13:13
Oýlandyryjy pähimler

OÝLANDYRYJY PÄHIMLER

1. Ýoluň egriliginden gorkma, päliň egriliginden gork.


2. Ol ýoluna näler seretjekdi, arman garny oňa basjak ýerini görkezmedi.

3. Wezipesi ulaldygyça,adamyň halkyna hyzmat etmek mümkinçiligi köpelýär. A käte nähili bolýar? Onuň wezipesi beýgeldigiçe ,halkyň oňa hyzmat etmek aladasy köpelýär.


4. Göroglyny gowy görýänim hakykat. Ýöne ony öwjek bolsam... Bezirgen ýadyma düşýär.


5. Käte käbir adamlara " Ol mert,zor,nähili ýagdaýa düşse-de olaryň bir gezegem aglanyny gören ýok "— diýýärler.
Megerem olar aglamaýandyklary üçin däl-de, aglaýandygyny bildirmeýändikleri üçin zordurlar.


6 . Sen meni bagyşla,Eşek! Käbir deýýus adamlary saňa meňzedip men seniň mertebäňi peseldýärin.

7. Şalaryň halyna ýüregim awaýar. Şadyklaryna aşa gümra bolup,olar adamdyklaryny ýatdan çykarýarlar.

8. Hapa ýere kän barsaň,burnyň hem hapa öwrenişýär.

9. Iller "sen,sen" diýýän bolsa,saňa "men,men" diýmegiň geregi ýok.

10. Sen il üçin ýaşabilseň,il seiň üçin ýaşabiler.

11. Goýunlar şeýle bir ýuwaş,şonuň üçinem süriň başyny geçi çekýär.

12. Bilbile iň gözel gül gerek.Ara welin ballyja.

Çerkez BAÝLYÝEW.

Категория: Sözler | Просмотров: 97 | Добавил: cherkezbaylyyew05 | Теги: Cerkez Baýlyýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 6
0
6 Revo   [Mowzuga geç]
Hakykatdanam, oňat pikirler. Oýlandyrýar.

0
5 HALIME   [Mowzuga geç]
. Iller "sen,sen" diýýän bolsa,saňa "men,men" diýmegiň geregi ýok.
Dogry.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Düzgünnamanyñ zerurlygy yok. Paylaşjak maglumatyñyz awtorynyñ at-familiyasy gorkezilmeli beyleki postlaryñ goyluş tertibine üns beriñ. Bolany.

0
3 cherkezbaylyyew05   [Mowzuga geç]
Haweran, belki düzgünnamanyň salgysyny beresiňiz, menä tapmadym!?

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hem saytda postlaryñ goyluş tertibine üns beriñ. Şol tertipde goymagyñyzy hayyş edyäris.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Awtory?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: