08:11
Türkmende zyýapat bermek, özara sowgat alyşmak we gutlag
TÜRKMENDE ZYÝAPAT BERMEK, ÖZARA SOWGAT ALYŞMAK WE GUTLAG

Allatagala Gurhany kerimde ýetmiş töweregi ýerde haýyr- sahawat etmäge, sadaka bermäge çagyryp, Allanyň razylygy üçin hezzet-hormat, hödür-kerem etmegiň sogaby barada söz açmagy, şeýle hem Pygamberimiziň hadyslarynda başgalara ýardam we ýagşylyk etmegiň fazylýeti barada nygtamagy sebäpli, yslam dininiň ornaşdyran we türkmeniň gadymdan gelen däpleriniň biri hem toý we baýram günlerinde hem-de begençli wakalardan soň zyýapat bermek, özara sowgat alyşmak we gutlag däbidir. Zyýapat, özara sowgat alyşmak we gutlag ynsanlaryň arasynda özara söýgini we hormaty ornaşdyryp, dost-doganlygyny berkidýär.
Türkmen halky begençli we gynançly her bir gününde zyýapat we sadaka bermegi däbe öwrendir. Bu hakykat türkmen halkynyň begenjini we gynanjyny daş-töweregi bilen deň paýlaşan halkdygynyň aýdyň mysalydyr. Bu durmuşy hakykata başga milletde duş gelmek mümkin däldir. Bu söz öz milletiňi aşa öwmek däldir. Bu hakykatyň hatyrasyna milletimizdäki gowy bolan däp-dessurlary we türkmeniň ýaşaýyş medeniýetindäki ajaýyplyklary nazara salmakdyr. Bu hakykaty taryhymyzyň belli döwürlerinde ýazylan Oguznamalar aýdyň görkezýändir. Häzirki günlerimizde bolsa bu babatda Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasy hemmämize Şamçyragdyr.

■ Zyýapat we onuň edebi

Türkmençilikde zyýapat bilen sadaka kähalatda bir hasap edilipdir. Mysal üçin, täze maşyn edinende, jaý alanda, çagany sünnete ýatyranda we ş.m. myhmanlar çagyrylanda, umuman, sadaka diýlip çagyrylýar. Bular ýaly begençli wakalarda berilýän sadakalaryň kişiniň begenjini dost-ýarlary bilen paýlaşmak niýeti bilen edilýändigi her kime mälim.
Pygamberimiz sahabalaryna begençli wakalar bolanda zyýapat bermegi ündeýşi ýaly, özi hem zyýapat berýär eken. Hezreti Enes (Alla ondan razy bolsun) bir wakany şeýle gürrüň berýär: «Abdurrahman bin Awf Medinä hijret edip gelende, Pygamberimiz ony Sa’d b. Rebi bilen dogan okaşdyrdy, soňra: «Eý, Sa’d! Indi bir goýun öldür-de, zyýapat ber» diýdi (Buhary). Mysal üçin, Pygamberimiz hem Zeýnep enemiz bilen goş birikdirenden soň, tutuş Mekge halkyna zyýapat beripdir (Buhary).
Zyýapat berlende, şu zatlara üns bermek edeplilikdir. Olar:
Zyýapat berlende myhmanlara ýörite çakylyk ibermeli. Çakylyk iberilmedik zyýapata barmazlyk iň laýygydyr. Çünki zyýapat berýäniň taýýarlygy çäkli bolup biler. Zyýapata Çagyrylanyň başga birine: «Senem ýör, bile gideli» diýmegi, gelşiksiz hasap edilýär. Eger ýüzünden geçip bilmän diýläýende-de, beýlekiniň gitmezligi dogrudyr. Şeýle-de bolsa, türkmen hemişe öňünden taýýarlykly bolýar.
Çagyrylan myhmanlar, zyýapaty beren kişini zyýapat bermäge sebäp bolýan waka bilen gutlamaly.

■ Özara sowgat alyşmak

Özara sowgat alyşmak ynsanlar arasyndaky öýke-kinäni, bahylçylygy, duşmançylygy aýryp, ýok eder. Köňülleri mähir- muhabbetden, sylag-hormatdan doldurar. Ýardamlaşmak, arkalaşmak, sahawatlylyk we jomartlyk duýgusyny ösdürer. Şonuň üçin özara sowgatlaşmak ynsanlarda bolmagy zerur, gowy häsiýetlerdendir. Pygamberimiz hem bu meselä aýratyn ünsi çekýär. «Özara sowgat alşyň, birek-birege sylagyňyz artsyn» (Tirmizi).
«Özara sowgat alşyň, çünki sowgat alyşmak öýke-kinäni, ýigrenç we duşmançylyk duýgularyny aradan aýrar» (Buhary).
Sowgadyň ulusy-kiçisi, arzany-gymmaty bolmaz. Esasy zat ýüreginden joşany berip bilmeklikdir. Berlen sowgady halamazlyk ýa-da az görmek biedeplikdir, medeniýetsizlikdir. Bu barada Pygamber Serwerimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle aýdýar: «Eý, musulman zenanlar, goňşy bir aýal beýleki goňşusynyň berýän kellebaşaýagyny az görmesin» (Buhary). «Maňa kellebaşaýagy hem sowgat etseler, ony ak ýürekden kabul ederin» (Buhary). Türkmen halky özara sowgat alyşmagy däbine öwrüşi ýaly, sowgadyň kiçisidir ulusyna seretmeýär, kiçi elýaglyk hem bolsa ony beren-de, alan-da teperrik (tebberüken) diýip alýar we maňlaýyna sylýar.
Hawa, türkmençilikde «gezekli çemçe» diýlip aýdylýar. Şonuň üçin berilýän sowgady güýjümiziň ýeteninden yzyna gaýtaryp bermelidiris. Güýjümiz ýetmese, oňa nähili gaýtargy berjegimizi hem Pygamber Serwerimiz bize öwredipdir. «Size ýagşylyk edene Siz hem ýagşylyk ediň, oňa gaýtargy berere zat tapmasaňyz, doga-dileg ediň» (Ebu Dawut). «Kime bir ýagşylyk edilse, oňa ýagşylyk bilen jogap bersin, eger ýagşylyk etmäge güýji ýetmese, özüne edilen ýagşylygy öwsün. Ynsan özüne edilen ýagşylygy öwse, oňa minnetdarlyk bildirdigi bolar» (Tirmizi).

■ Toýda, baýramçylykda we belli senelerde gutlag

Türkmençilikde milli we dini baýramlarda, şanly senelerde, toýlarda – öýlenende, çagasy bolanda, täze jaý, maşyn, egin- eşik ýaly zatlary edinende birek-biregi mübäreklenilýär, gutlanylýar. Umuman, «Düşümli bolsun», «Nesip etsin», «Mübärek bolsun», «Gutly bolsun» ýaly dilegler edilýär.
Täze eşik, geýim geýlende şeýle dilegler bilen gutlanylýar: «Geýip ýyrtmak nesip etsin!», «Egniňde tozsun!», «Toýlarda dakynmak nesip etsin!», «Toýda tozsun!».
Ýigit öýlenende, gyz durmuşa çykanda şu alkyş-dilegler edilýär: «Aýagy düşsün», «Bagtly boluň», «Gazygynda gamasyn», «Goňşyň gutly bolsun», «Toýuňyz toýa ulaşsyn», «Ýeri-ýurdy düşsün», «Bagtyň açyldygy bolsun», «Rakyplysy bolsun».
Perzent dünýä inende edilýän alkyş-dilegler:
«Musulmany bolsun», «Ömri (ýaşy) uzyn bolsun», «Adyna eýe bolsun», «Berdim diýip berildigi bolsun».
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: