23:20
Ýygra söýgi
ÝYGRA SÖÝGI

Bolsaňda sen maňa örän golaýda,
Göwnüme şonçada uzakda ýaly.
Dünýämde gül açan "Söýgi" bagynyň,
Saýasynda saňa garaşýan häli.

Sen alys ýerlere uçmak isleýäň,
A men has golaýa seniň yanyňa.
Düşünmek neneňsi kyn bolup biler,
Bir inçe ýüp bilen öz ýüregimi,
Seniňkä baglamak isleýänime.
                    
Biz hemişe şol bir ýoldan ýöreýäs,
Şol bir agaçlaryň diňleýäs böwrün.
Düýnki aýtjaklarmy bu güne goýdum,
A bu gün şolara büdüräp ýörün.

Isa HOJAMERDANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Isa Hojamerdanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Goşgy barada aýdanda, dura-bara kämilleşersiñ. Öñküleñden kän gowy.
Ýöne sowat taýýarlygyñy hem ösdür. Şular ýaly ownuk säwlikler arkaly köplenç awtoryñ bilimine baha berip bolýandyr

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Isa, ugradyşyñ yaly goydum welin, grammatiki säwlikler bar ekeni. Meselem "bolsañda" - "bolsañ-da" bolmaly, "şonçada" - "şonça-da" bolmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: