20:36
Sahypkyran Gutulmyş beg / taryhy roman
BIRINJI KYSSA

■ ÇAKYLYK

Birinji bap

Ysraýyl gelende, Mahmyt oňa örän ýokary derejede hödür-kerem edip, ony özi bilen bilelikde tagtda oturtdy. Ony özüne ýakyn oturdyp, hal-ýagdaý sorady. Sözüniň arasynda şeýle diýdi: «Biz Hindistandaky kapyrlara garşy söweşmek üçin uly goşuna mätäç. Horosan illeri ahmal edilip gözden salnypdyr, esgersiz galýar. Siziň bilen bir anyk şertnama baglaşmaklygy arzuw edýärin. Eger bir tarapdan bir duşman aýaga galyp, pitne turuzaýsa, onda siziň goşunyňyzdan kömek soramaly bolarys». Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp, oňa şeýle jogap berdi: «Şu oky ýollasaňyz, Balkandan otuz müň goşun geler» diýdi. Onda Mahmyt şeýle diýdi: «Eger bu ýeterlik bolmasa näderis?!». «Onda şu oky ýollasaňyz, ýene on müň atly-ýaragly ýigit geler». Mahmyt ýene öňki heňine tutdy: «Eger has köpräk goşun gerek bolaýsa?». «Şu oky Balkan daglaryna iberseňiz, ýüz müň goşun geler». «Has köp goşun gerek bolaýdy-da?». Ysraýyl Mahmyda başga bir ok berip: «Şuny Türkmenistana iberseňiz, bäş ýüz müň atly-ýaragly goşun diýseň-de geler» diýdi. Mahmyt bu sözlerden soňra alada galdy we ony ýadynda berk belledi.

1025-nji ýyl.
Soltan Mahmyt Gaznaly1 adamlaryň howuny diňe bir gara güýç bilen däl, eýsem sahawatdyr zyýapat bilenem basyp bolýandygyny öz wezir-wekillerine göz edýärdi. Ol özüniň şeýle maksady hakda öz wezirlerine entek Hindistandaka ýaňzydypdy.
Ine, bu günem ol Samarkantda. Soltan Samarkandyň günortasynda düşläp, heýtelelilere2 abaý-syýasat eýledi: at gaýtaram meýdanda on müň adam ýerleşer ýaly äpet, kaşaň çadyr dikdirdi. Aňrysy-bärisi görünmeýän çadyryň içine gat-gat haly düşedip, saçak ýazdyrdy. Özi ýigrimi zirag beýiklikdäki şasypanyň üstünde pöwrize, lagl, dür daşlary bilen bezelen tagtynda oturdy. Sag hem sol gapdalyndaky zerli kürsülerde zerli lybaslary geýen wezir-wekilleri derejeleri boýunça otyrdy. Elli müň gaýa türkmen gulamy sap altynlar, zerler bilen bezelen egin-eşikde, zerli başgaplarda gylyçlaryny syryp tagtyň daş-töwereginde jandarlyk-sakçylyk çekýärdiler. Sährada — çadyrdan ýarym agaç-bir agaç aralykda bolsa egni sowutly, çaraýnaly, başlary tuwulgaly elli müň atly söweşe taýýar halda durdy.
Çadyryň baş saçagy on müň kiçi saçakdan ybaratdy. Her kiçi saçakda iki sany gowrulan guzy, her dürli nazy-nygmatlar, ir-iýmişler bardy. Şeýle hem saçaklara iki ýüz düýe, iki ýüz sygyr, iki ýüz ýylky eti bir meňzeş mejimelerde birmeňzeş tertipde goýlupdy. Olaryň hersi bir reňkdedi.
Saçaklaryň arasynda on sany «köşk» dikeldilip, ol köşkleriň ählisi dürli reňkdäki halwalardan sünnälik bilen ýasalypdy. Halwalaryň «köşk» görnüşini saklamagy üçin olaryň içi inçe agaçlardan, pürslerden, çybyklardan örülip ýasalypdy. Onsoň olaryň daşyna ýörite halwa örtülipdi. Şol köşkleriň her biriniň ýanynda sazandalar topary durup, saz çalýardy. At gaýtarym aralygy tutup duran soltan saçagynyň üstünde mejimeler goýlupdy. Ol mejimelerde kyrk alty görnüşli ir-iýmiş, kyrk alty görnüşli nogul-nabat, nygmat bardy. Etli, nogul-nabatly, ir-iýmişli mejimeleriň aralaryna hoşboý, janperwer ysly her dürli gül-gülälekler örtülendi.
Saçagyň başynda hyzmat edýän hyzmatkärleriň ählisi birmeňzeş zerli eşikdediler.
Soltanyň oturan ýeri has haýbatlydy. Ol ýaşyl atlasdandy. Özem ol zer bilen tikilendi. Çadyryň gyralary altyn nagyşlydy.
Soltanyň ýanyna Heýteläniň ähli ýerinden çagyrylyp getirilen begler edep saklap gelýärdiler we soltanyň öňünde ýere maňlaýlaryny degrip tagzym edýärdiler.
Soltanyň Heýtelä üçünji gezek gelşidi. Onyň birinji gezek gelmegine garahanly nesil şalygy bilen garlyk türkmenleriniň topalaňlary sebäp bolupdy. Emineddöwle öň Heýtelä üç ýüz togsan ýedinji hijri (1003-nji milady) ýylynda gelipdi3. Şonda elli müň garlyk türkmeni Jeýhuna gark eýläpdi. Öz arkadaşlarynyň köpüsiniň ölümine Gadyr han4 sebäpkär bolupdy. Soltan Emineddöwle öz oguz neberesiniň beýle pida bolmagyny islänokdy, şonuň üçin ol ýigrimi ýyldan soňky bu ýörişinde ylalaşygy parahatçylyk ýoly bilen gazanmagy niýet edinýärdi. Soltan Mahmyt Gaznaly Mamun nesilşalygyny dyza çökermek üçin gelipdi, bu ýerden geçip, göni Horezme barypdy.
Soltan üçünji gezek bu sebitiň Howandary hökmünde gelipdi. Onuň maksady özüniň ýöne-möne howandar däldigini heýtelilere göz etmekdi.
Gadyr han Balasagunda oturýardy. Ol Buharanyň patyşasy Alptegin bilen doganoglandy. Ol doganoglanynyň patyşalygyny elinden almak, özi Heýtelä patyşa bolmak isleýärdi. Ol şu maksat bilen soltan Mahmyda nama gönderipdi. Şol nama esasynda hem ýaňy Hindistanyň patyşasy Nindany teshyr edip, uly olja bilen ýüz menzili söküp, Emineddöwle Balhdan Samarkanda gelipdi.
Soltan Gadyr hana o diýen ynanmaýardy. Sebäbi mundan ýigrimi ýyl öň ilki soltan bilen dil birikdirip, dessine-de, onuň garşysyna Dogan han bilen birigipdi. Onuň bu yrgalygy soltanyň içinden entek çykmandy. Şonda-da ol Gadyr hana ýüz berdi, onuň bilen guda garyndaşlygyny açdy. Gadyr hanyň gyzyny ogly Masuda alyp bermegi unapdy. Şu maksat bilen Heýtelä bu gün kejebe-de gelipdi.
Soltan Emineddöwle hiç kimse bilen uzak gürleşmeýärdi. Ol Gadyr han bilen hem uzak gürleşmedi. Ondan näme kömek isleýändigini açyk sorady.
Gadyr hanyň Mawerannahra patyşa bolmagy üçin iki güýç päsgel berýärdi. Birinjisi, öz doganoglany, Buharanyň patyşasy Alptegindi. Ikinjisi, seljuk jemagatydy.
Ol seljukly jemagaty hakda şeýle diýipdi:
«Bu türkmenlere seret, gör, ulumsylanypdyrlar. Siziň ýaly bir beýik soltan bu diýary zabt edende, olar huzuryňyza gelmedi we üzeňiňizi ogşamady. Eger olary ele salsaňyz, size örän peýda geler»5.
Soltan Emineddöwle Gadyr hanyň bu sözünden soň Buharanyň Nur etrabynda ýaşaýan seljuk türkmenlerine ilçi iberdi we olary görme-görşe çagyrdy. Olary gadyrly garşylady.
Ýeri, muňa näme diýip, näme aýtjak?! Öz soltanlygyna tabynlykdaky bir jemagatyň begi — bir obanyň begi hiç hili lybas, aýlyk bermezden, äht etmezden üç ok bilen ýüz müňläp atly söweşijini jemläp bilýän bolsa, onda ol soltandan hem güýçli, edenli bolýar.
Bir raýat — soltanyň bitirip bilmejek işini bitirip bilýär. Onsoň, sen ondan neneň heder etmejek?!
Beýle kişiden ägä bolmaly!
Juda äge hem hüşgär bolmaly.
Ysraýyl beg (Arslan ýabgu)6 soltany gorkuzmagy maksat edinmändi. Onuň bar maksady soltanyň göwnüni awlamakdy, ýörite çakylyk iberip duşuşmak islän soltanyň hoşuna gelmekdi, mundan ýedi ýyl öň — 407-(1017)-nji ýylda Horezmşa basylyp alnan, baglanyşylan ähtnama, şol ähtnamanyň Ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek. Soltanyň mylaýym ýylgyryp, ýürekdeş gürrüň etmegi Arslan begiň göwnüni göteripdi. Şeýle pursatda, adatça, adamyň söz beresi gelýär, gowudan gowy işleri bitirmäge wada berýär.
Arslan han soltanyň ýüzüne seredip hiç hili howp duýmady. Görüp otursa, ol soltanyň göwnüni awlajak bolup, soltanyň tas ýüregini ýaran eken, öz bagtyny garardan eken. Görüp otursa, ol soltanyň göwnüni awlajak bolup, soltanda, onuň wezir-wekillerinde uly howsala, uly gorky, uly wehim döreden eken. «Rast, bir syrgynyň begi ýüz müňläp atly jemläp bilýän bolsa, onda bu beg örän howply beg bolýar. Bu kişiniň nämedir bir zatdan göwni galyp, birden soltanatyň garşysyna goşun jemlemegi hem baş götermegi, şalygy wes-weýran etmegi mümkin. Şonuň üçin haýdan-haý beýle howpuň öňüni almaly. Ýylan ýylandyr, oňa çakmaz diýip kim güwä geçip biler?! Ýassygyň aşagynda ýylan bolsa arkaýyn ýatyp hem bolmaz. Iň gowusy, ony öldürmeli! Öldürmeli!»
Soltan wezirlerine geňeş saldy:
— Näme etmeli? Gadyr hanyň howpurgamasy ýöne ýere däl eken. Ol bize gaty uly howpy öňünden habar beripdir. Eger bu gün bu howpuň öňüni almasak, ertirki gün gaty giç bolmagy mümkin.
— Balygy tutaňsoň, suwa goýbermek akyllylyk däl. Eliňden bir gidensoň, ol balygy tutmak aňsat düşer öýtme!
Makul!
Soltan soltan bolýar. Onuň ýeke agyz sözi bilen, gör, näçe kişiniň ykbaly çepbe çöwrülýär. Gör, Arslan ýabgunyň soltany begendirmek üçin sylahdaryndan7 alyp beren gyzyl peýkamlary8, aýdan sözi öz betbagtlygyna öwrüldi. Arslan ýabgu köşge gelende soltan Mahmytda ony ele salmak, zyndana oklamak pikiri ýokdy. Onuň maksady Arslan hanyň nähili päldäki serdardygyny anyklamakdy, eger howatyrly hasaplasa, ony öz ýanyna gulluga almakdy we bitewi jemagaty böleklere bölüp dagatmakdy. Söhbetdeşlik Gadyr hanyň howatyrlanmasynyň müň keren hakdygyna ýekeje-de şübhe goýmady. Özara söhbetde özüniň Mazenderan hem Tabarystan ülkelerini ykta isleýändigini, eger ol ýerleri özüne ykta berilse, onda on bäş-ýigrimi müň atly goşunyň ýyllyk çykdajylaryny, rozysyny özüniň doly üpjün edip biljekdigini aýdypdy.
Elbetde, soltan söhbediň başynda Tabarystan bilen Mazenderany Arslan hana ykta bermäge razy bolupdy, ýöne gyzyl peýkamly gürrüňlerden — ýüz müňläp atly ýygnap biljekdigini eşidenden soň, bu ähtinden el çekmeli bolupdy. Soltanda haýdan-haý zyndana atmak pikiriniň döremegine Arslan ýabgunyň hut özi sebäp boldy!
Hut özi!
Seljuk jemagatynyň soltanyň garşysyna baş götermezligi üçin Arslan ýabguny girew — agöýli hökmünde saklamaly!
Maslahatdan soň soltan ýene myhmanlaryň ýanyna bardy.
Soltan nagt gürrüň etdi:
— Ysraýyl, sen meniň üçin uly goşun jemlediň. Seniň neberäň — seljuklylaryň maňa mutyg hyzmat etmegi üçin maňa sizden agöýli gerek. Maňa habar berişlerine görä, seljuklylar seni aşa hatyralaýarlar, aşa gowy görýärler. Şonuň üçin hem men seni agöýli edinmegi makul bildim.
Arslan han bu söze ör-gökden geldi:
— Kyblaýy älemim, eger men agöýli bolup, öz neberämden elkin ýaşasam, onda olar dagar. Edil şu gün meniň yzymy tutup biljek adam ýok.
Soltan «maňa geregi-de şol» diýip içini gepletdi. Daşyndan welin, ol:
— Ysraýyl beg, häzirlikçe bu gürrüň soňa goýaly, men seniň öz ogluň hem ýüz elli ýigidiň bilen ýene birki gün meniň myhmanym bolmagyňy isleýärin. Goý, galan ýüz elli esgeriň yzyna gaýdybersin. Bu gün meniň oglum Masut Gadyr hanyň gyzyna öýlenýär. Şonuň üçin biz heýtelilere zyýapat berýäris. Men bu zyýapata siziňem gatnaşmagyňyzy isleýärin — diýdi. Soňam öz emirlerine: — Her on kynygy meniň bir emirim myhman alsyn. Olara gowy hyzmat edilsin, myhmanlaryň hiç bir zady kem edilmesin9 — diýip görkezme berdi.
Ysraýyl beg öz adamlaryny on-ondan topara böldi.
Gutulmyş kakasyna ýüzlendi:
— Baba10, soltan bizi on-ondan toparlara bölüp, güpbasdy etmekçi bolýan bolaýmasyn?!
— Soltanyň sözüne hiç wagt müňkürlik etmegin. Soltan bizi ýok etmek islese, ýüz müň atlyny-da ýok etmäge güýji bar. Ýüz elli kynygy ýeňip bilmän böleklere bölýändir öýtmäň nädogry. Ýöne agöýli baradaky gürrüň üýtgär öýdemok. Soltan aýtdy, gutardy, soň ol sözüni yzyna almaýar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 67 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Didar   [Mowzuga geç]
Bu romanyn elektron kitaby yokmyka?

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tois, atasy.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Seljukly" serialyndaky Elçin hatynyñ kakasy Kutalmyş beg (Gutulmyş beg) hakyndaky romany okamak isleyänler, bärik gelsin )

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: