12:47
Kaýyllyk
KAÝYLLYK

Daga çykmakçydym, käbäm,
Dag aýdymyn aýtdym, eje!
Beýikde başym aýlandy,
Aglap yza gaýtdym, eje!

Indi bolsa çöketlerde,
Aga-ýana aýlanýaryn.
Çolaryp galsa-da daşym,
Hyýallarma güýmenýärin.

Günler bilen hümürdeşip,
Ýyllar bilen syr alyşýan.
Kyn bolupdy ilkibaşda,
Ind-ä az-kem öwrenişýän.

Sypalaýan gülleň ýüzün,
Serimem sämänok gaty.
Daglara dil ýetiremok,
Olar dünýäniň gudraty.

Ýerde ýaşap ýören gyzyň
Ne bürgüt, ne keýik, eje!
Daglara git diýmesene,
Daglar gaty beýik, eje!

Suraý BABANYÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.8/5
Всего комментариев: 11
0
11 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Şu awtor gowy ýazýar. Ýadyñda galýar. Iñ wajyp zat şo ýatda galsa. Bolmasa okayañ okaýañ, vrode gowy setirler, yone yatda galanok, edil owadan yone yalan zatlar yaly

0
10 Nowgül   [Mowzuga geç]
Suraý öňem gowy ýazýady. Öz goşgularyny okaýşam üýtgeşik. Ýenede gowy goşgulara garaşýan,ýetirip dur Suraý smile

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Jeylan, tüweleme, üytgedenem ekeniñiz-ä, nädip üytgetdiñiz ))

0
8 Keramat   [Mowzuga geç]
Jemleme ajaýyp!

0
7 Keramat   [Mowzuga geç]
Suraý gowy yazyar.

0
6 Pegas   [Mowzuga geç]
Hoş geldiň smile

0
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
Daglara git diýmesene
Daglar gaty beýik eje!

Gowy meñzetme, ýürekdeş goşgy,
Ýüregñize saglyk, ylhamyñyza bereket!

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Suraý, saýta aýagyñ-taýagyñ düşsün. Goşgularyñdan yetirip dur.

0
4 Jeylan   [Mowzuga geç]
Haweran sen adminmi? Meñ nicneymi Jeylan edi bersene. Ozim üytgetjek boldum. Bolonog ekeni smile

0
5 Jeylan   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy Suray aramyza gosulyber, goşgylañny yetirip dur

0
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: