10:59
Syrly toslamalaryñ pidalary: Egilen baş kesilenokmy?
▶3: EGILEN BAŞ KESILENOKMY?

Ilki göz astyna alnanlaryñ biri Berdiýewleriñ maşgalasy boldy - kakalary Emir aga bilen onuñ ogullary Kakajan, Bekki hem-de Bapby. Olary "aýyplaýan materiallar" geregindenem köpdi. Ýöne ol materiallaryñ geregi ýok diýseñem boljakdy. Sebäbi ilki DSU, soñra IIHK olaryñ ädimini sanap, ahyrynam tussag edip, özleri sud edipdiler, öz çykaran hökümlerinem özleri ýerine ýetiripdiler.Ýetmiş ýaşyny dolduryp segseniñ ujundan gädip ugran maryly Emir Hajy Berdiýew diýilýän baýy DSU-nyñ operatiw işgärleri oñat tanaýardylar. Baryp-ha birinji jahan urşy döwründe Türkiýä kömek bermek üçin harajat toplaýandyklary üçin Russiýada musulmanlar tussag edilip başlan döwürlerinde bu ýerdäki Rus-Aziýa bankynyñ çinownigi Emir Berdiýew hem tussag edilipdi. Sebäbi bu bank Döwlet Dumasynyñ milli toparynyñ musulman fraksiýasyna degişlidi.
Emir azatlyga çykanda boýny syrtmakly çykypdy, ol öz ogly Kakajan bilen milli azat ediş hereketine ýolbaşçylyk edýän tanymal adamlar barada patyşa Russiýasynyñ düzgün goraýjylaryna habar bermelidi. Ýöne welin, E.Berdiýewiñ basybalyjylyk meýli bolan iñlislere hem-de öñki Zakaspi häkimligine, esasanam akgwardiýaçylar goşunynyñ generalh Oraz Serdara uly hormat goýýandygy hiç kim üçin gizlin zat däldi.
Şu agzalan bahanalar esasynda "sosial taýdan howply" diýlip ol DSU tarapyndan tussag edilip, üç ýyl möhlet bilen sürgün edilipdi hem-de graždanlyk hukugyndan kesilipdi. Jemgyýetiñ täzeki düzgün goraýjylaryna öñki berlen jezalar az göründi, olar ony aýyplap ýene-de tussag edipdiler. Olaryñ bahana arap ony ýene-de tussag etmekleri dogrumy ýa-da birnäçe toslama aýyplar ýüklenilip tutulypmy, ol barada aýratyn gürrüñ etmek gerek. Ýöne şol döwürde her bir adama ömrüniñ geçen günleri üçin jogap bermek rewolýusion moralyñ kada-kanuny laýyk gelmeýär diýlip hasap edilýärdi.Bu waka bir çeper filmdäki daýhanyñ: "Aklar gelip talaýarlar, gyzyllar gelip talaýarlar, daýhanlar näme etmeli?" diýýän sözlerini ýadyñyza düşürýändir. Diýmek, daýhan olaryñ ikisine-de iýmit bolmaly-da. E.Berdiýew hem şol daýhanlaryñ gününe düşen adamlaryñ biri, patyşa Russiýasy hem onuñ arkasyndan sypamandy, bolşewikler gelenden soñ hem rehim-şepagata ýüzi düşmändi. Oña patyşa Russiýasy hem Sowetler hem jeza beripdi.
E.Berdiýew Mekgä zyýarata gidip, hajy bolup gelenligi üçinem jogap bermeli bolupdy. Sebäbi hajy bolup gelenleri ýiti gözli ýer ýüzünden habardat organ işgärleri rewolýusiýanyñ ganym duşmany hasap edýärler. Onuñ 1918-nji ýylda Oraz Serdaryñ ýanyna resmi wizit bilen baryp, Türkiýe soltanyndan Türkmenistana özbaşdaklyk gazanmga hossarlyk etmegini haýyş etmek üçin özüni Türkiýä delegat edip ibermegini haýyş etmegi olaryñ çaklamalarynyñ dogrudygyna güwä geçýärdi. Emma rus ýoluna giden general göwnemän türkmenleriñ ruslardan aýrylyp gitmeginde hiç hili many ýokdugyny aýdypdy. [1]
1918-nji ýylyñ ahyrlarynda, ýagny Zakaspide akgwardiýaçylar öz häkimligini ýöredip başlanda Emir Hajy ýanyna Akga Amanow bilen Mämmet Lezgini alyp Türkmenistanyñ Türkiýä birikdirilmegini haýyş etmek üçin gidipdi. Mahabatly kabulhanada ol türkmen topragyna hökümdar edilip özüniñ ýa-da ogullarynyñ bellenilmegini hem ýüzleklik edip durman gazanyp bilipdi. [2]
Emiriñ ogullaryny hem köp etmişlerde aýyplaýardylar, ýüklenilýän aýyplaryñ esasylarynyñ biri hem kakalarynyñ uly mülkdar hem-de senagat eýesi bolanlygydy. Kaka diýilýän saýlanylyp alynýan zat däl, ol kakalygyna-da galýar. Emiriñ ogullary kakalarynyñ güýçli urgulara döz gelip bilmejegine gözleri ýetik bolany sebäpli oña ýüklenilýän aýyplaryñ agramyny öz üstlerine alanlaryny kem görenokdylar. Bu ýagdaý bolsa derñew işini alyp barýanlaryñ göwnünden turýardy, olaryñ işini ýeñilleşdirýärdi, olara öñden taýýarlap goýan ugurlary bilen gitmäge päsgel bermeýärdi.
Olaryñ iñ uly doganlary Bapby göwnaçyk adam bolansoñ, hiç zady gizlemän, bolşy-bolşy aýdýardy: Ol dogrudanam, "Dokuzlar" diýen söwda kompaniýasyny açypdy. Diñe şonuñ özi hem onuñ "Dokuzlar" söwda kompaniýasynyñ perdesine dulanyp "jenaýatçylykly pikirleri ýaýradýandygyny" subut etmek üçin uly tutaryk bolupdy.Kakajan bilen Bekgini tussag etmek üçin-ä ýapyşalga diýseñ köpdi. Sebäbi olaryñ ikisem akgwardiýaçylaryñ Zakaspi häkimiýetiniñ agzalary bolupdy. Bekki hatda sowetler döwründe azyk söwdasy ministriniñ wezipesinde işläp ýörkä-de Türkmenistanda buržuaz demokratik döwlet gurluşygynyñ tarapdarydygyny aç-açan aýdýardy.[3]
Ol Peterburgda ýokary bilim alyp gelipdi. Bilim we gözýetim babatda ol öz töweregindäki adamlardan mese-mälim saýlanýardy. Ol mekdeplere we döwlet apparatyna rus diliniñ aralaşyp, ruslaşma howpunyñ ýüze çykmagyndan howatyr edýändigini gös-göni aýdýardy. Bekki patyşa Russiýasynyñ alyp barýan syýasatyny berk tankyt edýärdi. Sebäbi ol Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ türkmenlere edýän zulumyny hut öz gözi bilen görüpdi. Bu ýagdaý barada gürrüñ edeninde ol "türkmen zenanlary öz çagalaryny "ors gelýär" diýip gorkuzardy" diýýärdi.[4]
Emiriñ Kakajan diýen ogly hem ýöne adam bolmandyr. Fewral rewolýusiýasyndan hem ozal Peterburg uniwersitetiniñ ýuridiki fakultetinde Mustafa Çokaýew bilen okaýan wagty (Çokaýew ol wagtlar Döwlet Dumasynyñ musulman fraksiýasynyñ garamagyndaky musulman talyplar toparynyñ sekretarydy) onuñ kömekçisi hökmünde Türkiýä kömek bolsun diýlip haýyr-sahawat üçin berilýän zatlary toplamaga oña kömek edipdir. Ol döwürde Peterburgda ýa-da Moskwada okaýan türkmen talyplary gazaklaryñ, gyrgyzlaryñ talyplary bilen birigip, diñe bir germanlara we türklere kömek üçin zat toplaman, eýsem olar rus patyşalygyny agdaryp, buržuaz demokratik respublikany dikeltmegi hem öz öñlerinde wezipe edip goýýardylar.[5]
Bulardan başga-da doganlary 1919-njy ýylda Ashabada gelen M.Çokaýew hem-de 26 Baku komissarlary Garagumda atylyp öldürilenden soñ ýanynda material toplamak üçin bu ýere gelen çepçi eser Wadim Çaýkin bilen ýakyn aragatnaşyklarynyñ bardygy barada hem aýyplaýardylar. W.Çaýkiniñ komissarlara jeza berlişi barada ýazan kitaby 1922-nji ýylda çap edilipdi.
Kakajanyñ okaýan döwründe ýoldaşy Zaky Walidow (Zeki Welidi Togan) bilen musulman toparyna goşulmagynda hem jenaýat bar diýip tapýardylar. Kakajanyñ ol ýoldaşy köp wakalary başyndan geçiren adamdy. Ol Kolçagyñ goşunynda gulluk edipdi, soñra sowetleriñ tarapyna geçip, başgyrtlaryñ bölümine birigip Petrogrady Ýudeniçden gorapdy, ondan soñ bolsa, ol öz pikirdeşi, bir döwüm çöregi böleşip iýen dosty Mustafa Çokaýewiñ tarapyng tutmak üçin fergana basmaçylaryna ýolbaşçylyk edipdi.Türküstan Respublikasynyñ häkimiýeti basmaçylar hereketinu derbi-dagyn edenden soñ, ol herekete gatnaşan ýönekeý, sada adamlar tussag edilmän azatlyk berlipdi. Ýagdaý şeýle bolansoñ Zaky Walidow RK (b) MK-nyñ Orta Aziýa býurosynyñ şol wagtky ýolbaşçysy Ý.Rudzutak bilen gepleşik geçirip, basmaçylar hereketiniñ ýolbaşçylaryny hem azatlyga çykaryp, olara hiç zat diýilmän arkaýyn gezmegine kepil geçmegi haýyş edipdi. Emma ol onuñ teklibini kabul etmän, basmaçylaryñ ýolbaşçylaryna hiç hili ýeñillikleriñ" berilmejekdigini aýdypdy. Şondan soñ Zaky Walidow ýurtdan çykyp gitmegi ýüregine düwüpdi.
1922-nji ýylda ol Mara, Emir Berdiýewiñ öýüne gelipdi, şol ýerde hem aýry-aýry türkmen intelligentleri bilen duşuşypdy. Berdi Kerbabaýew hem ony şol ýerde ömründe ýekeje gezek görüpdi. Aradan köp wagt geçmänkä Kakajan özüniñ köne ýoldaşyna serhetden aşmaga kömek beripdi. Çaklamalara görä, ol daşary ýurtda musulman merkezini döredip, ol merkez hem Türkmenistandaky rewolýusiýa garşy göreşýän milli gurama ýolbaşçylyk etmelimiş.[6]
Kakajan Berdiýewe 20-nji ýyllaryñ başlarynda atanlykda bolan bir wakany hem bilkastlaýyn edilen jenaýat hökmünde ýöñkäpdiler. Ol kakasynyñ öýünde naganyny süpürip otyrka, atanlykda atylyp, Egrigüzer oba sowetiniñ başlygy Rahym Molla Gurban ogluna degip, onuñ ölmegine sebäp bolupdy. Ol uzak wagtlap ölen adamyñ hununy töläpdi. Derñew geçirilende bolsa, ol gussaly waka atanlykda bolan zat däl-de, Sowet häkimiýetiniñ wekili erbet niýet bilen öldürildi diýilýärdi.[7]
Bu faktlar adamy garalamak üçin ýeterlikdi, ýöne ol faktlar diñe operatiw işgärleriñ añynda döräpdi. Eger şol fakty tutaryk edinmeseñ, onda düýbünden döremedik bolşewiklere garşy göreşýän gizlin guramanyñ ýolbaşçysy diýip ony aýyplamaga hiç hili esas ýokdy.Derñew işini alyp barýanlar bu hakykaty oñat bilýän bolsalaram, öz "abraýlaryny" saklamak üçin her edip, hesip edip, alyp barýan işleriniñ dogrudygyny subut etjek bolýardylar.
Ýöne welin şu günlere çenli şol döwürde gizlin guramanyñ bolmandygy barada aç-açan aýdylanokdy. Ol ýorulmadyk matal ýaly bolup galmagyny dowam edýärdi. Kakajan Berdiýewden ilkinji gezek sorag edenlerinde, ol baryp 1926-njy ýyldan bäri rewolýusiýa garşy gizlin guramany döretjek bolandygyny, emma ol guramanyñ hataryna çeker ýaly adam gözläp, doly bir ýyl gözleg işini geçirendigi barada ilki dilden, soñundan hat üsti bilen aýdypdy. [8]
Kakajan Berdiýewiñ aýdan bu sözlerinde şahalaryny giñden ýaýradan, bäşlerçe, onlarça filiallary bolup, olaryñ hemmesi ýolbaşçylyk edýän, görkezmeler berýän Merkezi Komiteti bolan "TA" atly gizlin gurama barada hem dil ujundan agzalyp geçilýärdi. Bulardanam başga, ol hut öz eli bilen ýazan görkezmesinde birnäçe ýoldaşlaryna hem-de hut öz mähriban doganlaryna töhmet atýardy.
K.Berdiýewiñ durmuş akymyna bap gelmeýän gussaly görkezmeler bermegine näme sebäp bolduka? Belki, agzyna salynýan sözlere "dogry" diýse, bu çolaşdyrylan kelepden uç taparyn öýdendir, belki-de egilen baş kesilmeýär diýen sada pikire ten berendir?Aradan köp wagt geçmänkä başyna düşen aljyraññy ýagdaýdan aýñalan ýaly bolup, derñew işini alyp barýan Lewşine hat üsti bilen şeýle habar beripdi:
"1932-nji ýylyñ 29-njy fewralynda meniñ Dimentmana beren maglumatlarymy siz ýazypdyñyz, men şol ýazylan maglumatlaryñ ýazylyşynam, ondaky ündelýän manylaram dogry däl diýip hasap edýärin".
Ýene iki hepdeden, ýagny şol ýylyñ 19-njy martynda mundan ozal beren maglumatlarynyñ hemmesime düýpgöter garşy bolup:
"Meniñ bar diýip maglumat beren guramam düýbünden ýokdy... Ol diñe meniñ hyýalymda bardy" [9] diýýärdi. Soñky geçirilen soraglarda bolsa ol:
"Guramanyñ neneñsi döredilýändigini "Prompartiýa" atly syýasy gurama barada metbugatda okadym. Gurama döretmek baradaky pikir... Kalbymda gopýan çäksiz howsalanyñ önümi bolmagy ahmaldy"[10] diýipdi.
K.Berdiýewiñ derñew wagty aýdan beýleki zatlary toslanylyp tapylan nädogry aýyplamalar esasynda bikanun tussag edilen adama edilýän zulumlara garşy gönükdirilýärdi.
K.Berdiýewiñ derñew wagty aýdan beýleki zatlary toslanylyp tapylan nädogry aýyplamalar esasynda bikanun tussag edilen adama edilýän zulumlara garşy gönükdirilýärdi.
Sorag edilen protokolda K.Berdiýew: "Tussag etmeklik üçin delil gözlenilip, kerwen gatnawy barada aýdylýanlaram, umuman, ähli aýdylýan zatlaram ýalan, toslama. Gurama üçin iñlis razweja gullugyndab köp pul alnandygy barada aýdylýanlaram ýalan. Olar: "Näçe pul aldyñyz?" diýip soranlarynda, meniñ gaharym gelip, gaty kän pul alandygymyz hakda aýdypdym. Ýöne näçedigini aýdanym ýadyma düşenok" diýip ýazypdyr.
Şol soragda K.Berdiýew ozal birnäçe ýoldaşyna hem töhmet atandygyny boýnuna alyp, K.Böriýew barada bolsa: "Böriýew partiýanyñ ideýasyna wepaly, diýseñ işjeñ kommunistdir" diýýärdi.
K.Berdiýew ýurist bolansoñ, özüne ýöñkelýän toslama aýyplary boýnuna goýmak üçin düşünje derejesi çäkli bolan operatiw işgärleriñ ulanýan ýöntem, gülkünç usullaryny paş edýärdi.
Öz işine diýseñ hyjuwly ýapyşýan Lewşin özleriniñ toslama topragyndan ýasan "TA" guramanyñ hakykatdan-da bardygy barada K.Berdiýewe aýtdyrjak bolup diýseñ jan edýärdi. Eger ol ony oña aýtdyryp bilse, toslama guramanyñ açylyp barýan sepleri suwaljakdy. Hyýaly zadyñ hakyky ýeñşi boljakdy.
Agzyna tutulyp berilýän ýalan sözleri aýtmagy namys bilip geplemän oturanlaryñ ýagdaýy has kyndy. Onuñ şeýledigini Şewki Bektöre bilen K.Berdiýew ýüzleşdirilen wagtynda düzülen dokumentden kesgitlemek boljakdy. Şewki Bektöre (bu adam barada ýene gürrüñ ediler) "Rewolýusiýa garşy guramanyñ" bardygy barada diýseñ ynamly aýdýardy, ol guramany hem-de onuñ ýüzüne aldaw perdesini çeken ýolbaşçylaryny "paş" etmek üçin tutanýerlilik we erjellik görkezýärdi.
Bektöre K.Berdiýewe sorag berip beren soragyna-da kesgitli jogap berilmegini talap edýärdi. Derñewçi Dimentman bolsa Bektöräniñ tarapyny tutup, K.Berdiýewi sykaja salýardy. Ol: "Bektöräniñ berýän sowallary onuñ berýän maglumatlarynyñ dogrdugyna kepil geçýärmi ýa-da ýok?' diýip gyssaýardy. K.Berdiýew bolsa: "ol adam aklyndan azaşypdyr" diýip jogap gaýtarýardy. Aljyraññylyga düşen Şewki Bektörä ýene-de derñewçi Dimentman kömege ýetişýärdi. Ol esasan bölümiñ naçalnigi bolany üçin ilki badalar K.Berdiýewiñ "TA" guramasynyñ bardygy, onuñ Eýrandaky we Angliýadaky guramalar bilen aragatnaşyk saklandygy, olardan pul alandygy barada onuñ ozal aýdanlaryny ýatladyp, jogap bermek üçin onuñ aýtmaly sözlerini agzyna salýardy.
Emma K.Berdiýew öz diýeninde berk durup: "Ol wagtlar hiç bir kada-kanuna sygmaýan edilen elhençlikler zerarly haýýatym göçüp, akyl-huşdan jyda düşüpdim. Ol garabasmamyka diýipdim. Indi bolsa onuñ hakykatdygyna gözüm ýetdi. Häzir meniñ ýagdaýym oñat, akyl-huşum ýerinde, şonuñ üçin hem ýalan sözläp biljek däl" diýýärdi.Indi öz naçalnigine goldaw bermek üçin derñewçi Durow ara sokulypdy: "Mary we Tejen sebitlerinde basmaçylar hereketini taýýarlamak işiniñ özüñize tabşyrylandygyny hut özüñiz aýdypdyñyz ahyryn".
K.Berdiýew şol bir durkuny üýtgetmän: "Dogry, men ony aýdypdym. Ýöne ol wagtlar meniñ kelläm ýerinde däldi" diýip jogap berýär. "Näme üçin siziñ şu wagtky berýän görkezmeleriñi Bektöräniñ berýän görkezmesine ters gelýär. Ozal bolsa siziñ berýän görkezmeleriñiz onuñ berýän görkezmesi bilen bap gelýärdi. Sebäbi näme?""Sebäbi ol wagtlar meniñ kelläm ýerinde däldi, häzirki wagtda bolsa, onuñ kellesi ýerinde däl. Onsoñ ähtimallyk teoriýasy esasynda ol ikisi bap gelmeli-dä"[11] diýip, K.Berdiýew jogap berýärdi. Ýöñkelýän aýyplar näçe elhenç hem-de hakykatdan uzakda bolsa-da, K.Berdiýewe olary ýuwutmakdan başga alaç ýokdy. Onsoñ ol "Prompartiýa" guramasy barada howaýy gürrüñ berşi ýaly, hiç ýerde bolmadyk "TA" guramasynyñ bardygy, onuñ DSU-nyñ operatiw işgärleriniñ garşysyna terrorlyk işini alyp barýandygy, häzirki döwürde bolsa, hamana diýersiñ, Türkmenistanyñ DSU-nyñ naçalnigi Karuskiniñ janyna kast etmegi niýetine düwendigi barada aýdypdy.D.I.Dimentman Orta Aziýa harby okrugynyñ 4-nji bölüminiñ naçalnigi hem-de Orta Aziýa DSU-nyñ ygtyýarly wekilidi. Ol öz kärdeşleriniñ arasynda geplemeýänlere dil bitirmekde ýakasyny tanadan adamdy. Birnäçe dişlere döwdürmeýän daş ýaly "şänikleri" hem ol döwüp bilýärdi. Tussag edilen adamlary tabyn etmekde bu ýakasy gaýyşly adamyñ nähili usullary ulanýandygyny bu wagt aýtmak añsat däl, ýöne onuñ sorag eden adamlarynyñ hemmesi diýen ýaly ýöñkelýän aýyplary "boýunlaryna alýardylar", soñra bolsa onuñ guran duzagyna düşýärdiler. Ol hatda doganlar Berdiýewleri we S.Öwezbaýewi hem gürledip bilipdi. Ýogsa ol adamlar özlerin erk edip bilýän hem akylly hem-de ýuridiki taýdan sowatly adamlar ahyryn. Dimentmanyñ sorag eden adamlarynyñ köpüsi derñewçi üýtgäp, başga bir derñewçi sorag eden mahalynda öñki beren maglumatlaryna aýgytly görnüşde garşy çykýardylar. Belki, ol bendeleriñ ozal sorag edilen wagty diñe her hili usullar bilen tenleri, her hili sözler bilen ýürekleri köýdürilmän, eýsem olaryñ akyl-huşuna täsir edýän serişdeleriñ hem ulanylan bolmagy ahmaldy.Ýol näçe uzagam bolsa, ahyryn ol bir ýere baryp direýär. Men Dimentman bilen onuñ şägirdi Zagwozdiniñ ahyryn almytlaryny alandyklaryny öñünden aýdasym gelýär. Olara "derñew işlerini geçirenlerinde kanuna sygmaýan usullary ulanandyklary hem-de jenaýat işinde galplyk edendikleri" üçin jeza berlipdi.[12]
Dimentman towguna tok diýler öýtmeýän wagty, ýagny "Şöhraty ýetjek derejesine ýeten wagty özdiýenli, gaýduwsyz Bekki Berdiýewiñ ýöñkelýän aýyplary boýnuna almagyny gazanypdy. Hamana diýersiñ, ol 1922-nji ýylda bäri Zaki Walidowyñ ýolbaşçylyk eden Daşkentdäki rewolýusiýa garşy gurama bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýdanmyş. Bekki edil öz dogany Kakajanyñ aýdanlaryny "meýletinlikde" gaýtalaýardy. Dimentman iki dogany biri-birine öjükdirmek üçin haýynlykly hiläni ulanmagy niýet edinip, hut şol wagt boýun alýan zatlaryny ýazmaça beýan etmegi talap edýärdi. Bekki bolsa öz goly bilen: "Men Zaki Walidow daşary ýurda gideninden soñ Orta Aziýa möçberinde rewolýusiýa garşy iş alyp barýan "Milli Ittihat" partiýasyna ýolbaşçylyk edip, onuñ alyp baran işini dowam edendigimi tassyklaýaryn" diýip ýazypdyr.Hatyñ ýazylyşyndan hem-de jümläniñ düzülişinden ony B.Berdiýewiñ özi pikirlenip ýazman, kesesinden aýdylan sözler esasynda ýazylandygyny añmak kyn däldi. Bekki Berdiýew şol haty ýazanyndan soñ özüniñ ýadandygyny aýdyp, "ýene şonuñ ýaly maglumatlary almak üçin" ediljek soragy iki gün yza tesdirilmegini haýyş edipdi.
Onuñ beýle haýyş etmegine näme sebäp bolduka? Bekki Berdiýewiñ mundan beýläk sowala jogap bermäge mejaly bolmansoñ, onuñ özüni dürsemegine wagt bermek üçin Dimentmanyñ tapan hilesimikä? Ýa-da Bekki Berdiýew şeýle ýaramaz ýagdaýa düşüp, diý diýilen zatlary diýip, et diýilen zatlary edip duraryn öýdüp, az wagtlyk hem bolsa, özüni saklamak üçin haýyş etdimikä? Belki-de Bekki şonuñ ýaly mojuk toslamany hakykatda bolan zat diýip ýazmaça boýun alanlygy üçin onuñ haýyşy kabul edilendir? Eger Dimentmanyñ iki günden ýene birnäçe maglumatlary aljakdygyna gözi ýetip duran bolsa, Bekkiden ýazmaça maglumat aljak bolup azara galmazdy. Şol soragda onuñ Bekki Berdiýewiñ garşysyna kada-kanuna laýyk gelmeýän usuly ulanan bolmagy ahmaldyr. Sebäbi ýene iki günden ondan maglumat alyp biljekdigine onda doly ynam bolmaly däldi.
Ýagdaý onuñ çen tutuşy ýaly bolupdy. Soñky gezek B.Berdiýew soraga çagyrylanda ol: "Meniñ "Milli Ittihat" atly rewolýusiýa garşy gurama galtaşýan ýerim barada şu zatlary aýdyp bilerin. Eger ol guramanyñ ozalky ýolbaşçysy Zaki Walidow bilen gürleşenim hem-de onuñ serhetden aşmagyna hemaýat berenim üçin men öz-özünden ol guramanyñ agzasy hasap edilýän bolsam, onda maña ol guramanyñ agzasy diýip bolar. Ýöne men ol guramanyñ ustawy hem-de programmasy bilen tanyş däl... Onsoñ 1924-nji ýyldan bäri ol gurama bilen hiç hili baglanyşygym ýok... Türkmenistanda rewolýusiýa garşy resmileşdirilen guramanyñ bardygyny men bilemok" [13] diýýär.
B.Berdiýewden edilen soragyñ stenogrammasyndan çen tutsañ, görer göze, iki adamyñ asuda gürrüñi ýaly bolup görünýärdi. Derñew işini alyp barýan Lewşin soragy iki sany deñ derejedäki adamyñ gürrüñi ýaly parahat we asuda alyp barýardy. Ýöne ol ýagdaý, dogrudanam, görer göze şeýledi. Stenogrammanyñ materiallaryna çuññur aralaşsañ, düýbünden başga pikirler döreýärdi.
B.Berdiýew Orta Aziýadaky sowet respublikalary barada öz pikirini aýdanynda, ol Orta Aziýanyñ Russiýa üçin, merkez üçin çig mallary öndürýän ýer bolmagyna garşy mydama çykyş edip gelýändigini mälim edýärdi. Rewolýusiýa üstün çykyp öñki düzgün üýtgän hem bolsa, öñki ýagdaý üýtgemändi, respublika pagta, ýüñ, ýüpek ýaly çig mallaryñ birnäçe görnüşini taýýarlaýan ýere öwrülipdi. Dogry, sowet häkimiýeti kärhanalar döredipdi. Ýöne ol kärhanalar biziñ ykdysady taýdan garaşsyz bolmak ideýamyzy durmuşa geçirmek üçin ýeterlik däldi. Şonuñ üçin hem türkmen halkynyñ öñdebaryjy wekilleri Türkmenistanyñ "syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan garaşsyz bolmagyny isleýärdi".[14]
Şol maksat bilen hem B.Berdiýew daşary ýurtlarda Orta Aziýada birnäçe halklaryñ, şol sanda türkmen halkynyñam ýaşaýandygyny hem-de onuñ syýasy we ykdysady taýdan ösüp, ýarag arkaly däl-de, añ-düşünje arkaly özbaşdaklygynh gazanmak ugrunda göreşýändigini äleme jar etmäge talwas edýändigini aýdypdy.
Derñew işini alyp barýanyñ gözýetim derejesiniñ çäkli bolany üçinmi ýa-da öz hünäriniñ çäginden çykmazlyk maksady bilen, belli däl, ol: "Siz Soýuzyñ sostawynda özbaşdaklygyny goramaga hukugy bolan şeýle millet bar, ol hem şol hukuk ugrunda göreşýär diýen düşünjäni daşary ýurtlara ýaýratjak bolansyñyz-da?" diýip, oña düşündiriş berýärdi. "Hawa, men şol düşünjäni II Internasionalyñ töweregine jemlenen ýewropa jemgyýetine ýaýratjak bolýaryn" diýip B.Berdiýew jogap berýärdi. B.Berdiýew Türkmenistan respublikasy häzirki döwürde özbaşdak döwlet däl-de, "özbaşdak döwlet bolmaga esasly döwlet" [15] diýip hasap edýärdi. Diýmek, ol 1924-nji ýylda Türkmenistanyñ SSSR-iñ sostawynda Türkmenistan SSR-i diýip yglan edilmegini özbaşdak, garaşsyz döwlet diýip hasap etmändir. B.Berdiýew sosializmiñ tarapdary bolupmy ýa-da bolmanmy, ony aýdyp biljek däl, ýöne şol döwürde-de biziñ jemgyýetimizde sosializmiñ işini kabul edýän, emma onuñ kesgitli modelini biderek zat hasaplaýan adamlar bolupdyr.B.Berdiýew hem-de onuñ birnäçe döwürdeşleri ençeme meselelere, esasanam milli meselä ýokardan salgy berlişi ýaly garamaly däldi. Ol meseleler barada olaryñ başgaça pikirleri bardy. Totalitar düzgüniñ ýöredýän syýasaty ähli ugurlary öz penjesine gysan döwründe demokratiýa, köppartiýalylyk, özbaşdak pikir etmek diýlen düşünje jemgyýetden çetleşdirilipdi. Emma B.Berdiýew özbaşdak pikir ýöredýän adamlaryñ hataryndady. Hatda ol uzak ýyllar ejir baryny çekip, lagerleriñ "eşretini" iýip gelenden soñ, 1956-njy ýylda derñew işini alyp barýan kommuniste şeýle diýipdi:"Ýeke-täk partiýanyñ höküm sürýän sistemasynda, ýagny onuñ hatarynda diñe bir hakyky kommunistler bolman, eýsem onuñ hataryna diñe hususy bähbitlerini arap giren adamlaryñ agdyklyk edýän ýerinde ýalynjañlygyñ we ikiýüzliligiñ boljakdygyna gözüm ýetik. Şonuñ ýaly ýagdaýda höküm sürýän ýeke-täk Kommunistik partiýa milli meseläni dogry çözüp bilmez. Ol döwürde (bu ýerde 20-30-njy ýyllar göz öñünde tutulýar - R.E.) meniñ pikirimçe, milli meseläni dogry çözmek üçin birpartiýalylyk düzgüniniñ garşysynda durup, deñagramlylyk saklamaga ukyby bolan Orta Aziýada ýaşaýan halklaryñ aýry-aýry demokratik guramalary gatnaşan bolsa, onda mesele dogry çözülerdi".[16]
Gozgalýan bu mesele häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirenok. Ýöne welin biziñ häzirki demokratlarymyz ol meseläni, göýä diýersiñ, özleri oýlap tapan ýaly öz atlaryndan öñe sürýärler. Hakykatda bolsa, ol pikir ýetmiş ýyl mundan ozal öñdebaryjy türkmen intelligensiýasynyñ kellesine girip, ýüreklerini ynjalykdan gaçyrypdy.
Onsoñ olar öz pikirlerini amala aşyrmak üçin ýol agtarýardylar. Haýsam bolsa bir gizlin gurama döretmek barada olaryñ pikir eden bolmaklary hem ahmaldy, ýöne ol hyýaly durmuşa geçirjek bolsañ, soñunyñ näme bilen tamamlanjakdygyna olaryñ akly ýetikdi. Ýagdaý şeýle bolansoñ, olar ilki wagtlarda öz klublaryna ýygnanýardylar. Ol Aşgabadyñ Doktor köçesiniñ 6-njy jaýydy, ýagny Berdi Kerbabaýewiñ ýaşaýan öýüdi. Soñra bolsa döwletiñ ýokary basgançagynda oturanlaryñ ygtyýar bermegi netijesinde türkmen ylmy-edebi jemgyýetini döredipdiler. Bu ylmy-edebi jemgyýetiñ ýygnagyna paýtagtyñ saýlama intelligensiýasy gatnaşýardy. Onda gozgalýan meseleler diýseñ gyzyklydy hem-de özüne çekijidi: edebiýatdan, sungatdan, etnografiýadan başlap, durmuş, din we syýasat baradaky meseleler hem gozgalýardy.Şol döwürlerde doganlar Berdiýewler bilen S.Öwezbaýew dagy: "bolşewizmiñ ömri uzak däldir, türkmenler bolşewikler bilen bir ýoldan ýöräp bilmezler" diýýärdiler. Olar onuñ bilen bir ýoldan ýöremegiñ öz eliñ bilen öz boýnuña ajal syrtmagyny salan bilen deñ zatdygy barada çekinmän aýdýardylar. Olar toparlara bölünip, her bir topar öz ynamyny berk goraýardy. Başga birnäçeleri bolsa, haýsam bolsa bir topara ýykgyn edýärdiler. B.Berdiýew we onuñ tarapdarlary bular ýaly çekeleşikler bolmaly zatdyr, çekeleşikler esasynda çyn hakykat ýüze çykýandyr diýip hasap etseler, şol jemgyýetiñ beýleki toparyna aktiw gatnaşýanlaryñ birnäçesi bu meselede pikirleri çapraz gelendigi üçin öz kärdeşlerinden arany daşlaşdyrýardylar. Aradan wagt geçip B.Berdiýewiñ işi derñelen wagtynda bolsa, şol çekeleşmelerde aýdylan sözlere "Sowetlere garşy çykyşlar" diýlip mahabat berlipdi.
Ýagşy zadyñ bolmadyk ýerinde ýaman zat bolmaz diýlişi ýaly, ýagşy niýet bilen oñat pikirlere gulluk eden adamlar ýaman günlere duçar bolupdyrlar. S.Öwezbaýewe atuw berildi, doganlar Berdiýewler ömürleriniñ ýigrimi ýyla golaý döwrüni ol türmeden beýleki türmä, ol lagerden beýleki lagere geçip, ser-sepillikde geçirmeli boldular. Berdi Kerbabaýew bir ýarym ýyl türmede oturyp gelipdi. Eger ol hem "TA"-nyñ beýleki "dil düwüşen" adamlary ýaly türmede oturmaly bolan bolsa, onda türkmen edebiýatynyñ meşhur epopeýasy bolan "Aýgytly ädim" romany ondan ýadygärlik galmazdy.
B.Berdiýew derñew işleri alnyp barylýan wagtda türkmen ylmy-edebi jemgyýet barada aýdanyñda, ol jemgyýetiñ örän oñat işler alyp barýandygyny, täze ýetişip gelýän ýaş türkmen intelligentleriniñ wekilleri bolan mugallymlaryñ, alymlaryñ, medeniýet işgärleriniñ oña gatnaşýanlarynyñ sanynyñ artýandygyny, ol ýerde milli edebiýat, milli sungat, milli syýasat barada gürrüñler edilip çekişmeler guralýandygyny, halky geljekde täze garaşsyz döwlet gurmaga taýýarlyk işleriniñ alnyp barylýandygyny aç-açan aýdýardy.Olardan hem başga ol milli diliñ şol döwletiñ garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny kesgitleýän ölçegidigini, şonuñ üçinem türkmen dilini diñe saklamak däl-de, ony gitdigiçe ösdürmek barada ençeme çekeleşikli gürrüñleriñ geçirilendigini aýdypdy.
B.Berdiýewiñ aýry-aýry ugurlar barada teoriýa häsiýetli berýän gürrüñleri Lewşiniñ göwnünden turanokdy. Ol özi üçin gerek faktlary toplamak üçin gürrüñiñ ugruny üýtgetjek bolýardy.
LEWŞIN : Siz rewolýusiýa garşy gurama bilen gatnaşykly bolandygyñyzy inkär edýärsiñizmi?
BERDIÝEW : Rewolýusiýa garşy guramanyñ bolandygy ýa-da bolmandygy hakda iki hili pikir bar. Meniñ pikirimçe, şeýle guramanyñ bolan bolmagy ahmal, ýöne men ol hakda hiç zat bilemok.
LEWŞIN : Siz 1927-nji ýyla çenli Türkmenistan basylyp alyndy diýýärsiñiz, şol aýdan sözleriñiz ýadyñyza düşýärmi?
BERDIÝEW : Halkyñ milli aýratynlygyny saklamak babatda hiç bir iş edilmänden soñ, ýurt basylyp alyndy diýip hasap edýärin.
LEWŞIN : Näme, ýurt bolşewikler tarapyndan basylyp alyndymy?
BERDIÝEW : Hawa... Siz rewolýusiýa garşy göreşýän guramalaryñ, heý, biriniñ üstünden bardyñyzmy?
LEWŞIN: Olar klubyñ hem-de Türkmen ylmy-edebi jemgyýetinin esasynda döredilendir.
BERDIÝEW : Beýle bolsa, şol adyny tutan guramalaryñyzyñ düýbüni özümiñ tutandygymy boýnuma alýaryn.
LEWŞIN : Siz ol guramalaryñ ösüp nähili derejä ýetendigini bilýärsiñizmi?
BERDIÝEW : Ol guramalar Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ diwarlarynyñ içinde ösdürilip şol derejä ýetirilendir.
Soñra Lewşin Türkmen ylmy-edebi jemgyýetiniñ rewolýusiýa garşy göreşýän milli guramadygyny subut etmäge erjellik bilen synanyşyk edýärdi. Emma B.Berdiýew düýpgöter garşy çykyp, onuñ hakykatda hiç bir daýanjy bolmadyk toslamadan başga zat däldigini aýdýardy. Derñew işlerini alyp barýan Lewşin Kakajan Berdiýewiñ beren maglumatlaryna salgylanyp "dil düwüşige" gatnaşýanlaryñ iñlisler bilen baglanyşygynyñ bardygy baradaky maglumatlary Bekki Berdiýewe tassyklatjak bolup, ony gyssaýardy. Emma Bekki onuñ zor salmagyna garaman: "Kakajanyñ näme diýenini men bilemok, ýöne iñlisler bilen gatnaşygy, baglanyşygy bar diýilmegi barypýatan toslama" diýip jogap berýärdi. "Siz aýtjak dälmi? Siz, näme, meni masgarabaza öwürjek bolýarsyñyzmy?" diýip, derñewçi azm urýardy. "Hakykatyñ bar ýerinde masgarabaza öwrülmek nämä gerek" diýip, ol jogap berýärdi.
B.Berdiýew öz pikirinde berk durýardy. Derñewi alyp barýan Lewşiniñ bolsa gitdigiçe gany gyzyp, gahar-gazaby artýardy. Ol B.Berdiýewe: "Pikir et, oñatja pikir et. Pikir etmek üçin uzak wagt berler öýdýäñizmi?" diýip, ony gyssaýardy. Ol "Dogry, men wagtlaýyn gelen myhman" diýip, kinaýaly äheñde öwrümli jogap gaýtarýardy. "Ýok, sen öz öýüñde" diýip, Lewşin haýasyzlyk bilen ýylgyranda B.Berdiýew özüni parahat saklap: "Eger men öz öýümde bolýan bolsam, onda meniñ bedenimdäki döwük-ýenjikler tebigy tarapdan bolan bir zat diýip hasap edilerdi. Emma bu ýerde, Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ adamlara aýawly garaýan, rehim-şepagatyñ höküm sürýän ýerinde meniñ şeýle ýagdaýda oturmagym gülkünç dälmi? Men size öz eden işlerimi aýtdym, beýleki adamlaryñ diýýän zatlary bolsa meniñ üçin düşnüksiz"[17] diýip jogap berýärdi.
DSU-da B.Berdiýewden häli-şindi sorag edýärdiler, onuñ etmejek zatlaryny boýnuna goýjak bolup, häli-şindi ony sykaja salýardylar. Ýagdaý şeýle bolsa-da, B.Berdiýewiñ sada kalbyndaky umyt uçguny öçmändi. Ol her niçigem bolsa, adalatyñ bardygyna ynanýardy: "hemme ýerde beýle däldir, organ işgärlerinde-de adalatlysy kändir" diýip pikir edýärdi. Onuñ bu ynamy akademik A.D.Saharowyñ Döwlet Howpsuzlygy Komitetiniñ işgärlerine ynam edişi ýalydy. Saharow hem organ işgärleri tarapyndan näçe kemsidilse-de, näçe äsgermezlik edilse-de, onda-da olaryñ arasynda adamkärçilikli adamlaram bolmaly diýip umyt edýärdi. Dogry, her kim öz kalbynda orun tutan pikire gulluk edýär. Elbetde, DSU-nyñ hem-de DHK-nyñ işgärleriniñ arasynda adamkärçilikli, adalatly adamlar az bolmaly däl, ýöne, gynansagam, ol adamlaryñ Berdiýewiñem, Saharowyñam ýanyna goýberilmedik bolmaklary ahmaldyr.
_______________________________
[1] Şol ýerde, t 1, sah 340-344;
[2] Şol ýerde, t 1, sah 301-304;
[3] Şol ýerde, t 1, sah 35;
[4] Şol ýerde, t 1, sah 225;
[5] Şol ýerde, t 1, sah 312-313;
[6] Şol ýerde, t 4, sah 279, t 1, sah 212, 312, 313, Z.Walidow Türkiýede "Türkmenistanlylar jemgyýetini" döredipdi. Ol Orta Aziýadan, Demirgazyk Kawkazdan, Tatarystandan, Başgyrdystandan we Gazagystandan daşary ýurda geçenleri öz içine alýardy. Walidow daşary ýurda gidenleriñ çykarýan "Täze ses" atly gazeti bilen aragatnaşyk saklap, ilki Parižde ýerleşip, soñra-da Germaniýa geçen M.Çokaýew bilen habar alşyp durýardy, M.Çokaýew uruşdan soñ Türkiýä gelipdi. Stambul uniwersiteti oña professor derejesini beripdi. Walidow bolsa Türküstanyñ sosial we milli meseleleri barada gürrüñ berýän birnäçe taryhy kitaplaryñ awtorydyr;
[7] Şol ýerde, t 4, sah 279;
[8] Şol ýerde, t 1, 41-49;
[9] Şol ýerde, t 1, 41-49;
[10] Şol ýerde, t 3, sah 216-219 (hemme ýerde asyl nusganyñ ýazylyş düzgüni saklanylýar);
[11] Şol ýerde, t 3, sah 236-245;
[12] Şol ýerde, t 1, sah 207;
[13] Şol ýerde, t 1, sah 377;
[14] Şol ýerde, t 1, sah 377;
[15] Şol ýerde, t 1, sah 376-379;
[16] Şol ýerde, t 12, sah 98;
[17] Şol ýerde, t 1, sah 301-304, 379-380.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 63 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: