ÖMRÜM
Ýigit çagy Ýigriminji asyryň
Bu owadan dünýä gelen badyma,
Üstümden sepipsiň baharyň nuryn,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ýüzlerine sylyp çarwa gelinler,
Aýyň nury ýaly bileklerinde
Hüwdüläp-hüwdüläp ukladypdyrlar.
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Gije ýagyş ýuwan gök ýylaklaryň
Tohum edip sepdim monjuklaryňy.
Gök baharyň gübürdisin diňledim,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ejemi horlaman süýtden aýryldym,
Kakamy ýadatman egninden düşdüm,
Dostlar bilen söhbet açdym, gülüşdim,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Guýulardan guýa göçüp ýaşadym,
Sähraň özi ýaly açyk ýaşadym.
Ine-gana gezdim diňlemän böwrüm,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ak adamy garalajak bolmadym,
Beýgeljek bolmadym ili peseldip.
Takdyr halas etdi beýle keselden,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Yssyda gaýnadym, aýazda boldum,
Aýakda boldum — agyzda boldum,
Ownuk gep-gürrüňden alysda boldum—
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Egnimiň üstünde gerip ganatyn,
Ak guşlaryň çawuş çakan halatyn,
Şindem ýatlap ýörün haýran galyplar,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Goşa ogul berdiň tüýs gerek wagty,
Kalbym kanagatly,
Içerim ýagty.
Sakgalym gojaňky,
Çagaňky göwnüm—
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Öz gözlerim bilen syn edýän Dünýä,
Özgäniň gözünden peýdalanamok.
Oýlanamok kişiň beýnisi bilen,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Meniň gerdenimde göteren ýüküm,
Gursagymda çöken azabym, jebrim...
Aý, hawa...
Geçeniň geçdigi bolsun,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Özünden soraýan:
—Be, senem barmyň?
Özüm jogap berýän:
—Hawa, sag-gurgun.
Diýmek, birneme zat görüpsiň eýýäm.
Bolubilýär.
Dowam ediber, Ömrüm!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW. |