08:22
Zyndanda ýanan şem -22/ dowamy
DOWZAH

■ I K I N J I B Ö L Ü M

Sesýetim aralykdan öwrüm ýasap, Orta Asyrlar döwründe Haçly ýörişleriň garşysyna gurulan gorag galalarynyň, birini ýatladyp duran äpet, gara diwar, misli dag gerşine çöken bulut ýaly bir gapdala haýbat bilen süýşüp ugrady. Ol gitdigiçe kiçelip, leňkebudyň kerebi mysaly ötlem-ötlem, çolaşyp ýatan sim torunyň içine siňdigiçe, dowzahyň daşyny gurşan gara diwaryň böwri deşilip derweze emele geldi. Maşyn derwezeden girmäge heder edýän ýaly sähelçejik öňe süýşüp kürtdürdi.soňra zogdurylyp-zogdurylyp bat aldy-da, gara gaýanyň gara hopgunyna özüni urdy. Derweze ala-gopgun bolup ýapylanda, töwerek-daşyň ýagdaýynyň näjüredigini-hä göremok welin, «gara garga» adyny göterýän enaýy maşyny endiräp, iki ýana silkine silkine zordan özüni saklady.
Deşiksiz, yşsyz, penjire derejesiz içinde suw saklabermeli bu äpet demir sandygyň böwründen bir gapy açylyp, tümlüge halys bolan gözlerime birden güýçli yşyk düşüp, göreçlerimiň öňi çuw-ak bolup, başym aýlanyp gitdi.
– Düş!
Nirä aýak basarymy bilmän, demir sandygyň diwaryna söýenip duruberdim. Töwerek-daşy, aşak-ýokarymy saýgarasym geldi. Emma öňümde germaw bolup duran daýaw milisioner maňa «düýe çökerip, çember işmäge» maý bermedi. Ol şagal gören öküz ýaly, meni özüne çekdi-de, ýagyrnişligimden tutup, ýeňsämden südürläp goýberdi. Özümiň beýdilerime garaşmandym. Merdiwanyň basgançaklaryna aýagym degip-degmän, ýerimden gaýdan ýaly gara daş düşelen ýere düşdüm.
Bihaýalyk bilen, ejize ganym bolýan wyždansyzy kimdigini görmek üçin yzyma gaňrylamda, tenime ýaýran agra ejizläp, buruljyrap durşumdan lezzet alýan milisioner, henizem maşynyň dar işiginiň agzynda durdy. Onuň peşenesiz ýüzünde rehim-şepagatdan nyşan görmesem-de azgyryldym.
– Nätüýsli adam sen, yzyndan kowgy barmy. Düşerime maý bermän howlugýaň. Elim-aýagym döwuläýse nätjek.
– El-aýagyň-a beýlede dursun, seň ýaly deýýusyň kellesini döwmeli. Howlukma, bu entek başlangyjydyr. Ilki bilen-ä seniň bujagaz saçjagazyňy ýolarys. Onda-da nädip diýsene, penje-penjeläp däl, ýekän-ýekän ýolarys. Soňra feleton ýazýan ruçkaňy ýere dürtüp, üstünde-de özüňi ykjam oturdarys welin, gaýdyp yzyňy tapmarsyň diýip, milisioner «loh-loh» etdi.
Gahardan ýaňa ganym gyzyp, kaddymy saklap bilmän saňňyldadym.
– Men, men, me, meýen...
Dilim damagyma dykylyp, hany, gepläp bilsem.
– Kes sesiňi graždanin! Bu ýer jedel edilýän ýer däl. Dek gezerler, jenaýat etmezler, jenaýat etmedik bolsaň, seni sud hem etmezdiler, bu ýere-de getirmezdiler – diýip, harby eşikli leýtenant meniň aýdyp bilmedik sözümi böldi.
– Gulak as! Indiden şeýläk, süregiň dolup, türmeden boşaýançaň, artykmaç ýeke agyz geplemäge seniň hukugyň ýok. Sen diňe biziň soran zadymyza dogry hem-de anyk jogap bermeli. Familiýaň?
– Jumaýew.
– Adyň?
– Gurban.
– Dogulan ýylyň?
– 1930.
– Dogulan ýeriň?
– Aýböwür raýonynyň Işangala obasy.
– Ýaşaýan ýerin?
– Arzuw şäheriniň Erkinlik köçesiniň ýetmiş birinji jaýynyň on üçünji hanasy.
– Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň jenaýat kodeksiniň degişli maddasy esasynda seni sud ýedi ýyl azatlykdan mahrum edipdir. Sen tussag, şonuň üçinem şu pursatdan başlap, türmäniň naçalnigine, onuň kömekçilerine, nobatçylara hem-de beýleki kiçi wezipeli işgärleriň hemmesine buýsançsyz boýun egmeli. Olary gören wagtyň, oturan bolsaň, ýeriňden turmaly. Haýsydyr bir sorag bilen olara ýüzleneniňde «Graždanin naçalnik» diýip ýüzlenmeli hem-de geplemäge şol adamdan rugsat alyp, diňe şondan soň geplemeli...
Leýtenant ýene-de bir zatlar diýýärdi. Men onuň dodaklarynyň gymyldysyny görsem-de, gulaklarym hiç zat eşitmeýärdi. Bu wagt, atanlyk bilen möjek ordasyna düşen guzy ýaly aňk bolup durdum.
Goşary gyzyl daňyly, eli papkaly leýtenant demir basgançaklar bilen galyp, bizden iki gez çemesi ýokardaky açyk duran gapa girdi. Aşakda meni töwerekläp duran soldatlaryň gysga boýlusy demirden ýasalan gapynyň elektrik düwmesini basyp ony açdy. Beýleki ikisi meni orta alyp buýruk berdi.
– Eliňi arkaňa tut. Ýör öňe!
Biz sirkiň monejine çykarylýan ýolbarslar üçin ýörite ýasalan gözenek-gözenek däliz bilen ýöräp, öňümizden çykan ilkinji eýwanda saklandyk. Bu otagyň iki gapdaly telefon budkalary ýaly sansyz gapy. Şol gapylaryň birini açyp, içine meni saldylar. Ini-boýy garyş ýarym diwara söýelen tabyt ýaly bu gapyrjak meni aljyratdy. Has dogrymy aýtsam, şu gysajyň içinde durup ýedi ýylymy geçmeli bolsam, heý-de, oňa çydap bolarmy – diýip, ýüregim ýaryldy. Bu ýer diňe dik durmaga, ýa-da tikejiňi dikip oturmaga bolaýmasa, gyşaryp ýer düýnäp boljak däldi. Depesi demir gözenekli bolany üçin içi ýagtydy. Ýöne şo gözenegiň üstünde eli awtomatly soldat gezip ýör. Men özüm bilen nämeleriň bolup, nädip bu güne düşendigim hakda oýlanyp, pikir ýüwürtmäge gurbum çatman tüýs ysgyn-mejaldan gaçyp diwara söýenäýmenmi, egnimdäki ak köýnegim ses edip, jarryldap gitdi. Üçekde, depämden seredip gözegçilik edýän çasowoý soldat çalt-çalt ýöräp meniň depämde ýaragyny şykyrdatdy. Onýança dikligine goýulan tabydyň gapysyny açan uzyn boýly garynlak gözegçi, maňa buýruk berdi.
– Çykar köýnegiňi!
– Näme üçin.
– Çykar diýilýä saňa!
Ýokuşam bolsa nädeýin. Diwaryň kirpi ýaly tikenek-tikenek örtügiňe ilişip ýyrtylan köýnegimi çykardym.
– Al bäri!
– Men näme, ýalaňaç galmalymy?
– Gabyr bol. Men seň ýaly nejisleri kän gördüm. Köýnejigini ýyrtym-ýyrtym edip, ýüp işäge-de asylypjyk öläýýär, senem şony etjek bolýaň. Öljegem bolsaň, men nobatymda bir ölme – diýip, meni ýekeje türside goýup, gapyny täzeden ýapdy. Bu wagt daşaryda tomus bolansoň, howa diýseň yssydy. Birden kelläme bir pikir geldi. Men näme beýdip durun, gel bir güýmenje tapaýyn diýip, gapyny kakdym. Bir salymdan hälki gözegçi gapynyň ortarasyndan ýasalan ujypsyzja deşikden seretdi.
– Näme gerek?
– Maňa haýsy-da bolsa bir gazet bormy, žurnal bolarmy, parhy ýok, okar ýaly bir zat beriň – diýdim.
Gözegçi ör-gökden geldi.
– Belki-de, men saňa «Müň-de bir gijäni» getirip birin. Belki-de, Kowusnamany ýassyk edinersiň sen, ä! Besdir graždanin. Seniň galamyňy somlap, ile ot ýakdyrman gezen döwürleriň indi geçdi.
Gözegçiniň boluşyny halamadym. Ol asyl, ýedi pyştynyň mende köýüp ýatan ary bolup, şu wagt «doňuzy batgada bas» edäýjek bolup, hyjuw bilen maňa bek daryşýardy. Gapyny täzeden kakdym.
A seniň, planyňy plan edeýin, kakma gapyny diýemen men saňa. Ýa-da duran ýeriňde içiňe-içiňe depdiresiň gelip durmy – diýip, nobatçy gapynyň o ýüzünden nadaralyk etdi. Gözegçiniň bu gödekligi maňa diýseň agyr degdi. Namysdan-ardan ýaňa gözlerim garaňkyrap, başym aýlandy. Birdenem özümiň haýwança-da bolman, içi beton, daşy gat-gat demir gözenekli tabydyň içinde durkam hiç zada güýjümiň ýetmejegini aňyp dymdym. Dilimi dişläp duruberdim. Asudalyk ara düşdi, diňe depämde, «tark-turk, tark-turk» edip howlukman iki-ýana gezim edýän çasowoýyň ädiginiň sesinden başga ses-üýn ýok. Birden golaý bir ýerde gapy açyldy. Gapy agyr, özem demir bolsa gerek. Ol açylyşy ýaly hem salymyny bermän şarkyldap ýapyldy welin, nämedir bir zat güpür-tapyr boldy.
– Waý dogan, waý dogan!
Türmäniň diwarlary sarsyp gitdi. Bu ses şeýle bir naýynjar, şeýle bir aýylganç ýaňlandy heý, goýaý! Göwnüme bolmasa, kimdir bir çaganyň eli jyk okunyň arasyna düşäýen ýalydy. Meniň pikir-hyýallarym dargady. Bütin göwräm bilen gulaga öwrülip diňşirgendim.
– Waý naçalnik, jan agam, meni beýderçe men size näme etdim.
– Molçi swoloç, podonok! Seniň näme edýändigini saňa şeýle bir düşündiris welin, onsaň ikini islemersiň.
Gykylyk, güpür-tapyrdy uzyn koridor bilen meniň deňimden geçip gitdi.
Eli arkasyna gaňrylyp, depilip südeneklenýäniň entek ýaş ýetginjekdigini sesinden aňdym. Meni der basdy. Özüm hakyndaky gaýgy-aladany unutdym. Ony näme üçin beýle horlaýarlarka? Ýa-da şeýle «hezzet-hormata» mynasyp bir iş etdimikä. Bolýa, ýaşlyk ýelgini bilen, oýlanman-oslaman bir iş edäýipdirem diýeli. Ýeri, ony beýdip horlamak nämä gerek. Ol ýigit ömürlik bu türmede oturmaz ahyryn. Hä diýmän suduň kesgitlän möhleti geçer gider. Onsoň, ol ýigit ähli günälerinden saplanyp, erkin bolar. Millionlarça ynsanlaryň hataryna goşulyp, durmuş diýilýän ajaýyp zadyň muşakgatly harmanyndan özüne ýeten paýyny alyp, ony gerdeninde götär. Ine onsaň şo ýigit ýüreginde tagma bolup galjak şu pursatlary, heý-de, unudarmy?
Men şeýle oýlanmalar bilýän ýarym-ýalaňaç näçe wagt duranymy biljek däl. Kapasanyň gapysy açyldy. Gapyda hälki bedasyl däl-de, ýüzi-gözi ýumşak, uzyn boýly, agaç et, saçy-sakgaly agaryp, ýaşy elliniň töwereginde, ýüzi nurana, harby eşikli adam maňa mahmal sesi bilen ýüzlendi.
– Ýör.
Göwrämi gysyp-gowrup, özüne siňdiräýjek bolup duran bu kapasadan bir ädim öňe ätläp, dälize çykdym. Nobatçy hammama girjek ýaly meniň ýarym-ýalaňaç durşumy başdan aýak synlady.
– Narkomanmyň?
– Ä.
– Tirýekimiň diýip soraýan.
– Ýok.
– Arakhormyň?
– Ýok.
– Meňçimiň?
– Ýok.
– Öz-özüne ukol urýanlardan-ha däl sen?
– Ýok.
– Onda näme üçürip ýalaňaç dursyň?
– Meni gabap goýan ýeriňiziň diwaryna seret, hanha tikenek-tikenek ýüzi törpüniň ýüzi ýaly. Uzyn gün aýak üstünde durup daljygyp gitdim. Onsoň diwara arkamy berjek boldum welin, çüýe ilişip köýnegim jarra ýyrtyldy.
– Onsoň?
– Jarryldy sesini eşiden nobatçy «sen asylyp öljek bolýaň» diýip, köýnegim-ä beýlede dursun, balagyma deňiç çykaryp alyp gitdi.
Ýaşuly gözlerimiň içini nazarlap, meni täzeden synlady. Soňra eýwanyň bir burçunda beton diwara kebşirlenip goýlan demir şkafy açyp, onuň içini dörüşdirdi. Emma, meniň ýagyrnysy ýyrtyk köýnegimden başga zat tapman, «hüňür-hüňür» edip demir şkafy şarkyldadyp ýapdy-da gulplady.
– Me, geý köýnegiňi! Balagyňyň reňki nähili bolmaly?
– Gara, ýüň, entek ýeke gezegem ýuwulmadyk täze balak bolmaly. Ýaşuly hiç zat diýmän dodaklaryny dişledi, kellesini ýaýkady.
– Şkafda şu köýnekden başga zat ýok. Ýör – diýdi.
Nobatçy meni öňüne salyp, koridor bilen alyp gitdi. Gün şöhlesinden, tämiz howadan mahrum bu ýeriniň dymyk howasyndan nämäniň ysynyň gelýändigini bir bada anyklamak kyndy. Koridor diýseň uzyn eken. Iki gapdaly seteran gapy. Şol demir gapylaryň biriniň öňünde nobatçy aýak çekdi. Eline agram salyp duran, uzyn, her biri bir garyş açarlardan birini saýlap, ýüzüne «karantin» diýlip, ýazgy bilen bellik edilen gapyny açyp maňa «gir» diýdi. Girdim. Gapy ökjämi basyp ýaýyldy. Kameranyň içi garaňky. Nirä aýak basarymy bilmän, gapa arkamy berip duruberdim. Bir salymdan gözüm birneme öwrenişdi. Bu ýer meniň öňki gabalan ýerimden üýtgeşik. Otagyň töri tagta seki. Girelgäniň sag gapdalynda bir demir çelek dur. Ondan çykýan ajy peşew ysy ýüzüme haplap urdy. Hapa çelege ýanaşyk alýumin gabyň üsti gapakly. Ähtimal, içi suwly bolsa gerek. Gapagyň üstünde çanak, çanagyň içinde şüňňül bar. Äpişge ýok. Gabat garşymdaky diwaryň petik bilen galtaşan ýerinde bir kiçijik deşik bar. Ondan içeri düşmeli ýagtynyň öňüni bilek ýaly, bilek ýaly ýogyn demirden ýasalan ikigat gözenek tutup dur. Törde, diwar eteginde. bir zat bar. Ol soňky pellesine ýetdirip, iglän it ýaly, küçen bolup, eplenip ýatyr. Ýatan göwre gapynyň agyr zülpleriniň şakyrdysyna oýandy. Ýatan ýerini üýtgetmän aýaklaryny ýazdy. Ýeke elini galdyryp gerindi. Soňra howlukman başyny göterip, tirsegine galdy. Emma, sesini çykarman ýene-de ýatyberdi.
Birden çep tarapdan bir haşyldy peýda boldy. Gaňrylyp seretsem aýa meňzeş, tüýlek, bir daýaw adam bükedekläp, guş tutjak ýaly, penjesini ýaýyp üstüme eňip gelýär. Onuň petreşip duran pökgi gözleri toşap okarasy ýaly gyzarypdyr gabyr bilekleriniň damarlary daraw-daraw, çişip çyky dur! Bir bada näderimi bilmedim. Gözüme Ezraýyl bolup görünen bu arwahyň çep elleri bokurdagyma ýetiberende, ysgyndan gaçyp depämden bir ýaşyl tüsse göge galyp, janym çykaýan ýaly boldy. Soňra hälki nejis bilen ikimiziň aramyzda nämeleriň bolup geçenini bilemok.
– Dur, saklan, bu bende sag däl – diýen çasly ses meni özüme getirdi. Diwar eteginde eplenip ýatan hälki göwre goşarymdan tutup çekize halta ýaly aslyşyp dur. Meniň elimde, gyrasy pyçagyň ýüzi ýaly ýukajyk alýumin çanak. Hälki göwre birden yza serpildi. Ellerini kelemenledip iner çöken ýaly ýere ýykyldy.
– Ýok, Galandar sen git, git, meni öldürme. Men entek ýaşamak isleýän, men günäli däl, ony saňa öňem aýtdym ahyry – diýip, hälki gaýa_sypat pälwan ýigit üýtgäp girere deşik tapman, burça dykyldy. Men henizem goşarymy sypdyrman, süňk bilen ham bolup duran adamyň ýüzüne «bu näme boldugy» diýen äheňde seretdim. Ol meniň sessiz soragyma düşündi. Elimdäki çanagy alyp ýerinde goýdy.
– Rahatlan, gardaş. Göwün etme, birneme akyly üýtgäpdir muň – diýdi.
– Özä daýaw ekeni, sag boluň, tas bolmasyz bir işiň üstünden barypdym. Muňa näme bolduka. Nädip, ol bu güne düşdükä?
– Berdi diýýärler adyna. Özem Tejenli. Hemişe beýle del bi. Häli, bir sellemden rahatlanar. Aram-aram özüne-de gelýär. Biçäre, awçy ekeni, birini atypdyr.
– Atypdyr?
– Hawa.
Ýoldaşym hamana diýersiň, kimdir birini ataýmak bir hiç zat ýaly gürledi. Meniň bolsa depe saçym düýrlenip, inim digläp gitdi.
– Heý-de, birini atyp bormy.
– Ataýyn diýip atmandyr o, tötänleýin bolan iş. Iki dost, özlerem ekskowatorçy. Hanhowuz düzlüginde kollektor gazýan ekenler. Güýz, ekin-dikini ýygnalyp meýdan boşansoň guş-gumrusynyň, mör-möjekleriň örüsi giňäp, aw köpelýän eken, ine şonda Berdi dosty bilen awa çykyp lezzet alar ekenler. Bütin tomus öýde gabyndan çykman duran tüpeňini söküp ýuwup, syryp-süpürip, ýaglapdyr. «Gel, indi şuny bir atyp guratlygyny barlabam göreýin diýip, içine ok sürüpdir-de, daşary howla çykypdyr. Töweregine ykjam ser salyp, töwerek-daşda hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirip arkaýyn bolýarda, haýatyň burçunda oturan serçäni nyşanlap, ony mäşä alagadan atypdyr welin, bagyryp çykan sese aňk bolupdyr. Ok serçä dälde, öwrümden çykan dosty Agamyradyň edil dulugyndan degip beýnisini eline beräýipdir. Ine bolan zat.
– Wah, waaheý.
Men içegäm ýolnan ýaly aşak çökenimi duýman galdym.
– Maňa Sapar diýýärler. Men Aşgabatly, Pagta obasyndan. Tirek edýän. Şol artyp üçin indi ikinji ýola şu ýere gelişim. Häzir zordan durun. Azarlaýan.
– Bä-ä.
Kameradaş ýoldaşym bolan bu adamy oturan ýerimden içgin synladym. Ol hor, süňk bilen deri. Gözleri kiçijik. Gaşlary gür. Inçejik betgelişik burny bioňaý kesilen peýnir bölegi ýaly sap-sary. Kakçekge ýüzüni ikä bölüp, geriş bolup dur. Eger-de gözüni ýumup, süýnüp ýatan bolsa, bu adama diri diýäýmek aňsat däl. Men Berdä täzeden seretdim. Ol diwaryň içine giräýjek ýaly, şol burça dykylyp oturşyna bir sykym boldy. Indi ol başyny aşak salyp gymyldaman otyrdy. Biz bilenem işi ýok, biziň gürrüňlerimiz bilenem.
– Sen ozal türmä düşüp görüpmidiň?
Saparyň bu soragyna men garaşmandym.
– Ýok.
– Şeýledir-le, ýogsam ol petuha özüni beýle talatmazdyň. Seret, bolup oturşyňa, ile gülki. Hökümet, bizi türmä basyp, her neneň bek daraşsa-da aç, ýa-da eşiksiz ýalaňaç goýýan däldir. Seni beýdäýişlerini prokuror bir bilsedi.
– Wah ol «aňsat-la, arza ýazaýaryn. Ýogsam ol «Petuh» diýdiňmi? Ol näme, neme üçin meni beýtdikä?..
– Seniň eşigiň gowudyr, täzedir.
– Täzeje şiwýot. Beh o deýusyň adam bir geňsi. Özem-ä türkmenmikä diýýän.
– Hawa, türkmen men-ä diýýär, adyna Weli diýýärler.
– Weli?
– Hawa.
– Ýaňy oňa başga bir zat. «Petuh» diýýädiň-le, Sapar.
Sapar geňirgenmek bilen ýüzüme seretdi-de ýylgyrdy.
– Ol petuh, näme, sen onuň maňlaýyna seretmediňmi?
– Ýok.
– Howlukma, entäk sen oňa telim gabat gelersiň, indi şonda ony gowuja synla. Bir üýtgeşik tagma görersiň.
– O nämäniň tagmasy, Sapar?
Sapar entek meniň sada adamdygyma, durmuşyň köp taraplaryndan bihabardygyma hezil edip güldi.
– Weli nadrizatel ýaş wagtynda bir oglanjygy zorlap, şonuň üçiň türmä düşüpdir. Türmede bolsa durmuş başga, hiç hili gizlin syr ýok. Hemme zat, hemmä aýan. Welini suddan soňra göni 52-nji kamera salypdyrlar. Şol kamerada hem onuň, özi zorlanypdyr.
Inim digläp, tenime alow daran ýaly, ýüregim gürsüldäberdi.
– Seniň süregiň, näçe – diýip, Sapar ýene-de sorag berdi.
– Ýedi.
Sapar bir salym dymyp oturdy-da, göwresini saklap bilmeýän ýaly bir gapdala gyşardy. Ol çep elini ýassyk edinip ýatan ýerinden:
– Ýedi ýyl bolsa gardaş, ol az möhlet däl. Howlukma, entek köp zatlary görersiň, köp zatlara düşünersiň – diýdi.
Gapymyz şakyrdady. Men ýarym-ýalaňaç oturyşymdan utandymmy nätdim, garaz, zöwwe ýerimden turdum. Emma galyňlygy bir garyş agyr işik açylmady. Oňa derek gapynyň ortasynda bir kiçijik dereje peýda bolup, ondan ses geldi.
– Näçe adam?
Sapar ýatan ýerinden gozganman «Üç» diýip, gygyrdy. Deşigiň o ýüzündäki bolsa artykmaç geplemän, bize üç sany çemçe uzatdy. Men ony baryp aljak boldum. Sapar aýagynyň ujy bilen meni dürtdi.
– Dur, Gurban.
Men deşige tarap, uzan elimi ot gysymlan ýaly yzyna çekdim. Sapar howlukman ýerinden turdy, çemçeleri özi aldy. Demir çemçeleriň biri gowuja, beýlekisiniň sapynyň ujy ykjam eplenipdir. Üçünjisiniň sapynyň bir çetinde kiçijik deşik bar. Sapar bellikli çemçäni deşikden yzyna tarap zyňyp goýberdi.
– Eý, fraýer, zenki wykalýu. Çego hawolku raskryl, o çemçäniň kimiňkidigini bileňokmy?
Gapynyň o ýüzünden ses çykmady. Haýal etmän deşikde içi ýarmaly çanak peýda, boldy. Men durun şo duran ýerimde. Çanaklary hem Saparyň özi aldy. Olaryň birini Berdiniň öňünde goýdy. Ine, şeýdip men ilkinji gezek türme ýarmasyndan datdym. Salymyny bermän garaňky düşdi. Aýsyz gijäniň içinde türmäniň daş diwarlary üstüne keçe atylan ýaly garaldy. Aýak sesleri, gowur-zowurlaram ýatyşdy. Nirededir bir bukuda göze görünmeýän ýerde goýlan radionyňam sesi kesildi. Ähtimal, ýatar wagty boldy. Sapar bireýýäm hor çekýärdi. Berdi welin, şol bir oturşyny pozman, nazaryny bir nokada dikip otyrdy.
Ýadawlykdan, ýa-da garaşylmadyk ýerden başyma düşen bu betbagtçylykdanmy bilemok, kelläm sämäp dur. Hiç zatdan ugur-utga tapman oturyşyma gyşardym. Soňra aýaklarymy uzadyp, arkan düşüp rahatlandym. Ýeriň gatylygam bildirme-di. Garasaý, irkilipdirin. Näçe uklandygymy biljek däl, demim tutulyp oýandym, Kimdir biriniň güýçli gollary bogazymdan çeňňek bolup, bar güýji bilen meni bogýardy. Öldüm-öldümde, janym karkara ýetiberende, demimi çalaja gowşadyp ýene bogýardy. Bir bada zähräm ýaryldy. Ýylan ýaly towlana-towlana, iki ýana urunyp, garnymyň üstünde, meni atlaýyn, münen göwreden sypjak bolýardym. Nejis kekirdegimi mynjyradyp dem geçerimi mazaly petikläpdi. Nätmeli? Bu kapasanyň içinde kim maňa kömek eder. Kimden, haraý isläýin. Sapar neşe-de kamerada ýok ýalydy. Berdi däli meni öldüräýmese sypdyrmaz. Dilim çişdi, gözlerim peträp hanasyndan sytylyp barýar. Saçlarymyň düýbine sowuk der indi. Indi, ölüm bilen dirilik arasynda gyl sygara ýer galmandy. Ýöne welin, öläýmek aňsat däl ekeni. Urum çeňňegi Berdiň ýuka ýerinden nejis bokurdagymdan penjesini aýyrdy.
– Waý, waýeý, waý...
Aýaklarymy ýygnap ony dyzyma galdyryp, zyňdym welin, ol ýeli çykan ýaly bir gapdala agyp gitdi.
– Waý öldüm-leý! Waý, waý...
– Ölseň, öl nejisiň biri – diýip, ýerimden yrgyp turdum. Depesi bilen dabany bir ýere birigen, agyr göwräniň jany meniň ýekeje penjämiň içinde bolansoň, ol elden-aýakdan düşüp, gurjaga döndi duruberdi, Nejisi idenekledip kellesini diwara urup ugradym.
Birden gapy açyldy. Içeri kimiň girendigine-de seretmedim. Ýöne welin, üznüksiz ýaňlanýan jürlewigiň sesi meni özüme getirdi. Harby eşikli nobatçy maňa ýapyşdy. Men garşydaşymyň çatanyndan elimi aýyrdym. Ol şo bada aýak üstünde durup bilmän, gürpüldäp bir gapdala gaýtdy. Maslyk bolup ýatan göwräni iki bolup göterip kameradan çykardylar. Gapy uly şakyrdy bilen ýapyldy. Kameranyň içine göz aýlasam, Saparyň şol ýatyşy. Ýerinden turup, ýoldaşyna kömege gelmegä beýlede dursun, hatda aýaklarynam uzatmandyr. Ilki agşamdan ýatyşyny pozman, tazy ýaly şol eplenip ýatyr. Meniň garşymdaky burçda Berdi däli dik dur.
Diýmek, meniň bilen garpyşýan adam biz uklap ýatyrkak ýörite bu kamera gelipdir. Ol adam kim? Ol näme üçin ukuda ýatan adama namartlyk bilen daraşdyka? Ýa-da olam Berdi ýaly aklyndan jyda bolan adammyka? Ýa-da tussag edilen adamlaryň durmuş ýagdaýy şeýlemikä? Men hiç zada düşünmedim. Türmä gelelim bäri, bary-ýogy geçen şu ýedi-sekiz sagadyň içinde gören bu zatlarym agzyma uçuk örüzdi. Elhenç oý-pikirler serime dolup aljyrap durkam gapy täzeden açyldy.
– Jumaýew!
Sesimi çykarman gapa tarap ýöneldim. Koridora çykamda aýagymda bir taý köwşümiň ýokdugny aňyp, yzyma dolandym. Köwşüm üçin içeri girmäge meýillenen wagtym çiginimden ýapyşan gol meni özüne çekip aldy-da, şarkyldadyp goşaryma kişen urdy.
– Munyňyz näme, how...
– Kes sesiňi! Geplemek bolanok. Şu çaka çenli käkeläniň besdir seniň. Baý, geplediň-ä! Onda-da ile gezek bermän. Şu günkiňem, ertirkiňem geplediň. Hany, ýör! – diýip, nobatçy ýeňsämden südürläp goýberdi. Meniň ödüm tenime ýaýrap, ýüzümiň reňki üýtgedi.
– Siz näme üçin beýle biedeplik edýärsiňiz?! – diýip, özüm bilen adamçylyk mertebesiniň saklanmagyny isledim.
– Gap sesiňi diýýän men saňa, doňuz!
– Beýle diýmäň, men size näme etdim?!
– Sen maňa hiç zadam edip bilmersiň, ýöne welin, ol adamyny tas öldüripdiň. Ine şonuň üçin sen ýetdik hakyňy alarsyň – diýip, nobatçy meni goltugymdan tutup, aýagymy ýere degirmän, südenekledip alyp barşyna koridoryň öwrümine ýetemizde saklandy. Açyk duran gapydan meni içeri salyp üstümden gulplady. Ýeňsämden batly ýapylan işige söýenip köp durdum. Ahyry özümi dürsedim. Içeri göze dürtme garaňky! Göwnüme bolmasa otag iki. Duran ýerimden birneme aňyrrakda şarryldap üç-dört ýerden suw akýar. Ýüzüme haplap urýan peşew ysyndan aňdym. Bu ýer hajathana. Edil, gabat golaýymda-da şarryldy bar, suw akýar. Ýöne batly däl. Üstüne aýran guýulan çekize haltadan dökülýän ýaly, şyt-şyt damýar. Bu otag bolup bilse, el ýuwulýan ýer. Aýagymyň aşagy suw. Köwüşlä bildirmese-de, ýalaňaç aýak welin, awuşaýardy. Men daraklygyňa çykyp duran peşewiň içinde durun.
Meni aýakýoluna getirdiler diýen pikir kelläme geldi. Eger şeýle bolsa, näme üçin yşyk ýok. Otluçöpem ulanmak gadagan. Üstesine ellerim kişeneli.
Dürli oý-pikirleri başa getirip uzak durdum. Aýaklarym gurşup gitdi. Nähilem bolsa, agramyňy ikä bölüp oturmasaň boljak däl. Ýöne nädip, nirede? Gepem şonda. Ýüregime daş baglap ýuwaşjadan öňe süýşdim. Köwüşli aýagymam peşewden doldy. Durdum. Göreçlerime zor salyp, içerini saýgarjak boldum. Belki-de, men ýeke däldirin. Bu içeride menden özge-de bagty ýatan bar bolaýmasyn diýip, «Uhe-uh» edip diňşirgendim, şarryldap akýan suwuň sesinden başga jogap bolmady. Ýene-de öňe ýöredim. Suw topugyma çykdy. Kişeneli elimi uzadyp aşak-ýokary sermendim.. Golum howada galdy, hiç zada galtaşmady. Aýagymy suwdan saýlap ätledim welin, bolmady, öňümde basgançak bar ekeni, şoňa büdüräp bir gapdala agyp gitdim. Ozal diňe bir aýagym hapa diýsem, indi bütin göwräm myžžyk boldy. Adam şeýle halatlarda hut özüni ýitirip, elden-aýakdan düşer eken. Ýatan ýerimde ok degen gaplaň ýaly iki-ýaňa urundym, hany turup bilsem. Birden meni horluk basdy. Elimdäki demir zynjyry şakyrdadyp gapa topuldym.
– Eý adamlar. Adamlar. Kim bar bu ýerde... Açyň gapyny!
Ýumruklarym daşa döndi. Emma meniň ýaly ýüzlerçe adamy gören bu demir gapy sarsmady. Bogazymy ýyrtyp eden gohuma-da gelen bolmady.
– Eý hudaý, bu näme boldugy! Ýa-da asman ýer bilen tapyşyp arasynda ýeke özüm galdymmy? Kelläme gelýän hatar-hatarly ýowuz pikirler başymy aýlady. Aýratynam, türmeçileriň bolşy gözümiň oduny aldy. Olar maňa diýseň ýowuz daraýardylar. Türmä giren badyma Weli petuh egnimden eşigimi sypyrdy. Köwşümiňem bir taýyny bermän ýektaý goýdy. Uzak wagtyň gaýgy-gussasyndan maýrylyp, bialaç ymyzganan wagtym, kimdir bir hakyna tutulan jellady üstüme goýberip, tas ganyma galypdylar. Ýa-da olam Berdi ýaly dälimikä? Dälem bolsa daýaw eken, tas, bu dünýäniň azabyndan dyndarypdy. Ýöne men ony kem goýmadym. Ol indi ikini küýsemese gerek. Şu ýerde, ozal azda-kände türme barada eşiden gürrüňlerim peýda berdi. Dogry «eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýipdirler. Bu ýeriniň öz durmuşy, öz kada-kanuny bar. Tussaglaryň ykbaly ynanylan bu adamlaryň bolşuna haýran. Belkäm, bu zatlaryň hemmesi sud tarapyndan ozal kesgitlenip ýörite senariýalar boýunça edilýän bolmagam mümkin. Kelläme gelen pikir meni has hem gorkuzdy. Birdenem ýüzüme sowuk suw pürkülen ýaly tisginip gitdim. Biziň kanunymyz beýle ýezitlige ýol bermez diýip yzyma öwrüldim, ökjäm bilen gapyny depip ugradym.
– Tark, tark, gürp, gürp...
Zarp bilen depilýän gapynyň gulaga ýakymsyz gürpüldisi tur.mäniň uzyn dälizini dolduryp ýaňlanýardy. Meniň bu boluşym kesesinden synlanyňda kada sygmajak zat ahyryn. Emma, elim kişeneli, ýarym ýalaňaç, bu ýerde beýdip gulp astynda saklanmagym welin, hiç zadyň çeni däl. Gahardan ýaňa durkum bilen saňňyldaýardym. Aşakdan depgi, ýokardan goşa ýumruk. Gapy döwüläýjek bolýardy. Bu-da peýda bermedi. Ýöne näme sebäp, bilemok, ellerim herekede geldigisaýyn goşarymda ýiti yza peýda bolup, bilezik bolup duran kişenler gysylyp, janymy alyp gelýärdi. Halys ýadadym. Ne oturyp boljak, ne-de gyşaryp aşagym jülpüldäp ýatan peşew. Ýaplanaýyn diýsem diwaryň ýüzi kirpi derisi ýaly tikeç-tikeç beton çüý. Degen ýerini dilim-dilim etjek.
Ine şeýdip näçe wagt ötdi, ony aýdyp biljek däl. Ahyry gapy açyldy. Orta boýly, owasynyň içine köz gysdyrylan ýaly uçganaklap duran çüýşe gözli, gür gaba gaşly, maňlaýynyň ortasy çapyk, mylakatlyk nyşanyndan mahrum, şol gözegçi, ýeňsämde peýda boldy.
– Çyk!
Gapynyň demir bosagasyndan zordan ätläp dälize çykdym. Nazary ýylan keşbini ýatladyp duran bu adamdan aman islemän, ýüzümi kese sowup duruberdim. Ol hajathananyň gulpundan çykaran uzyn açarynyň ujuny kebzäme hylk edip basdy-da «ýör» diýdi. Kössekli göle ýaly böküp ugradym. Birinji gapy, ikinji... onunjy, on sekizinji gapynyň deňinde nobatçynyň eli çignime ýetdi.
– Dur?
Ol, kirden ýaňa reňki ýitip giden eşiginiň balak jübsünden çykaran kiçijik açary bilen kişenlerimiň gulpuny açdy. Asyl, meni gysyp-gowuryp, jahanymy daraldyp barýan agyry şu kişeniň işi bolsa nätjek. Dünýäm giňeldi. Gözegçi kişenleriň biriniň ýaýjygyny bilindäki gaýyş kemerinden gysdyryp kameranyň agzyny açdy.
– Gir!
Ýeňsämden itilmeginden heder edip, gapa özümi kürsäp urdum. Göwnüme bolmasa, bu kamera meniň ilki giren ýerim däl ýaly. Içeri adamdan doly. Tagtalaryň üstünde ýer ýok. Uzyn-uzyn süýnüp, bir; meňzeş gara-gara eşikli adamlar uklaşyp ýatyr. Aýak basara ýer ýok. Birden adym tutuldy.
– Gurban!
Saparyň sesini bada tanadym.
– Senem bu kamera getirdilermi? – diýdim. Ol diklendi. Howlukman, hezil edip pallady. Soňra gerinip, gollarynyň barmakaryny şarkyldatdy.
– Biziň üýtgän ýerimiz ýok. Şo kamera-da şu. Tussaglary eýläk, beýläk daşaýan ýörite wagon bar. Oňa «wagon zak» diýýärler. Ol Daşkent-Şagadam aralygynda, zol gatnap dur. Kimi äkitse, kimi getirýär. Oňa «etap» diýýärler. Aşgabat, şol etaplaryň bir menzili, duralga. Ýakyn, golaýa barýan tussaglar şu ýerde düşläp geçýär. Erge bulary dargadarlar. Arasynda derňewe gelenlerem bar.
– Berdi nirede?
– Seniň yz ýanyň bilen ony-da alyp gitdiler. Ähtimal, dälihana bolsa gerek. Ýazyklynyň dogrudan hem akly üýtgäpdir.
– Hwatit wam boltat, daýte pospat – Bes ediň how, ýöne ýaňraşyp otyrsyňyz. Uklamana bir maý beriň – diýip, nätanyş adamlardan biri ýerinden başyny galdyrman gygyrdy.
Dogurdan hem şeýle-aýt. «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýýäni ras. Bolşumdan utanyp birhili boldum. Bir göwre beýlekä gatlaşyp, ýandegşir, gysylyşyp ýatan adamlara päsgel bermejek bolup, ýeten ýerimde oturdym. Emma näme üçindir bir gapdala gyşaranymy kem görmän ýykyldym. Atanlykdanmy ýa-da halys surnukdymmy bilemok, uzyn düşüp, öýüm däldir öýtmän, horlap ýatan burunlak adamyň garnyna tirsegim düşdi. Ol ot gysymlan ýaly ýygryldy. Soňra-da. «Häh» edip ýerinden galdy. Gözüni elek-çelek edip ýaltaklady. Töwereginde üýtgeşik bir hereketiň ýoklugny aňyp özüni dürsedi. Üstüme abandy.
– Zenki wykalýu kazýol!
Ol kesewi ýaly uzyn golunyň küti barmaklaryny somlap tas gözüme sokupdy. Hälem ýüzümi bir gapdala sowup ýetişdim.
– Saklan, Möjek! Degme, oglana! Dubaklaryň beren ejiri az däl. Weli petuh ony uzyn gije kişenli saklapdyr. Ellerine seret çişi dersine syganok, ýarylaýjak bolýar. Üstesine-de ol seň ýaly mursowşik kezzap däl. Medeniýetli, itelligent adam – diýip, Sapar dilini oýnatdy.
– Baý-bä... Munuň ellerine seret. Ukyly göz bilen görmändirin. Näm üçin beýtdiler. Ýa-da garagolluk etdiňmi?
– Gürrüňdeşime näme diýjegimi bilmedim. Ýap-ýaňyja ezraýyl bolup üstüme sürnen adamyň birden pälinden gaýdyp, özüme duýgudaşlyk bildirmegi meni gowşatdy.
– Hany köwşüň bir taýy? diýip, Möjek ýene-de maňa ýüzlendi.
– Bu Petuhyň edýän işi. Düýn, gelen badyna balagyny sypyrypdyr, nejis – diýip, Sapar ýene-de maňa derek Möjege jogap berdi.
– Boldy how, jan dogan, ýürege düşdüňiz. Weli pitihuňam, lupanyňam ikisini goşup bir zatlar diýýärdiler. Men welin, göwresini dikläp Möjegiň boşadan ýerine süýşdim. Indi maňa olaryň sesi guýudan gelýän ýaly bolup işidilýärdi. Irkildim. Arman «hezillik» uzak bolmady. Kameranyň agyr gulpunyň şakyrdysy bizi örüzdi. Gapynyň ýokarsynda ýörite ýasalan tekjede, demir gutynyň içinde radionyň säher sazy çalaja eşdilýärdi. Diýmek daň atypdyr.
Meniň gapdalymda içi goşly düwünçegini ýassyk edinen Möjek ýene-de dillendi.
– Sen ogrymy? Ýa-da...
Bu sorag tenime gamçy bolup degdi. Tisginip gitdim. Meni der basdy. Bir haýukdan özümi dürsäp, Möjege jogap berdim.
– Ýok, ogry däl. Gazet işgäri, habarçy.
– Şeýledir-le. Menem geň galdym-la. Sen garagola-da meňzäp duraňok. Şular ýaly bir zadyň bardyr-la. Ýogsam-da haçan gapjadylar. Sud boldumy? – diýip, Möjek meniň bilen gyzyklandy.
– Sud düýn irden boldy. Bary-ýogy ýarym sagada-da ýetmedi.
– Işiň agyr däldir-dä – diýip, Möjek ýene-de maňa ýüzlendi.
– Agyryny-ýeňilini-hä bilemok, ýedi ýyl berdiler.
– Ýedi?
Möjegiň gaşlary çytylyp gitdi. Göwnüme bolmasa, gulaklaram gymyldaýan ýaly boldy.
– Ba-ho-ow, «Strogiý» rejimmi?!
– Umumy – diýip, jogap berdim.
– Ýedi ýyl beren bolsalar gardaş, sen şoňa laýyk hem jenaýat eden bolmaly. Ýogsam-da, hany, aýt, nämejikler etdiň sen?
Men jogap bermäge ýetişmedim. Dälizden aýak sesleri eşidildi. Edil şo dessine gara eşikli tussaglaryň arasynda gowurdy peýda boldy. Uzyn düşüp ýatany dikledi. Oturanlary gapa tarap üşerildi. Ýakalarynyň iliklerini ildirişdirip, ykjamlandylar. Men howlukmadym. Ýarym ýalaňaç şo bolşuma otyryn, näler geýinerdim welin, hany eşik. Hiç kimde artykmaç zat ýok. Birdeň gapy açyldy. Içeri bir ofiser, ikem soldat girdi. Ofiser bizi geçi sanan ýaly sanap çykdy-da seňrigini ýygyryp maňa ýüzlendi.
– Kim familiýaň?
– Jumaýew!
– Karser – diýip, gapdalynda duran soldata buýruk berdi. Soldat meniň çiginimden tutup, südenekledip kameradan çykardy.
– Graždanin naçalnik, näme üçin, siz tussag Jumaýewi Karsere basmak üçin buýruk berdiňiz. Beýderçe ol näme günä etdi. Geçen agşamam ony kameradan çykaryp alyp gitdiler. Uzyn gije eli naruçnikli – kişenli saklapdyrlar. Serediň, goşary ýeňine syganok – diýip, Sapar maňa arka durdy. Nobatçy meniň tussag ýoldaşymyň bu bolşuny halamady. Ol gözlerini çöňňerdip, bir maňa birem Sapara iýerli bakdy. Indiki diýmeli sözlerini tapmaýan ýaly dymdy. Bu wagt onuň Güne ýanan garamtyl reňki has hem garalyp, galyň dodaklary bir geňsi müňküldeýärdi.
– Familiýaň?
Ol edil meniň gabat garşymda durup gygyrdy. Onuň azmly çykan sesi ot bolup ýüzüme çabrap, nepesi zäher bolup tenime ornady. Sapar ýene-de dillendi.
– Jaýlagow Sapar.
– Statiýaň?
. . . . . . . . . .
– Ozal sud bolupmydyň?
– Bir gezek.
– Kamerada jogapkär kim?
– Hiç kim.
– Seniň familiýaň kim?
Bu sapar nobatçy ofiser egniniň üstaşyra maňa ýüzlendi.
– Jumaýew Gurban.
– Statiýaň?
. . . . . . . . . .
– Möhletiň?
– Ýedi ýyl.
– Ozal sud bolduňmy?
– Ýok.
– Rejimiň?
– Umumy.
– Tussag adamda hiç hili hak-hukuk ýok. Jenaýatçynyň türme kamerasynda özüni nähili alyp barmalydygyny saňa yglan etdilermi? Egin-eşik, forma hakda-da, «Düşek-ýassyk, ýatyp turmagyň düzgüni saňa bellimi – diýip, ol ýüzüme çiňňerildi. Bu wagt ofiseriň boýy birneme uzalyp burny bürgüdiň çüňki ýaly egrelip gitdi.
Bir bada oňa näme jogap berjegimi bilmedim. Asyl, düýnden bäri bolup geçýän zatlar meniň hut aňymy alypdy.
– Hawa, graždanin naçalnik, bu ýere gelelim bäri maňa köp zat öwretdiler. Ilki bilen-ä seniň kömekçileriň meni talady. Ynha, göreňokmy bolup durşumy, ýarym-ýalaňaç. Üstesine, hiç hili esassyz el-aýagyma gandal urup, uzyn gije hajathanada sakladylar. Bu-da tussag saklamagyň düzgüninde barmy?
Nobatçy ofiser menden beýle jogaba garaşmadyk bolsa gerek. Ol ýoldaşlarynyň ýüzüne seredip, öňki bolşundan düýp-göter üýtgedi. Bady gowşady.
– Seni türmä haçan getirdiler?
– Bir müň dokuz ýüz ýetmişinji ýylyň on üçünji maýynda.
– Diýmek, düýn gelipsiň-dä
– Hawa.
– Kabul edilýän ýerde kim nobatçydy? – diýip, zer pogonly ofiser ýoldaşyna ýüzlendi.
– Matýakubow Weli – diýip, garysyna gyzyl esgi daňylan ýaş ýigit jogap berdi.
– Ine, gördüňmi bolýan zatlary. Şeýdibem biziň üstümizden arza ýazdyrýarlar. Bar! Ambarda eşik bar bolsa, derrew getir. Geýinsin – diýdi, garysy gyzyl mataly soldat ofiseriň sözüni gaýtalaman kameradan çykyp gitdi.
– Köwüşem getirgin – diýip, ofiser maňa eşik getirmäge gideniň yzyndan ýene gygyrdy. Onuň şaňňy, gulaga ýakymsyz sesi indi ýaga batyrylan ýüplüge döndi.
– Sen erkinlikde näme kärde işleýärdiň?
– Žurnalist.
– O-o!..
– Sen nädip bu ýerlere düşüp ýörsüň?
– Aý, düşmeseň-de düşürýärler-dä.
Ofiseriň ýene-de hezili gaçdy. Ol elindäki bloknodyna bir zatlary belleşdirip, kameradan çykmak bilen boldy. «Graždanin naçalnik! Maňa kagyz bilen ruçka gerek» – diýemde, ol yzyna-da seretmän, «bererler, bererler» – diýip, galyň gapynyň o ýüzünden hüňürdedi. Gapy ýapyldy, ala şakyrdy bolup läheň gulplaryň ikisi-de kiltlendi. Her kim duran-duran ýerinde. Ara dymyşlyk düşdi. Şeýdip esli salym oturdyk. Ertirlik naharam geldi. Gözüne döweýin, ady «nahar» Reňki göm-gök ýarma, enem pahyr beýle aşy bagda duran göle üçin bişirdi.
Şu ýerde bir waka ýadyma düşdi. Uruş ýyllarynyň yz ýanydy. Ýokardan berlen buýruk boýunça gara mallaryň ýerli tohumyny üýtgedip, görlüp-eşdilmedik täze bir sygyr döretmek üçin, obamyza bir öküz getirdiler. Oba adamlary derrew oňa! adam goýdular. «Nemis öküzi» atlandyrylýan bu gäwmişiň göwresi hyrsyz, edil çöken iner ýaly. Ujy ýiti, düýbi ýogyn şahlary bir geňsi, olar elde ýasalyp soňra öküziň äpet kellesine berkidilen ýaly, çemberlenip dur. Şar-gara tüýleri ýalpyldap, sagrysyna gaýmak çalnan ýaly. Ala gözleri okara kimin, Ýöne ýazyklynyň näme günäsi bar bilmedim, burny deşik. Üstesine-de, ondan demir halka ötürilip zynjyr daňylypdyr. Janawaryň daşyna üýşüp «how-da, how, haýt-da, haýt» bolşup, ala-goh bilen ony bir boş otaga gabap, üstündenem temmi urdular. Bu jaýda ne äpişge bar, ne dereje. Janawar kapasa düşdi duruberdi. Oty-iými-de tüýnükden sallanyp berildi. Men o wagtlar çagadym. Çendan-çendan üçege çykamyzda, janawaryň duran jaýynyň tüýnüginden seredip, bu oýmakda özüne taý ýok, owadan edenli buga haýranlar galyp syn ederdik. Emma, tussag öküzi boşadyp, oňa erkinlik bermäge erkimizem, akylymyzam ýetenokdy. Haýwanyň gözgyny halyna gynan-gynana dargaşardyk. Ine, şeýdip dokuzy dolup, ýüňi ýeten bu aýnaksy buga dar kapasada bir zeper tapdy, ýa-da özüniň keç ykbalyndan ejiz geldimi, kim bilsin, bir güni ýykyldy.
– Wah-eeý...
Oturanlardan kimdir biri bigünä gäwmişiň düşen gününe gynandy.
– Men ilki bada apalanyp, soň harlanan haýwanyň haram ölümine indi düşündim. Ol giň sährada, agyp-dönüp ýören uly sürüniň öňbaşçysy. Ony adamlar tutup erkinlikden, sonarly sähradan mahrum edipdir. Üstesine-de, boýnuna ýüp daňyp bir kiçijik hütdüge gabadylar. Elbetde, namys ejirine döz gelmän öläýenem bolmagy ähtimal.
Ýene-de orta asudalyk düşdi.
– Seniň diýýäniň dogry, Gurban. Ýöne ynsan welin, haýwança-da bolup bilmez. Olar ýaly mertligem bizde ýok. Ynha, men özüm hakda aýtsam. Ozal bir ýola masgara boldum, Basyldym. Üç ýyl oturyp çykdym. «Indi gaýdyp, şu neşe diýilýän zadyň golaýyndan barmaýyn» diýip äht etdim, bolmady. Indi ýene-de şo türme, şol bir balanda... Wah, baryndan beteri, ýaşymam bir çene bardy. Mende ne öý bar, ne öwzar. Meniň bilen deň önüp-ösen adamlaryň ne gözel durmuşy bar – diýip, Sapar uly-uly demini aldy.
– Aý, inim, adamyň mertligi, ynsanyň dözümliligi seniň çeniň-çakyň däldir. Ony hiç bir yns-jyns bilen deňär ýaly, däl. Şu jaýlara öküz däl-de, it gabasaňam çydamaz, öläýer – diýip, kameranyň o çetinde oturan sakgally ýaşuly söze goşuldy. Ynha, meni alyp gör. Meniň iki aýal doganym bar. Hudaýa şükür, ikisem öýli-işikli. Kem zatlary ýok. ,Ulusynyň bäş ogly, üç gyzy bar. Hemmesem, tüweleme, aznawur ýaly. Kem zatlary ýok. Ählisem kolhozda işleýärler. Bir gün kiçi doganym Gülsenem myhmançylyga geldi. Ertesi agşamlyk ony motosikletli öýlerine alyp gitdim. Gara ýola çykyp gidip barýas. Ýel şol tanyş ýol. Bir sydyrgyn uzalyp ýatyr. Göze görünýän üýtgeşik zat ýok, aldygyna basyp barýan, Birden başaşak gaýdyberdik. Öňümiz garym bolsa nätjek, gazylypdyr. Ýoluň şu böleginiň howpludygy barada hiç hili yşaraty duýduryş ýa-da bellik goýulmandyr. Bizem şol öňkümiz, basyp gelýän zatdan habarsyz, ine şeýdip meniň-ä äňim ýazdy. Doganym neresse şo wagt jan berdi. Ýeri, indi muňa näme diýjek. Bu bolan betbagtçylyga kim günäkär? Menmi ýa-da öz edýän işlerine, biperwaý garaýan gurluşykçylarmy? Hem-ä ýüregime ot düşüp, jigerimden dyndym. Özümem ile gürrüň – türmä düşdüm. Wah, men bu işleri bilgeşländen eden bolsam, ýa-da içgili ýagdaýda bolan iş bolsa, goý, depämden çüý ursunlar. Gynanjak däl.
– Näçe ýyl berdiler – diýip, Sapar hanasyna ot düşen ýaşulydan sorady.
– Dört.
– Bä! Nädäýipdirler. Hany hakykat nirede? Beýlede bir zat bolarmy. Bu ýerde günäkär adam başga. Ýolda gazuw, işleri geçirilende awtoinspeksiýa nirede? Düzgüni pozup gör, edil alkymyňda taýagyny somlap durandyr. Sowma ýolam ýokdur, görseň.
– Aý, inim sen bir giň ýeriň gürrüňini edýäň. Ne bellik bar, ne görkeziji, ýol gazylmadyk ýaly. Tep-tekiz. Wah, alany haram ýol raboçilerinden hem bar. Iň bolmanda hol aňňyrakda bir düýp selin goýaýmaly. Daş goýuň, gum üýşüriň, bir bellik ediň-ä – diýip, ýaşuly zeýrendi.
– Ýoly gazýan edaradan, ýa-da şol ýerde işlän işçilerden suda gatnaşany boldumy?
– Bu aýylganç wakanyň düýp-teýkaryna ýeterler derňäp, adyl çözerler. Ýolda gazuw işlerine ýolbaşçylyk eden prorabdan habar sorarlar öýtdüm. Emma tamam tala daňyldy duruberdi. Gurluşykçyny suda çagyranam tapylmady. Sud üçin «araba synsa odun, öküz ölse hem et» ekeni. Muny men indi-indi asyp galdym. Kimiň üstünden ilki kagyz gelse, şol hem günäkär ekeni. Basyp goýberdiler. Meniň beýle diýdigim, özümi akguş hasap etdigim däl. Eserden bolmandyryn. Ýöne jogapkär adamlar ýoluň şo bölegiňde ýol herekediniň öňünde uly howp bardygyny aňladýan bir yşarat, bellik goýaýan bolsadylar. Onda bu betbagtçylyk asla bolmazdy – diýip, ýaşuly ahmyrly dem aldy.
– Ýagdaýlary bolşy ýaly, ýokary edaralaryň adyna arza ýazsaň bolmadymy – diýdim.
Häliden bäri biziň gürrüňimizi diňläp, gyşaryp ýatan murtlak adam ýylgyrdy.
– Ýazaňda näme, ine ýazdyňam-da, aljagyň şol bir jogap. Içiň ýanyp biri-birleriňden habarsyz, gaýry bir edaralara-da ýüz tutýan welin, parhy ýok. Gelýän jogaplar edil bir almany ikä bölen ýaly. Iň bir geň ýeri, näme diýsene, kimiň üstünden arz etseň ediber, şikaýatyň ýurt söküp, ahyryn şonuň eline geler. Men ýokary bilimli, ýörite hünärli adam, Oba hojalyk institutyny gutardym. Pagta kabul edýän baza laborant edip goýdylar. Üstüm uly dawa. Bazanyň direktory bir zat diýýär. Kolhozlaryň başlyklary goh turuzýar. Meniň bolsa öz wezipäm bar. Daýhanyň ykbaly maňa bagly. Sebäbi diýseň, ýetişdirilen hasylyň sorty, onuň hapalygy, çyglygy meniň kesgitlemäme bagly. Laboratoriýa analizinden soňra tabşyrylan hasylyň mukdary kesgitlenilýär. Kolhoz başlyklary bir kilogram pagta üçin meniň bilen atyşmaga taýýar. Ine, bir gün meni bazanyň direktory kabinetine çagyrdy. Kabinete giren badyma: .
– Aman! Gapyny gaýym ýap – diýdi.
Men yzyma öwrüldim. Gapy ykjam ýapyk durdy.
– Gapy ýapyk, Sähet Durdyýewiç!
– Gel bäri, maňa golaý otur! – diýdi direktor.
Direktorymyzyň beýle mähremdigini birhiliräk görsem- de, onuň görkezen oturgyjynda ýerleşdim. Ol birden üýtgedi «tamda gulak bardyr» diýen äheňde äpişgäniň öňüne baryp daşaryny synlady. Ýaltak-ýultak edip, gapa, birem maňa bakdy. Soňra laboratoriýanyň kesgitlemesine garaşyp duran sansyz maşynlary görüp, ýeňillik bilen maňa tarap öwrülip, egnime elini goýdy:
– Inim, men seni sylaýan, hormat goýýan, şony bilýäň gerek. Ýogsam, işe ýaňy başlaýan gabadyňda köp zatlary bulaşdyrdyň. Dogry gerek?!
– Dogry, Sähet Durdyýewiç.
– Ine, şonda menden başga bir Direktor bolanda, seni şobada iş başarmadyk hökmünde kowardy. Üstesine-de, dokumentleriňi zaýalap, masgara ederdi. Şeýle gerek?!
– Hawa, Sähet aga.
– Emma, men welin, başymy etegime alyp raýkoma ýalbar, ispolkoma diý, seni alyp galdym. Şeýle gerek?
– Sag boluň, Sähet aga. Onsoňam, men şo sapar bilgeşländen etmedim. Hurma bar zady bulaşdyran, menem oňa ynanyp gol çekip goýberipdirin.
– Raýkom sekretary üçin kim ýalňyşsa, şol ýalňyşsyn, oňa netije gerek, düşündiňmi?
– Dogry, Sähet aga.
– Galanyny soň gürleşeris. Birinjiden saňa maşyn edinmek gerek. Şeýle dälmi?
– Wah, bu aýlygym bilen maňa maşyn ýetdirmi, Sähet Durdyýewiç!
– Ýaşaýan hojalyk howlyňyzam bir «atam zamanyndan galan» bir gyşyk kepbemiş diýýärler, şol çynmy?
– Ugry ýok däl.
– Ana, gördüňmi. Men siziň içeriňizden ätläp görmesem-de, ýagdaýyňyzy bilýän, inim. Meniň diýenjäm bilen bolup, işläberseň, hemmesi gülala güllük bolar. Jaýyňy täzelärsiňem, maşynlam bolarsyň.
– Indi hemme zat bilen öwrenişdik-le, işläris agam, işläris.
Bar diýjek zady şu eken-ow, diýip, ýerimden turuberemde direktor ýene-de egnimden basdy. Täzeden oturdym.
– «Azatlyk» kolhozy planyny doldy, şeýle gerek?!
– Düýn doldy ýaşuly.
– Dolsa-da şol kolhoz dolanok.
– Doldy, Sähet Durdyýewiç!
– Ýa walla, bilýän, how. Ýöne bu ýerde başga bir zat bar. Sen gulak as.
Hiç zada düşünmedim. Onsaňam, haýsy kolhoz baza näçe pagta tabşyrdy, oň hasabyny diňe priýomşikler kabul edijiler bilen bazanyň buhgalteriýasy ýöredýär ahyryn. Sähet aga kiçijik kellesini aşak egip gulagyma ýakyn geldi.
– «Azatlygyň» her günki getiren pagtasynyň laboratoriýa kesgitlemesi seň žurnalyňda ýazylgydyr ahyryn? – diýip sorady.
– Ýazgyly bolsa sen şol ýazgyny üýtget.
– Üýtget?
– Hawa, üýtget.
– Näme üçin, ýoldaş direktor?
– Näme üçindigini men saňa soň, düşündirin. Häzir bolsa tur. Žurnaly täze kitaba göçür.
– Men hiç zada düşünmedim, ýoldaş direktor?!
– Aýtdym-a men saňa, soň düşündirin diýip. Azatlygyň skitkasy – (öllük hem-de hapalygy üçin, kemeldilen agramy) çen bilen näçeräk bardyr – diýip, direktor üstüme abanyp durşuna sorady.
– Bilemok, ýöne çen bilen aýtsam 6-7 prosent dagy barmyka öýdýän.
– Ine gördüňmi, şol sany 20-ä ýetirip, dokument düz.
– 20-ä?
– Hawa.
– Men ony başarman, ýaşuly!
– Başarsyň!
– Ýok, ýaşuly. Kolhozyň başlygy gelip meni ataýmazmy. Ol-a düýn «planym doldy» diýip, raport berse, menem bu gün beýle diýsem, boljak zatmy. Bolmaz, ýaşuly!
– Bolar!
Men ýerimden turup gapa tarap öwrülemde, Sähet Durdyýewiç öňümi tosup gapyny saklady.
– Dur ýigit, akmak bolma! Kim bilen oýun edýäniňi bilýäňmi?
– Hiç kim bilen oýun edemok, ýaşuly.
– Onda näme bir zat diýilse ýer depip dursuň. Et-dä, et diýilýän işi. Bazanyň direktory saňa buýruk berse-de, ýöne direlip dursuň-ow sen.
– Siz maňa jenaýat iş etmegi buýrýarsyňyz. Bu meniň wyždanyma sygjak zat däl.
– Akmak bolma!
– Akmak diý, ýa akylly gör, men başarman, agam. Juda beýle boljak bolsa, işden gidibiris – diýip, jogap bersem-de, direktor meni erkime goýmady. Ahyry:
– Aý dogan, sen muny diňe bir meniň tapýan hokgamdyr öýtme. Bu birinjiniň buýrugy. Indi saňa düşnüklimi? Ýa ýene-de aklyň çatmadymy – diýdi.
Garasaý, men öz diýenimde durdum. Žurnaly üýtgetmegiň deregine gaýtam, ony seýfde sakladym. Ine şeýdip aradan iki gün geçdi. Turdy bir şakyrdy, gopdy bir gopgun. Derňew ilki menden başlandy. Laboratoriýany ýapyp, içini saman dören ýaly dördüler. Hiç zat tapmadylar. Paltasy daşa degen barlagçy dodagyny dişleý-dişleý çykyp gitdi Emma aradan hepde ötdi, prokuror geldi. Ol «Kabul edilen pagtanyň standarty deň däl. Olaryň sortunyň gatyşmagyna ýol beripsiň, ine şeýdip kolhozy, hem hökümeti aldapsyň» diýip, basyp goýberdi. Meniň, seýfde saklaýan žurnalymam, laboratoriýa kesgitlemelerimem kör şaýa ötmedi.
– Dogry-da, walla! Ýa-ha ogrular bilen birigip ogurlyk et. Onam başaraňokmy, ýat indi ejiriňi çekip – diýip, Amanyň sözüni bölen Möjek özüni hut pagta bazasynyň direktorynyň şärigi däldir öýtmän gürledi. Şo pursat gara gapy bat bilen açylyp, adym tutuldy. Ýene-de bir belanyň üstünden baraýmakdan heder edip, sägine-sägine dälize çykdym. Nobatçy meni öňüne salyp alyp gitdi. Biz uzyn däliziň o çetine ýetip, daşy gat-gat demir gözenekli, ozaldan gapysy açyk duran bir otaga girdik. Oba dellekhanasyna çalym edýän bu Otag içi adamly. Olaryň ikisi aýal. Beýlekisi uzyn, hor, kakap giden bedenli owurdy içine ýykylyp duran garaýüz erkek.
Категория: Powestler | Просмотров: 72 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Halbaý Haýydow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: