23:35
Durmuş toýy
DURMUŞ TOÝY

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Durmuş toýuna adatça, ogul öýermek diýilýär. Sebäbi toý tutulmagy arkaly gelin alnyp berlen oglana özbaşdak öý tutupdyrlar. Munufi özi müňlerçe ýyllar mundan ozal dörän oguz däbidir. Öýlenmekçi bolýan ýigit türkmen sährasynyň bir ýerine ýaý atypdyr, onuň düşen ýerinde gerdek gurlup, ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Öýlenmek – öý gurmak bilen baglanyşykly dörän düşünjedir. Toý gyz üçin durmuşa çykmakdyr. Sebäbi ol türkmen jemgyýetiniň doly hukukly agzasy hökmünde durmuşa goşulyp gidýändir.
Mukaddes Ruhnamadan

Durmuş toýunda ýigidiň hem gyzyň, olaryň maşgala agzalarynyň berjaý etmeli edep kadalary türkmençilikde takyk işlenip düzülendir. Türkmençilikde gudaçylyk işi başa barandan soň, galyň kesilip razylaşylýar we toý sähedi bellenilýär.
Türkmençilikde toý sähedi bellenilende, bir işiň başy tutulanda, sapara çykyljak wagty Aýa we ýyldyza seredilýär, şoňa görä kesgitlenilýär. Bu mesele bilen baglanyşykly Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle setirler bar: «Ir zamanlardan bäri biziň halkymyzyň arasynda Aý, Gün, ýyldyzlar bilen bagly ynançlar, yrymlar bar. Bu ynançlar müneçjimlik bilen bagly ylymdan gelip çykypdyr. «Sähetli günler «, «Bisähet günler» il arasynda ýyldyzlara seredilip kesgitlenipdir. Ylaýtada, Myrryh ýyldyzyna garaýyşlar güýçli bolupdyr. Şol ýyldyz: «Bilmedige bildirerin, bileni hem öldürerin» diýýärmiş. Entegem şol ýyldyz gitjek ugruňda dogsa, şol gün sähetli gün hasap edilmeýär.»
Bu ynanç din bilen gönüden-göni baglanyşykly däl. Dinimizde her gün sähetli gün hasap edilýär. Esasy mesele ediljek işe öňünden doly çäre görmekdir. Toý sähedi bellenilende gyz tarapy hem, oglan tarapy hem toý taýýarlygyna başlaýarlar. Türkmen däbinde gyz we onuň maşgalasynyň toý taýýarlyklary barada Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle aýdylýar: «Türkmen toýuna tutumly taýýarlyk görüp, toýuny göçgünlilikde geçirip bilýän milletdir. Göçgünlilik, durmuşyň adatylygyndan başga bir hereket depginine geçmekdir, şatlygyňy, şadyýanlygyňy ýürekden aňladyp bilmekdir. Munuň özi ruhy-göwün açyklygynyň bir görnüşi bolup, aýratyn ruhy gujur- başarnygy, başga bir edim-gylym aýratynlygy aňladýar.»
«Türkmen öz kalbynyň aýratynlyklary boýunça ilden çetleşmegi, aýrybaşgalaşmagy, bukulmagy halamaýan märekesöýen milletdir, şonuň üçinem ol toýy uly il bolup toýlaýar.»
«Ylaýta-da gyz özüniň toý şaýyny berk tutupdyr. Onuň ýanynda bukjasy bolmalydyr. Bukjada gyzyň egin-eşikleri, ata-enesiniň beren şaý-sepleri bolupdyr. Gyzyň bukjasyny taýýarlamak üçin toýuň öň ýanynda üme edilýär. Ümede gyzyň joralary, ýakyn zenan hossarlary gelinligiň dokuzyny düzüw etmäge kömekleşýärler.
...Gyz toýuna türkmende «gyz ýygyn» diýilýär. Oňa, köplenç, aýal-gyzlar hem-de gyzyň ýakyn erkek hossarlary gatnaşypdyr. Häzirki wagtda bolsa gyz ýygyn oglanyň öýleniş toýundan känbir tapawutlanmaýar. Ol ýigidiň toýundan bir gün öň bolýar.
Türkmeniň toý edebinde durmuşa çykýan gyza ata-enesiniň sargytlary, ündewleri uly orun tutýar. Enesi gyzyna öý işlerini düzetmek, hojalygy alyp barmak, geljekki hossarlary we goňşy-golamlary bilen oňşukly gatnaşmak barada wesýetler etse, atasy gaýynlary sylamak, adamsyny hormatlamak barada ýagşy öwüt-ündewleri edýär.
Nika gijesiniň ertesi gelin öz gaýynlarynyň ýanyna salama barýar. Gelin kürtesini aýyrman, ilki gaýyn atasy bilen, soňra gaýyn enesi bilen tagzym edip salamlaşýar. Ol öz ýany bilen olara, beýleki hossarlaryna getiren sowgatlaryny ýanyndaky gyzyň kömegi bilen gowşurýar.»
Türkmen däbinde oglanyň we onuň maşgalasynyň toý taýýarlyklary barada Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle aýdylýar: «Ýigit toýa taýýarlykly barmak üçin, nika gijesi bilen baglanyşykly ähli dessurlardan habarly bolmalydyr. Toý güni özüni agras, edepli hem sypaýy alyp barmalydyr. Arak-şerap içmekden, beýleki närselerden saklanmalydyr. (Täze guruljak maşgalanyň düýbi tutulanda haramy goşmak edepsizlikdir, ol önjek çagalaryň häsiýetine göni täsir edýär. Toýda arak-şerap içmek Sowet döwrüniň adaty bolup, türkmene soň ýokandyr. Şeýle hem türkmen adaty günlerinde hem diniň haram eden zatlaryndan daş durmagy basarmalydyr.) Türkmenlerde gyzyň ýanynda boýdaşy, ýigidiň ýanynda bolsa naýyby bolýar. Olar gyzyň we ýigidiň adyndan toý dessurlarynyň dogry we doly berjaý edilmegini gazanmaga çalyşýarlar.
Durmuş toýunyň öň ýanynda ýigidiň öýünde geňeş toýy, toýuň soňunda bolsa ýerge toýy bellenilýär Munuň özi toýa taýýarlyk, soň bolsa toýy özboluşly jemlemekdir. Geňeş toýunda toý güni geçiriljek çäreleriň kimler tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi anyklanylýar, işler paýlanylýar.»
Türkmençilikde toý güni gelnalyjy bolýar. Mukaddes Ruhnama kitabynda türkmeniň gelnalyjy edebi şeýle düşündirilýär: «Toý güni gelnalyjy gelip, gyzyň başyna kürte atyp, ony oglanyň öýüne alyp gidýär. Gyzyň atasy öýünden çykarylmagy bir giden dessurdyr. Şonda gyz alnyp çykylanda, gapy tutulýar, diňe gapy tutýanyň serpaýy berlenden soň, gelinligi daşary çykaryp bolýar. Şeýle ýerde gyzyň üstüne dürli seçgiler seçilýär.
Gelnalyjyny garşylamak toýuň iň şowhunly we bagtly pursatlarynyň biridir. Gelniň gelýänini ilki bilene buşlyk haky berilýär. Gelnalyjy ýörite ýakylan üzärlikleriň arasyndan geçirilipdir. Täze gelen gelni garry aýallar maňlaýyna sylýarlar, oňa bagt arzuw edýärler.»
Gelnalyjydan soň, myhmanlara nahar iýdirilýär. Agşamky toýa taýýarlyk bolýar. Türkmençilikde toý gününiň edebi Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Toý güni toýa gatnaşýan adamlaryň toý edebini berjaý etmegi zerurdyr. Toý edýänleriň garyndaşlary, gyzyň boýdaşlary, ýigidiň dostlary aýak üstünde durup, hyzmat edip, toýy at-abraý bilen sowmaga çalyşmaly. Olar diňe ertesi gün arkaýyn dynç alyp bilýärler. Toýda hemmeler toýa gelen myhmanlara oňat hyzmat etmelidir. Toýda myhman garşylamagyň, hyzmat etmegiň edebi zerurdyr. Her bir kişiniň ünsden düşürilmezligi, toýda iýip-içip, toý şagalaňyna goşulmagyny gazanmak zerurdyr.
Şeýle-de toýa myhman bolmagyň edebi-de zerurdyr. Toýa ýörite toý eşiklerini geýip barmaly. Üst-başyň tämiz, toý şagalaňyna laýyk bolmaly. Toýda özüňi mynasyp, akylly-başly alyp barmaly. Köpçülikde, şagalaňda kişiniň göwnüne degjek sözleri aýtmakdan, gelşiksiz, ýeňles hereketleri etmekden saklanmaly. Tötänlikde bolýan zatlar – gap-çanak döwüläýse, üst-başyňa nahar beýleki döküläýse, goh-galmagal edip, toýdakylaryň keýpini bozmak juda edepsizlikdir.»
Şeýle hem toýa gatnaşýan adamlar gyz bilen oglany iň gowy arzuwlar bilen gutlaýarlar. Gutlaýan wagty ak ýüreklerinden çykaran toý sowgatlaryny gowşurýarlar. Toý tutan maşgala hem toýa gatnaşan myhmanlara «toý paýy» hökmünde elýaglyk paýlaýar. Şeýdip, toý şagalaňy iki taraplaýyn şatlyk bilen geçirilýär. Türkmençilikde öýlenen ýigide, durmuşa çykan gyza, umuman, şu alkyş-dilegler edilýär: «Aýagy düşsün», «Bagtly boluň», «Gazygynda garrasyn», «Goňşyň gutly bolsun», «Toýuňyz toýa ulaşsyn», «Ýeri-ýurdy düşsün», «Bagtyň açyldygy bolsun», «Rakyplysy bolsun» we ş.m.
Pygamberimiz öýlenen birini gutlanda şeýle aýdýar eken.
«Bärakellahu leküm we bärake aleýküm we jemmea beýneküma fi haýrin. Manysy: Alla mübärek etsin, bereketini bersin, ikiňizi-de ýagşylykda ýaşatsyn (Ebu Dawut, Tirmizi).
«Türkmençilikde çagyrylan toýuňa barmak, çagyrylmadyk toýuňda görünmezlik esasy edep kadalaryndandyr. Toýda başyň aýlanmaly däl, göwnüň açylmaly. Şagalaňa goşulman, bir çete çekilip oturmak, käbir kemçilikleri agzap, toýa at dakmak, toýa göwnüýetmezçilik etmek, arak-şerap içip, dawa-jenjel turuzmak uly aýypdyr.
Türkmen toýlary bagşysyz, pälwansyz geçmeýär. Bulardan başga-da kämahal at çapyşygy-da, küşt, ýüzük, düzzüm ýaly oýunlar-da guralýar. Toýçy bolsaň bulara işjeň gatnaşyp, toý edýänleriň şatlygyna goşulmak parzdyr. Eliňden gelse toýa hyzmat etmek uly abraýdyr. Toýy eýesi başlaýar, il-gün bolsa sowýar. Şonuň üçinem nahar-şam atarmaga, çaý gaýnatmaga, toýa gelen ýaşululara, alysdan gelen myhmanlara, bagşy-sazandalara hyzmat etmek – il ogly bolmakdyr. Türkmençilikde toýy abraý bilen sowmaga gatnaşmagy özüne kesp edinen adamlar we olara üýtgeşik sarpa goýulýar. Beýle kişilere iliň hyzmatyna ýaraýan adamlar diýilýär.
Iliň toýuna goşulmak – durmuşyň şatlygyny ykrar etmekdir. Toý – göwün baharydyr. Baharyň işine etmek, toýy toýa meňzetmäge ýardam etmek türkmençilikdendir.»

■ Talak ýa-da aýrylyşmak

Talak – maşgalanyň bütewiliginiň erkek ýa-da aýal, ýa-da ikisi tarapyndan ýatyrylmagydyr. Bu erkek kişiniň talak bermegi ýa-da iki tarapyň ylalaşmazlygy, ýa-da kazyýetiň karary bilen bolup geçýär.
Talak, şahsyň nika çäklendirmesinden çykyp, azat bolmagy diýmekdir. Göräýmäge rahatlyk, arkaýynlyk ýaly görünse-de, ol köplenç, kynçylygy, betbagtlygy özi bilen birlikde getirýär.
Sebäpsiz aýrylyşmak talak beren üçin hem, talagyny alan üçin hem maşgala agzalary üçin hem diňe birahatlyk getirýär, kähalatda tutuş ömrüňde ganap duran ýara mysaly, agyrysy we azaby dowam edip durar...
Dinimiz maşgalanyň bitewiligine uly ähmiýet berip, ony bozýan talakdan gaça durulmagyny isleýär. Hiç bir sebäpsiz talak etmegi Pygamberimiz halamandyr. Ol bir hadysy şerifinde: «Halal zatlar içinde Allanyň halamaýan iň ýigrenýän zady talakdyr» (Ebu Dawud) diýipdir. Yslam dini talak meselesinde erkeklere sabyrly bolmagy ündeýär. Gurhany kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Aýallaryňyza ýakymly boluň. Eger olar göwnüňizden turmasa-da Alla size şolaryň üsti bilen haýyr takdyr edendir» (Nisa, 19) Pygamberimiziň hadysynda bolsa şeýle aýdylýar: «Mü’min är – mü’min aýalyny kemsitmesin. Onuň bir häsiýetini halamasa, başga bir häsiýetinden hoşal bolar». Aýallaryň hem talaga sebäp bolup biljek hereketden saklanmagyny ündän Pygamberimiz şeýle aýdypdyr: «Talaga sebäp boljak derejede ärini azaşdyran aýal – bizden däldir».
Yslam dini är-aýalyň ömürboýy bile ýaşamagyny arzuw edipdir, ýöne muny talagy gadagan etmek ýa-da kynlaşdyrmak arkaly başa bardyrmak islemändir. Şol sebäpli-de, talagy mubah saýsa-da, sebäpsiz aýrylyşmagyň öňüni almak üçin çäreler görüpdir. Dine laýyklykda, talagyň dürs bolmagy üçin şu üç şert gerekdir:
1. Talak zerurlyk sebäpli bolmalydyr.
2. Aýal haýz we nifasdan arassalanandan soň, jynsy gatnaşyga girmezden talak berilmelidir.
3. Üç talagy bir gezekde bermeli däl-de, ara wagt salmalydyr.
Dört mezhebiň umumy garaýşyna görä, serhoşuň talagy hem dürsdür. Fetwa şuňa görädir. Ýöne Hanefilerden Ymam Züfere, Tahawiýe we Kerhä, Ahmet b. Hanbeliň gürrüň beren bir rowaýatyna, Şafygylardan Müzenä, hezreti Osmana we hezreti Omar b. Abdulazize görä, serhoşuň nepesiniň düzüw däldigi üçin, onuň talagy dürs däldir. Çünki onuň däliden tapawudy azdyr.
Gaharyna näme aýdýanyny, näme edýänini bilmeýän kişiniň beren talagy hem müjtehid alymlarynyň aglabasyna görä dürsdür. Çünki gahar adama görä tapawutlydyr. Ony kesgitläp, çäklendirmek mümkin däldir. Şeýle hem talak meselesinde degişmek bolmaýar. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Üç zadyň çyny-da çyn, degişmesi-de çyndyr: nika, talak, talakdan dönmek» (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje).

■ Talak edilende ulanylýan sözler iki görnüşde bolýar.

Sarih sözler – anyk, kesgitli talak manysyny aňladýan sözler. «Sen talak», «Sen menden boş» ýa-da halk arasynda diňe talak manysynda ulanylýan sözler muňa mysaldyr. Bu sözler talak niýeti bilen sözlenmese-de, bir rij’i talak bolýar. Talak niýeti bilen aýdylsa, ba’in talak bolýar.
Kinaýaly sözler – anyk bolmadyk, dürli manylary aňladýan sözler. «Indi seniň bilen ýaşaşyp biljek däl», «Bar, ataň öýüňe git» diýen ýaly sözler muňa mysaldyr. Bu sözler bilen talak bolmaýar, ýöne talak niýeti bilen aýdylsa, ba’in talak bolýar. Şeýle hem näçe gezek niýet edilse, şonça-da talak bolýar.

■ Talagyň görnüşleri

Talagyň sünnete laýyk gelip-gelmeýşine görä, sünni we bid’i, yzyna dönüp-dönmezligine görä bolsa rij ’i we ba’in talak diýen görnüşleri bardyr.

■ Sünni talak

Bu talak Gurhanyň we Pygamberimiziň beren maslahatlaryna laýyklykda edilen talakdyr. Bu aýalyň aýbaşydan soň arassalanan döwründe üç aýyň dowamynda her aýda talak edilmegidir. Onuň iň soňky üçünjisi – är-aýaly doly aýrylyşdyrýar. Sünni talak är bilen aýala oýlanmak pursatyny berýär. Şol aralykda puşman eden erkek kişi; bile ýaşaşmak kararyna gelip biler. Aýal bolsa ýalňyşyna düşünip, maşgala agzybirligini saklamaga çalşar. Gurhany kerimde bu mesele şeýle düşündirilýär: «Talak iki gezekdir. Mundan soň ediljek iş ýa agzybir bolup ýaşamak ýa-da gowulyk bilen aýrylyşmakdyr...» (Bakara, 229). «Eger är aýalyna ikinji talakdan soň üçünji talagyny hem berse, şol aýal başga bir äre baryp, ondan talagyny almasa, öňki ärine halal däldir...» (Bakara, 230).

■ Bid’i talak

Bid’i talak – kişiniň aýalyna üç talagy bir gezekde bermegi ýa-da bir arassalyk möhletinde, gysga wagt aralyklarda bermegidir. Şeýle ýagdaýda talak dürsdür, ýöne kişi sünnete ters hereket edenligi üçin günäkär bolýar.
Hezreti Omar, Osman, Aly, Ibni Omar, Ibni Abbas, Ibm Mesud, Ebu Hureýre ýaly sahabalara, tabi’inleriň aglabasyna we dört mezhebe görä, bir gezekde edilse-de, üç talak doly talakdyr. Muňa ençeme mysal getirmek bolar. Abdurrezzakyň «Musannef» atly kitabynda Ubade b. Samit şeýle bir wakany gürrüň berýär: «Atam aýalyny müň talak bilen talak etdi. Men derrew Resulyllahyň ýanyna baryp ýagdaýy düşündirdim. Resulyllah (s.a.w.): «Ataň Alladan gorkmandyr. Aýaly üç talak bilen boşdur. 997-si bolsa hetden aşmak we zulumdyr Alla islese, oňa azap berer, islese bagyşlar» diýdi. (Şewkany, «Neýlül Ewtar»).
Zeýdiýe mezhebine, Zahiri mezhebinden käbirlerine, Ibni Ishaka, Ibni Teýmiýä we Ibnül Kaýýyma görä «Bir gezekde üç talak eden, bir talak eden kişi bolar». Bular Ibni Abbasyň gürrüň beren şu hadysyny delil getirýärler: «Resulyllahyň zamanynda, hezreti Ebu Bekiriň halyflyk eden döwründe we hezreti Omaryň halyflygynyň ilkinji iki ýylynda üç talak bir talak saýylýardy. Soňra hezreti Omar: «Adamlar öň seresapdy, indi howlugyp başladylar. Bu ýagdaýy olaryň zyýanyna kabul etsek» diýdi we soňra kabul etdi», (Müslim, Ahmet b. Hanbel). Bu hadysy diňe Tawus gürrüň beripdir. Ýöne hadys alymlary onuň hadys rowaýatynda köp ýalňyşandygyny belläpdirler.
Aslynda, bu rowaýat bir gezekde aýdylýan üç talagyň doly talakdygyny aýdýar. Çünki Pygamberimiz we Ebu Bekir döwründe adamlar bir gezekde üç talak diýenlerinde muny aýrylyşmak däl-de, sözlerini güýçlendirmek maksady bilen aýdandyklary üçin bir talak hökmünde kabul edipdirler. Emma hezreti Omar döwründe adamlaryň aglabasy muny talak niýeti bilen aýdyp başlapdyr. Şonuň üçin hezreti Omar halkyň ýagdaýynyň üýtgemegi sebäpli, hökümi hem üýtgedipdir. Şeýle hem Ibni Abbas üç talagyň doly talakdygyny aýdýan ençeme hadyslary gürrüň beripdir. Mysal üçin, mujahyt şeýle bir wakany gürrüň berýär: «Ibni Abbasyň ýanyndadym. Bir adam geldi. Ol aýalyna üç gezek talak beren eken. Ibni Abbas ilki sesini çykarman oturdy. Men oňa aýaly bilen ýaraşar ýaly ýol salgy berer öýtdüm. Emma ol şeýle diýdi: «Ilki akmaklyk edip, soňam gelýäňiz-de: «Ibni Abbas, Ibni Abbas» diýýäňiz. Alla (j.j.): «Kim Alladan gorkýan bolsa, oňa bir çykalga görkezer» diýýär. Sen bolsa Alladan gorkmansyň, şonuň üçin saňa ýol salgy berip bilemok. Rabbyňa garşy gitdiň. Aýalyň senden anyk aýryldy» (Ebu Dawud).

■ Rij’i talak

«Rij’i» arap dilinde «dönmek» diýmekdir. Rij’i talak – äri talak eden aýalynyň iddet möhleti gutarmanka, täzeden nikah gyýylmazdan, puşman edip, bile ýaşaşmak hukugyny berýän talakdyr. Şeýle-de bolsa, oňa täzeden nikah gyýdyrmak mustahapdyr. Rij’i talak eden kişi iddet möhleti gutarýança, puşman edip, yzyna dönmese, rij’i talak ba’in talaga öwrülýär.

■ Ba’in talak

Bu yza dolanyp, bile ýaşaşmak üçin täzeden nikah gyýmak şertini hökmany edýän talakdyr. Nika gyýylsa-da, jynsy gatnaşyk bolmanka, taraplaryň ylalaşman ýa-da ylalaşyp aýrylyşmaklary, suduň karary bilen aýrylyşmaklary ýa-da äriň üç gezek talak bilen talak etmegi ba’in talaga girýär. Bu talakda täzeden nikalaşmak üçin diňe erkegiň sözünden dänmegi şert däldir, aýalyň hem razyçylygy gerekdir. Munda täzeden mehir bellenmeli, öňki mehir doly tölenmedik bolsa, şol hem tölenmelidir. Ýöne nika gyýlyp, jynsy gatnaşykda bolman aýrylyşanlar iddet möhletine garaşmaýarlar, mehir tölemeýärler. Gurhany kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Eý, iman edenler, mü’min aýaly nikahlap, soňra onuň bilen ýakynlaşman talagyny berseňiz, iddete garaşmak gerekmez» (Ahzab, 49).
Ba’in talakda aýal iddeti gutarýança, äriniň öýünde ýaşap bilýär. Şol möhletde aýalyň nafakasy (gün-güzerany) äriniň boýnunadyr.
Eger aýal üç gezek talak edilen ýagdaýynda, Gurhany kerimiň beýanyna görä (Bakara, 230), şol aýal diňe başga birine durmuşa çykyp aýrylyşandan soň, öňki ärine halal bolup bilýär. Muňa fykyhda «hulle» diýilýär.

■ Özara razylyk bilen aýrylyşmak

Bu görnüşde aýrylyşmaga – «hul’» ýa-da «muhalaga» diýilýär. Erkegiň doga kemçilikleri, ahlak bozuklygy, garrylygy ýa-da ejizligi sebäpli, aýaly ony ýigrenip bilei. Bu ýagdaýda ärine boýun bolmak meselesinde Allanyň emrim berjaý etmezlikden gorkup biler. Şonuň üçin yslam diňe erkege degişli bolan talak hakyndan başga aýrylyşmak şertlerini hem meşrug kylypdyr. Aýrylyşmak isleýän aýal äri bilen razylaşyp aýrylyp bilýär. Bu ýagdaýda aýal nafakany, mehri we iddet nafakasyny almaýar. Ýagny aýal erkege fidýe berýär. Bu görnüşdäki talak ba’in talak saýylýar.
Gurhany kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «...Aýalyň erkege fidýe bermeginde ikisi üçin hem günä ýokdur» (Ваkаrа, 229) «Eger köňül razylygy bilen mehriniň bir bölegini size (erkege) bagyşlasa, ony hoşallyk bilen kabul ediň» (Nisa, 4). «...Är-aýalyň özara ylalaşyp sulh etmeklerinde hiç hili günä ýokdur. Sulhda haýyr bardyr» (Nisa, 128).
Ibni Abbasyň gürrüň beren bir hadysynda bu mesele seýle düşündirilýär: «Sabit b. Kaýysyň aýaly Pygamberimiziň ýanyna gelip: «Eý, Resulalla, ony (ärini) ne dini, ne-de ahlagy sebäpli aýyplamaýaryn. Ýöne nygmatyň gadyryny bilmezlik ederin öýdüp gorkýaryn» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w.) ondan: «Mehir höküminde alan bakjaňy yzyna gaýtaryp bilermiň?» diýip soranda, ol: «Hawa» diýip jogap berdi. Pygamberimiz (s.a.w.) onuň ärine: «Bakjaňy yzyna al-da, aýalyň bir talagyny ber diýdi» (Buhary, Ibni Maje).
Aýalyň aýrylyşmak islegini erkegiň kabul etmegi sünnetdir. Ýöne äriň aýalyna mähir-muhabbeti bolsa, aýalyň sabyr edip, aýrylyşman ýaşamagy müstehapdyr. Adaty ýagdaýda aýalyň «hul’» islemegi mekruhdyr. Bu barada Sewbanyň gürrüň beren hadysynda Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Haýsy aýal hiç hili oňşuksyzlyk ýokka, ärinden aýrylyşmak islese, jennetiň ysy oňa haramdyr» (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje).
Haýzlyka ýa-da arassalyk möhletinde «hul’» edilse, hiç hili zelel ýokdur. Çünki aýal haýyzka talagyň gadagan edilmegi iddet döwründe aýala geljek zyýanyň öňüni almak üçindir. Ýöne «hul’» beýle däldir. Ol aýaly ärinden ýigrençden çalt halas edýän çäredir.

■ Kazyýetiň karary bilen aýrylyşmak

Kazyýetiň üsti bilen aýrylyşmaga «tefrik» diýilýär. Kazyýetiň karary bilen aýrylyşmak talakdan tapawutlydyr. Çünki talak äriň erkinde bolýar. Emma kazyýetiň üsti bilen aýal äriniň razyçylygy bolmasa-da, aýrylyşyp bilýär. Kazyýetiň aýyrmagy talak hem, fesih hem bolup bilýär. Eklenjini gazanyp bilmezlik, iýlä, hassalyk, oňşuksyzlyk, zyndana düşmek, dereksiz ýitmek ýa-da terk etmek ýaly sebäpler arkaly aýrylyşmak talakdyr. Dinden dönmek ýaly sebäpler bilen aýrylyşmak bolsa fesihdir.
Fykyh mezhepleriniň kabul edýän aýrylyşmak sebäpleri biri- birinden tapawutlydyr. Bu meselede iň dar çäklendirmeler goýýan Hanefi mezhebidir. Iň giňi bolsa Mäliki we Hanbeli mezhebindedir. Ähli sünni mezhepleri göz öňüne alynsa, yslam hukugynda kabul edilen aýrylyşmak sebäpleri şu aşakdakylardyr:
1. Hassalyk. Kazy Şureýh, Ibni Şihab ez-Zuhri we Ebu Sewr ýaly alymlar ýanýoldaşynda ýigrenç döredýän ýa-da bile ýaşamaklaryna zyýan berýän her dürli keselleriň, şeýle hem erkegiň jynsy gatnaşykda bolup bilmezliginiň, erkegiň ýa-da aýalyň çaga önmegi üçin ukybynyň bolmazlygy ýaly keselleriň talaga sebäp bolup bilýändigini aýdypdyrlar. Öýlenmezinden öň, oglan ýa gyz özünde kesel bardygyny bilmedik ýagdaýynda, talak talap edip, aýrylyşmak üçin kazyýete ýüz tutup bilýär. Eger öňünden bilýän bolsa, talak haky ýokdur.
2. Erkegiň güzerany üpjün edip bilmezligi. Hanefi mezhebinde bu talaga sebäp däldir. Ýöne äri güzerany aýlap bilmedik ýagdaýynda, aýal kazylyga ýüz tutup, özüne nafaka (gün-güzeranyny dolar ýaly hak) belledip bilýär. Beýleki üç mezhebe görä, bu talaga sebäpdir. Aýrylyşan ýagdaýlarynda bu rij’i talak bolýar. Emma garyp düşen bir maşgaladaky aýalyň nafaka talap etmäge haky ýokdur.
3. Terk etmek we dereksiz ýitmek. Ymam Agzama we Ymam Şafyga görä, dereksiz ýitmek talaga sebäp däldir. Aýal äriniň ölendigi kesgitlenýänçä, oňa garaşmalydyr. Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbel bolsa, bu ýagdaýy talaga sebäp saýypdyr. Bular äri ýitendigi baradaky iň soňky habary alan gününden dört ýyl geçenden soň, aýaly talak hasaplaýar.
4. Aşa oňşuksyzlyk ýa-da erbet ýenjilmek. Hanefi we Şafygylara görä, erbet ýençmek ýa-da aşa oňşuksyzlyk talaga sebäp däldir. Şeýle ýagdaýda iki tarapyň garyndaşlaryndan oňuşdyrmak üçin geňeş düzülip, iki tarapy oňuşdyrmalydyr. Mälikilere we Hanbelilere görä, şeýle ýagdaý talaga sebäpdir.
Li’an. Aýalynyň zyna edendigini ýa-da çagasynyň zynadan önendigini aýdýan we muny subut edip bilmeýän är kazyýete ýüzlenip, kasam edip, kazyýetiň karary bilen maşgalasyndan aýrylyşyp bilýär. Muňa «li’an» diýilýär. Gurhany kerim bu meselede şeýle diýýär: «Şerinden we bozuklygyndan bizar bolan aýalyňyza ilki öwüt-nesihat beriň. Peýdasy degmese, aýry ýatyň. Şonda-da ýola gelmese, ony çalarak uruň» (Nisa, 34). Urmak hem netije bermedik ýagdaýynda li’an edilýär. Gurhanda bu şeýle düşündirilýär: «Ýanýoldaşyny zyna edenligi bilen günäkärläp, muňa özünden başga şaýat tapmadyk erkek kişi özüniň dogry aýdýandygyna dört gezek Allanyň adyna kasam edip şaýatlyk edýär. Bäşinji gezekde ýalan sözleýän bolsa, Allanyň näletiniň özüne bolmagyny dileýär» (Nur, 6-7).

■ Netije

Yslam hukugyna görä, mehir aýalyň, talak bolsa erkegiň haky saýylyp, şeýlelikde, deňagramlylyk gurlupdyr. Är aýalyny talak edende, hiç hili şerte boýun edilmändir. Emma yslamyň şahsyýete berýän ahlak terbiýesi erkegiň talak hukugyny isleýşi ýaly ulanmagyna mümkinçilik döretmändir. Şeýle hem Gurhanda talak edilen wagty ýanynda şaýat bolmagy islenilýär (Talak, 2). Mäliki we Hanbeli mezhepleri bolsa äriň aýalyna nähak ýere zulum etmeginiň öňüni almak üçin, aýala göni kazyýete ýüz tutup, aýrylyşmaga hukuk berýär.
Häzirki döwürde hem maşgalanyň agzybirligi we çagalaryň terbiýesi dini, medeni we ahlak gymmatlyklary taýyndan uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin durmuş gurmak diňe iki kişiniň arasyndaky gatnaşyk däldir. Bu jemgyýet bilen hem göni baglanyşyklydyr. Bile ýaşaşmak kyn bolan ýagdaýynda, aýalyň aýrylyşmak talaby hem hukuk taýyndan kanagatlandyrylmalydyr. Ýöne aýalyň hukugyny isleýşi ýaly ulanmagy halal bolmaz. Bu barada Pygamberimiz bir hadysynda şeýle aýdypdyr: «Haýsy aýal hiç hili oňşuksyzlyk ýokka ärinden aýrylyşmak islese, jennetiň ysy oňa haramdyr» (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje).

■ Iddet

Iddet – äri ölen, talak edilen ýa-da nika gyýylsa-da, är-aýal bolup ýaşamadyk aýalyň öňki äri bilen baglanyşygynyň doly kesilmegi üçin garaşylmaly müddetdir. Bu müddet aýalyň öňki ärinden göwreli bolup-bolmandygyny anyklamak, äri ölen bolsa, oňa we maşgalasyna hormat goýmak we rij’i talakda ärine oýlanmaga pursat bermek üçindir.
Talak edilen aýalyň iddet möhleti üç haýz möhletidir.
Äri ölen aýalyň iddet möhleti dört aý on gündür. Bu barada Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle diýilýär: «Süňk hossarlar üçin ýas möhleti bir ýyldyr, çünki, bir ýyldan soň jesetden diňe süňk galýar diýip ynanç edilipdir. Süňk hossarlara ata, ene, äri ýa-da aýaly, doganlary we çagalary degişlidir. Ata-babalarymyz merhumyň ruhy bir ýyllap saklanýar, bir ýyldan soň ruh ýurduny täzeleýär diýip ynanypdyrlar. Merhumyň ruhy bir ýyllap özüniň ýatlanylmagyny küýsäpdir. Merhumyň ruhy hoş bolar ýaly juma agşamlary öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okamagy durmuşyňyza giriziň.»
Eger aýal göwreli bolsa, onuň iddeti çaga dünýä inýänçä dowam edýär. Nikadan soň gatnaşyk bolmazdan talak edilse, şol aýalyň iddet möhleti ýokdur.
Göwreli bolmadyk bir aýal rij’i talak iddetine garaşýarka äri ölse, talak iddetini terk edip, ölüm iddetine garaşmalydyr.
Aýal ba’in iddetine garaşýan bolsa, ölüm iddetine garaşmanam biler. Ba’in iddeti ölüm iddetiniň ýerine geçýär.
Garrylygy sebäpli haýz görmeýän aýalyň iddet möhleti üç aýdyr. Ymam Agzama görä, aýalyň haýzdan kesilmek ýaşy 55 ýaş hasaplanýar.

■ Maşgala durmuşy bilen baglanyşykly käbir meseleler

■ Azil we göwreliligiň öňüni almak.

Azil – erkegiň jynsy gatnaşygy doly tamamlaman, yza çekilmegi diýmekdir. Bu usul göwreliligiň öňüni almak üçin gadymdan bäri ulanylyp gelinýän usuldyr. Sahabalardan Jabiriň «Biz azil edýärdik. Resulyllah (s.a.w.) bize hiç zat diýmeýärdi», (Buhary, Müslim) diýip gürrüň beren hadysyna daýanyp, yslam alymlarynyň aglabasy azil etmegiň mubahdygyny belläpdirler.
Häzirki döwürde ýatgynyň öňüni baglamak, dürli derman ulanmak azil ýaly kabul edilýär. Azil hem-de beýleki çärelere şu ýagdaýlarda rugsat edilipdir:
1. Göwreliligiň aýalyň saglygyna zyýan ýetirjek ýagdaýynda.
2. Heniz süýtden aýrylmadyk bäbegiň sagdyn ösmegine zyýan geljek ýagdaýynda.
3. Maşgalanyň çagalaryna göwnejaý terbiýe berip biljegine ynamy bolmadyk ýagdaýynda.
Bu şertlerden başga ýagdaýlarda göwreliligiň öňüni almak jaýyz däldir. Ýatga tohumy eltýän ýollaryň baglanmagy hem göwreliligiň öňüni alýan çäreleriň biridir. Emma yslam alymlary saglyk we dini taýdan zerurlyk bolmasa, muny jaýyz görmändirler. Hatda şeýle etmekligi Allanyň beren nygmatlaryny inkär etmek ýaly görüpdirler. Ýöne aýallaryň saglyk ýagdaýy sebäpli, wagtlaýyn çaga dogurmaz ýaly hala gelmekleri dürsdür.

■ Çaga aýyrtmak (abort)

Ýatga ýerleşen düwünçegiň daşky täsir arkaly düşürilmegi gadymdan bäri diniň, ahlagyň we hukugyň halamaýan işidir. Ene-atanyň çaga bolmagyny arzuw etmegi öz erkinde bolsa- da, çagany düşürmäge olaryň haky ýokdur. Çagany aýyrtmak bilen baglanyşykly Gurhany kerimde we hadyslarda anyk we kesgitli delil bolmasa-da, käbir yşaratlar bardyr. Geliň, şol aýatlara we hadyslara seredip geçeliň.
«Kasam bolsun, biz ynsany süzülen arassa palçykdan ýaratdyk. Soňra ony «nutfe» – tohum hökmünde mäkäm bir ýere (ýatga) ýerleşdirdik. Soňra nutfäni lagta gan halyna öwürdik. Mundan soňra lagta gany bir bölek et halyna getirdik. Şol bölek eti süňklere öwürdik. Süňklere-de et ördürdik. Soňra ony başga bir barlyga öwürdik. Şekil berenleriň iň gözeli – Allanyň şany ne beýikdir. Soňra siz munuň yzyndan, elbetde, ölersiňiz» (Mü’minun, 12-15).
Hadyslarda bolsa bu aýatlaryň düşündirişi hökmünde şeýle aýdylýar:
«Sizden her biriňiz kyrk gün ene göwresinde saklanar. Soňra ýene kyrk günden soň lagta gan halyna öwrüler. Soňra ýene kyrk günden bir bölek et halyna geler. Soňra-da bir melek iberiler we oňa ruh üflär» (Buhary, Müslim).
«...Tohumyň üstünden kyrk iki gün geçenden soň, Alla oňa bir melek iberer. Ol hem oňa şekil berer. Gulagyny, gözüni, hamyny, etini we süňklerini ýasar. Soňra-da: «Eý, Rabbim, oglan bolsunmy ýa-da gyz?» diýer...», (Müslim, Ahmet b. Hanbel, «Müsnet»). Bu aýat we hadyslara görä:
1. Tohum ýatgyda kyrk günläp hereketsiz ýatýar.
2. Soňra lagtalanan gan halyna gelip (alak), ýatgy bilen gatnaşyk sazlanyp başlaýar. Bu hem kyrk güne çekýär.
3. Soňra lagta gan bir bölek et bolýar. Süňkler döreýär. Olaryň daşyna et örýär. Bu hem kyrk gün dowam edýär.
4. Soňra tapawutly barlyga öwrülýär. Bu bolsa ruhuň üflenmegi bilen bolup geçýär. Fahretdin Razynyň bellemegine görä, ynsan ruh bilen birlikde kämil ynsan bolýar. Diýmek, ýüz ýigrimi günden soň kämil ynsan döreýär.
5. On bäşinji aýatdaky yşarata görä, ölüm diňe şondan soň bolýar. Bu bolsa ilkinji üç döwürde, ýagny ýüz ýigrimi günüň dowamynda düwünçegiň doly janly däldigini görkezýär. Çünki ölüm ruh bilen baglanyşyklydyr.
Ruhuň ýüz ýigriminji günde üflenmegi meselesinde ittifak bardyr. Ikinji hadysda düwünçegiň kyrkynjy günde şekil alýandygy däl-de, munuň melek tarapyndan ýazylmagy görnüşinde düşünilipdir. Şonuň üçin hezreti Aly ruh üflenmedik düwünçegi düşürmegiň «we’d-i» saýylmaýandygyny, ýagny çagany diri gömmek manysyna gelmeýändigini aýdýar, (Ibnül Jewzi «Zadul-mesir»). Ymam Agzam hem muny delil edinip, ýüz ýigrimi güne çenli, zerurlyk bolsa, düwünçegi aýyrtmak mümkindir diýip fetwa berýär. Zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, bu işi ilkinji kyrk güne çenli etdirmek – tenzihen mekruhdyr. Kyrk günden ýüz ýigrimi güne çenli aralykda etdirmek – tahrimen mehruhdyr. Ýüz ýigrimi günden soň çagany aýyrtmak haram we jenaýat saýylýar.
Hanefi mezhebi ýüz ýigrimi güne çenli aralykda düwünçegi aýyrtmak üçin şu sebäpleri zerurlyk saýýar:
1. Göwreliligiň aýalyň saglygyna zyýan ýetirjek ýagdaýynda.
2. Heniz süýtden aýrylmadyk bäbegiň sagdyn ösmegine zyýan geljek ýagdaýynda.
3. Maşgalanyň çagalaryna göwnejaý terbiýe berip biljegine ynamy bolmadyk ýagdaýynda.
4. Dürli sebäplere görä, çaganyň kemisli dogulmak howpy bolan ýagdaýynda. (Muňa ygtybarly lukmanlaryň karary gerekdir.)
Garyplyk we ryzk gaýgysy zerurlyk hökmünde kabul edilmeýär. Bu Allanyň Rezzakdygy ynanjyna tersdir. Gurhany kerimde hem şeýle buýrulýar: «Çagalaryňyzy garyplyk gorkusy sebäpli öldürmäň. Siziň hem, olaryň hem ryzkyny biz berýäris» (En’am, 151; Isra, 31). Emma garyplygyň döredip biljek ahlak bozuklygyny düwünçegiň aýyrdylmagyna sebäp saýanlar hem bardyr.

■ Emeli usulda tohumlandyrmak

Ene-atanyň çaga öndürmek islegi iň tebigy arzuwlarynyň biridir. Yslam dini hem muny goldaýar. Ýöne nikasyz çaga dogurmagy nesliň zaýalanmagy hasaplap, gadagan edipdir. Şonuň üçin tohumlandyrmakda üç zerurlyk bolan – tohumyň, ýumurtganyň, ýatgynyň nikalaşan är-aýala degişli bolmagy hökmandyr. Häzirki döwürde dürli ýetmezçilikler sebäpli çagasy bolmaýanlar emeli usul bilen tohumlandyrmak arkaly çaga öndürip bilýärler. Bu medisinanyň gazanan üstünligidir.
Ýöne emeli usul bilen tohumlandyrmagy yslam alymlary şu ýagdaýlarda dürs hasaplamaýarlar:
1. Äriň tohumynyň başga bir nikasyz aýalyň ýumurtgalygy bilen tohumlandyrylyp, embrionyň öz aýalynyň ýatgysynda ýerleşdirilmegi.
2. Ýat erkegiň tohumyny ulanyp, aýalyň göwreli bolmagy.
3. Är bilen aýalyň tohumlandyrylan embrionynyň başga bir aýalyň ýatgysynda ýerleşdirilmegi.
4. Ýat aýal bilen ýat erkegiň tohumlandyrylan embrionyny kişiniň öz aýalynyň göwresinde ýerleşdirmegi.
5. Är bilen aýalyň tohumlanan embrionynyň erkegiň başga aýalynyň ýatgysynda ýerleşdirilmegi.
Yslam alymlary erkegiň tohumynyň öz nikaly aýalynyň ýumurtgasy bilen emeli usul arkaly tohumlandyrylyp, embrionyň ýene şol aýalyň ýatgysyna ýerleşdirilmegi arkaly çaga öndürmegi jaýyz görýärler. Bu usul diniň kadalaryna ters däldir.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 41 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: