başlanmazynyň öň ýany boşadylypdyrlar. Ikinjisi: Hywalylar birsyhly ors täjirleriniň kerwenlerini talaýar ekenler. Hywa hanynyň bolsa ýa-ha olara «haý-küş» edesi gelmeýän ekeni, ýa-da hökmi ýöremeýän bolmaly.
Göräýmäge urşuň turmagyna şu iki ýagdaý sebäp bolan ýaly. Ýöne, Mak Cahan sözüniň dowamynda bu işiň syýasy tarapynyň has ähmiýetli bolan bolmagynyň ahmaldygyny habar berýär. Ýagny, Hywa şol wagt Orta Aziýada Orsyýediň tabynlygynda bolman galan ýeke-täk hanlykdy. Buhara bolsa ençeme wagt bäri ors hökümediniň howandarlygynda otyrdy. Egerde Hywany basyp alsa, onda, onuň serhedi Buharanyň aňry ýanyndaky derýanyň ýakalaryna çenli uzalyp gitjekdi. Ol şuny isleýärdi, şol maksadyna hem ýetdi. Üstesine hanyň ygtyýarynam öz eline aldy. Tutuş hanlygy jylawlady. Iru-giç baş göterip biläýjek türkmenleriň gözüniň oduny aldy, derbi-dagyn etdi. Henizem öňki hanlygyna eýe bolup oturandygyna garamazdan, basylyp alynandan soň Hywa hany orslardan bidin bir ädimem ädibilmedi. Netijede, hanlygyň ilaty hem öz-özünden orslaryň raýatyna öwrüldi. Mahlasy, şondan soň orslar Hywa edil, öz öýlerine gelen ýaly arkaýyn geldiler, gitdiler, girdiler, çykdylar, edenlerini etdiler, goýanlaryny goýdular. Çünki, Hywa hany bilen ors hökümediniň arasynda uruşdan soňky baglanyşylan şertnamanyň şerti şeýledi,
Olar ýeke bir Hywada däl, türkmen topragynda-da şeýdip, özlerini erkin duýmak isleýärdiler. Ýerli halkyň öz öýünde özüni hojaýyn hökmünde duýmagyny bolsa olar halamaýardylar. Bu olaryň edähetlerine-de, syýasatlaryna-da ters gelýär. Uly maksada ýetmek üçin olara ýerli halkyň üstünden gülmek ýa ýol çekip geçip gidibermek ýeterlik däldi, tersime, ýerli halk öz öýünde özüni saýry saýmaly, bigäne, erksiz duýmaly. Sustlary pes, göwünleri çökgün bolmaly. Önüp-ösjekleriniň beýnisinde «gul» psihologiýasy döremeli.
Hywanyň basylyp alynmagam, Gazawat urşam hut şol maksat bilen, hususan-da külli türkmeniň, şol sanda ahal tekeleriniňem gözlerini gorkuzmak üçin amala aşyrlan bolmaly. Olaryň çak edişlerine görä, Gazawatda bolan işi ýatlap ahal tekeleriniň aňy üýtgemelidi. Ýetip gelýän ors baýarlarynyň öňünde ýaýaplamalydylar. Garşylyk görkezmeg-ä beýlede dursun, hat-da öňlerinden duz-çörekli çykanlarynda-da uýluklary sandyramalydy, dişleri şakyrdamalydy.
Ýöne, Mak Cahan sözüniň soňunda: «Orslar Hywany basyp alandan Hindistana ýöriş eden bolsalar özleri üçin bähbitli bolardy», diýen netijä gelýär. Çünki, ors hökümetiniň Petr birinjiden bäri edip gelýän arzuwy, ahyrky maksady şol. Hindistan. Hususan-da, Owganystanyň üsti bilen Orta Aziýa gözüni dikip gelýän iňlisleriň seňrigine kakmak. Ýollaryny beklemek. Ýöne, şol ýörişi amala aşyrmak üçin daýanç nokady, berkitme ýa başga bir harby bähbit hökmünde hem Hywanyň hiç hili ähmiýeti ýok. Ýagny, şol wagtky mümkinçiliklere görä, Orsyýediň Hindistana ýöriş etmegi üçin Orta Aziýa iki sany amatly ýol bardy.
Birinjisi: Hazar deňziniň günorta kenar ýakasy bilen, Persiýanyň Hyrada çenli bolan demirgazyk serhetleriniň üstünden tä, Hindistana çenli uzalyp gidýän, müň mile golaý ýol. Egerde, ýöriş şu ýol arkaly amala aşyrylsa, onda, ors hökümediniň şol harby ýörüşine Hywanyň jinnek ýalyjagam peýdasy ýok. Bu, kartadanam görnüp dur.
Ikinjisi: Samarkantdyr Buharanyň üstünden geçip Kerkä, ondan aňryk Amyderýanyň kenar ýakasy bilen Owganystanyň Gunduz şäherine barmaly. Kerkiden üç ýüz ýetmiş mil demirgazyk – günbatarda ýerleşýändigini nazara alsaň, onda Hywa orslaryň bu harby ýöriş ýolundanam ep-esli sowa düşýär. Ýagny, bu ýol arkaly ediljek ýörişde-de Hywanyň, orslara hiç hili ähmiýeti ýok.
Mak Cahanyň şu oýlanmalaryndan ugur alsaň, onda, orslar Hywany harby ýa syýasy maksatlar üçin däl-de şol ýerdäki türkmenler meselesinden dynmak üçin alan ýalam bolup dur.
Çünki, öňde belläp geçişimiz ýaly orslar üçin edil şol wagt esasy maksat Hindistana tarap ýöriş etmek däl-de, alaňlaryň aňyrsyndan alamlarynyň ýokary ujy görnüp ugran iňlisleriň öňüni çolamakdy. Ors hem-de iňlis imperiýasynyň aralygynda ýerleşýän, içinde dürli türkmen taýpalary agyp-dönüp ýören çäksiz giňişligi mümkingadar iňlislerden öňräk eýelemekdi, şol çäkdäki entek bütewi bir döwlete öwrülip ýetişmedik, dagynyk türkmen taýpalarynyň agyzlaryny öňküdenem beter alartmakdy, birdenkä birleşäýmezlikleri, bir güýje öwrülip öňlerinde ullakan päsgelçilikleri döretmezlikleri üçin olary, ýeke-ýekeden çym-pytrak edip çykmakdy.
Goňşy oturan hem bolsa, ol giňişlige häzire çenli Persiýa dawa edenok. Bu orslar üçin gowy. Amatly.
Iňlisleriň Ýewropada uruş etmek meýilleriniň bardygyny bolsa Bosfor wakalary görkezdi. Şonuň üçinem, iňlisleriň gündogardaky imperialistik meýillerine ors hökümeti garşylyk görkezmän durup bilmez. Hindistan meselesi bolsa biraz soňrak. Onuň gitjek ýeri ýok. Ol garaşar.
Hawwa, Gazawatda bolan şol wakalar ors hökümetiniň düýp maksadyny külli türkmen halkyna äşgär etdi. Bu syýasy ýagdaýy öňi bilenem ençeme ýyl bäri orslaryň üns merkezinde duran Ahal tekeleri duýdy.
1878-nji ýylda, ors goşunynyň ofiseri general – maýor Lomakin tarapyndan hiç bir sebäpsiz ýere Hojagalanyň weýran eedilmegi bolsa orslaryň Ahalda, mundan bu ýana nähili hereket etjekdiklerini gutarnykly aýan etdi.
Umuman, olaryň ençeme wagt bäri bu ülkede edip gelýän elmaýyşlyklarynyň, para-peşgeşleriniň, ýalan ýylgyryşlarynyň aňyrsy göründi. Matlap belli boldy. Nurberdi hanyň aýdyşy ýaly, ýylan hinine girjek wagty däl-de, hininden çykjak wagty göneldi. Ahal tekeleriniň ors raýatlygyny kabul etmeg-ä däl, eýsem olaryň üstlerinden geçip gitmeklerine-de ýol bermezlik baradaky oň-pikirlerini has hem çuňlaşdyrdy.
Muny ors hökümediniň özem duýdy. Ýöne, indi yza ýol ýokdy. Sähelçe haýal-ýagallyk edildigi, ors aýysy bilen iňlis şiriniň Hazar deňziniň gündogar kenarynda garpyşaýmagy juda ahmaldy. Hywaly ýomutlary mugyra getirip bilmeýändigine jany ýanyp duran ors hökümeti indi Ahal tekeleri bilen degdim-gaçdym etmesini goňup, belli bir netijä gelüňmelidi.
Şonuň üçinem, ol 1878-nji ýylyň başynda, öňki sypaýyçylyklaryndan el çekip, Ahalteke ülkesine harby ýöriş etmek barada ýörite karar çykardy. Onuň goşun başlyklygyna bolsa, ors-türk urşunda meşhurlyk gazanan, tejribeli serkerdeleriniň biri, general – adýutant Lazarew bellendi.
Gazawadyň başyndan inen howp indi Gökdepäniň üstüne abandy.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 51 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: